22:24
Şir hudanyñ penjesi -12: Söýüniñ söýgüsi
SÖÝÜNIŇ SÖÝGÜSI

Mamur ejäniň Atamyrat agalaryň ýanyna göçüp geleli şu çarşenbede laýyk sekiz ýyl dolýardy. Mamur ejäniň öýi bilen Hallygözeliň öýi biri-birine degişip, ýanaşyk otyrdy. Olaryň goňşy-golamlary özara gürrüňçilikde: «Tüweleme, Söýün Mamur ejänem öz ejesi Hallygözelden kem görenok diýsegem ýalňyş bolmaz» diýýärdiler. Ol ikisiniňem göwnüni aldaýardy. Şeýle-de bolmalydy. Mamur ejäň ondan başga kimi bar. Ol Söýüne göwüs süýdüni bermese-de, el süýdüni berip ulaldypdy. Ýöne o pahyr, birden tarpa-taýyn ýogalaýypdyr. Mamur eje: «Öňüm bolýança soňum bolsun» diýipdirler. Meniňem şükür soňumyň boldugy bolsun. Men öz ykbalymdan, ilimden, günümden, Atamyrat agadanam, Hallygözeldenem, Söýün jandanam ýüz-müň razy, dünýäde kem zadym ýok» diýýär eken. «Pahyr iman äkidenlerden bolsun, Hallygözelem Mamur ejäň üstünde dik durupdyr. Kepeninem ak ýüpek matadan edipdir. Onuň jenaza namazyna başga obalardanam gaty köp adam gelipdir. Gepiň gysgasy hossary köp adamlaram şondan gowy hezzete eýe bolanok. Atamyrat aga-da: «Mamur eje üçin zat aýamaň. Şükür bardyr diýip ýör» diýip gürrüň edýärdiler. Ýygnanan aýallaryň biri:
– Ajap eje diýýänä, aýal adama ýüpek kepen geýdirmek bolýanmydyr? – diýipdir.
– Hawala, gurby ýeten adam etse bolman näme. Emma erkek adama ýüpekden kepen etmek mekru, aýallara mekru däldir. Kepen ediljek matanyň reňkiniň, köne, täzeliginiň parhy ýok, ýöne arassa bolmaly. Ak matadan bolsa gowy. Hudaýa gulluk edilen geýim kepen üçin gowy, ýöne lifafany täzeden edilýär. Hemme kişiniň bilmeli zady aýal adamynyň kepeni bäş bolmaly. Olaryň kepenleriniň erkekleriňkiden tapawudy goşmaça syna bent we gyňaç (leçek) bolýar. Erkek adamlaryň köýneginiň ýakasy egin tarapyna, aýal adamynyňkyny öňüne tarap açmaly. Syna bendiniň boýy üç gez, ini goltugyndan tä dyzynyň aşagyna çenli bolmaly. Leçek boýy iki gez we ini bir garyş bolmaly. Bu zatlaryň hemmesini ýaşdyryn, garrydyryn diýmän hökmany suratda hemmeler öwrenmeli. Bu zatlar hemmäniň başynda bardyr. «Ölmek hak, dirilmek hak» diýlip ýöne ýerden aýdylan däldir. Ýöne şunuň ýaly meselelere gyzyksaňyz Halygözelden soraň. Başy ýaşam bolsa ol menden köp bilýändir. Menem hemme bilýänje zatlarymy şondan öwrendim. Hallygözeliň ýöne adam däldigine, her bir zada ezber ukyplydygyna güwä geçýän bir zady aýtjak. Ýedi ýyl töweregi mundan ozal Oraz baýlaryň bir gelni ilkije çagasynda ýaş üstünde jany çykan badyna çaganyň janlylygyny takyklan Hallygözel özüni ýitirmän, gelniň usullyk bilen garnynyň çep böwründen kesip, içinden bir etlejik çaga aldy. Şol çaga şu wagt ýedi ýaşlarynda bolsa gerek. Bir eýjejik, janjagazy sagja ýaşapjyk ýör. Adyna-da Goçmyrat diýýärler – diýip, akylyny, paýhasyny okumyşlygyny taryplap, Ajap eje Hallygözeliň öwgüsini ýetirdi.
Atamyrat aganyň goňşularynyň birine Baýly aga diýýärdiler. Onuňam özüni durmuşda alyp baryşy, barlylygy edil Atamyrat aga meňzeşdi. Onuňam Atamyrat aga ýaly ýeke zürýady bardy. Olam gyzdy. Baýly aga bilen Atamyrat aganyň bir tapawutly ýeri Baýly aga Atamyrat agadan on bäş ýaş kiçidi. Oba adamlary olaryň biri-biri bilen garyndaş bolmasalaram, hemme taraplaýyn meňzeşligine haýran galýardylar.
Baýly aganyň gyzy göze görünip, 13-14 ýaşlaryna ýetipdi. Gyz diýseň jigerli, owadan, gözleri gülüp duran, bugdaý reňk, ýaňaklary nar ýaly, alkymlary gar ýaly, syratly, dik baş gyz bolup ýetişipdir. Gyzyň ady Bahargül ekeni. Emma bu gyzyň şindi ýaşrakdygyna garamazdan, açgözli hyrydarlary köpelipdir. Dogan-garyndaşlary-da, keseki adamlar-da bu mylaýym gyzy göz astyna alyp ugrapdyrlar. Olaryň birnäçesiniň niýeti diňe bir oňat gelin edinmek hem däl ekeni: «Garrylar ölerler, olaryň bütin mal-mülki bize galar» diýen pikire gulluk edip, gyza hyrydar bolýan betnebisler hem bolupdyr.
Söýün hem görnükli ýetginjek bolup ýetişipdir. Özi hem ot ýaly dogumly, ýaňyja sakgal-murty taban daýawlaç ýigitdi. Iş bitirenlikde, edenlilikde obada oňa taý gelip bilýän oglan ýokdy.
Gyzyň daşky hossarlary we başga-da görip adamlar bu ýaş ýigidi gözlerinde oklary bolsa urjak bolýardylar. Has hem olaryň basgy tapýanlary Hallygözel bir gürrüňçilikde Bahargül barada söz açyp: «Bahargül jan ýetişse, Söýün janam ýetişýändir. Ikisi mynasyp zat. Bolsa bolubersinler duldegşir goňşy. Olar biri-biri üçin keseki adamlar ahyryn» – diýip agzyndan gaçyranmyş.
Günlerde bir gün şol içi garalar Söýüni ýok etmegiň küýüne düşüpdirler. Şol maksat bilen Baýly aganyň doganlarynyň ogullary Söýün bilen odun ýygmaga giden bolup, şol ýerde hem bir zat üstünde yrsarap, Söýüni öldir ýaly urmagy ýüreklerine düwüpdirler. Şeýdip onuň, birinjiden-ä, «gözüniň oduny» almaly, ikinjiden bolsa ony şu ýurtdan ürküzmeli. Emma urmaly, ýöne öldüräýmeli däl. Gandar bolmagy hiç bir ýykgynjy hem halamaýar. Türkmen halkynyň köne adaty boýunça «gan almak» mukaddes iş hasaplanýardy. Yslam dini hem onuň tarapdarydy. Ýekäniň ýekesidir hem diýipdirler. Emma onuň janyna haýsy hem bolsa bir şikesiň ýetmeginiň hökmandygyny olaryň zalym atalaram oglanlaryna düşündirip goýberipdiler.
Owal gepleşişleri ýaly: «Biz bir düýämizi ýükleýänçäk sen ikisini ýükläýermiň? Sen biziň ýygan odunymyzdan hökman ogurlansyň. Edil biziň ýasan petdelerimiz-dä» diýşip, Söýüni üçüsi üç ýerden itekläp goýberýärler.
Emma Söýün ilki oýundyr öýdýär, görse olaryň çyny eken. Onsoň gep düşündirjek hem bolman, şol pursatda üç pyýada üç ýerden Söýüni aldyryp barýarlar. Söýün hem bir müňzäp, goluny çermeýär-de, kimisiniň dulugyna ýumruk bilen goýdy, kimsiniň burnuna kakdy. Kimisine symsyk ursa, beýlekisiniň uýat ýerine aýagy bilen depýär. Olaryň üçüsi hem Söýünden kiçi däldi. Olaram irimçik ýigitlerdi. Her niçik-de bolsa Söýün örän çakgan bolany üçin olaryň ikisini urup ýykýar. Emma üçünjisi gysga boýlurak, endam-jany daş ýaly bir ýigitdi. Ol Söýüni aljyradyp barýardy. Ahyrynda-da ol eline bir ýanagaç1 alypdyr-da, Söýüniň ýeňsesine ýapaýypdyr. Jaýdar urlan bolmaga çemeli, Söýün sesini hem çykarman birýana gyşaraýypdyr.
Söýün şol ýatyşyna gün daga giräýmäkä ýerinden galypdyr. Emma kellesi güwläp duran bolara çemeli. Sebäbi ýeňseden birneme ganam gidipdir. Ýatan ýerinden turup birneme özüni dürseýänçä oturypdyr. Özüniň nähak horlananyna gaty namys edipdir. Uludan bir dem alýar. Onda-da hiç namartlaman, öz içinden çalarak: «Özüň ýeke bolsaň, ilden ne peýda» diýip, hiňlenip ýerinden zordan galýar. Gör nähili salyhatly hem syratly ýigit. Tüýs edermen türkmen ýigidi-dä. Ýüregi daşdan bolaýmasa heý bu ýigide-de taýak çalyp bolarmy? Ýok taýak dözer ýaly däl. Adama taýak götermek gör nähili wagşylyk. Onda-da ula-kiçä özüni aldyran bu nurana ýigide taýak çalmak gör nähili nejislik?
Bahargül ertiriň ir säherinde awçylaryň hilegär pirimlerinden ahmal galyp olaryň eline gapyl düşmezlik maksady bilen gül-çemenleriniň arasyndan asta-asta basyp barýan tawus guşa meňzäp, öýleriniň ileri ýanyndan akyp geçýän ýaba ýetip barýardy. Edil şol wagt hem Söýün eýýäm atyny suwa ýakyp öýe dolanyp gelýärdi. Söýüniň Bahargüle nazary düşdi: «Ah şu gyz duldegşir goňşymyz Baýly aganyň gyzy bolman, başga biriniň gyzy bolsa bolmaýarmy? Ýa-da ejeme şulara söz aýtdyraýsam bolmazmyka? Bir öýde diýen ýaly duldegşir goňşuçylykda bolup Baýly agalaryň çöreginem-ä iýdim. Duz iýen ýeriňe kast etmegi türkmenler gör nähili nejis görýärler. Eger Bahargüli alaýsam onda meniň dünýäde armanym galmazdy. Edil walla göwüsleri dagysy dürterip, köýnegini ýyrtaýyn diýýär. Seretse gözleri janyňy alyp barýar. Ah garabagt Söýün. Men nätsemkäm hakylymdan bir üýtgäýen bolmaýyn? Heý beýle-de bir masgaralyk bolarmy?» Söýün öz içinden pikirlenip baryşyna, münüp barýan atynyň ýoldan çykyp, günbatarlygyna kimiňdir biriniň baýtalynyň ýanyna ýetip barýanyny duýdy. Ol derrew atdan düşüp, aty agyzdyryklady-da, göni öýlerine sürdi. Şol günden başlap, Söýüniň bar pikirini Bahargüle bolan söýgüsi gaplady. Başga dünýä zady Söýüniň gözüne görünmedi. Oduna gidende bahana bilen Bahargülüň garyndaşlarynyň biderek ýere horlanlaryny ýadyndan çykarmasa-da, Söýüniň olara etjek zady ýokdy. Olar bir azgyn gurply taýpady, Söýün bolsa babasynyň öýünde gezip ýören başyaçyk ýetim. Söýün olaryň horlanyny ýadyna salanda içinden: «yşk alypdyr meniň ygtyýarymy» diýip çalaja hiňlenen bolýar-da, Bahargül baradaky süýji arzuwlara batyp gidýärdi.
Söýüniň gije-gündiz bar pikiri Bahargüldi. Bu uly küren obada Bahargülden başga hiç gyz onuň gözüne ilmeýärdi. Söýün bir düýäni çetiden mas ýükläp sekiz tanat ak öýüň sag tarapynda düşürmäge durdy. Baýly agalarda bolsa Bahargülden başga hiç kim ýokdy.
– Hyh-ö-ö-çök janawer – diýen ses başyny darap oturan gözeliň hurmaýy ýaňaklaryny has hem gyzartdy. Söýüniň sesini eşiden Bahargüliň begençden tarap üstüne gyzgyn suw guýlan ýaly boldy. Sebäbi, soňky wagtlarda Bahargülüň hem Söýüne garaýşy bütinleý üýtgäpdi. Onuň Söýüni her günde bir görse, iki göresi, iki görse üç göresi gelýärdi. Asla herhili bahanalar bilen Söýüniň golaýynda duranyny hem peýda bilýärdi. Ýagdaýlar beýle bolansoň Bahargül hem öz içinden: «Meniň akyl-huşumy Söýün alypdyr. Hudaý jan, heý beýle-de bir masgaralyk bolarmy? Bu boluş meni bir zadyň üstünden elter» diýip ünjülenýärdi. Parasatly adama mahsus bolan ennik bilen öz-özüne basalyk bolýardy. Emma şeýle aşyk-magşuk meselesi hiç kim bilen maslahatlaşylyp kesilip-biçilýän mesele däldi. Onda-da Söýün bilen Bahargülüň bu ýagdaýynda. Bu derdi diňe aşyklaryň özi çekmelidi. Ejesinden ýagşy terbiýe gören salyhatly türkmen gyzyna, öz golaý-goňşulary bolan ýetim oglana aşyk bolanyny bir kişä duýduraýmak gaty howply zatdy. Onda-da geçmişiň şol döwründe ene-ataňdan birugsat söýüşmek ölümiňi boýnuňa almakdy. Elbetde, söýgi kül-külüne düşen ýaş juwanlaryň biri-biriniň sesleri hem, biri-birine endamyňy dygladyjy täsiriniň bardygyna ol duýgyny öz başyndan geçiren her bir ýaş ýürege ýazyp oturmasaňam düşnükli ahyryn. Her bir zady öz başyndan geçiren adam oňa örän ýagşy düşünýändir.
Bahargül şol halatda tahýasyny geýdi. Etegine gaçan saçlaryny syryşdyryp aldy-da, daşaryk çykdy. Özem:
– Söýün, saňa kömekleşeýinmi? – diýip, ýuwaşjadan ýylgyrdy. Ýadaw adam özüňe belli. Söýün örän mylaýym ýigidem bolsa birden:
– Kömekleşjek bolsaň gel-dä, nämişläp dursuň? – diýip, mortarak geplänini özi hem bilmän galdy.
Bu gezek Bahargül Söýüniň gözüne has hem yssy göründi. Düýe odun ýükli çökende ýere degip duran odunyň ýüküni çözjek bolan bolup güýmendi. Bahargülem şol wagt ýüp çözjek bolup oturan Söýüniň ýanynda golaýjak oturypdy. Ol her hili bahana bilen Söýüne golaýlaşanyny kem görenokdy. Söýün ýadap gelse-de, eýýäm dynjyny alan ýaly boldy. Aşyk-magşuk biri-biriniň golaýynda oturyp lezzet alýardy. Agyr ýükli daş ýerden ýadap gelen iner janaweriň ýüki gerşinden basyp barýardy. On iki putluk ýük ony ýegşerdýärdi. Aşyklaryň ondan habary ýokdy. Şol barmana Söýün çalaja hiňlenmäge durdy:

– «Baharr» düýbün tutup, goşulan bir «gül»
Jany aram tapar, şol gülli bilbil.
Garyby bir demde getirip düldül.
Toýda Garyp Aşyk duşdugy bardyr».

– Çynyňy aýt, Söýün, şu gün gaty ýadamansyň öýdýän? – diýip Bahargül bälçiräp söz gatdy. Bu wagt Bahargülüň şatlygy kesesinden bildirip durdy. Ol nämä şatlanýar. Ol özüniň dünýäde iň eziz görýän adamynyň ýanyndalygyna şatlanýardy. Onsoňam soňky wagtlarda Bahargül ýene-de bir derde uçrapdy. Söýün bir ýerik gitse gelýänçä şoňa bir zat bolaýjak ýaly aladalanyp ýoluna göz dikip otyrdy. Söýün sag-aman dolanyp geläýdimi, oňa-da çyn ýürekden begenýärdi. Ana häzirem şol begenç Bahargülüň ýüreginde höküm sürýärdi. Birden Söýün Bahargüle tarap mylaýym seretdi-de:
– Hawa, men her näçe işlesemem siziň gözüňize ýadamadyk ýaly bolup görünýändigimi aňlaýaryn – diýip, Bahargüle kakdyryp goýberdi.
– Baý, Söýün han (Bahargül tas Söýün jan hem diýipdi, ýöne birneme uýaldy), sen mendenem nägile ýaly? Sözüňi-dagyňy bir hili teýeneli atýarsyň? Meniň elimde bolsa, seni başyma täç ederdim. Ýöne ýaňkyja aýdym aýdyşyňda bälçirän bolup diýäýdim-ä – diýip, Bahargül «Başyma täç ederdim» diýen sözüne öz-özünden utandy, ýüzi gyzyp gitdi, birden biri eşiden bolaýmasyn diýen gorky bilen töwerek-daşyna garanjaklady. Görse hiç kim ýokdy.
«Başyma täç ederdim» diýen sözler Söýüne kem ýakmady. Ol öz içinden: «Bahargülem meniň söýýänimi aňyp başlaýdymyka?» diýip, has hem galpyldady.
Söýün ýanky goşgyny käte gürrüňçi ýaşulularyň ýanynda aşyklar baradaky her hili rowaýatlary, goşgulary diňläp otyrka, şolardan özüne geregini belläp, birnäçe sözleriň başyny zordan çatypdy. Söýün sowatsyzlygy zerarly goşgynyň her setirini ýadyndan çykarmajak bolup, köp emgekler çekipdi. Ahyrynda meýdanlarda, oba içinde-de gaýtalap-gaýtalap ýat bekläpdi. Ol bu goşgyny ömründe birinji gezek ynsan ýanynda, onda-da öz söýgülisiniň ýanynda hiňleneni üçinmi ýa-da bu aýdylan goşga Bahargül öýkeläýermikä diýip howatyr edeni üçinmi, ol birneme özüni ýitirip, howsala düşmänem durmady. Görse Bahargül hem onuň ýaly ýakymly sözleri ýigrenmeýän ekeni. Gaýta keýpi göterilýän eken. Onda-da Söýüniň sözlerine. Eger başga bir ýigit şeýdip Bahargülüň adyny goşguda tutaýan bolsa, ol gaty görerdi. Bahargül ol ýigidi ýitije sözler bilen duzlardy hem. Emma Söýüniň her bir aýdan sözi, diňe bir sözi hem däl, onuň her bir gymyldysy Bahargüle ýaraýardy.
Üstünden ýüki düşürilen guba iner eýýäm sygyr dölesiniň agzyndaky galak-gaçak ýorunja bedesini süpläp durdy. Odun ýüpüni gulaçlap, külterläp duran Söýüniň birden düýä gözi düşdi-de, howlukmaçlyk bilen:
– Bahargül, bar göherdi getirsene! Men odunlary azajyk tygşytlaýyn – diýdi.
– Waý, bu oglany! Menem şol göherdiň ýanyna baryp bilerinmi? Dişläýse näderin? – diýip Bahargül Söýüne gyzlara mahsus bolan näziklik bilen gülümjiräp, näz-kereşme etdi. Bahargülüň bolup durşuna Söýüniň keýpi has hem göterilip:
– Näder öýdýäň? Ynha maňa nebsiň agyrmaýan ýeri – diýdi-de, Söýün ýalandan kine eden bolup, göherdi ýatagyna getirdi. Onsoň gapydaky duran çöp kümäniň içinden içi tirtli sebedi ýadap gelen ineriň öňünde goýdy. Iner janawer sebediň öňünde goýlany hem şoldy welin, kellesini halak-harsak sebediň içine sokdy-da, saryunly tirdi howlukmaçlyk bilen sümrüp başlady. Bahargül ineriň iým iýşine seredip duran Söýüniň ýanyna geldi-de, onuň gulagyna çawuş çakyp çalaja gülümjiräp ýaňkyja aýdymjygyny gaýtalap aýdyp bermegini sorady.
Söýün Bahargülüň bu bolşuna, birinjiden-ä begenip, guş bolup uçup bilmedi. Ikinjiden bolsa, töweregine garanjaklap: «Biziň bu bolşumyzy biri göräýen bolmasa-da ýagşy» diýen howpa düşdi. Ýene bir az salymdan soň Söýün özüni dürsäp, Bahargüle alar göz bilen gülümjiräp seretdi, bälçiklige salan bolup, heýjana gelen içki guwanjyny duýdurman:
– Haý senem keýgim, ýak walla, işiňi tükedäýipsiň öýdýän? Ondan-a bar-da maňa çaý gaýnadyp ber! Men saňa ojagaz aýdymjygy soň bir çolaja ýerde ýekeje özüňe aýdyp bererin. Häzir onuň wagty däl – diýip, syr saklan bolsa-da, ýüreginde dörän garaşylmadyk şatlykdan endam-jany galpyldamaga başlady. Onda göwün göteriji hoş duýgy peýda boldy. Onuň begenmeginiň sebäbi bardy, ol bu goşgyny Bahargülüň ýanynda aýtmagyň ugruny tapman, köp-köp garaşypdy. Ine şol köp garaşylan amatly pursat hem geldi. Onsoň söýgülisinden hoş söz eşiden, onda-da ömründe birinji gezek gözel gyzdan mähirli söz eşiden ýaş ýürek neneň näzik teni galpyldatmasyn?
Bu galpyldamanyň ýene bir sebäbi bardy, bu iki söýgüliniň biri-birine meýliniň bardygyny Baýly aganyň azgyn garyndaşlary aňaýsa, ana onsoň Söýüne yrsarap, onuň ýoguny çekerler. Şeýle bolaýsa Bahargüle nähili bagtsyzlyklar garaşar. Onsoňam örän ägä bolmalydy. Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly şahyryň «Aňlaman sözleme tamda gulak bar, bolar-bolmaz sözi aýdyjy bolma» diýip, aýdan sözleri Söýüniň hiç wagt ýadyndan çykmady. Aşyklar biri-birleri bilen düşünişip ugradylar. Şowuna düşen şeýle wakanyň soňunyň näme bilen tamamlanjagy belli däldi. Belkäm aşyklar biri-biri bilen goşulyşyp, sag-aman maksat myratlaryna ýeterler. Ýa-da olaryň täleýi ters gelip, iş bulaşarmyka? Ol döwürde ýaş ýürekleriň çyn söýgüsiniň soňunda köplenç gan ysy bardy. Ýa-da olara öz watanlaryny terk edip, başga ýat ýurtlarda mysapyrlyk çekmek garaşýarmyka? Munuň ýaly zadyň soňunyň näme bilen gutarjagyny öňünden aýtmak kyndy. Şonuň üçinem bu işiň soňuna sabyrlylyk bilen garaşalyň.
Dogrudan hem Söýüniň bujagaz düzen setirjikleri Bahargüle ýaraman durmandy. Akyly ýerinde, gaýgysyzja ýaş gyzyň pikiriniň duruja wagty. Aýdylan goşgynyň her bir sözünden özüçe many alýardy. «Çaý diýeniň işi aňsat. Hanha öňden basyrylgy dur, öz öýüňizde, gözenegiň öňünde. Ýöne bujagaz sözleriň manysyna düşünmeýändir öýtmegin – diýip, Bahargül özüniň meýil berijilik nazary bilen ýanyp duran hoş duýguly gözlerini güldürip, gulaç ýaly uzyn saçlarynyň ujundan iki eli bilen gysymlady-da öýlerine tarap ýumlugaýdy.
Gyz gidenden soň Söýün öz-özüne; «Ah dilim kesilsin. Öz diliň bilen özüň masgara-ha bolduň-da. Bahargül bir heniz ene-atanyň mylaýym mährinden başga hiç zat görmedik biriniň ýekeje lälijek gyzy, ýaňky diýen sözlerime ýürejigi çişip ejesine duýduraýmasa-da biridir, şeýdäýse-hä, bar umydyň gutardygydyr. Ejesem-ä sypaýy gowy adam. Bolar-bolmaz zada gahary gelip durjak adamam-a däl. Eýsem-de bolsa onsoň meniň özüm öňkümçe boljak däl. Bahargülüň ejesi bile ýüzbe-ýüz bolmaga-da utanaryn. Ol öýüň ynamyndan gaçaryn. Her zadam bolsa ejesi-kakasy gelmänkä Bahargülüň pikirini aňaýyn. Eger öýkelän bolsa, onda «bälçiredim, gaty görmegin» diýip, ötünç soraýyn» diýip, ykjam külterlenen odun ýüpüni gapydaky gara öýüň sag duluna oklap goýberdi. Onýança;
– Söýün, çaýyň sowadyla, barda, işjek bolsaň – diýen ses Söýüniň gulagyna ýap-ýakymly degip, onuň ruhuny göterdi, ynjaltdy. Bahargülüň ylgaşlap Söýünleriň öýüne girmegi Söýüniň aňynda bir ýyly duýgy döretdi. Bahargül eýýäm Söýüne garaşyp durşuna:
– Hany, gel bakaly «bagşy han», göreli heňi nirelerden urarkaň. Ýöne damana ýolundan tutaweri – diýdi.
– Beý, gyz, seniň-ä oýnuň tutýar-ow. Men-ä gaty ýadapdyryn – diýen bolup, Söýün ömründe birinji gezek gözel gyza näz etdi. Onda Bahargül ýüzüni çyn tutup:
– Ja-an Söýün, ýaňkyja aýdymyňy şu wagt çolajaka aýdyp beräý! Eger çynym – diýdi.
– Onda üns bilen diňle, sözümem kesä çekmegin. Onsoňam menden eşiden sözüňi hiç ýerde diliňden sypdyrmajagyňa söz berseň!
– Söýün men indi: «Eje gulpagymyň birini örüp bersene!» diýip ýören gyzjagaz däl ahyryn. Men özümi kämillige ýetişen maşgala hasap edýärin. Indi senem, menem çagalyk baharyny yzda goýup, ýigitlik baharynyň birinji bosagasyna gadam basdyk. Hakyky gerçek goç ýigit beýle çekinjeň bolmaly däldir. Onsoň hem ýigit diýeniň töwekgel, batyrgaý bolmasa, oňa doly bahaly ýigit diýmek bolmaz. Onuň bahasy bir şaýa-da geçmez. Men saňa geçen ýazdan bäri azajyk düşünýärin. Çekinme-de ýüregiňde baryny aýdaý!
– Ah, Bahargül jan, nädeýin, meniň arkamda kimim bar. Men bir ýer urup ýerde galan ýetim. Onsoňam Bahargül jan, hossarsyz, dogansyz adam gorkak bolýan eken. Göwnüme bolmasa, hemme kişi meniň içki syrymy bilip, meni masgara edäýjek ýaly. Seniň abraýyň meniň üçin bir mukaddes zat. Onsoňam, başarsalar seniň hossarlaryň başlyklaýyn, meniň ganymy gotura derman etjekler. «Ýekäniň çaňy çykmaz» diýipdirler – diýdi-de Söýün, edil haýsydyr bir çykuwdan köp azar çeken, emma ýaramly bir melhemiň kömegi bilen ýarylyp, azarly iriňi gidip ugran ýaralynyň ýarasynyň agyrsynyň kemelmegi zerarly göwrümi az-maz ynjalyp ugran adam ýaly, göwrümi birneme giňelip, merdemsireýärdi.
Bahargül uzyn gara saçlaryny sypalaşdyryp Söýüniň bu sözlerine rehimi inip, nebsi agyryp gözünden balk-balk ýaş döküp, tor içinde azatlykdan mahrum edilen, hiç bir zada haly ýetmeýän, kapasda saklanýan saýrak bilbil mysalynda içini döküp, gürrüňe başlady:
– Owalam ýaman görülýän dälsiň welin, Bessir daýzam gelip-gidenden soň sen meniň gözüme has yssy, görnüp başladyň.
Bahargül birden gürrüňleşýäniniň kimdigini, gürrüňiň näme hakynda gitjekdigi ýadyna düşende bir kürtgürjek ýaly boldy.
– Gürrüňi ýöne maňa açdyrjak bolup dursuň. Bolýar onda, Söýün han, dile geldi bile geldi, sen ýygryksaňam biz ýygrykmarys. Ýetim oglan öz göbegini özi kesermiş. Diýmek bu nakyl saňa degişli. Ejem bilen Bessir daýzam ikisi uzyn gije sen barada gürrüň etdiler. Kakamam şol wagt ýokdy. Ejemiňem, Bessir daýzamyňam saňa göwünleri ýetipdir. Seniň kime mynasypdygyňam aýtdylar, ikisiniň pikiri alşyp, bir-biriniň diýenini makulladylar – diýip, Bahargül sözüni soňlamanka Söýün:
– Meniň näme gürrüňim barka? Meniň nämäme höwes boldularka – diýen boldy-da, Bahargüli has hem açyk gepletjek bolup, hiç zada düşünmeýän kişi boldy. Muňa Bahargülüň kejebesi darygyp, içini dökdi:
– Sen meni beýle ýakmasana? Düşünmedik bolýarsyň. Düşünip aňyrsyna-da geçýärsiň! Ýa sen meni oýnap, akylymy synaýarmyň? Men seniň öň bir üýşüp ýatan gürrüňiň bar diýemok ahyryn. Gürrüňi ilki Hallygözel eje barada açdylar. Onsoň ejeňiň seni öýli-işikli etmegiň küýne düşendigi barada gürrüňleşdiler. Seniň ejeňiň habar gatyp, ejeme sen Bahargül jany bize beräý – diýip ýaňzydany barada gürrüň etdiler. Galanyny aýtjak däl. Wagt geler, hemmesi ýüze çykar. Ejem dagy bu gürrüňleri men uklandyr öýdüp etdiler. Daýzam meniň ýüzümi sypalap uklanymy, uklamanymy barlap gördi. Görse «uklapdyryn».
– Hyh-h-Tüf, Dur! Haý jüre getirmiş – diýip, daşardan eşidilen gyryljyk ses aşyklaryň süýji-süýji arzuwly gürrüňleriniň arasynyň wagtlaýynça kesilmegine sebäp boldy.
– Ýet, Söýün jan! Ýeteweri, babaň geldi. Pahyr ýadap gelendir. Basymrak baraweri, birden gaharlanaýmasyn!
– Onda, soň!....! diýip, ylgap daşaryk çykan Söýüni Atamyrat aga gördi-de:
– Ýeri, han, sag-aman odunlap geldiňmi? Bärik geljek bolsaň ata bir desse bede hem alyp gel – diýip, agras görnüşli ýadaw ýognas pyýada atdan düşjek bolanda, özüniň has hem gartaşyp, dyzlarynyň ysgynynyň gidendigini, olaryň indi öz eýesiniň diýenini etmejek bolup durandygyny daşyndan aňdyrdy. Atamyrat aga öz-özüne käýindi: «Haý adamyň-a boljagy bolupdyr-ow, ýene yganam bolup ýörüsä. Indi hudaý diý-de öýüňde otur-da.
Diýse-diýmese onuň atdan düşjek bolandaky naýynjar haşyllamasy, gaty garranlygynyň yşaratydy.
Atamyrat aga atdan düşüp düşmänkä Söýün hem eli bir desse bedeli baryp ýetişdi.
– Meniňem odundan gelip, ýaňy çaýy öňüme alyşym, ; Baba, neneň sag-aman geldiňizmi? Baryp-gelen ýerleriňizem uly-kiçi hemme saglykmy?
– Hawa, sag-amanlyk! Sorana köp salam aýtdylar – diýdi-de, ol atyň jylawyny Söýüne berip, gurşan aýaklaryny patdyk-putduk basyp, öýe tarap ugrady.
Söýün jylawy eline alyp, atyň boýnuna kakyşdyryp:
– Haýwan ýadadyňmy? Bäherden diýilýän ýer golaý-goltumda däldir – diýip, başyny dik tutup duran janawer bilen gepleşýän ýaly pyşyrdady. Söýün bir zady ýadyna saljak bolýan ýaly kürtdürip durdy. – Bahargül jan bilen ikiňiz bolmadyk bolsaňyz meniň keýpime kim keýp goşup, ýene nämä guwanardymkam? Siz meniň ýüregimi eliňize alypsyňyz. Ahyrda näme peýda görsem-de, zyýan görsem-de sizden görerin. Ah, sagryňa döneýin, gamyşgulak. Senä ýow güni ýigidiň ýoldaşy bolmalysyň. Bahargül jan hem nesip etse meniň ömürlik ýoldaşym däl-de, ýakyn syrdaşym hem geňeşdarym bolmaly – diýip, ol atyň sagrysyna kakyşdyryp, sypalap, onuň eýerini aýyrdy-da, sagrysyny keçeläp, bilini gowşagrak çekdi. Arpasyny iýip, boş torbany bulaýlap duran atyň kellesinden torbany aýryp, bir desse ýorunja bedesini atyň öňüne silkişdirip goýberdi. Açlap gelen atyň aznawur dişleriniň hütürdisine goşup, Söýün nämedir bir zada hyjuw edýän ýaly begençli görnüşde ýuwaşjadan hiňlenip başlady:

Gara dag açylmaz tozan gerdinden,
Ýandy meniň bagrym bu ýar derdinden,
«Azgyn topar» kowmak isleýär ýurdundan,
Dert içinde ýara duşdugy bardyr.

Sen bir ýetim gaýgy-gamy nädersen?
Ýardan isleg bitmeý nirä gidersen.
Dek başyňy köp gowgaga gatar sen
Aşyk üçin bähbit boldugy bardyr.

Mejnun Leýli üçin, gidip huşundan
Kerem Aslym diýip, dyndy dişinden
Aýyrdylar Zöhräni ýedi ýaşyndan
Düşüp Tahyr derýa, duşdugy bardyr.

Bilbil Güli gözläp sökdi dag-dere
Boldy Seýpel, Medhel üçin set para
Ýusuphan emgenen, bir bagty gara
Agalary azap berdigi bardyr.

Ýandy bagrym pynhan ýerde duşmadym,
Mejnun bolup, çölden-dagdan aşmadym,
Naçar galdym derýa bolup daşmadym.
Golundan laçynym uçdugy bardyr.

«Bahar» düýbün tutup, goşulyp bir «gül»
Jany aram tapar şol gülli bilbil.
Garyby bir demde getirip düldül
Toýda garyp aşyk düşdugy bardyr.

Ýedi aşyk köýüpdirler yz-yza
Gorkman, seniň üçin atsalar köze
Başym gurban bolsun seň ýaly gyza
Söýün Bahargüle duşdugy bardyr.

Söýün aýdar ýarym düşmezmi gola?
Ýigit seljermezler bererler pula.
Dannalmaz baý bolsaň ig ýa-da gula,
Maksada ýetmegen ötdügi bardyr.

Söýün hiňlenip duran ýerinden atyň iýip duran ýorunja bedesini silkeleşdirip, başyny ýokary göterdi. Görse günbatar tarapdan iki sany eşekli aýal Baýly agalara ýetip gelýärdi. Iki eşekliniň biriniň Bahargülüň Bessir daýzasydygyny, beýlekisiniň bolsa Bahargülüň ejesi Nurbike ejedigini saýgardy. Olaryň aýaklaryny hallanladyp ýetişibildiklerinden eşegi debsileýişlerine Söýüniň gülküsi tutdy. Ýöne ýanynda hiç kim bolmany üçin ýylgyraýdy. Söýün olaryň boluşlaryna syn edip duran ýerinden:
«Nurbike eje-hä gaty üşän bolmaga çemeli, pahyryň ýüzem gurşup dur. «Edil çisňä ýöräniň ýüzi ýaly» diýip, öz-özi samrady.

* * *
Tomsuň jöwza yssysydy, gije ýarymlardan geçendirdä. Söýün eýýäm belleşilen ýere çykyp, özüniň Söýgülisi Bahargüle sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Ol ýeke hem däldi. Onuň ýanynda «ýigidiň ýow güni ýoldaşy» gamyşgulak hem bardy. Söýün onuň boýnundan gujaklap: «Janawer şu gün bir gaýrata gal-da, bizi bir maksadymyza ýetir!» diýip goltugynda ýüzük bukulan adam ýaly gala-goplanýardy.
Saryýagdan gyl sogrulan ýaly bolup, ýorgandan çykan Bahargül gözlerini ýuwaşlyk bilen töweregine gezdirdi. Görse hemmeler süýji uka gidipdirler.
Emma ol ýaňy goýun ahyrlarynyň ýanyna baranda kakasy aýak ýolundan gaýdyp gelýän ekeni. Baýly aga hem ardynjyrap özüne tarap bir garanyň gelýänini gördi. Bu garanyň kimdigini aňşyrjak bolup, siňe seretse özüniň ýeke perzendidigini aňdy.
Bahargül aljyraňňylyga düşüp, içinden: «Ah işimä gaýtdy-ow, gara bagtym, gidere ýerim galmady. Ýöne her zadam bolsa bagty synaýyn. Belkäm meni tanamaýady» diýip, erkek adam ýörüşini edip, dözümli-dözümli ädimläp, kaka- synyň gapdalyndan ýöräp gitdi.
Baýly aga bolýan zatlardan habarsyzdy. Bahargülüň bu bolşuna özüçe düşünip: «kämillik ýaşyna ýeten maşgala-da, Adamyň bir syna düşýän wagty. Goý ýuwunyp-ardynsyn» diýip, gyzyny gaýraky bedeli tamlaryna ýuwunmaga barýandyr hasap etdi, özem baryp gündogar çetde ýazylan ýelek düşekçäniň üstüne özüni oklady-da, «ýaraly gaplaň» ýaly yzaly yňranjyrap, eýläk-beýläk agdarynjyrady-da sümme uka gidip, horlap başlady. Az wagt hem bolsa azaby örän köp bolan söýgülileriň sabyrsyz garaşygyny başlaryndan geçirenler bilýändirler.
Söýün bir eli atyň alkymynda, özi hem eglip-eglip, garaňkyda bir gara geläýse saýgarjak bolup, gözüni gyrpman seretmekden halys ýadady. Birden onuň göwnüne bolmasa, akdyrmaly şaýjagazyň mylaýymja jyňňyrdysy eşidilen ýaly boldy. Bu jyňňyrdy dogrudan hem Bahargülüň şaý-sepiniň jyňňyrdysydy. Ine ol ýetip gelýär. Emma Söýüniň ýüregi gürsüldäp agzyndan çykyp barýardy. Ýüregi has gopan bolara çemeli. Dogrudan-da, okyjym, şu pursady bir göz öňüne getirip gör, seniň hem ýüregiň gopsa gerek? Ýöne gelejekde bir topar gerçege serdarlyk edip, öz halkynyň ar-namysy üçin janyny gaýgyrman söweşe çykjak batyr ýigidiň şeýle galpyldamagy geň zat.
– Ah gatyrak ädimläýsedi – diýip, Söýün duran ýerinden howlugýardy. Bahargül hem gaplaňyň elinden halas bolmak üçin köp ylgap halys ýadan keýik ýaly bolup Söýüniň giň gujagyna kürsäp urdy.
Söýün Bahargüli bagryna basyp, onuň gunça ýaly dodaklaryndan gyzgyn posa aldy.
Bahargül gyzlara mahsus bolan näziklik bilen:
– Beýitmesene oglan – diýip çekinjiredi, soňam turuwbaşdan düşündirmäge durdy – pikirlenip görsem, bu etjek bolýan işimiz ikimiz üçinem uly masgaralyk. Ikimiziň her haýsymyz bir öýüň ýeke dikrary, özümizem duldegşir goňşy. Seniň ejeň, babaň bilenem meniň ejem, kakam gowy görüşýärler. «Bahargül Söýün bilen bir ýerik gaçyp gidipdir» diýen gürrüňe galyp, ene-atamyzy il içinde dili gysga etmäli – diýdi.
– Bu nä boluş? Ähdiňden dänmek nähili namartlyk. Munyň bolmaz.
– Ynha men düşündireýin. Onsoň senem meniň bilen ylalaşarsyň. Öten agşam Bessir daýzam ejem hem kakam üçüsi uzyn gije diýen ýaly maslahatlaşyp oturdylar. Ejem olara: – Bahargül jany köp wagtdan bäri Hallygözel diläp ýör. Hany indi şu meseläni şu gün çözeliň. Gaýyn atamyzam öz ogluna tamakin – diýdi.
Onda kakam:
– Gaýyn ataň meniň doganoglanym bolsa, onuň ogluna gyzymyzy berip, bagtyny ýatyryp bilmeris. Hallygözel dileýän bolsa şoňa beräý – diýip, çürt-kesik aýtdy. Ine şonuň üçinem ene-atamyz şeýdip ylalaşyp durkalar ýüregimiz ýarylyp barýan ýaly «alyp gaçypdyr» diýen ada neneň galasyň gelýär. «Gaçaýsak» diýip öňki eden pikirimiziň samsyklykdygyna indi düşünýän. Göz öňüne getir. Ikimiziň ýeňil kelle hereketimizden seniň babaňyň, meniň kakamyň il içinde dilleriniň gysga boljaklygyna bizem düşünmeli ahyryn. Onsoňam «Gaçyp gidipdir» diýen at aýratynam aýal maşgala üçin ömür boýy maňlaýynyň tagmasy bolup, dili gysga bolar. Ozal gaçmaga göwün bölenim kakam meniň närazylygyma garaman Meleköre berermikä diýdim» diýip Bahargül uludan demini aldy. Söýünem Bahargülüň bu akylyny çyn ýürekden goldap, ene-atanyň razylygynda toý etmegi makullady.
– Dogrudanam beýik köprüden suwa bökjek bolaňda suwuň näçe çuňlugyny bilmeli, ýüzüp biljekligiňi, ýüzüp bilmejekligiňi bilmän bökseň ýa boýnuňy oňrarsyň ýa-da gark bolarsyň – diýip, Söýün Bahargüli alyp gaçsa, birinjiden, gürrüňe galyp, hossarlarynyň dilini gysga etjekdigini, ikinjidenem Baýly aganyň garyndaşlarynyň başarsa boýun oňurmaga-da synanyşmagy özlerine edermenlik hasap ederler. Ýene bir zat zemzen diýen haýwanam ýuwutjak zadynyň göwrümini yzyny ölçäp ýuwdarmyş. Ýogsa ýuwdan zady onuň çeninden uly bolup, soň çykman kösäýmegem mümkindir1 diýäýmelerem bardyr.
Söýün ýene öz içinden Baýly agada edil meniň boýnumy oňuryp biläýjek hossar-a ýokdur welin, onda-da il ýüzüne gowy zat däl. Mele körüňem, Eşe batyryňam zemzen haýbat-a bardyr welin, ýöne boş haýbatdyr. Boş haýbatly adamam-a dişsiz gurda meňzedipdirler.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 24 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hojanyýaz Amanow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: