23:11
Oýanmak -5/ powestiñ dowamy
* * *
Nuraly hanyň atlaryny, keýerjekläp duran Kepderini synlap, ýerzemine tarap gidýän ýoda bilen ýöräp ugrady. Ol ýerzemine has golaý gelende boýnundaky zynjyryň ujy uzyn ýüpe daňylgy daýaw, ala köpek hyňranyp ýerinden turdy. Indi öňe bir ädimem ýöremäge ýagdaýy ýok. Çünki dişlerini syrtardyp duran ala köpek sähelçe eýläk-beýläk gymyldadygyň üstüňe zyňarlydy. Nuraly yzyna gaýtdy. Derwezä golaýlaşanyndanam özüni synlap duran hana gözi düşdi.
– Essalawmaleýkim! Han agamyzyň berekedi egsilmesin.
– Aýdanyň gelsin.
Ol ikisi köşge tarap ýöräp ugrady. Athanaň deňinden geçiberenlerinde Nuraly aşaklyk bilen hana seretdi.
– Han aga, şu atlar-a oňarypsyňyz. Beýle owadan atlar men-ä türkmenleriň özlerinde-de bardyr öýdemok.
Han düýbünden başga hörpden gopdy.
– Seň bilen bir maslahat bar-la, Nuraly...
– Maslahat?!
– Hawa...
Nuralynyň ýüzi hasam gamaşdy.
«Beh, meniň bilen hanyň nähili maslahaty bolup bilerkä? Ýa-da ol ýene-de bir hokga çykarmakçy bolýamyka? Eýgilige-hä däl bolsa gerek?»
Han töre geçip jaýlaşdy. Onsoň ol basyrylgy duran çäýnekleriň birini öňüne çekdi.
– Türkmenleriňem-ä gelmedigi bolaýdy öýdýän.
Nuraly süňňünde peýda bolan galpyldyny duýdurmazlyk üçin aýbogdaşyny gurup, jaýlaşykly oturdy.
«Beterinden özüň saklaweri, eý, allam!»
Han gürrüňini dowam etdirdi.
– Ýeri, indi ol ýesir zenany näme ederis? Sen näme maslahat berýäň?
– Han aga, bu zatlary özüňiz gowy bilersiňiz. Biz bir türkana adam. Munuň ýaly işleri haçan görüpdiris? Bize guýy gaz diýseňiz, tam sal diýseňiz, atlara göz-gulak bol diýseňiz oňararys... Bular ýaly meselede welin biziň pikirimizem bolmaz, zadymyzam.
Abdylla han Nurala bürgüt nazaryny aýlap, ep-esli oturdy.
«Dogrudanam ol munuň ýaly işleri haçan görüpdir. Meniňem-ä sala salýan adamymy... Gönümel buýrulan ýumşy bitirmäge endik eden adamlar seniň aýlawly gürrüňiňi näbilsin...»
– Rzagulyň-a maslahaty o zenanyň kellesini kesdirip, hossarlaryna sowgat ibermek.
«Han-a zalymlygyny etjeg-ow... Öz ýalňyz perzendiniň kesilgi kellesine gözi düşse Saryja agaň ýüregi ýarylaýmazmy? Hany başga bir zada imrindirip bolmazmyka?»
– Han aga, öz edişlerine seretseň-ä siziň diýýäniňiz ras-la. Hana dil ýetirdigim däl welin, bir bigünä naçaryň ganyna galmak siziň ýaly uly welaýatyň hanyna uslypmyka?
Abdylla han käsäniň düýbünde galan çaýy serpdi-de, öň ýanyna patladyp oklap goýberdi.
– Hanyň bigünä halkyny talamak, sütem etmek, hanyň inisiniň elini gylyç bilen çapmak o zenanyň hossarlaryna uslypmyka?
Ol ajy ýylgyrdy.
– Rzagulyň ýarasy henizem bitenok. Gaýtam beterlemek bilen. Ganymatlaşaýdygy täzeden gidip, olaň ýurduna gan çaýkap, ýumurtga togalabermeli etmesem içim sowamaz.
Nuraly ýüzüni aşak salyp, pikirlenip otyr. Ol hana ýarar ýaly, ony bet pyglyndan el çekdirer ýaly bir gürrüň tapmalydy.
– Han aga, siz ol maşgalany görüpmidiňiz? Belki, ony eli ganymatlaşdygy, Rzaguly aga görkezersiňiz.
Ol şeý diýmek bilen, Rzagulynyň entek-entekler Güljereni synlamaga ýaramajakdygyny, şeýdibem wagt utmagy göz öňünde tutupdy.
– Eger-de göwnüne ýaramasa, şondan soňam jeza bermäge ýetişersiňiz-le.
– Rzagula o tetelli zenanyň geregi ýok.
Han dymdy.
– Zenanyň kellesini kesip, türkmenlere Abdyl kel ikiňiz äkidersiňiz. Ol obalara şol ikiňizden başga belet ýok.
«Indi ber habaryňy».
Nuralynyň göwnüne bolmasa hanyň pişge murtlary gymyldan ýaly boldy.

* * *
Güýz gününiň bulutlary lemmer-lemmer bolşup gündogarlygyna geçýärdi. Gylyç bilen Älemiň aklaňlaryň arasy bilen atlaryny säpjedip baryşlary.
– Bu dünýe nähili bolaýypdyr-aý!.. Hemişeki dostsuraşyp ýören oglanlaram indi çekilişjek bolşup durlar.
– Aý, olaňky düşnükli-le. «Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok» edýäler-dä...
– Bu bir uzak ýoldur. Bu gün meň eşegimiň ýüki agsa, ertir olaňkyň agmagy mümkin. Bolmaz-a, onsoň biri-biriňe hemaýat etmeseň...
Olar ýene-de ep-esli ýörediler.
– Goňşy obada daýymyň ogullary bar. Hemişeler-ä jenjel tapsalar olara başga zat gerek däldi. Belkem, şolara-da syzgyn berip göreris...
«Jenjel gözläp ýörenlerden saňa nöker bolaýarmyka? Näme-de bolsa, şolary synap görmesek, dagy alaç ýok. Soňunam görüberýäs-dä...»
Jylawunyň gowşadylaryna mähetdel at janawarlar öňbaýraga goýberlen ýaly ýüzin saldylar.

* * *
Abdylla hanyň körpe gyzy Aýperiniň ogurlanandygy baradaky habar edil ýyldyrym çaltlygynda bütin oba ýaýrady. Han dergazap bolup, ýarylaýjak bolýardy.
«Kimiň işikä? Türkmenler-ä däldir-dä hernä? Ýa-da olaryň ar aldyklarymyka? Olaryň gala girip bilmän, şeýden bolmaklaram gaty ähtimal. Belkem, olar meň balamy öz naçarlary bilen çalyşmakçydyrlar? Onda-ha ýagşy welin, ýöne öz garakçylarymyz bolaýmabilse ýagşydyr-ow...»
Birinji edýän çaky hana birneme ynjalyk berse-de, ikinjisi onuň beýnisini edil guş çokalaýan ýaly edýärdi.
«Hudaý saklasyn...»
Han şony ýatladygy zowzuldap başlaýar.
«Aý, ýok-la... Bu wagt özümiziňkilerden maňa batyrynyp biljek bamy? Bilýändirler-le ýurdunda ýel öwüsdiräýjekdigimi».
Ahyryn gyzyny türkmenlerden başga adamyň ogurlap bilmejekdigi baradaky pikir üstün çykdy. Şeýdibem ol türkmenlerden naçarlary çalyşmak baradaky teklip bilen gelnerine garaşmaga başlady. Ýöne Aýperiniň ogurlanaly bäri üç gün geçse-de, hanyň ýanyna gelýän ýokdy.
Aýperiniň ogurlanmagy Nuralyny ünjä goýdy. Guýy gazyp başlaly bäri Gulamalydyr Hüseýindenem habar tutup bilenok. Bu işde ol şolaryň eliniň bardygyny-da güman etmän duranokdy.
...Dogrudanam, Aýperini alyp gaçanlar Gulamaly dagydy. Olar Abdylla handan ar almagyň ymykly ugruna çykypdylar. Gulamaly Abdylla Hanyň her gün öýlänler Rzagulyny soramaga gelip, ikindinara-da yzyna dolanýandygyny Nuralydan eşidipdi. Şoňa görä-de, olar Abdylla han yzyna dolanar uçurlarynda, iki obanyň aralygynda ýoly saklap ugradylar. Gulamalynyň hyýaly nökerleri bilen söweş gurup, hanyň özüniň janyny jähenneme ibermekdi. Iki obanyň arasy giden ýandaklyk. Meýdanda ýandaklar şeýle bir bitginlidi welin, onuň içinde oturaýaňda-da görünjek gümanyň ýok. Rzaguly hanyň obasyndan Hozly oba barýan ýolam şol ýandaklyk meýdanyň içi bileň geçýärdi.
Gulamaly dagy ýoluň günbatar ýüzündäki çuň jaryň içinde esli garaşmaly boldy. Olaryň nazary Rzagulynyň obasyna gönügipdi. Gün ýaşyberende Peleň oba tarapdan däl-de Hozly oba tarapdan bir bölek atly göründi. Atlylar ortadan barýan paýtunyň daşyny gallaşyp gelýärdi. Gulamaly dagynyň garaşyp duran ýeri jaryň öwrümidi. Gündizden oňat peýläp, söweşi şu taýda gurmaly diýen netijä gelnipdi. Edil şu ýerde jaryň öwrüminiň gaýra ýüzündäki kert peselip, olumy ýada salýardy. Gulamaly dagy ýedi atly bolup hanyň nökerleriniň öňünden çykmalydy. Gaça uruş edip, olary jaryň golaýyna getirmelidi. Jar giň bolansoň, atlaryň ondan böküp geçip biljek gümany ýok. Gulamalynyň ýoldaşlarynyň galanlary jaryň olumyny nyşana alyp durmaly. Bardy-geldi hanyň nökerleri Peleň oba tarap «ökje göteräýmekçi» bolanlarynda-da şu olumdan geçmelidi. Gulamalynyň bukuda duran ýoldaşlarynyň wezipesi nökerleriň birinem olumdan geçirmän, şu ýerde tükgertmekdi.
Gulamaly Hozly oba tarapdan gelýänleri synlap durşuna, geňirgenmänem duranokdy.
Hanyň atlylary barha golaý geldiler. Olar duşlaryna ýetiberenlerinde, Gulamaly ýoldaşlaryna yşarat etdi. Yşarat edilerine mähetdel, bukuda duranlar paýtuna tarap atmaga başladylar. Nökerleriň aljyraňňylyga düşenlerini görüp Gulamaly dagy ýüzlerine nykap çekdiler-de, ýeriň teýinden çykan ýaly bolup, olara tarap at goýdular. Hanyň nökerleri hasam basga düşdi. Olaryň ikisi çarpaýa galan atlarylyň gapdalyndan syrylyp ýere gaçdy Gylyjyny dalawladyp barýan Gulamalynyň gözi paýtundady. Şobarmaşa-da onuň gulagyna aýallaryň waýkyryşýan sesleri eşidildi. Paýtuny goramaly atlylar oslagsyz gelen ýagydan öz başlaryny gutaryp bilseler müňdebir razydy. Indi olaryň uruşýany haýsy, gaçyp barýany haýsy, biler ýaly bolmady. Gulamaly Abdylla hany duran ýerinde ýoklaryn diýen niýet bilen gylyç syryp paýtuna topulanda, onuň içinde hany däl-de, iki aýal maşgalany gördi. Ol zenanlaryň biriniň hanyň aýalydygyny. beýlekisiniň gyzydygyny bada-bat tanady. Gulamaly gylyçly elini göwünsizlik bilen aşak ýatyryp, hyrçyny dişledi. Ol birbada ýöwselledi, ýoldaşlaryna. «Ýörüň!» diýip, yzyna öwrülmäge-de hyýallandy. Birdenem küýüne bir zat gelen ýaly, zar-zar aglaýan Gülzada hanymy synlady. Hanym ýalbarýardy, sag-aman sypdyrsalar, dünýäniň zadyny bermäge kaýyldygy barada ant içip, awy ýalaýardy.
Gulamaly nazaryny ýene-de bir gezek zenanlara tarap öwürdi-de, paýtunyň gapdaly bilen ýöräp ugrady. Ol kellesini ejesiniň gujagynda goýup ýygrylyp, ýatan, Aýperiniň golundan tutdy-da, çekip öňüne aldy. «Ýigitler, ýörüň!» diýenindenem ýoldaşlarynyň bary oluma tarap at goýdy. Abdylla hanyň atlylary olary, kowjagam bolmady. Gulamaly dagy olardan arany ep-esli açanlaryndan soňam Gülzada hanymyň dady-perýady olaryň gulagyna geldi durdy. Olar atlaryny daga tarap aldygyna sürüp otyrdylar. Gulamaly Abdylla hany ýok edip bilmänine näçe gynansa-da, onuň körpe gyzy Aýperini ele salanyna az begenmedi.
...Abdylla hanyň bu gün hemişeki endigini bozmasynyň başga bir sebäbi bardy. Şanyň ýörite wekili hanlykda onuň aly hezretlerini garşylamaga görülýän taýýarlygy barlamaga gelipdi. Abdylla han belent mertebeli wekile obasyny görkezdi, galanyň gurluşygyna aýlady, şany nähili ýagdaýda garşylamakçy bolýandygyny gürrüň berdi. Agşam bolsa oňa hezzet-hormat edilmelidi. Özem belent mertebeli wekile ediljek hezzet-hormatyň tutumy gaty uludy. Şoňa görä-de, Abdylla han bu gün inisini soramaga özi gitmän, aýaly bilen gyzyny iberipdi.

* * *
Gylyç bilen Älem eýdip-beýdip, nökerleriniň sanyny on ikä ýetirdi. Enteklerem köpeltse boljakdy, ýöne, oglanlaryň biriniň ýaragy bolsa aty ýokdy, birnäçesiniň ne ýaragy bardy ne-de aty.
Olaryň ugry Ulugberdi hanyňka tarap. Maksatlary onuň ýanyna baryp, Güljereni boşatmaga ýardam bermegini towakga etmekdi. Han Eýrana gitmegi, irnik görse, onda, atdyr ýarag bermegi haýyş etmekçidiler. Han han bolýan bolsa şu haýyşlaryň ikiden birini bitirmelidi. Gylyç bilen Älem, ine, şeýle umyt bilen atlaryny gorgunladyp barýardy.
Daňdanky çygdan soň howa diýseň arassady. Günorta tarapdaky topbak-topbak bulutlar daglara özboluşly gözellik berýärdi.
Gylyç telpegini maňlaýyna süýşürdi.
«Bu daglaryň owadandygyny. Olar edil gelşik üçin goýulaýan ýalylaý... Köpetdag bolmadyk bolsa dünýe, baý, içgysgynç boljak eken-ow...»
Olaryň ýoly ýer sürüp ýören goja bilen ýaş oglanyň üstünden düşdi. Oglanjyga düýeleriň başyny idýärdi, ýaşulam kündäniň sapyndan tutýardy. Ýaşuly bir zatlary diýenden soň oglanjyk düýeleri kündeden boşatdy-da, beýleräge idip ugrady. Soňra bolsa düýeleriň aýaklaryny duşady-da, kowup goýberdi. Onsoň meşikdäki suwdan tüňçäni dolduryp, çaýyň ugruna çykdy. Ýaşuly bolsa boýnundan asylgy torbadan alyp, ýere tohum sepmäge başlady.
– Älem, gel, şular bilen salamlaşyp geçeli!
Olar atlarynyň başyny goşda ot ýakyp oturan oglanjyga tarap sowdular. Gylyç oglanjygyň aýagyndaky balagyna gözi düşenden geň galdy. Çünki, şeýle bir ýamadan doludy welin, haýsysynyň ýamadygyny, haýsynyňam ýerligidigini aýyl-saýyl eder ýaly däl. Onuň egnindäki köýneginiňem sary gidip, ýeňinden tirsekleri çykyşyp dur.
– Saglykmy, inim!
– Şükür!
– Bir käse çaý berib-ä bilmersiň?
– Näme bermän, içjegiňiz çaý bolsun.
Gylyçdyr Älem iým torbalaryny atlarynyň kellessine geýdirip, oglanjygyň gandalynda jaýlaşdylar. Olary görüp, ýaşulam goşa tarap gaýtdy. Ol myhmanlar bilen görşenden soň, beýleräkde ýatan köneje donuny ýazynyp üstüne geçdi. Onuň somalyşyp duran çekge süňkleriniň ujy gowka ýaly hüýt gara hamyny böwsüp çykaýarlydy. Eliniň damarlaram ýygyrt-ýygyrt, hamyň ýüzünde edil taýak ýaly bolşup dur. Ýaşuly birbada sesini çykarman, oglanlary başdan-aýak synlady.
– Ýeri, oglanlar, nireden gelip, nirä barýaňyz?
– Özümiz-ä Durnalydan. Ugrumyzam Ulugberdi hanyňka tarap.
– Hanyňka diýseňiz-le...
– Han aga obadadyr-la?..
– Obadadyr-la. Käwagt bir Mary etrabyna aýlanyp gaýdybermese, ol niräk gitsin?
Älem Gylyjyň ýüzüne soragly garady. Gylyjam onuň näme diýjek bolýandygyna şobada düşündi. Olar ýaşulynyň gepleýşini birhiliräk görüpdiler. Ol birhili çalgyrdrak gürleýärdi.
Ýaşuly köneje ýaglykdan arpa unundan bişirilen çöregi çykaryp, ortada goýdy. Gylyçdyr Älem hersi çörekden bir bölejigini döwüp agzyna saldy. Gataňsyrak çörek, onda-da arpa ununyň çöregi agzyny ýyrtyşdyryp barsa-da, Gylyç sypaýyçylyk üçin ýene-de bir bölejigini döwüp aldy.
– Ýer özüňiziňkidir-le?..
Ýaşuly çörek iýip oturyşyna loh-loh edip güldi.
– Haý, inijikler-ä, nädäýdiňizaýt? Hany aýdyň, biz şunça ýeri bara meňzeýäsmi? Baý, siz-ä oňardyňyz-ow!..
Oglanlar ýylgyryşdylar.
– Ýaşuly, siziň gürleýşiňiz ahallyňka-ha meňzänok. – Şu sowal häliden bäri Gylyjyram, Älemiňem içini byjykladýardy. Ýöne olar ýaşuludan bu barada soramagyň ebeteýini tapman otyrdy. Ahyryn Älem töwekgellik etdi. Ýaşuly olaryň ýüzüne tiňkesini dikip seretdi-de:
– Näme, ahalla meňzämokmy? Wah, şun-a bildiňiz-aýt, köşekler. Hywalydyryn men.
Gylyç ondan «Nä ykbal sizi bu jelegaýlara ýollady?» diýip soramakçydy. Ýöne ýaşuly öňürtdi.
– Aý takdyrdyr-da...
Ol uludan demini aldy. Onuň kiçijik gözleri barha bek ýyldyrap başlan ýaly boldy. Oglanlar synlap oturyşlaryna öz sowallarynyň ýaşulynyň kalbyna bir ýakymsyz gozgalaň salandygyna düşündiler. Olar gürrüňi başga ýana sowmagyň ebeteýini tapmanam esli oturdylar.
– Ýazykly men, inilerim! Etmişli. Onsoň söbügime düşülip ugralansoň, bärligine syrdym-da...
Ýaşuly bozuljak ýaly edensoň Gylyçdyr Älemiňem weji gaçdy. Olar derrew turmak bilen boldular.
– Ýaşuly, hanyň öýi nirede bolýaka, bilmeýäňizmi?
– Bilmän näme. Ho-ol aňyrky oba baryp iň ilerki syrgyndan sorasaňyz. aýdarlar, hanyň öýüniň haýsydygyny...
Ep-esli arany açansoňlaram ýaşulynyň keşbi Älemiň gözüniň öňünden gitmedi.
«Be, oňa beýle etmiş etmäge sebäp bolan zat nämekä? Göräýmäge mysapyr adamam ýaly...»
Olar sorag-ideg bilen Ulugberdi hanyň öýüni tapdylar. Hanyň myhmany ýetik ekeni. Ol golaýda Marydan gelensoň, tanyş-bilişleri salama gelipdi. Oglanlar näçe howlukmajam bolsalar han diňe beýleki myhmanlary ugradyp, ikindinara olary kabul etdi. Olary ýaşy kyrk töweregindäki adam yzyna düşürip alyp ugrady. Oglanlar sekiz ganat ak öýüň işiginden ätlänlerinde egnine garma donuny ýasgynjaň atynyp, gyşaryp ýatan, gürzelek sakgally daýaw ýaşula gözleri düşdi. Sazagyň odunyň howruna onuň ýüzi biraz gyzarypdy. Gylyçdyr Älem salam berip girenlerinden, ol ýerinden turup görüşdi. Sonam olara oturmaga ýer görkezdi. Çaý getirilip, saçak orta ýazylandan han olaryň habaryny alarman boldy.
– Hawa, ýigitler, aýdyp oturyň!
Han ýary ýanyp, gapdala togalanan sazak böleklerini oduň üstüne oklaşdyrdy. Gylyç bolsa gürrüňi nämeden başlajagyny bilmän, garabaşyna gaý bolup otyr. Han Gylyjyň ýagdaýyna düşündi öýdýän, ýene-de özi sowal bilen ýüzlendi.
– Ýogsa-da, oglanlar, siz haýsy obadan, kimlerden borus diýdiňiz?
– Durnalydan. Gotazlar tiresi diýip eşidipmidisiz?
– Onda diýmek, Saryja agalardan bolýaňyz-da...
Muňa Gylyjyň göhi geldi.
– Hawa, men Saryja agaň doganoglany Öwezmämmediň iň kiçi ogly.
Han Gylyjy synlady.
– Ýeri, ýaşulyňyzyň taby neneň? Arada ýaranokmyş diýip gulagyma degen ýaly boldy.
Saryja aganyň ýagdaýy soralandan oglanlaryň ikisiniňem ugry gaçyp, edil bokurdaklaryna gylçyk ýelmeşene döndi. Hanam bada-bat ýagdaýa düşündi. Onsoň olam sesini çykarmady. Birsalymdan Gylyç:
– Ýaşula-ha ýurduny täzeländir – diýdi.
– Haý, pahyr... Bolmandyr-ow, ol-a... Imany hemra bolsun!.. Yzy ýarasyn-da!..
– Taňryýalkasyn.
Oglanlar birneme özüni dürsedi.
– Oň gyz agtygyndan näme habar?..
Gylyç hasam ekabyrlandy.
– Han aga, onuň-a şol alnyp gidilişidir.
– Hany, onuň yzyndan gidilipdir diýen ýalam etdiler-le. Näme bermänmidirler?
– Aý, Abdylla hanyň gürrüňi köp.
Abdylla hanyň goýan şertlerini Gylyç Ulugberdi hana birin-birin gürrüň berdi. Han ýüzüni aşak salyp diňläp oturyşyna, ahyryn gabagyny galdyrdy.
– Hawa-da, garaz, her kim pursatdan peýdalanyp bilse peýdalanjak-da...
– Han aga, uýamyzy güýçläp alaýmasak dagy alaç galmady.
Han ardynjyrady-da, howlukman käsesindäki çaýy owurtlady.
– Onsoň size ýüz tutmagy makul bildik. Bize biraz ýarag kömegini etseňiz.
Hanyň şol ody synlap oturyşy.
– Siz, näme, Abdylla hanyň üstüne gitmekçimi?
– Hawa, han aga. Döwtalap ýititler bar, ýöne, ýaragymyzy köseräk görýäs.
Ulugberdi han ahyryn ýüzüni galdyrdy.
– Oglanlar özüňiz bilýäňiz, dünýäňem gohy artyp barýa. Eýranam bir uly döwlet. Özem goňşymyz. Onsoň şu wagt goňşy bilen dawa-jenjel edilse, birhiliräk bolaýmasa.
«Haý, seň han bolaýşyňdan...»
Ulugberdi handan eden tamalary çykmansoň, myhmaýalar turmak bilen boldular.

* * *
Ýarygije bolup geçen waka Abdylla hanyň ähli pikir-hyýalyny bulam-bujar etdi oturyberdi. Aýperini gijäniň bir wagty obaň çetine getirip taşlap gidipdirler. Ol zordan gala özüni atypdy. Körpe gyzynyň perişan halyna gözi düşenden, Abdylla hanyň ýüregi ýarylara geldi. Üzümiň suwy ýaly gyzyny sanlyja günüň içinde gara kişmişe öwreniň Gulamalydygyny eşiden badyna, ol nökerleriniň öňüne düşüp, daga sary rowana boldy. Ýöne baryp, öňüňe salyp gaýdybermeli bolýan bolsa, ondan Gulamaly boljakmy? Näçe gözleselerem tapmadylar. Abdylla han Gulamalyny ýere girenem bolsa tapyp, oňa heniz görlüp-eşidilmedik jeza bermegi berk ýüregine düwdi. Gulamaly onuň üçin ýöne bir ganym duşman bolman, onuň namysynam depeläpdi. Indi näçe wagt bäri eldegrilmesiz hasap edilýän han neberesiniň abraýyna öçmejek tagma basyldy. Galtamanlar hanyň ýaňy göze görnüp ugran gyzyny näçe gün dagda saklap it masgarasy edip taşlap gitdiler.
«Wah, öldürip gaýadan zyňan bolsalaram, mundan ýüz esse, müň esse gowy bordy. Men hiç zady bilmezdim. Onda ähli günäni türkmenlere ýöňkäp, ahmyrymy ýesir zenandan çykaryp, içimi sowadardym. Elbetde, mundan soň ähli maldan-mülkden geçmeli bor welin Gulamalyň bujagaz oýnuny inine siňdirip bolmaz».
Aýperi dem-dynjyny alyp, özüni raslansoň kakasy ondan nirede saklanandygyny sorady. Şonda gyzy garakçylaryň eline düşenden, gözüniň daňlandygyňy, soňra-da köp ýöräp, ahyryn bir gowaga eltilendigini aýtdy. Han şondan soň nökerlerinden otuza golaýyny saýlap, olary oňat ýaraglar bilen üpjün edip, dagdaky ähli gowaklary ýekän-ýekän barlamagy buýurdy. Onsoňam ol kimde-kim Gulamalyny diri tutup getirse, şony Güzer oba han bellejek, kimde-kim Gulamalynyň kellesini getirse, şol kelläň agramyna barabar altyn berjek diýip jar çekdirdi.
Bu habary eşiden Nuraly garaňky gatlyşansoň ýola düşdi. Barybam Hüseýine ähli ýagdaýlary mälim etdi. Nuraly dagdan gelip ýene-de guýa girdi. Ol Güljereniň bir soňuna galaýmaýyn diýip janyýangynlyk bilen külüňini işledip ugrady.

* * *
«Iňlisden haraý bolmazmyka? Häk näbileýin-dä... Ýogsa-da oň ýüzi dagysy nähiläý, edil üç ýuwlan ak esgiň bar-da... Gezip ýörseň her zada duşuljak eken-ow... Agzy ýylgyran bolýandyram welin, hiç gözi gülenok. Aý, nätse şony etsin-le, ýüzi bilen nä işim. Güljereni hanyň penjesinden boşatmaga kömek etse bolýa. Näme-de bolsa indi şondan başga ýüz tutara adam galmady...»
Gylyç şeýle oýlar bilen Annaberdi işanyň obasyna tarap ýola düşdi. Älem bilen mydama bile bolmaga endik edensoň onuň bir zady kem ýaly bolup dur. Bu günem ol irden Älemiň ýanyna barypdy. Şonda Ädem oňa iňlise hiç pisindiniň oturmaýandygyny, galyberse-de, çaltrak galla ekişini gutarmasa, Saryja agaň ýeriniň tagtdan çykyp barýandygyny duýdurypdy.
«Men näme üçin Äleme ekişe kömekleşeýin diýmändirin. Aý, bolýa-da. Adamlar näme üçin deň ýaradylmadyka? Kimlerde-hä süri-süri mal bar, kimlere bolsa ertesi iýjek çöregem uly gaýgy. Seň özüň näme diýsene... Älem-ä Saryja kakamlaň ýerini eker. Sen bolsaň bedew münüp, seýrana çykarsyň. Saryja kakamlar maňa golaýmy ýa-da Äleme? Aý, bolýa-da... Ýogsa-da, näçe wagtdan bäri dostsuran bolup, bile tirkeşenem bolýasyň, heý, Äleme «Ýagdaýyň niçik, näme kem zadyň bar?» diýipmidiň? Ýok, ony sen diýen dälsiň. Galanynyň bir zady bor-la, ýöne, şu Güljereni sag-aman boşadyp bolsa. Hany, iňlise-de bir maňlaýy diräp göreli, bolmasa-da Söýünaly näme diýse şony diýsin, mal-mülki satyp, nöker toplamagyň ugruna çykmaly...»
Gylyç atyny öňňürdigine goýberdi. Urpakly meýdanyň şol uzalyp ýatyşy. Gylyç gumuň burnuna ýetiberende öňdäki iki sany gara gözi kaklyşdy. Olar çöpleme çöpläp ýören orta ýaşanrak aýal bilen on-on iki ýaşlaryndaky gyz ekeni. Gylyç Annaberdi işanyň obasyna belet bolsa-da, olar bilen gürleşmäge bahana gözledi. Onsoň. ol atyny gartaşanrak aýalyň golaýragyna sürdi.
– Ýeňňe, salawmaleýkim!
– Aleýk. Gurgunmysyň!
– Şükür. Ýeňňe, işan agaň obasy şulaň haýsysy bolýaka, bilmeýäňizmi?
Aýal dikelip, elleri bilen bilini tutup biraz durdy-da, Gylyjyň ýüzüne seretdi.
– Işan agaň obasy-ha ho-ol ilerki obadyr.
Gylyç, bu itgyranyň çölünde esli wagtlap ýeke ýöränsoň, çolasyradymy, nämemi, garaz, gürleşesi geldi durdy.
– Ýeňňe, bu çöl meýdanda çekineňzokmy, ýekeräk çykaýypsyňyz-la?
Aýal gaty arkaýyn gürledi.
– Nämeden çekineli, aýt hany!
– Aý, dünýäň belasy gytmy näme?
Aýal Gylyjyň ýüzüne dikanlap seretdi.
Ýeri, çekineňde nätjek, öýüňde ýakmaga bir çöp odunyň bolmasa. Görüp dursuň-a ýagy ýaly gyş gelýä.
– Bu çöplemelerden içeri ýylarmyka beri?
– Häk köşek, seň oslugyň, gaty ýyly ýerden çykýar-ow. Tünegiňde ýakmaga dagy zadyň bolmasa baý ýylar-a....
Gylyç olar bilen hoşlaşdy-da, ýoluny dowam etdirdi. Annaberdi işan öýünde eken. Gylyjyň göwnüne bolmasa öý eýesiniň keýpi ýok ýaly.
– Myhmanyňyzam göräýjekdik welin...
Öý eýesi gümürtik gürledi.
– Olam-a bolmaly öz;ä... Ýeri, sen ony näme edersiň?
– Arada dagda duşupdyk-da. Şonda hak iş üçin nähili kömek gerek bolsa duýduraýgyn diýipdi-de...
Işan ýukajyk sakgalyny sypalap oturyşyna haýallyk bilen gürleýärdi:
– Olara-da gelerçe wagt-a boldy. Gyzylarbada diýip gidipdiler. Ýogsa-da, hanym seň onluk näme işiň bar?
Gylyç Güljerenli wakany Annaberdi işana-da birin-birin gürrüň berdi.
– Häk, näbileýin-dä!
– Ol haçanrak yzyna köwlenjegini aýtmanmydy?
– Gidenleri bäri üç-dört gün-ä boldy. Şu gün gara berseler gerek.
Gylyç agşama çenli garaşdy. Emma iňlis dagy gelmedi. Ol Annaberdi işana ertirem habar tutjakdyny aýdyp, şu obada ýaşaýan daýylarynyňka bardy. Ertesi gün gyzyberende gaýdyp gelse, iňlis dagam bar eken. Ol Gylyjy bada-bat tanady-da, edil ýitirip tapan ýaly salamlaşdy.
– Nökeriň bolsa ýarag tapylar, ýöne bir kiçijik obaň üstüne çozup ýörmän, ýöneräk düşünişäýseňiz bolmaýamy? Hemmäňizem bir musulman halklar ahyryn.
Iňlisiň gürrüňi başdan Gylyjyň jynyny atlandyryp ugrady.
«Wah, oň bilen ýaragsyz ylalaşyp bolýan bolsa gelip, saňa ýüz tutjakmy diýsene...»
– Ýarag bolsa, adam güýjüňiz bolsa günbatardan ýagyň has ulusy gelýä. Şoňa taýýarlyk görüň. Ilki şo ýagyny bir gaýtaralyň. Uýaňyzyň aladasyna şondan soň çykylsa-da bor.
Del myhmanyň gürrüňi maňzyna batmansoň, Gylyç bu ýerde uzak oturmagy uslyp görmedi-de, turmak bilen boldy.
«...Ilki sataşamyzda-da onuň ýüzüni ýaman ýuwan görüpdim welin, hoş sözüne ynanaýypdyryn-da... Aý, bähbit bola-da...»

* * *
Abdylla hanyň nökerleri her bir deräni, her bir jülgäni elin barlap, her bir daşy galdyryp görýärdiler, şagal ýaly sümsünişip, böwürslen jeňňellerine çenli girip çykýardylar. ýöne Gulamaly dagydan gördüm-bildim ýok. Indi barlanmaly ýeke dere galypdy.
Hanyň nökerleriniň birnäçesi şol deräniň daşyny gabady, birnäçesi bolsa deredäki jeňňelligiň bir çetiňden girip ugrady. Ol deredenem netije bolmansoň, lapykeçlik bilen yzyna dolandylar.
Abdylla han Abdyl keli ýanyna çagyrdy. Bu çakylyk keliň böwrüni birbada bükgüldä goýsa-da, hanyň ýüzüne gözi düşenden ol biraz ynjaldy. Iç işikde iki bükülip duran Abdyly han törräge geçirdi. Hanyň ýadaw ýüzi, ýellenişip duran gabaklary onuň rahat uklap bilmeýendiginiň alamatydy.
– Seň türkmenlerden geleniňe ep-esli wagt geçenemi bolsa, halyň nädirem diýip bilemok.
Abdyl kel hanyň bu sözlerine monça boldy.
– Seni ýerli-suwly etmäň, öýermäň ugruna çykaýsam diýýän.
Kel hanyň bujagaz gürrüňleriniň soňunyň çöpüniň bardygyny aňýardy. Han birsalymdan ýene-de gürläp başlady:
– Seň şu obalarda kimiň bar?
Hanyň sowaly mortaragam bolsa Abdyl kel sypaýyçylyk bilen jogap berdi:
– Aý pylanym bar diýer ýaly şeýle bir ýakyn garyndaşym-a ýok. Näme, han aga?
Han onuň ýüzüne seretdi.
– Ýakynrak däl garyndaşyň bolanda kim bolýa?
– Rzaguly agaň obasynda kakamyň dolananlaryndan-a bolmaly.
– Türkmenlerden geleniňi olar bilýämi?
– Aý, ýok, han aga...
Abdylla hanyň ýüzi çala ýagtyljak ýaly etdi. Kel hana ýalynjaňlyk etmegiň wagty geldi diýip düşündi:
– Göni siziň ýanyňyza gelşim-dä. Onsoň, näme, özüňiz bilýäňiz, hiç ýana çykman, şu töwereklerde bolup ýörün...
– Bolýa... bolýa... Saňa bir ýumuş bar.
Şeý diýip, han ýellenişip duran ullakan gabaklaryny galdyrdy.
– Ýöne aňsad-a däldir. Näçe oýlansamam senden gabyl adam tapmadym...
Abdyl keliň böwrüne ýene-de bükgüldi aralaşdy.
«Başga nähili ýumşy bolsa-da türkmenleriň üstüne git diýäýmäbilse ýagşydyr».
– Şo ýumşy bitirseň, nähili haýyşyň bolsa-da, ýerine ýetirmek biz bilen...
Keliň gözüniň öňüne ýene-de Güljeren geldi. Onsoň ol nähili ýumuşdygyny çaltrak eşidenini kem germedi:
– Aýdyp oturyň, han aga. Meň elimden geljek iş bolsa, onda-da siziň üçin janymy goýmaga taýyndyryn.
Şol günüň ertesi Abdyl kel ýola düşdi. Züwwetdin gorkagam bolsa Güljerene öýlenmek pikiri onuň ýüregine kuwwat berýärdi.

* * *
Abdylyň nirä, näme üçin gidendigini Abdylla handyr Keliň özünden başga bir adamam bilenok. Keli Abdylla hanyň bir ýere ugradanyny eşidip, Nuraly biraz arkaýynlandy. Ýöne ol arkaýynlanyp, hallyň-sallyňa urmady. Gaýtam ol indi gijelerine-de işleýärdi. Nuraly bu gün kömekçilerine irräk rugsat beripdi. Özi bolsa çaý-çörek inip, ýene-de guýa girdi. Ol guýuda birsalym oturdy-da, gapdala tarap gazyp ugrady. Nuraly öz başlan işiniň ölüme barabardygyna gözi ýetip dursa-da, başga hiç zat hakda pikir etmän işleýär. Daş ýaly gaty ýer tokga-tokga bolup gopýar. Bu iş ýeňil däl. Birinjiden-ä guýynyň düýbünden ýerzemine tarap gazylýandygyny ýoldaşlaryňa-da duýdurmaly däl. Her zat etmeli welin, olary guýa girizmän saklajak bolmaly. Onsoňam guýynyň düýbünden gazylýan söwüň göni ýerzemine çykmagyny başarmaly. Üçünjiden, söwi diňe gije gazmaly. Galaň içinde adam aýagy ýygnanandan soň gazmasaň ýeriň aşagyndaky dükgüldiniň eşidiläýmegi mümkin. Nuraly uzyn gije işläp, ep-esli gazansoň, topragy guýynyň düýbüne ýazdy. Ol daňa golaý ýumşak topragyň üstünde çalaja irkildi. Nuraly birsalymdan öz ýoldaşlarynyň hümür-sümürine oýandy.
– Nuraly, sen eýýäm bu taýdamyň?
– Aý, hawa, häliräk gelip, salkynda birsalym işläýin diýdim.
Ol topragy suwluk torba guýup uzadyp başlady. Olar günorta çaýyny guýynyň ýakynjagynda, üstüne çadyr germelen teläriň astynda içýärdiler. Nuraly oýaly-ukuly halda ýoldaşlarynyň gürrüňini diňläp ýatyr.
– Han agamyz Abdylam-a bir ýana ýitirim etdi.
– Niräk gitse-de Kel hor bolasy ýok-la... Han ony Goçandyň bazaryna ugradypdyr, şa üçin halat-serpaý almaga...
– Häk, näbileýin, Goçandyň bazaryna iberjek bolsa hanyň Abdyldan başga-da adamsy gyt däldir-le.
– Aý, iller-ä şeý diýýä...
– Şa geljekmiş diýleli bäri han hasam gazaplanaýypmy ýa-da göwnümemikä?
– Ony nämeden diýdiň?
– Düýn gaýraky obadanam bir ýaşulyň amanadyny tabşyrdypdyr-da.
– O nä?
– O bende ýaraw däl ekeni. Onsoň galaň gurluşygynda bellenen ýeri bolanok diýägeden, oňa kyrk gamçy urupdyrlar. Garry adam, onda-da keselbent adam kyrk gamçy däl, ýaryna-da çydamandyr.
– Şeý diýä... Aý, pahyr...
Nuraly soňky döwürde güň ýaly bolupdy. Ol ýoldaşlarynyň gürrüňine goşulmasynam goýdy. Garaňky gatlyşyberer uçurlarynda ýoldaşlaryna rugsat berdi-de, galaň derwezesine tarap ýöneldi.
Nuraly hanyň ynamyna girip ugranyndan onuň atbakary bilen arasyny sazlapdy. Atlaryň seýsi Nuralynyň obadaşy. Nuraly galada ýaşansoň seýis agşamlaryna atlara göz bolmagy şoňa tabşyrypdy. Ol garawullaryň gözi öwrenişer ýaly, atlary gezdirmäge atbakar bilen bile çykardy. Bu günem ol derwezeden girip, atlara tarap ýöredi. Nuraly bir gujak ýorunjaly golaýyna barandan Kepderi kişňäp, aýaklary bilen ýer peşemäge durdy.
«Haý, janawar, büýem menden haraý isleýän bolarly...»
Nuraly güýmeň-samaň edip ep-esli eglendi. Onuň gözi töweregindedi. Galaň diwary bilen ýerzeminiň aralygynda aralary açygrak üç agaç ösüp otyr. Olaryň iň aňyrkysy erik, ortakysy tut, ýerzemine ýakynragy bolsa garagaç. Nuraly atlar ýorunjasyny iýip bolansoň, gezdirmek üçin galadan alyp çykdy. Atlary suwa ýakansoň, çeşmäň başynda böwrüni diňläp köp oturdy.

* * *
Daga gyş ir düşdi. Indi üçülenji gündür, çapgyn sowuk edil ýüz-gözüňi ýalap barýar. Bu gün bolsa howa ýumşajak ýaly etdi-de, soňy gara ýazdy oturyberdi. Birsalymyň içinde ykyrdap duran gar çokaýyň erňeginden girip ugrady. Dereleriň ugram, uçut gaýalaram durşuna gar bolup dur. Soňabaka dagda ösüp otran agaçlaram gardan ýaňa ýegşerilişip ugrady.
Hüseýin dowarlary örä çykarjagam bolmady. Ol bir tarapy gowak bolup duran agylyň çetine basylan bededir ýandakdan her ýere – her ýere pytratdy. Onsoň özem gozagyň agzyragyndaky kepbesinde ot ýakynyp çaý oturdyndy. Hüseýiniň oduň başyndaky keçä geçenem şoldy welin, itler alazenzele bolşup, nirädir bir ýaňa eňdiler. Ol derrew daş çykyp, itleriň giden tapyna seretdi. Ýöne näçe seretse-de, gözüne ilen zat bolmady. Onsoň ol içmegini egnine atyp, şo tarapa ýöräp ugrady. Hüseýin agyldan çykyp barýarka, asyňyrrakda, itleriň üýrýän ýerinde bir adamyň durandygyny gördi. Itler ne-hä özleri batyrynyp bilýärler, ne-de oňa gymyldamaga maý berýärler. Itleriň gözi Hüseýine düşenden nätanyşa has öçli jabjynmaga başladylar. Diňe Hüseýin «Jit, ýok boluň» diýensoň, it janawarlar ýöwselleşip ugrady. Olar çekilişip ugrandan nätanyş çep aýagyny ýempäbräge-de, elindäki hasasyna agram salyp, Hüseýine bakan gaýtdy.
– Salawmaleýkim! – diýip, ol gadyrly görüşdi.
– Taňry myhmany alyp bilmezmisiňiz?
Hüseýin ony synlap esli durdy. Ol ahyryn sömelip durmany birhiliräk gördümi-nämemi, kepbäni eli bilen görkezip, öňe düşdi.
Myhman gürlänok. Kepbä girlenden, oduň gapdalyna çökdi-de, elini-ýüzüni çoýdy. Onuň egninde pagtasy çykyşyp duran dony, kellesinde köneje telpegi, aýagynda bolsa apgyrdy gidip ugran çokaýy bardy. Näçe gün bäri päki garasyny görmän, hüžžerişip duran sakgal-murty, ukusyzlykdanmy, sowukdanmy gyzaryp, çylpyklaşyp duran gözleri ony hasam ejiz görkezýärdi. Ol çep aýagyny epläp bilmän, oduň gapdalyna uzadyp oturdy.
Hüseýin çaý demläp, gapdaly bilen gaty-guty çöreginem uzatdy. Myhmanyň bolşy birhili nebsagyrdyjy. Onuň çaý-çörek bilenem seri ýok. Aýakgabydyr donunam çykarman, derrew oduň başynda gyşardy. Kellesini goýandanam uka gitdi, az wagtdan çalaja hor çekmäge başlady.

* * *
Nuraly gündizine hem-ä aşaklygyna gazýardy, hemem ýoldaşlarynyň gözüne çöp atyp, gapdala gazan gumuny çykarýardy. Bu gün öýlänler Abdylla hanam aýlanyp gitdi. Hanyň ýüzünde hiç wagtam-a rehim-şepagat ýokdur welin, ind-ä hasam kokaşyp duran bolupdy.
– Ýeri, nädýäňiz? Hany, suw çykanokmy? – diýip, ol soranda Nuraly:
– Indä-hä basym öl toprak görnüp başlasa gerek – diýip, jogap berdi.
– Basymrak gutarjak boluň, köpe çekýäňiz. Saňa başga bir ýumşam bar.
Hanyň gelip gitmegi Nuralynyň howsalasyny hasam artdyrdy.
«Hanyň menlik nähili ýumşy bolup bilerkä? Ýa-da ol Güljerenli matlabyna ýetmekçimikä?»
Häzirem onuň öçügsije çyraň ýagtysyna gapdala tarap gazyp oturyşy. Indi söwüň gazylan ýeri ýigrimi gulaçdanam geçipdi. Nuraly indiki gezek külüň uranynda toprak bilen bilelikde ep-esli köküňem gopanyny gördi. Ol köki çyraň ýagtysyna getirip synlady-da, uludan bir demini aldy. Bu kök garagajyňky. Diýmek, söw göni ýerzemine barýar. Nuraly indi külüňini hasam batly işledip başlady. Ol näçe argyn bolsa-da gazýardy. Şobarmana-da Nuraly niredendir bir ýerden itiň üýrýändigini eşitdi. Onsoň ol diňşirgenip biraz durdy. Diňşirgäp durşuna, itiň sesiniň ýatyşýandygyny duýdy. Nuraly ýene-de işlemäge başlady. Iki-üç gezek külüň urlaryna mähetdel it indi has gaty üýrmäge durdy.
«...Häk, eýesiz, aňýar öýdýän...»
Nuraly işi bu günlükçe bes etdi.

* * *
Gylyja nöker tapmak aňsat düşenokdy. Hemişeki bile tirkeşip ýören oglanlaryňam hemmesi döwtalap däldi. Iki-ýeke «bolýa» diýenleriniňem hossarlary eşidip, «aýagyňam sekmersiň» diýýärdi. Wagt bolsa geçip dur. Güljereniň alnyp gidileli bäri üç aý bolup barýardy.
«Hudaý bilsin, bu wagt Güljereniň başynda gopýan apy-tupanlary... Abdylla hanyň onuň kellesini kesdirip, gurruga taşladan bolmagam mümkin...»
Gylyç öz eden oýlaryndan özi çekinip, öwfüldäp uludan demini aldy.
«Näme-de bolsa, synanyb-a görmeli. Dagy adam tapylmasa, Älem bilen ikiçäk giderin welin, giderin. Atylan ok daşdan gaýdýan däldir. Men-ä şu oglanlara-da näme diýjegimi bilemok. Ýöne wagty-ha gürletseň, loňňy-loňňy edişip, gylyçlaryndan gan damýa. Aý, bular ýagyň adyny eşidenlerinden, sürenlerine girmäge endik edinenler-dä...»
Onuň ýüregi karar tapman, Älemiň ýanyna ugrady.
«Be, Nuralydan beýle ikiýüzlüligiň çykyşyna men-ä haýran. Entekler adamy tanap bilmeýän ekenimiz-ow. Ýeri, biz-ä bar gögele bolupdyrys diýeli, Saryja kakamam-a ýöne, şo diýip yrlady oturdy. Bu dünýä düşüner ýaly bolmandyr-ow... Wah, başga biri Nuralyny hanyň ýanynda gördüm diýse, kes kelläm ynanmazdym. Ýöne men ony öz gözlerim bilen gördüm ahyryn...»
Gylyç Älemlere baranda, ol hütdüjek çatmalarynyň töründe dutar çalan bolup otyrdy. Gylyja gözi düşenden, ol dutary gabyna salyp, ýygnamak bilen boldy.
– Ýeri, şepe, gurtmuň-tilki?
– Aý, gurtlugam aňsat däl öýdýän...
– O nä?..
– Näsi şo. Ýarag ýok.
– Men saňa gitmäkäňem aýdypdym, şo çypardan haýyr bolmajagyny.
– Aý, näbileýin-dä, güles-ýalas etse...
– Indiki maslahat?
– Maslahad-a, oglanlaryň bolanjasy bilen ýola düşübermesek...
Älem Gylyjyň aladaly ýüzüne seredip, birsalym oturdy. Soňam ýerinden turdy-da, duldaky sandygyň üstüne galdyrylan köneje ýorgany gapdala oklady. Sandykdaky düwünçegi emaý bilen çykardy-da, Gylyjyň öňünde ýazdy. Onda çapraz-çaňňa, bukaw, goşa bilezik, gupba, gülýaka, ýüzük, gulakhalka ýaly zatlar bardy.
– Iňe, halypa, şu zatlar bizde arkama-arka geçip gelýän eken. Ejem pahyr bu zatlary öýleneňde, gelniňe dakarys diýip ýygnap ýördi. Maňa şu zatlaryň häzirkiden zerur wagtynyň boljagyny bilemok. Satarys. Bahasyna-da näme düşse, gerek-ýarak zatlary almaň ugruna çykarys.
Gylyç hasam müýnürgäp başlady.
«Älemiň-ä bar baýlygy şu, onam ynha orta goýdy. Men näme? Ýesirlikden boşadylmaly uýa meňkimi ýa-da Älemiňki? Bu süri-süri malyňam şuň ýaly wagt peýdasy degmejek bolsa, başymyza ýapalymy. Söýünalam näme diýse, şony diýsin... Älem halypa, sapagyň üçin sag bol. Senden tama-da şeýledi...»
Ol birhili alasarmyk bolup turup ugrady.

* * *
Hüseýini myhmany aljyradýar. Onuň çaý-çörek bilenem seri bolman, şol ýygrylyp ýatyşy. Onuň bolşy gyzdyrma tutýana çalym edýärdi. Hüseýin myhmanynyň üstüne köne-küşül keçeleriniň baryny ýapdy. Onda-da myhmanyň galpyldysy peselenok. Öz egnindäki içmeginem atdy. Şondan soň biraz ymyzganjak ýaly etdi. Myhmanynyň az-owlak rahatlyk tapanyny görüp, ol dowarlara aýlanmaga, daş çykdy.
Öňňinki ýagan garyň şol ýatyşy-ýatyşy. Bulut syrylyp, howa açylansoň, asmandaky ýyldyzlar petreşip dur. Hüseýin birden baýguşyňka meňzeş sesiň gelýändigini aňdy. Onsoň olam edil şonuň ýaly edip jogap berdi-de, ses gelýän tarapa ugrady. Aýagynyň astyndaky garyň ykyrdysyny diňşäp, onuň şol gidip oturyşy. Hüseýin beýigiň bäri ýüzündäki kerkawyň ýanyna baryp, saklandy.
– Ýeri, nähili?
Bu ses Gulamalynyňkydy.
– Şo ýatyşy-da. Oňky gyzdyrma bolaýmasa...
– Heý gepläp dagy edýämi?
– Samraýa özä, çenim çen bolsa bu pahyryň türkmenlerde bir etmişi bolmaly. Yzyna düşülip ugralandan bärligine jyrana meňzeýä.
Olar tirkeşip, goşa gantdylar. Agylyň agzyna ýetibem aýak çekdiler.
– Gulamaly, sen näme-de bolsa, oň gözüne görünme. Bilip bolýamy, birden...
– Syrkaw bende bolsa.
– Aý, näme-de bolsa, ätiýajy elden bermäli. Seň içmegiňi ho-ol gowagyň düýbürägindäki bedäň üstüne agypdym. Şotaýyk baraý. Garbanar ýaly zady özüm. elterin.
– Aý, Hüseýin senem-ä, haýsy bir zatdan gorkup mydar etjek how...
– Näme-de bolsa, sen entek oň ýanyna barma. Ol bu ýerlerde uzak togtajaga-da meňzänok. Ýene-de iki günjük mydar etseň, ganymatlaşmazmyka... Onsoň giderem-le.
– Bor-da onda.
Olar agylyň agaç-ugaçdan ýasalan gapysyndan girip gowaga tarap ýöneldiler. Hüseýin Gulamala bölek keçedir içmegini görkezip, kepbesine dolandy. Derrewem gowurmaly jamdyr çörek alyp geldi.
– Nähili, şo bir bolşumy?
– Bir zat, bir zat diýip, samraýa öz-ä... Oba gidäýsem däri-derman tapmazmykam?
– Seret-dä, ýagdaýyňa.
– Hemem Nuralydan bir habar tutsam. Olam soňky döwürde gara bermän oňýa...
– Meň ýanymda şoň adyny tutmasana...
– Gulamaly, sen ýalňyşýaň. Onda-da bek ýalňyşýaň. Sen maňa ynanaý. Nuralydan beýle ikiligiň çykmajagyna men edil hudaýa ynanan ýaly ynanýan.
– Häk, näbileýin-dä...
Gulamaly uludan demini aldy.
– Men tiz öwrüljek bolaryn. Ýöne sen myhmanyň ýanyna barjak bolmagyn.
– Bor-la, arkaýyn bolsana...
Hüseýin ýola düşdi.
Garbak-gurbak edinip otyrka Gulamalyň göwnüne bolmasa, syrkawyň hykgy-çokgusy hasam artan ýaly boldy. Onsoň ol arkaýyn oturyp bilmedi. Ýuwaşlyk bilek baryp, kepbäniň agzyna tutulan kilimiň çetini galdyrdy. Dogrudanam, myhman iňňildäp, kellesini iki-baka urýardy. Onuň bolup ýatyşy jan howluna urunýana çalym edýär. Gulamaly gapyň agzynda uzak saklanyp bilmän, derrew içerik girdi.
«Bu bende şeýdip gözüni açman, armanlyja gidibermeli bolarmyka?»
Gulamaly ikibaka elewredi. Gapyň çep gapdalyndaky üýşüp duran agaçlardan atyp, ody ulaltdy. Haýlan-haý tüňçäni suwdan dolduryp, oduň gapdalynda goýdy. Tüňçe gaýnansoň gyzgynjak çaý owurtlatjak bolup, syrkawyň kellesini galdyryp, agzyna çaý tutuberdi. Syrkaw çaýdan diňe iki gezejik owurtlady-da, «boldy» diýen yşarat etdi. Şondan soň, Gulamaly biraz ynjaldy. Ol syrkawuň üstüniň açylan ýerini pugta basyryşdyrdy-da, ýene-de ody ulaltmak bilen boldy. Gulamaly ody ulaltmak bilen gümraka, myhman çalaja gözüni açdy. Ol gözüni süzgekledip ýatyşyna. Gulamalyny synlaýardy.
«Edil özi. Baý, bulaň beýle meňzeşdigini, agynja Azym-da...»
Gulamaly odun getirmek üçin daş çykanyndan «syrkaw» hasanaklap turdy-da, düşegini edil adam ýatan ýaly düýrläp goýdy. Soňra bolsa sag eline sapançasyny, çep eline pyçagyny alyp, kepbäniň gapa golaý burçuna gysylyp, Gulamalyň gapydan ätlärine mähetdel bolup durdy. Kän garaşmaly bolmady. Gulamaly gapydan ätläp, goltugyndaky odunyny goýmak üçin egilenden «syrkaw» onuň arkasyna sapançasyny diredi.
– Gymyldama!
Gulamaly birbada näme bolýandygyna düşünmän, aňka-taňka boldy. Birdenem ýeňsesinde duran «myhmany» kellesi bilen batly süsmekçi bolaňda gümpüldi çykdy. Gulamalyň daýaw göwresi dag ýykylan ýaly bolup oduň gapdalyna gaýtdy. Onuň ahmyrly gözleri «syrkawa» düşdi. Ganhoryň eýmenç ýüzi onuň gözleriniň öňünde ýöne salgym bolup dur. Gulamalyň çäkmenine ot düşüp, ýanyp ugrady. Onuň şol gözüni açyp ýatyşy. Gelmişek Gulamalyň gözünden eýmendimi nämemi, onuň kükreginden yzly-yzyna ýene-de iki gezek gyzgyn gülläni goýberdi. Şondan soň Gulamalyň göwresini otdan beýleräge süýşürip, arkasynyň ýanyp duran ýerini aýaklary bilen depeläp öçürdi.
Ozal şertleşilişi ýaly, tüpeň sesiniň çykaryňa mähetdel bolşup duran han nökerleri bir salymyň içinde agylyň gapdalynda peýda boldular. Olar gelenlerinde, Abdyl kel oduň gapdalynda «donuna sygman» abşarylyp otyrdy...
Hüseýin gitse-de gitdi welin, yzyndan gaty ynjalanok. Onsoň ol oba çaltrak ýetjek bolup, iň gysga ýoly saýlap aldy. Bu ýol golaý. Ýöne howpludy – uçutdan sallanmaly. Häzirki ýaly doňaklyk howada-ha däl, hat- da guruganlyk wagtam bu ýerden geçmek aňsat däl. Ýöne Hüseýin dagda gezýänligine baýrynyp töwekgellik etdi. Ol uçutdan geçip aşak düşüp ugranda duýdansyz çykan tüpeň sesine tisginip gitdi. Onsoň sakga durdy-da, töweregine diň saldy. Diňşirgäp durka ýene-de iki gezek tüpeň atylmagy onuň zähresini ýardy. Bir gabahat işiň bolandygyny ýüregi syzan Hüseýin hyrra yzyna öwrüldi. Uçutdan düşmegem-ä aňsat däl welin, ýokarlygyna dyrmaşmak ondanam kyn. Ol her gezek ýapyşjak ýeriniň hemem aýagyny basjak ýeriniň garyny syryp, mazaly çemelenip, ýuwaş-ýuwaşdan galyp ugra ýar. Şobarmaşa-da onuň aýagyny basan ýerindäki daş gopdy-da, şakyrdap gaýtdy. Hüseýin zordan saklandy. Indi onuň göwresiniň saňňyldysy hasam artdy. Ol gaty seresap süýşýär. Her gezek ýapyşjak ýeriniňem, basjak ýeriniňem daşlaryny eli bilen mazaly barlap, yrgyldadyp görýär. Howa näçe sowugam bolsa Hüseýin uçudyň ýokarsyna çykanda çalaja çyg berenligini duýdy. Goşa ýakynlaşanyndan itleriň sesi eşidilip ugrady. Şobada tüpeň sesleri çykdy. Şondan soň itleriň sesem tapba kesildi.
Hüseýin badyny güýçlendirdi. Birdenem sakga durdy-da, ýapyryldy. Ol ýapyrylyp ýatyşyna, garyň üstünde gaýda-gaýmalaşyk bolup ýören adamlaryň suduryny saýgardy. Indi Hüseýine olaryň hümürdisem eşidilýärdi.
– Hany, muň ýoldaşyna näme bolduka?
– Ol Hüseýindir, hanyň çopany.
– Bu deýýus asyl Hüseýiniň ýanynda otlap-suwlaýan eken-ow...
– Indiki maslahat?
– Kellesini aldyňyz dälmi? Haý züwwetdinler-ä... Han agamyzyňam garakçy tutuň diýip iberýän adamlaryny, ýatan meýitden kelle goparmaga-da ýaýdanyşyp durlar. Siz çekinseňiz barmaň, özüm bir zat ederin.
Öz «myhmanynyň» sesini Hüseýin bada-bat tanady. «Bäý, ol asyl şol zandyýamanlardan eken-ow... Haý Gulamaly... Gulamaly... Dost, armanlyja gitdiň-dä...» Hüseýin bu ýerde uzak durmagyň howpludygyny aňdy.
Ol Gulamalyň atyny duşaýan deresine tarap bukdaklap ugrady. At janawar çybşylda eýesidir öýden bolara çemeli, gulaklaryny keýerjekletdi. Soňam Gulamaly däldigini aňyp, burnuny parryldadyp, Hüseýini golaýyna getirmejek boldy. Ahyryn Hüseýin höre-köşe bilen atyň boýnuna elini ýetirdi. Soňam çep eli bilen duşagyny çözdi. Onsoň iým torbany atyň kellesinden aýyrdy-da, idip ugrady. Dereden çykylaýýan ýerden düzlük başlanýar. Hüseýin şol düzlüge ýetip, töweregine garanjaklady-da, ata atlandy. Onuň maksady Gulamalyň ýoldaşlaryny ýygnap, olara bolan wakany aýtmak.

* * *
Nuralynyň şol gazyp oturyşy. Olar öýle çaýyna çykanlarynda galaň derwezesi açyldy-da, ondan bir bölek atly çykyp, demirgazyga tarap ýola düşdi. atlylaryň öňüni hanyň özi çekip barýar. Nuraly näçe tiňkesini dikip seretse-de han bilen gapdallaşyp barýany tanamady. Onuň eşiklerem üýtgeşik.
– Be, hanyň ýanyndakyny tanamadym-la...
Ýoldaşlary Nuralynyň sowalyny jogapsyz galdyrmadylar.
– Han inisi üçin Hindistandan tebip çagyrypdyr diýýärler. Şo bolaýmasa.
Nuraly çaýyny çalasyn içdi-de, guýa sallanyp ugrady.
«Şu gün hökman synanyp görmeli. Şu günki günden amatly wagt indi bolarmy, bolmazmy?»
Ol ýoldaşlaryndanam kän gypynç etmän, söwi gazmagyny dowam etdirdi.
«Bolsa-da indi daş bolmaly däl...»
Birsalymdan Nuraly daş çykyp, ýoldaşlaryna rugsat berdi. Hemişeki edähedine görä, ýatakdaky Kepderidir Garlawaja bir gujak ýorunja bedesini dökdi. Atlar bede iýip durka, olary eýerledi. Ol soňra zyndana tarap ýöneldi. Ala köpek garysyny ýassanyp ýatyr. Nurala gözi düşenden, hyňranyp başlady. Nuraly ite nebsagyryjylyk bilen seredip birsalym durdy.
«Sen bir ýazyksyz janawar ahyryn...»
Nuraly ite bir bölek çörek oklady. Ala köpek çöregi görmedi. Çörek ketegiň bäri ýanyna düşdi. Nuraly çöregi galdyrmak üçin eglenden it alagoh etdi. Nuraly zordan yza çekilmäge ýetişdi. Ol soňky gezek oklanda, çörek itiň gapdalyna düşdi. Onýança-da zyndanyň garawullarynyň biri ylgap geldi.
– Nuraly, senmäý bu?
– Şu itiňiz meň bileň öwrenişmän geçjeg-äý...
– Hä, bu it adamy özüne golaýladýan däldir.
Nuraly garawulyň çaltrak şu taýdan gidenini kem görenok. Onsoň ol elini garawulyň egnine atyp, aňyrlygyna alyp ugrady. Gidip barşyna-da, gözüniň gytagy bilen ite seredýär. It ilkä bir gerindi. Soňam ýognas sesi bilen birki gezek wowfullady-da, ketegine girmek bilen boldy. Nuraly garawuly ýerzeminiň aňry ýüzündäki tamjagazlaryna salansoň, bu ýerde uzak durasy gelmedi. Derrew atlary alyp ugrady. Gapa ýetende derwezeban oňa:
– Ýeri, atlary nädersiň? – diýip gygyrdy.
Nuraly atlary idip, onuň has golaýragyna bardy.
– Sen ýigit, täzeräk işe başlapsyň öýdýän.
–Hawa, ýöne seň seýis däldigiň-ä bilýän.
Haýbata ýüz urmasaň, ähli tagallaň puç bolaýmagynyň ahmaldygyna gözi ýeten Nuraly:
– Aý haramzada diýsäni, seň garagyň gapykmy, meni tanamazça... Bar, derwezäni aç, çaltrak – diýdi.
Derwezeban ýigit şondan soňam ýaýdanyp durdy.
– Indi nämä gazarylyp dursuň? Ýa-da bujagaz günüňi özüňe köp görýäňmi, deýýus...
Derwezeban ýaýdanyp, ahyryn derwezäni açmak bilen boldy. Nuraly galadan çykyp uludan dem aldy. Ol atlary gaýralygyna idip ugrady. Ahyrynam obaň çeträginde, çolarak ýerde atlaryň uýanyny bir agaja baglady-da, beýige çykdy. Bu ýerden öz obalaram, hanyň galasam edil eliň aýasynda ýaly görnüp dur. Töweregi synlap oturyşyna onuň kalbyny ýakymsyz duýular gurşap aldy. Göwnüne bolmasa ol bu ýerleri iň soňky gezek synlaýan ýaly. Birdenem onuň gözüniň öňünden ejesiniň mährem keşbi, Hüseýin, Gulamaly, Azym, Barat aga hemem beýleki goňşularydyr obadaşlary ýeke-ýekeden geçip ugrady.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 35 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Amangeldi Şyhlyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: