20:52
Uzak-uzak ýyllar - 6/ romanyñ dowamy
5.

Tomsuň ahyrlarynda iş hasam gyzyşdy. Kauçuk ýetişdi. Ol «front meýdany» tutup, agaryp ýatyrdy. Aýallar, çagalar, ýowşan ýaly, ýöne has agyrak, düýp-düýp ösümligi oraklap, kätmenläp düýbi bilen köwläp alyp, desse-desse edip basyp goýupdylar. Indi ony raýon merkezine daşamak galypdy. Bu meseläni çözäýmek aňsat däldi. Arabalar aty, öküzi bilen fronta diýlip ugradylypdy. Arkaň bilen äkiderdenem raýon merkezi daşdy. Äkideýin diýseňem adam güýji ýokdy. Şonuň üçin-de bu gün «front erige» Anna aga has ir gelipdi. Ol näme etmelidigini kolhozçylar bilen maslahatlaşmakçydy.
«Front erigiň» aşagy günorta boldugy toý mähellesini ýadyňa salýardy. Ilaman şu erigiň töweregindeň owadan meýdan hiç ýerde ýokdur diýip oýlanýardy. Günortanyň jöwzasy kauçuk ösümliginden ap-ak bolup ýatan meýdana ýaşylymtyl, gyzylymtyl reňk çaýýardy.
«Front erigiň» günorta gapdaly bolsa gözýetime çenli oraga gelen bugdaýly meýdandy.
Arpanyň orulmagy, bugdaýyň ýetişmegi bilen adamlaryň şähti açylypdy. Indi işgärler üçin her günde üç tamdyr çörek bişirilýärdi. Her kime ýarty çörek berilýärdi. Düýn bolsa her kime ýarty bedre arpa uny paýlanypdy.
Anna aganyň aýtmagyna görä, ýagdaý mundan beýläk erbet bolmaly däldi. Öňde duran esasy wezipe bolsa ýetişdirilen hasyly çaltrak ýygnap döwlete tabşyrmakdy. Şonuň üçin-de, başlyk hasyl ýygnalýança, bolmasa gije-de birneme işlemegi haýyş etjek bolýardy. Gündiz hasyl ýygnalsa, agşamam raýona ýük çekilse iş bitjekdi. Başlyk adamlara häzir agram salmaly däldigine düşünýärdi. Ýöne nätjek, döwür agyrdy. Gün kyndy. Gündiz sütüni süýnen adamlaryň agşam ýük çekmäge eliniň degjegem heniz belli däldi. Ýöne nätmeli, ugruny tapmaly-da, başyny bir başlap bolsa, agşam edilen iş ertir görseň biri edip beren ýaly boljakdy. Adamlar şony bir duýsa, galany bitjek gitjekdi. Başlyk munuň üçin häzir köpçülige sala salmagy niýetine düwüpdi.
Günorta arakesmesinde arpa unundan bişirilen çörek bilen gowurdakly bugdaý ýarmasy adamlaryň gözüne degdi. Adamlaryň ýüregindäki alkyşy Tagy gelin başlyga aýtdy.
– Anna aga, gelinler saňa ullakan taňyrýalkasyn aýdýa. Bizi sylasa, seni hudaý sylasyn diýýäler.
Anna aga-da olaryň göwnüni galkyndyraýjak söz aýtdy.
– Bile ýalkasyn gyzlar, bile ýalkasyn. Bu bir dänim, siziň öz zähmetiňiz, öz azabyňyz. Siziň dänim, ömrüňiz uzak bolsun.
Anna aga ýene-de köp-köp hoşamaý sözleri aýtjakdy. Emma saklandy. Öňde agyr mesele bardy. Şony çözmelidi. Ol häzir Durdy ýasawulyň gelerine garaşýardy. «Ýaşuly adam, näme-de bolsa ýagdaýy gowy bilýär-dä».
Emma onuň diýeni bolmady. Durdy ýasawul eglendi. Anna aga adamlar naharyny iýere mähetdel:
– Sapargül gelin – diýdi, Sapar brigadir öz ady tutulan badyna ýaşmagyny agzyna çekdi. Ýalajak bolup duran ýarmaly barmagyny saçaga süpürip ýerinden turdy.
– Sen dänim, ýeriňden turma, arkaýyn iý-iç çaý-nanyňy. Bolaňyzsoň dänim, bir maslahat boljak siz bilen.
Adamlar çaýa garaşyp durmadylar. Ileri-ileri süýşdüler.
Ilaman Hudaýberdiniň ýanynda oturdy. Hudaýberdi agzyna otuň guran baldajygyny salyp, dişini synçgaýardy. Ol derläpdi. Gözleri bolsa Anna aga bakanda lowurdap-lowurdap gidýärdi.
Ilaman başlygy synlady. Ol ýasy telpegini eline alyp, tahýaly takyr kellesini garşy-garşy sypalaýardy. Onuň solgun jüjürkesiniň gursak jübüsi kagyzdan pökgerip durdy, damarlak hor elleri bolsa titräp duran ýalydy.
Anna aga gürrüňi başga ugurdan başlady.
– Adamlar, bu ýyl, dänim, hasyl gowy. Nesip bolsa, ýykma-ýykylma gün görmäge dänim, ýetjek. Gamyşlynyň, Garaňkyçeşmäniň, onsoň dänim darawanyň gallasyny isrip etmän ýygnasak urymyz Semen baýyň urusyna dönjek. Emma dänim, başga bir mesele bar.
Adamlardan ses-üýn çykanokdy. Diňe «front erigiň» şahalary niredendir bir ýerden şemal alyp, şelpelenip, assaja şybyrdaşýardy. Ýaşuly böwrüni diňledi, ol misli uly märekäniň içinde öz-özi bilen gürleşip oturan ýaly hopukdy. Adamlaryň ýüzüne ýekän- ýekän garady. «Hana Kerweniň ogly otyr. Onuň ullakan kirpikmen gözleri Sona pahyryň gözlerine çalym edip dur. Bürgüt kellesi, agajat çekgeleri, seýregräk gaşy agynjak Kerwen-dä. Heniz neresse çaga-la, ol. Şol oglana işden surnugyp çykansoň nädip işle diýjek. Ine, Ogultäç, ol bir bili bekemedik naçar ahyry». Ol Ogultäjiň dört örülen tokmak ýaly saçyny, başyndaky güne agaran tahýasyny, epgege köýen ýaňaklaryny dözümsizlik bileň synlady. «Ýa goýbolsun edäýsemmikäm? Onda bu hasyly nätmeli, ýylboýy dökülen, azap edilen hasyly nätmeli, onda. Garaşmaga hany wagt, soňa goýsaň biri edip berjekmi? Ýene özüň etmeli ahyryn...»
Başlyk dikeldi. Ol gursak jübüsinden bir kagyz çykardy. Oňa ýiti-ýiti garady.
– Maňa yraýondan hat geldi, onda dänim ýetişeň hasyly ýygnaweriň-ýygnaweriň diýip aýdylýar. Diýmek dänim, siziň gaýratly kömegiňiz gerek. – Ol ýene-de oýa batdy. Adamlara gözüni aýlady. – Emma, dänim, size agram salmaly däl, ýöne başga bir dänim alaç ýok. Hasyl ýetişdi. Köwçügi raýona dänim äkitmeli. Emma, ne ulag bar, ne güýç bar. Indi dänim, näme etsek gowsy boljak.
Adamlardan ses çykmady. Olar başlygyň beýdip oturmasynyň sebäbine, onuň bu adamlardan näme isleýändigine düşünmeýärdiler.
– Anna başlyk, bu wagt maslahatyň wagty däldir. Purontda oglanymyz gan döküp ýör, biz bu ýerde nätsek bize ýeňil bolarka diýip bilmeris. Sen bize näme etmelidigini aýt – adamlar gapdala ýaltyldaşdylar. Ol Durdy ýasawuldy. Ol öňem bir berdaşly adam däldi. Häzir welin ýumruk ýaljak bolup otyrdy. Ol başlygyň sözüni diňläpdi. Onuň näme diýjek bolýandygyny-da çigitläpdi. Ýöne onuň sözüni aýdaryna garaşypdy. Başlyga häzir goldaw gerekdi.
– Hä, ýasawul, sen geldiňmi? Biz-ä bilmändirisem – Anna aga sözüni dowam etdirdi. – Durdym, meniň diýjek bolýanym, hasyly yraýona äkitmek üçin güýç gerek. Gündiz bulary ýygnamaly, ony çekmegem gijä goýsak nähili bolar – diýip, däninim geňeş salýan.
– Sen bize geňeş salma, näme etmelidigini aýt, başlyk.
Anna aga geregem şoldy.
– Geliň, onda, diýmek dänim, agşam köwçükden birneme yraýona aşyralyň.
Oturanlaryň biri towlanjyrap gürledi.
– A gyz, öýde mal-gara-da bar, neneň bolarka? Hany oňa araba?
– Adamlar, bir dänim bäş-alty gün hiç zat bolmaz. Ulag ýok. Adama bir goltuk eltsegem, peýdadyr. Tapanjamyzy alarys. Ine dänim, meniň ýabymam goşuň.
Gowurdy başlandy.
– Anna aga, Anna aga – Hudaýberdi gepi diňlenmänsoň ýerinden turdy. – Anna aga, sen ýabyňy ber, meni kamandir belle. Men seniň ähli otuňy yraýona çekeýin. Diýen adam-paýymam ber.
Anna aga oňa ynam etmedi.
– Bu dänim oglan işi däldir, Hudaýberdijan. Sen dänim...
– Ýok, meni kamandir belle. Men obanyň ähli eşeklerini ýygnaryn, adamam taparyn. – Bu gep Durdy ýasawulyň göwnüne makul boldy.
– Anna, sen «hä» diý oglana, ol dogumly oglandyr.
Başlyk oňa ýene-de bir gezek göz gezdirdi.
– Bar, sen diýmek däninim, kemendir.
Aýallar Anna aganyň sözüne gülüşdiler. Hudaýberdi bolsa häzir diriň-diriň bökýärdi. «Men kamandir, men kamandir, ur-ra!»
Durdy ýasawul hem mys-mys güldi.
Başlyk bu teklibi işde synap görmegi makul bildi. Ol Durdy ýasawuly hem bu işe goşmagy göz öňünde tutýardy. Ol: «Durdam, agşam salkynda kömek ber diýsem «ýok» diýip durmaz-la – diýýärdi. Şeýdip bu mesele çözüldi hasap etdi.
Diňe şondan soň adamlar gazetiň täze nomerinde çykan habary diňlemäge oturdylar.

6.
Iş diýseň gyzgalaňly gidýärdi. Kauçuk petdeleriniň sähelçe bölegi galypdy. Adamlar garşydaky meýdanda orak orýardylar. Ilamanam indi işe ýagşy öwrenişipdi. Ol tüwesini gölesi bilen dagdaky sürä goşupdy. Işden başga azar ýetirýän zat ýokdy. Onuň keýpini göterýän zat raýona kauçuk çekmekdi.
Hudaýberdi öz diýenini gögertdi. Oba-oba aýlanyp otuz dokuz eşek ýygnady. Agşam şol eşeklere kauçuk desselerini ýükläp raýon merkezindäki «Zagatkontor» edarasynyň howlusyna basýardylar. Hudaýberdi, Durdy ýasawul, Ogultäç hem-de Ilaman! Bular diýseň göwünjeň işleýärdiler.
Ilaman muňa diýseň begenýärdi. Kakasy dagy eşidäýse gör näme diýer, berekella, Ilaman. Ol ýadamany, ýaltanmany bilmeýärdi. Indi günorta naharynda etlije çorba-da berýärdiler. Özem bugdaý unundan bişen çörek bilen. Işläp-işläp gelip ýumşajyk çöregi ýagly çorba bilen iýende Ilamanyň gözi ýerine gelýärdi. Onuň işden ýaňa hiç zada eli degmeýärdi. Sülgün gelnejelerine baraýyn diýip gaty kän gün bäri niýet edip ýör. Emma gijäniň bir wagty öýe gelende elinde, aýagynda ysgyn-mydar galmaýardy. Öli ýaly ýatyşyna işe zordan ýetişýärdi. Ertesi ýene-de şol iş, şol alada. Giç öýläne çenli bugdaý orup, soňam raýona kauçuk daşamalydy...

* * *
Bu gün hem çalt geçdi. Hudaýberdi eşekleri kauçukly meýdana sürüp getirdi. Durdy aga bilen Ilaman aýratyn ýüpe kauçuk çykaýardylar. Hudaýberdi bilen Ogultäç bolsa başga ýerde çykaýardylar.
Ilamanyň Hudaýberdä gözi gidýärdi. Ol ot ýalydy. Ogultäç ýüpleri goşa-goşadan ýazyp ýetişdigi, Hudaýberdi onuň üstüne kauçuk petdelerini daşap ýetişýärdi. Onuň aýagy ýere degenokdy. Ol «komandirdi». Bir kolhozyň peri ýaly gyzy hem onuň bilen bile işleýärdi.
– Bol, köşegim bol, olardan galmaly – Durdy ýasawul Ilamany gyssady.
Ilamanyň bolsa göwni hyýaldan, başy pikirden doludy. Ol diýseň haýal işleýärdi. Durdy aga oňa düşünýärdi. Heniz on iki süňňi bekemedik oglanjyk är işini bitirip ýörmänmi näme? Ýaşulynyň özem işi keýp edip işlänokdy. Şonuň üçin Ilamana-da gaty- -gaýrym söz aýdasy gelenokdy.
Ýükler taýýar boldy. Hemişe bolşy ýaly, ýükleri Hudaýberdi eşegiň üstüne atýardy. Emma oňa agyr düşýäni bellidi. Bu gün Ilaman bilen Durdy aga bileleşip ýuwaşrak eşekleriň üstüne ýük atdy. Hudaýberdiniň eşekleriniň başyny Ogultäç tutýardy.
– Duruň, howlukmaň, özüm bararyn – Hudaýberdi ýüki atyp, ýüpüni eşegiň garnynyň aşagyndan çekip durşuna gygyrýardy. Durdy aga her ýük atanyndan soň bilini tutup ep-esli durýardy.
Eşekleriň arasynda boýy kiçijik, ýuwaşja eşek bardy. Ilaman şony kiçiräk topbak edilip çykalan ýüküň gapdalyna söýedi. Soň ýüküň goşa ýüpüniň bagyndan pugta tutup özüne dartdy. Ýük süýşdi. Ilaman ýuki birden öňe garşy ýokary göterip, eşegiň üstüne atdy.
Onuň injikleri sandyrap, bili şatylap gitdi. Kiriş ýaly dartylan damarlary aýagyny gajatdy. Ýük ýerine düşüpdi. Ilaman begenjine agyrysyny duýmady.
– Biliňi agyrdarsyň, aý, oglan – Ogultäjiň mylaýym sesi oglanyň ýüregine ornaşyp, gulaklaryny şaňlatdy.
– Eý, paňkelle, seniň aklyň ýerindemi? Garaş diýildi saňa, ýa-da kamandiriň diýenini etmejek bolýarmyň? – Hudaýberdi aňyrdan ylgap gelşine topularly göründi. Ýöne beýtmedi.
– Men saňa ýagşylyk diýýän. Agyr ýük göterip biliňi döwjek bolýarmyň? Onsoňam kamandir günäkär, saňa.
Hudaýberdi gelip ýüki düzedişdirip, ýüpleri çekişdirdi. Ilaman onuň üstünden gelýän deriň ýiti ysyna çydaman gapdala sowuldy. Onuň bili jyzlap durdy.
Ýük çekmekde Ilaman üçin iň kyn zady ýüki eşeklere ýüklemekdi. Soňam eşekleri araba ýola çenli sürüp äkitmekdi. Onsoň tä raýon merkezine ýetilýänçä arkaýyn bolaýmalydy.
Eşekleri ýola salmakda Hudaýberdiniň öz plany bardy. Ol araba ýola çenli erkek eşekleri yzdan sürýärdi. Araba ýola düşenden soň, olary öňe geçirýärdi. Bolmasa urkaçy eşekler ýoldan çykyp, agyzlaryny çöpe urjak bolup durdular.
Araba ýol diýilýän ýer «Ynkylap» kolhozyndan raýon merkezine barýança araba gatnaýan uly ýokdy. Ol oba arasyndaky ýodajyklara garanyňda giňdi, tekizdi. Onuň ugrunda ot-çöpem bolmansoň, eşekler azar bermän ýöreýärdiler.
Otuz dokuz eşek we bir ýaby ýola düşdi. Hudaýberdi iň öňdäki daýaw ak eşegiň nogtasyndan tutup barşyna Ogultäje gygyrdy.
– Ogultäç, gel. Gel bäri.
Eşekler dogry ýola düşensoň Ogultäç şol ak eşege münýärdi. Hudaýberdi onuň uýanyndan tutup, yzdaky eşeklere göz-gulak bolup gidýärdi.
Ilaman öňler ortarakdan, hälki ýük ýüklän boýy keltejik eşeginiň gapdalyndan ýöreýärdi. Bu gün onuň ýüregine ýakymly duýgular gelip, ony birhili götergiledi.
Aý dogup, päkize asmanda asylan äpet çyra ýaly bolup araba ýoly ýagtylandyryp durdy. Kolhoz obasynyň içi çolady. Hiç ýerde yşyk görünmeýärdi. Biri-birine ýapbaşyp duran pagsadan salnan jaýlar diýäýmeseň, bu ýeriň obadygam bildirmeýän ýaly bolup durdy. Diňe käwagt itleriň ýalta «hawwuldysy» eşidilip gidýärdi.
Şeýle imisalalyk, günbatardan öwüsýän salkyn şemal Ilamanyň süňňüni rahatlykdan doldurýardy. Oglan rahatlygyň beýle lezzetini köpden bäri duýmandy. Häzir onuň kim bilendir gürleşesi gelýärdi. Eşekler setir bolup günbatara garşy gidip barýardy. Öňde Hudaýberdi bilen Ogultäjiň ýuwaşja gürleşýän sesleri eşidilýärdi.
Ilaman eşeklere göz aýlady. Äpet gabaraly, ap-ak ýüküň bilinden geçýän ýüpleri synlaýardy. Hemme zat ýerbe-ýerdi. Ol Durdy aganyň deňine geldi. Ýaşuly bir eli bilen bilini tutup, biri bilenem ýabysynyň uýanyny çekip agyr-agyr ädimläp barýardy. Ol Ilamany görüp az-kem dikeldi.
– Galmagyn yza, eşeklere äň edewergin. Ýüküni agdaraýmasyn.
Ilamanyň ýaşuly bilen gürleşesi geldi. Ol ondan bir zatlar soraşdyrasy, ony gürledesi, başaryp bilse göwnüni awlasy gelýärdi.
– Durdy aga, uruş haçan gutararka?!
Ýaşuly asmana garady. Soň çalaja büdräp gitdi. Ol assaja hyklap, dyzyny tutdy.
– Aý, ogul, urşuň haçan gutarjagyny alla bilsin.
Ol soň sesini çykarmady. Ilamanyň oňa nähilidir bir gowy habar aýdasy gelýärdi.
– Üzümgül mugallym bar-a, Durdy aga, şol-a şu ýyl gyşa galman gutarsa gerek diýýä – Ilaman ýene-de bir topar zatlar aýtjakdy. Ýöne mundan artyk ýalan sözlemäni uslyp bilmedi. Bu ýalan hem däldi. Onuň öz hasaby bilen uruş gyşa çenli gutaraýmaly ýalydy.
– Şeýle bolsun-da, dostuň ogly. Diliň-diýşiň bitindir, diýeniňi alla basym kabul etsin-dä – Ýaşuly ýadaw gürleýärdi.
– Durdy aga, şu Oraz şyh bar-a, şol bar-a, biziň öýmüziň töweregine her günde aýlanyp gidýär. Özem bir hili adam-laý. Il bilen işi ýok. – Ilaman öz agyrýan ýerini tutdy.
Ol Oraz şyh barada köp zatlar bilmek isleýärdi. Ýöne kimden sorajak. Durdy ýasawul şol adam barada bir zatlar bilýän bolmalydy. Ilaman gürrüňi başlamaga çekinip ýördi. Bu gün özi duýman bu sowaly orta atdy.
– Durdy aga ýadaw göwresine agram salyp, ýalt edip Ilamana garady. Soň näme diýjegini bilmän sägindi. Ol ýuwaşja büdreýärdi. «Çüw, çüw» edip ýabysyny gyssaýardy. Ara dymyşlyk düşdi. Ahyry ýaşuly dillendi.
– Oraz şyh nirden ýadyňa düşüp ýör seniň.
– Ol obada gezip ýör-ä.
Durdy ýasawul «hym» diýip seslendi-de, ýene-de ýabysyny gyssady.
– Oraz şyh köne adamdyr, ogul. Biz olaryň kötegini kän iýendiris. Seniň ataň agasyna Nury diýerler. Olam olaň hyzmatyny kän edendir.
– Olar onda nämüçin Çynarlyda ýaşanoklar. Ilamanyň sowaly ýaşulyny alada goýdy. Ol häzir hakykaty aýtmak islemeýärdi.
– Sen Illi jan, Oraz şyh bilen, beýleki bilen işiň bolmasyn. Ol adamlardan näçe daş bolsaň, şonça şat bol. Aç başyň, dynç gulagyň bilen gezde ýör.
– Ýok, men ony başga zat üçin soramok. Dädem aýdypdyr, Oraz şyhy Durdy ýasawul gowy bilýändir, şondan sora diýipdir, hemmesini aýdar diýipdir, arada maňa hat geld-ä ondan.
Ýaşuly Ilamanyň ýüzüne ýene-de bir gezek garady.
– Aý, bolmady, ataňy ara saldyň, dostuň ogly.
Durdy aganyň göz öňüne Çynarlynyň geçmişi geldi. Giden ýaýla gara öýdi. Seýit şyhyň kowum-garyndaşlarynyň öýi ýaýlany tutup ýatyr...
– Aý, köşek, ol günleriň azabyny sanasaň sogaby ýokdur. Onda-da Seýit şyhyň görkezen güzaplaryny. Oňa Seýit baý diýerdiler. Onuň kakasyna Italmaz diýerdiler. Onuň ýeke ogly şu Oraz şyh bolmaly. Ganojakdyr, ganojak. Bylaryň maly, dünýesi jahana sygmazdy. Ýöne balşebik geläýdi. Balşebik gelen ýylam bylar serhet boýunda ýaşadylar, menem äkitdiler. Baýyňky hemişe baý, garybyňky hemme ýerde şol gedaýlygy.
Şolaryň malyny bakyp, baý entändiris-ä. Onsoň bir gün näme bolsa şol bolsun diýdim-de, Nury neresse bilen gaýdyberdik, ene watana.
Durdy aga gürrüňiniň arasynda «çüw» diýip ýabysyny gyssaýardy.
– Onsoň, inim, yzymdan adam iberipdirler. Gelsin, hakyny alyp gitsin diýip. Beý, bi adamlarda-da ynsap bar-ow diýip, bir gitjegem boldum. Teý, oglum bilen aýalym goýbermedi. Aý, näme, ýerjagazymyz, maljagazymyz bar. Haljagazymyz gowy. Golhozam hak-heşdigini kem edenok. Onuň üstüne on-onbäş sanjak ýüň tüýliňem bolaýsa diýilýä-de, näme. Teý, goýberenoklar. «Gerek däl» diýýär aýalym. «Şol hak Seýit baýyň soň aşyna ýarasyn» diýip, aýalym şol waýkyryp ýatyr. Eý, onsoň men diýdim: «Şu heleý halkynyň diýeninem bir edip göreýin» diýdim. Nury neresse welim, hiç kime gulak asmady. Soňam neresse gaýdyp gelmedi. Ýigidiň gülüdi, köşek. Saryýag ýalydy. Seni görsem ýadyma düşüberýä...
Onsoň hökümedem bylary ýene-de bäri kowdy. Maly-garasy bilen oba eňdiler. Şo ýyl Seýit baý-a öldi. Birki ýyl ötensoň Orazynam gulak diýip, öýi-içersi bilen sürgün etdiler. Mal-mülkünem golhoz aldy. Ine bar bilenim meniň.
Asmandan aýa garşy bir ýyldyz süýnüp gitdi. Aý ýoluň üstünde çyra ýaly bolup ýagty saçýardy. Hudaýberdi bilen Ogultäjiň gürleşýän sesi eşidilýärdi.
Indi raýon merkezi golaýdy. Durdy aga bilini tutup gelşine «ähm», «ühm» edip ardynjyrady. Onuň hyýaly gürrüňi jemlemekdi. Ol az-kem säginen ýaly boldy:
– Sen, köşek, şolaryň gürrüňini etme. Olar bir ýöne adamlar däldi. Hudaý saklasyn. – Ýaşuly doga okap, elini ýüzüne ýetirdi. – Hana, şol tümmegi gör. Şolam bir naçaryň gubury. Ýanky öýünde ölmedik Oraz şol naçary gündiziň günortany dogram-dogram edip, şu ýerde kerçäp gidipdir, balşebik gelen ýyly. Kim ganyny alsyn. Hun diýip, bäş-on sany kel toklyny getiren boldular gyzyň atasyna. Wah olarmy. Olar adam däldir-le. Maşgala dagy däldi, görgüli Garasaç diýseň, Garasaçdy... Elbetde, Orazam dolanan bolsa günäsi geçilendir-dä. Özüm-ä sorap göremok.
– Durdy aga... – Ilaman ondan Oraz şyh bu ýere indi nädip, näme üçin gelendir – diýip sorajak boldy. Emma ýetişmedi. Öňden eşekleriň güpürdisi eşidildi. Ogultäjiň «waý» diýen sesi aýly agşamyň gulagyny şaňladyp gitdi.
Hudaýberdiniň hyklamasy eşidildi.
– Ilaman, Ilaman diýýän, ýet, çaltrak.
Ilaman ýükli eşekleriň gapdalyndan ok ýaly atylyp geçip, Hudaýberdiniň ýanyna ýetişdi.
Ogultäç araba ýolda burlup ýatyrdy. – Men elimi degrip bilemok. Galdyr, galdyrsana ýerinden, ony.
Hudaýberdi aglamjyrap, gaharly gürleýärdi.
– Galdyr. Dur, häzir – Ol gapdala gyşaran ýüküň ýüpüni açdy. Göz açyp ýumasy salymda eşegiň gaňňasyny düzedip, onuň golaňyny ýagşy çekip, ýüki üstüne atdy.
Ilaman Ogultäji ýerden galdyrdy. Soň onuň egninden goluny geçirip, söýget bilen saklady.
Ogultäjiň iki örüm saçy Ilamanyň eliniň üstünden geçipdi. Ilaman beýle zady ömründe görmändi. Gyzyň gorkudan ýaňa titir-titir edýän süňňi, tyrs-tyrs edýän ýüregi oglanyň bedenine geçip gidýärdi.
– Gel, münäý, indi beýle bolmaz – Hudaýberdi Ogultäje golaý geldi. Häzir ol Ogultäji eliniň aýa- synda göterip Kap dagyna äkitmäge-de taýýardy. Emma erkek oglanyň utanjaňlygy onuň elini-aýagyny bagla- ýardy.
– Aý, ýok, men-ä gorkýan – Ogultäjiň sesi ynjyly çykdy.
– Gorkmasana, indi beýle bolmaz, how!
Hudaýberdiniň azym gatyşykly, ahmyrly sesi Ogultäji razy etdi. Ol eşege golaý geldi. Hudaýberdi bir eli bilen eşegiň boýnundan, bir eli bilen onuň öň aýagyndan pugta tutup aşak egildi. Daýaw eşek butnap bilmedi.
– Bas arkama aýagyňy, bas, gorkma.
Ogultäç beýtmegi uslyp bilmedi.
– Bas arkama aýagyňy, bas diýýän.
Ilaman gyza söýget berdi. Ol Hudaýberdiniň arkasyna basyp eşegiň üstüne münüp jaýly oturdy.
Eşekleriň hatary bozulypdy. Durdy aga ýabysyny idip hol öňden barýardy.
Hudaýberdi eşegiň nogtasyny eline alyp sürüp başlady. Ilaman henizem özüni tutup bilenokdy.
– Näm bold-a, bu eşege – Ogultäç indi birazrak açylyşyp sorady.
– Aý, şagalmy, möjekmi, bir zat ýoly kesjek boldy. Eşegem şondan ürkdi. Ýükem gapdala gyşaraýdy.
Raýonyň itleri äwmezlik bilen «haflaşyp» eşeklere habar gatýardylar.

7.
«Ynkylap» kolhozynyň adamlary uly gaýrat bilen işleýärdiler. Darawadaky kauçuk, kelem ýygylyp, raýondaky baza tabşyrylypdy. Oba arasyndaky galla hem sabap barýardy. Indi adamlar daga çykmaga taýýarlanýardylar.
Anna başlyk adamlardan diýseň razydy. Araba derek «kyrk eşekliler» onuň alnyndan diredi. Başga bir ýerde şeýle edipdirler diýse, ol ynanmasa-da ynanmazdy. «Emma döwrüň dartgynlylygy çagalaram tijeýän eken. Nätjek, ýaş oglanlar dözer ýalam däl, ýöne döwürem näme, elpe-şelpeligiň döwri däl-dä».
Ýöne başlygy oda salan başga zat boldy. Ol ýary gije öýüne gelip, teläriň aşagyna, takyr ýere ýazylan keçäniň üstünde ýassyga gyşaryp hum çäýnegi boşatdy. Günuzynky ýadawlykdan soň jülgeden gelýän salkyn akym, gurbagalaryň jomartlyk bilen warryklaşmasy, dury asmanda rahatlyk bilen tigirlenip barýan gögümtil aý, gök çaýyň keýpi onuň süňňüni lagşadyp barýardy. Ýeriň giňinde tagta ýaly gaty görnen keçe-de häzir küpjekden ýumşak degýärdi. Häzir dünýäde ýanyňy ýere bermekden süýji zat ýok ýalydy.
Emma häzir ýatmanyň wagty däldi. Durdy ýasawulyň gelmeli wagty bireýýäm bolupdy. Emma ondan henizem derek ýokdy.
Başlyk ýasawula garaşsa-da garaşýardy, emma onuň getirjek habaryndan edýän hederi welin çeniň däldi. «Dagy ol nätsin, ol bir ýumuş oglany ahyry». Başlyk içini hümletdi. Öten agşam ýasawulyň ýüzüni alypdy. «Getirýäniň şumluk». Ýasawul gözlerini ýumman goýberdi. Onuň gözünden zarply atylan damjalaryň birki sanysy başlygyň aýagyna şapylap damdy. Anna aga düýn agşamky damjalar henizem duran ýaly aýagyny gaýta-gaýta sypalady,
Ýasawul gözlerini uly çit ýaglygy bilen syryp durşuna gazaply gürläpdi:
«Anna, bes et, men şu garry ýaby bilen köne horjunyny diläp alamok. Hana ýabyň, uýanyň, kime berseň şona ber. Men öň bagrymy köýdürip, salymy suwa aldyryp ýanyňa gelýän. Göwünlik bermeden-ä geçen, gaýta seniňki agyr degýä. Näçe günläp yraýona köwçük çekdik. Hezil etdim. Il bilen işlemek janyň ujy eken. Emma...»
Durdy ýasawul turjak bolanda ýene-de iki kagyzy keçäniň üstüne taşlapdy.
– Bular kime?
Ýasawul ädigini gors-gors etdirip barşyna:
– Özüň okaber – diýip, tutluga siňip gidipdi. Başlyk bölejik kagyzlary gözüne tutdy. «Hormatly Sülgün Myratly!..» Myratly, Myratly! Sen nähili ýigitdiň? «Hormatly Atabaý Orazmämmet!» Sygryň dili ýaly-da bolsa bu kagyzlar giden iki öýi çaýkajakdy. Gör näçe adamyň umydyny hazana berjekdi. Wah, şu hatlar gelmese gowy bolardy. Gelmese... Bir-ä ölýä, yzynda müň adamyňam umyt-arzuwyna gylyç salýa... Wah, hökümediň ýerine bolsam, şu haty iberjek däl. Bir adam ölýä, gör näçe adamam... Şu haty äkidip bereniňden özüň urşa gidip, hemmesine derek öleniň müň paý gowy ahyry... Haty ibermeli däl. Biz adamlary toýa iberemizok ahyry?!
Anna agany başga bir gynandyrýan zadam bardy: «Gelýän çekip çydardan agyr habarlar adamlaryň dänim, elini işden sowudýar. Her kim jebirli bendäniň gözüne görnüp gaýtjak bolýar. Häzir her minut bolsa dänim, gymmatly. Bir çaý içim salymda dünýäň işini bitirip bolýar. Ondan başga-da aş-suw diýip, birneme urbalygam bermeli». Başlyk türkmençilik etmegi gowy görse-de, bugdaýyň her gysymyny endamynyň etini kesip berenine barabar görýärdi. «Wah, hökümet şu haty ibermeli däl. Agyny-gynanjy ýeriň giňine goýmaly, ýeriň giňine... Ine, nesip bolsa giňişlige çykylar ahyry. Şonda dänim, düz bir abraýly komissiýany, aýla maşgalasyna, et näme kömegiň bolsa... Wah, häzir ýeri däl».
Durdy ýasawul baradaky ynjy başlygyň aladalarynyň, oýlarynyň içinden çöregiň içine düşen saçyň tary ýaly bolup bildirip, ýitip, bildirip, ýitip durdy. Ol ahyry edip oturan pikirini jemläp bilmäň şol tary yzarlap başlady.
«Be, Durdy, göwnüne alaýdymyka? Aý, şu Durdyň bar bol. Oglan öýkesi tükenjek däl-ow, munuň dänim. Aý, ondan dänim, gatam görmeli däl, menem. Iki sany çynar boýly oglunyň puronda gidişi, gidişi. Menem, gaýtyp dänim göwünlik bermeden geçen. Ýagdaýyny soramadan geçen. Ýa, Gurbangulyny yzyndan iberäýsemmikäm...» Anna aga ýadawlykdan zerzaw bolan aýaklaryny, dyzlaryny owkalap ýerinden turdy. Ýöne sekiz ýaşly ogluny oýarmaga dözmedi. Häzir asmandan sary aý tigirlenip barýardy. Horazlar ynamsyzlyk bilen gyryk gygyryşýardy. Tutlukdan öwüsýän şemal iniňi tikenekledýärdi.
Başlyk tutlugyň gyrasyna bakan ugrady. Göwnüne bolmasa ýasawul şol ýerde gelip bilmän, ýaýdanyp duran ýalydy.
Anna aga Durdyny gaty gowy görýärdi. Ol onuň bilen kolhozdanam kän öň Seýit baýyň talabany bolupdy. Soň Annany Tejene ors okuwyna äkitdiler. Ol gaýdyp gelenden soň patyşalyk ýerde ýer ölçeýji boldy. Durdyny şonda Seýit baýyň çopançylygyndan çykaryp, patyşalyk ýeriň hojaýynynyň ýasawullygygyna aldyrdy. «Ýasawul» ady oňa şondan galypdy. On sekizinji ýyldan soň, olaryň ikisem Allaýar hanyň ýygynçagyna goşulypdy. Soň Annany oba şura başlygy saýlanlarynda-da, «Ynkylaba» başlyk saýlanlarynda-da Durdyny ýanyndan aýyrmandy. «Durdy ýaly ýigit barmy näme...»
Başlyk balhy tuduň ýapraklaryny şygyrdadyp, ýüzüne tut çybyklarynyň şapylap degerinden ätiýaç edip, ýüzüni goraglap barşyna geçen günleri ýatlaýardy. Ol tutlugyň çetine çykmaga ýetişmedi. Yzdan, öýi tarapdan biri onuň adyny tutup birki gaýta çagyran ýaly boldy. Bu ýasawuldy.
Durdy ýasawulyň ýüzi ýaraly ýolbarsyňka çalym edýärdi. Sähel diýmesizini diýseň, üstüňe zyňjak çaky bardy. Başlyk keçäniň üstündäki ýassyklaryň birini goltugynyň aşagyna süýşürdi. Birinem ýasawula tarap süýşürdi.
– Durdym, bu gün gijä galdyň-la?! Sökellik tapynaýdymy by diýip öýüňe baryşymdy.
Ýasawul ýalt edip başlygyň ýüzüne garady. Annanyň aýyň ýagtysyna çil-çil bolup duran ýüzünde mekir-hile görmäninden soň, özüni keçäniň üstüne goýberdi.
– Anna, sen meni ahyr ýaşymda maýmyn etdiň. Agşam-a ýüzümi aldyň, indem Durdym, Durdym diýen bolýan. Men indi çaga däl-ä. Heý, agşamky bolşuňy görüp, gapyňdan ahyrada çenli geler ýalymy, ahyry? – diýip, ýüzüni kese sowup oturyşyna gürledi. – Durdy, sen meni gynama, meniň öz derdim özüme ýetik. Sen meni gynama...
Ýasawulyň sesi batlandy.
– Men näme bilemokmy, men näme adam dälmi? Mende näme ýürek, bagyr ýokmy? Meniň derdim ýokmy? Ýa men adam dälmi?
Başlyk ýadaw ýylgyrdy.
– Bolýar-la, Durdym. Sen dänim, gitde ýat.
Durdy ýasawulyň ýüzünden onuň ýatmaga meýliniň ýokdugy bildirip durdy. Ol başlygyň has gowşanyny görüp, oňa sowal berdi.
– By, Oraz «dostuňam-a» sürgünden gaýdyp gelipdir. Şondan habar aldyňmy? Indem obada sümsünip ýörmüşin, aýtmaklaryna görä. Päli-niýeti düzüw bolawersin-dä, hernä.
– Ol, nähili meniň dänim, dostum bolýarmyş? Ol tetellileri elimden gelse sürgünden ömri ötýänçä getirjek däl, men. Senem, Durdy bir zady aýdyp goýberiberýäň...
Durdy ýasawul başlygy azysynyň astyna aldy.
– Aý, ol-a şeýle-le. Han-ha Akga brigadam buýtar-suýtar etdi welin, gözüni Sibirde açdyrdyň-la, başlyk.
Anna aga dyzlarynyň üstüne galdy.
– Sen çaga ýaly bolmasana, Durdy. Näme, biz dänim, çöregi ýeňsämizden iýýäsmi? Arada dänim, Akga bilen bu meselede sözleşdim. Şol doňuz ogly indem bir Çynarlyda görünsin. Onsoňam bir edişime seret, şony. Senem, dänim...
Durdy ýasawul başlygyň hyjuwyna begendi. Ýöne onuň hyryny ýene-de towlasy geldi.
– Annam, şol haramzada bilen gepleşdim-ow diýip arkaýyn bolma. Men şony messepsiz, arsyz görýän. Her wagt, her wagt tanapyndan dartyp dur. Onsoňam Oraz şyham gözden salmaly däl. Adamyň üsti-başy, akly-huşy üýtgäpdir diýseler ynanaryn, ýöne gylygy üýtgäpdir diýseler ynanmaryn. Zandyýamanlyk ol adamyň emen süýdi bilen ganyna girendir. Şony unutma.
Başlyk Durdy ýasawulyň ýüzüne geň galyp seretdi. Onuň göwnüne bolmasa öňünde şol köne dosty däl-de, pähimli-paýhasy okumyş adam oturan ýalydy. Ýöne ol dostunyň halys ýürekden sözleýändigine düşünýärdi.
– Durdym, berekella! Senem meniň dänim, edip oturan pikirimi aýtdyň. Özüňem şu galhozyň çlini. Senem göz-gulak bolawer. Oglanlara-da tabşyr gaýta, «göz-gulak bol diýip» dänim.

* * *
Soňky wagtlarda Üzümgül mugallymyň göwnüne birhili howsala aralaşýardy. Niredendir bir ýerlerden gelýän gamgyn, gussaly oýlar onuň ýüregini tüýdüm-tüýdüm edýärdi. Ol özüni ýat ýurtda ýeke, ýalňyz galan naçar hasap edýärdi. «Huw» diýip, çykyp gidiberesi gelýän wagtlaram bolýardy. Bir gezek asyl goşlarynam düwüşdirdi. Soň raýon merkezine baryp, ýaşan, okan ýerlerine gitse, ýüregi köşeşäýjek ýaly göründi.
Emma ony başga pikir saklady. «Birden Bezirgen gaýdyp geläýse... Hawa, birden ol gaýdyp geläýse. Üzümgülem öýde bolmasa, ol näme pikir eder, il-gün näme diýer...» Ine ony saklaýan zat diňe şol oýlardy. Diňe bu oýlaram däldi. Tomus geçip barýardy. Basym başlangyç klasda okuwçylara ders berip başlamalydy. Onsoň beýle bolubam durmaz... Çagalar, mekdep, iş Üzümgül üçin rahatlygyň öýüdi. Ol diňe mekdepde rahatlyk tapar, ähli gam-gussany undar. Ol ýerler söwer ýaryň boýuna guwanylan ýerler, ol ýerler goşa deregiň taýlaşan ýerleri ahyry. Üzümgülüň göwnüne Bezirgen klaslaryň birinden ýylgyryp çykaýjak ýalydy.
Anna aganyň gelip, «orsetden getirilen çagalara göz-gulak bol» diýeli bäri, onuň derdi ýeňläpdi. Neresse çagalar oňa öwrenişipdiler. Olam çagalara diýseň öwrenişipdi. Ýöne göwnüne Bezirgeni geläýjek ýaly bolup durany üçin giç agşam öýüne gelýärdi. Irdenem kolhozyň merkezi uçastogyna, çagalaryň ýanyna gidýärdi.
Bu gün ol has ir turdy. Düýşüne aýal dogany giripdi. Ol demir ýol stansiýasynda aglap durdy. Onuň dört örüm saçyny şemal asmana garşy göterýärdi. Adamlar bu gyzyň bolşuna geň galyp garaýardylar. Üzümgül muny görüp örän gynandy. Ol doganynyň ýanyna ylgady, gelende dogany ýylgyryp durdy. Özem elinde bir zat saklaýardy. Dogany ony Üzümgüle berdi. Ol owadanja gülýakady. Ol gülýakany ejesi Üzümgül bolan ýyly ýasadypdyr. Soň gyzy göze görnüp ugransoň, enäniň gyza iň gowy, arassa peşgeşi hökmünde beripdi.
Üzümgül gülýakany eline aldy. Eýýäm ýanynda dogany ýokdy. Üzümgül çirkin gygyrdy... Ol öz sesine özi oýandy. Soň asyl ukusy gelmedi.
Üzümgül bu düýşi gowulyga ýordy. Ol «Nesip bolsa Bezirgenim geler, ýene-de bagtly günler başlanar. Gülýakanyň ýakut gaşlary ýaljak oglum, gyzym bolar...» diýip oýlandy.
Doganynyň gözden gaýyp bolmagy bolsa onuň ýüregini tüýtmeledi durdy. Ol bu eýýamlarda doganyny ýatlamandy. Enesiniň, doganlarynyň mähriban keşbi onuň gözünden uçupdy. Doganynyň keşbini aýan görmegi, ýakut gaşly gülýaka ony arkaç gapdallaryna, Garagumuň jümmüşine alyp gitdi.

Ilerimiz-ä dagmydyr-a,
Üsti gara bagmydyr-a,
Uçup barýan ak guşlar-a,
Ilim-günüm sagmydyr-a.

Çuňňur guýa daş atsaň-a,
Çümer gider eje jan-a.
Ýat illere gyz berseň-ä,
Ýiter gider eje jan-a.

Balguýy obasynyň keşbi Üzümgülüň aňynda lälä beslenip otyrdy. Bu ýerde adamlar nähili ýaşadylar, olar näme bilen meşgul boldular, ony Üzümgül bilenokdy. Ol diňe ýekeje zady bilýärdi. Sähel ugruny tapsa obanyň ilersine gidip, öz deň-duş gyzlary bilen läle kakardy. Ejesem, kakasam onuň raýyny ýykmandylar. Ol oýnap ýörmekden başga zady bilmezdi. Ejesiniň, doganynyň haly dokap, darak kakyp oturyşyny, gaýma gaýap oturyşyny görende, «menem etjek» diýip özelenerdi. Şonda-da ejesi:
– Waý-eý, aýrylaweri, entek iş etmäge-de ýetişersiň, şu wagt bir başymyza towky bolup inme-de, hol ala gidip, läle kakyň – diýerdi.
Üzümgül ýene-de tükezzibana tutdurardy.
– Eje, men läläniň täzesini bilemog-a, öňküleri aýdyp gutardym. Täzesini öwretsene...
Ejesi agyr börüginiň inli ýaşmagyny agzyna çekip, gözlerini mölerderdi.
– Wah, saçy kesilen. Il-gün näme diýer. Ataň eşitse deriňi soýar. Hakyt, bu gyrnaga seret. Men öň muňa läle öwredip ýören ýaly – diýerdi. Şonda dogany edip oturan işini etegine salardy-da owadan gözlerini güldürerdi.
– Gel, jigim men öwredeýin, ýöne toýuňda bir ketenim bardyr – diýerdi.

Balguýynyň ýaýlasy-ýa,
Ýüregimiň aýnasy-ýa,
Arkadagym ejemjan-a,
Aýyň-günüň parasy-ýa.

– Ýok, maňa «Şetdalynyň şänigini» aýdyp be-er – Üzümgül öz diýenini tutardy. Dogany ejesinden uýalyp, owadan gözlerini balkyldadyp töweregine garanjaklardy-da:
– Toýuňda ýene-de bir keteni algym bardyr – diýerdi. Soň işini ýene-de etegine ýygnardy-da, sülük barmaklary bilen içen suwy görnüp duran alkymyna çalaja kakyp, bokurdagyny gaýnadyp aýdardy:

Şetdalynyň nänigi-ýä,
Ajymyka jorajan-a,
Söwer ýaryň gujagy-ýa,
Süýjümikä jorajan-a...

Bu läle Üzümgüle şeýle ýarardy. Sebäbi dogany ony şeýle bir gamgyn, şeýle bir näzik ses bilen aýdardy. Asyl ony güni bilen diňläp, diňläp oturasyň gelerdi. Emma ejesi bir ýerden çykardy.
– Wah, saçyň kesilsin, özüň-ä Hesel däli ýaly bolup, öýüň işinden bizar. O gyza-da iş etdireňok, ýok bol, lälesi başyny iýen.
Üzümgülüň toýuny görmek, ondan keteni paýyny almak doganyna nesip etmedi. Olary nirädir bir ýerlere göçürdiler. Demir ýol stansiýasy, kakasynyň gazaply keşbi, ejesiniň, gyz doganynyň bagryny paralap oturyşy onuň çalaja ýadyna düşýärdi. Ol poýezdin içinde ukudan oýananda dogany ýokdy. Olar ençeme ýyllap Samarkantda ýaşapdylar. Kakasy ýogalandan soň, Üzümgül ejesi bilen dogduk obasyna gaýtdy.
Daýysy olara eýe çykdy. Ýegenini Gyzylarbadyň rabfagyna okuwa saldy. Aýal doganyny gum içine, öz obasyna alyp gitdi. Üzümgül iki ýyllap rabfakda bilim aldy. Şol ýerde-de Bezirgen bilen halaşdy. Onun bilen dag içine işe gaýtdy. Ýaňy bir ýyl ýaşap ýaşamankalaram bu hazan uruş turdy...
Öten günler Üzümgülüň gözüniň öňünden garlawaç ýaly bolup geçip gitdi. Ýaş gelniň bagry para-para boldy. Ykbal gör, ony, nirelerden alyp, nirelere taşlapdy. Ony köseýän indiki zat ýalňyzlykdy.
Üzümgül agşam-ertir has horlanýardy. Obada biriniň öýüne barybermäge, gatnaşybermäge çekinýärdi. Oba adamlarynyň bolsa işi başyndan agdykdy.
Bu obanyň adamlarynyň özüne goýýan sarpasyndan ol diýseň razydy. Kerwen aganyň fronta gitmänkä aýdan sözlerini ýatlady. Bu ýaşuly, onuň ogly Ilaman göwnüne juda mähriban ýaly duýuldy.
– Wah, häzir Ilaman nädýäkä? Alada bilen görübem bilemok çagajygy...
Üzümgül öňki agşamky wakany ýadyna salanda birden üýşenenini duýmady. Ol ellik, jorap örüp oturan ýüňüni tükedipdi. Şonuň üçin gapylaryndaky kümeden az-kem ýüň almaga çykdy. Garaňky ýaňy gatly şypdy. Ol çekine-çekine kümä girdi. Çykan wagty bolsa gapylarynda bir garanyň garantga ýaly bolup duranyny gördi. Oňa salam berdi. Mäşbürünç sakally, başy pürsýan telpekli adam onuň salamyny aldy.
– Keýgim, gurgunmyň? Amanmyň, aman sagmyň? Eý, menem goňşy öýde yşyk ýanyp duransoň gümür-ýamyr edişmäge gaýdyberendirin – diýip, ol adam mysapyrsyrady.
Ýaşulynyň äheňindäki asudalyk Üzümgüle täsir etdi. Ol gapa keçe taşlady. Ojakda çigräp duran tüňçäniň astyna odun atdy.
Ol adam böwürslen ýapragy atylyp demlenen çaýy öňüne aldy. Ondan käsä guýup uzyn-uzyn owurtlady.
– Päh, büý-ä, çaýam däl-le. Näme, ýorunja ataýdyňmy, goňşy, muňa?
Üzümgül uýaldy. Ol eliniň ýukalygyny näme bilen düşündirjegini bilmedi.
– Bu wagt bir gök çaý, beýlekem keýigiň şahyna mündi. Biz-ä şu böwürsleniň ýapragyna-da öwrenişäýipdiris. Guradyp, oňatja döwseň içimi erbedem däl...
Myhman käsä guýan çaýyny eliniň tersine serpip goýberdi. Soň synyny silkip ýerinden turdy.
Ol gidensoň Üzümgülüň dünýesi giňedi. Onuň ýakyndan bäri şol «jynly jaýa» girip-çykýandygy onuň ýadyna düşdi. Ol içeri girip ýüň daragyny aldy. Onuň begenji uzak gitmedi. Hälki adam donuny ýasgynjak alyp ýene-de öwrülip geldi.
– Me, goňşy, sen çaýsyz hor bolma. Ine, muňa guşdyrnak çaý diýerler. Tükense ýene-de äbärin.
Üzümgül çaýa elini uzatsa-da, aljyramakdan näme diýjegini bilmedi. Göwnüne bolmasa bu adamyň gylly, demir penjeleri onuň ellerine galtaşyp giden ýaly boldy. Üzümgül tisgindi. Ol gijäniň içinde bu ýat adamyň nähili päliniň-niýetiniň bardygyny aňyp bilmän ýerinden laňňa galyp, gaýra çekildi. Onuň elindäki daşy ýaldyrap duran gurşun gap ýere gaçyp, honda tigirlenip gitdi.
Nätanyş gelniň howsalasyny duýdy. Ol çokga sakgalyny eliniň aýasy bilen gaýta-gaýta sypalap durşuna, hajyk-hujuk etdi.
– Aý, goňşym, menden çekinme. Men seniň goňşyň. Kyýamat güni goňşudan diýipdirler. Entekler biziň berek-birege gerek ýerimiz kö-öp bolar, enşalla.
Üzümgül indi öýe girmäge-de gorkýardy. Ol adamyň çaltrak giderini isledi.
Ýaşuly beýle bir ýüz tapmansoň pürsýan telpegini eline alyp eýlesine-beýlesine öwrüşdirip gürledi.
– Goňşy, bereket bersin. Men gideýin. Gelişer, gidişer durarys, enşalla.
Onuň ýaly syrylan takyr kellesine aýyň şöhlesi düşüp, ýaldyrap gidýärdi.
Bu adamy Üzümgül tanamady. Ol Oraz şyhdy.

* * *
Ilaman üçin şatlykly günler duýdansyz başlandy. Oňa kakasyndan birbada iki hat gowuşdy. Sülgün gyzjagazy Aýsoltan bilen kolhoz işine çykdy. Ene-de işe yzygiderli gatnap ýördi. Hudaýberdi bolsa Ilaman bilen şeýle dostlaşypdy. Asyl bir gezek ol Ilamany öýlerine-de alyp gitdi.
Işem indi beýle bir agyr däldi. Olar harmandaky taýýar bugdaýy halta gapgaryp raýonyň galla alýan edarasyna çekýärdiler. Iş şeýle gyzyklydy. Indi her eşege bir oglan tapylypdy. Ýükem kauçuk çeken ýaly däldi. Her eşege iki halta bugdaý ýüklenýärdi. Ýüp üzüläýmese onuň kän bir agjak, beýleki etjek aladasy ýokdy.
Şol günleriň birinde ol Hudaýberdi bilen işden gaýtdy. Olar eşeklerini kolhozyň mal howlusyna gabadylar. Öňlerine ot dökdüler. Howludan çykyp barýarkalar Hudaýberdi dillendi.
– Illi, men şu agşam sizde ýataýaýyn-da, bir maslahat bar – diýdi.
Ilaman hem begendi, hem gynandy. Ol Hudaýberdilere baranda onuň ejesi Akjagül daýza olary nirede oturtjagyny bilmändi.
– Wah, boýuňyza döneýin, beýdişip, tirkeşip ýörmäň, obanyň heleýleriniň gözi, dili gursun. Gözleri bilen alarlar, gözi guranlar. Wah, taýly çynarym, taýly inerim – diýipdi. Tapdygyndan ony-muny öňlerinde goýupdy. Şol gün Ilamanyň ýadyndan çykmajak günleriň biri bolupdy. Emma häzir Hudaýberdini öýlerine alyp barsa, gugaryp duran öýden başga zat olary garşy aljak däldi. Onuň bolsa öz dostuna nähilidir bir ýagşylyk edesi gelýärdi. Şonuň üçin-de ol belli jogap bermedi.
– Eý, Illi, bolýamy, men sizde ýataýaýyn-la – Hudaýberdiniň çynydy. Ilaman üçin sypara ýer galmady.
– Bolýar. Ýöne ejeň käýäýmese?
Hudaýberdiniň mawumtyl, owadan gözleri dogumly lowurdady. Ol nämedir bir zat diýmek isledi. Ýöne dilini dişledi.
– Ejemiň özi ýataý diýd-ä. Men saňa bir zat aýtmaly, düşdüňmi?
Ilaman Hudaýberdi bilen tirkeşip öýlerine geldi. Ol gapynyň köneje gulpuna açar sokdy. Açary towlamanka gulpuň açykdygyny duýdy. Ol haýran galdy. Ony haýran galdyran zadam, soňky günlerde her gün işden geleninde gulpuň açyk bolmagydy. Ol mundan öň «gulpy çala gulplaýandyryn» öýderdi. Bu gün ol özüne ynam etmän, gulpy telim gezek çekip, çekip görüpdi. Gulp ýene-de açykdy. Ýöne muny daşyna çykarmady.
Garaňky ýagşy gatyşypdy. Töwerekde iňlär siňek ýokdy. Ilaman içeri girmäge çekindi.
– Näm-äý, açyp bilmän durmuň? – Hudaýberdiniň ýarym gazaply äheňi Ilamany özüne getirdi. Ol açyk gapyny itdi.
Ilaman arabanyň tigrine çalynýan ýaga gysdyrylan peltäni otlady. Öýde hiç kim ýokdy.
– Gel, çaý içeli – Ol burçdaky suwly kädiden tüňçä suw guýdy. Soň daşardaky ojakda ot ýakdy. Çaý gaýnansoň, oňa bir gysym böwürslen ýapragyny atdy. Öýe girende Hudaýberdi gap böwürde süýnüp ýatyrdy. Özem assaja hor çekýärdi.
Ilaman gaty-guty çöregi saçagyň üstüne üýşürişdirdi. Hudaýberdä ýassyk taşlady. Ol dostuny oýarmaga dözenokdy. Eger öýde adam bolmadyk bolsa, onuň özem heziller edip ýatardy. Emma häzir dostuny oýarmalydy. Çünki, ol möhüm zat aýtjak diýip, ýörite gelipdi ahyryn.
– Hudy, eý, Hudy, tur çaý içeli! – Hudaýberdi laňňa ýerinden galdy. Gözlerini elek-çelek etdirip, töweregine garanjaklady. Ýagşy özüne gelenden soň, gynançly gürledi.
– Häk, gardaş, birazajyk oýatmaly däl ekeniň! Men ýaňyja Ogultäje duşupdym-da, wah, oýadaýdyň-da, häk...
Hudaýberdi çaýyny öňüne alyp, gapa seretdi.
– Eý, gapyny ýapsana! – Ilaman oňa geň galyp seretdi.
– Öý yssydan ýaňa oturar ýaly däl-läý, senem ýöne... Gapyny ýapsaň dem alyp bolmaz-a.
– Azajyk ýap-aý. Sen meni diňle. Onsoň açaýaly...
Ilaman ýeňillik bilen ýerinden turup, gapyny ýapdy.
Hudaýberdi şeýle bir şatlykly ýylgyrdy. Asyl aşygy alçy gopan oglanjyk ýalydy. Ol könelip, sary gaçan soldat pilotkasyny kellesinden aldy. Soň onuň içki işligini uzak wagtlap sermeleşdirip bir kagyz çykardy.
Al, şuny oka! – Ilaman bir tagta kagyzy eline aldy. Ölügsije, dumanlap duran yşyga tutdy.
...Hanow Hudaýberdi, 1924 ýylda doglan. Sprawkanyň berlen wagty 9/IX - 1942ý.» diýen ýazgyny zordan okady. Ýöne nämäniň nämedigine welin düşünmedi.
Hudaýberdi elini çarpyp güldi.
– Eý, pekgiruş, men fronta gitjek. Düşnüklimi?
Ilamanyň ýüregi endiräp, bir gyzgyn zat aýagynyň ýanyndan akyp, depesine urdy.
– Urşa!? Sen urşa gitmelimi? Sen ýaňy on alty ýaşadyň-a.
Hudaýberdiniň gahary geldi.
– Ýogsa, näme, men siziň ýaly agzy suwly ejem ogludyr öýdýäňmi, tentek? – Howwa, men on alty ýaşadym-a. Öne oba sowet aýaly on sekgiz ýaşadym diýip aldadym. Ol aýalam ynandy. Näme ýogsa ýalanmy? Maňa häzir ýigrimi ýaşynda diýseňem ynanarlar. Özüm daýaw, güýjümem bar. Düýn yraýona baranymda bir ýere baryp geljek diýdim-ä, şonda weýennikemada bardym. «Arza ýaz» diýdiler. Arza ýazdym.
Oglanlaryň ikisem dymdy. Birden Hudaýberdiniň owadan gözlerine gussa indi. Ol boşan käsäni elinde pyrlap oturyşyna ýuwaşja gürledi.
– Ýöne hiç kime aýtmagyn, aldanymy. Gitjegimi heniz ejemem bilenok. Ýöne Ogultäje aýtgyn. Men uruşdan geroý bulup gelerin. Nemisleň pirini kädä gabaryn. Meniň gynanýan zadym, şu bar-a, men barýançam uruş gutararmyka diýýän. Hudaýberdi kem-kemden açylyşdy.
– Eý, gardaş, sen bar-a, Ogultäçdenem göz-gulak bol. Ol meniň çyn söýgülimdir. Purontdan saňa hat ibererin. Hökman Ogultäje-de okatgyn. Sen bara... neme. Sen, şoňa meniň söýýänimem aýtsana...
– Wah, meniň ýüregim edenok, gardaş. Ol birden gynanaýsa, ýa-da utanaýsa näderin – Hudaýberdi özelendi – Sen aýdaýsana, men ine şu soldat papagymy bereýin. Purontdan gelenimde znaçok bilen täzeje papagam getirip bereýin.
Ilaman razy boldy. Sebäbi häzir Ogultäje: «Hudaýberdi seni söýýän diýdi» diýip aýtmak beýle bir kynam däl ýalydy.
Ilaman Hudaýberdiniň ýüzüne gamgyn gözleri bilen seretdi.
– Sen, oňa häli aýdaňogammy?
Oglanlaryň gözüne uky gelmedi. Olar gümür-ýamyr edişip otyrdylar. Şol wagt gapy batly açyldy. Gapyda Hudaýberdiniň ejesi durdy. Ol öýüň içine bir laý seretdi.
– Hudaýberdi – diýip howsalaly sorady. – Hugaýberdi barmy? – Hudaýberdi ör boýuna galdy.
Akjagül daýza özelendi.
– Eziz balam Hudaýberdi! Arkadagym Hudaýberdi!
– Ejeň, gursun çagam-eý, bir zat bolaýdymyka diýip gara janym galmady. Ejeň gursun, was-wasa düşen ýaly bolupdyryn.
Ene ýüreginiň nämedir bir zady syzýandygy bellidi. Onuň bolşy, özüni günäkärleýşi Ilamanyň ýüregini gyýym-gyýym etdi. Olar çykyp gidensoňlar Ilamanyň gözüne uky gelmedi.
Şondan birnäçe gün geçenden soň işe baranda «Akjagül Hanyň ogly Hudaýberdi fronta alnypdyr» diýip gürrüň edýärdiler.

* * *
Hudaýberdiniň fronta alynmagy Ilamana diýseň erbet täsir etdi. Göwnüňe bolmasa gözüňe görünmeýän bir elhenç bela onuň hem üstüne süýşüp gelýän ýalydy. Ol näçe giňlige saljak bolýardy. Uludan-uludan dem alýardy. Ýöne şol agyr howsala aýrylyp gidiberenokdy. Gaýta onuň ysgynyny alýardy.
Ol günorta arakesmesinde çörek dogran çorbasynam iýmän, ýanyny ýere berdi. Şol wagtam ymyzgandy. Ol düýşe meňzeş bir garma-gürmeligiň içinden gidip barýardy. Ol nämäniň nämedigini saýgaranokdy. Diňe Meretgül garrynyň şaňňy sesini eşidýärdi.
Ol ýalpa gezüni açdy. Hakykatdan hem Enäniň ejesi Tagy gelniň ýanynda, Ilamanyň gapdaljygynda otyrdy.
– Wah, şu gije anna agşamy. Adamyma degsin etjek. A gyz, eliň boşuň baraweriň, agşam. Gowy tüwüden palaw bişirjek – Meretgül joşup gepleýärdi. Adamsyny magtaýardy. Başga-da birtopar zatlar diýýärdi. Ýöne hiçisi Ilamanyň gulagyna ilenokdy.
Ilaman ömrüne palaw iýip görmändi. Ýöne adamlaryň gürrüňine görä, ol diýseň tagamly zat bolmalydy. Ylaýta-da, käşir, kişmişini köpräk atyp, käkilik etine bişirseň gaty süýji bolýan nahar bolmaly.
Ol öýlän harmanda galan-gaçan bugdaýy halta gapgarmaga kömekleşdi. Oba arasyndaky işler gutarypdy. Indi dagdaky düme bugdaý galypdy. Birnäçe adam telär dikmek üçin eýýäm daga gidipdi. Basym beýleki adamlaram daga çykmalydy. Ilaman daga gitjegine kän bir begenibem baranokdy. Sebäbi dagda onuň üçin höwes döredäýjek hiç zat ýokdy. Ýöne Meretgülüň agşam bişirjek palawy welin, onuň ýadyndan hiç çykanokdy. Günortan hem naharyny ýagşy almadyk oglanyň garny eýýäm jugurdap başlapdy.
Ol palaw iýmegi näçe höwes etse-de Meretgüllere barmaga aýagy çekmedi. Kolhozçylaryň hemmesi diýen ýaly Çynarla gaýtdy. Tagy gelniň jak-jýklap gülýän sesi uzaklara ýaýylyp gidýärdi.
– A gyzlar, siz nirä eňişip barýasyňyz, bar bişän-ä bir gazan palaw, ol öz obamyza-da ýetjek däl ahyry – aýallar onuň sözüne gülüşýärdiler.
Ilaman özleriniň öýüne geldi. Geň galmaly zat, bu gün gapynyň gulpy urulgydy. Ol gapyny açmaga howlukmady. Onuň gözi Enelerdedi. Göwnüne bolmasa şolar tarapdan gelýän bir gowy, ys, tutuş obany gaplap alan ýalydy. Şol ys, goňşy öýden gelýän çasly gülki sesleri, ömürboýy diýen ýaly ýalňyzlykda ýören oglany erksiz özüne çekýärdi. Ýöne indi ol ýerde Ilamany baglanyşdyrýan hiç zat ýokdy. Eger häzir Goçakly bolaýan bolsady, onda ol öýe ilki bilen Ilaman barardy.
Ýöne soňky wagtlarda Ilamanyň şol öýe barasy gelmeýärdi. Baraýyn diýäýende-de Ene-de, onuň ejesem oňa ýüz berip baranokdylar. Akga brigadiriň ýygy-ýygydan gelmegi, soňky wagtlarda gijesine şu ýerler-de sümsünip ýörmegi onuň ýüreginde bu öýdäkilere inçejik ýigrenji döredipdi.
Ilaman bu iki öýüň arasyndaky ýodajyga seretdi. Otuň derdinden şol ýodajyk asyl bildirenokdam.
Ilamana niredendir bir ýerden agyr erk geldi. Ol agzyndan gelýän gara suwy merdemsilik bilen tüýkürdi. Soň gapynyň gulpuny açyp öýe girdi. Öý häzir salkyndy. Ýere ýazylan şal düşegiň dymyljyk ysy diýäýmeseň, şol mähriban içeridi. Ol ýüküň üstünden kakasynyň ullakan ýassygyny aldy. Oňa kellesini goýup-goýmanam guzy ýaljak uka gitdi. Eger häzir Üzümgül mugallym gelmedik bolsa, ol ertire çenli gapdalyna dönmän ýatmalydy.
Üzümgül açyk gapydan boýnuny uzadyp, gaýta-gaýta gygyrdy. Içeri garaňky bolansoň, onuň gözüne zat ilmeýärdi.
– Illi, aý Illi. Ýa ýokmuň öýde, aý oglan.
Ilaman çalnyp turdy. Ol gözlerini owkalap durşuna, çalt-çalt samyrdady.
– Häzir, häzir barýan, Sülgün gelneje!
– Men Sülgün däl, Üzümgül...
Ilaman gapa çykdy. Gapyda Üzümgül mugallym durdy. Ilaman aljyrady, begendi. Ol näme diýjegini bilmedi. Ýöne bir gowy sözler tapyp, mugallymyna aýdasy geldi.
– Men ýatyp galypdyryn. Seniň sesiňi eşitmän galypdyryn.
– Illi jan, ýör Enelere gideli. Ejesi irden çagyryp gitdi. Ýeke özüm barmaga çekinýän, ýör, jigi.
Ilaman bu çakylyga birhili boldy. Ýöne oýlanman razylaşdy. Heý, ömrüňde mugallymyň öýe geler-de, olam bir zat towakga eder-de, onam etmän bolarmy?
Ol sesini çykarman barýardy.
– Itleri ýok gerek, itleri bardyr diýip gara janym galmady. Soň sen ýadyma düşäýdiň. Köpden bäri seni görübem bilemok-da, Illi jan.
Eneleriň gapysy adamdan doludy. Ilamanyň işdeş ýoldaşlarynyň hemmesi bardy. Pesräk agaç sekiniň üstünde Oraz şyh otyrdy. Onuň gapdalynda ýene-de bir nätanyş adam uly ýassyga ýaplanyp ýatyrdy.
Ilaman oturyp-oturmanka Akga brigadir hem geldi. Ol Oraz şyhyň oturan sekisine ýöneldi. Yzrakda gelen Durdy aga töweregine göz aýlap, gelip Ilamanyn ýanynda oturdy.
Meretgül sekiniň töwereginde iki baka ýorgalaýardy. Ilaman onuň süňňüniň ýeňilligine haýran galýardy. Ol agzy ýaşmakly bolsa-da çalt-çalt gürleýärdi. Şonuň üçin ýaşmagy öl-myžžykdy.
Ol Ilamanyň edil dyzyna diýen ýaly büdräp, ýene-de geçip gitdi. Baryp Oraz şyha birzatlar diýişdirdi:
– Bor, bor, sen naharyna serediber. Tebäregi özümiz bir zat ederis.
Meretgül Ilamana ýene-de büdredi.
– By oglany gyz, etdil eliňi-aýagyňy baglap dur, ýer gytmy, şü geçiljek ýolda oturmanyňda. Oturma, tur, bar-da myhmanlaň eline suw akyt. Heý, mysala...
Akga azymly gygyrdy.
– Bar-aýt, kündik bilen legen äkel. Suw akyt ellere – Ilaman ýerinden turdy. Ýöne näme etmelidigine düşünmedi.
– Bar, köşek, ýaňky kempirden sora, kündik bilen legeni. Getir bir suw aýla. Elini ýuwjak, beýleki bolsa.
Durdy aganyň äheňi Ilamany goldady. Ol kündük bilen kiçiräk mis tabak getirdi, ýaşuly ýene-de ýol görkezdi:
– Bar, şol oturan ýaşuludan başlaber.
Ilaman Oraz şyhyň öňünde mis tabagy goýdy. Ol elini uzadan badyna suw akytdy.
Oraz şyh elinden ary çakan ýaly yzyna çekip aldy. Onuň bulançak gözleri hyýrsyzlandy.
– Suw akytmanam bileňokmy? Tut bir eliň bilen kündügiň jürnüginden. Hä, biri bilenem sapyndan tut. Häýt, nätdi?!
Akga syçyrap ýerinden turdy. Ol kündügi Ilamanyň elinden kakyp alyp, Oraz şyhyň, soň nätanyşyň eline suw akytdy.
Oraz şyh pürsýan telpeginiň içinden ullakan ak ýaglyk çykaryp elini süpürdi.
– Eý, hak, edeniňe döneýin. Indi edep-ekram, dyn-myrat galyp barýar-ow. Biziň oglanlygymyz nähili, ýaňkynyňky nähili? Ulamylary, aksakallary görende şapbat ýaly ýetişer durarsyň. Aýtma gerek däldir. Ýaňkyňyz bolsa eline kündük alana meňzeş däl-ä!
– Agasy, sen aýt, siz ýalagy hormatlar ýaly ýene biz galypdyrys. Bolmasa şolardan hormat görersiňizmi? Bizden göreniňiziň ýarynam görmersiňiz. Biz näme göreris. Öňki wagtlaryň ýaşlarynyň garrylaryň elini-aýagyny daňyp, dagdan aňry taşlaýyşlary ýaly, bizem dagdan aňry taşlarlar bylar.
– Wah, dagdan aňrynyň gurbany bolaýyn. Dyn, ymmat, edep-ekram şol ýerdedir-le. Bolçabik diýdi, golçabik diýdi, din, messep goýdumy? Hana, ertirki eýe boljagyň, ýaňky dälmi oba? Bylardanmy...
Oraz şyhyň gürrüňini Meretgül kesdi:
– Gurbanyň bolaýyn, aga, nahar-a ýetdi. Çekibersinlermi?
– Aý, bi zamanda burnumyza beýle ys uran däldir. Meretgül gelin, seniň palawyň ysy külli Turanyň burnuna urdumykan diýýän. Ysyndan doýrup oturma-da, getiriber ahyry, dogry dälmi, gelinler, hä.
Aýallardan tassyklany bolmasa-da, Akga geçiniň öň aýagy ýaly gürledi.
– Haý, Oraz agam, şun-a dogry diýdiň. Men bu palawyň ysyny Çeşmeliden alyp gelendirin. – Bu gürrüňler, Oraz şyhyň ymamsyrap oturmasy Durdy ýasawulyň aňyrsyny bäri getirdi. Ýöne ol sesini çykarmady.
Palawly tabaklar orga goýuldy. Oraz şyh «bisimilla» edensoň her kim tabaga el uzatmak bilen boldy. Ilaman bilen Durdy ýasawulyň öňünde ýalpaňja tal tabakda nahar goýdular. Durdy aga naharyň üstündäki süňkleri Ilamanyň öňüne süýşürip:
– Al, al, iýiber. Diýen-aýdan köp bolar. Sen garnyňy doýur – diýýärdi. Ilamanyň işdäsi ýanypdy. Olam känbir tabaga el uzadyp oturmady. Ýöne Oraz şyhyň gürrüňleri welin oňa ýaramaýardy. Şyh bolsa samahullaýardy.
– Haý, haý-eý, sadap ussadyňa, Meretgül gelin. Bu palaw däl-de, jennet höregi-le. Munuň tüwüsi Eýran bürünji ýaly-la, hä.
Meretgül garaňkynyň içinden aýallaryň arasynda oturan ýerinden üzlem-saplam tassyklap gürledi.
– Äl, munuň kişte-kişmişi niräniňki, gelin.
– Eýran kişmişidir. Kiştesem Eýranyň Samarkant kiştesinden aga.
Oraz şyhyň bolmajysy boldy. Ol garaňkyda gaplaň gürlär diýleni ýaly, şol takyrdap otyrdy.
– Äl, bi Eýran bürünjini goýaý sen. Äl, munuň şiresini, äl munuň ysyny. Bu tüwi däl, her biri barmak ýaly how munuň. Bah, munuň kişte, kişmişi bilenem alyşaýşyny. Aý, how, men şu Eýrany ýaman güýçli görýän, how. Aý, munuň bürünjimi, aý, munuň şiwýodymy, aý munuň kişte, kişmişimi, aý munuň tiregimi sanasaň sogaby bar, how. Bu ýerde dänäni dermanlyk üçin tapjak gümanyň ýok, olarda welin labaşy iýere adam tapylanokmyş, baý, döwletli il-ow, diýseň yrsgallymyş.
– Öz-ä, bizem-ä bir gidip görmesek, ölinçäk armanlydyrys, Oraz aga şol döwletli ili – Akganyň sözi Oraz şyhyň peltesine ýag damdyrdy.
– Nesip bolsa, Akga han, sen şaýyňyjyk tutuber. Indi gitjek wagtyň uzak däldir. Eşidişime görä, ýurt ýene könä dolanjakmyş.
– Ol nähili? – Durdy ýasawul sowal berenini duýman galdy.
– O nähilisi bolarmy? Heý, özüň oýlanyp gör, seniň obaňdan näçe adam gitdi. Iliňde näçe oba bar. Şolardan näçe adam gitdi. Heý, özüň oýlanyp gör, dolanyp gelýän barmy? Aýdyşlaryna görä, bu çozandaryn öňüne çöp atjak güýç ýokmuşyn. Olar bir allatagalanyň gudraty bilen adalat üçin ýere iberilen adamsypat jandarlarmyşyn. Olar siziň oglanlaryňyzy ýelem-ýüwlet edip barýamyşyn. Musulmana welin, barmagam batyranokmyşyn. Onsoň sen aýt, käpire arka direjekmi, musulmana.
Durdy ýasawul gaharly gürledi.
– Kim diýse poh iýipdir. Nemisiň nähili güne düşenini gazetler, radýa aýdyp dur. Ýöne seniň öz ýürejigiň şeýle bolanyny isleýän bolaýmasyn, Oraz şyh? Tapdyň bu ýerde etjek gürrüňiňi.
Oraz şyh sesini çykarmady.
Üzümgül mugallymam oturyp bilmedi.
– Durdy aga hak aýdýa. Gazetler, radio aýdyp dur kimiň kimligini. Biziň iner boýly agalarymyz, çynar boýly ýarymyz Watany goramaga gitdi. Biz umyt bilen gije-gündiz olaryň ýoluna garap otyrys. Biziň umydymyzy köýdürjek bolýanyň ýüzüne köz degsin.
Oraz şyh özüniň eden gürrüňinden gorkdy. Ol haýdan-haý özüni aklamak bilen boldy.
– Weý, men bir eşitmiş. Oglanlar üstem çyksa oňa ýetesi näme bar. Belki agzy boşuň gürrüňidir, byý.
Hiç kimiň eli tabaga uzanokdy. Meretgül onluk çyrany ýakyp, edil Oraz şyhyň gapdalynda goýdy. Indi Oraz şyhyň ýüzi mese-mälim saýgarylýar. Ilaman onuň çokgarak sakgalyna, döwleriňki ýaly kölegelenip duran gözlerine, gylyç ýaly gaňrylyp duran burnuna seredip bilmedi. Ol häzir eýä meňzeýärdi.
Ilamanyň ýadyna «jynly» jaý düşdi. «Bu adam şonda bolýar ahyry. Megerem, bu jynyň özüdir».
Ýöne Ilaman pikirini çuňlaşdyrmaga, ölçerişdirmäge, döküşdirmäge ýetişmedi. Ol Akganyň warryk sesine tisginip özüne geldi.
– Haý, men-ä by gazetlere-de ynanyp duramok. How, näçe adam gitdi. Ugrunda bir zat bolaýmasyn how, şu agamyzyň aýdýan zadynyň.
Oraz şyh hem kem galmady. Ol indi has mysapyrsyrady.
– Wah, meniň gynanýan ýerim, ine şu bala-çagalaryň güni kynaldy. Ýanky, hol gyýmazyň aýdyşy ýaly, biziň goç ýigitlerimiz-ä gaňryp elimizden aldy, uruş. Indem, bu çyr-çülpe bendelerem agta öküzi kündä salan ýaly bolup, horlap ýör. Bular başga bir ýurtda (ol Eýranda diýjek boldy. Emma saklandy) bolan bolsady, eli sowuk suwdan yssy suwa batyrylarmydy, ýok...
Oraz şyhyň sözüni Durdy ýasawul bozdy.
– Hany, hany il-günüň hossarlary, garnyňyz doýaň bolsa bir omyn ediň. Siz ýaly işsiz ýok bärde. Näme diýýäniňizi gulagyňyz eşidenok. Tapdyňyz etjek gürrüňiňizi.
Meretgül ýasawulyň al petinden aldy.
– Goýaweri, iýmäge goý adamlary, ne günlük bilen çagyrdym, ozalam. Ýöne aňryňyza bir bölek atdygyňyz dyzaşyp durmaň beýdip.
Durdy ýasawul garaşmady. Ol omyn edip, hüňürdäp, gaharly turup gitdi.
Oraz şyh, bu gürrüňleri eşitmedik bolýardy. Ol omaçanyň birini uzyn dili bilen «jylk-jylk» edip ýalap goýberýärdi. Soňam ýuwaş seslendi.
– Ýanka ynanmaň, Eýrany kapyr ýurdundan kem göremok men-ä. Onuň güýjümi? Beý, buw. Onuň arkasynda külli arap, turan, ispihan dur. Olaram Eýranyň bitiniň burny ganan ýerinde durup bilmez.
Akga elini saçagyň gyrasyna süpürip oturyşyna ýallaklap gürledi.
– Agam, biz-ä güýçlüniň tarapdary. Eýranyň güýji zor bolsa, Eýranyň saýasyna bararys, orsuň güýji zor bolsa onuň saýasyna bararys, agam.
Oraz şyh omyn etmäge ýetişmedi. Oturanlar turup-turup gaýtdylar.
Meretgülüň aglamjyrap, adamlary saklajak bolmagy başa barmady.

* * *
Ilaman şol agşam ýatyp bilmedi. Alasarmyk düýşler, süňňündäki galagoplylyk oňa ynjalyk bermeýärdi. Ýöne ol şol ýatyşyna birki sany nätanyş adamyň öýe gireninem duýmandy.
– Ilaman, köşek, ýatanmysyň – Ilaman alasarmyk ukynyň arasynda laňňa ýerinden galdy. Emma gözleri hiç zat görmeýärdi.
– Kim bi?! Kim bi?! – Ilamanyň gorkuly, howsalaly sesi öýüň içini ýaňlandyrdy.
– Sen däninim, gorkma. Biz, by, salama sowuldyk.
Ilaman gepleýäniň Anna agadygyny tanady. Ýanyndaky Durdy ýasawuldy.
– Inim, sen däninim aýt. Biz däninim käbir zatlary anyklaly! – Gelen adamlaram düşegiň gyrasyna çökdüler.
Ilamanyň ini dyglap gitdi. Ol Meretgüllere barany üçin käýýärler diýip gorkýardy. «Näme üçin Oraz şyhyň gürrüňlerini diňledimkäm?» Onuň bu oýlary uzak dowam etmedi. Anna aga sowal berdi.
– Sen, dänim howlukma, diňle, seni juma gijesine kim çagyrdy. Kim bardy ol ýerde.
– Meni hiç kim çagyrmady. Üzümgül mugallym gideli diýip üstümden geldi. Soň gitdik. Kolhozçylar bardy. Durdy aga-da bardy.
– Akga bardymy?
Ilaman gorsanjyrady:
– Hawa, bardy.
– Sen howlukma, sen dänim aýt, Akga näme diýdi.
– Ol hiç zat diýmedi. Ýöne Oraz şyh diýdi. Ol diýdi: «Nemisler gaty güýçli, biziň obamyzdan gidenleri öz tarapyna çekipdir».
– Durdy turup gaýdansoň dänim näme diýenini ýadyňa salyp bileňokmy!?
– Bilýän, ýöne meniň ýadyma düşenok. Ol köp zat aýtdy. Bizem turup gaýtdyk.
Olar daş çykdylar. Ilaman olaryň hümürdisini eşidip durdy. Anna aga ýene-de içeri girdi.
– Inim, sen dänim aýt, öýüňiziň töwereginde hiç hili üýtgeşme ýokmy? Şol Oraz siziň töweregiňizde görnenokmy?
Ilaman «ýok» diýip başyny atdy. Birdenem onuň ýadyna gapynyň gulpunyň açyk bolýandygy düşdi.
– Anna däde, men işe gidenimde gapyny gulplaýan welin, ol işden gelsem açyk durýa-laý.
– O nähili beýle bolýar? Sen dänim, gapynyň gulpuny ýapman gidýän bolaýma?!
– Ýok, çörek bar – Ilaman bu sözüň agzyna nähili geleninem bilmedi. – Men soň gulpy ýapykmy, dälmi diýip, ýagşy çekibem görýärin. Işden gelýän welin, ýene açyk.
Başga hiç zat duýaňnokmy?
– Ýok.
Anna aga düşege çökdi. Ol elini Ilamanyň eline goýdy.
– Ilamanjan, inim, sen dänim meni pugta diňle. Ine, Oraz şyh diýen adam dänim, Sowet hökümetiniň duşmany. Bir wagt siziň öýüňiz olaryň mülki bolupdyr. Ol öň şu ýerde ýaşansoň sürgünden ýene-de dolanyp şu ýere gelipdir. Onuň nähili geleni dänim belli däl. Biz barlap göreris, ony. Sen entek daga, beýlekä dänim gitmäňi goýbolsun et. Başaryp bilseň dänim, şol adamy gözden salma. Üýtgeşiklik bolsa, Durda, ýa dänim maňa habar et.
Ilaman sesini çykarmasa-da razy boldy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 33 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: