23:59
Uzak-uzak ýyllar / roman
PROLOG

Oba aralaşan badymyza burnumyza güýzüň şireli, salkyn şemaly urup gitdi. Günuzyn awtobusyň üstünde oturyp, aran ýolagçylara birden gozgalaň aralaşdy. Olaryň ýadaw ýüzüne şatlyk alamatlary çaýyldy. Her kim gygyryp gürleýärdi. Sähelçe zada şowhun edip gülüşýärdiler.
Menem özbaşyma ýylgyrýardym. Dogrymy diýsem, penjirä garap, ýolagçylardan çekinip ýylgyrýardym. Nämä ýylgyrýanymy özümem duýamokdym. Diňe gursagmyň şatlykdan dolup-daşanyny duýýardym. Ýüregim süýjüje tyrsyldaýardy. Kükregim sergin howanyň ählisini özüne soraýsam diýýärdi...
Duralgada adamlar awtobusdan basa-bas bolşup düşdüler. Ýolagçylary garşylamaga çykanlaram ep-esli bardy. Men maşyndan düşenimde bolsa olaryň ählisi alagaraňkylygyň gujagyna siňip, diňe gaty-gaty gürrüňleşýän sesleri eşidilýärdi.
Birsalym duralgada aýak çekdim. Töwerek maňa düýbünden nätanyşdy. Duşumdan geçýänlerem nätanyşdy. Diňe güýzüň sergin howasy, öleňlerden akyp gelýän salkyn akym nätanyş däldi. Bu akym meni özüniň lezzetine gark etjek bolýana, näçe ýyllap küýsäp, näçe ýyllap arzuwlap gezen oglany birden gandyraýjaga çalym edýärdi. Bu salkyn howadan çagalyk döwrümde mähriban adamlaryň üstünden kükän, meniň bütin ömrüme doýup bilmedik mähriban ysymy alýardym.
Arkadagym, obam. Gör, men näçe ýyllap ýürek üzüp küýsänimi seniň goýnuňa basan ilkinji ädimimden tapdym. Eziz obam, eziz obam...
Nirä, kimlere barýan?! Kimim bar bu ýerlerde?! Meniň bu bolgusyz, gamgyn sowallara jogap beresim gelenok. Obam bar ahyry. Eziz obam. Heý, ýekeje eziz zady bolanam bir kemsinermi?!
«Ilaman jan, git käbäm. Sen indi tutuş respublika belli adam. Adyň bar abraýyň bar. Şol obada haýsy öýe baranyňda myhman alynmarsyň. Git, köşek, çekinip ýörme...»
Daýzamyň özelenip ýalbarmasy ýöne ýerden däldi. Demir ýolda işlän otuz bäş ýylymyň içinde, gör, näçe gezek bu mähriban ýere gaýtmak isläpdim. Emma, iş, çagalar, aý, garaz wagt tapylmady. Onsoňam, bu ýerde kimim bar?
Ýöne, geçen ýyl Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýip at dakansoňlar welin, oba ýatlamalary, oba gitmek höwesi meniň ýüregimde ýara bolup dömdi.
Daýzamam meniň şol bir gürrüňlerimden ýadan bora çemeli. Her görende «git, git» bilen goýmaýardy.
«Illi jan, sen öňki ýetim oglan däl ahyry, sen FZO-nyň okuwçysam däl. Işçi. Öz ilini, obasyny unudýan adamlar halanýan däldir. Git, tanyşlyk aç, gatnaş. Sen ilki bir gidip gel, soň menem ýegenleri alyp giderin...»
Wah, daýzajan, daýzajan, ine geldimem-dä, ýeri, indi nirä baraýyn?!
Uly asfalt ýol bilen öňe garşy ýöräp başladym. Öňüm tümüstan garaňkylyk. Garaňkylygy iki bölüp barýaryn. Ýoluň gyrasynda, baglyga bürenip oturan öýlerden haýsydyr bir bagşynyň tanyş owazy eşidilýärdi. Klubda kino gidýäne meňzeýär. Adamlar topar-topar bolup garşymdan çykýarlar. Olar kino barýan bolsalar gerek.
– Salowmaleýkim! – Kimdir biri ýiti-ýiti seredip geçip gitdi. Zordan – Salowmaleýkim – diýip ýetişdim. Öz-ä birhili tanyş ses ýaly. Tanyş! Gör, eýýäm, ikinji tanyş! Nähili eziz zat, Eýsem, iň eziz zatlaryňy doglan obaňdan tapman, başga nireden tapjak ahyry?
Tanyş ses... Kimiň sesikä? Megerem, meniň ýatlamalarymyň, ýürek depderimiň gatlaryna siňip gidep adamlaryň biriniň sesidir? Belki...
Men howlugýardym. Häzir welin howlukmak gerek däldi. Men bu ýere gyssag iş bilen gelemok ahyry. Öz obama geldim. Meni ösdüren, ulaldan, höwürtge bolup soňam uçmaga medet beren obama geldim. Obam – öýüm. Heý, öýüne gelenem howlugarmy? Ýok, eziz öýüm, men howlugamok.
Asfalt ýol şol gidip otyr. Men onuň gyrasyndaky baýra dyrmaşaryn. Bu ýerde «Ynkylap» kolhozynyň sklady bardy. Indi onuň üsti boş meýdan bolup dur.
Depäniň üsti hasam salkyndy. Aşakda oba hem sal kynlyga çümüp, gijäniň owadan lybasyny üstüne büräp otyrdy. Obanyň yşyklary bolsa toý köýnegine düzülen ýakut monjuklar kimin gyzyl ýaýyrt bolup lowurdaşyp ýatyrdylar.
Günuzynky ýadawlykdanmy, ýa-da obanyň lezzetine melullykdanmy, gaty ýer maňa ýelek düşekçeden hem mazaly görünýärdi.
Asman neneňsi owadan?! Ýyldyzlar nurly gözlerini balkyldadyp, şeýle bir ýakyndan garaýardylar, gözüňi gyrpyldadaýmasaň, edil gözüňe düşjege çalym edýärdi.
Hana, biziň ýaşan öýümiz, ol ýedigeniň ýedinji ýyldyzynyň aşajygynda, sekizinji ýyldyz ýaly bolup oturandyr. Biziň mellegimiz, erik agajy, göwnüme bolmasa olaram görünip duran ýaly.
Ýok, olar görünmeýärdi, görnende-de indi biziňki däl. Bir wagt, uzak-uzak ýyllar mundan öň biziňkidi. Indi welin, däl.
Men oba bilen hoşlaşan günümi ýatlajak boldum. Hiç hakydama gelenok. Diňe bir zady bilýän. Daýzamy Aşgabada işe çagyrypdylar. Olam meni ýeke goýup gitmejek bolýardy.
– Jan, Illi jan, bileje gideli. Okarsyň, hünärlije bolarsyň. Ondan soň gaýdyber. Sen hor-homsy bolup ýörme. Gideli, soň häli-şindi habar tutar durarys.
Meniň obany taşlap gidesim gelenokdy. Daýzam welin has ynamly deliller getirýärdi. Ahyry yryldym.
Yrylmagyma sebäp bolan esasy zadam, dädem janyň indi bu dünýede ýokdugy baradaky habar bolupdy. Ony dädem bilen bileje söweşen, ony ukrain topragynda öz eli bilen jaýlan Gurban Çary diýen adam getiripdi. Gurban aga uruş gutaryp, oba gelse meni tapjagyna, habaryny ýetirjegine söz beren eken. Ol sözünde tapyldy. Ýöne ol habar meniň iň soňky umydymy elimden alypdy.
Ine şeýle günleriň birinde Goçakly frontdan geldi. Ol ilki onda, munda ýaşady. Soňam meniň ýanyma geldi. Maňa köp-köp göwünlik berdi. Ýöne başga hiç zat soramady. Soranda-da men oňa hiç zat aýdyp berip biljek däldim. Ol gaýtjak bolanda çekinjeňlik bilen sözledi:
– Inim jan, men bir maslahata gelipdim. Makul bilseň aýdaýyn. Diňle, soňam oýlanyp gör.
Ol kynlyk bilen habaryny aýtdy:
– Men, men Ene gelnejeňi nähili görerdim. Şoňa ýetjek bolup ölümiň içinden, gabryň gyrasyndan gaýtdym. Heý, beýle edäýmek bolarmy? – Goçakly uludan birki gaýta dem aldy-da gaty-gaty gepläp başlady.
– Men ony henizem gowy görýän. Näme-de bolsa, meniň şu ýerden gidesim gelenok... Ol çuňňur oýa batdy. Birsalymdan ýüzüme dikanlady.
– Sen, inim, öýüňiziň ýanyndan jaý salmaga rugsat ber. Senem... menem ýeke, bileräjik bolarys, birek-birek bilen arkalaşypjyk ýöreris.
Men Goçakla näme diýjegimi bilmedim. Ene ýogalansoň onuň öýüniň derde ýarar ýaly zadyny Meretgül äkidipdi. Hatda olaryň jaýynyň üstüne goýlan agaçlaram söküp äkidipdi. Goçaklynyňky düşnüklidi. Harabany dikeltjek bolanyňdan, täzeden jaý guranyň müň paý amatlydy.
Goçakly meniň jogabyma garaşýardy. Men näme diýeýin? Näme jogap bereýin. Men saňa düşünýärin, Goçakly aga, seniň niýetiň gowudygynam duýýan.
– Goçakly aga, men okuwa gitjek bolup ýördüm. Bolmasa... bolmasa sen biziň jaýymyzda boluber...
– Wah, inim, özümi tutýançam beýle döwletli maslahatyň bolsa näsini diýýäň. Ine okuwyňy tamam edip gel. Şu öýde ikimize-de el ýaly ýer tapylar. Ikimizem hor bolmarys. Okasyň gelse oka, işläsiň gelse, gel-de işläber...
Şondan soň köp wagt geçmänkä Aşgabada gaýdypdyk. Men demir ýol ugrundan FZO okuwa girdim.
Ýadyma bir zat düşen ýaly boldy. Ýanky salam berenem Goçakly aganyň sesi bolaýmasyn.
Günbatardan gelýän akym has sowaýardy. Obanyň yşyklaram seýrekleşipdi. Meniň welin ýerimden galasym gelmeýärdi. Duýgularym, pikirim şol eziz günleriň gujagyna atmaga meni taýýarlaýardylar. Men bolsa şo-ol günleri ýatlajagyma hem begenýärdim hem gynandym.

BIRINJI BÖLÜM

1.

Bu günki jöwza türkmen tomsunyň gelip ýetendiginiň alamatydy. Howlynyň ortasyndaky erigiň nowçalary hut şu gün göze ilip başlapdy. Erigiň saýasyna özüni atan torgaýlar bolsa çüňklerini haçja ýaly edişip, ysgynsyz ýaltaklaşýardylar. Serçeleriň jürk-jürki ynjyly çykýardy. Ýolda-yzda adam-gara görünmeýärdi. Yssy özüniň ýalyndan ýaňa titräp duran perdesi bilen obanyň ýollaryny baglan ýalydy.
Diňe Ilaman bu yssyny duýanokdy. Ol inçejik boýnuny süýndürip, kiçijik penjireden gaýtý-gaýta ýola garaýardy. Gözjagazlaryny balkyldadyp kakasynyň geläýjek ugurlaryny çyny bilen yzarlaýardy. Kakasy bolsa geler ýerde gelenokdy. Oglanjyk garaşmakdan ýadady. Ahyry ýeňiljek göwresini keçäniň üstüne goýberdi.
Ilaman oýananda garaňky gatlyşypdy. Kakasy jaýyň öňüne, teläriň aşagyna ýazylan keçäniň üstünde çaý içip otyrdy. Muny gören oglanjyk diýseň begendi. Ylgap baryp onuň ýanyna çökdi.
– Däde, haçan geldiň?!
– Häli, oglum.
– Men bolsam, saňa kän-kän garaşdym.
– Iş çykdy, köşejigim.
Oglanjyk kakasyn gysmyljyrady. Kakasy tüňçeden çaý guýup, saçagyň üstünde duran käsäni çaýkady. Soň oňa keýik aşygy ýaly gowurdak atyp, üstüne çaý guýdy. Saçakdan ep-esli çörek döwüp aldy.
– Çaýçorba bilen iý, garynjygyňy doýur, ajygansyň. Onsoňam, gowja ýatdyňmy?
Oglan ýylgyrdy.
– Hawa, gowja ýatdym. Däde, bilýäňmi, men düýşümde kimi gördüm?
Ýaşuly ogluna çiňňerilip garady. Ol oglunyň berjek gürrüňi şeýle möhüm ýaly ykjamlandy.
– Kimi?
Oglan göwnündäkini birbada aýdyp bilmedi. Ol häzir aýtjak zadyna birhili ynanmaýan ýalydy. Ol eger bu gürrüňi aýtsam «kakam ynjaýmasyn» diýýän ýalydy.
Emma ol kakasyny aldap, ony köp garaşdyryp biljek däldi.
– Ejemi gördüm!
Oglan ýüzüni sallady. Kakasy-da uzaklara dikilen gözlerini ogluna aýlamady. Ýene oglan başlady.
– Bilýäňmi, däde, näme? Ejem şeýle bir ýakynyma geldi. Saçymy sypalady. «Mert bol, oglum. Seni gaýgy edýän, dädeňi gaýgy edýän» diýdi. Soň ýene-de kän zat Diýdi. Ol şeýle bir owadan, şeýle bir owadan. Men ony ýanjagazyndan synladym. Ol «Dädeňi göresim gelýä-dä» diýdi. Soň bolsa bir ýere gidipdir.
Kakasy ýene-de oglunyň ýüzüne garap bilmedi. Oglanjygyň gussaly ýüzüni oňa garamasa-da görüp durdy Aýalynyň didaram alyslardan oňa garaýardy. Bularyň bary onuň ýüreginde bent alan duýgulary gaýnara getirýärdi. Emma oglunyň ýanynda beýdip oturasy gelmedi. Gürrüňi başga ýana sowasy geldi. Ýöne bolmady.
– Oglum, oglum! Ejeň gowy adamdy. Mähribandy, dünýädäki ähli aýallaryň iň gowusydy, köşek.
Oglan dikeldi. Ol kakasyna gysmyljyrady.
Aşak tarapdan ýyljajyk şemal öwüsýärdi. Şol şemaldan bozaganyň, ýowşanyň delje ysy kükäp durdy Emma oglan muny duýmady. Onuň Ähli ünsi kakasyndady. Kakasy bolsa ogluna ähmiýet bermeýän ýaly uzaklara garap otyrdy. Ol guraksy gürledi.
– Hawa, ol «dädeňi göresim gelýär» diýer. Ol aýal däldi, perişdedi. Haýp onuň bagty açylmady. Bizem taşlap gitdi... Görgülim.
Oglan üçin kakasynyň aýdýan sözleri ýöne bir gürrüň bolman, ene hakdaky hüwdüdi. Oglan onuň süýjüliginden meýmireýärdi. Ol mähriban ejesi barada köpräk eşitmek isleýärdi. Ol pyşyrdady:
– Däde, aý däde, ejem barada gürrüň beräý-dä!
Onuň kakasy ýene-de dymdy. ýöne ol öz içinden ýalňyz oglunyň haýyşyny kanagatlandyrmaga taýýarlanýardy.Geçen ýyllary ýekän-ýekän ýatlaýardy. Şol ýyllarda öz aňynda galan suratlary söze geçirmegiň çemini gözleýärdi.
– Kolhoz gurulup başlapdy. Menem Baky baýyň çopançylygyndan çykyp, kolhoza girdim. Maňa kolhoz diýseň garaňky göründi. Pagta ekmeli diýdiler. Pagta nirede gören zadym. «Oňarman» diýýän. «Kyn zady ýokdur» diýýärler. Ahyry ýer sürdük, ýerleri dökünledik. Taýýar ýere tohum gerek.
Tohumy gaty uzakdan, demir ýol assansyýasyndan getirmeli. Ine, şonda maňa-da iki ýaby goşulan araba berdiler. Heziller edindim.
Assansyýa ikinji gezek gidişimdi. Ýagyş ýagýardy. ýol jork bolup ýatyrdy. Şonda-da gitdim. Sallahdym. Başga bir güýmenje-de ýok. Sowuk ýagyş şeýle bir guýýardy welin, edil ýer bilen asman bitişen ýalydy. Araba tohumlyk çigit ýüklediler. Durdy ýasawuly alaýyn diýip assansyýa bardym. Ol wagtlar ýanymyzda tüpeňli-zatly ýasawul bordy. Ýogsa, çigidi-beýlekisi bilen ýandyrylyp taşlanan neresseler bolupdy.
Bardym. Ýasawul ýok. Assansyýa adamdan hyryn-dykyn doly. Garaşdym. Gelmedi. Aý, gaýdaýyn diýip durdym. Ýabylaryň uýanyny silkenimem şoldy. Biri jynssyz gygyrýar.
– Dur-r!.. Dur, gitme! – Ýasawuldyr öýdüp seredýän. Ýok. Silkme telpekli, gyrmyzy donuň üstünden hywa don geýnip, bilini çekip guşan dolmaç ýaşuly. Onuň täzeje çokaýy ýagşa mazaly ezilipdir. Gahardan ýaňa titreýän kellesindäki telpeginiň buýralaryndan iri-iri damjalar şabyrdap pytrap gidýärdi.
– Eý musurman çagasy, dursana. Dur! Haýsy obadan!
– Akçeşmeden.
– Wah, men nädeýin. Sen maňa gulak as, ýigit. Zamana çöwrüldi, ýogsa... Bizi Sibire sürüp barýalar. Hawa, zamanamyz tersine çöwrüldi. Bir ýer tersine çöwrülenok, galany boldy. Ol ýerde näme boljagyny taňrynyň özi bilmese, musurman bendesi bilip bilenok. Aýal-ebtat bary yzanda-çuwan. Hawa... – Ýaşuly gahardan ýaňa sandyraýardy. Ol gyp-gyzyl, gahardan püre-pür bolan gözlerini maňa dikdi.
– Hawa, bir gyrnagymyz bar. Şol bir kapyra ýal bolmasyn. Şoňa eýe bol. Kim bilýä Sibirinde-gabrynda başymyza näme melamat, näme şumluk gopjak.
Ýaşuly gitdi, ep-esli wagtdanam bir maşgalany yzyna tirkäp getirdi. Ol maşgala ýaglygyny çümreräk atynyp ysgynsyz eňreýärdi.
– Waý, meni taşlamaň. Sadagaň bolaýyn, meni taşlama. Ölsemem siziň bileň öleýin, arkadagym!
– Kes sesiňi! Min araba! Gara maňlaýyňdan gör. – Ýaşuly hökümli gürledi.
Ol getiren maşgalasyny araba mündürip, yzyna garaman gitdi. Diňe, wagonyň gapysynda duran ýaragly adamlaryň oňa haýbat atanyny görüp galdym.
Men otly ugraýança garaşyp durdum. Ýaşuly dolanmady. Ýagşyň şabyrdysy bilen şol maşgalanyň eňremesi diýmeseň, assansyýa gugaryp galypdy.
Ýabylar tanyş ýola düşdüler. Ýagyş şo-ol ýagyp durdy. Arabanyň üstündäki maşgala bolsa eňräp otyrdy. Men welin oýa batdym... Kimkä ol ýaşuly. Meger bir baýdyr. Ony ähli maşgalasy bilen sürgün edendirler. Bu hem onuň hyzmatyny edip ýören ýetim biçäredir. Baý ony aýal edinip, indem göçhä-göçlükde ýük görüp taşlap gidendir. Ah, zalym baý, ah, garawsyz biçäre gyrnajyk. Hawa, zamana her kimiň päline görä ömür berer. Zalyma gargar, biçäräni ýalkar. Ine, menem ýalkandym ahyr. Öň menem gargalypdym.
Öýe daňdanlar geldik. Arabany gapyda saklap, ol maşgalany öýe çagyrdym. Öýde un bolsa-da, çörek bişirinmäge wagtym bolmandy. Kendirik doly bolsa-da, saçak boşdy. Şonuň üçinem çaý goýup oturmadym-da içmegimi töre ýazyp, çäkmenimi aýagujuna goýdum. Soň özüm sklada gitdim.
Çigidi sklada äkidýänçäm, düşürip ýabylary kanuşna tabşyrýançam gün guşluga galdy. Myhmanymyň bardygy öýe gelemsoň ýadyma düşdi.
Myhman maşgala şol öňki oturan ýerinde otyrdy. Içmek bilen çäkmenem meniň ýazyşym ýalydy. Ol gozgalmandyr.
Men ömrümde aýal-gyz bilen ugurly gürleşip gören adam däldim. Bu myhman bilenem näme gürleşjegimi bilemokdym. Şonuň üçinem ony azara goýubam durmadym.
Suw ýylatdym. Kendirigi orta ýazyp, hamyr etdim. Soň odun getirip, öýüň ortasyndaky ojakda ot ýakdym. Oduň sesi daşardaky ýagşyň sesini basyp bilmese-de, öýi ýylatdy. Ot ýanyp közi galansoň çörek ýasap ýapdym. Myhmanymyň şol oturyşydy. Gyzgynjak çörek, gowurma, çaý taýýarladym. Myhman iýer öýtdüm. Ol ýüzünem açmady. Ol iýmänsoň, meniňem ugrum bolmady.
Men tohum getirmäge assansyýa gitmelidim. Myhmany näme etjegimi bilmedim. Ýabylary araba goşup gapa getirdim. Saçak ortada durdy. Myhman bolsa gyşarypdyr. Ol sowukdan ýaňa titräp ýatyrdy.
Üstüne içmegimi, çäkmenimi ýapdym. Näme etmeli? Bu biçäräni kime tabşyrmaly?! Kimden haraý islemeli?! Näme etjegimi bilmedim. Ýa-da oba şurasyna baryp baryny aýdyp, bu baýyň gyrnajygyny şolara tabşyrmalymy? Şeýle pikirler bilen öýe girdim. Öý garaňkyrapdy. Myhman hyklaýardy.
– Aý, dogan, näme bolýar, saňa? – Ýuwaşja soradym. Ol tisginip gitdi.
Çalaja zaryn seslendi.
– Suw. Suw! – Suw alyp berdim. Içdi. Onuň ap-ak näzik ellerini ilkinji gezek gördüm. Onuň eli titreýärdi.
– Dogan, men seni nirä goýsamkam? Men ýene assansyýa gitmeli.
Myhman ýüzüni açdy. Onuň aý ýaly ýüzüne haýran galdym. Ol gyrnaga däl-de, ertekilerdäki perizada çalym edýärdi. Birden özüme gelen ýaly boldum. Ol özelenip ýalbarýardy:
– Agajan, meni getiren ýeriňe elt, men bagtygara kömek et. Käbelerimiň giden ýoluny bir göreýin. Näme bolsam şolaryň ýolunda bolaýyn...
Men kän oýlanmadym. Arabanyň içine gyşdan galan küdäniň bedesinden düşedim. Onuň üstüne içmegimi ýazdym. Ol araba kynlyk bilen mündi. Içmegiň gyrasyn-da arabadan ýapyşyp oturdy. Onuň arkasyna çäkmenimi ýapdym. Ol ýaglygyny bürenip otyrdy. Ine men indi ony görýärdim.
Ýolda ýagyş diňdi. Käte bölek-bölek bulutlaryň arasyndan aý jyklaýardy. Mem ömrümde birinji gezek aýyň adamzada meňzeşligini gördüm.
Men indi düýbünden başga hilli pikir edýärdim. Zalym baý «gyrnak» diýip iň owadan, iň gözel gyza aýdypdyr. Ol gör kimi ýük görüpdir. Gawunyň gowusyny gör kim iýýän eken...
Assansyýa şeýle çalt geldik. Araba saklandy. Ol maşgala kynlyk bilen düşdi. Soň yra-dara ýöräp ugrady. Men näme etjegimi bilmedim. Ol yzyna garaman gitdi. Onuň yzyna düşüp gitmegi uslyp bilmedim. Baza bardym. Çigit aldym. Indi öňki arkaýynlygym ýokdy. Köp wagtlap ýanymda göteren bir gymmat bahaly zadym galan ýalydy.
Assansyýa geldim. Märekeden doly. Aýlanyp çykdym. Ýok. Lapym keç boldy. Gynandym. Gaýdasym gelenok Agtardym. Töwereklere çenli agtardym. Ýok. Aýagym ädilenok. Nätjek, gaýtmaly. Geldim. Araba mündim. Ýabylaryň uýanyny silkdim. Araba ugrady.
Birden ýabylar sakga durdy. Uýany silkýän. Ýabylar burunlaryny parryldadyp ýer depeleýärler.
Gamçyny alaýyn diýip gapdala egildim. Ýöne gözlerime ynanmadym. Gapdalda myhmanym durdy.
Böküp ýere düşdüm. Araba mündürdim. Ol aglaýardy. Ýöne ýüzi açykdy. Onuň owadan ap-ak ýüzüne, ullakan gara gözlerine, galam gaşlaryna mähribanlyk şöhlesini çaýylan ýalydy.
Bu sapar uýany silkmeli bolmadym, ýabylar keýpihonlyk bilen ýöreýärdiler. Göwün guşum uçdy. Näme hakynda pikir edenimi bilemok. Ýaňaklarym gyzaryp süňňüme-güýç, ýüregime guwanç dolup-dolup gidýärdi.
Öýe gelenimde garaňky gatlyşypdy. Daş çyrany ýakdym. Çaý goýdum. Saçaga gowurma, çörek çykardym Myhmanym saçaga elini uzatdy. Başym göge ýetdi. Begenjimi saklap bilmän ýylgyrýardym...
Ýaşuly oglunyň başyny sypalady. Onuň gözlerine ençeme ýyldan bäri ilkinji gezek guwanç alamaty çaýyldy.
Şol seniň ejeňdi. Ady Sonady. Sona diýseň Sonady. Hawa ilde-günde onuň ýaly maşgala ýokdy. Onuň katdy-kamaty, edep-ekramy, gaýratlylygy gör näçe maşgala degýärdi. Ony hudaý aýratyn yhlas bilen ýasapdyr, oglum.
Oglan kakasynyň sözüni böldi.
– Däde, onsoň näme boldy?
– Onsoň, ogul, öwrenişdik. Ol Kerim diýen uly baýyň uly gyzy eken. Baýy sürgün edip, malyny-mülküni kolhoza geçirmeli edipdirler. Kerim baý gyzynyň ýat ýerlere düşmegini islemän, goýup gitmegi ýüregine düwüpdir. Ol «gyrnagym bar, şoňa eýe boluň» diýip, köp adama aýdypdyr. Emma hiç kim onuň diýenini etmändir. Ahyram, men gabat gelipdirin.
Ýöne bu wakanyň soňy örän ýaramaz boldy. «Baýyň gyzyna öýlenipdir» diýip, meni kolhozdan çykardylar. Iş bermediler. Soň nalaç bolup Akçeşmeden gaýtmaly bolduk. Çynarla gelen ýylymyzam sen bolduň. Adyňy ejeň pahyr goýdy. «Il aman bolsun – il aman bolsa gidenlerimiz aman geler» diýdi. Mazaly hem ejeň diýeni boldy, hem ataň ady geldi. Menem bu bolýan işlere iki bolup bilemokdym, emma soňy armanly eken. Sen dört ýaşanyňda görgüli ikigat boldy. Seni maňa goýubam ýaş üstünden gitdi. Görgüli.
Ilaman indi kakasynyň gürrüňini diňlemeýärdi. Indi ol öz ejesiniň mähriban didaryny görüp başlapdy. Gara gözi balkyldap duran, ap-ak owadan ýüzi çalaja ýylgyrýan mähriban aýal oňa seredip durdy.
Oglanyň gözlerinden gyzgyn zat akýardy. Ol ýaş däldi. Ol ýaşajyk oglanyň päkize ýüreginde eziz enä bolan mähriň çeşmesinden akýan bulakdy. Şol bulak näçe köp çogdugyça, enäniň keşbi oňa ýakynlaşýardy. Onuň didary oglanyň garaja göreçlerinde şonça köp saklanýardy. Ol mähriban keşp şol janlylygy, owadanlygy bilen onuň ýüregine ýazylýardy.
Kakasy oglunyň kellesini sypalap oturyşyna gyryk seslendi.
– Aglama, oglum. Sen ýigit çykdyň. Aýyp bolar. Başym dik bolsa zada zar etmen. Ýurt parahatçylygy bolsa bolýar...
Bu gije şeýle täsin gije boldy. Ataly-ogul ýerlerine geçse-de, olaryň gözüne uky gelmedi. Her kim özü-ne eziz bolan süýji duýgularyň mähir deňzinde gulaçlady, ýüzdi, gulaçlady, ýüzdi. Ahyr syrdaş mährinden doýa ganmadyk ata bilen ene didaryndan doýmadyk ogly tomus gijesi özüniň gujagyna gysdy. Gije bir mähriban didara mätäçlik çekýän bu iki ynsanyň kemis göwnüni özüniň çensiz-çaksyz lezzeti bilen gandyrjaga meňzeýärdi. Aý bolsa örän golaýjaga gelip, ataly-ogluň üstüne kökenek gerip duran şol arzyly didara çalym edýän ýalydy. Ol öz ezizleriniň ýanyndan aýrylmagy juda kyn görýän enä çalym edýärdi. Megerem, ol şu gije bu iki ynsanyň üstüne öz lowurdap duran tylla saçlaryny ýorgan edip ýapypdy. Ömründe ilkinji gezek bir ýerde gozganman durupdy. Megerem, bu şeýle-de bolupdy.
Ilaman oýananda kakasy ýerinde ýokdy. Günüň tylla tyglary erigiň gür ýapraklarynyň arasyndan ötüp, oglanyň endamyna gezelýärdi. Ol ýerinden turdy-da, suw kädiden tüňçä suw guýdy. Daşarda çaý oturtdy. Ýuwundy. Düşekleri ýygnaşdyrdy. Şol wagtam kakasy geldi.
– Turduňmy, köşek? Menem mellege aýlanyp gaýtdym. Şu ýyl oglum, hudaý berse ekin başyna gören ýaly bolar. Biziň Çynarly obamyzyň hemmesiniň ekini gowy.
Şondan soň ataly-ogluň arasynda kän bir gürrüň bolmady. Olar çaý içip bolanlaryndan soň kakasy işe bakan gitdi. Ilaman bolsa Üzümgül mugallym barada pikirlenip durşuna, mekdebe gitmäge taýýarlyk görýärdi.

2.
Kerwen aga öýden çykyp, kolhozyň kontoryna bakan ugrady. Ol bu gün arpasyny ormak üçin rugsat almakçydy. Soň gyrkyma-beýlekä gitmeli bolsa el degjek däldi. Şonuň üçinem brigadiri görmekçidi. Ol ýolda Goçaklynyň yzyndan ýetdi.
– Inim, armaweri, senem sygyr alypsyň, döwletli mal bolsun.
Goçakly keýpiköklük bilen ýylgyrdy.
– Taňry ýalkasyn, Kerwen aga. Ahyr biziňem gapymyzda dört aýakly ýerlejek eken.
– Weý, aýdýanyň näme? Nesip etse şu gidişine gitsek, süri-süri mallam bolarys. Garybyň güni gelendir, inim.
Goçakly beýgelen ýaly boldy. Ol jübüsinden Enäniň täzelikde keşdelän temmäki haltajygyny çykaryp, çilim ýasamaga başlady.
Goňşularyň kontoryň agzyndaky märekä gözi düşdi.
– Be, kanturyň agzyna adam üýşüpdir-le? – diýip, Goçakly dillendi.
– Aý, gyrkyma gitmeli sesi bardy-da – diýip, Kerwen aga göwnüne gelşi ýaly seslendi.
Olar märekäniň çetine baryp aýak çekdiler. Iş gyrkymyň-beýlekiniň gepine meňzemeýärdi.
Anna başlyk bilen raýondan gelen wekil kontordan çykdy. Başlygyňam, wekiliňem ýüzi salykdy. Kerwen aga nä hekaýatyň bolanyny aňşyryp bilmedi. «Ýene bir kümsügiň biri kolhoz zadyna el urandyr» öýdüp çaklady.
Raýondan gelen wekiliň sözi onuň pikirini böldi.
– Ýoldaş kolhozçylar. Men häzir bir zat aýtjak. Siz gorkmaň – ol sakyndy. Soňam zordan gürledi.
– Mähriban Watanymyzyň üstüne Gitler Germaniýasy çozdy Öten agşam ýarygijeden soň Germaniýa biziň üstümize uruş başlady. – Hiç kimden ses çykmady. Adamlar agyr bir zadyň astynda galan ýaly, demlerini zordan alýardylar. Ýöne olar bu sözleriň manysynyň şeýle elhenç yzasyny heniz duýup bilenokdylar.
– Ýoldaş kolhozçylar, siz howsala düşmäň. Biziň halkymyz ähtiýalan Gitler Germaniýasyny külpeýkun eder. – Ol ýene-de sözüni dowam etdirdi. Aýtjak zadym erkekler fronta gitmäge taýýar boluň. Aýal-gyzlar, siz bolsa ähli güýjüňizi gaýgyrman işläň. Siz näçe oňat işleseňiz, duşmany şonça-da tiz ýeňeris.
Soň başlyk gürledi, başga-da iki-eke gürlän boldy. Ýöne gürrüňe höwesek ýokdy. Her kim bu sözleriň manysyny derňäp, bu aýylganç-habary maşgalasyna ýetiresi gelýärdi.
– Häýt, büý-ä bolmad-ow – diýip, Kerwen aga öýüne gaýdyp gelýärkä dillendi.
Indi nähili bolarka, Kerwen aga? – diýip, Goçakly sorag üstüne sorag ýagdyrýardy. Ýöne Kerwen aga bu zatlara düşünip baranokdy. Ol diňe «Hudaý bardyr-da» diýmek bilen oňýardy.
Kerwen aga öýe gelende Ilaman mekdebe ugrajak bolup durdy. Ol kakasyna geň galyp seretdi.
– Däde, eýýäm geldiňmi?
– Aý, ogul, gelmeli boldy. Gaty erbet bolupdyr, oglum.
– Näme, däde?
– Uruş turupdyr... Uruş.
– Uruş...
– Hawa, Girman öten gije üstümize çozupdyr. Indem, erkekleriň bary gitmeli bolar.
Oglanyň ýüzi ak tam boldy. Ol mekdepde «uruş» sözlerini eşidipdi. Ýöne ol sözüň manysyny açyk bilenokdy.
– Däde, girman güýçlümi, ulumy?
– Hudaý bilýär, ogul. Ýöne ýaňy agzymyz aşa ýetipdi. Ýaman boldy, gaty ýaman boldy.
Oglan sesini çykarmady. Ol mekdebe-de gitmedi. Öz kakasyny ilkinji sapar görýän ýaly bolup, oňa howsalaly garady.
Olar oýa batyp oturyşlaryna, gaýraky goňşularynyň gelni Sülgüniň gelenini-de duýmadylar. Gelin salam berdi, Soňam gorkuly gürledi.
– Kerwen aga, uruş turupdyr, şeýlemi? Çynmyka ýa-da?..
– Çyn, keýgim... Çyn.
Sülgün was-was bolan ýaly gaty-gaty sojady.
– Biziň Myratlymyz dagy dowar üstündedi, dagda. Ol nähili bolarka?..
– Ony alada etme, gelin. Heniz belli zat ýok. Il bar, gün bar. Näme bolsa, bile bolar. Olaryň habary ýokdur. Habary bolsa oba eňerdi.
Sülgün ýaşmak astyndan uly howsala bilen gürledi.
– Kerwen aga, ýa yzyndan gidäýsemmikäm?
Ýok, gelin. Çagalaň arasynda bol. Myratlyny alada etme. Ol çaga däl ahyry, geler.
– Wah, näbileýin-dä.
Ataly-ogul öýläne çenli gapyda oturdy. Öýlän Durdy ýasawul gapy-gapy aýlanyp, raýon harby komissariatyna barmalylara sygryň dili ýaly kagyz paýlaýardy.
Ataly-ogul ýassyna çenli gapyda oturdy. Olaryň bu aýylganç habara ynanaslary gelmeýärdi. Olaryň göwnüne «bu habar-a bir agzy boşuň gürrüňň eken, urşam turmandyr, beýlekem» diýen habar getiriläýjek ýalydy. Emma beýle habary äkelen bolmady. Ýok. Habar çyndy.
Kerwen aga uka gitdi. Emma Ilamanyň gözüne uky gelmäýärdi. Ol aýyň dogarna garaşýardy. Ahyram aý dogdy. Ol ýüzdi-ýüzdü-de oglanyň ýatan ýeriniň golaýjagyna gelip, daýandy.
Oglan aýa seredýärdi, aý bolsa oglana. Oglan ahyry aýyň ýüzünde bir mähribanlyk gördi. Ol aýyň owadan gözlerine bakyp dillendi:
– Eje, eje jan!
Aý-da oglana ýiti-ýiti garady. Soň onuň ýüzüne täsin nur çaýylyp gitdi.
– Jan-a, jan oglum! Näme gerek, balam?!
– Eje jan, sen näme üçin meni taşlap gitdiň?
Aý jogap bermedi. Onuň nurana ýüzüni ýelek ýaly ýeňil bulutlar tutdy.
– Eje jan, sen näme üçin geleňok? Eje jan!
Aý ýüzündäki bulutlary owadan barmaklary bilen syrdy-da ýylgyrdy:
– Jan bala, ine geldim ahyry, ýene-de gelerin
– Eje jan, uruş turupdyr.
Aýyň ýüzüni ýene-de bulutlar tutdy. Ol bulutlar gap-garady.
– Eje uruş näme üçin bolýar, uruş bolmasyn, eje jan!
Aý ýüzüniň ýarysyndaky gara bulutlary syrdy-da gussaly ýylgyrdy.
– Uruş bolmasyn, uruş bolmasyn, oglum.
Eje sen uruş bolmaz ýaly etsene, eje jan!
Aý bir göründi-de, soň bulutlara garyldy. Şondan soň ol görünmedi. Ýöne oglan öz ejesiniň «Garaş, oglum, gelerin, garaş» diýen sesini eşidip ýatyrdy.
– Garaşaryn, eje jan!
Oglanyň ýüregine rahatlyk aralaşdy. Ol daňa golaý uka gitdi.
Ol ertir turanda kakasy derwezäniň ýanynda kimdir biri bilen gürleşip durdy.
Ilaman kakasynyň ýanyna bardy. Kerwen aga ogluna habar gatdy:
– Goçakly dädeň puronta ugrajakmyş, hoşlaş oglum.
Goçaklynyň aýaly Ene adamsynyň boýnundan ýapyşyp şumjarýardy. Kerwen aganyň ýanyna ýetenlerinde-de, ol elini aýyrmady. Emma Goçakly uýaldy. Ol gelniniň elini boýnundan aýyrdy.
Oglan sag elini uzatdy. Goçakly onuň sag elinden tutup gujagyna alyp ogşady. Ilaman ilkinji gezek temmäkiniň dymyljyk ysyny duýdy. Ol ýüzüni gapdala öwürmänkä, Goçakly ony ýere düşürdi. Onuň başyny sypap durşuna:
– Jigim, gelnejeňe-de göz-gulak bol, eliň degse oňa kömek ber. Ine, nesip bolsa girmany ýok edip gelerin. Saňa bolsa ýyldyzly papak getirerin. Bormy?!
Ilaman başyny galdyrman «bolýa» diýen yşarat etdi.
Kerwen aga beýle haýyşyň özüne degişlidigine derrew düşündi.
– Goçaklym, gezen ýeriňde ünjüsiz gez, gelniňi gaýgy etme. Ondan arkaýyn bol. Başymyz dik bolsa zada zar etmeris ony.
Goçakly diýseň razy boldy. Onuň göwni bitdi. Onuň ýalňyz ünjüsi bardy. Ol hem Enedi. Kerwen aga ondan hem arkaýyn etdi. Ol indi arkaýyn gidip biljekdi. Ol arkaýynam gitdi.
Urşuň ikinji güni. Ilaman mekdepden üçünji klasa geçendigi baradaky habary getirýärdi. Onuň bu habary kimdir birine buşlasy gelýärdi. Öýde kakasy ýokdy. Ol goňşularyna bardy.
Goçaklylaryň öýi olaryň tamynyň elli-altmyş ädim gündogaryndady. Olaryň öýi ýekeje jaýdy. Onuň penjiresem, gapysam ileri bakyp durdy.
Ilaman öýe girende hiç kime gözi düşmedi. Gözi garaňka ýagşy öwrenişensoň burçdaky garany saýgardy. Ol Enedi. Ol aglaýardy.
Öýe kimdir biriniň gelenini duýan gelin ýerinden turdy. Onuň gözleri gyzarypdy, badam kimin enaýy gabagy pökgeripdir. Saçynyň tarlary ýüzüne düşüp, gözýaş bilen ezilip, bulaşyp durdy.
Ilamanyň gursagynda dolup duran şatlyk şol bada nirädir uçup gitdi.
– Gelneje, Goçakly dädem basym geler. Sen aglama – diýdi.
Ene oglanyň ýanyna gelip, onuň başyny sypalady. Oglanyň kellesini belent göwüslerine goýdy-da agyly gürledi.
– Ol gitdi. Onsuz meniň aýym, günüm neneň dogup ýaşar, Illi jan...
Onuň gözünden akýan gyzgyn damjalar oglanyň çekgesine degip, syçyrap ýere akýardy. – Uruş turmanlar geçsin. Ýetim goýdy, meni – Ene oglany goýberdi-de oturdy. Kellesini dyzyna goýup aglap başlady. Oglanjyk çydamady:
– Gelneje, aglama. Olar girmany basym kowup geler. Biziň obamyzdan kän adam gitdi. Özlerem, hemmesem güýçli. Girman olary görende gaçyp gider. Olar onsoň basym geler-ä... Hemmeler şeýle diýýä. – Emma bu sözler gelne täsir etmedi. Ilaman ýuwaşlyk bilen öýden çykdy.
Oglanjygyň girmana gahary gelýärdi. Ol girman ertekilerdäki ýedi kelleli aždarha ýaly bir zatdyr, şol aždarha ýeňilse, uruş gutarar öýdýärdi. Ol aždarhany ýeňmek bolsa beýle bir kyndyr hem öýtmeýär-di. Ony Çynarly obasyndan gidenleriň bir özleri hem ýeňip, dolanarlar öýdýärdi.
Hawa, köp adam urşy şeýle göz öňüne getirýärdi. Köp adam uruş erte-birigün gutarar öýdýärdi.
Obanyň erkek adamlarynyň köpüsi bu gün raýon merkezine tarap ugrady. Durdy ýasawul ýene-de oba arasynda aýlanyp ýördi. Ol Sülgünleriň gapysynda gyr ýabysyny saklady. Öýden Sülgün çykdy. Onuň gujagynda kiçijik çaga bardy.
– Hany Myratly?!
Gelin ýaşmagyň aşagyndan ýuwaşja gürledi.
– Onuň-a şol dowar üstüne gidişi. Henizem gelenok.
Ýasawul ýan torbasyndan bir bölek kagyz çykardy-da, geline uzatdy. Gelse, şaýyny tutup yraýona barsyn, pronta gitmeli.
Gelin haty alyp gözüniň öňüne tutdy. Ýöne okap bilmedi. Ol entiräp öýe girdi.
Ýasawul ep-esli gidip ýabynyň başyny öwürdi-de, gynançly garap duran Ilamana azmly gygyrdy.
– Heýt, oglan, ataň öýdemi?
Ilaman söz bilen jogap berip ýetişmän, kellesi bilen «ýok» diýip yşarat etdi.
Ilamanyň ýürejigi gyzyp gitdi.
«Dädemem gider, men näme ederin?» Oglan öýlerine baryp, gulply işige arkasyny berdi.
Urşuň başlanyna ýaňy bir gün boldy
Obalarynda öň bolmadyk elhenç tukatlyk Ilamany gysyp-gowrup barýardy. Ol howluda takat tapmady. Melleklerine ugrady. Kakasy mellekde-de ýokdy. Ol arpalaryny orup, harman edip basyp, nirädir bir ýere gidipdir.
Ilaman ýene-de öýe dolandy. Kakasy öýde-de ýokdy. Oglanyň göwnüne bolmasa, ol kakasyny indi hiç haçan görmejek ýalydy. Ol ogly bilen görüşmän, eýäm girmany ýok etmäge giden ýalydy. Oglanyň gözüne ýaş aýlandy, ýüregi gysdy. Soň kontora tarap ugrady.
Kontoryň agzyndan çekine-çekine giren oglanjygy kakasy garşylady. Ol kontordan çykyp gelýän eken. Oglan ony garsa gujaklady.
– Däde, ýasawul aga saňa kantura barsyn diýdi. Menem seni kän gözledim, seni gaty göresim geldi.
– Ine, menem kanturdan çykyp barşym.
– Däde, senem girmany kowmaga, urşa gitmelimi?
– Ýok, meni iberenoklar. Oba-da, kolhoza-da adam gerekmiş. Göreris-dä, alnymyzdakyny.
Ilaman kakasynyň fronta gitmeýänine diýseň begendi. Ýöne kakasynyň tukatlygy oňa ýaramady. Ol kakasyna habar gatdy.
– Däde, Myratly dädemem gitmeli boldy. Ertir irden ýasawul aga olara-da hat getirdi.
Kakasy sesini çykarmady.
Ol ertir oýananda gapyda Myratly durdy. Onuň gujagynda uluja gyzy bardy. Ol kakasyny gujaklap jagul-jugul edýärdi. Ilaman kakasynyň sesini eşitdi.
– Il bilen gelen toýda baýramdyr. Çagalaryň bir zady bolar.
Ol-a dogry-la, ýöne arpa-bugdaýy ýygnabam ýetişmedik. Mellegem şol durşudyr. Sülgünem ýaş çagasy bilen näbileýin-dä. Menem häzir ugramaly...
– Sen mellegi gaýgy etme, mellegi özümiz bir zat ederis. Arpany agşam oraryn. Bugdaýyň-da bir çäresi bolar.
Myratly köp minnetdarlyk bildirip öýüne gitdi. Köp eglenmänem raýona ugrady. Ilamanam onuň bilen hoşlaşmaga çykdy.
Obanyň gaýrasyna ep-esli adam üýşüpdi. Kimiň-kim bilen hoşlaşýany belli däldi. Ilaman gabat gelep adam bilen hoşlaşýardy. Aýallar, çagalar aglaşýardylar. Ilaman Myratlyny gözledi. Ol bir gyrada gelni Sülgün bilen durdy. Elinde-de gyzy. Gelnine bir zatlar diýýärdi. Sülgün ejizleýärdi.
Gorkma, ine, geleris, çagalary horlama. Hökman geleris. Uruş bir ýyla-da ýetmez. Biziň döwletimiziň öňünde durjak güýç bolmaz. Sen bolsa aglaýaň. Heý aglarlarmy. Gaýta, il bilen gidýänime begen Ine geleris...
Obanyň ýaşulularynyň biri gidýänlere ak pata berdi. Obanyň men diýen adamlary gidip barýardylar. Olar özleri üçin juda garaňky bolan ykbalyň her ädimini eginleri bilen süýşürýän ýaly, ýuwaşja ýöräp, saýhally ädip barýardylar. Olaryň hiç birem yzyna garamaýardy. Sebäbi ene ýabyň köprüsiniň ýanynda üýşüp durýan aýal-ebtatlaryň, çagalaryň suratyny her kim aňyn-da berk saklamaga çalyşýardy. Şol surat indi olaryň hemişelik ýoldaşyna öwrülmelidi.
Hawa olar dünýäde elhenç urşuň barýandygyndan habarsyz ýaly, ýa-da bu habara asla ynanmaýan ýaly gorkusyz-ünjüsiz barýardylar. Ýene-de sanlyja günden şu ýol bilen topar tutup, gaýdyp geläýjek ýaly bolup gidip barýardylar...

3.
Urşuň başlanyna bir aý geçipdi. Emma gidenler gelenokdylar. Asyl, olardan habar-hatyram ýokdy.
Tomsuň jöwzaly günleri başlandy. Çynarlynyň adamlary bugdaý oragyna taýýarlanýardy. Çynarly obasy dag eteginde ýerleşýärdi. Şonuň üçin-de, onuň esasy territoriýasy daglyk ýere düşýärdi. Şol sebäpli «Ynkylap» kolhozy diýäýmeseň, bu obany kän bilýänem ýokdy. Çünki, oba raýon merkezindenem, uly ýoluň ugrundaky obalardanam çetdedi.
«Ynkylap» kolhozy bugdaýy köplenç düme ekýärdi. Sebäbi gaýraky dagda tagta-tagta bolup uzalyp gidýän düzlük meýdanlar köpdi. Geçen ýyl şonuň ep-esli bölegine güýzlük bugdaý ekilipdi.
Adamlar «düme diýseň bitginli bolupdyr» diýip gürrüň edýärdiler. Şonuň üçin-de adam azlygyny, hasylyň gowulygyny nazara alyp, oraga ir çykyldy.
Çynarlylar bu ýyl hem Garaçeşmäniň başynda düşelge gurdular. Kerwen aga dagy öňünden gidip uzyn telär dikipdirler. Düşelge taýýar bolandan soň, beýleki adamlar hem daga göçdüler.
Dagda orakçylara goşulyp işplemek Ilaman üçin hem hezildi hem kyndy. Bu ýerde içiň gysjak gümany ýokdy. Adamlar gülüşýärdiler-degişýärdiler. Işläniňde-de ýadawlyk duýlanokdy. Ýöne ir turmalydy, giç ýatmalydy. Süňki bekemedik oglanjyk bolsa agyr orakdan soň özüni tutup bilenokdy.
Ilaman Ene bilen bir ýerräkde goş tutupdy. Sebäbi oňuň kakasy köpçüligiň ýaşaýan telärinde däl-de, harman ýerinde bolýardy. Düşelgä diňe garbanmaga gelerdi. Soň ýene-de yzyna gidýärdi.
Ene Ilamany özüne höwürdeş edinýärdi. Şonuň üçin bolsa gerek, olar işlände-de bir ýerräkde işleýärdiler.
Bugdaý hakykatdanam bitginlidi. Bäş-alty gün geçenden soň dagyň depesindäki tekiz meýdan ýöne desse bolup ýatyrdy.
Obadan hyza getirdiler. Ol iki sany uzyn pürsüň üstüne tagta kakylyp tekizlenip, gyralaryna tagtadan belent germew edilen tigirsiz araba ýaly bir zatdy. Hyzany iki sany gara öküz çekýärdi. Orakçylar oranlaryny desseläp gidýärdiler. Indi ony harmana çekmelidi.
Bu işe Ene bilen Ilamany bellediler. Iş ýeňil däldi. Bugdaý ekilen meýdanlar dagyň üstündedi. Harman ýeri dagyň aşak ýüzündäki tekizlikdedi.
Çünki araba bilen dagyň üstüne çykmak kyndy. Onsoňam ol ýere kän bir ýel degenokdy. Harman atmak üçiň bolsa ýel gerekdi. Şonuň üçin, hemem ýol ugry bolany sebäpli şol tekizligi harman ýeri edipdiler.
Ene bilen Ilamanyň işi jogapkärlidi. Çünki tutuş kolhozyň ýekeje hyzasy bardy. Ähli bugdaýy şonuň bilen harman ýerine çekmelidi.
Tomsuň ortasydygyna garamazdan, dagyň depesi gijelerine sowaýardy. Käte ýagşyň ýagaýmasy-da bardy. Oragyň ilkinji günleriniň birinde-de şeýle boldy. Howa gündiz ýandy, agşam dagyň başyny duman alyp ýagyş şytyr-pytyr edip geçip gitdi...
...Ilaman daňdan üşäp turdy. Ol ýorgany ýene-de başyna çekdi. Ýorganyň içi ýyljakdy. Meýmiredip barýardy. Häzir ondan çykmak barada pikir edip hem boljak däldi.
– Ilaman, ýatma, tur. Iller eýýäm iş ýerine ýetdi. Çaýyňy iç, bizem beýdip oturmaly, gideli – Enäniň mylaýym sesi oglanyň gulagyna hüwdi ýaly bolup eşdildi. Ol şu söze Enäniň hoşamaýlap turuzmagyna oraga gelenleri bäri öwrenşipdi.
Olar bile çaý içdiler. Soň öküzleri hyza goşup, oragy orulan meýdana ugradylar. Şol meýdana birinji tagta diýýärdiler. Sebäbi düşelgäniň gapdalyndaky birinji tekizlikdi. Ondan aňyrda at çapybermeli tekizligiň ikisi bardy.
Öküzler ýuwaşja ýöreýärdi. Hyzanyň aşagyndaky uly pürsler daşa degip, jygyrdap ses edýärdi, germew agaçlar jygyldaşýardylar. Birinji tagtanyň üsti sap-sary bolup ýatyrdy. Diňe bugdaý desseleri gözüňe ilýärdi. Kolhozçylar bolsa hol ikinji tagtanyň bäri başynda hatar gurap bugdaý orýardylar. Olaryň gürrüňleri, gülküleri has uzaklardanam eşidilýärdi.
Öküzler pytrap ýatan desseleriň deňinde daýandy. Ilaman desseleri gujaklap-gujaklap daşaşdypyp başlady. Ene bolsa şol desseleri birden, ikiden çarşagyň ujuna ildirip, depesine galdyrýardy-da hyza basýardy. Hyza ep-esli meýdanyň dessesi ýerleşýärdi.
Hyza dolabara bolansoň iş has kynalýardy. Onsoň biriň hökman dessäniň depesine çykmalydy. Çünki ýük indi çarşak ýeterden has belentdi.
Ilaman dessäniň depesine çykdy. Enäniň aşakdan ýalyp berýän desseleri agyrdy. Gara dere batan oglanyň sütüni süýnüp barýardy. Ýöne ol Enä sereden badyna ähli ýadawlygyny unudýardy. Her dessäni uzadanda gelniň ap-ak boýnundaky damarlar gögerip galýardy Bugdaýyň ýiti gylçyklary, tozan onuň üstüne dökülse-de onuň gözlerindäki mähir, mylaýymlyk, ýüzündäki näziklik kemelmeýärdi. Şonuň üçin-de Ilaman ýadan mahaly Enä seredýärdi. Ene bolsa bugdaýly sährany aňk edip pyşyrdaýardy.
– Ýadaýdyňmy?
Ilaman her näçe ýadanam bolsa:
– Ýok, ýok. Heniz ýadamok – diýip jogap berdi. Şondan soň onuň süňňündäki ýadawlyk el bilen syrylana döndi. Oňa Ene bilen işlemek şeýle hezildi.
Hyza desseden doldy. Ilaman öküzleri harmana bakan idip ugrady. Ene çarşak bilen desseden sypan bugdaý başlaryny syryp hyza atýardy. Desseleri basyşdyrýardy.
Olar harmana baranlarynda gün guşluga galypdy. Ene deseleri düşürüp başlady. Ilaman gaty suwsapdy. Şonuň üçin-de harmanyň ýanyndaky täläre garşy gitdi.
Hyza desseden doldy. Ilaman öküzleri harmana bakan idip ugrady. Ene çarşak bilen desseden sypan bugdaý başlaryny syryp hyza atýardy. Desseleri basyşdyrýardy.
Olar harmana baranlarynda gün guşluga galypdy. Ene desseleri düşürip başlady. Ilaman gaty suwsapdy. Şonuň üçin-de harmanyň ýanyndaky teläre garşy gitdi.
Harmanda iş gyzyşypdy. Bir adam alty at bilen döwek döwýärdi. Iki sany aýal harman atýardy. Iki sany ýaşuly aňyrrakda, taýýar bolan çäji halta gapgarýardy.
Telär arassa bugdaýyň harmanynyň ýanyndady. Ilaman teläriň aşagyndaky bedräniň ýanyna bardy. Ýöne suwy nähili içjegini bilmedi. Bedrä eňegini basmagy-da birhili gördi. Ol eýlesine-beýlesine garanjaklady.
– Heý, Kerweniň ogly, sen näme işleýäň bärde? Oraga gitseň bolmaýamy? – Ilaman bu haýbatly sese tisginip gitdi. Diňe şondan soň Akga brigadiriň teläriň kölgesindäki keçäniň üstünde ýassygy ýaplanyp ýatanyny gördi. Ol ýuwaşja gürledi:
– Men hyza çekýän.
– Kim bilen çekýäň sen hyzany?
Oglan näme diýjegini bilmän az-kem ýaýdandy-da:
– Ene gelnejem bilen – diýdi. Soň ol suw içmegi-de undup hyza bakan ugrady. Brigadir onuň yzyndan azymly gygyrdy.
– Heý, adyň näme?
– Ilaman.
Brigadiriň hümürdisi Ilamana eşidilmedi. Sebäbi onuň ýüreginde birhili gorky emele geldi. Ol ýat adamyň beýle hyrsyz keşbini, haýbatyny ilkinji gezek görüp, egni bilen çekipdi. Bu oňa şeýle agyr degipdi. Ýöne oglanjyk süňňündäki gorkyny hut şonuň üçiň diýip düşünmedi. Ol harmana bir özüniň baranyna, suw içjek bolşuna utandy. Ýüzüne şagga inen utanç derini öl-myžžyk ýeňi bilen süpürip, has hem kepän dodajygyny gaýta-gaýta ýalady.
Ilaman gelende Ene hyzadaky desseleriň ep-esli bölegini düşüripdi. Ýöne onuň juda ýadandygy bildirip durdy. Howa ýanyp başlapdy. Oňa ýene-de bir kyn ýeri, adamlardan ýaşynmasydy. Şonuň üçin oňa yssy howada işlemegem, dem almagam kyndy. Ýöne onuň işleýşi ýadana asla meňzemeýärdi.
Ene bilen Ilamanyň düşüren dessesi kiçiräk depe ýaly bolup durdy. Ilaman hyzanyň az-küç ýük almaýandygyna şonda düşünip galdy.
Ilaman öküzleriň başyny çekip ugranda Akga brigadiriň gelýänini görüp, öküzleri saklady. Onuň ýadyna ýene-de suw düşdi. Ýöne brigadiriň mysalasy onuň howuny basdy.
Akga uzyndan ýasy gaşly papagyny çep eli bilen çekgesine süýşürip, ýasgynjak alan donunyň ýakasyny sag eli bilen tutup durşuna Enä seredýärdi. Ene onuň güneý tarapynda bolany üçin gözüniň biri çekgesine tarap aýlanyp, garasy ýitip, diňe agy galýardy. Şonuň üçin-de ol öküzlere tarap aýlandy. Emma onuň gözleri Enäni ýuwdarly görünýärdi. Ol ýüzüne, gympaý gözlerine gelişmeýän ýylgyryş bilen Enäni boýdan-başa synlady-da
– Haý, berrekella! Şeýdiň ahym. Siziň her dessäňiz duşmana gülle bolar, enşalla – diýdi.
Ene brigadiriň sözüne uýaljaň ýylgyrdy. Onuň ýadaw, owadan ýüzi nurlanyp gitdi. Bu görnüş Akgany oda salan borly. Ol Enä habar gatdy.
– Hä, Ene gelin, arma – diýip, erinlerini gyşartdy. Ene ýylgyryp baş atdy:
– Sen, Ene, kän kösenme, birden biliňi-zadyňy agyrdaýma. Ýuwaş-ýuwaş işläber. Ine ýanyňa ýene kömekçi birin, bomy? – diýip, ýuwan ýylgyrdy. Soňra ol Ilamana habar gatdy. Ýöne iki gözi Enededi.
– Sen-ow, gowja işlegin. Bolmasa kowar goýbärin. Ilaman onuň sözüni diňlemän, öküzleriň başyny çekdi. Hyza jygyrdap süýrenip başlady.
Juwan gelin bilen nowça ýigit sarylyga siňip gitdi...
Ertesi howa hasam gyzdy. Günortanyň jokrama yssysynda töwerek lowurdap duran sary ýalna dönüpdi.
– Me, şunam al, soň bir dynç alaly – diýip, Ene ullakan dessäniň bagyndan tutup, Ilamana uzatdy. Emma dessäniň bagy çala towlanany üçin, Ilaman ýokary batly dartanda desse açylyp Enäniň üstüne bir çelek suw ýaly bolup akyp gitdi.
Ene «waý» diýip gyra bökdi. Ilaman gynanjagynam, güljeginem bilmän doňup galdy.
Şol wagt bir ýerlerden Akga brigadir gelip ýetişdi. Ol atyny Ilamanyň üstüne sürerli görünýärdi. Gam çysyny galgadyp gelşine gygyryp başlady. Ol dessäniň pytranyny gören bora çemlidi.
– Heý, tilki, bu bugdaý Kerweniňki däldir. Bilip goý şony. Bu halkyň zadydyr. Sen oýun eden bolma. Gör, näçe adam güne ýanyp, kösenip ýör. Seniň bolsa, it ogly, oýun ýadyňa düşýär. Dogry-daý walla. Il-ä onda gan dökýä, biz munda der saçýas, muňa bolsa oýun gerek.
Ol murtunyň ujuny ýalap, ýene-de bir zatlar hüňürdäp, Enä garady. Soň atyny sürüp gitdi. Taýak atym ýerlendi aty yzyna dolady. Ol mylaýymsyrap Enä ýüzlendi.
– Eneş, näçinjiňiz, şü?
Ene üç barmagyny görkezdi.
– Haý, öz-ä azyrak. Gaýrat et. Saňa ynam bardyr Onsoňam seni, hyza çekmäge özüm goýupdym – ol süwümsiz agyzlaryny jallardyp ýylgyrdy. Has owadan sözlemäge çalyşdy. – Seniň ýaly näzli gelinleri oraga salyp bolmaz.
Ilamanyň göwnüne bolmasa, Enäniň ýüzünde şatlyk alamatlary görnüp giden ýaly boldy.
Şol günden soň Ilaman üçin işiň gyzygy gaçdy. Sebäbi Akga brigadir Enäniň ýanyna zol-zol gatnaýardy. Oňa lak atýardy. Ene öň ondan ýaşynýardy. Indi Akgadan ýaşynybam duranokdy.
Ol gün orakçylar ikinji tagtanyň bugdaýyny orup bolup, üçünji tagta geçipdiler. Üçünji tagta birinji tagtadan has uzakdady. Şonuň üçin birinji tagtanyň üsti çolady. Howa salkyndy. Ýene-de birki gezek çekseň, bu tagtanyň bugdaý desseleri gutarjakdy. Şonuň üçin Ene bilen Ilaman has çalt işleýärdiler.
Hyzany ikinji gezek harmana alyp barýardylar. Hyza ýola düşensoň, Ilaman yzyna gaňryldy. Soň çalaja seslendi:
– Gelneje! – Ene Ilamana golaý geldi.
– Gelneje, Akga näme üçin günde biziň ýanymyza gelýär-ä? – Gelin ýere bakdy. Onuň güne ýanan ýaňaklaryna gyzlymtyl öwüşgin çaýylyp gitdi. Ol ep-esli wagt sesini çykarmady. Soň gülümsiräp gürledi.
– Aý, brigatdyr-da, biziň işleýşimizi görmäge gelýän bolaýmasa.
– Gelneje, ol gelmese oňat bolar, hä.
– Nämüçin?!
– Ol gözüni senden aýranog-a. Men ony halamok. Sen onuň bilen gepleşmesene, gelneje jan, bor diýsene.
Ene oglanyň boýnuny burup durmasyna dözmedi.
– Bor, bor. Aý, ýöne, ol gelende, gelmände-de parhy ýok bize.
Şondan günorta naharyna çenli hiç kimden ses çykmady. Ýöne Ilaman Enäniň agyr oýa batýandygyny her ädimde duýdy. Ýöne bu zatlary aýdanyna welin ökünmedi.
Öýlän iş gyzyşan wagty Akga ýene-de geldi. Ol atyň üstünden görkezme berýärdi. Enä habar gatýardy.Ýöne Ene jogap bermedi. Akga bolsa atynyň uýanyny dartyp, şol güýmenen bolup durdy.
Hyza dolabara boldy. Ol:
– Güýmenmän, doldurjak bolup oturmaň-da, köpräk gatnaň – diýdi.
Ene onuň atynyň golaýyndaky desseleri alyp durşuna:
– Waý, birgat, boş gatnandan doly gatnan ýagşy. Bir desse bir desse ahyry – diýip seslendi.
Akganyň diýeni geldi. Ol ýirik erinlerini ýygnap bilmän durşuna, samyrdady.
– Wah, Enäm, ol dogry, ýöne bu ýoldaşyň bilen haçan hyza doldurjak sen. Güýjüňize basarak bolsun diýýän-leý.
...Akganyň ýüregi Ene diýip üzülip barýan ýalydy. Akgany gynandyrýan zat başgady. Iller «Ene Akga bilen bolup ýör» diýip agyzlarynyň jähegini ýiräýjek bolýarmyşlar. Wah, ejem ogly, sölpi. Her zat etmeli welin, şu gün bellisini etmeli. Wah, birje gezek. Ýeke- je gezek nemedäýseň, onsoň onuň gitjek ýer-ä bolmaz-la. Göwni ýogam däl-le. Goý, illerem gürrüň etse etsin, gaýta, bu erbet däl. Özem razy bolar-la, ondan, mundan eşidiberse...»
Akga uly lezzet bilen ýylgyrdy. Düýnki wakany göz öňüne getirdi. Şonda gelende tagtada Ilaman ýokdy. Enäniň bir özüdi. Akga atdan düşdi. Ene arkaýyn otyrdy. Ol Akgany görüp ýaşyndy. Akga ýalt-ýult etdi. Soň bir bökende Enäniň ýanyna bardy. Çöküne düşüp Enäni garsa gujaklady. Hasur-husur öpüp başlady. Ene bogulýan ses bilen ýalbardy, sypjak boldy. Akga jallyk erinlerinden suw akdyryp, gelniň ýüzüni gyllygy bilen ýuwupdy. «Biri görer!». Akga atylyp ýerinden turdy. Oňa çenli Ene-da ýerinden galypdy. Görse, hiç kim ýokdy. Akga ýene-de topulmakçy boldy. Ýöne Ene oňa el bererli däldi. Ol gülüp «Waý, biri görse gowy däl, oglan» diýip gaçgaklaýardy.
«Wah, tentek, şonda etjegiňi edäýmel-e. Häk, gowy pursat elden gitdi-dä...»
Akga Enäniň keşbini bihaýalyk bilen synlady: «Ah, onuň göwüslerem, bolgusyzyň onusyna degýär-ä. Wah, bir nemedip, beýläňe geçirip bolsa, ak göwüslerini...» diýip, arzuw kölünde ýüzýärdi.
Hyza doldy. Öküzler ýuwaşja ýöräp başlady. Enede hyzanyň gapdaly bilen ýuwaşja ugrady. Akga atyny Enä golaý sürüp ýuwaşja gürledi.
– Ene, sen bu sapar dynç alaýsana, hyzany ojagaş oglanyň özi äkider-le. Nämä gerek ikiňizem kösenip.
– Aý, ýok. Gideýin. Ol çaga ahry.
– Çaga nirede. Öwrener gatyny. Haçana çenli çaga bolsun.
– Ýok, gideýin Soň dem alaryn.
– Neme, Ene, seniň bilen bir gürrüňüm bardy. Ýa-da soň yzyndan ýetersiň-le. Meniň şojagaş gürrüňümi bir diňle. Azajyk saklan-da, ýa walla senem – Ol Enä boýnuny burup durşuna, Ilamana azymly gygyrdy:
– Heý, Kerweniň ogly, harmana garşy gidiber. Ene häzir barar.
Ene iki göwünli bolup Akganyň ýanynda galdy.
Ilaman ep-esli gitdi. Emma Ene gelmedi. Onuň Akga gahary gelýärdi. Häzir hyzany saklap, baryp Enäniň elinden çekip alyp gaýdasy geldi. Hyzany saklady. Emma Ene görnenokdy. Gapdaldaky belende çykdy. Ene bilen Akga hälki ýerde henizem gürleşip durdylar.
Akga atyndan düşdi. Enä has golaý geldi. – Ene gelin, boýuňa gurban bolaýyn. Sen näme üçin maňa öňräk duşmadyň?! Seni harmanda görelim bäri Mejnuna döndüm-le, men. Wah, gözüm gapylsyn...
Ene ýylgyrdy. Emma sesini çykarmady.
– Indem, göwnüm seniň ýanyňda. Sen bolsa gaçjak bolýaň, janym – ol Enä suwygidijilik bilen seretdi.
Ilaman bu gürrüňleri eşitmedi. Ýöne ýüregi bilen duýdy, ol öküzleri göwünsiz idip başlady. Hyza kese şiremden geçdi. Indi baýryň eňňidinden geçmelidi. Şondanam geçse, tä harmana barýança tekiz ýoldy.
Oglan ilki eňňidiň bärisinde öküzleri saklap, Enä garaşmakçy boldy. Emma ol ýüreginde emele gelen kinä bäs gelip bilmedi. Öküzleri sürdi. Eňňit ortalaberende garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy. Hyzanyň depesindäki iki desse süýşüp, eňňide tarap aşak gaçdy. Ilaman şu ýeriň ýaramazdygyny pikir edip gelensoň, aljyrady. Häzir Ene bolsa bu beýle boljak däldi. Ýöne Ilaman öküzleriň başbagysyny elinde tutup durşuna gapdala geçip, gaçan dessäni galdyrmakçy boldy. Bagy oglanyň elinde bolansoň, öküzlerem eňaşak aýlandylar. Şol wagt agyr hyza-da eňaşak buruldy-da, dagyň bölegi ýaly bolup gaýtdy. Desseleri hyza ýüklejek bolup gara dere batyp duran Ilaman desseli hyzanyň üstüne gaýdanyny zordan saýgaryp ýetişdi.
Bu wagt Akga henizem gürleýärdi. Ol ellerini Enäniň egnine degrip-degrip goýberýärdi.
Enäniň gözi birden hyzanyň galyp giden burçuna düşdi. Ol ýüregi ýarylan ýaly bolup, ylgap gaýtdy. Akga welin atynyň başyny başga ugra dolady.
Ilaman harmanda özüne geldi. Ol özüni Enäňiň bu ýere nädip getirenindenem habarsyzdy. Ol gözlerini elek-çelek edip töweregini gözledi. Kakasyna gözi düşüp utandy. Turjak boldy bolmady. Bir ýiti agyry janyny alyp barýardy. Ol oturjak boldy. Ýene-de özünden gitdi.
Ene Ilamany arkasyna alyp, ýüzüni ak tam edip gelende Kerwen aga elini-aýagyny ýitirdi. Ilaman harmandan düşelgä getirilensoň hem özüne gelmändi, Agşam hemmeler üçin umumy bolan fonar-çyrany oglanyň başujyndan asdylar. Adamlar onuň başujuny alyp ýatyrdylar. Düşelgede doktor ýokdy. Çagyraýaly diýseň-de bu ýerde, o ýerde oba barmy?
Gije ýarymdan agansoň oglan samrap başlady. Ol gaýta-gaýta «Eje, eje» diýýärdi. Onuň gara köýük bolan dodajyklary biri-birine ýelimlenen ýalydy. Käte şol ýelim açylyp, ondan üzlem-saplam düşnüksiz sözler çykýardy.
Kerwen aganyň gözüne çiş kakylan ýalydy. Daňa golaý çyg düşdi. Ol akja ýaglyk bilen oglunyň kellesini daňdy. Oglunyň döşjagazyny sypalady. Ellerini, aýaklaryny owkalady. Birden Ilaman gözlerini açdy. Ol çyra, soňam kakasyna garady.
– Däde, aý däde. –
– Jan, oglum. Ýatyber. Heniz wagt bar daňa.
– Däde, aý dogmadymy?
– Bulut bar oglum. Aý-a dogaram welin...
– Däde, hyza agdymy, döwüldimi, hä?!
– Ýok, oglum. Hyza gyşarypdyr, az-owlak desse dökülipdir üstüňden.
– Däde, meni indi işletmezlermi, maňa käýýärlermi?
– Sen ýaly ýigit tapsalar ikelläp işlederler, oglum. Seniň ýaly mert ýigit tapsalar...
– Däde, kelläm gaty agyrýar – Kerwen aga oglunyň kellejigini sypalady. Onuň eli oglunyň gözlerinden akýan ýaşa degdi. «Häzir aglasa oňat bolar, ýürejigi giňär» diýip pikir etdi. Ol şol oturşyna uzak wagtlap oglunyň kellesini sypalaşdyryp oturdy. Ahyry Ilaman seslendi:
– Däde, ajygýan – Kerwen aga oglunyň bu sözüne begendi. Oguljygyna agşam özüne berlen ýarmasyny getirip iýdirdi. Agşam onuň-da damagyndan zat ötmändi.
Ilaman ýagşy naharlandy. Soň ýene gyşardy.
– Däde, gel bileje ýataýaly-la...
– Bor, oglum.
Ataly-ogul gujaklaşyp gyşardylar. Häzir olaryň armany ýokdy. Ogly atasynyň ajymtyk deriň ysy gelip duran gujagynda meýmireýärdi. Atasy bolsa ogluny elden gidirerin öýdüp alan howsalalaryny unudyp, ýeke dikrarynyň ýene-de diriligi baradaky süýji pikirleriň gujagyna özüni oklap meýmireýärdi. Şeýdip ataly-ogul daňa golaý uka gitdi.

* * *
Ilamanyň kellesindäki ýiti agyry aýrylmaýardy. Soňa baka ol gözüni ýumsa üstüne hyza agyp gelýän ýalydy. Ony oba alyp gitmek gerekdi. Kerwen aga ertesi daň bilen Akga brigadiriň ýanyna ugrady.
Akga harmanyň ýanyndaky çertekde ýaşaýardy. Kerwen aga baranda ol çaý içip bolup, gyşaryp ýatyrdy. Kerwen aga çertege girmedi. Ýöne daşyndan ähem-ühümläp habar gatdy:
– Birgat, turanmysyň?!
Içerden bazzy-buzzy ses eşidildi.
– Kim biý. Häziz düsezgä bazýan. Ot alyp bazmaýan bozsa özüm bazýansam gazaşmazy bozda, ýöne yzgasyp duzsuňuz.
Kerwen aga ynjyly gürledi.
– Ot-ha alanok. Oglanjygymyz ýaranok. Düýn hyza basypdyr. Şony oba aşyrmagyň alajyny etmeli. Arabaň birini diläýjekdim. Oglanyň haly pes.
Akga çertekden dazlap çykdy. Agzyndaky nasyny gapdala püfläp, Kerwen aganyň ýüzüne alarylyp seretdi. Soňam gyzaran gözlerini çerreldip, barmagyny uzadyp, azymly gürledi.
– Sen, how, Kerwen, öz aklyňdamy, hä? Özüňem araba dileýäň! Heý ynsabyň barmy?! Uruş gidip dur. Hemmeler urşa gitdi. Uly il Watan üçin göreşýä. Ine, gör uruş bolmadyk bolsa şu nälet siňen çertekde ýaşajakmy, men. Ýa-da ili al. Gör, aýal-gelin-gyz öýden bizar, şu düme diýip. Sen bolsa araba dileýäň. Araba bolsa maňa ber. Men bu bugdaýyň bir arabasy-ha däl, bir gysymyny aşyrsam begenýän. Hökümete gerek. Şeýle, menden araba dileme.
Akga öz sözünden diýseň göwnühoş boldy. Ol öňünde duran «hä şeýle eken-ow» diýip yzyna hyrra dönüp gider öýtdi. Emma diýeni bolmady.
– Akga, inim, oguljygymyzyň haly pes. Hyza kellä degen borly. «Kelläm» diýip ýatyr. Ynsap et, köpüm-küjüm ýok. Senem musurman çagasy, inim. Bir araba...
Akganyň bolmajasy boldy. Ol Kerwen agany görene göz edip kowmagy ýüregine düwdi. Harmandakylar eşitsin, çekinsin diýen äheňde sesine bat berdi:
– Sen, Kerwen, musurman-pusurman diýen bolma. Musurman seniň özüň. Sen meniň boýnuma köne urp-adat pikir dakjak bolma. Men köne pikirli däl. Sen köne pikirli. Araba berjek däl, saňa. Ogluňy eziz görseň, arkaňa al-da git. Ogluňy eziz görseň edep öwret. Ol kelew ogluň üçin öküzlemmi maýyp etdim, hyzasyz galdym. Men ynsap etmeýän bolsam olara yşdyrap edip, boýnuňa atmaly. Özüňi puranda ibermeli. Ýene men edemok. Gör, sen bolsa meni masgara etjek bolýaň. Gör, senmi, adam däl ekeniň sen...
Kerwen aganyň gahary geldi. Ol indi Akganyň gykylygyny eşitmeýärdi. Onuň gykylygyna kolhozyň başlygy Anna aga bir ýerden çykdy. Ol öten agşam obadan gelipdi.
– Haw, birgat, sen dänim, beýle bolma. Arabaň bolmasa araba sözüň dänim ýokmy? Ýagdaýyny diýseň Kerwen çaga däl ahbetin. Onuň oguljygynyň haly pes bolsa sen dänim, bir alaç et.
Akganyň bady gaçdy. Ol başlyga garap, birden was-was bolan ýaly dillendi.
– Men bir ýumuş oglany, aga. Maňa-da araba gerek, aga. Men nädeýin. Bir araba bersem, bir araba bugdaý galar. Hersi bir zat diýýär. Men nädeýin, aga.
– Giň bolarlar. Adamlara arka dursaň bir araba bugdaýy arkalary bilenem dänim, alyp giderler. Giň bol ahbetin.
Akga ýumşady.
– Bolýa, how, aga. Bir arabany alsyn şol. Äkitsiň ogluny nirä äkitse. Ýöne sesi çykmasa bolar.
Başlyk atyny münüp orakçylaryň üstüne gitdi Akga çertege girdi.
Kerwen aga gün öýlä galanda at goşulan arabany idip barýardy. Arabanyň üstüne haltalar endigan basylyp, soň içmek ýazylypdy. Onuň üstünde Ilaman ýatyrdy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 55 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: