23:56
Türkmeniñ milli däp-dessurlarynyñ we edep kadalarynyñ esaslary
TÜRKMENIŇ MILLI DÄP-DESSURLARYNYŇ WE EDEP KADALARYNYŇ ESASLARY

■ Ynsanyň ýaradylyşy we onuň ruhy baýlygynyň, kämilliginiň esaslary

Ynsan ruhy taýdan akyl, kalp we nebisden ybaratdyr. Bulardan başga, ynsana kelam, erk-erada, ylym we menlik diýlen sypatlar berlendir. Kalp, akyl, nebis, kelam, erk-erada, menlik ynsanyň jogapkär bolmagynyň, synag edilmeginiň asyl sebäbi, Gurhanyň beýanyna görä, gök, zemin we daglaryň çete çekilip, boýun almadyk amanatlarydyr.
Kalp – imanyň mekany, dogrularyň, hakykatlanyň ösüp kemala gelýän ýeri. Akyl we ylym – barlyklaryň ýaradylyş hikmetlerini, syrlaryny, maksatlaryny anyklaýjy we haýry şerden, dogryny egriden, ýagşyny ýamandan tapawutlandyryjydyr. Şeýle hem, akyl we ylym imanyň sadyk şaýady, kalby şübhelerden goraýjy, ony hemişe kämillige ugrukdyrýan hemaýat ediji, goldaýjy we nebsiň meýil-arzuwlaryny çäklendirijidir. Nebis bolsa, iýip-içmek, geýmek, nesil öndürmek, jaý, mülk, ulag edinmek ýaly meýil-arzuwlar bilen öýke-kine, gahar-gazap, bahylçylyk, husytlyk ýaly häsiýetleriň merkezidir. Menlik – ýaradylyş hakykatynyň syrlaryny açýan bir açar, dogryny tapmak üçin berlen bir ölçeg birligi we tilsimdir. Erk-erada, saýlama hukugy bolup, ynsandan diňe hakykaty, dogryny, haýry, ýagşyny saýlamagy talap edilendir. Kelam sypaty, ynsanyň gürleşmek ukyby diýmekdir. Ynsan bu ukyby arkaly Ýaradan bilen barlyklar arasynda syrly hakykatlary açyp görkezer, öz arasynda zerurlyklaryny, arzuwlaryny, tekliplerini, pikirlerini düşündirip ylalaşar, olary hemmetaraplaýyn beýan eder.
Palçykdan ýaradylan ynsan ylym we kelam sypaty bilen halypa bolmak mertebesine ýetendir. Ynsanyň jemgyýetçilik durmuşynda ýaşamagy gutulgysyzdyr. Jemgyýetçilik durmuşynyň talaby bolsa parahatçylyk we adalatdyr. Ynsanyň synagy, kelam, ylym, erk-erada sypatlaryndan dörän güýjüniň çäginde, şahsy, maşgala we jemgyýetçilik durmuşynda parahatçylygy we adalaty üpjün etmekdir.
Emma ynsanyň meýil-arzuwlary, islegleri çäksizdir. Olary kanagatlandyrmak üçin, ynsanyň her bir hünärden baş çykarmagy gerek we güýç-kuwwaty, ygtyýary ýeterlik bolmalydyr. Ol hünärleriň hemmesini öwrenmäge hiç bir ynsanyň ukyby, ygtyýary ýeterlik däldir. Şol sebäpli ynsanyň synagda üstün çykmagy üçin asyl we ilkinji wezipesi erk-eradasy bilen bu meýil-arzuwlaryny çäklendirip, ýaradylyşynda bar bolan gylyk-häsiýetlerini terbiýelemekdir. Ýogsa, ynsanyň özüni alyp barşynda, başgalar bilen gatnaşygynda zulum we jenaýatlar bolup geçer.
Bu zulum we jenaýatlaryň öňüni almak üçin jemgyýetçilik durmuşynda adalata zerurlyk bardyr. Ýöne her bir şahs mutlak (doly manyda) adalata düşünmekden ejizdir. Şol sebäpli gylyk- häsiýetleri, ýaradylyşlary, içki dünýäleri bilen birlikde, tutuş adamzady tanap boljak bütewi, beýik bir akyla zerurlyk bardyr. Şeýlelikde, her bir şahs ondan doly peýdalanyp bilsin. Beýle derejede bütewi, beýik akyl bolsa diňe kanun görnüşinde ýüze çykyp biler. Bu kanuny bolsa ynsany ajaýyp görnüşde ýaradan keremli Alla din görnüşinde esaslandyrypdyr.
Gysgaja düşündirjek bolsak:
Din şahsyýeti ahlak arassalygyna ýetirýän, jemgyýetde parahatlygy we adalaty üpjün edýän, adamlaryň öz erk- eradalary bilen boýun bolmagy talap edilýän düzgünleriň toplumydyr.
Iman diniň düzgünlerini we esaslaryny ynsanyň erk- eradasy we ýüregi bilen kabul edip tassyklamagy, olary dili bilen ykrar etmegidir.
Iman – ynsanyň ýaradylmagynyň sebäbidir. Ýagny, ynsan Allahy imany bilen tanamak we Oňa ybadat etmek üçin ýaradylypdyr. Ynsan ýaradylyş maksadyna laýyklykda ýaşasa, ahyretde ebedi sagadata ýeter, jennete girer. Tersine ýaşan ýagdaýynda, jähenneme atylar, ebedi şowsuzlyga, betbagtlyga uçrar. Bu nukdaýnazardan iman – ynsan üçin ebedi sagadaty gazanmak wesilesi we jennetiň açarydyr. Jennete imansyz girilmeýär. Bu jähtden ynsanyň iman getirmegi we şol imanyny soňky demine çenli ýitirmän, pese gaçyrman goramagy gerekdir. Ol, ýagny iman älem-jahandan we onuň içindäki ähli zatdan has wajyp we gymmatly nygmatdyr.
Hawa, ýeri gelende bir zady berk bellemelidiris. Yslam dini ynsanlary zor salyp iman getirmäge çagyrmaz. Aýratynam, musulmanlaryň häkimiýeti astynda ýaşaýan gaýry dindäki adamlara «Hökman Yslamy kabul etmeli» görnüşinde-de anyk kesgitli şert goýmaz. Sebäbi Allatagala «Dinde zorluk ýokdur. Dogry ýol egriden, hak batyldan doly aýyl-saýyl edilendir» (Bakara, 256) bilen muny gadagan edipdir.
Musulmanlar bu aýaty baş maksat edinip gaýry dindäki adamlary Yslama çagyrmakda kada öwrüpdirler. Hakykatdanam, muňa taryh şaýat. Mysal üçin, Allanyň Resuly on ýyl Mekgede galdy welin, hiç kime dine girmegi üçin zor salmady. Pygamberimizden soňra-da musulmanlar gaýry dindäki adamlary hemişe öz erkinde goýandyrlar. Sebäbi iman ynsan bilen Allahyň arasyndaky bir zatdyr. Bu meselede ynsan bilen Alla arasyna hiç zat girmeli däldir.
Ahlak imanyň ugrukdyrmagy netijesinde şahsyýetiň ýaradylyşynda bar bolan gylyk-häsiýetlerini ybadat we amal arkaly terbiýeläp, olaryň endige öwrülmegi diýmekdir. Ähli ybadat we amallaryň netijesi we miwesi arassa ahlaklylyk, edeplilik we gowy häsiýetlilikdir. Iman, ynsany Allanyň guly bolmaga, ybadata ugrukdyrmaýan bolsa we parzlary berjaý edip, haramlardan daş saklamaýan bolsa, şol iman ejizdir. Arassa ahlagy, edepliligi netije bermeýän amal we ybadat bolsa, Allatagala tarapyndan kabul bolmaga mynasyp däldir. Diýmek, biz diniň düzgünlerini, imanyň esaslaryny, ahlak ýörelgelerini öwrenip, amal edenimizde, Mukaddes Ruhnamanyň dili bilen aýtsak, kalbyň edebi bolan iman edebini berjaý edenimizde, Allanyň dergähine barmaga mynasyp adamlar bolarys. Şeýlelikde, şu dünýäde-de, ahyrýetde-de ýagşylyga, haýyr-yhsana ýeteris.
Iman edebi, Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle düşündirilýär: «Edebiň içki gözelliklerniň hataryna iman edebi girýändir. Ata-babalarymyz akyl-paýhas kämilligine ýetipdirler we adamy içinden terbiýelemeseň, daşky owadanlygyň mazasynyň azdygyna oňat akyl ýetiripdirler. Hereketiň gözellikleri diňe kalbyň gözelliginden gelip çykanda kämillik doly, gutarnykly we bitewi bolýar. Hereket edebi diňe kalbyň edebine daýananda, edeplilik ynamly we kesgitli ruhy gymmatlyga öwrülip bilýär».
Mukaddes Ruhnama kitabynda arassalyk, içki-daşky gözellik hakynda şeýle aýdylýar: «Arassalyk, päkizelik ynsapdan çykman, halallyga gol ýapmakdyr, ten arassalygy, kalp arassalygy bilen utgaşanda, adam adam bolýandyr. Ten arassa bolup, kalp hapa bolsa, bu iň ýigrenji zatdyr.»
Hawa, jemgyýetçilik durmuşymyzda parahatçylygyň we adalatyň tertip-düzgünli dowam etmegi üçin nesillerimize kämillik ýaşyna çenli terbiýe bermelidiris. Nesillerimiziň terbiýesi haram-halal, günä-sogap düşünjesini berýän dini borçlar, ahlak we edep kadalary, milli däp-dessurlarymyz hakyndaky gymmatlyklary şahsy durmuşynda amal eder derejede öwretmek bilen mümkindir. Ýogsa, ýaşlarymyz şahsy bähbidini we nebsiniň arzuwlaryny kanagatlandyrmakda başgalaryň hukugyny öz paýyna geçirmekden ýa-da kemsitmekden gaýtmaz.
Allatagala hem ynsanyň amallaryny parz-wajyp (emirler), haram (gadaganlyklar), sünnet-mustahap (halanylanlar), mekruh (halanylmaýanlar), mübah-halal (zelelsizler) görnüşinde derejelendiripdir. Parzlaryň amal edilmegi, haramlardan daş durulmagy, sünnetleriň endik edinilip, mekruhlaryň ýigrenilmegi we halalyň saýlanylmagy ynsana hemişe sogap gazandyrar. Gaýta, tersine edilen ýagdaýynda günä bolar. Ynsan sogap we günäleri, haýyr we şer işleri gulak, göz, dil, garyn, satan arasy, el we aýak bolan ýedi agzasy bilen amal eder. Imanyň we ybadatlaryň asyl maksady, ynsanyň bu agzalaryny hemişe haýyr we sogap işleri amal eder derejede terbiýelemekdir.
Jemläp aýtjak bolsak, ynsan özüne berlen ähli duýgularyny, ukyplaryny, gylyk-häsiýetlerini Gurhan ahlagy we yslam terbiýesi bilen ösdürip kämilleşdirmelidir. Ýogsa, gulagy, gözi, dili, gamy, satan arasy, eli we aýagy arkaly edýän günäleri sebäpli özüne, maşgalasyna, ýaşaýan jemgyýetine, halkyna, Watanyna, hatda tutuş adamzada we beýleki barlyklara zyýan ýetirer. Bu hakykat Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle düşündirilýär: «Jemgyýet bilen gatnaşyklar babatda, Gurhany kerimiň nury çaýylan şypaly güýji özüne siňdiren, asylly ahlak sypatlarynyň eýesi bolan türkmeniň şahsyýeti Altyn asyrymyzda has hem güýçli bolar, jemgyýetiň hoşniýetli, arassa we medeniýetli, güýçli agzasy bolar.»
Kämil şahsyýetlerden düzülen jemgyýetde, elbetde, jemgyýetçilik durmuşyny hapalaýan nadanlyk, ýalançylyk, aldaw, isrip, parahorlyk, ýaltalyk ýaly ýaramaz gylyk-häsiýetleriň we endikleriň deregine ylym, dogrulyk, ynam, zähmetsöýerlik, tygşytlylyk orun alar, ynsanlar şahsy bähbitlerinden iliň bähbidini öňde tutarlar.
Hawa, arassa ahlaklylyk, edep-ekramlylyk ynsanlarda halal-haram, sogap-günä düşünjesini berýän ynanç-ygtykat we din-iman bilen mümkindir.

■ Halal-haram ýa-da sogap-günä düşünjesi

Halal berjaý edilmeginde hiç hili zeleli bolmadyk amallar, hal-hereketler diýmekdir. Haram bolsa, ynsanyň ýaradylyşyna ters bolan, sagdyn akylyň we Allanyň halamaýan amallary we hal-hereketleridir.
Bir zady halal ýa-da haram kylan diňe Allatagaladyr. Hiç kim Onuň halal kylan zadyny haram, haram kylanlaryny bolsa halal edip bilmez. Alla arassa, päk, tämiz, peýdaly, önümli... zatlary halal, zyýanly, hapa, ýaramaz, pis... zatlary bolsa haram edendir. «...ýakymly, gözel zatlar halal, ýaramaz, hapa zatlar bolsa haram edilendir...» (Araf, 157). Aýat hem bu hakykaty aýdyň görkezýär.
Ýaradanyň halal we haram kylmak emri, adamlary kynçylyga salmak we jezalandyrmak üçin däldir. Gaýta tersine, Allatagala öz dinini mähir-muhabbet, rehim-şepagatlylyk, rahmet esasynda bina edendir. Yslamyň emir we gadaganlyklarynyň, parzlarynyň, halal we haramlarynyň asyl hikmet we maksady, şeýle hem sagdyn akyla daýanýan pelsepewi ulgamlaryň we ähli döwletleriň baş maksady şu bäş esasda jemlenýär. Olar: dini goramak, jany goramak, akyly goramak, nesli goramak, maly goramakdyr. Diniň goralmagy bilen ruhy durmuş, akylyň goralmagy bilen ylym we düşünje dünýäsi, janyň goralmagy bilen hak-hukuk we borçlar, nesliň goralmagy bilen maşgala ojagy, malyň goralmagy bilen mal baýlygy, ykdysady tygşytlylyk gorag astyna alnyp, has netijeli we peýdaly görnüşde ulanylmagy üpjün edýär. Yslamyň wagyz edýän ähli emir we gadaganlyklary hökman bu bäş esasyň biri bilen göni baglanyşyklydyr. Käbirleri bolsa hemmesi bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, serhoşlyk berýän alkogolly içgileriň we neşe jisimleriň gadagan edilmegi hem akyl, hem jan, hem mal, hem nesil, hem din bilen göni baglanyşygy bardyr.
Harama zerurlyk bolmajak derejede halal zat bardyr. Harama äkidýän her ýol hem haramdyr. Mysal üçin, Gurhanda: «Ynanan erkeklere aýt: Nazarlaryny haramdan sowsunlar. Ynanan zenanlara hem aýt: Nazarlaryny haramdan sowsunlar» (Nur, 30, 31).
Bu aýatlar ynsany zynadan sägindirýär. Ynsan bir bakyş, bir lukma, bir söz... bilen harama endik edinýär. Şol sebäpli Allatagala ynsany zyna eltýän bakyşlary hem haram edendir. Şeýle hem, bu ýerde asyl mesele, diňe ýalaňaç bedenlere garşy gözi haramdan goramak däldir. Şol bir wagtyň özünde, başgalaryň elindäki baýlygyna bahyl göz bilen bakmaly däldiris. Bu edep-haýadyr. Özümizi gysgançlykdan, öýke-kineden, bahyllykdan, husytlykdan, şehwetiň çukurlaryna gaçmakdan goramalydyrys. Bütin bular üçin bolsa nazarlarymyzy haramlardan sowmak hökmandyr.
Ynsanyň metjit gurmak, garyp-gasarlary doýurmak ýaly ýagşy niýeti ogurlyk, süýthorlyk, para ýaly haram zatlary halal kylmaz. Nähak ýere sowgat niýeti bilen para almak ýa-da bermek ýaly haram işiň şekiliniň, görnüşiniň, adynyň üýtgemegi hem ony haramlygyna galdyrar. Dinimiz diňe parzlary amal edip, halal çäklerde ýaşap, haramlardan daş durmaklygy ýeterlik görmeýär. Takwa ýaşamak üçin haramdygy ýa-da halaldygy şübheli bolan zatlardan daş durmaklygy ündeýär.
Ynha, şonuň üçin ynsan, ilki niýetini, garaýşyny, nazaryny terbiýelemeli, halaly-haramy saýgarmaly. Ýogsa, ýalandan, amanada hyýanatçylyk etmekden, lebzinde durmazlykdan, ogurlykdan, talaňçylykdan, adam öldürmekden... daş durup bilmez. Şeýle kişiler başganyň ahy-nalasyny eşitmez, diňe gara nebsine gulluk eder.
Hawa, halallyk, parz amallar, haýyr-sahawat ynsana sogap gazandyrýan amallardyr. Haramlyk, parzlary terk etmek, şer işleri berjaý etmek ynsana günä gazandyrýan amallardyr. Ahyrýetde ynsan gazanan sogap we günälerine görä, ýa sylaglanar ýa-da jezalandyrylar.
Haramyň we halalyň nämedigini Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle paýhaslar arkaly düşündirýär:
«Haram we halal Yslam dininde esasy ölçegdir».
«Haram jemgyýete zyýan etmekdir: Halal jemgyýete haýyr etmekdir».
«Halalyň ornuna haram geçen bolsa, jemgyýetde terbiýäniň pese düşenligidir. Terbiýe, edep bermek halallygy, jemgyýeti halas etmegiň ýoludyr».
«Halallyk iliň ýüzüne dogry bakmaga, özüňi arkaýyn duýmaga, göwnüňi giň tutmaga hukuk berýär. Halal adamyň müýni ýokdur».
«Halalyň hemaýatkäri – içinde, haramyň ýagysy ýanyndadyr».

■ Däp-dessur we edep barada düşünje

Ynsanlary biri-birinden tapawutlandyrýan aýratynlyklaryň bolşy ýaly, milletleri hem biri-birinden tapawutlandyrýan aýratynlyklar bardyr. Bular, milletleriň uzak ýyllaryň dowamynda döreden, kemala getiren taryh, ahlak, däp-dessur we urp-adatlaryndan emele gelen, ynsanlara milli şahsyýet gazandyran aýratynlyklardyr. Watan söýgüsi, garaşsyz ýaşamak arzuwy, erkinligini, ar-namysyny goramak gaýratlylygy gayduwsyzlyk, hossarsyz kişilere hemaýat, maşgala agzybirligi, garyndaş gatnaşygy ýaly häsiýetler milletimiziň taryhynyň çuňluklaryndan häzirki güne çenli dowam etdiren däp-dessurlaryndadyr. Bu gymmatlyklaryň aňsatlyk bilen kemala gelmeýşi ýaly, şahsyýetiň ruhy bu gymmatlyklar bilen terbiýelemedik halklar millet bolup bilmez. Däp-dessurlar geçmişi şu güne, şu güni ertire eltjek gymmatlyklardyr. Şonuň üçin däp-dessurlarymyzy, urp-adatlarymyzy edep-kadalarymyzy içgin öwrenmelidiris, olary durmuşymyza ornaşdyrmaly, gadyryny bilmelidiris. Çünki milletiň şahsyýetlerini bütewileşdiren bir maksada gönükdiren gymmatlyklar bolmasa, şol millet bölünip dargar.
Milletleriň däp-dessurlary, urp-adatlary olary oturyşy-turşy geýnişi, toýy-ýasy bilen begenjinde-gynanjynda agzybirlige gönükdirer. Bir bütewi medeniýet, ahlak, aň we düşünje döreder. Ynsanlary birek-birege berk ysnyşdyrar. Şeýle gymmatlyklardan mahrum bolan medeniýetler gum depeleri ýalydyr we güýçli şemalyň öwüsginine tozap gider. Şonuň üçin atalarymyz, ynsan öz ýurduny taşlap, başga ýurda göç edip biler, däp-dessuryny, edim-gylymyny, urp-adatyny terk edip bilmez diýen manyda «Ilden çykylar, töreden çykylmaz» diýen pähimi döredipdirler.
Şu ýerde däp-dessur näme? Urp näme? Adat näme? Olaryň arasyndaky aýratynlygy bellemek gerek. Däp, dessur sözleri adat sözi bilen manydaşdyr. Urp sözi beýlekilerden az tapawut edýändir.
Ýagşylyk, bilmek, tanamak diýen manylary aňladýan urp sözi, kanun bolmasa-da, bir milletiň aglabasynyň ýa-da hemmesiniň ykrar edip, öz ýaşaýşynda nesilden-nesle dowam etdiren, akyla we dine ters bolmadyk edim-gylymlarydyr.
Adat sözi, bir jemgyýetde gaýtalanyp berjaý edilmek bilen endik bolup galan, belli bir wagtyň dowamynda däbe öwrilen edim-gylymlardyr. Adatyň, däp-dessuryň ýagşysy ýa-da ýamany bolup biler. Şonuň üçin Gurhany kerimiň ençeme ýerinde erbet adatlary sebäpli käbir milletler ýazgarylandyr. Urp sözi Gurhany kerimde hemişe magruf ady bilen emir edilen we maslahat berlen esaslardyr. Magruf Alla tarapyn buýrulan parzlar, ýagşy görlen, ündelen hal-hereketler we amallardyr. Diýmek, urp gönüden-göni, däp-dessur we adatlar bolsa Yslamyň hökümlerine garşy bolmadyk ýagdaýlarynda medeni mirasymyzyň esaslaryndan kabul edilipdir. Däp-dessurlarymyzyň kemala gelmeginde Yslamyň täsiri uly bolupdyr. Mukaddes Ruhnama kitabynyň «Kalbyň eýesi» babynda hem bu hakykat şeýle nygtalýar: «Türkmeniň Yslamy parahatçylykly ýol bilen kabul etmeginde, öňki ynançlary, adatlary, däp-dessurlary uly orun eýeläpdir. Özleriniň ozalky ýol-ýörelgeleriniň iň gowy taraplaryny Yslam bilen utgaşdyryp biljek ýagdaýynda halk Yslamy kabul etjekdigini Yslamyň wagyzçylaryna düşündiripdir.
Yslamy ýaýradyjylar türkmenleriň aňyrdan gelýän ynançlarynyň-da, däp-dessurlarynyň-da täze dine zyýanynyň ýokdugyna göz ýetirip, halkyň Yslama erkin ýagdaýda girmegini gazanypdyrlar.»
Şeýle hem, «Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Pähimleri» atly kitapda bolsa bu hakykat şeýle düşündirilýär: «Yslam biziň taryhymyzyň, şeýle hem durmuşymyzyň bir bölegi hökmünde möhümdir. Türkmenleriň däp-dessurlary Yslamyň wagyz edýän medeni hem-de ahlak baýlyklary bilen jana-jan baglanyşyklydyr.»
Edep ýagşy terbiýe, haýa-şerim, arassa ahlak we gowy gylyk-häsiýet diýmekdir. Doly manyda edep, ynsanyň arassa ahlaklyga degişli ähli ýagşylyklary, bütin gowy gylyk- häsiýetleri özünde jemlemegini aňladýar. Şeýle bolmadyk adama biedep diýilýär.
Edep Yslam ahlagynyň esaslaryndandyr. Çünki dinimiziň ündeýän arassa ahlaklylyga degişli ähli gözellikleri bu sözde jemlenendir. Ähli erbetlikler hem onuň daşynda galýandyr.
Maşgalada, adamlar bilen gatnaşyklarda, iýmek-içmek, geýinmek, dynç almak ýaly, ynsanyň tutuş durmuşynda ahlak esaslaryna tabyn bolmak edeplilikdir. Olaryň garşysyna gidip, erbetlik etmek hem edepsizlikdir. Şu nukdaýnazardan seredilende, däp-dessurlar, urp-adatlar bilen baglanyşykly ähli düzgünler, ýol-ýörelgeler edep kadalary diýmekdir.
Musulmanyň edebi Pygamber Serwerimiziň edep-terbiýesi bolmalydyr. Çünki edep barada iň soňky görelde Pygamberimiz aleýhisselamdyr. Hezreti Ebu Bekir (Alla ondan razy bolsun) bir gün «Eý, Allanyň Resuly, Sizi beýle kim edeplendirdi?» diýip soraýar. Allanyň Resuly «Meni Alla edeplendirdi, negözel terbiýe etdi!» (Jamiüs-Sagyr) diýip jogap beripdir.
Edep bilen haýa-şerim (utanjaňlyk) arasynda ýakyn baglanyşyk bardyr. Çünki haýa-şerim ýaramaz, erbet işleri etmekden saklanmak diýmekdir. Allanyň Resuly «Haýa imandandyr» (Riýazüs-Salyhyn) diýip aýtmak bilen, utanmagyň ähmiýetine ünsi çekýär. Bihaýa ynsanlaryň, Alladan we beýleki ynsanlardan utanmanlygy üçin, olardan her hili erbetlige garaşmak mümkin.
Köneler edep hakynda göwher sözleri aýdypdyrlar, olardan käbir mysallar:

«Edepdir kişiniň daýym lybasy,
Edepsiz ynsan – urýana meňzeş».

«Edep bir täç kimin Nury-Hudaýdan,
Geý ol täji, aman bol her beladan».

«Ylym alan adam edepden üzňe bolmaz,
Edepsiz ylym alýan alym bolmaz».

Mukaddes Ruhnama kitabynda bolsa, edep barada şeýle aýdylýar:
«Edep diňe bir adamyň daşky hereketleriniň sazlaşygyny däl, ol şahsyýetiň kalbynyň tämizligini-de gazanýandyr. Çünki edep gymmatlygy ýöne bir daşky görnüş bolman, eýsem, içki gözellikleriň jemidir. Türkmeniň gadymyýetden gelýän aňlap we ykrar edip bilenliginde görünýär.
Edep – adamyň tebigy-beden ösüşini onuň ruhy ösüşi bilen sepleşdirmekdir.
Edep – adamyň tebigy ösüşini ruhy-edep gymmatlyklary bilen şertlendirmekdir. Eger edep bolmasa, onda adam ruhy şahsyýet däl-de, bary-ýogy beden birligi hökmünde boý alardy, beýle zat adamzat jemgyýetiniň abadanlygyna zeper ýetirer. Çünki adamzat ýaşaýşy üçin, bir tarapdan tebigy ösüşe ýol bermek, beýleki tarapdan bolsa, onuň jemgyýet üçin ýaramsyz goşmaça netijelerini aradan aýyrmak gerekdir. Adam bolmak üçin adam terbiýesi – edep gerekdir.»
Jemläp aýtsak, edep akylyň üstüni ýetiren, ony nurlandyran, ynsany kämillige, salamatlyga, esenlige ýetiren haýyrly we gymmatly baýlykdyr.

■ Edep bilen ahlak arasyndaky baglanyşyk

Edep bilen ahlak arasyndaky baglanyşyga düşünmek üçin ahlagyň nämedigine göz ýetirmeli.
Ahlak arap sözi bolup, hulk sözüniň köplügidir. Hulk sözi ynsanyň ruhy, wyždany, kalby we zehini bilen baglanyşykly ruhy tarapyny aňladýar. Hulk sözi ynsanyň daşky keşbi, şekili bilen baglanyşykly maddy gurluşyny aňladýar.
Ahlak ynsanyň ýaradylyşynda bar bolan hüý-häsiýetler, gylyklar we soň terbiýe ýoly bilen gazanylýan ruhy durmuşynda kök urup, endige öwrülen, ýeňil-ýelpaý taşlap bolmajak ýagşy-ýaman endikler diýmekdir. Mysal üçin: jomartlyk we dogmlyk ýa-da bularyň gapma-garşylygy bolan gysgançlyk we ýalançylyk.
Ahlak arassa ahlak we ýaramaz ahlak ýa-da gowy gylyk-häsiýetler we ýaramaz gylyk-häsiýetler diýlip iki görnüşe bölünýär.
Ahlagyň asyl maksady ynsanlara dünýä we ahyrýet bagtyny hem-de sagadatyny gazandyrmakdyr. Şonuň üçin ahlak ylmy ynsana dogryny-egrini, ýagşyny-ýamany, gowyny- erbedi öwredip, olardan dogryny, ýagşyny we gowyny endik edinip, durmuşa geçirmek arkaly şahsyýeti arassa ahlakly edip terbiýeleýär.
Arassa ahlaklylyk, Allanyň halaýan we ynsanlaryň hoşal bolýan gylyk-häsiýetleri bolup, ynsanyň eli we dili bilen başgalara zyýan ýetirmezligidir, ynsanlara ýagşylyk etmek we olara güler ýüzli bolmak diýmekdir. Kämil ynsan bolmak, maşgala abadançylygy, jemgyýetiň parahatçylygy diňe arassa ahlaklylyk bilen mümkindir.
Arassa ahlaklylygyň esasy, asyl gözbaşy we çeşmesi dindir. Din ynsanyň bu dünýäde parahat we agzybir ýaşamagynyň, ahyrýetde bolsa hakyky bagta gowuşmagynyň ýoluny görkezýär. Diniň ýok ýerinde ahlak we edepden söz açmak kyn bolşy ýaly, hakyky bagta gowuşmak hem mümkin däldir. Çünki ahlak we edebiň esasy gözbaşy wyždandyr. Wyždana höküm etjek ýeke-täk zat bolsa, Alla baglylygy aňladýan dindir, imandyr, ynanç-ygtykatdyr.
Hawa, ynsanda wezipe jogapkärçiligi, dogrulyk, halallyk, adalat, rehim-şepagatlylyk, sylag-hormat, ýardamlaşmak, arkalaşmak ýaly ahlak kadalary diňe Alla we ahyret gününe ynanç bilen goldanan ýagdaýynda täsirli we dowamly bolup biler, ynsanlarda häsiýete we endige öwrüler. Çünki Alla we ahyret gününe iman ynanjy, wyždanlara sakçy goýýar, ahlak kadalaryny berkidiji we olary uzak ömürli kylýar, güýjüni artdyrýar.
Bu ynanjyň ýok ýerinde şahsyýeti, ýat nazarlardan daş, ýeke bolan wagtlary kanunlary berjaý edip-etmezlikde, gözegçilikde saklamak mümkin däldir. Kanunlar ynsanlary düzgüne salmakda, terbiýeläp ýetişdirmekde we jemgyýetçilik durmuşda parahatçylygy, asudalygy üpjün etmekde özbaşyna ýeterlik däldir. Çünki ynsany kanun işgärleriniň we beýleki ynsanlaryň gözegçiliginiň ýok ýerinde, ýaramaz bir işe meýil etjek wagty, onuň bu hereketini görýän, ony jezasyz goýmajak Alla ynanjynyň, din düşünjesiniň barlygy diňe ony şol işi amal etmekden sägindirer.
Diýmek, Alla, ahyrýet we din ynanjynyň, ýagny imanyň ýok ýerinde arassa ahlaklylykdan söz açmak mümkin däldir. Dini duýgularyň peselýän ýa-da düýbünden ýok bolýan jemgyýetlerinde ahlaksyzlygyň ýaýramagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şonuň üçin hiç bir kanun, hiç bir maddy zorluk dinsiz bir adamy ýa-da jemgyýeti arassa ahlakly edip bilmeýär. Bu hakykat Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle düşündirilýär: «Diniň biziň altyn döwrümizde iki hili özboluşly jemgyýetçilik manysy bardyr. Birinjiden, din – ynanç-ygtykatlaryň ulgamydyr. Ikinjiden bolsa, din – durmuş keşbimizdir. Garaşsyz türkmen döwletinde biz dünýewi durmuş keşbini alyp barýarys. Emma diniň, onuň ynanç-ygtykat taraplarynyň ahlak manysyny goldanýarys. Çünki ahlak dinden gelip çykýandyr. Diniň ahlak kada-kanunlary ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda türkmeniň içki ynanjyna öwrüldi. Din türkmeniň ýüreginde ahlak binalaryny gurdy. Ol binalaryň berkdigine ýetmiş ýyllyk hudaýsyzlyk döwründe-de, olaryň ýykylmandygy oňat şaýatlyk edýär. Şonuň üçinem, biziň haýyr hem ser haramlyk hem halallyk, ynsaply hem naýynsaplyk düşünjelerimiz özüniň gelip çykyşy boýunça din bilen baglanyşyklydyr. Günä bilen sogap hem şonuň ýalydyr. Dini düşünjeleriň esasynda o dünýä, dowzah hem jennet ýaly düşünjeler ýatan bolsa, dünýewi-ahlaky ýörelgeleriň esasynda türkmen döwletiniň, türkmen jemgyýetiniň, Altyn asyryň öňündäki borç duýgulary ýatýar.»
Jemläp aýtsak, nesillerimizi düşünjeli, edep-ekramly edip ýetişdirmek, ösen medeniýeti döretmek ynanç we söýgi arkaly mümkindir, Ynanjyň, söýginiň täsirliligi edep-ekramly, arassa ahlakly bolmaklyga baglydyr.
Yslam ahlagynyň gözbaşy hidaýet çeşmesi bolan Gurhany kerim we fazylet güneşi bolan Hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellemdir. Ahlak barada Gurhany kerimde we hadyslarda ençeme ýerde söz açylýar, arassa ahlaklylyk öwülýär, ahlaksyzlygyň her görnüşinden-de adamlar sägindirlýär. Pygamberimiziň ahlagy barada Äşe enemiz özünden soranlara: «Onuň ahlagy Gurhandan ybaratdyr» (Müslim) diýip jogap berýär. Şu nukdaýnazardan, ähli pygamberleriň iberlişiniň asyl maksatlarynyň biri-de şahsyýeti arassa ahlakly edip terbiýelemekdir. Pygamberimiz: «Men ýagny, ahlagyň gözelliklerini, ýagşylyklaryny tamamlamak üçin iberildim» diýip, bu hakykaty beýan edýär. Hatda Mukaddes Ruhnama kitabyndaky «Nuh pygambere iberilen mazmuny ahlak arassalygyndan ybaratdyr» diýlen sözler nem bu hakykaty aýratyn nygtaýar.
Yslamda ýoldan gelip-geçenlere ezýet berýän bir zady aýyrmak hem imandan bir bölek hasap edilen bolsa, iman we yslamyň esaslary bilen ahlak we edep kadalarynyň arasynda, elbetde, bir baglanyşygyň bardygy aýdyň görünýär.
Hawa, ahlak diniň durky, esasy, ilahy wahýyň iň möhüm kadasydyr, edep bolsa şahsyýetiň zynatydyr, bezegidir. Arassa ahlakly, edep-ekramly bolmak gahrymanlykdyr. Bu meýdanyň nakyky gahrymanlary bolsa pygamberler we ýüregi bilen olaryň yzyna eýerenlerdir. Hakyky musulmanyň waspy onuň ahlaklylygydyr. Kämil ahlagyň belent nusgasy bolan Pygamberimiz bu hakykaty «Musulmanlyk – ahlak arassalygy, häsiýet gözelligidir» («Kenzül-Ummal») diýip düşündirýär. Merdana ata-babalarymyz yslamy kabul edenden soň, onuň ybadat we ahlak esaslaryny ýaşaýyşlarynda özlerine endik edinip adata, däbe öwrüpdirler.
Bu nukdaýnazardan seredeniňde edep bilen ahlak arasynda göni baglanyşyk bardyr. Arassa ahlaklylyk edeplilik diýmekdir. Edep ynsanyň ýaradylyşynda bar bolan hüý-häsiýetleri, gylyklary terbiýe ýoly bilen gowy ýa-da ýagşy görnüşde endige öwürmekdir. Başgaça aýdanda, arassa ahlaklylyk ýa-da gowy gylyk-häsiýetler edebe degişli düzgünlerdir. Arassa ahlaklylyk we edeplilik ynsandaky gylyk-häsiýetleriň çäklendirilip terbiýe edilmegi arkaly gazanylar. Bu hakykat Mukaddes Ruhnama kitabynyň «Ata-ene mähri» babynda şeýle düşündirilýär: «Terbiýe – gözelligi gazanmagyň najatydyr. Başsyz-baratsyzlyk, taraşsyzlyk, tagaşyksyzlyk, ölçegsizlik gözellik däldir. Gözellik – kanunalaýyklyga tabynlykdan gelip çykýar. Tebigat gözelligi tebigatyň dilsiz-agyzsyz baky aýlawynyň kanunalaýyklygynyň netijesidir. Ahlak gözelligi – ahlak kanunlaryna tabyn bolmagyň netijesidir.»

■ Ýaramaz gylyk-häsiýetleri endik edinmegiň sebäpleri

Ynsanlary haramlyklara itekleýän, ýaramaz gylyk- häsiýetlere öwrenişdirýän esasy sebäpleriň başynda ruhy ýetmezçilik we ynançsyzlyk durýar. Ynsan maddy hem-de ruhy taýdan kämil bolýandyr. Şonuň üçin aşgazan aç bolanda bedene nähili täsir ýetýän bolsa, ruhy açlyk çekilen ýagdaýynda hem käbir ýetmezçilikler ýüze çykar.
Ynsan maddy zatlara baý, garny dok hem bolsa gözi aç bolýar. Çünki maddy zatlar ynsany ruhy taýdan doly kanagatlandyrmaz. Pygamberimiz bu hakykaty: «Ynsanyň bir jülge dolusy maly bolsa, munuň iki jülge bolmagyny islär. Ynsanyň açgözlügini diňe toprak doýrar» (Buhary, Müslim) diýip beýan edýär.
Häzirki döwürde maddy taýdan ösen ýurtlara ýa-da ýokary wezipede işleýän adamlara seredenimizde bu hakykaty aýdyň göreris. Diýmek, ruhy açlygyny doýurmazdan ynsanyň kanagatly bolmagy mümkin däl. Bu bolsa ynanç we iman bilen mümkindir. Ynsan gadymdan bäri «Men kim? Nireden gelýärin? Nirä barýaryn?» ýaly soraglara kanagatlanarly jogaby diňe diniň we imanyň üsti bilen jogap tapyp biler. Öleninden soň näme boljagyny bilmeýän ynsan hemişe gaýgy bilen ýaşar. Kellesine geljek müňlerçe sorag we şübhe, her gün ony birahat eder. Bu ýagdaýdan halas bolmak üçin, ynsan özüni keýpi-sapa salar.
Netijede, ynançsyz we imany kämil bolmadyk ynsanlarda kanagat bolmaz. Başa gelen belalary sabyrlylyk bilen garşy alyp bilmez, öýkünmek häsiýetleri we gowy, aňrybaş ýaşaýyş baş maksatlary bolar. Beýle ýagdaýda kämil şahsyýet döremeýşi ýaly, milli ruha eýe milletler hem döremez.
Jemläp aýdanymyzda, arassa ahlaklylyk, edeplilik ynsanlarda halal-haram, sogap-günä düşünjesi bolan ýagdaýynda mümkindir. Bu düşünje bolsa doly manyda, ýeterlik derejede dinde bardyr. Din iman, ybadat, doga-dileg, ýagşy adamlar bilen dostlaşmak we haramlara, günälere itekleýän şertleriň ýok edilmegi netijesinde haramlardan we ýaramaz gylyk-häsiýetlerden goranyp biler.
Hawa, dana, pähim-paýhasly Beýik Serdarymyz arassa ahlakly, edep-ekramly adam bolup ýetişmegiň ýoluny şeýle sargyt edýär: «Pederlerimizden miras galan tämiz ahlak sypatlaryny özüňde terbiýelemegi başar! Olara uýsaň, sen dünýäde iň ynsanperwer adam bolarsyň.»

■ Özbaşdak diýarymyzda milli edep kadalaryny we däp-dessurlarymyzy düýpli öwrenmegiň zerurlygy

Islendik milletiň ösüşiniň derejesi onuň medeniýetiniň kämilligi bilen kesgitlenýär. Çünki medeniýet diýlen düşünje her bir milletiň aňly-başly ýaşaýşynyň dowamynda döreden maddy we ruhy baýlygynyň jemini aňladýar. Elbetde, bir medeniýetiň döremeginiň we kemala gelmeginiň esasy – döwrebap ýetişen ynsan, jany we onuň döreýän ýeri – azat, erkin hem-de hemmetaraplaýyn garaşsyz bir Watan, iň gymmatly maýasy bolsa zamandyr.
Medeniýet, umuman, baky, mizemez däldir, ol hemişe ösüş ýolundadyr. Adamzat elmydama ösüşde, bu tebigy kanunalaýyklyk. Bir millet medeniýetiň oňat nusgalaryny özleşdirmedik, öz durmuş ýagdaýyna bähbitli esasda uýgunlaşdyrmadyk ýagdaýynda medeniýet durgunlyga, gaýtgyna sezewar bolar. Şol bir wagtyň özünde halkyň milli tebigatyna, ruhuna, durmuşda güzeran dolandyryş şertlerine laýyk gelmeýän zatlaryň onuň medeniýetine gereginden artyk ornaşdyrylmagy, ýagny başga medeniýetiň hasabyna baýlaşdyrylmagy dogry däldir.
Şeýle zada ýol berilmegi milli medeniýetiň umumy möçberinde onuň özüne has bolan häsiýetleriniň kemelmegine we keseki medeniýetiň häsiýetleriniň ýaýramagyna getirer.
Magtymguly eýýamyndan Garaşsyzlyk günlerimize çenli türkmen milli medeniýeti tebigy ösüş ugrundan bir tarapa gyşaryp, milli däp-dessurlary ýoýuldy, dinini galapyn terk etdi, ata-baba nesilden-nesle geçip gelen ajaýyp gylyk-häsiýetlerini ýitirip başlady. Uly il bolup ýazgarylýan pis gylykly adamlaryň – ogrularyň, talaňçylaryň, arakhorlaryň, neşekeşleriň, jelepleriň, harsydünýäleriň, binamyslaryň, wyždansyzlaryň, dönükleriň halk içinde kök urmagyna ýol berildi. Öz bagryndan önen perzendinden dynmak üçin ony bäbekhana taşlap gidýän «eneler», enesiniň beren ak süýdüni, atasynyň beren päk duzuny, olaryň namys-aryny depgiläp, öýüni taşlap, «bagtyň» gözlegine çykan gyzlar, soňky demine çenli, gözüni ýola dikip ýatan atasyndan habar almaga dogduk obasyna gitmän, şäheriň keýp çekilýän jaýlarynda özi ýaly bikärler bilen şowhun edip, akyl satyp, lokguldaýan erkekler, Watan gullugyndan gaçyp galýan bigaýrat ýigitler häli-şindi duşýardy. Garaşsyz diýarymyzyň nesilleri bolup, Beýik Serdarymyzyň aýdyň ýoly bilen täzeden aslymyza gaýdyp geldik. «Oguzhandan başlap orta asyrlaryň ahyryna çenli agzybirligi, batyrlygy, watansöýüjiligi, halallygy, geçirimililigi, dini, dili, medeniýeti – beýik ruhy bilen tanalan halk hökmünde ýaňadan XXI asyrda milletimiziň dowamatyny» gazandyk. Her bir türkmeniň asly halal ata-babalarymyzyň gylyk-häsiýetlerine eýe bolmagy üçin milli edep-kadalarymyzy we däp- dessurlarymyzy düýpli öwrenmegi parzdyr.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 19 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Türkmenistanyñ Müftüsiniñ müdiriýet | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: