17:37
Uzak-uzak ýyllar - 9/ romanyñ dowamy
4.

Meretgül kempiriň bolup gelşini görüp Akganyň haýýady uçdy. Tasdanam obaçylyga garşy ökjäni göteripdi. Emma saklandy. Onuň başy açykdy. Saçy sürlen bozagan sübsesi ýaly bulaşyp durdy. Üsti-başy çaň-tozandy. Ol gele-gelmäne ýoluň ortarasyna, jöwza-da köze dönen urpagyň üstüne özüni taşlady.
– Öýümiz, ilimiz üstümize ýykyld-eý, Äkge jan, taňrynyň gargyşyna galdy-geý, Äkge jan-eý.
Akganyň dodagy dodagyna mumlanyp, bokurdagyna gum dykylan ýalydy. Ol bitaý gözlerini mölerdip, gyrpyldadyp durdy.
– Ol ýetimçe, hudaýym upbat bolsun, meni suwa salma ýençdi. Özem başlyk diýdi, beýleki diýdi, hiçisini goýman diýip gitd-eý. Bu gelni şu güne salan Äkge ikiňiz diýip, her-her edip git-deý, Äkge jan-eý...
Kempir her gezek ellerini kakanda, garaguşuň ganatlary ýaly helpildäp gidýän ýeňleriniň astyndan ep-esli tozan galýardy. Olam göni Akganyň üstüne dökülýärdi. Ol bir gapdalrak çekiljek boldy. Emma kempir ýüregi ýarylan ýaly iňledi.
– Waý, gurbanyň bolaýyn Äkge-leý, gitme-eý, ýüregim ýarylyp barýa-leý.
Akga özüne zor salyp gazaply gürledi.
– Kim?
Kempir aňk-taňk boldy. Ol Akga kimdir biri bilen gürleşýändir öýtdi. Töweregine garanjaklady. Ahyry Akganyň çaşgyn keşbini görübem, iki buduna şapbyldadyp urmaga başlady.
Hakykatdanam, soňky wagtlarda Akganyňky ugruna däldi. Geçen ýyl Anna aganyň oňa ýagşy daramagy, Durdy ýasawulyň aýdan sözleri, raýondan gelen wekiliň «Sen arpa-bugdaýyň näçe gymmatynyň bardygyny biler ýaly, fronta ibermek gerek» diýmegi Akganyň mazasyny alypdy. Ol indi nirä gitse, kimdir biri yzarlap ýören ýalydy. Ony was-wasy gaplap alypdy. Bu gün onuň üçin ahyrzaman gopana döndi, Ol ters aýlandy.
Soň kempiriň syrça bölegi ýaly çalymtyk gözlerine garady.
– Kim?!
Meretgül täzeden möňňürmäge, samramaga, sarnamaga başlady. Akgadan welin ne ses, ne-de seda çykdy. Ol birden tersin-oňlyn pyrlanyp, ýene-de kempiriň ýanyna geldi.
– Hany ol, hany?! – Kempir Akganyň gezlerindäki eýmenji görüp, guty guran ýaly boldy.
– Hany, ol nirede?
– Kim?
– Oraz şyh!
Kempir synyny silkip ýerinden turdy. Onuň üstünden ep-esli tozan asmana göterildi. Kempir oňa ünsem berenokdy.
– Wah, Oraz aga däl, hol gapdal ýanymyzdaky garantgy ýaly meýdi ýanan ýetimçe ýokmy, şo-ol!
– Oraz şyh, gerek. Oraz şyh ge-r-e-k.
Akga edil serhoş ýalydy. Enteýärdi. Onuň bolşuny görüp kempiriň hem aýaklarynyň ysgyn-mydary gaçdy – Oraz şyh öýünde, ýok, toba, ysgylatda...
Akga hiç zat diýmän ýap-çilleriň arasy bilen Çynarla tarap dogrulady.
Oraz şyh mekdebiň çolaja ganatynyň kölgesine ýazylan çäkmeniniň üstünde oýa çümüp otyrdy. Onuň öz hasaby bardy. Ol sürgünden gaýdyp, özüniň ilkinji maksadyna ýetipdi. Kakasy Seýit baý bilen gömüp goýan humuny tapypdy. Ony ýene-de öňküje ýerinde emaý bilen gömüp goýupdy. Ol Ilamandan başga onuň syryny bilen adamyň ýokdugyna çyny bilen begenýärdi. Ilamany bolsa hiç zadyň alyndan däl, bir sümükli oglan hasaplaýardy. Ondan özüne zyýan gelmejegine pugta ynanýardy.
Ýöne Durdy ýasawuldan welin onuň gorkusy az däldi. Ýasawul onuň ata-babasyna ýetikdi. Ol Oraz şyhyň ýüregine beletdi. Onsoňam, ol adam hiç haçan ýüz görüp, gapyrga syran däldi.
«Kim bilýär, «başga ýagyň bolmasa, babadaşyň ýokmudy» diýeni ýaly, köne saman sowuryberse... Ýok, indi bu ýerden çaltrak göterilmeli, çaltrak...»
Oraz şyh Durdy ýasawula gabatlaşanokdy. Ýogsa, onuň bilen dertleşen bolup, taryna kakyp görmek isleýärdi. Eger kabul etse, ýalynjalyk etmäge-de ýaltanjak däldi.
Şyh Anna agadan hem diýseň arkaýyndy. Ol başlygy gowşak, lellim görýärdi. Öz ýanyndan ony äsgermeýärdi. Ýöne ol başlygy görende-de, kiçelmegi, mysapyrsyramagy hiç zatça görenokdy. Onuň başlyk bilen öz hasaby bardy.
Ol gyzylly humy tapyp goýanam bolsa, ony göterip, başyny-aýagyny alyp, birden sumat bolmaga çekinýärdi. Eger-de ýoklugyny bilseler, serhetde ýetirmän gapjaljygyna onuň gözi ýetip durdy. Onuň üçin bir ýol bardy.
«Ýok, äwmek şeýtandan, sabyr rahmandan». Ýarym güne ýaryş ýok diýip yras aýdypdyrlar. Aňyrsy bäş-alty günden kolhozçylar daga, oraga çykmaly. Ine, başlygy her zat edip yryp, şolar bilen daga gitmeli. Onsoň, aňyrda näme ýol galýar...»
Oraz şyh ölçerip-döküp şundan amatly ýoly tapmaýardy. Ol özüniň bu pikirini juda makul görýärdi. Ony her dürli edip başlyga aýdyp görýärdi. Iň soňunda ony razy edip ýola düşýärdi.
Akganyň eňek alty-ýeň ýedi bolup gelmegi onuň galpyldysyny artdyrdy. Akganyň ýüzi gara ört bolup, kirpikleri urpaklapdy. Kellesindäki köneräk bagana gulakjynyň bir taý gulagy sallanyp, yrgyldap durdy.
Oraz şyh Akganyň örüsiniň daralýandygyny bilýärdi. Onuň bilşiçe, Akganyň bu edip ýören işleri beýle galmaly däldi. «Purontçynyň yzynda galan diýerler, beýleki diýerler, gözüni Sibirde açdyrarlar». Şonuň üçin-de bujagaz pursaty oňaryp peýdalanmalydy. «Akganyň eli bilen köp ojagyň oduny gorsasaň bolar».
– Gel, Akga baý, gel, şujagaz kölgä geçde otur – Oraz şyh gapdalraga süýşdi. Gözüni Akga, soňam günüň jokramasyna ýylap, aşagynyň közi tüsseläp duran tüňçä göz aýlady – Çaý-paý meýliň bar bolsa, şol taňkaň aşagyna iki penje garak atynaý.
Akga özüni dürsäp bilenokdy. Ol sojaýardy. Megerem, gürrüňi nämeden başlajagyny bilmeýärdi.
– Seň hanym, bir derdiň-hä bar. Aýdyber, men senden syr saklasam, sen menden syr saklasaň, onda neneňsi bolar? Öňem-ä iki sany kerri bolup galdyk, giň ýalançysynda.
Akganyň derisi giňän ýaly boldy.
– Agam, agamjan, maňa meslehat gerek, halys kelebiň ujuny ýitirdim. Bi, Annada, öýi ýykylan ýasawulam maňa gün berenok. Bu ganjygam içindäki güjügini göterip ýör. Telim aýtdym, düşürtsin diýip. Men-ä bilemok. Bu günem ho-ol arwah gelip «Kerweniň ogly başlyga çenli gidişerin, puranta gideniň maşgalasyny horlaýarsyňyz» diýipdir. Men-ä kelebiň ujuny bulaşdyrandyryn, agasy,,.
– Äý, senem Äkge baý, özüňi halys was-wasynyň ygtyýaryna beripsiň. Ol başlyga aýdyp, burnunyň maňkasyny oňarypmy?
Akga dowla düşüp gürledi.
– Beý, diýme agasy, ol eder, onuň atasy ters gün dogandy. Atasyndan zordan dyndyk. Tas alypdy bizi. Olarmy...
Oraz şyh göni nyşana çenemegi birhili gördi.
– Onda öz näme etsem-petsemiň bar?
Akga gözlerini ýaldyradyp, garşydaşynyň ýüzüne seretdi.
– Ýa, Anna başlyk bilen meslahatlaşyp, syýnyna ýapyşyp, kömek soraýsammykam, ä?!
Oraz şyhyň ýüzi gamaşdy. Ol penjeginiň bagjyklaryny sypalaşdyrdy.
– Aý, näme, Annanyň ýanyna gitjek bolsaň, bäri ýönelibem oturmaly däl ekeniň...
Ol Akgadan seda çykmanyndan soň zarply gürledi.
– Sen özüň, han ogul, oglanlygyň erbedem däl, ýöne ederini-eýlärini aňlamaz sen. Heý, sen kişiniň heleýine baryp «Meniň oýnaşym-a şeýle boldy. Çagasyny düşürsin» diýerlermi? Hany kelläň? Öz aýybyňy özüň açyp...
– Kime diýipdirin?!
– Sapar brigadire diýipsiň, Üzümgüle diýipsiň. Başga kime diýjekdiň... Olar bir dillerini ýygyp bilýän ganjyklarmy? Seniň işiňi gören şolar, şolar...
Bu gürrüň ugrunda bardy. Akga arada Enäniň göwreli bolanyny duýup gyssaga düşüpdi. Kelebiň ujuny ýitiribem, gelip Sapar brigadiriň ýanynda derdinipdi. Soňundanam: «Ene çagasyny düşürtsin, aýalymy kowup öýleneýin oňa» diýip gürrüň edipdi. Bu gürrüň tutuş «Ynkylaba» dolupdy. Onsoň Oraz şyhyňam gulagyna ýetipdi.
Akga ýere seretdi. Çokaýynyň üstünden ýörmeleşip, ikiýana at salýan atgarynjalara gözi düşdi. Olar Akganyň aşagyna kürsäp urýardylar. Akga at garynjanyň hininiň üstünde oturandygyny aňyna ýetirip bilmedi. Ol dilini peltekledip gürledi.
– Wah, men ilki seniň ýanyňa geljekdim-le, ýöne, munuň ýaly zady öň görmesem näme, agam, onsoň aljyrap ýörün. Ýöne baryny bulaşdyrjak ýene şol ýetimçe, şonuň bir alajyny etmeli...
Oraz şyh indi nyşana gönüledi.
– Wah, Akga, ol oglan näme, häzir zamanasy erbet, tutuş zamana. Sen ol oglan diýýäň, hany ol ýogam eken-dä. Onda başga biri, Üzüm diýdi, Sapar diýdi, ýasawul bormy ýa-da başlygyň özi. Şu purantdan gelip, arada pylan-pissigan diýip yzyna giden şol golagyňam her zatça bardyr, soňuna garaberseň. Şonuň üçin munuň köküne urmaly paltany. Wah, şony oňaryp bolsa...
Akga onuň sözüni böljek boldy.
Oraz şyh gyzaryldy.
– Goý, ol gürrüňiňi, meni diňle, men saňa ýagşylyk üçin aýdýan bulary. Köki diýýänim, aktipsyraşyp ýören Durdy ýasawulyň janyny jähenneme ibermeli. Senmi ony başarjak?!
Akga dyzyna galdy.
– Nädip, onsoň nirede ýaşamaly bolar, hä.
– Nirede, nirede? Sen oglan bolma. Ikimiz üçin şuranyň gapysy petiklendi. Ýa Sibir ýa-da hol gara dagyň aňyrsy. Sen meniň diýenimi etseň ýedi pyşdyň hor bolmaz ýaly ederin...
Akga sandyrady.
– Oňa nädip geçjek aga, çagalar dökülip galmazmy, onsoň?!
– Seni Sibirde çüýretseler çagalaň dökülip galmazmy, pelit? Ine, gama saňa, gaýratyň, içiňde namysyň bolsa, geljek annada ol ýasawulsumagy kakla-da gamyşlynyň ikinji tagtasynyň çetine çyk.» Onsoň garry agaň etjek oýnuna-da bir syn kyl, sen aňry geçmäniň gürrüňini etme-de.
Akga sesini çykarmady. Ýöne gamany aldy. Onuň kellesinde häzir «ýasawuly kaklamasamam, şu ýetimegiň damagyny-ha çalaryn» diýen pikir at çapýardy.
– Onsoň, agam, aňyrsy nähili bolar?!
Akganyň sowaly Oraz şyha ýaramady. Ol ep-esli oýlandy. Yssyda gaýnara gelen tüňçäni ilkinji gezek görýän ýaly, oňa tiňkesini dikip oturdy.
– Näme, aňyrsy bir musurman bendeleriň üýşen ýeridir. Uruşam, galmagalam, etdehadam, şura-da, ynkylabam görmersiň. Her kim tapanjasyny iýip, tapanjasyny geýip ýörüberýändir. Uly uly ýaly, kiçi kiçi ýalydyr, baý baý ýaly, garamaýak garamaýak ýalydyr. Her kim öz sylagyny, ornuny bilip gydyrdanyp ýörüberýändir.
– Ýok, men nähili bolaryn?
– Hüm, senmi? – Oraz şyh megerem, bu barada ilkinji gezek oýlanýardy. Şonuň üçinem ol tilkiligini etmelidi. Taýagyňam iki ujy bardy. Erte aňyrlara ötüläýse-de ýüňsakgal bolmaz ýaly, bergidar bolmaz ýaly etmelidi. Şonuň üçin ol öz pähiminiň güýjüne daýandy.
– Aňyrda, saňa, men näme diýeýin. Elpe-şelpelik bardyr-a diýip biljek däl. Ýöne sen meniň diýenimi etseň, şuranyň burnuny ganatsaň, o taýda hor etmen. Emma ki özüň birgat bolup, soňam etmişiňden eýmenip, pena arap geçseň, pena bolsalaram, saňa hanlygy-ha kepil bolmazlar. Şonuň üçrübem aňyrsy özüňe bagly...
Oraz şyh sözüni tükedip, jemläp bilmedi. Sebäbi Akga oturan ýerinden «Wä, wä, waý» diýip, zöwwe turup, soň ýüregi ýarylan ýaly bökjekläp başlady.
– Näme boldy – Oraz şyh zarply gürledi. Akga uýat ýerlerini elleri bilen tutup bökjekläp ýörşüne naýynjar – Gar-rynçga-a-a!.. – diýdi.
Oraz şyh juda çuňňur ýigrenç bilen garantgy ýaly helpildäp duran adama garady.
Akga gitdi. Agşamyň alagaraňkysynda ýene-de öwrülip geldi.
– Agam, bir halta bugdaý bermeseň, çagalaryň çuwaly gowzapdyr.
Oraz şyh jomartlyk etdi.
– Ikisini äkit, ýöne hälki gürrüňem gulagyňda bolsun.
Akga ýabysyna iki halta bugdaý ýükläp, hoşwagt halda garaňkylyga siňip gitdi.

* * *
Oraz şyhyň garry tilkiniňki ýaly, Durdy ýasawulyň özüni gözden salmaýan ýalylygyny syzmagy ýöne ýere däldi. Geçen gyş Ilamanyň kontora, Anna başlygyň ýanyna barmagy, öýüň içiniň gazylýandygy barada aýdanlary, asyl bir gyranlyk gyzyl puly eltip bermegi başlygy howsala salypdy. Ol bada-bat raýon milisiýasyna habaram beripdi. Emma raýondan bu işi ur-tut etmän, usullyk bilen etmegi makul bilip, maslahat beripdiler. Oraz şyha göz-gulak bolmagam, esasan Durdy ýasawula tabşyrypdylar.
Durdy ýasawul Oraz şyhyň ýanynda dikil-gazyk bolup oturmasa-da, garaz gözegçilik edýärdi. Onuň etmeli işem şyhyň barlygyny, ýoguny aňtap durmalydy.
Ýasawul daş-içden günde bir gezek habar alýardy. Soňam Oraz şyhyň obadadygyny başlyga habar berýärdi.
Durdy ýasawul bu gün Oraz şyhyň özi bilen gürleşmegi ýüregine düwdi. Ol bu adam bilen ikiçäk gürleşip, onuň näme matlabynyň bardygyny aňasy gelýärdi. Eger diýenini etse, kolhozdan ýer-ýurt alyp, ornaşykly ýaşamagy maslahat berjek bolýardy.
Onuň ýüregindäki niýeti başa barmady. Ol Akga brigadiriň paý-pyýada bolup gelşini görüp, atyny saklady. Akga Enäniň enesi bilen nämedir bir zat barada gürleşensoňlar ýene-de entirekläp-entirekläp gitdi. Durdy ýasawul ony serhoşdyr öýtdi. Emma onun ýüzüniň mekdebe tarapdygyny görensoň welin, niýetini üýtgetdi.
«Kerweniň oglunyň diýeni çyn bold-ow. Ol işini, güýjüni taşlap, şol şyh bilen aşna bolýan bolsa, ýüregini ýagşa-ha düwen däldir...»
Ol juma gijesi Meretgül kempirlerde bolan gürrüňi ýatlady. «Kim güýçli bolsa, biz şonuň tarapdary, aga!» Bu sözler Durdy aganyň azysynyň etini has gataltdy. «Haý, kezzap diýsäni. Indi seniň güýçlinem Oraz şyh tetelliler boldumy? Wah, günüňe ýanaýyn, nadan. Häk, Anna-da gör, kimi birgat edip saklap ýör. Häk, Anna, Anna!..»
Ol atyny yzyna dolady.
Agşam ol Oraz şyhyň ýanyna däl-de, Akganyň ýanyna ugrady. Emma ony öýünde tapmady. Aýalynyň salgyna görä, ol atlanyp, kontora bakan giden bolmalydy.
Emma ýaşulynyň göwnüne, ol häzir Oraz şyhyň ýanynda oturan ýalydy. Şonuň üçinem atyny göni Çynarla depdi.
Ol darawa suwy akýan ýapdan ýaňy geçende, Akga pete-pet gabat geldi.
Garaňky mazaly düşüpdi. Töwerek gijäniň gara şalynyň astyna duwlanypdy. Şonuň üçin-de Akga bu wagt adama duşaryn öýdüp pikirem etmeýärdi. Ol öňünden çykan atly adama ünsem bermedi.
– Hä, Akga, birgat, salowmaleýkim! – Bu sesi ol tanşam görse, ünssüz «waleýkim» diýip, oňa jogap bermäge çemlendi. Birdenem garşysyndan gelýäniň Durdy ýasawuldygyny görüp, köz depelän ýaly, bütin göwresi bilen ziňkildäp gitdi. Ol ýaba ýetmän, ýabysynyň uýanyny gapdala burdy.
Durdy aga ilki Akga ünsem bermezligi ýüregine düwüpdi. Diňe onuň Oraz şyhyň ýanyndan gelip-gelmeýändigini aňjakdy. Ondan Oraz öýündemi, dälmi, osmakladyp sorajakdy. Ýöne Akganyň ony görüp aljyraýşyny, ýabysyny yzyna garşy sürüberişini görüp, atyny ýapdan urduryp geçirdi.
– Heýt, hany, dur! – Akga ýabysyny saklady. Ýöne onuň başyny henizem bäri öwrenokdy. Durdy ýasawul onuň ýanyna ýetip saklandy. Diline gelen haýbatly sözi aýtdy. – Näme, syparyn öýtdüňmi, hä...
Akga aljyraňňy samrady.
– Eý, Oraz şyh, äkit, äkit diýip, duransoň, aldym gaýdyberdim.
Durdy ýasawul ýene-de sowal berdi.
– Nämäni?
Akga henizem ýasawul meniň bugdaý alyp gelýänimi bilip ýolumy saklaýandyr öýdüp oýlanýardy. Şonuň üçin, ogurlygyň üstünde tutuldym diýip, indem garabaşyna gaý bolup özüni aklamanyň pikirini edýärdi.
– Şu bugdaýy diýýän, Oraz şyh äkit diýip duransoň alyp gaýdyberdim diýýän.
Durdy ýasawul diňe şondan soň Akganyň ýabysynyň ýüklüjedigini bilip galdy. Ol gazap bilen gygyrdy:
– Näçe halta?! – Ol erbet sögündi. – Sen indi birgat bolup, golhozyň ysgyladyndan bugdaý ogurlaýarsyňmy, hä?
Akganyň ýüregi ýaryldy. Ol ýabydan özüni oklady. Gelibem, ýasawulyň ýabysynyň uýanyna ýapyşdy. Soň ýalbarmaga durdy.
– Agam jan, heý, men bir ogurlyk etjek adammy? Sen beý, diýmesene. Agam jan. Men, men...
Durdy ýasawul hem janlandy. Ol atyny dözümli sürüp, Akganyň ýabysynyň uýanyndan çalyp tutdy.
– Men seniň agaňam bilmen, iniňem. Ýör, häzir kantura baraly. Oraz şyhyňam geler, senem bararsyň. Kimiň kimdigini başlygyň özi çözer.
Akganyň ýüregi ýarylan ýaly boldy. Ol özüni saklap bilmän, ýapdan aňyrlygyna urup geçdi. Şol ýerdenem janhowluna gygyrdy.
– Sen, adam däl ekeniň. Men saňa aýdyp otyryn-a ogurlyk etmedim diýip. Senem bir gezek adamçylyk edäý. Görmezlige salaý, agam jan...
Durdy ýasawulyň sesi üýtgeşik gazaply çykdy.
– Şu golhozyň, şu golhozçyň malyna barmagyny batyrana menden ýagşylyk ýokdur. Onda-da Oraz şyh ikiňize – Ol ýabylary sürüp aňyrrak bardy – Düş diýýärin saňa-da, yzyma.
Akga ýene-de ýapdan batyp-çümüp bäriligine geçdi. Ol ýalbarmadan netije çykmajagyny bilip, ýabylaryň öňüne geçdi.
– Sakla, ýabyňy, ýasawul! Sen meni tutup, ýabymy elimden alarça kim bolupsyň? – Ol öz ýabysynyň uýanyna ýapyşdy – Goýber, uýany, kezzap.
Durdy ýasawul häzir öljekdi welin uýany goýberjek däldi.
– Aýryl, ýogsa, aýap goýmaryn – Ol Akganyň söze gulak asmajagyny aňdy. Sebäbi ol uýany aljak bolup, bar güýji bilen topulypdy. Şonuň üçin-de, ürken ýabylaryň hersi bir tarapa dyzaýardy.
Durdy aga özüniň ýabysynyň başyny yza dolady. Akganyň ýabysynyň uýanynam goýbermedi. Ýöne elindäki gamçy bilen Akganyň ýagyrnysyny iki-üç gezek daglap goýberdi. Soň gazaply gygyrdy.
– Düş, öňe, it ogly. Bolmasa, erbet bolar. Düş öňe...
Akga uýany goýberdi. Ýöne çöken ýerinden galmady.
Durdy ýasawul onuň öňüne düşüp gitmejegini aňdy. Az-kem gowşaşan ýaly bolup gürledi.
– Ýöri, kantura baraly. Orazy çagyraly, «berdim, özüm äkit diýdim» diýse, bolany. Maňa başga gürrüň gerek däl.
– Agam, men aýdyp otyryn-a, saňa... Nämä gerek kanturlaşyp durmak...
Durdy ýasawul ýabylary kontora tarap sürdi. Akga şol ýerde esli oturdy. Soňam, aýagynyň ölüni jorkuldadyp, Oraz şyhyň ýanyna ugrady.

* * *
Anna aga raýon merkezinde bolan ýygnakdan giç çykdy. Ol şondan soň raýon milisiýasyna-da bir barmakçy boldy. Ýöne gijäniň içinde onuň-munuň gapysyny kakyp ýörmegi birhili gördi. Bu işi şu durşuna goýup bolmajakdygyna-da ol düşünýärdi.
Ol Oraz şyhly meseläni basymrak çözesi gelýärdi. Onuň ep-esli pulunyň Kerwen aganyň jaýynda gömülgi ýatanynam aňýardy. Onuň şol puly çaltrak ýygnatdyrasy gelýärdi. Oraz şyham kän bir oba arasynda gezdirip ýöresi gelenokdy. Şonuň üçin raýon milisiýasyndan birki sany milisiýa alyp, şu gijäniň özün-de oba äkidesi gelýärdi. Bu zatlary edil şu gije çözmese ertir gijä galjak ýalydy. Çünki raýkomda aýdylan zat hasam möhümdi. Bu ýylyň gyşy ir düşerli-di, özem gaty gazaply bolmalydy. Kolhoz bolsa düme gallanyň ýeke gysymynam ormandy. Darawadaky galan-gaçany garry-gurta tabşyryp, ertiriň özünde düme bugdaýyň oragyna, daga çykmalydy...
«Aý, ýok, ertir-ä ýetişilmez». – Anna aga daşyndan hümürdäp aýtdy. «Beýlekis-ä durubersin, adamlara bitini kakmaga-da ýarym salkyn gerek ahym. Diýmek, dänim, birigünüň ertir namazynda ugramaly». Başlyk belli karara geldi. Ol ertir baryp ýagdaýy düşündirer, adamlary ýarym salkyn boşadar. Ýetdiginden her bendä bir gysym arpa-bugdaý paýlanar.
Ol şeýle oýlar bilen «Ynkylabyň» çetinden girende horazlar ikinji gezek gygyryşýardylar. Başlyk Oraz şyhly, gyzylly mesele ýadyna düşende, şony çözmänine juda gynandy. Sebäbi bu zatlaryň aslynda bir uly betbagtçylygyň ýatan hem bolmagy mümkindi. Şonuň üçinem ol göni ýasawulyň öýüne depdi. Emma ýasawuly öýünden tapmady. Soň ol ýadawlygyna garamaz- dan, atyny kontora bakan sürdi.
Kontoryň işigindäki iki ýaby başlygy geň galdyrdy. Emma ýasawulyň bolup durşy ondanam geň» bolup göründi.
Durdy ýasawul başlygy atdan düşere goýmady.
– Annam, Akga birgady iki halta bugdaý ogurlap barýarka tutdum. Kantora getirjek boldum, ol ýene Oraz şyhyň ýanyna gitdi. Bir hekaýat goparmasalar ýagşydyr – Anna aga hyrçyny dişledi.
– Sen, ýet, onda, Kerweniň oglundan habar tut. Oraz şyh bir bolmasyz iş edäýmesin. Ol pul diýip her zat eder, sürenine ýetilenden soň. Men ýaňy çig etdim. Indi bir dänim, milisgä habar edeýin.
Gürrüň gysga boldy. Ýöne başlygam ýasawulyň ýüregindäkini diýipdi. Şonuň üçin bu wagt gep uzaldyp oturara ýagdaý ýokdy. Başlyk raýona giden badyna Durdy ýasawul ýene-de Çynarla ugrady.

* * *
Ilaman işden ýadap gelipdi. Ol güni bilen daga, orak ormaga gitmäniň pikirini edipdi. Geçen ýyllar-da ol dagda orak ormanyň lezzetini görüp bilmändi. Bu ýyl ony başga duýgular gaplaýardy. Daga çyksa ýüki ýeňläp, nähilidir bir hezilligiň üstünden baraýjak ýaly bolup durdy. Şonuň üçin daga gidesi gelýärdi. Ol jülgede galsa hor boljagyna, aç-suwsuz boljagyna oňat göz ýetirýärdi. Ondan başga-da, onuň has çekinýän zady Oraz şyhdy.
Oraz şyh soňky wagtlarda Ilamana kän bir degmese-de, olaryň jaýynyň töwereginde sümsünip ýördi. Ilaman ony ertirem, agşamam görýärdi. Ol bu barada geçen gyşda başlyga aýdypdy. Ýöne onuň netijesi welin bolmandy. Şondan soň bu barada birine aýtjagam bolup durmady. Ol bu alagöz adamdan daşrak bolanyny kem görenokdy.
Häzirem, bu zatlary birlaý, göz öňüne getiril oturyşyna, uka gideninem duýman galdy. Ol gapynyň şakyrdysyna tisginip oýandy.
Işikde ýaby durdy. Ondan düşen adam içeri girdi.
– Häýt, Kerwen dostuň ogly – Ilaman Durdy ýasawulyň sesini tanady.
– Häýt, Kerweniň ogly, ýatyrmyň?
Ýasawul ýuwaşja gürleýärdi.
– Hany, beýdip ýatma. Çyk daşary. Me, şu ýabyny howlynyň burçunda pugta daň. Özüňem ýuwaşrak bol.
Ilaman ýabyny howlynyň ortasyndaky erige daňyp geldi. Ýasawul ýene-de ýuwaşja gürledi.
– Ertirde, agşamda gelen giden-ä bolan däldir-dä?
– Ýok, ertir Oraz şyh gapymyzdan geçip gitdi. Ol howlyň agzynda, ýola seredip ep-esli durdy. Soňam gitdi.
– Häý, garry köpek. Öýe kim geldi, kim gitdi, yz çalýandyr ol.
Ilaman düşünmedi.
– Nämäniň yzyny çalýar, Durdy aga?
Ýasawul pyşyrdady.
– Adam yzyny. Seniň ýanyňa üýtgeşik adam geldimi, ýokmy – Ilaman ýene-de hiç zada düşünmedi.
– Ol näme üçin beýdýärkä, Durdy aga?
Ýasawul pallady.
– Soň bilersiň. Häzir hiç zat sorama. Gowusy, sen bir ýaş oglansyň, bar-da Oraz şyh öýündemi, dälmi bilip gel. Seresap bol. Hiç kim bilmesin gezip ýöreniňi.

* * *
Oraz şyh Akgany ugradyp sklady ýapdy. Soňra öýüne gidip çaý goýdy. Emma çaýyny ine-gana içmek oňa nesip etmedi.
Akga brigadiriň bolup gelşi yzyndan ýagy kowalaýanyňkydanam beterdi. Ol oturmaga-da gyssandy.
– Agam, bagtym ýatdy. Öýüm-ilimi ot alsa mundan ganymat bolardy. Durdy ýasawul ýaňy öňümde duran bolsa nätjek. «Nireden ogurladyň bugdaýy» diýip tutdy ýakamdan. Ýalbar-ýakar etdim. Bolmady. Ýabymy bugdaýy-sugdaýy bilen alyp gitdi. Indi mesladyny özüň bermeseň, meniň-ä gidere ýerim, girere deşigim galmady, aga...
Oraz şyhyňam ýüregine ot düşdi. Ol Akganyň nalajedeýinligine gaharlandy.
– Senem, «maňa bu bugdaýy Oraz şyh berip goýberdi» diýensiň. Şeýlemi?
– Howwa!
Oraz şyhyň ýüregi ýaryldy.
– Haý, haramzada diýsäni. Aý, ýagşylygy bilmez deýýus. Heý, beý diýerlermi? Men-ä saňa ýagşylyk edýän. Sen bolsa, meniň sakgalymy hapalaýarsyň.
Akga şumjardy:
– Nädeýin, aga, üstümi basdyrdym. Alaçsyz galdym. Sypdyrman dur. Onsoň agzymdan neneň sypanynam bilmändirin.
– Aý, doňuz ogly, ol-a iki halta, bir kile bugdaý ogurlany üçin nädýändiklerini bileňokmy adamlary bu wat, hä?!
Akga iňňildedi. Ýöne hiç zat diýmedi.
– Öz bagtyňam ýatyrypsyň, meniň bagtymam, doňuz ogly. Dogmanlar geçen, dogmanlar...
Oraz şyh oýlanýardy. Ol Durdy ýasawulyň bu işi ýöne goýmajagyna ynanýardy. Şonuň üçin öňünden gaçmalydy. Ýasawuly ýoklamalydy. Bu onuň üçin ýeke-täk ýoldy. Onam diňe Akganyň eli bilen ýoklamalydy.
– Sen, Akga, bu işi bulaşdyrman-a bilipsiň, düzetmänem başar, eşitdiňmi?
Akga ýerinden zöwwe galdy.
– Nädip düzedeýin, aga! Alajym ýokdur, salgy bermeseň – Oraz şyh ýuwaş, emma gazaply gürledi.
– Sen bar-da ony enesinden dogmadyk ýaly et. Düşündiňmi? Bir ýol bar, olam şu ýol. Ýogsa, ikimizem gözenege salyp, gözümizi Sibirde açarlar... Özüňem ugra häzir, gyssagyň özüň bilen bolsun, eşitdiňmi?
Akga yranyp ýola düşdi.
Oraz şyh oýlanýardy. Bar işi bulaşdyrany üçin Akganyň bokurdagyny çeýnem-çeýnem etmäge taýýardy. Onuň bar umydy puç bolup barýardy.
«Men muny assyrynlyk bilen etjek bolup näçe jan çekipler, ahyr soňunda-da öz elim bilenem bulaşdyrdym. Şol tetelli, özüni oňarmadyk bilen atyňy goşmanyňda bolmadymy, aý, ak girse-de aň girmedik. Sen nirelerden, nädipler geldiň bu ýere. Indem gör. Ol ýerjygun bolan ýasawulam başlyk diýer, beýleki diýer, milisge diýer – dek ýatmaz. Onsoň sen nämüçin berdiň, asyl nireden geldiň. Soňam görnüp dur onuň aňyrsy. Ýok, diňe gitmek gerek. Gaçan gutular indi...»
Oraz şyh özüni şeýle seresap, mysapyr görkezjek bolup azap çekenine ökündi. Baýlygyny bada-bat alyp gitmänine-de diýseň örtendi. Ol häzir içerä birlaý göz gezdirdi. Daş çykybam ep-esli durdy. Soň ýene-de içeri girip çäkmenini egnine geýdi. Tapan-tupan zadyny orta üýşürdi. Üstüne-de köne ýorganyny örtdi. Ol: «Häzir yzymy yzarlasalar, bul-a ýatyr-ow diýsinler» diýip oýlandy. Burçda keserip ýatan kelte saply kepjäni çäkmeniniň synyna gizläp ýene-de daş çykdy. Soň göni Ilamanlaryň howlusyna bakan ugrady.

* * *
Anna aga ömür etmedik işini edip, tä raýona çenli atynyň uýanyny gowşatmady. Özi atdan beter ýadady.
Onuň çep böwri gyzyp gitdi. Süýjümtil sanjy yzly-yzyna birküç gezek gaýtalandy. Emma başlyk muňa üns bermedi. Häzir onuň bar ünsi öňdedi. Ol bir zada düşünmeýärdi. «Adamlaryň ynsaby bu zatlara neneň çatýarka?» Ol Akganyň tutup ýören oýnunam eşidipdi. Enäniň halynam oňa aýdypdylar. Ýöne näme etmeli? Oraz şyhly mesele oňa hemmesinden agyr degýänidi. «Akga-da, Ene-de ynsaplarynyň öňünde, iliň-günüň öňünde özleri jogap bererler. Emma munuň ýaly işler üçin...»
Ol ýabysyna ýene-de gamçy çaldy. Onuň ilkinji hyýaly raýkoma girip maslahatlaşmakdy. Emma raýonyň gyrasyndan girenden soň pikirini üýtgetdi.
– Göni milisä sürmeli. Wagt ýok, göni şoňa sürmeli...
Nobatçy milisioner ony resmi kabul etdi.
Anna aga kellesindäki reňkiniň nähilidigi bildirmeýän papagyny çykardy. Heniz, ömründe bu jaýlara girip görmäni üçin ini birhili jümşüldedi.
Milisiýanyň naçalnigi ony ýerinden turup garşy aldy. Anna aga ony gowy tanaýardy. Ýöne adyny bilenokdy. Hemmeler oňa «Ataýyf» diýýärdiler.
Anna aga oturyp-oturmanka habaryny berip başlady.
– Ýoldaş, Ataýyf. Ikimiz öňem bir dänim, meslat edipdik bu meseläni. Indi dänim, ony çynyrgatmasaň bolmaýa.
Ol Oraz şyhly meseläni, Akgaly meseläni janygyp ýekän-ýekän gürrüň berýärdi. Onuň howlukmaçlygy, aladasy naçalnige-de geçipdi. Onuňam ýüzi juda howsalaly görünýärdi.
Anna aga şu gün Durdy ýasawul bilen Akganyň arasynda bolan wakany gürrüň berýärkä, naçalnik nobatçy milisioneri çagyryp «Häziriň özünde atly ýaragly milisionerleriň üçüsini ýola salmaly, özümem bile gitmeli» diýen buýrugy bermegi aňynda oýlaýardy.

* * *
Ilamanyň ýüregi Durdy ýasawul hiç zat aýtmanynda-da bir zatlar syzýardy. Ol gijäniň bir wagtlary ýasawul aganyň öýlerine ýöne ýere gelmejegini aňýardy.
Ýöne onuň «Oraz şyh öýündemi, ýokmy, gör» diýmesi, özüniň öýde galmasy Ilamana düşnüksiz göründi.
«Ýa Oraz şyh bir bolmasyz iş edäýdimikä? Onda näme üçin onuň özi Oraz şyhyň öýüne baryp hasap soranokka? Ýa-da bugdaý saklanýan jaýa baranokka?»
Bu sowallaryň jogaby Ilaman üçin düşnüksizdi. Ol Oraz şyh bilen işlände onuň ýaramaz adamdygyny, onuň gaty erbet gürrüňler edenini başlyga duýduranda näme üçin oňa çäre görmändiklerine-de düşünip bilenokdy. Oraz şyhyň öýleriniň içini gazyşdyryp ýörenine-de düşünenokdy.
Ilaman ýuwaşlyk bilen baryp, Oraz şyhyň ýaşaýan jaýyna tarap seretdi. Ol jaýda yşyk ýanýardy. Diýmek Oraz şyh öýündedi.
Ilamanyň ýüregini düşnüksiz duýgular gaplap aldy. Ol mekdebiň jaýyna arkasyny berip oturdy. Dünýe asudady. Gökde ýyldyzlaryň arasynda aý erkana ýüzüp ýördi.
Ol häzir Hudaýberdini ýadyna saldy. Onuň ýazan hatyny içinden okady. Ol: «Eý, dost. eger söweşe başlasak, Ogultäje derek bir faşist, ejeme derek bir faşist, saňa deregem bir faşist kaklaryn. Şondan soň meniň hatyma garaşyň! Ogultäje-de söweşde gahryman bolýançam hat ýazmaryn diýip aýtdy diý» – diýen setirlerini indi ýatdan bilýärdi.
«Ýa Hudaýberdi henizem gahryman bolanokmyka? Ol henizem hat ýazanog-a!» Ilaman ýene-de içini gepletdi. «Eger häzir Hudaýberdi bolan bolsa näderdikä? Oraz şyh bilen bellisini ederdi. Men welin...» Ol gamlanjak boldy. Birdenem ýüregi süýjüje gürsüldedi. Iki sany äpet göreç oňa balkyldap seredip, onuň dünesini gündizlige öwürdi. «Illi, mert bol, gaýrat et!» Bu Ogultäjiň köşegiňki ýaly owadan, kirpikmen gözleridi.
Ilaman ýerinden tarsa turup, öýlerine bakan ugrady. Ol işige ýetende özüne geldi. Az-kem aýak çekip oýa batdy. Yzyna garady.
Hälki aý eýýäm batan ýalydy. Bütin oba garaňkylygyň gujagyna çümüpdi. Misli bu ýerde oba ýok ýalydy. Töwerek-daşyň hemişelik garaňkylyk bolup, indem hiç haçan ýagtylyk bolmajak ýalydy.
Oglanyň ýüregi sarsyp gitdi. Ol iki jahanyň owarrasy bolup, ikiarada elewräp durdy. Ýekelik, ýadawlyk, gam-gussa, alaçsyzlyk ony gowrup gysýardy. Häzir onuň bu jelegaýlardan uzak bir ýerlere gidesi, ganat baglap uçasy gelýärdi. ýöne ol bu işem edip bil- jek däldi. Basym uruş- gutarar. Onsoň onuň dünesi dolanyp geler. «Däde jan!» Ilamanyň gursagy joşdy. Onuň gözlerinden gaýdýan, ýyly damjalar burnunyň ýanyny gijedýärdi. «Däde jan! Arka dagym däde jan! Seni juda, juda göresim gelýär-ä! Däde jan, haçan gelersiň, däde jan! Haçan geler-s-i-ň!» Ol soňky jümläni daşyndan aýtdy. Ýüregi gowzan ýaly boldy. Ýene-de has batly gygyrdy. «Dädejan, haçan gelersiň, arka da- gym, seni göresim gel-ýä-ä-är-r!»
Howly juda garaňkydy, içgysgynçdy. Diňe Durdy ýasawulyň ýabysy erigiň töweregindäki guran ýaz otlaryny gütürdedip iýýärdi. Ol her ädim uranda teblemyhy urlan irişmesi şyňňyrt edip seslenýärdi.
Ilamanyň gözi arkasyny diwara berip oturan Durdy ýasawula düşdi. Ol aglaýan ýaly inçe, ýürekgysdyryjy ses bilen haýsydyr bir tanyş aýdyma hiňlenip otyrdy.
Durdy aga häzir özüni gabaýan pikirlerden daşlaşmaga çalyşýardy. Ol ömründe adama içini döken adam däldi. Onuň Anna agany diýäýmeseň belli dosty-da ýokdy. Aýaly onuň bu ýekemenräk häsiýetini galaba kötek astyna alýardy. Towşantüýräk bolmagy maslahat bererdi. Ol bolsa: «Haý, heleý halkynyň aýdaýjagydyr. Dogry sözlüňem bir dosty bolarmy?.. Ata-babalar heniz biz dogmankak bu zatlary aýdyp geçmänmi!» diýerdi-de öz nşine turar giderdi.
Durdy ýasawulyň ogullary Şiri bilen Pirem kakalaryna çekipdi. Emma olara özleriniň bir sözli häsiýeti bilen kakalaryna söýeg bolmak nesip etmedi. Olar uruş turan badyna fronta gidipdiler.
Düýn-öňňün bolsa ýaşulynyň uly ogly Şiriniň gahrymanlarça wepat bolandygy barada hat gelipdi Bu hat ýaşulynyň ýüreginiň bagyny üzere getiripdi. Emma ol çydady. Bu habary aýalyna-da aýtmady. Asyl bu haty almadyk ýaly bolup gezip ýördi.
Aýaly şu gün irden: «Ýasawul, Şirjandan hat-habar gelenokmy?» – diýip gaýta-gaýta sorapdy. Ýaşulynyň kiçi ogly Piriniň dereksiz ýitendigi barada baryp, kyrk biriň aýagynda hat gelipdi. Şondan bäri olaryň bar umydy Şirä direlipdi.
Ýaşuly aljyrajak ýaly etse-de, özüni dürsedi.
– Haý, senem-ä! Hat beýleki gelse maňa gelmel-ä. Ony saňa bermän nirä äkideýin. – Ýaşuly soň eglenmän daş çykypdy.
Häzirem ol oglunyň, aýalynyň aladasyny edýärdi.
«Eý, hudaý, urşam gursun, beýlekisem. Goşa çynaryň saýasynda saýalajakdym. Agtyga guwanjakdym, baryny hazan urdy».
Ýaşuly gözüniň çygyny ýumrugy bilen süpürdi. Ol kimdir biriniň aýak sesini eşidip, edip oturan pikirini, ejizlänini kimdir biri gören ýaly utandy. Özüni ýagşy tijedi.
Ýaby Ilamany görüp gulaklaryny keýerjekletdi. Soň howply bir zadyň ýokdugyna göz ýetirensoň, gütürdedip otlamaga başlady. Ilamanam haýata çykyp aýaklaryny sallap oturdy. Onuň oturan ýerinden mekdebiň agzy, onuň tutuş töweregi oňat görünýärdi.
Aý dogdy. Indi ýasawul aýyl-saýyl görünýärdi. Ol gamçysy bilen ýeri ýuwaşja tapbyldadyp özüni güýme- ýärdi. Bütin ömrüni ýabynyň üstünde geçiren adama häzir boş oturmagyň kyn düşýändigine Ilaman düşündi. Onuň ýasawulyň ýanyna baryp: «Sen gaýdyber, ýadansyň, men ýeriňe oturaryn» diýesi gelýärdi. Emma bu ýaşulynyň kellesine gör nämeler geler.
Ýaby aýyň ýagtysyna otuň has gür ýerini gözläp, Ilamana tarap ýorgalady.
– Häk, buýurman geçen, dur-r. – Ýasawul ýeňillik bilen ýaba tarap ýöneldi. Onuň irişmesini şaňňyrdadyp, has aňyrrakda, howlynyň burçunda örkledi. Ýene-de ýerine baryp oturdy.
Ilamany uky bürýärdi. Günuzynky halys surnukdyryjy ýadawlyk, aýyň rahatlyk beriji ýalkymy, günbatardan öwüsýän salkynjak ýel, topragyň üstünden gelýän goýras ys onuň süňňüni lagşadyp, meýmiredýärdi.
Ilaman aýa garady. Ol haýran galmakdan ýaňa dolup galdy. Ol aý däldi-de iki sany balkyldap duran göreçdi. Özem şol tanyş, şol mähriban göreçlerdi. Ol bu owadan, kirpikmen göreçleriň öňünde eredi. Meýmiräp, arzuw kölüne batdy.
«Uruş gutarar. Dädejanym geler. Toý ederis. Onsoň... Onsoňmy? Onuň bilen bileje işe giderin, oňa kömek bererin. Hiç haçan ýaňyndan aýrylmaryn. Onsoň... Onsoň, onsoň, puronta giden oglanlar geler. Hudaýberdi, Bezirgen mugallym... hemmesi geler. Bize beýle kän agramam düşmez. Ähli aýallara, gyzlara, siz arkaýyn öýli-öýüňizde oturyň. Indi özümiz bir zat ederis diýeris. Onsoň, onsoň olar razy bolarlar. Ogultäjem has owadan, has mähriban ýylgyrar. Onuň gözleri häzirkisindenem owadan bolar. Onsoň. Onsoň me- nem ullakan ýigit bolaryn, gulluga giderin. Suratymy aldyryp, hat ýazaryn. Obanyň ähli adamlaryna, özem günde-günaşa ýazaryn. Olar meniň hatlarymy okap, suratymy görüp baý begenerler-ä. Ylaýta-da, Üzümgül mugallym dagy «Tüweleme, Ilaman jan gül ýaly ýigit bolupdyr. Ömri uzak bolawersin...» diýer. Şonda dädem baý begener-ä. Özüne ýazan hatymy usullyk bilen açar. «Salam, däde jan!.. Öz ogluň Ilaman!» Ol hatymy hemmelere okap berer. Şonda Ogultäjem ýere garap, mylaýymlyk bilen ýylgyrar... Azajyk gynanar. Sebäbi dädeme aýdyp, meniň hatymy alyp okap bilmez. Utanar. Gynanma, Ogultäç, men ilki bilen saňa hat ýazaryn. Ilki bilen saňa suratymy ibererin. Şonda sen baý begenersiň-ä... Onsoň». Ilaman özüni gyssaýardy. Onuň durmuş barada bolsady ekesi, onuň düýbüne ýetýänçä arzuw edesi gelýärdi. Onuň şu güzaply, gussaly günlerden sähel wagtam bolsa daşlaşasy gelýärdi. Şeý- le oýlar onuň yhlasyny göterdi. Süňňündäki ýadawlygy el bilen aýran ýaly etdi.
Emma ýakynjakdan gelýän aýak sesi onuň umytlaryny, hyýallaryny bilinden şarpa üzen ýaly boldy. Oraz şyh gaty-gaty ýöräp olaryň öýüne tarap gelýärdi. Ilaman haýatdan düşüp, gyra çekildi.
Horazlar ýarym gijäniň bolandygyny gyryk ses bilen habar berýärdiler. Aý indi öňki ýaly ýalkym saçanokdy. Gögüň ýüzünden topbak-topbak bulutlar süýşüp, aýy özleriniň holtumyna dykýardylar. Birdenem aý atylyp gomlukdan çykyp, beýleki bir gomuň goltugyna düşýärdi.
Oglan Durdy ýasawulyň oturan ýerine seretdi. Ol diwara çekilen gara surat ýaly bolup otyrdy. Onuň ýabysy indi otlanokdy.
Oraz şyh işikden girmedi-de, haýatyň burçuragyndan ätläp Ilamanlaryň howlusyna girdi. Şonuň üçinem ony Durdy ýasawul görmedi. Ilamanyň bolsa ýüregi gürsüldäp urýardy. Ol gaty gorkdy.
Şyhyň çäkmeniniň synyndan çykaran kepjesi onuň gözüne jadyly gylyç ýaly bolup göründi. Şonuň üçin-de ýerinde doňup galdy. Ol diňe Oraz şyhyň öýe sümlenini görüp galdy. Ol perwaýsyzlyk bilen:
– Heý, sen geldiňmi? – diýip sorady. Ilaman «Men bärde, dur!» diýip gygyrjak boldy. Emma agzy gymyldasa-da bokurdagyndan ses çykmady. Soň bolsa ýetişmedi. Durdy aga öýe boýnuny uzatdy. Oňa çenlem nämedir bir zat şarpyldap gitdi. Ýaşuly birnäçe ädim yzyna ýöräp: «Wah, wah...» diýip güpürdäp ýykyldy.
Ilaman duýdansyz ýerinden turup, oňa bakan ylgamak isledi. Emma aňyrdan kepjesini ýaldyradyp gazap bilen çykan Oraz şyhy görüp yzyna nädip gaýdanyny, nädip haýatdan geçip, araba ýola düşenini duýman galdy.
Häzir onuň bar pikiri bu wakany başlyga ýetirmekdi. Ol yzyna-da garaman güýjüniň baryndan ylgaýardy. Onuň galpyldaýan süňňi hiç zat syzanokdy. Gorkudan, howsaladan ýaňa uçaýjak-uçaýjak bolýardy. Ol şonda-da häzir özüni duýanokdy. Ysgyn-mydar galmadyk göwresine gurbat berýän zat «Etmeli, başlyga aýtmaly!» diýen ýeke-täk pikirdi.
«Ynkylaba» giren ýerinde oňa kimdir biri zarply gygyrdy.
– Kimsiň, hany dur! Öňem gorkudan zähresi ýarylara gelen oglan çöp-çörüň içine bakan tutdurdy. Nätanyş onuň yzyndan galarly däldi. Ol: «Dur diýýän!» diýip, iki bökende Ilamanyň yzyndan ýetdi. Oglan uly ili bilen möňňürdi:
– Goýber, goýber, men başlygyň ýanyna gitmeli, goýber – Nätanyş ony götergiläp diýen ýaly ýola çykardy. Ýoluň üstünde dört-bäş atly durdy. Şolaryň biri başlykdy.
Ilaman ähli güýjüni jemläp başlyga tarap okduryldy. Ol samraýardy.
– Anna aga jan, Oraz şyh, ýasawul, öldürdi, ýetiň, ýetiň ýasawul aga, Oraz şyh...
...Soň ol atyň aýagynyň aşagyna togarlandy...

* * *
Oraz şyhyňkydan gaýdansoň Akganyň başyna ahyrzaman gopan ýaly boldy. Ol özüniň alaçsyzlygyny aňdy. Oraz şyhyň gamasyny adamyň böwründen sokmaga onuň gaýraty çatjak däldi. Ol-a Durdy ýasawul eken, eşegiň palanyna-da tyg dürtmäge häzir onuň gaýraty ýokdy.
Akga üçin diňe iki ýol bardy. Birisi Oraz şyhyň saýlap beren ýoludy. Akga bu ugur bilen gitse, ykbaly ony oňat täleýe elter öýdüpdi. Bagty çüwüp dagdan aňry geçse täze ýurt oňa yrsgal, döwlet getirer öýdýärdi. Ýöne ol geljekki bagtyny şu gije satyn alyp biljegini, bilmejegini bilmedi. Munuň üçin ol Durdy ýasawuly öldürmelidi.
Ikinji ýol barada ol oýlanmagam islänokdy. Ol ýol Akga üçin dowzah ýoludy. Ol Oraz şyhdan galsa, nähili güne düşjegini gowy bilýärdi. Iň bärkisi, Enäniň başyna salan günem ondan hasap soramak üçin ýeterlikdi.
Akga Oraz şyhyň gonjuna gor guýluşyndan, gazetleriň habaryndan, frontdan iki ýeke gelýänleriň berýän gürrüňlerinden çen tutanynda bir zady bilýärdi.
Uruş, dawa indi uzaga gitmeli däldi. Onsoň goh, galmagal ýatsa, gidenlerem dolanar. Onsoň...
Ol ysgynsyz elleri bilen ýüzüni sürteleşdirdi.
Ýöne bütin süňňüne gorky kepegini sepeläp duran myrtar pikirleri kowup bilmedi. Kimdir biri onuň gula- gyna mydyrdap durdy.
...Onsoň Goçaklam-a dolanar. Enäniň ne güne düşenini bütin il bilýär, Hany, onsoň ber jogabyny...
Akga özüni lampa ýere goýberdi. Onuň ýüregi ornundan gopup, ýere sallanan ýaly boldy. Misli, Goçakly öňünde, eli aýpaltaly direnip, hasap soraýan ýaly boldy. Ol titredi, süýrenip oňa bakan ýöneldi:
– Men däl gardaş, üç ýüz altmyş är-pir kessin, haýsy öwlüýäden ant iç diýseň içeýin, heleýiň özi günüme goýmady. Olar bir döwüm tötek üçin meni seniň öňüňde biabraý etdi. Heý, ýogsa men saňa ýamanlyk etjekmi? Heý, men seniň namysyňy ýere çaljakmy? ýok...
Onuň garşysyndaky oňa ynanmady. Aýpalta ýyldyrym ýaly bolup lowurdap aşak indi. Ol özüniň aýylganç sesini eşitdi.
Akganyň kellesi ýere gütledi. Ol özüne gelen ýaly bolup, hasyrdap ýerinden turdy. Soňam göge tarap ýöreýän ýaly bolup entirekläp ugrady.
Onuň ähli pikiri garyşypdy. Nirä barýanyny, nirä ýöreýändigini hakydasyna getirip bilenokdy. Onuň ýüzüne tut çybyklary şarpyldap degýärdi. Emma onuň awusy ýürege, beýnä ýetmeýärdi,
It üýrdi. Soňra derzewe jygyldady.
– Akga, senmiň, geleweri – Anna başlygyň aýaly onuň bolup gelşini halamasa-da mürehet etdi.
– Ann... başlyk gerek... – Akga garaňky tarapda duran çuňňur boşluga sowal berdi. Ol özüni şol uçudyň, boşlugyň gyrasynda duran ýaly duýdy.
– Onuň-a şol aşak gidişi, henizem gelenok...
Ol özüne ýüzlenip diýilýän sözleriň manysyny oňly seljermedi. Sebäbi sähel haýal-ýagallyk etse uçutdan gaýtjakdy. Şonuň üçinem ähli güýjüni tijäp, yzyna bakan omzady. Boşluk bolsa onuň yzy bilen barýardy. Ol ýykylyp-sürşüp barşyna tenine bir sowuk zadyň degenini bildi. Bu suwdy. Ol kellesini suwa basdy. Ýene, ýene, ýene... Jany aram tapan ýaly boldy.
Töwerek-daş göze dürtme garaňkydy. ýyldyzlar patrak ýaly bolup asmana seçelenip ýatyrdy. Ýyldyzlaryň çerrelip duran gözleri oňa gorky bilen seredýän ýalydy.
Ol ýöräp başlady. Onuň çokaýynyň içi suwdan dolup, aýaklary şalpyldap durdy. Ol her ädim uranda aýagynyň aşagy wyçjyldap gidýärdi. Emma bu zatlar ony gyzyklandyrmaýardy.
Aý dogdy. Onuň ýalkymy tutuş töwerege ýaýylyp gitdi. Akganyň göwnüne bu aý däl-de, Goçaklynyň aýpaltasy bolup göründi. Ol titräp aşak oturdy. Häzir süňňüni saklamak, özüne gelmek barada pikir onuň kellesine-de gelenokdy. Onuň bar arzuwy Oraz şyhyň ýanyna ýetmekdi. Oňa ýalbarmalydy, gapysynda guly bolup gezmelidi, emma bu ýerde galmaly däldi. Eneli meselesiniň üstüne, onuň ogurlan iki halta bugdaýy hem üste bolup göründi.
«Ol pedernäledem gaýdyp geler. Oňa-da... ýok, Oraz şyhyň gidip gapysynda gullar bolmaly...»
Akganyň maňlaýy işige şarkyldap degdi.
– Kimsiň-u-u, kimsiň?!
Akga näme diýjegini, asyl nirelerde gezip ýörenini aňşyrmady. Ses bolsa oňa Goçaklynyň gazaply sesi bolup eşidildi. Onuň barja ysgynam aýagynyň aşagyna döküldi.
Ol gapynyň jalkyldap açylanynam, maňlaýyny çilik ýaly çişireninem duýmady. Onuň bar pikiri içerdedi. Ähli hyýaly Enäniň aýagyna ýykylyp, ondan towakga etmekdi.
Içerden Meretgülüň eýmenç sesi eşidildi.
– Heý-wiý, sadagasy boldugym, şehit jan-eý, al- la jan-eý, hudaý-eý, özüň gorawer-eý!
Akga onuň gykylygyna üns bermedi. Ýazylyp ýatan ýorgan-düşegiň üstüne patanaklap geçdi.
– En-nä, En-nä, hany Ene!?
Ejesiniň eýmenç gykylygy, erkek adamyň boguk sesi ýaňy ymyzganan gelniň zähresini ýarara getirdi. Ol atylyp burça düşdi. Zähresi ýarylan ýaly bolup samyrdady.
– Waý, eje. Näme boldy?
Akga oňa bakan dyzady. Soňra zygyrdap duran injiklerinden ýapyşdy.
– Ene jan, bagtymyz ýatdy. Oraz şýh aýdýa. Howwa, gelýärler. Bagtymyz ýatdy...
Diňe peltesi ýanyp duran çyranyň ölügsi yşygyna Akganyň keşbi göründi. Onuň mysalasy, şalpy-şaraň bolup duran egin-eşigi, tot-tozandan kesmek tutan ýüzi adama meňzäbem baranokdy. Enä welin ol arwah-jyn bolup göründi. Onuň titremesi has artyp, samramasy güýçlendi.
Akganyň hyýaly başgady. Diňe ýalbarmalydy. «Kime, näme üçin?» Ol häzir ony pikirem edenokdy. Şonuň üçin ol has dikeldi.
– Saňa diýýän, gelýäler, gelýäler. Düşünýäňmi? Men aýtdym. Ýalbarýaryn diýdim saňa, gel...
Enäniň böwri erbet sanjady. Ol burlup burça bakdy.
Akga onuň üstüne möwç alyp gygyrýardy. Emma Ene bir zadam eşidenokdy.
Gapy jygyldap gitdi. Içeri Üzümgül girdi. Ol häzir işden gelýärdi. Ýoldan öýüne bakan geçip barýarka, Eneleriň öýünden çykýan gyrda-gykylygy eşidip, bäri sowlupdy. Onuň ýüzi ap-akdy. Ol gele-gelmäne burçda garawsyz gelni ýumruklap durana tarap topuldy.
Hiç hili garawa garaşmadyk Akgany dazyrdadyp iteläp-iteläp işikden çykardy.
– Hany, ýene-de bir eliňi gaýtar. Näme ol bereniňi iýmedimi?..
Akga ýene öýe kürsäp girdi. Onuň hyýaly ýene-de Enä topulmakdy, ýalbarmakdy. Üzümgül gap böwürde ýanlygyň syrdam pişegini alyp Akganyň depesinden inderdi.
– Çyk öýden. Çyk.
Pişegiň ýülügiňe ýetýän awusy, azmly aýal sesi ony özüne getirdi. Ol kellesini tutup, entirekläp çykyp gitdi.
Daşarda Meretgülüň gykylygy eşidildi.
– Heý-wiý, Üzüm gelin-eý, ol öýi ýananyň öýi ýanýa-leý, ýetişeweri-eý...
Üzümgül pişegini elinden goýman tasap daş çykdy. Kerwen aganyň öýüne tarap ylgady. Ol aňy giden ýaly bolup öýe kürsäp urdy. Göwnüne bolmasa, Ilaman jaýyň içinde ýanyp küle dönüp barýan ýalydy. Ol üsgürinjiräp, ýeri, keçeleriň üstüni, tamyň burçuny sermedi. Doňuz giren ýaly gazym-gazym bolup duran, bulaşyk içeride eline hiç zat ilmedi.
– Ilaman! Ilaman! – diýip, gyryk ses bilen gygyrdy. Agzyny açanda ajy tüsse içine gabsaldy. Ol gözi ýaşarýança üsgürdi. Soňra ýene-de sermeledi.
Üzümgül ýerde ýatan keçeleriň birini başyna büredi. Soňra ýüküň üstünde duran ýorgan-düşeklerden goltugyna alyp daş çykdy. Olary ojakdan aňyrraga taşlap öýe ylgajak boldy. Birdenem süýnüp ýatan gara gözi düşüp, ony Ilamandyr öýdüp topuldy. Durdy ýasawulyň gana bulaşyp ýatan göwresini tanandan soň bolsa, çirkin-çirkin gygyrmaga durdy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 59 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: