19:42
Türkmende ýas ýeriniñ düzgünleri, jynaza we gonamçylyk bilen bagly dessurlar
TÜRKMENDE ÝAS ÝERINIŇ DÜZGÜNLERI, JYNAZA WE GONAMÇYLYK BILEN BAGLY DESSURLAR

Saparmyrat TÜRKMENBAŞY:
Hernäçe ýaşan-da, dünýäniň kanunyna görä, bir gün amanadyny tabşyrmaly. Bu ajy hakykatdan türkmen uly-uly sapaklar edinipdir. Hatyra edebini döredip, diňe bir dirilige däl, eýsem, ölüme-de ruhubelent garaýşy terbiýeläpdir.
Mukaddes Ruhnamadan

Türkmeniň jynaza, ýas ýeri we gonamçylyk bilen bagly adat we dessurlara Mukaddes Ruhnamada «Hatyra edebi» diýlip, at berlendir. Hatyra sözi, hatyralamak, ýatlamak, hormatlamak diýlen manylary berýär.
Türkmeniň: «Ölüsini sylan baý bolar, dirisini sylan beg», «Ölüsini sylamadyk – dirisini sylamaz» ýaly nakyllary Türkmeniň hatyra edebiniň kämil bolandygyny görkezýär. Şonuň üçin Garaşsyzlygymyzy alanymyz bilen birjikde Beýik Serdarymyz ilki bilen Gökdepe şehitleriniň hatyrasyna metjit gurdurdy, şeýle hem Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanda Türkmenbaşy aýynyň 12-si Hatyra güni, Magtymguly aýynyň 8-i Ýatlama güni we Garaşsyzlyk aýynyň 6-sy Matam güni diýlip bellenýär.
Biz bu bölümde ýas ýeriniň edebini, jynaza we gonamçylyk bilen bagly halkymyzyň arasynda dörän dessurlary dini taýdan-da düşündirip, Mukaddes Ruhnama kitabyndaky Hatyra edebine öz goşandymyzy goşmagy özümize borç hasap etdik. Ýogalanyň yzyndan geçirilýän merhumy ýuwmak, kepene dolamak, jynaza namazy okamak, jaýlamak ýaly çäreler bu kitabyň mazmuny bilen göni baglanyşykly däldigi üçin bu ýerde agzamadyk. Sebäbi bu meseleler Pygamberimizden häzirki günlerimize çenli üýtgemezden dowam edip gelýändir. Türkmeniň bu asylly hem gadym däplerini dini taýdan doly we takyk düşündirmekligimiziň hikmeti hem Beýik Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «dini meseleler bilen baglanyşykly sähel tapawutlylyklar sebäpli halk arasynda agzalalygyň döremezligi we hemişe agzybir ýaşamagymyz üçindir» Şeýle hem «...Hatyra edebine degişli ähli dessurlara uýmak adamzada we türkmene gelşen hereketdir». Geliň, indi ölüm, jynaza we gonamçylyk bilen bagly dessurlaryny, ýas ýeriniň düzgünlerini we olaryň dinimiziň düzgünleri bilen bilelikde eriş-argaç bolup geçendigini öwreneliň.

■ Ölüm

Jynaza – öli ynsan diýmekdir. Ölüm – biri pany, beýlekisi ebedi bolan iki dünýä arasyndaky köprüdir. Ölüm – ruhuň bedenden aýrylmagy diýmekdir. Ölüm – ýok bolmak diýmek däldir. Ähli Sünnete görä, ruh bakydyr, ýok bolmaz. Dünýä ahyretiň ekin meýdanydyr. Dünýäde ýagşy amallar eden, ahyretde ýaman hasapdan we azapdan halas bolar. Allanyň jennetinde ebedi ýaşar. Erbet iş eden bolsa, dowzah odunda azaba uçrar. Diňe Allanyň bagyşlap, ýalkamagy bilen bu azapdan gutulyp bolar. Mukaddes Ruhnama kitabynda ölüm hakykaty şeýle düşündirilýär:
«Ölüm – sapakdyr.
Ölüme ýeňles çemeleşýän adam ömre-de sarpa goýup bilmez.
Ömri ýatdan çykarmak terkidünýälige, ölümi ýada salmazlyk dünýäparazlyga getirýändir.
Ýaşaýyşda hiç mahal islenilmeýän, emma islegine bakman, ömür gapyňdan bir gün hökman özüniň ýowuz ädimlerini ädip girýän myhman bardyr. Onuň ady ajaldyr. Kim ömrüni maksatly hem manyly geçirse, ajalyň gözüne arkaýyn we ruhubelent, gorkman hem ejizlemän garap bilýändir.»
Ölüm halyna ýakynlaşan we aradan çykan her bir musulmana edilmeli käbir hyzmatlar bardyr. Ölümi ýatlamak, ölüme taýýarlykly bolmak her musulman üçin mustahapdyr. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem hem lezzetlere awy gatýan ölümi köp ýatlapdyr. Ibni Mesudyň rowaýat eden bir hadysynda Resulullah sahabyna: «Alladan haýa ediň!» diýen. Sahaba: «Eý, Allanyň Pygamberi, Alla hamd bolsun, biz haýa edýänlerdendiris» diýýär. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem: «Ýok, beýle däl. Alladan doly haýa eden başyny we başynda ýerleşýän agzalaryny gorasyn. Garnyny we göwresiniň içindäkileri gorasyn. Ölümi we ölümden soň süňkleriň we jesediň çüýrejegini ýatlasyn. Ahyret durmuşyny arzuw edýän – dünýä durmuşynyň bezeglerinden ýüz öwrer. Bu aýdylanlara amal edip bilen, Alladan doly haýa eden kişidir» (Tirmizi, Ahmet bin Hanbel).
Ölüme taýýarlanmak, zulumy taşlamakdan, erbetlikden, günäden toba edip, ybadata ýönelmek bilen başlanýar. Çünki Allatagala: «Rabbine gowuşmagy isleýän kişi: ýagşy amallar etsin we Rabbine ybadat edende hiç zady Oňa şärik etmesin» (Kehf 110) buýurýar. Bera b. Azipden rowaýat edilen bir hadysda: «Resulullah sallallahu aleýhi wesellem gabyr gazyp duran bir topar adamy gördi. Onuň gözýaşy sil kimin akdy. Soňra şeýle diýdi: «Doganlarym, şeýle bir gün üçin taýýar boluň!»

■ Ölüm halyndaky adama edilmeli hyzmatlar

Mukaddes Ruhnama kitabynda bu barada şeýle nesihat edilýär:
«Ölüm ýassygynda ýatan hossaryňa çaga sereden ýaly seretmek hatyra edebiniň baş şertleriniň biridir. Indi görnüp duranja ölüm güzerine ýetip barýan hassanyň göwnüni ynjytmagyn! ...Iýse-iýmese, islän tagamyny il aşyp getirmelem bolsa, tapyp getirgin! Peýda etse-etmese, diýen däri-dermanyny pul seçip tapmalam bolsa, tapyp getirgin! Derdine çydaman, gyňyrlyk etse, aglasa-eňrese, derdini bile çekişgin! Şulary berjaý etseň, ýüregi giňär, ajal bilen gurlan dargaşda arkaly bolar, eziz janyny ýeňillik hem rahatlyk bilen eýesine gowuşmaga gaýrat tapynar.
Hassanyň jan berip başlandyny görseň, kelemesini öwrüp, Alladan iman dile».
Ölüm ýassygyndaky hassa jan berip başlanynda, mümkin bolsa, ony sag tarapyna ýatyryp ýüzüni kybla öwürmeli. Muny etmek sünnetdir. Eger ýer darlygy we dürli sebäpler bilen bu kişini kybla bakdyrmak mümkin bolmasa, ony arkan ýatyrmaly, ýüzüni we aýaklaryny kybla öwürmeli. Çünki bu ýagdaýda ynsan amanadyny has ýeňil tabşyrýar. Eger bulary hem etmek kyn bolsa, erkin halynda goýulýar. Ölüm halyndaky kişä çemçe bilen suw bermek, mata ýa-da pagta bilen agzyna suw damdyrmak sünnetdir.

■ Şahadat talkyn etmek (kelemesini öwürmek)

Ölüm halyndaky hassanyň ýanynda «Lä ilähe illallah» diýmek sünnetdir, çünki Pygamberimiz: «Ölüm halyndaky hassaňyza
ilähe illallahy» talkyn ediň» diýip buýurýar (Buhary). Ebu Dawud we Hakimiň rowaýat eden bir hadysynda Pygamberimiz: «Kimiň iň soňky sözi «Lä ilähe illallah» bolsa, şol kişi jennete girer» diýipdir.
Hanefi we mälikilere görä, talkyn edilende: Muhammedün Resulullah» sözlerini hem goşmalydyr. Talkyn edilende, örän näzik we ýumşak hereket etmeli. Hassa bu sözleri gaýtalatjak bolup, dyzap durmaly däl. Eger başga bir gürrüň ara düşse, talkyn gaýtalanmalydyr.

■ Gurhan okamak

Jumhura (Yslam alymlarynyň aglabasyna) görä, ölüm halyndaky hassanyň ýanynda Ýasin okamak mendupdyr. Çünki hadysda: «Ölüleriňize Ýasin okaň» (Ebu Dawud, Ahmet b. Hanbel) buýrulýar. Käbir Hanefi we Şaiygy alymlary Ra’d süresiniň okalmagyny hem gowy görüpdirler. Çünki Jabir (Alla ondan razy bolsun.): «Ra’d süresini okamak – kişiniň ruhuny ýeňil tabşyrmagyna ýardam edýär» diýipdir.

■ Gözlerini ýumduryp, eňegini daňmak

Ynsan amanadyny tabşyran badyna, onuň maşgalasyndan biri gözlerini ýumduryp, eňegini ýaglyjak bilen daňmalydyr. Egnindäki eşikleri çykarylýar, elleri, aýaklary düzedilip, aýaklarynyň başam barmaklary mata bilen daňylýar, elleri döşüniň üstüne goýulýar ýa-da gapdalyna salynýar. Yslam alymlarynyň aglabasy ellerini gapdala goýmaklygy ündeýär, ýöne Türkmenistanda eller, umuman, döşüniň üstüne goýulýar. Üstüne ýuka örtük örtülýär. Mundan soň, şu dogany okamaly:

(Allatagalanyň ady bilen we Resulullahyň ymmaty bolup, amanadyny tabşyranlardan bolsun. Allam, munuň işini asan eýle. O dünýesini ýeňilleşdir. Ony jemalyň bilen bagtyýar et. Giden dünýesini we aýrylan şu dünýesini oňa haýyrly eýle).
Jan tenden aýrylan wagty haýzly we nifasiy aýallar we jünüp kişiler ol jaýdan çykmaly. Çünki olaryň bolan ýerine melekler girip bilmeýär. Mümkin bolsa, ýogalanyň ýa jaýyna ýakymly ysly atyrlar sepilýär. Jeset çişmez ýaly gamynyň üstüne jöwher pyçak, sapança, demirden ýa-da aýnadan bir zat goýulýar.
Öli ýuwulýança, ýanynda Gurhan okamak mekruhdyr. Teberrük edip, söýgi we hormat üçin ölini öpmek jaýyzdyr. Merhumyň maşgalasy ýüzüni görmek islese, mümkin bolan ýagdaýynda päsgel bermeli däldir.

■ Ýogalanyň ölüm habarynyň ile ýetirilmegi

Biri aradan çykanda onuň habaryny nähili ile ýetirmeli. Bu türkmeniň asylly hem gadym däpleriniň biridir. Biri aradan aýrylanda ýakyn garyndaşlaryna, goňşularyna, tanyşlaryna namazda ýa-da döwrüň şertlerine görä, makul ýagdaýda ölüm habary derrew ýetirilýär. Türkmençilikde ölüm habary «Pylany ölüpdir» diýen ýaly gödek sözler bilen bildirilýän däldir. Ölüm habary «Pylany amanadyny tabşyrdy», «Hakyň rahmetine gowuşdy», «Dünýeden ötdi», «Bakyýete göçdi», «Eýesine gowuşdy» diýen sypaýy hem gynançly sözler bilen aýdylar.
Ölüm habary eşidilende «Beýlekileriniň jany sag bolsun!», «Alla rahmet etsin!», «Imanly bolsun!», «Imany hemra bolsun!» diýlen dilegler ediler. Dinimizde şeýle habar eşidilende «Innä lillahi we innä ileýhi rajmun» (Biziň hemmämiz Allanyň gullarydyrys, Ol bize islänini eder. Biz ýene Onuň huzuryna dolanyp bararys) manydaky aýadyň okalmagy we sabyr etmegi sünnetdir.

■ Ölä aglamak we ýas tutmak

Biri ýogalanda ony jaýlamazyndan öň we soň tapawudy ýok, aglamak, sessiz gözýaş etmek ittifak bilen jaýyzdyr. Çünki Jabiriň rowaýat eden bir hadysynda: Pygambenmiziň ogly Ibrahim aradan çykanda, Iki Jahan Serweri şeýle diýýär: «Eý, Ibrahim! Allanyň dergähinde biziň saňa nepimiz degmez» diýende gözlerinden ýaş döküldi. Abdurrahman b. Awf Serwerimize: «Aglaýarmysyň, eý, Allanyň Resuly? Sen aglamagy gadagan etmänmidiň?» diýip sorady. Pygamberimiz: «Ýok, men agy aýtmagy gadagan etdim» (Buhary, Müslim, Tirmizi). Ölä aglamak Allanyň takdyryndan närazy bolmak däldir. Ýöne gaty sesli aglamak, Allanyň edenine närazy bolmak, ýaka ýyrtyp, saç ýolmak ýaly hereketler halanylmandyr.
Alymlaryň aýtmagyna görä, merhum ölmezinden öň özi üçin aglamazlygy wesýet eden hem bolsa, muňa garamazdan aglanylsa, hadysyň beýan etmegine görä: «Ölä maşgalasynyň aglamasy sebäpli azap berler» (Buhary, Müslim) diýlipdir. Pygamberimiz ýene bir hadysda şeýle aýdýar: «Allatagala: «Dünýäde bir mü’min gulumyň söýenini alsam, ol hem sabyr we tagat bilen Menden bu musybatyň sogabyna garaşsa, onuň mükafaty diňe jennetdir» buýurdy» (Müslim).
Pygamberimiziň başga bir hadysynda şeýle diýilýär: «Guluň çagasy ölende, Allatagala meleklerine şeýle ýüzlener:
– Gulumyň çagasyny aldyňyzmy?
– Hawa.
– Gulumyň jigerbendini aldyňyzmy?
– Hawa.
– Gulum bu musybat sebäpli näme diýdi?
Melekler: – Saňa hamd edip, ýalbardy – diýenlerinde Allatagala:
– Onda gulum üçin jennetden bir jaý bina ediň we şol jaýa «Hamd öýi» adyny beriň» diýip – buýurýar.
Usame b. Zeýdiň gürrüň beren hadysynda bolsa: «Pygamberimiziň gyzlaryndan biri adam iberip, çagalaryndan briniň ölüm halyndadygyny aýdyp, ony çagyrdy. Pygamberimiz habar getirene şeýle diýdi: «Onuň ýanyna bar-da, şeýle aýt: «Alan-da, beren-de Alladyr. Allanyň dergähinde her bir zadyň belli bir wagty bardyr. Sabyr etsin we Alladan sogabyna garaşsyn» (Tirmizi).
Sogap musybata sabyr etmek sebäplidir. Bir kişiniň başyna bir musybat düşende sabyr etse, onuň üçin iki sogap bardyr. Biri musybat sebäpli, beýlekisi sabyry üçindir. Eger sabyr etmese, sogaplaryň ikisinden hem mahrum bolar. Kaza we kadere (takdyra) razy bolmak sabyrdan has üstündir. Çünki bu Allanyň razylygyna elter.
Mukaddes Ruhnama kitabynda öliniň yzyndan aglamak barada şeýle bellenilýär: «Türkmeniň hatyra edebinde ölüm habary gelende, agy dessury ýerine ýetirilýändir. Merhumyň öýüne barýan erkek kişi iki eli bilen ýüzüni tutup, gapa ýa diwara söýenip, galmagalsyz aglaýandyr. Aglany köşeşdirmek, ýüregini ýumşatmak zerurdyr. Şondan soň ol aglamasyny goýup, bir çete geçip, ses-selemsiz oturýar. Aýal-ebtatlar bolsa agy aglamasyny dowam etdirýärler, goşulyşyp aglaýarlar, çünki zenan ýüregi näzikdir. Emma, olaryňam aglamasynyň bir çeni bardyr, ýas ýerindäki ýaşulular olardanam aşa köp we aşa gaty ses bilen aglamaly däldigini talap etmelidir.»
Pygamberimiz ýas tutmak barada bolsa şeýle buýrupdyr: «Alla we ahyrýet gününe iman eden, aradan çykan aýaly üçin üç günden artyk ýas tutmak halal däldir. Ýöne aýalyň äri ýogalsa, dört aý on gün ýas tutup biler» (Buhary, Müslim). Mukaddes Ruhnama kitabynda bellenişi ýaly, türkmençilikde aýal-erkek tapuwudy bolmazdan, ýas möhleti bir ýyldyr (seret, sahypa, 427-428).

■ Ýogalanyň yzyndan geçirilýän çäreler

Ýogalanyň yzyndan geçirilýän merhumy ýuwmak, kepene dolamak, jynaza namazy okamak, jaýlamak, belli günlerinde sadaka bermek ýaly çäreler türkmeniň asylly hem gadym däplerindendir. Dinimizde bir kişi aradan çykan wagty dört zatda howlukmagyň mustahapdygy aýdylýar. Olar: Jesedi jaýlamak üçin taýýarlamak, bergilerini bermek, wesýetini ýerine ýetirmek we malyny terekä salmakdyr. Bular hökman berjaý edilmelidir.
Jesedi depin üçin taýýarlamakda howlukmagyň sebäbi jesediň bozulmazlygy üçindir. Eger-de jesediň bozulmajagy bilinse, jemagatyň ýygnanmagy üçin garaşmak bolar. Çünki jynazasyna duran adam näçe köp bolsa, merhum üçin şonça gowudyr. Bu hakykat Mukaddes Ruhnamada şeýle düşündirilýär: «Türkmen dessurynda ýogalan bendäni, mümkin boldugyça, tiz, topraga tabşyrmak esasy kadalaryň biridir. Emma bu hemişe mümkin bolup durmaýar. Süňk hossarlarynyň bary hoşlaşmaga gelip ýetişýänçä, jesedi birnäçe wagt saklamaly bolýar. Muňa türkmençilikde «merhumy myhman almak» dessury diýilýär, çünki jan çykan jeset indi bu dünýälik däl, ony diňe wagtlaýyn myhman alyp bolar diýen düşünje gaty gadym eýýamlardan saklanyp galypdyr».
Bergisini bermekde howlukmagyň sebäbi merhumyň jogapkärçiligini azaltmak üçindir. Pygamberimiz bir hadysynda: «Tä üzülýänçä mü’miniň ruhy bergisine baglydyr» diýýär (Tirmizi, Ibni Maje, Ahmet b. Hanbel).
Bu merhumyň yzynda bergisini üzmäge maly galan ýagdaýynda şeýledir. Ýöne maly bolman, bergisini üzmek niýeti bolan ýagdaýda ölse, onuň bergisine Allanyň kepildigi hadyslarda bildirilýär.
Yslam ynanjyna görä ynsan bergili bolsa, bergisini üzýänçä jennete girip bilmez. Çünki, öliniň ençeme adam bilen hak-hukugy, algy-bergisi bardyr. Olaryň habardar edilmegi gerekdir.
Merhumyň wesýetini ýerine ýetirmekde howlukmak bolsa, bu wesýet edilen kişilere peýdalylygy sebäpli, sogabynyň eglenmän merhumyň amal depderine ýazylmagy üçindir.
Malyny terekä salmakda howlukmak bolsa, merhumy rahatlandyrmak üçindir.

■ Merhumyň maşgalasyna gynanç bildirmek edebi

Merhumyň maşgalasyna teselli bermek, gynanç bildirmek, merhuma doga etmek, ýas tutmak Yslam dininiň emri bolşy ýaly, Türkmeniň hem aňyrdan gelen ata-baba däplerindendir. Ýogalanyň maşgalasyna üç günüň dowamynda gynanç bildirmek sünnetdir. Bir gezek gynanç bildirenden soň, soňky duşuşyklarda gynanjy täzelemek gowy görülmändir. Üç günden soň gynanç bildirmek mekruh saýylypdyr. Jynazada bolmadyk we daş ýerde ýaşaýanlar üç günden soň hem gynanç bildirip bilerler. Merhum jaýlanandan soň, birinji günlerinde gynanç bildirmek has fazyletlidir. Çünki, depinden soň maşgalanyň gynanjy has hem artar.
Gynanç bildirmek barasynda Pygamberimiz şeýle buýurýar: «Kim musybata uçran musulman doganyna gynanç bildirse, Allatagala kyýamat gününde oňa ikram hüllesini geýdirer» (Ibni Maje).
Türkmençilikde ýas ýerine başy açyk barylmaýar. Erkekler telpekli, aýallar bürenjekli barýarlar. Munuň manysy, merhumyň ýasyny tutup, maşgalasynyň gynanjyny deň paýlaşandygyny aňladýar. Şonuň üçin merhumyň jynazasynda, belli günlerinde başyň açyk bolmazlygy diniň emri däl-de, däp-dessurdyr.
Mukaddes Ruhnama kitabynda, ýasda erkek adamlaryň telpek geýmek däbiniň otparaz döwründen bäri dowam edip gelýändigi, «Başymda gam bar» diýen manyny aňladýandygy bellenilýär.
Gynanç bildirilende: Uly ýaşly adam bolsa «Alla rahmet etsin, yzy ýarasyn, beýlekileriniň jany sag bolsun, iman äkidenlerden bolsun, imanly bolsun, iman baýlygyny bersin, imany hemra bolsun, ýatan ýeri ýagty bolsun, jaýy jennet bolsun...» ýaly sözler aýdylýar.
Ýogalan çaga bolsa ene-atasyna, hossarlaryna «Galanlara uzak ömür bersin, galanlaryň jany sag bolsun, umytda boluň, öwez ogluny bersin» ýaly dilegler aýdylýar.

■ Ýas ýerinde özüňi alyp barmagyň edebi

Merhumyň maşgalasyna gynanç üçin gelenler merhumyň ýagşy taraplaryndan gürrüň edip, ony ýagşylykda ýatlamalydyr. Çünki Pygamberimiz: «Öliňizi ýagşylykda ýatlaň» (Ebu Dawud, Tirmizi) buýrupdyr. Sebäbi merhumyň ýaman taraplaryndan gürrüň edilse, onuň aýybyny açmak hem gybat bolar. Bir musulmanyň aýybyny açmak we ony gybat etmek haram edilipdir. Şeýle hem merhumyň oňat taraplaryny gürrüň bermegiň ýaşlar üçin terbiýeçilik ähmiýetiniň uly bolşy ýaly, edeplilikdir hem.
Yslam dininde ýas ýa-da gynanç güni üç gün hasap edilipdir. Merhumyň maşgalasynyň ýaslydygy sebäpli, gynanç bildirmek üçin gelip-gidýänlere birinji we üçünji gün aralygynda nahar bermegi mekruhdyr. Bu mekruhlyk edep bilen baglanyşyklydyr. Çünki dinimizde mekruh halanylmaýan, mustahap we mendup bolsa halanylýan amallardyr. Şol sebäpli merhumyň garyndaşlarynyň we goňşularynyň şol günler nahar taýýarlap, onuň maşgalasyna hödür-kerem etmekleri mustahap, ýagny, edeplilik saýylypdyr. Çünki rowaýat edilişine görä «Jafer b. Ebu Talib (hezreti Alynyň dogany) şehit edilende, Pygamberimiz şeýle buýurýar: «Jaferiň maşgalasyna nahar taýýarlap äkidiň, çünki olar ýaslydyr» (Ebu Dawud, Tirmizi). Muňa garamazdan, merhumyň maşgalasynyň öýüne jynaza we gynanç üçin daş ýerlerden gelenlere nahar äbermeginiň zeleli ýokdur. Şonuň üçin türkmençilikde merhumyň üçi bellenýänçä merhumyň ýakynlary, goňşy-golamlary tarapyndan ýas tutýan öýe nahar äbermek däp-dessur bolşy ýaly, jynaza we gynanç üçin daş ýerlerden gelenleri myhman kabul etmek hem adat bolupyr.
Merhum jaýlanandan bir gün soň, ýedinji güne çenli onuň hossarlary güýjüniň ýeten zadyny garyplara sadaka berip ölülere bagyşlamalydyr. Muňa güýji ýetmese, iki rekaga namaz okap, sogabyny ölä bagyşlamalydyr.

■ Jynaza namazy okaljak ýere çäge düşemek

Jynaza namazyny açyk bir meýdanda ýa-da metjidiň daşynda okamak sünnetdir. Metjidiň içinde jynaza namazyny okamak mekruhdyr. Güýçli sowuk, ýagyş we ş.m. sebäpler bolsa, jynaza namazyny metjidiň içinde okamak jaýyzdyr. Pygamberimiz ýedi ýerde namaz okamagy gaagan eipdir:
«Hapa ýerlerde, mezbahalarda (hemişe damak çalynýan ýerde), gonamçylykda, ýoluň gyrasynda, hammamda, mal agyllarynda we Beýtullahyň üstünde».
Ýurdumyzyň käbir ýerlerinde arassaçylyk niýeti bilen jynaza okaljak ýere çäge düşelýär. Şeýle hem jynaza duruljak bolnanda aýakgaplar çykarylýar. Bu däp diňe biziň halkymyza mahsusdyr. Munuň din bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur. Jynaza namazy Pygamberimiziň döwründe metjit ýanynda ýa-da açyk meýdanda okalypdyr. Ýurdumyzda ýörgünli bolan däbiň merhumyň öýüniň ýanyna çäge ýazylyp, jynaza namazyny okamakdyr.
Bu hakykat Beýik Serdarymyzyň Mukaddes Ruhnamasynda şeýle düşündirilýär: «...Gapyňa çäge düşürmegiň bu günki durmuşda zerurlygy ýok hasaplaýaryn. Sebäbi biziň üpjünçiligimiz gowy, elimiz uzadan ýerine ýetýär. Şonuň üçin çägä derek arassa düşek ýa-da ýörite mata ulanmak oňaýly bolar...»
Hawa, jynaza namazy merhumyň yzyndan edilen iň soňky doga-dilegdir. Şonuň üçin jynaza namazyna duruljak ýerde we jynaza namazyna duran kişiniň aýakgabynda dini taýdan namaza zeleli ýetjek nejasat bolmasa, ýere çäge düşemezden ýa-da ýörite mata ulanmazdan we aýakgap çykarylmazdan, jynaza namazyny okamak dürsdür. Bu meseläni jedel eder ýaly ulaltmak dogry däldir. Asyl mesele merhumyň yzyndan ýagşy doga-dileg etmekdir.

■ Jynaza namazyna duranlaryň aýakgabyna pul goýulmagy

Ýurdumyzyň hemme ýerinde ýörgünli bolmasa-da, jynaza bilen baglanyşykly däpleriň biri-de, jynaza namazyna duranlaryň aýakgabyna pul goýulýar. Eger paýlanjak bu pul jynazany ýuwana, oňa kömek edene, gabyr gazana hak hökmünde berilse has laýygy bolar. Eger olar almasa, merhumyň bergisi, wesýeti ýa-da namaz we oraza borjy üçin fidýe hökmünde diňe garyp-gasarlara, mätäçlere berilse ýerine düşer.

■ Jesedi jaýlamagyň wagty we ýeri

Jesedi jaýlamagyň iň fazyletlisi ölini mekruh däl wagtda, gündiz depin etmekdir. Jesedi gündiz jaýlamak mustahapdyr. Taýýar bolandan soň gije hem depin etmek bolar.
Jesedi ölen ýerindäki iň ýakyn gonamçylykda jaýlamak iň gowusydyr. Ýöne öli jaýlanmanka, eger-de Jesediň barýança bozulmak ähtimallygy ýok bolsa, ony ölen ýerinden başga ýere äkitmek bolýar.
Hanefilere görä, Jeset jaýlanandan soň, ony çykaryp başga ýere äkitmek jaýyz däldir. Yslam alymlarynyň aglabasyna görä, zeruryýet, maslahat ýa-da sahyh bir maksat üçin, merhumy jaýlanan ýerinden başga ýere göçürmek jaýyzdyr. Mysal üçin, döwlet ýolbaşçysy, halk gahrymany, Watan üçin şehit bolan gerçekler, halkyň hormatlaýan ýagşyzada ýa-da pir derejesindäki adamlar ýaş nesilleri terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem olara hormat we wepalylygyň alamaty hökmünde merhumy jaýlanan ýerinden başga bir ýere göçürmek ýa-da onuň mazaryndan toprak getirip jaýlap makam hökmünde mazar galdyrmak bolar. Diniň bu düzgüni barada Mukaddes Ruhnamada şeýle aýdylýar: «Uzak ülkede galan mazardan gum getirip jaýlamak türkmen hatyra edebiniň rugsat berýän zatlarynyň biridir. Ýöne munuň berk düzgünleri bardyr. Ýöriteläp äkidip, şol ýerden toprak alyp, ony gaba salýarlar. Mazaryň başynda aýat-doga okaýalýar. Ýurduna getirilen topragy-da jeset jaýlan ýaly edip, ähli dessurlary berjaý edip jaýlamalydyr. Soňra bolsa, ähli belli günlerini belläp, sadakalar berilmelidir.»
Ynha, türkmen hatyra edebiniň rugsat berýän çäklerinde we ündeýän maksatlaryna laýyklykda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Ilkinji we Ömürlik Prezidentiniň kyblasy Atamyrat aga, käbesi Gurbansoltan eje bilen doganlarynyň gabyrlary dogduk mekany Gypjakdaky Ymam Kasym gonamçylygyna göçürilip, ýörite makamlary edildi. Elbetde, bu iş geljekde ýaş nesillerimizi terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boldy.

■ Merhumyň belli günlerinde sadaka bermek

Dinimiziň esasy çeşmesi bolan Gurhany kerimde we hadyslarda merhumyň belli günlerini bellemek bilen baglanyşykly anyk delil ýok. Mukaddes Ruhnama kitabynda bellenilişi ýaly «Merhumyň belli günlerini bellemek örän gadymy oguz dessurlarynyň biridir. Bu dessur köklerini yslamdan öňki türkmen ynançlaryndan alyp gaýdýar we manysy boýunça merhumy hatyralamagy, merhum bilen hoşlaşmaklygy aňladýar. Merhumyň belli günleri üçi, ýedisi, kyrky, ýüzi hem-de ýylydyr. Hut şol günlerde jesediň dargamagynda täze döwür başlanýar. Munuň özi jesedi birbada jaýlamadyk otparazlaryň jaýlanyş dessurynyň yslam döwründe täze röwüşe geçmegine, täzeçe düşünilmegine getiripdir we belli günler diýen adatyň döremegine esas bolupdyr.» Şonuň üçin bu meselede alymlar yhtylaf edipdirler. Käbirleri belli günleri etmek mekruh, bid’at diýse, käbirleri mubah diýipdir. Käbirleri bolsa, tagat we ybadatdyr diýip belläpdir.
Hanefi alymlarynyň saýlap alan görüşlerine görä, ynsan eden amallarynyň sogabyny başga birine bagyşlap biler. Merhumyň yzyndan Gurhan okamak, doga we istigfar etmekden başga namaz, oraza, sadaka we haj ýaly, hem bedeni, hem maly ybadatlary onuň adyna berjaý etmegiň ölä peýdasy bardyr. Bularyň sogabyny ölä bagyşlasaň, öz sogabyňdan hiç zat kemelmez. Bu mesele bilen baglanyşykly şu aýaty delil getirýärler:
«Olardan soňra gelenler: «Eý, kerim Rabbimiz! Biz we bizden öňki mü’min doganlarymyzy magfiret eýle. Içimizde mü’minlere hiç hili kine goýma, dogamyzy kabul et. Çünki Sen Rauf we Rahymsyň» diýerler» (Haşr, 10).
Hadyslarda hem bu barada şeýle aýdylýar «Sa’d b. Ubadäniň enesi aradan çykandan soň, Pygamberimiziň huzuryna gelip:
«Eý, Resulallah! Enem dünýeden ötdi. Onuň üçin sadaka bersem, oňa peýdasy degermi?» diýip sorady. Pygamberimiz. «Elbetde, deger» diýenini eşiden Sa’d bolsa: «Şaýat bol! Bagymy enem üçin sadaka berýän» diýdi (Buhary).
Şuňa meňzeş aýatlara we hadyslara daýanyp eger: «Merhumyň belli günlerini hökman etmelidir» diýip, dini zerurlyk ýa-da ybadat manysy berlip edilse, bu amal bedgatdyr, mekruhdyr. Ýöne bu sadaka hökman edilmeli wajyp ýa-da mendup hasaplanman, däp-dessur görnüşinde edilse, mubahdyr, hiç hili zeleli ýokdur. Muny bid’at saýmak hem dogry däldir.
Çünki ýokarda-da agzap geçişimiz ýaly, Mukaddes Ruhnama kitabynda bellenişine görä merhumyň belli günlerini bellemek örän gadymy oguz dessurlarynyň biridir. Şonuň üçin ýurdumyzda merhumyň belli günlerini bellemek dini zerurlyk däl-de, däp-dessur görnüşinde ýerine ýetirilýär. Sogabyny merhuma bagyşlamak niýeti bilen üçünde, ýedisinde, kyrkynda we ýylynda halka tagam bermegiň, Gurhan okatmagyň, doga etmegiň, elbetde, peýdasy köpdür. Däbe öwrülen bu sadaka diňe Allanyň razyçylygy üçin edilse, nafile sadaka bolar. Şan-şöhrat üçin, il gözüne diýlip edilse, riýa bolar. Riýa bolsa haramdyr. Dini zerurlyk we hökmany borç hasaplanyp edilse, bu mekruhdyr.
Her kim güýjüniň ýetdiginden sadaka paýlap, nahar berip, Gurhan okadyp, doga we istigfar etmelidir. Çünki ölüleriň doga-dilege bolan mätäçligi dirileriň iýip-içmäge bolan mätäçliginden has güýçlüdir. Ü arasynda «Öli aýatdan doýmaz, diri hezzetden» diýilmegi hem şonuň üçindir.
Pygamberimiziň hadysynda «Ynsan ölenden soň, amal depderi ýapylar. Ýöne şu üç kişi bu höküme degişli däldir. Olar: sadakaýy jariýe (ähli halkyň peýdasyna ýaraýan zatlar, ýagny metjit gurduran, ýol gurduran, guýy gazdyran, köpri saldyran we ş.m.) eden, peýdaly ylym we salyh perzent galdyranlardyr» (Buhary, Müslim) diýilýär. Salyh perzent ömrüni halal ýaşaýşy ýaly, dünýeden öten ene-atasyny-da, kowum-garyndaşlaryny-da hemişe ýagşylykda ýatlap, olara aýat töwür edip, güýjüniň ýetdiginden sadaka paýlaýandyr.
Merhumyň belli günlerinde sadaka bermek edebi Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle düşündirilýär: «Türkmen edebi boýunça belli günlerde sadaka berilmelidir we degişlilikde toparlaýyn ýasdan çykylmalydyr. Belli günlerde şatlyk alamatlary bolan işleri etmek, nahar çekilende, doýman-dolman iýip oturmak, degişmek edepsizlikdir. Nahar çekilende, diňe bir elinde tabak bolmalydyr. Ýasa barylmagynyň manysy merhumyň hossarlaryna gynanç bildirmekdir. Ýas ýerinde ýogalan adamyň oňat taraplary hakynda gürrüň edilmelidir. Dogan-garyndaşlar bolup galanyňda, öten ata-babalaryň ömri, nebere şejeresi barada gürrüň edilmelidir. Munuň şol ýerdäki ýaşlar üçin uly terbiýeçilik ähmiýeti bardyr. Obadaşlaryňyzyň, gatnaşan ýakyn adamlaryňyzyň ýogalandygyny eşitseňiz, ýörite habar ibermeklerine garaşyp durman, ýas tutýan öýe baryň, merhumyň üçüne, ýedisine gatnaşyň, ýasyna, sadakasyna görünsem ýeterlik diýen pikir bilen çäklenmän, ýanlaryna baryp, merhumyň ýakynlaryna hökman gynanjyňyzy bildiriň.»

■ Gabyr we gonamçylyk bilen baglanyşykly meseleler

Jesediň üstüne metjit ýa-da başga diwar galdyrmak, mazary aklamak mekruhdyr. Emma mal basmasyn diýip, üstüni açyk şekilde goýup, daşyna diwar aýlamak mekruh däldir.
Yzy ýitmesin diýip, başujuna daş dikmek, merhumyň adyny ýazmak bolar. Emma bir aýat, şygyr, ölä öwgüli sözler ýazmak mekruhdyr.
Alym we salyh kişileriň, beýik şahsyýetleriň gabyrlarynyň üstüne gümmez galdyrmak bolar. Bu gadymdan bäri dowam edip gelen däpdir. Ýöne bu diniň aslyndan däldir. Şeýle kişileriň bilinmeginiň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr.
Gonamçylyklary ýagşy gorap, arassa saklamak we agaç oturtmak diriler üçin parzdyr. Gabyrlaryň üstünden basyp geçmek mekruhdyr. Beýle etmek merhuma hormat goýmazlykdyr.
Jesediň süňklerinden bir böleginiň bardygy bilnenden soň, şol mazary gazmak haramdyr. Bilmezlikden gazylsa-da, öliniň süňkleri çykarylmaly däldir, ýerinden üýtgedilmeli däldir. Süňkleri döwmekden seresap bolmalydyr. Pygamberimiz bu barada şeýle buýurýar: «Günä taýyndan öliniň süňküni döwmek, diriniň süňküni döwmek bilen deňdir» (Ibni Maje). Başga bir hadysda «Öliniň süňküni döwmek, dirikä döwen ýalydyr» (Ebu Dawud, Ibni Maje, Ahmet b. Hanbel) buýurýar. Emma zerurlyk ýagdaýda, sahyh bir maksat üçin edilende, bu höküme degişli däldir. Bulardan iň möhümleri şu aşakdakylardyr:
1. Jeset kepenlenmän ýüzi kybla bakdyrylman jaýlanyp, jesedi bozulmadyk ýagdaýynda.
2. Kepen ogurlanan ýa-da jaýlanan ýeriň eýesi muňa razy bolmadyk ýagdaýynda, dar bolan metjidi giňeltmek ýa-da ýer darlygy sebäpli, öliniň ýanynda başga birini gömmek üçin gabyr gazylyp bilner.
Gonamçylykda uklamak, töweregini hapalamak, ýaş agaçlaryny kesmek, gök otlaryny ormak mekruhdyr. Ýöne guran otlaryny arassalamakda zelel ýokdur. Pygamberimiz bir gonamçylykda jaýlanan iki kişiniň azap çekýändigini görüp, mübärek elleri bilen ýaş hurma çybyklaryny her biriniň baş ujunda oturdyp: «Belki, bular guraýança, bu gabynda ýatanlaryň çekýän azaplary ýeňlär» diýipdir. Şol sebäpli, gonamçylyklarda agaç oturtmak däp bolupdyr.

■ Gabyr zyýaraty

Ähli Sünnete görä, jesediň ýitip gitmegi bilen ruh ýok bolmaýar. Ruhlar bedenden aýrylandan soňra, nygmat ýa-da azap içinde galýar. Käbir wagtlarda beden bilen gatnaşygyny hem saklaýar. Şeýle hem, merhumyň dünýäde diri ýaşaýan maşgalasy we dost-ýarlarynyň ýagdaýy oňa malimdir. Şeýle hem hadyslaryň beýanlaryna görä, ölen kişi ýanynda edilýän işleri görer we aňar. Ýagşy işlere begener, erbet işlere gynanar. Edilen haýyrdan peýdalanar. Ýamanlyklardan birahat bolar. Şeýle hem, merhum Anna güni Gün dogmanka gelen zyýaratçylaryny tanar (Keşşafül Gyna, t-2).
Sadaka paýlamagyň, Gurhan okamagyň we doga etmegiň ölülere peýdasy köpdür. Olaryň çeken azabyny ýeňleder ýa-da rahatlyklaryny has-da artdyrar. Anna agşamsy we gündizi, baýram güni paýlanan sadakanyň, okalan Gurhanyň we edilen dogalaryň sogabyny ölülere bagş etmek has-da fazyletlidir.
Hanefilere görä, gabyr zyýaraty erkek we aýallar üçin mendupdyr.
Jumhura (Yslam alymlarynyň aglabasyna) gora, ybrat almak, Allany ýatlamak üçin gabyr zyýaraty mendupdyr. Aýallaryň gabyr zyýaratyna gitmegi bolsa mekruhdyr. Gabyr zyýaratynyň aýala mekruh bolmagynyň sebäbi, ýüregi ýuka we musybata çydamsyz bolýandygy üçin, perýat edip, sesli aglamagy ähtimaldyr. Emma haram däldir. Muslim Ümmü Atyýýeden şu hadysy gürrüň berýär:
«Gabyr zyýaraty bize gadagan edildi. Emma anyk haram edilmedi». Pygamberimiz başga bir hadysynda:
«Size gabyr zyýaratyny gadagan edipdim. Mundan soň zyýarat ediň» (Müslim) diýýär. Başga bir rowaýatda: «Hapa söz aýtmaň» (ýagny, aglap, günüňizden Alla şikaýat etmäň, saçlaryňyzy ýolup, ýaka ýyrtmaň) buýrulypdyr. Şonuň üçin aýalyň gynanjyny täzelemek, aglamak ýaly zatlar üçin zyýarat etmegi jaýyz görülmändir. Şeýle edýänler barada Pygamberimiz bir hadysynda:
«Gabyr zyýaratyny eden aýallara Alla nälet etsin» (Tirmizi) diýipdir. Bu hadysy alymlar şeýle ýorupdyr: Eger aýallaryň zyýaraty aglamazdan diňe ybrat almak, rahmet okamak üçin bolsa jaýyzdyr.
Pygamberimiziň gabyr zyýaratyny edendigi barada hadyslar köpdür. Bulardan birisi Ibni Ebu Şeýbeden rowaýat edilen şu hadysdyr:
«Pygamberimiz her ýylyň başynda Uhuddaky şehitleriň gabyrlaryna zyýarat edip şeýle diýer eken:
«Sabyr eden zatlaryňyza derek, size salam we salamatlyk bolsun. Dünýäniň iň ýagşy netijesi budur» (Zuhaýli, «Fykyh ensiklopediýasy»).
Ýene Pygamberimiz ölülere zyýarat üçin Medinedäki Jenneti Bakyg gonamçylygyna gidende, şeýle diýip salam berer eken:

«Eý, mü’minler ýurdunyň säkinleri (ýurt eýeleri)! Salam size, biz hem inşalla size gowuşjakdyrys. Alladan biziň we siziň üçin afyýet dilärin».
Ýene bir hadysda Pygamberimiz şeýle buýrupdyr: «Gabyrlara zyýarat ediň. Bu size ölümi ýatladar» (Müslim). Başga rowaýatda: «Ahyrýeti ýatladar» diýlipdir.
Gabyr zyýaratynyň iň fazyletli günleri, Anna, Ruhgün, Başgün, we Sogap günleridir. Gonamçylyga girilende ilki salam bermelidir. Bu salamyň iň meşhury Pygamberimiziň ýokarda görkezilen salamydyr. Salamdan soň, mazaryň kybla tarapyndan ýüzüňi Jesede tarap öwrüp, gaty ýakyn barman, dik duran ýeriňden Gurhan okap, doga edilýär. Gurhan okanyňda we doga edeniňde dik durmak sünnetdir.
Gabra zyýarat edýän kişiniň Ýasin süresini okamagy mustahapdyr. Çünki, Pygamberimiz: «Kim gonamçylyga zyýarat edende, Ýasin okap, sogabyny ölülere bagyşlasa, ölüleriň sanyça sogap gazanar» (Buhary). Başga bir hadysda: «Ölüleriňize Ýasin okaň» diýipdir, (Ebu Dawud, Ahmet b. Hanbel, Hakim). Ölini zyýarat eden Ýasinden başga Fatiha süresini, Bakara süresiniň başlangyjyny, şeýle hem, bilýän bolsa, Aýatel kürsini, Ämener-rasulüm, Mulk (Tebärekam) we Tekasür süresini okasa has göwnejaýdyr. Soňra Yhlas (kulhuwallah) süresini 3 gezek okap doga etmeli.
Darekutni bu barada şu hadysy gürrüň berýär: «Kim gonamçylyga baryp, Yhlas süresini onbir gezek okap, sogabyny ölülere bagyşlasa, o ýerde ýatan ölüleriň sanyça sogap ýazylar». Gurhan okamagyň yzyndan edilen doga kabul edilmäge has ýakyndyr. Okalan Gurhanyň hem doganyň sogaby we peýdasy ölülere ýeter. Öli diri ýalydyr. Şafygy alymlarynyň belleýşine gora gabyrlara köp zyýarat etmek, salyh we fazyletli kişilerm gabyrlarynyň ýanynda köp oturmak mustahapdyr. Zyýaratçy diriniň öňünde nähili durýan bolsa, öliniň öňünde-de şeýle durmalydyr.
Ybadat maksady bilen, gabyryň başujundaky gabyr agajyny öpmek, mazary öpmek, öwlüýäm zyýarat edeniňde, gabyrynyň işigini öpmek, daşyna aýlanmak, mata bölejiklermi daňmak, şem ýakmak soňra dörän adatdyr we haramdyr. Şeýle hem öwlüýäden şypa dilemek, «Meniň şu günämi bagyşla, meniň şu möhümimi bitir» diýip doga etmek küfürdir, zalalatdyr we şirkdir. Ýöne öwlüýäni edebine laýyk zyýarat etmek, doga etmek we şefagat ählinden bolsa, Alladan olaryň şefagatyna ýetirmegini dilemekde hiç hili zelel ýokdur.

■ Gonamçylykda janly öldürip sadaka bermek

«Öwlüýä ýoluna» diýip janly öldürmek dinimize tersdir. Eger-de janly öldüriljek bolsa, Hudaý ýoluna aýdyp, sogaby ölä bagş edilse dürsdür. Kimde-kim diri weliniň özüne ýa-da merhum bolan weliniň nesline, olary gowy görüp bir zat berse hem Allanyň razylygyny niýet edinmelidir. Berlen zat diri öwlüýä sowgat niýeti bilen berilmelidir, ýagny, Hudaý ýoluna aýtman, ýöne özüne bagyşlamalydyr. Hudaý ýoluna aýtjak bolsa, mustahyk sadaka bolar. Bu bolsa garyplaryň hakydyr.

■ Netije

Hawa, Garaşsyzlygymyzyň baş mugallymy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň baştutanlygynda demokratik, dünýewi, hukuk döwleti bolan Türkmenistan diýarymyzda din we wyždan azatlygy giňden ýaýrap, her obada, etrapdyr şäherde metjitler gurulýarka, dinimizi öwrenmäge şert döredilýärkä, Yslamyň bäş parzyny arkaýyn amal edip bilýärkäk, gadym wagtlardan häzirki günlerimize çenli gelip ýeten ýa-da soň dörän sähel tapawutlanan däp-dessurlar we dinimiziň esasy bolmadyk düzgünleri sebäpli agzybirligimize zeleli ýetjek hereketlerden, gürrüňlerden daş durmalydyrys.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 99 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Türkmenistanyñ Müftüsiniñ müdiriýet | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Seljuklyny goremok, her birinji gun gorjek bolup powtoreniýesinde yatyp galyan 23:00 bolmanka. Oña derek, 1-16 seriyasyny hem aldym gormage diskini, şonda-da gorip bilemok iş b.n başagaylykda.. Gormanimi kemem goremok.. elimizden birin birin gañryp alynýan taryhymyza içim burum burum syzlaýar...

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ha tütesinler; ha tütemän örtensinler... oz işleri.
Bu zatlar okajak, peydasyny görjek, gozyetimini giñeltjek, bilmeyan zadyny bilmek isleyanler u.n goyulyar, haysydyr bir akymy gižželemek ü.n däl. Hak yol - Güneş mysalydyr, ony ne wahabistler, ne ateistler tutup biler we türkmeniñ yoly hak yoldur!

0
3 Jeksparro   [Mowzuga geç]
''Uyanış Büyük Selçuklu'' kinoseriýaldaky Gazalynyň sözleri ýadyma düşüp gitdi...

0
1 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Bu makalany wähäbistler okap tütemeli ýerleri tütemezmikä? smile
Däp-dessurlarymyzyň ýitip gitmezligi üçin gowy makalalary paýlaşýarsyň @Haweran halypasy...
Sag bol, ömrüň bolsun...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: