00:29
Harby
Harby

Oñ üçin bolmandy belli bir mesgen,
Ähli künjek onuñ dogdyk mekany.
Arkasynda goşy buýruga taýyn,
Goramaga çykar serhet ýakany.

Şeýdip başlanypdy harby ykbalmyz
Çet obalañ gujagyna dolupdyk.
Parhlydy adamlar,parhlydy günler
Hersinden ençeme sapak alypdyk.

Olañ hersi bir oba däl,giñ dünýä,
Heniz açylmadyk syrly kitapdy.
Özlügiñi açmak üçin gollanma,
Her ykballar hakda dürli kitapdy.

Obalarda,şäherlerde ýaşadyk,
Adamlardan dost tutundyk,tanyşdyk.
Ýollarmyz aýryldy,emma köñlümiz
biledi. Uzakdan habar alyşdyk.

Ýyllar soñra ykbal bizi duşurdy,
Düýnden gelen eziz dostlarmyz bilen.
Olar bilen undylmajak günlermiz,
Geçmişden şu güne janlanyp gelen.

Köpleñ keşbin añymyzdan öçürdi,
Joşgunly ýyllaryñ güýçli bozgujy.
Ýöne hiç ýadymdan çykmasa gerek
Gatnan uzyn ýollarymyñ çyzgysy.

Şol ýollarda dogulypdy pikirler,
Meni duýgulara ýesir düşüren.
Hem dumanly hyýallarda azaşyp,
ýerlerimdir özlügime düşünen.

Göwne gezek gelse, jomartdyk jomart,
Her ýerde bir bölegini goýardyk.
Soñra bolsa böleklere bölünen,
Ýüregmiziñ yzasyny duýardyk.

Bir eli şatlyga,bir eli gussa
Uzadyp,ýolumyz dowam ederdik.
Göwnüñ ýary aýralyga aglasa,
Ýary täze tanyşlyga giderdi.

Küýsegi şol tanyşlardy,dostlardy,
Goýulyp gaýdylan ýerdedi küýi.
Onuñ üçin parhy ýokdy ülkeleñ,
Diñe bardy bir Watany - bir öýi.

Ol ömrüni Watanyna bagş edýär,
Bagş edýär gyş,tomsy,bahary,güýzi.
Men bolsa Watany giñ gursagyna
Sygdyryp goraýan harbynyñ gyzy.

Meñli Aşyrowa
Категория: Goşgular | Просмотров: 40 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: