20:39
Türkmende ýetim we hossarsyz kişilere gatnaşyklarda edep
TÜRKMENDE ÝETIM WE HOSSARSYZ KIŞILERE GATNAŞYKLARDA EDEP

Saparmyrat TÜRKMENBAŞY:
Türkmeniň ýetim sözünde, köplenç, horluk, maddy mätäçlik manysy duýulýar. Emma ýesir diýen sözde ruhy hossarsyzlyk, ruhy ýalňyzlyk we ruhy daýançsyzlyk manysy bar. Ýesir bolmak öz Watanyňdan aýra düşmek hem-de her hili jebir-sütemlere sezewar bolmakdyr. Ýesir töweregindäkileriň maddy hemaýat bermeýänliginden däl-de, ruhy biperwaýlygyndan, doňbagyrlygyndan ejir çekýär. Dünýäniň özi onuň gözlerine adam sypatlaryndan mahrum zulum bolup görünýär. Ýetimiň ýagdaýy ýesiriňkiden elhalrakdyr.
Mukaddes Ruhnamadan

■ Ýetim we onuň terbiýesi

Köpçülikde gatnaşyga we hemaýata mätäç, durmuşynyň baharynda ýalňyz we hossarsyz galan, elbetde, ýetimlerdir. Ynsan durmuşy ajy-süýji, belentliklerden we pesliklerden doludyr. Ene-atalarynyň ýanynda bagtly ýaşaýanlaryň bolşy ýaly, ene-atasyndan birini ýa-da ikisini-de çagaka ýitiren, olaryň söýgüsinden, mährinden, merhemetinden mahrum galan, diňe başgalaryň kömegine we hemaýatyna zar bolup ýaşaýan çagalar bardyr. Şeýle kişiler Allatagalanyň bütin halkymyza amanatydyr. Ýakyn garyndaşlaryndan başlap, her kim jemgyýetde tutýan ornuna görä, bu amanady aýawly saklap, hemaýat etmek bilen borçludyr. Bu wezipäni ýerine ýetirenler, elbetde, Allanyň we Onuň Resulynyň razylygyny gazanar we Pygamberimiziň şu buşlugyna mynasyp bolarlar.
«Ýetime hossar çykan kişi (kim bolsa bolsun) meniň bilen jennetde şu iki barmagym ýaly ýakyn bolarys (Pygamberimiz bu sözi aýdanda süýem barmagy we orta barmagyny yşarat edip görkezýär)» (Buhary).
Mertebesi belent Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşymyz hem ýetim ulalan. Ol Mukaddes Ruhnama kitabynda hut özi ýetimligiň yzasyny şeýle düşündirýär:
«Tomusky dynç alyş aýlary hemme talyplar öýlerine giderdiler. Talyplaryň ýaşaýyş jaýlary, okuw jaýlary wagtlaýyn boşap galardy. Menem iki ýyllap ata Watanyma gitmämsoň, ene topragyma, onuň howasyna, gulagymyň küýseýän mähirli türkmen diline, aýdym-sazyň owazyna zardym, mekdepde bile okan ýoldaşlarymy, dostlarymy göresim gelýärdi. Ene-ataň bolmasa, arkaňda dogan- garyndaşyň bolmasa, çagalykdan ýetim össeň, seniň içki duýgyň, ýürek islegiň, saglygyň, maksadyň bilen gyzyklanýan ýok. Käbir daşgyn adamlaryň ýönekeý gyzyklananlaryna-da ýetim ynananok. Özüňe degişli karary, ykbalyň bilen bagly meseleleri diňe özüň çözmeli bolýarsyň.
Ykbal maňa iki derdi birden berdi. Men hem ýetim, hem ýesir boldum. Bu goşa derdiň awusyny diňe ony çekenler biler.
Ýöne barybir, men ene mährine zarlygyň has ýiti awusynyň barlygyny aýdyp biljek. Deňeşdireniňde, ýürek awusy ten awusyndan has güýçlüdir.Ten ýarasy biter gider, ýürek ýarasy weli, adamyň baky hemrasydyr, entek ýüregi urup durka, ol adamyň ýanyndadyr.
Beýik Allatagala maňa dünýäde ýaşamak bagtyny berdi, emma men enäniň mährine, atanyň hossarlygyna zar ulaldym. Şonuň üçinem men ene-atanyň gadyryny has ir, entek özüm perzent ekläp-saklamankam hem bilýärdim. Men deň-duşlarymyň başyny atanyň hossarlyk gollary sypalanda, kemsinipdim. Men deň-duşlarymyň öňünden atalary ýylgyryp çykanda, kemsinipdim.
Emma derdini beren Alla dermanyny hem berýän eken. Hudaý maňa ýetimlik bilen birlikde kemsinmeleri, mätäçligi we ýalňyzlygy ýeňip geçmäge beýik ruhy güýç-kuwwat hem berdi. Meniň ata-enem hem, hossarym hem Alla, soňam eziz halkym boldy. Indi bolsa horlukdan doly şu geçen ýolum, özgeleriňkiden tapawutlanýan ömür tejribäm nämäniň nämedigini, ata-enäniň, Watanyň nämedigini özgelere öwretmäge maňa hukuk berdi.»
Mälim bolşy ýaly, söýgüli Pygamberimiz hem ýetim bolup dünýä inýär. Kakasy entäk Ol dünýä inmänkä aradan çykypdy. Soňra gül-gunçasy ejesini, has soň bolsa iň eziz atasyny ýitirdi. Şeýlelikde, on iki ýaşly çagaka hossarsyz ýetim galdy. Şonuň üçin ýetimlere hossar çykmak, olara gözegçilik etmek, şol wagtyň özünde Älemleriň Serweri Hezreti Muhammet sallallahu aleýhi weselleme wepalylygymyzyň alamaty bolar.
Mertebesi belent Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruhnama kitabyndaky «Patyşalar öýsüzleriň we ýetimleriň atasydyr. Patyşa olara atalaryndan hem artyk hossarlyk etmelidir» diýen pähimi öz durmuşynda artykmajy bilen görkezdi. Ol ýurdumyzyň ýetimleri üçin aýratyn jaý gurdurdy. Ýetimleriň kemsinmezligi üçin adyny «Döwletliler köşgi» diýip atlandyrdy. Sebäbi olaryň atasy hem hossary eziz Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy.
Hawa, ýetimler baradaky edep-ekramy şeýle düşündirmek mümkin.

■ Ýetimiň malyny nähak ýere iýmeli däl

Gurhanda bu barada şeýle aýdylýar: «Ýetimiň malyny nähak görnüşde iýýänler, hakykatda, garynlaryna ot doldurýandyrlar. Olar alawly oda (dowzaha) girjekdirler» (Nisa, 10).
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem ynsany heläk eden ýedi uly günäden biriniň ýetim malyny iýmekdigini belleýär. Rowaýata görä, ýokardaky Nisa süresiniň 10-njy aýaty inende, sahabalar günä girerin öýdüp, ýetimlerden daş durup başlapdyrlar we işlerine goşulmaýarlar. Soňra şu aýat inýär.
«Senden ýetimiň maly hakynda soraýarlar. Olara aýt: Ýetimiň malyny goramak we ýagdaýyny gowulandyrmak, siziň üçin olaryň işine goşulmazlykdan has haýyrlydyr. Eger ýetimlere hossar bolup, bilelikde ýaşasaňyz, onda olar siziň doganyňyz bolar. Olaryň ýagdaýyny gowulandyrany-da, mal we ýagdaýlaryny harlaýany-da Alla has gowy bilýär» (Bakara, 220). Şeýlelikde, musulmanlaryň ýetimiň işleri bilen gyzyklanmalaryny, ýöne haksyzlyk etmezliklerini salgy berýär.

■ Ýetimi iýdirip-içirmek we geýindirmek

Garyp bolan ýetimleriň iýdirilip-içirilmegi, maddy zerurlyklarynyň üpjün edilmegi musulmanlaryň borjudyr. Allatagala musulmanlaryň halyny şeýle suratlandyrýar: «Garyba, ýetime ýesire ak ýürekden iýdirip-içirýärler (yzyndan şeýle aydýarlar): – Sizi diňe Allanyň razylygy üçin iýdirýäris, sizden hiç zada tamakinçiligimiz ýok, sag bolsun hem aýtmasaňyz bolýar.» (Ynsan, 8-9). Pygamberimiz-de bu babatda şeýle aýdýar:
Musulmanlardan kim bir ýetimi iýdirip-içirse afuw edilmejek derejede uly günäsi ýok bolsa, Alla ony jennetine salar,» (Tirmizi). Başga bir hadysynda: «Saçagynda hemişe Ýetime hezzet edýän adamlaryň saçagyna şeýtan asla ýakynlaşyp bilmez.» (Taberany).

■ Ýetime minnet çekdirmezlik we ony kemsitmezlik

Dinimiz ýetimiň kemsidilmegim, eden ýagşylygyň sebäpli minnet astynda goýmaklygy halamaýandyr. Olara hemişe tamakinçiliksiz ýardam bermegi we muny edende bolsa mylakatly bolmagy ündeýär. Bu barada Allatagala hut Resuly Muhammet aleýhissalama ýüzlenip şeýle aýdýar: «Rabbyň sen ýetimkäň saňa hossar çykmadymy? Sen garypkaň baýatmadymy? Onda senem ýetmi arkasyz görüp, ony kemsitme, dilegçini bolsa gahar bilen eli boş kowma.» (Duha, 6-8-9-10). Maun süresinde bolsa: «Seretsene, dini, kyýamat-magşar gününi, hasaby ýalan diýip kabul etmeýäne! Ol ýetime azar berip kemsidýär, garyby doýurmagy hiç hili höweslendirmeýär.» (Maun, 1-3). Pygamberimiz bolsa şeýle aýdýar «Ýetimiň başyny sypala, ajy doýur» (Ahmet bin Hanbel).
Allanyň bu buýruklaryny, Pygamberimiziň öwüt-ündewlerini bilýänler ýetime hossar çykyp, oňa ýagşylyk bilen seredipdirler we olara hemişe mylakatly bolupdyrlar.

■ Hossarsyz kişilere hemaýat etmegiň edebi

Allatagala ýaradan her bir zadyny beýik hikmetler bilen ýadandyr. Ol ýaradanlaryny hemişe söýgüsi we merhemeti bilen gurşaýandyr. Daşyndan göräýmäge adalatsyzlyk rehimsizlik ýaly görnüp duran zatlaryň aňyrsynda birgiden hikmetler ýatandyr. Biz olary hemişe doly görüp bilmeýäris we älemde bolup geçen hemme zada aňymyz ýetenok. Ynha, olardan biri-de adamlaryň käbiri doga şikesli bolsa käbiri baý-garyp görnüşde ýaradylandyr. Aslynda, Allanyň ynsanlary dürli görnüşlerde, aýratyn ukyplar bilen ýaratmagy hem Onuň rahmetiniň we merhemetiniň alamatydyr. Çünki şeýle bolmadyk bolsa, ýagny her kim hemmetaraplaýyn deň derejede ýaradylan bolsady, jemgyýetde deňagramlygy, parahatlygy we adalaty üpjün etmek mümkin bolmazdy. Şeýle hem synagyň manysy ýiterdi we ak bilen garany, ýagşy bilen ýamany biri-birinden aýyrmak kyn bolup galardy.
Hawa, jemgyýetde her kim deň däl. Hossarsyz, hemaýata mätäç ýetim, garyp, dul, maýyp, hassa, garry, ençeme ynsan bar. Maddy taýdan baý we gurply adamlar bilen wezipeli ýolbaşçylar başda durup güýji ýeten her bir adamyň hossarsyz kişilere arka çykmagy, olaryň zerurlyklaryny üpjün etmegi gulluk borjudyr we musulmanyň sypatydyr. Hossarsyz kişilere hemaýat edenler hakynda Pygamber aleýhisselam şeýle buşluk berýär: «Dul aýallaryň we bir günlük iýer-içere zady bolmadyk garyplaryň eklenjini üpjün eden musulman Alla ýolunda urşa gatnaşan ýa-da gijesini namaz okap, gündizini orazaly geçiren kişi ýalydyr» (Buhary, Müslim) Başga bir hadysynda bolsa şeýle aýdýar: «Bir musulman egin-eşige mätäç bir musulman doganyny geýindirse, Alla-da oňa jennetiň ýaşyl hullesini geýdirer. Aç bir musulmany doýran kişini-de, jennetiň ir-iýmişleri, miweleri bilen doýrar. Suwsuz galan bir musulmanyň teşneligini gandyrsa, oňa-da Alla «Rahyky Mahtum» diýilýän jennet şerbetini içirer» (Ebu Dawut, Tirmizi).
Musulmanlaryň biri-birlerine ýardam bermegi, arkalaşmaklary zekat we sadaka arkaly berjaý edilendir. Jemgyýetçilik durmuşda arkalaşmak, ýardamlaşmak, agzybirligi, parahatçylygy, birek-birege sylag-hormaty we ynamy netije berer. Bu bolsa zekat we sadaka arkaly gazanylar. Şonuň üçin baýlara hüşür-zekat bermeklik parz edilipdir. Adamlaryň eli açyk, jomart bolmaklary üçin bolsa sadaka bermekligi nesihat edilipdir. Bu barada Gurhanda şeýle aýdylýar: «Alla ryzk meselesinde, käbiriňizi beýlekiňizden üstün kylandyr» (Nahl, 71).
«Olaryň (baýyň) malynda gedaýyň, pakyr-pukaranyň haky bardyr» (Zariýat, 19).
Hossarsyz adamlara hem ýardam berende, iýdirip-içirende, geýdirende tamakinçiliksiz, minnet çekdirmezden diňe Allanyň razylygyny baş maksat etmeli. Bu meselede juda seresap bolmaly, eden haýyr-sahawatymyzyň sogabyny şu dünýäde günä işe öwürmäliň!
Hawa, bütin bu aýat we hadyslar ýetim we hossarsyz kişileriň hukuklaryny goramak, olara hemaýat etmek musulmanyň wezipesidigini görkezýär. Bu wezipe ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda ýetimiň, hossarsyz kişileriň, dul aýallaryň başyna geljek her dürli erbetliklere musulmanlar jogapkärdir. Bu jogapkärlik duýgusy bilen hereket etmek, töweregimizdäki ýetim we hossarsyz adamlara kömek goluny uzatmak musulmana gelişýän bir hereketdir.
Her bir döwürde jemgyýetçilik durmuşyň talaplaryna laýyklykda haýyr-sahawat guramalary döredilipdir. Häzirki günlerimizde «Döwletliler köşgi», «Garrylar öýi» ýaly jaýlar ýetimlere we hossarsyz kişilere hyzmat edýändir. Bu guramalara her dürli haýyr-sahawat kömegini etmek her birimiziň borjumyzdyr. Diňe Alla razylygy üçin edilen, dinimiziň emir eden, milletimiziň gadymdan dowam edip gelýän bu asylly däbini dowam etdirmek, ony ak ýürekden ýerine ýetirmek hökmandyr.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 32 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Türkmenistanyñ Müftüsiniñ müdiriýet | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: