23:13
Oýanmak -6/ powestiñ soñy
...Açlykdanmy, soňsuz gurluşygyň ýadawlygyndançy surnugyşyp, ruh bolup galan hortaň adamlar iş iş bilen gümra. Abdylla hanyň hyrsyz ýüzi, gamçy bilen saýgylanyp, özünden gidýänleriň solgun keşpleri Abdyl keliň kiçijik ýympyk ýüzi Nuralyny birhili basmarlaýan ýaly boldy...
Ol ukudan açylan ýaly bolup, göni guýa tarap gitdi. Guljeren bu günem özüne göz-gulak bolýan kempire ýalbaryp gördi, özelenip çykdy. Eger-de boşatdyryp bilse, obalaryna baraýdygy agalaryndan kempiriň adyny tutan zadyny ibermäge kaýyldygyny aýtdy. Şonda kempir oňa:
– Ýeri boşadyňam-da, nädip gaýtjak? – diýipdi.
– Wah, meň gaýtmamy alada etmäň. Sag-aman boşasam, oba aşmaň najadyny özüm görerin.
Ýöne bü gürrüňden netije ýok.
– Haý balam... balam – diýip, ol aýal başyny ýaýkap çykyp gitdi.
Güljereniň kempir gideli bäri sowuk diwara arkasyny diräp, köne dona dolanyp oturyşy.
«Atam nähilikä?... Gylyç... Älem...» Älem ýadyna düşende, onuň kalbyny birhili has ýakymly duýgular gurşap aldy.
...Şu ýyl guma, Juwazla ýazlaga gidilende Saryja aga Älemem kömekleşmäge alyp gidipdi. Ol guzy bakýardy.
Baharyň gudratly güýji haýwanyň-ynsanyň kalbyny heýjana getirýärdi. Ýapyň ýüzündäki ýylaklar, oýlardaky gyzyl gülälekler, takyrlardaky çigildemler, çerkez-gandymyň gülüniň ysy, guşlaryň jürrüldisi, goýun-guzularyň mäleşigi göwnüňi göterýär.
Tebigatyň gözelligine maýyl bolup Güljereniň şol gidip barşy. Ol näçe ýöräninem bilenok, birden golaýjakda guzujygyň mäleýän sesini eşitdi. Sürlenişip ýören dowarlary görerin diýen umyt bilen ol günorta tarapdaky ak çägä çykdy. Ýöne onuň gözüne ne dowar ildi, ne-de guzy.
«Be, ýa-da gulagyma eşidiläýdimikä?»
Ol aňyrdaky beýik aklaňa çykyp, töweregine garanjaklap ugrady. Guzujygyň sesi ýene-de eşidildi. Sesiň gelýän tarapyny anyklansoň, ol şol tarapa ylgap gaýtdy. Barsa ullakan gandymyň düýbünde bir kiçijik guzy mäläpjik ýatyr. Güljeren guzyny ýerinden galdyryp gördi. Ýöne ol aýaklarynyň üstünde durup bilmän, şalkyldap gaýtdy. Güljeren guzujygyň garnynyň aşaklaryny, boýnuny, guýrujagyny elleşdirip görse-de, gözüne ilen zat bolmady. Ol onsoň guzujygyň syňraklaryny barlamaga durdy. Öň aýagynyň syňragyna çöp çümüp, ýara edenini gördi. Syňrakdaky çöpi aýyrýarka guzujyk zaryn-zaryn mäleýärdi. Güljeren guzujygy göterip, oýa bakan ýöräp ugrady. Guzy tokarja bolansoň, häli-şindi durup, dynç almaly bolýardy. Güljeren ep-esli ýoly geçse-de geçdi welin, guzujyk ony halys ýadatdy. Ol dynjyny alyp, guzujygy göterip ugrandan özüne tarap gelýän Äleme gözi kaklyşdy. Ol Güljereniň ýanyna gelip saklandy-da guzyny alarman boldy. Älem Güljerene golaýlandan üýtgeşik duýgularyň gomuna gark bolup başlandygyny duýdy.
– Güljeren!
Älemiň sesi şeýlebir ysgynsyz çykdy welin, ol öz sesini zordan eşitdi. Güljerenem ýöne ýylgyryp seredip dur. Älemiň bir ädimem öňe ätmäge gaýraty çatman, şol bir duran ýerinde dur.
– Guzyny bärik beräý!
Güljeren guzyny eltenden Älem elini uzatdy. Guzyny gujaklap duran Güljereniň eline elleri degenden ol tisginip gitdi. Yza çekildi. Güljereniň ýüzüniň gyzaryp gidenini Älemem gördi. Onuň gyzaryp duran ýüzi Äleme açylyp barýan gunçany ýatlatdy. Älem Güljereni synlap uzak durup bilmedi. Ol ölsem öleýine saldy-da, guza elini uzatdy. Onuň berdaşly gollary guzyň has daş ýany bilen, Güljereniň elleriniň daşy bilen gujaklady. Güljeren muny birhiliräk gördümi, garaz, özüni ele alyp, batly dyzady. Ýöne gollaryň tutuşy gaty mäkäm, çala-çula dyzanyň bilen sypdyrarly däl. Onýança gysylyp durmaga çydamadymy nämemi guzujyk yzly-yzyna mälemäge durdy.
– Goýbersene oglan, bolşuň nähili?
Älem bulutlaryň arasynda gezip ýören ýaly, birden hopukdy-da, aýňaldy. Onsoň derrew yza çekildi. Öz müýnüni aňyp, emaý bilen guzujygy gujagyna aldy. Älem öňräkden, Güljerenem yzrakdan tirkeşip gaýtdylar. Güljeren bu bolup geçýän wakalaryň düýşüdigine-de, huşudygyna-da akyl ýetirip bilmän, oýa golaýlaşdygyça ökje ogurlap başlady. Şondan soň her gezek Älem öýlerine gelende Güljereni birhili galagoply duýgular gurşap alýar...
Arkasyny zyndanyň sowuk diwaryna ýaplap oturan Güljeren bu wakalary ýatlanda çalaja ýylgyrdy.
...Howanyň ýüzi garaldy-garaldy-da, birden ýagyş ýagmaga durdy. Özem ýagyş edil bedreden dökülýän ýaly. Birsalymdan ýagyş suwy jaran-jaran bolup akyp başlady. «Sil gelýämiş» sesi bütin oba ýaýrady. Her kim öýlerinden göterip bilen goşlaryny alyp, beýik gumuň üstüne çykýardy. Güljerenem atasy bilen beýik depeleriň birine çykyp, töweregi synlady. Dünýe suw bolup dur. Özem suwuň sesi diýseň elhenç. Suwuň şaggyldysy, siliň akdyrýan daşlarynyň şakyrdysy gulagyňy kamata getirýär. Suw ýokary galyp, ýokary galyp, ahyryn olaryň köwşüniň erňeginden girip ugrady. Bir seretse, Güljeren biriniň boýnuna münüp otyr. Boýnuna münüp oturanynyň kimdigini saýgaryp bilenok. Dag tarapyň zenzelesi hasam artýar. Güljeren ýalta seretse düýedenem ullakan daşlar togalanyşyp, göni olaryň üstünden gelýär. Dünýe suw bolup duransoň sowlup gidere-de ýer ýok. Daşlar golaý geldigiçe olaryň sesi hasam güňleç eşidilýär. Gögüň gübürdisi, siliň şaggyldysy, daşlaryň şakyrdysy birleşip göýä, «ahyrzaman» gopana dönüpdi. Özüniň boýnunda göterip barýanyň Älemdigini ahyryn bilenden soň Güljeren biraz rahatlandy.
...Güljeren hopugyp ýalpa gözüni açdy. Onuň gorkudan ýaňa dili tutulyp, gygyrmaga-da maý berenok. Diňşirgense nirededir golaýjakda bir ýerde dükgüldi eşidilýär. Onýança-da garaňkyň içinde diwaryň gündogarky böleginden ep-esli kesek patlap ýere gaçdy Güljeren hoňkaryp, garalyp duran ýeriň aňyrsynda bir zadyň gymyldap gidenini görüp, allaniçigsi boldy,
– Güljeren!
Güljeren näme etjegini bilmän, ýöne sazanaklap dur. Bir-iki gezekki gütdüldiden soň, köwek ulalyp gitdi. Güljereniň ýüregi gürsüldäp başlady. Onda-da onuň sesini çykarman durşy. Şobada-da köwekden bir kelle göründi.
– Güljeren!
Saňňyldap duran Güljerene bu ses tanyş ýaly bolup eşidildi. Ýöne ol şindizem gorkudan ýaňa titräp, uçaýjak bolýar.
– Güljeren, bu men, Nuraly. Me, şulary çaltrak geý.
Nuraly elindäki düwünçegi Güljerene oklady. Güljereniň şindizem alasarmyk bolup durşy.
– Güljeren, bol çaltrak!
Güljeren düwünçegi çözdi. Düwünçekde Abdylla hanyň türkmenler gelende Nurala geýin diýip beren eşikleri bar. Güljeren ozalky eşikleriniň üstünden olary geýip ugrady. Hopul-sopul bolup duran eşikleriniň daşyndan düwünçegiň ýaglygynam guşandy. Kel-esine sopbaç telpegi geýmegi birbada geňrägem görse, onam geýdi. Zyndanda ýapynmak üçin berlen donam ähli eşikleriniň üstünden geýdi. Güljeren geýinýänçä Nuraly külüň bilen deşigi edil sümäýer ýaly etdi. Şondan soň Nuraly Güljereni söwüň ugry bilen alyp gitdi. Olar söwüň guýa direýän ýerine baryp ýetdiler.
– Sen şu ýerde biraz garaş!
Güljeren guýuda ýeke galmaga çekinjek boldy.
– Gorkma! Sen ine, şu torba gir-de oturyber. Men ýokardan çekip alaryn.
Güljeren torba gireninden Nuraly onuň eline altatar iňlis tüpeňini berdi. Nuraly guýudan çykyp, töweregine garandy. Golaý-goltumda adama-gara gözi düşmänsoň, ol torba dakylgy urgany bir-iki gezek dartyp, Güljerene «Taýýar bol!» diýip duýduryş berdi. Ol diňe şondan soň torbany çekip başlady...

* * *
Abdyl keliň keýpi kökdi. Onuň hyýaly öz getiren «oljasy» bilen Abdylla hanyň alkyşyny almak. Şeýdibem öz maksadyna ýetmekdi – ilki bilen-ä Güljerene öýlener. Gulamalynyň kellesine beriljek altyna-da mal-mülk ediner. Onsoň Nuralydan dynmak dag-a onuň çep elinden geler...
Şeýle süýji arzuwlaryň deňzine çümüp gelşine ol ol golaýlanlarynda atyny öňürdige ýazdyrdy. Nökerler Keliň yzyndan galman gelýärdiler. Olar atlaryny göni gala tarap sürdüler. Kel ylgap diýen ýaly atdan düşüp, galanyň derwezesini ýumruklamaga durdy. Derwezäniň aňyrsyndan eşidilen «Kimsiň?» diýen sese ol azmly jogap berdi:
– Meň kimdigimi seljermek saňa galypmy? Aç diýlende, aç-da çaltrak.
Derwezeban sesiň Abdyl keliňkidigini derrew tapady. Onsoň ol äwmezlik bilen derwezäniň gapdalyndaky girelgäniň gapysyny açdy. Kel gala gireninden hanyň heremhanasyna tarap eňdi. Heremhananyň agzynda ony garawullar saklady.
– Han aga ýok. Tebip bilen Rzaguly agalara düýn öýlänki gidişi...
Rzaguly hanyňka tarap eňmek üçin, Abdyl kel derwezä tarap haýdap gaýtdy. Derwezä ýetip barýarka, gözüni at ýataga aýlady. At ýatagynyň boşdugyna gözi düşübem, süňňi syzlap gitdi.
«Bar, hanyň özi birini münsün, tebibem ýoldaşly bolup olaňňam hersi birini münäýende-de, ýene-de iki at galmaly ahyryn».
Abdyl kel ylgawyny ýazdyrman, derwezebanyň ýanyna bardy.
– Hany, atlar nirede?
Derwezeban galada Abdyl keliň «agramynyň» näçeräkdigini bilýänligi üçinmi ýa-da ukyň arasynda onuň näme soraýandygyny aňşyrmadymy jogap bermedi. Abdyl keliň bolsa bu wagt içini it ýyrtyp barýar.
– Men senden soraýan, hany, atlar nirede?
– Kel han, gijäň içinde gohuň nämäý?
– Men senden atlar nirede diýip soraýan...
– Üçüsini-hä han aga dagy münüp gitdi. Galanlarynam Nuralyň suwa ýakjak diýip, ilkagşamky alyp gidişi... Näme?!
Abdyl kel ýüregi ýarylan ýaly hasanaklap, at ýatagyna tarap ylgap gitdi. Atlaram, olaryň eýerlerem ýok. Ol itiň ýatan ýerine tarap ugrady. Hemişe at ýatagydyr, zyndana golaýlan adam görse alazenzele edip, towsup ýerinden galýan ala köpegiň şol ýatyşy. Abdyl kel näçe golaý barsa-da it gymyldaýynam diýenok. Ol ahyryn ketegiň agzyndan seredip görenden soň ot alan ýaly bolup, derwezä tarap eňdi,
– O ýerde item ölüp ýatyr.
Derwezeban bir bolmasy işiň bolandygyny derrew aňyp, elindäki tüpeňi ýokarlygyna iki-üç gezek atdy. Soňam uly jaňy urmaga başlady. Aladaňdanky goha garawulbaşy, hyzmatkärler, üç-dört nöker ylgaşyp geldi. Garawulbaşy gele-gelmäne, duranlary alarladyp ugrady.
– Näme boldy?
– Nuralyň atlary ilkagşamky äkidişi. Şindizem getirenok.
– Haramzada, deýýus diýsäni. Saňa seresap bolgun diýip tabşyrmanmydym näme?
Abdyl keliň dünýäsi barha daralýardy.
– Item ölüp ýatyr.
– Nuralyň özi nirede?
– Bolýan jaýynda-ha ýok, guýuda bolaýmasa...
– Nuralyň ýoldaşlary beri barmy?
Abdyl kel nökerleriň ikisi bilen guýa tarap, beýlekiler bolsa Nuralyň ýoldaşlaryny gözlemäge gitdi.
Haýdan-haý onuň ýoldaşlarynyň birini alyp geldiler.
– Nuralyň nirä gidenini sen-ä bilýän dälsiň?
– Näme, ýokmy? Onda guýuda bolaýmasa...
Garawulbaşy:
– Ýere girenem bolsa, tapyň şony! – diýip, hyzmatkärlere buýruk berdi.
Abdyl kel dagy guýynyň agzyndan seretdi. Garaňkyň içinde onuň düýbi görnenok. Onsoň özi derrew guýa sallanmaga başlady. Guýynyň düýbüne ýetenden, onuň hasam bady gaçdy. Gapdala gidýän söwi syryp gitmäge keliň gaýraty çatmady.
– Guýyň düýbünde kybla tarap gazylan söw bar – diýip, ol ysgynsyz gürledi.
Onýança nökerleriň biri egninden tüpeňini asyp, guýa girmäge başlady. Ol guýynyň düýbüne ýetibem tüpeňini ykjamlap, söw bilen sümüp gitdi. Ol gidişi ýaly birsalymdan öwrülip geldi.
– Söw ýerzemine çykýar. Ýerzeminde Nuralam ýok, türkmen zenanam.
Muny eşidip Abdyl kel edil serpmeden gaýdana döndi. Derwezäniň ýanynda sazanaklap duran garawulbaşa bu habary aýdanlarynda ol derrew atlary eýerlemegi buýurdy.
* * *
Nuralydyr Güljeren daňdanyň alagaraňkysynda obadan saýlanmaga ýetişdi. Güljeren at münüp görmänsoň, eýerde oturyp ynjalygy ýok. Üstesine ýerem doň bolansoň, Güljeren oturyp biläýende-de atlary aldygyna sürüp bolanok, taýjak bolşup durlar. Olar daga girip ep-esli ýörediler. Indi daglaryň aňyrsyndan günüň tyglary asmana dikilişip ugrapdy.
– Gaýrat et, Güljeren!
Nuraly gidip barşyna birden gulagyny üşertdi, Göwnüne bolmasa, oňa at aýaklarynyň sesi eşidilen ýaly boldy. Ol gaňrylyp ýeňse tarapa seretdi, ýöne gözüne ilen zat bolmady. Olar ýene birsalym ýörediler. Onýança ýene-de at aýaklarynyň sesi eşidildi.
– Güljeren, ýapyş!
Nuraly öňden barýan Kepderiniň arkasyna gamçy bilen çawlandan ozalam uýanyny çeýnäp barýan Kepderi ok bolup, öňe atylyp gitdi. Nuraly öz münüp barýan atynyň jylawuny gowşadandan ol janawaram Kepderiniň yzy bilen tüweleý ýaly bolup eňdi. Yzdan gelýän kowgularyň atlarynyň aýak sesleri barha golaýlaýar. Onýança ýeňseden tüpeň sesi çykdy. Nuralam atyny çapyp barşyna, hasyr-husur egnindäki tüpeňini eline alyp ykjamlandy. Indi ýoda bir beýik uçudyň aňyrsyndan çepe öwrülip, dik aşaklygyna inýär. Soňra ýoda kerkawdyr pisse tokaýlygynyň içinden geçip, iki dagyň gyslyşyp duran ýerinden akýan çeşmäň ugry bilen uzalyp gidýärdi. Ýol darajyk bolansoň, atlary biri-biriniň yzyndan sürmeseň gapdallaşyp gitmäge maý ýok. Atlar gaty seresaplylyk bilen ýöräp barýardy. Nuraly dagy darajyk ýerden mazaly saýlanyp ugranlarynda ýene-de yzly-yzyna tüpeň sesi çykdy. Nuraly yzyna gaňrylyp seredende nökerleriň ýoluň iki dagyň gysylýan ýerine girip başlandyklaryna gözi düşdi. Bir atly has öňräkden gelýär. Onuň Abdyl keldigini Nuraly bada-bat tanady. Ol tüpeňiniň nilini çep golunyň üstünde goýup, sag eli bilen mäşäni gysanda öňden gelýän atynyň gapdalyna sallandy. Abdyl kel gapdala sallanyp duransoň, atynyň ýöräp weji bolmady, derrew badyny gowşatmak bilen boldy. Onuň yzyndan gelýän garawulbaşy Abdylyň atynyň gapdalyndan geçmäge mümkinçilik bolmansoň, keliň aýagyny üzeňňiden sypdyryp goýberdi. Keliň göwresi ýere patlap gaçandanam, onuň atynyň sagrysyna batly gamçy çaldy. Abdyl keliň ýere gaçanyny görüp Nuraly ýeňillik bilen dem aldy.
Kowgular darajyk ýerden çykýançalar Nuraly daga ýene-de biraz arany açmaga mümkinçilik boldy. Olaryň barýan ýoly indi jülgäniň içinden geçýär.
Ozalam ysgynsyz Güljereniň ýol ýöreldigiçe ugry gaçdy. Ol bu wagt eýeriň üstünde zordan otyr. Nuraly kowgy uzaga çekse, Güljereniň çydamajagyny aňdy. Iň erbedem indi ýoda öňki ýaly darajyk ýerlerden däl-de, has giň ýerden geçýär. Kowgular gapdallaşyp ýöreselerem, ýola sygman durjak däl. Pisse agaçlarynyň aňyrsyna dulananlaryndan Nuraly ýene-de yzyna seretdi. Indi nökerler jülgäň başlanýan ýerinden aşak inip ugradylar. Nuraly yzly-yzyna iki gezek atanyndan, öňden gelýän nökeriň aty aşyrylyp gitdi. Onýança yzdanam tüpeň sesleri çykyp başlady. Ara barha ýygrylmak bilen. Nuraly dagynyň barýan ýodasy suwly ýabyň olumynyň üstünden geçýärdi. Kepderi olumdan böküp geçende Güljeren tas atdan agypdy. Ol eýerden ýapyşyp zordan saklandy. Kepderi bir gapdaly böwürslenlik, bir gapdalam kert gaýanyň arasyndan geçýän ýoda bilen ýüzin salyp otyr. Öňde ýene-de ýoda beýige çykyp, iki gaýanyň golaýlaşýan ýerinden geçýärdi.
Güljereniň atyň üstünde ikibaka yranyp oturyşyny görüp, Nuralyny der basdy. Ol yzrakdan atyny çapyp gelşine bilindäki hatardan tüpeňini doldurdy. Jahan mazaly ýagtylypdy. Öňdäki beýiklerden aňyrda türkmen sähralygynyň başlanýanyny Nuraly bilýär. Yzdan gelýän atlylar on-on ikiden kän däldi. Güljeren bu wagt iki gaýanyň golaýlaşýan ýerinden aňryk geçipdi. Indi ol görnenok. Nuraly mäşäni gysan- dan yzdanam tüpeň sesleri eşidilip başlady. Şol aralykda Nuralynyň çep uýlugy gyzyp gitdi. Ok ata-da degipdi, olam aşyrylyp hol beýläk düşdi. At janawar ýerinden turjak bolup, birnäçe gezek dyzady, urundy. Ýöne turup bilmedi. Yzly-yzyna tüpeň sesi çykansoň Garlawaç şalkyldap ýykyldy. Nuraly ok degen ýerini tutup, süýrenjiräp, ýoluň sag gyrasyndaky ullakan gara daşyň gapdalyna geçdi. Ol nökerleriň ýakynraga gelerine garaşýar.
Nuralynyň ýatan ýeri ýodaň beýige dyrmaşýan ýeriniň bilirägi bolansoň, suwly ýabyň olumdan bärsi eliň aýasy ýaly görnüp dur. Ýöne nökerler suwly ýabyň aňyrsyndaky jeňňellikden wagty bilen çykmadylar. Nuraly olaryň suwly ýapdan geçenini bilen çemelenip ýatyr. Onýança ýeňseden at aýagynyň sesini eşidip, zähresi ýarylan ýaly yzyna gaňryldy. Görse Güljeren atyny ýorgaladyp göni özüne tarap gelýär Nuralynyň üstünden gaýnag suw guýlana döndi.
– Güljeren!
Güljeren zat eşitmän, göni ýapyň ýüzi bilen gelýär.
– Güljeren, gaýt yzyňa, gaç, çaltrak!
Nuralyň sesi boguk çykdy.
– Güljeren gaç diýýän men saňa.
Güljeren garyň üstündäki ganlary, aýagyny kakyp, urnup ýatan Garlawajy daşyň gapdalynda tüpeňini nökerlere çenäp ýatan Nuralyny görüp, hasam aljyrady.
– Güljeren, git çaltrak!
Onýança kowgularam görnüp başlady. Güljereniň duran ýeri beýige çykylýan ýer bolansoň, ýetip gelýän nökerler üçin ol edil nyşana goýlan ýaly. Nuraly nökerlere tarap atdy. Olaram yzly-yzyna jogap berdiler. Nuraly ýene-de yzyna gaňryldy. Güljeren atynyň uýanyny çekip, näderini bilmän, ýaýdanyp dur.
– Güljeren, gaç çaltrak! Men saňa diýýän!
Bu gezek Nuralynyň sesi has azymly çykdy. Tüpeň sesleri eşidilen badyna Güljereniň kellesindäki sopbaç telpek zyňylyp gitdi. Telpek zyňylandan gaba saçlar çözlenip, şemalyň ugruna ykjap başlady. Indi kowgularam suwly ýabyň olumyna golaý gelipdi. Nuraly mäşäni gysanyndan nökerleriň biri durşuna buz bolup duran oluma togalanyp gitdi.
– Güljeren, näme beýdip dursun, men ýaraly, sen bir git ahyryn.
Diňe şondan soň, Güljeren göwünli-göwünsiz atyny yzyna öwrüp, ýorgaladyp başlady. Nuraly ikinji atlynam olumdan geçen badyna agdaryp yzyna seretdi. Güljereniň sag-aman iki dagyň golaýlaşýan ýerinden aňyrlygyna geçenini görüp, onuň göwni birneme aram tapdy. Atyň aýak sesiniň barha daşlaşýandygyna mazaly gözi ýetenden soň ol ýene-de atyp başlady. Indi jülgäniň içi at aýaklarydyr tüpeň sesleriniň derdinden ýaňa ýöne alazenzele bolup dur.
Ýeňse tarapdan ýene-de bir bölek atly göründi. Olar Hüseýin dagydy. Hanyň nökerleri olary Abdylla han iberendir öýdüp arkaýyndylar. Ýöne olaryň ok ýagdyryşy çeniň däl. Nökerleriň ýene ikisi togalanyp gaýtdy. Garawulbaşy nämäň-nämedigine göz ýetirip bilmän, şol aňalyp dur. Hüseýin dagy barha arany ýygyrmak bilen. Nuralyň oky gutaryp, ol daşy penalap ýatyr. Oňa golaý gelen nökerleriň ýene biri atdan agdy. Olar bary-ýogy bäş bolup galdy. Garawulbaşy Güljereniň giden tarapyna çapan bolup barsa-da, barha weji gaçdy. Hüseýin çapyp barşyna ullakan daşyň gapdalynda bir adamyň ýatandygyny saýgardy. Şobada-da onuň ýüregi jigläp gitdi. Ol çalasyn atdan düşdi-de, Nuralyň ýanyna bardy. Ýarasy näçe yza berse-de Hüseýine gözi düşenden Nuralyň ýüzi ýagtylyp, gitdi, ýylgyrjak boldy. Hüseýin bara-barmaşa dostuny gujaklady.
– Men seň öz halkyňa, öz dostlaňňa biwepalyk etmejegiňe ynanýadym-la.
Hüseýiniň ýoldaşlary garawulbaşyny galanja nökerleri bilen öňlerine salyp alyp geldiler. Hüseýin emaý bilen Nuralyň arkasyny daşa ýaplap, ýerinden turdy. Garawulbaşynyň elleri arkasynda daňylgy bolsa-da, şindizem tumşugy ýokary. Hüseýin ýanyna barandan, ulumsylyk bilen ýüzüni aňryk öwürdi. Ozalam jany ýanyp duran Hüseýin bilindäki sapançasyny alyp, garawulbaşynyň edil kellesinden dört-bäş oky goýberdi. Garawulbaşy bärligine seretmäge-de ýetişmedi. Onuň daýaw göwresi palaç ýykylan ýaly gapdala agdy. Hüseýin nökerleriň ellerini çözmegi buýurdy. Onuň ýoldaşlary derrew buýrugy ýerine ýetirdi.
– Baryň gaýdyň! Özem Hüseýiniň entekler içiniň sowar ýaly däldigini Abdylla hana aýdyň...
Nökerler rugsat berlerine mähetdel ygym-sagym bolşup obalaryna tarap ugradylar.
...Hüseýin Gulamalynyň ele düşendigini onuň ýoldaşlaryna duýdurandan olar göni agyla tarap gaýdypdylar. Gelibem Gulamalynyň kellesiz ýatan göwresine gözleri düşenden göni Abdylla hanyň üstüne sürüpdiler. Gala baryp Hüseýin ýuwaşlyk bilen girelgäiiň gapysyny kakyp, Abdylla hany görmekçidigini, hanlyk bir möhüm habarynyň bardygyny aýdypdy. Garawullar gapyny açman, Abdylla hanyň Rzaguly hanyňkydadygyny habar berdiler. Onsoň Hüseýin Nuraly bilen gürleşip, ähli zadyň magadyna ýetmegi ýüregine düwdi.
– Nuralyny görüp bolmazmyka?
– Nuraly hanyň ýesirini alyp gaçypdyr.
Diňe şondan soň Hüseýiniň ýüregi biraz ynjaldy. «Men şeýlemikäňem diýýädim-le. Men saňa ynanýadym-la».
Hüseýin mundan artyk bu ýerde durmagyň howpludygyna gözüni ýetirdi. Onsoň «Nuraly ýesiri alyp gaçan bolsa türkmenlere garşy gidendir» – diýip, demir- gazyga tarap at goýşudy.

* * *
Güljeren şindizem çapyp otyr. Oba çenli entekler ýol uzak. Göwnüne bolmasa, onuň öňünden çykylagada «Dur!» diýiläýjek ýaly. Ýene-de ep-esli ýol geçilensoň, ol yzyna garanjak boldy. Ýöne çekindi. Ýene-de birsalym ýöränden soň ysgynsyzlyk bilen yzyna seretdi. Hiç-hili kowgynyň ýokdugyny görse-de, ol atynyň jylawuny gowşadarly däl. Mundan beýläk baýylyk başlanýar. Baýyrlykdan aňyrda bolsa düzlük ýaýylyp ýatyr. Düzlüge golaýlaşdygyňça ýeriň garam ýukalýar. Güljeren düzlüge düşenden, yzyna gaňryldy. Soňam çar töweregine göz aýlady. Golaý-goltumda ne kowgy, ne beýleki – hiç zat görmedi. Diňe şondan soň, Kepderiniň jylawuny gowşatdy. At janawar öz mekanyna ýetip gelýändigini aňyp arkaýynlaşdymy ýa-da ýadawlykdanmy ýorgalamasyny peseldip, mytdyldap ugrady. Uzakdan oba-da görnüp ugrady. Mähriban diýara gözi düşenden Güljeren saklanyp bilmedi-de, möňňürip goýberdi. Aglady. Birdenem Gündogardan özüne tarap ýüzin salyp gelýän bir bölek atla gözi düşdi. Ol ýüregi ýarylan ýaly bolup ýene-de atynyň böwrüne debisgiledi. Kepderi näçe ýadawam bolsa öňürdikläp ugrady. Endamy sowap ugransoň, Kepderiniň gaty bir çapyp weji ýok. Yzdakylar barha arany ýygyrýardy. Olar Gylyçdyr Älem dagydy. Olar birbada üstündäkiniň kimdigini saýgarmasalaram, atyň Kepderidigini tanadylar. Gylyjyň gözi Güljerene düşenden begenjinden ýaňa iki bolup bilmedi.
– Güljeren!
Güljereniň gulaklary hiç zat eşidenok. Gylyç bilen Älem atlaryny Kepderiniň hersi bir gapdalyndan sürdi. Gylyç Kepderiniň uýanyna elini ýetirdi. Atlar diňe şondan soň badyny gowşadyp ugrady.
– Güljeren!
Güljeren oňa ýaltyldap seretdi.
– Güljeren, bu biz...
Güljeren sagynda Gylyja, çepinde Äleme gözi düşüp, içi-içine sygman aglady. Oglanlaram oňa «Goý, aglap içini gowzutsyn» diýýän ýaly seslerini çykarman ep-esli ýörediler. Birsalymdan Güljeren:
– Nuraly şu dagyň aňyrsynda galdy. Ony ýaraladylar – diýdi-de, Kepderiniň boýnundan gujaklap has gaty aglamaga başlady.
Gylyç gözüni ýumdy.
«...Men seniň ikilik etmejegiňe ynanýadym ahyry, doganym, Nuraly».
Gylyç Güljerene:
– Sen oba tarap git, bizem ynha bararys – diýip, Nuralynyň galan ýerine tarap ýörmekçidigini duýdurdy.
Güljeren ýere seredip durşuna birsalymdan ýüzüni galdyrdy.
– Menem siz bilen gitjek...
Olar Güljerenem alyp, atlaryny yza – günorta tarap gorgunladyp ugradylar. Baýyrlygyň gutaryp daglygyň başlanýan ýerindäki beýikden aşak inäýen batlaryna bir topar atla gözi düşüp olar aýak çekdiler. Türkmenler Nuralynyň daşynda egele bolşup duran adamlarda özlerine duşmançylyk alamatlaryny görmänsoňlar, ýuwaş-ýuwaşdan olara tarap inip ugradylar. Güljeren bara-barmana atdan syrylyp düşdi-de Nuralyny gujaklady. Hüseýin dagam oňa seredişip durdy.
«Nuralyň hanyň penjesinden alyp gaçan türkmen zenany diýilýän şu bolmalow».
Gylyçdyr Älemem Güljereniň golaýjagyna baryp durdular. Nuraly olaryň keşbinde minnetdarlyk alamatlaryny gördi. Hüseýinem parahat durup bilmedi. Onsoň ýoldaşlaryna yşarat edenden soň, olar Nuralyny göterip ugradylar. Hüseýin atyna atlandy-da, Nuralyny öňüne aldy. Gylyç seredip durşuna «Biziň obamyza äkidäýsek» diýesi geldi. Ýöne gepini düşündirip bilmen öýdüp, sesini çykarmady. Hüseýin hoşlaşýan äheňde kellesini çalaja yrady.
– Belki-de biziň obamyza äkideris.
Hüseýin dagy onuň näme diýmekçi bolýanyny aňlan bolara çemeli.
– Oba?
Gylyç öz matlabyny düşündirip bilenine monça boldy.
– Hawa, obamyza... Durnala...
– Hä, Durnaly?..
Hüseýin bir zat, bir zat diýdi. Gylyç onuň näme diýenini oňly eşitmese-de, «Belkem, soň barmaly bolaýmagymyzam mümkin» diýen manyny aňlady. Hüseýin ýene-de bir zatlary diýjek boldy. Ol ýaýdandy-da, başam barmagy bilen özüni görkezdi.
– Män, Hüseýin.
– Gaty gowy, Hüseýin. Menem Gylyç.
Gylyç soňra Älemi görkezdi.
– Bu-da Älem... Biziň hemmämiz Durnalydan...
– Gylyç. Älem.
Hüseýin olaryň adyny ýat beklejek bolýan ýaly yzly-yzyna gaýtalady.
Iki tarapyň adamlary biri-birine seredişip ep-esli durdular. Nuralam ysgynsyz ellerini çalaja galgatdy. Ahyryn Hüseýin ýene bir gezek «Hoş!» diýýän äheňde kellesini yrap, atynyň böwrüne debisgiledi. Ýoldaşlaram onuň yzyna düşdi. Gylyç dagy olar tä gözden ýitýänçäler seredip durdy. Hüseýin dagy aňyrrakdaky öwrüme dulanan batlaryna, Gylyç uludan demini aldy.
– Hany, ýörüň! – diýip, ol atynyň ýüzüni türkmen sährasyna tarap öwürdi.

Soñy.

Amangeldi ŞYHLYÝEW.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 52 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Amangeldi Şyhlyýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Aýajyp powest eken:).

0
1 Didar   [Mowzuga geç]
eat

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: