00:58
Haýrana derek

HAÝRANA DEREK

Özüňden gör,özge däl,
Oýlan haýrana derek.
Bolsun ýagşy niýet-päl,
Ahmyr-armana derek.

Giň açylsa gözleriň
Şirin bolar sözleriň,
Hiç gyzarmaz ýüzleriň
Gara dumana derek.

Mukaddesdir maşgala,
Maşgala bol baş gala.
Öz-özüňi daşlama
Ýumşak endama derek.

Pikir et kän zat hakda,
Bolman çyndan uzakda,
Oýun köpdür pelekde
Rahaty jana derek.

Aýdyň saýma ýollaryň,
Tümlük sagu-sollaryň,
Bigam bolmaz hallaryň
Ugur-rowana derek,

Güneş nury kem düşmez,
Hemme kişä deň düşmez,
Gara göze nem düşmez,
Akylu-aňa derek.

Garaýolly,bolany,
Biraz sakla galamy!
Çyna öldürt ýalany,
Eýle nyşana derek,

Şyhymyrat ABDYLLAÝEW.
27.01. 2021.ý

Категория: Goşgular | Просмотров: 38 | Добавил: Garaýolly | Теги: Şyhmyrat Abdullaýew | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: