15:25
Türkmende garyndaşlar we goñşular arasynda arkalaşmak däbi
TÜRKMENDE GARYNDAŞLAR WE GOŇŞULAR ARASYNDA ARKALAŞMAK DÄBI

Saparmyrat TÜRKMENBAŞY:
Türkmende adam şahsyýetine onuň diňe özüne seredip däl, eýsem, çykan neberesine, maşgalasyna bakybam baha berilýändir. Ilki bilen neberä seredilýändir. Şeýle ähmiýetliligi üçinem, bizde garyndaşlyk edebiniň şertleri elekden geçirilendir we anykdyr.
Mukaddes Ruhnamadan


■ Garyndaşlyk (Sylaýy rahym)

Üç asyrdan Garaşsyzlyk günlerimize çenli türkmenleriň ykdysady, syýasy taýdan beýleki ösen döwletleriň golastynda maddy taýdan pes derejede ýaşamaklaryna garamazdan, milliliklerini ýitirmezlikleriniň, talak hadysalarynyň azlygy, neşe ýaly ýaramaz endikleriň we uly jenaýatlaryň köp ýaýramazlygynyň sebäpleriniň biri-de, elbetde, garyndaşlar we goňşular arasyndaky arkalaşmak däbidir.
«Türkmen garyndaşçyl halkdyr. Garyndaşlyk duýgusy türkmende iň ösen duýgularyň biridir... Döwletiň, milletiň – Watanyň bähbitlerine ters gelmedik ýerinde, garyndaşlyk hem, garyndaşçyllyk hem oňat zatdyr... Türkmen pelsepesinde garyndaşsyza kuwwat ýokdur diýip tekrarlanýar...
Garyndaşlyk duýgusy ajap duýgudyr. Çünki ol duýgy hem süňňüňden, hem kalbyňdan gaýnap çykýan tämiz we arassa duýgudyr. Garyndaşlyk duýgusy milli duýgynyň deslapky görnüşidir. Enesini söýmedik Watanyny, garyndaşyny söýmedik milletini söýýän däldir. Garyndaşlyk duýgusy ýürek-ruhy duýgy bolan milli duýgynyň başlangyjy we tebigy esasydyr. Diňe şol duýgynyň basgançaklary arkaly ýokary galyp, millete guwanç, millete buýsanç duýgusynyň belentligine ýetip bolýandyr.» (Mukaddes Ruhnama kitabyndan).
Yslam dininde garyndaşlyk gatnaşyklary «Sylaýy rahym» sözi bilen düşündirilendir. Allatagala ezeli kelamy Gurhany kerimde, Hezreti Muhammet (sallallahu aleýhi wesellem) bolsa öz sözlerinde zekat ýaly parz ybadatyň yzyndan garyndaşlar arasyndaky gatnaşyklar barada agzamagy (seret Nisa, 6), onuň dinimizdäki ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Alymlar garyndaşlar arasynda hoşniýetli, mylakatly we netijeli gatnaşyklaryň edilmegini parz, bu gatnaşyklaryň üzülmegini bolsa uly günä hasap edipdirler. Gurhany kerimde bu barada şeýle aýdylýar: «Adyny ýatlap, özüni wesile tutunyp, birek-birege dileg etdigiňiz, Alla hormat goýmazlykdan we garyndaşlar arasyndaky gatnaşyklary üzmekden säginiň» (Nisa, 1). Pygamberimiz hem bu barada şeýle aýdýar: «Alla we ahyrýet gününe ynanan adam garyndaşyna hemaýat etsin» (Buhary). «Garyndaşlary bilen gatnaşygyny üzen kişi jennete girip bilmez» (Buhary, Müslim). «Her kim ryskynyň bolelin, bereketli bolmagyny we ajalynyň gijikmegini isleýän bolsa garyndaşlaryna hemaýat etsin» (Buhary, Müslim).

■ Garyndaşlygyň görnüşleri

Türkmeniň milli häsiýetinde diňe eje-kaka we çagalardan emele gelen maşgala gurluşygy ýokdur. Ene-ata, baba-mama, uýa-aga, daýy-daýza, agtyk we beýleki garyndaşlaryň hemmesi maşgala agzasy hasap edilýär. Gerek ýerinde olardan biri ýardama mätäç bolsa oňa arkalaşmak türkmençilikde gaty aňyrdan gelen däplerdendir.Yslam alymlary garyndaşlygy ýakyn garyndaş, daş garyndaş diýip iki topara bölüpdirler.
Ýakyn garyndaş, özleri bilen nikalaşmak haram bolanlar we mirasdarlardyr. Olar ene-ata, baba-mama, eje-kaka, uýa-aga, daýy-daýza, ogul-gyz we agtykdyr. Bulara türkmençilikde süňk hossar diýilýär.
Daş garyndaş, bir gandan bolan eje we kaka tarapyndan ähli garyndaşlardyr. Daş garyndaşlygyň çägi jemgyýetçilik gatnaşyklarynda arkalaşmak taýyndan has giňdir.

■ Garyndaşlyk gatnaşyklary

Garyndaşlyk gatnaşyklaryny şeýle sanamak mümkin.
Olar bilen mylakatly gatnaşmak, özleri barada hemişe ýagşy pikirde we ýagşy dileglerde bolmak.
Baýramçylyklarda, belli günlerde hökman görme-görşe gitmek, hal-ýagdaýlaryny soraşmak, has-da gany-gojalaryň göwnüni almak, kiçijik bir sowgatjyk bilen olary begendirmek.
Ajy we süýji günde begenjini we gynanjyny deň paýlaşmak. Goldawa mätäç ýagdaýynda hemaýat edip arkalaşmak.
Hawa, türkmen daýzany ejäniň, agany kakanyň ornunda goýupdyr. Eger birine sadaka beriljek bolsa, ilki öz garyn- daşlaryndan mätäç bolanlaryň zerurlyklary üpjün edilmeli. Çünki Pygamberimiz bu barada şeýle aýdýar: «Garyba berlen sadaka, sogap taýyndan bir sadakadyr. Eger bu sadaka garyndaşlaryň mätäç bolanyna berilse, iki esse sadaka sogaby bardyr. Biri sadaka, beýlekisi garyndaş bolany üçindir» (Tirmizi).
Mukaddes Ruhnama kitabynda garyndaşlyk edebiniň düzgünleri şeýle suratlandyrylýar: «Garyndaşlaryň bilen süýji dilli bol, hemdem, hemsöhbet, hemdert bol, çünki sen olar bilen kökdeşsiň! Sen sebäpli olaryň ýüzi gyzmaly bolmasyn...
Garyndaşlara biperwaý, sowuk bolma! Ýakynkaň, ýat boljak bolmak nä görgiň?!.,
Garyndaşyňa goldan gelse, kömek-ýardam ber! Türkmen arkalaşykly halkdyr, biriniň başyna iş düşse, keseden biperwaý seredip durup bilýän däldir, hökman tekge berýändir...
Garyndaşlaryň toýuna-ýasyna barmazlyk edepsizligiň iň ýaramazydyr. Ýadyň toýuna çagyrylanyňda barylýandyr, garyndaşyňka çagrylmasa-da, barlar. Garyndaşdan çakylyga garaşyp, öýke-kine etmek ownukçyllykdyr, beýle zat türkmençilikde ýokdur...
Garyndaşyň ýasynda aýak salyp oturmak gelşiksizdir, ýaşuly bolsaň, aýat-doga okap, öz borjuňy ýerine ýetirmeli, ýaşkiçi bolsaň, ähli ownuk-düşek hyzmatlara häzir bolmaly.
Garyndaşlaryň bilen mylaýym gürleş! Uly bolsa: aga, daýy, daýza, gelneje diýip, kiçi bolsa: ini, jigi, uýa, ýegen diýip gürleş! Söz - gudratdyr, ol garyndaşlar arasyndaky mähribanlygy artdyrar.
Garyndaşlaryň bilen mal-mülk, miras, zat üstünde tersleşme! Iň oňat miras ötenleriňden galan at-abraý we olardan alan edep-terbiýäňdir.
Garyndaşlykda algy-bergi etmek adatdyr. Garyndaşyňdan zady gysganma...
Garyndaşyňy kyn günde golda! Özüň mätäç däl, özüňe mätäç bolnanda, seniň garyndaşlygyň hakyky bahasy bilinýändir...
Garyndaşlara göriplik - kalbyň betnyşanlygydyr. Ata- babalaryň öňünde dönük hem bigaýrat bolmakdyr...
Bikemal garyndaşyň gep-gybatyny etme, oňa oňat garyndaş bolmagyň nusgasyny görkez!
Garyndaşdan öýkeleme, öýkesini ýaz, garyndaşdan göwün etme, göwnüni gör!»
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 24 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Türkmenistanyñ Müftüsiniñ müdiriýet | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: