22:19
Şir hudanyñ penjesi -11: Gökdepe bazarynda
GÖKDEPE BAZARYNDA

Gökdepäniň gündogar çetindäkije boşja ýerde kiçijik bazarjyk bardy. Ol bazarda her gün bakja ekinleri – gawun, garpyz, arpa, bugdaý, iri şahly mal, gylýal, eşek, düýe, hyrly tüpeň, sowuk ýarag, at esbaby, şaý-sep, Eýran we Hywadan getirilen tüwi, çaý, nohutly kişmiş, halwa we şuňa meňzeş harytlar satylýardy. Süýt-gatyk, çal diýilýän zatlary satmazdylar. Süýt önümini satmagy özlerine kiçilik bilerdiler. Süýt-gatyk satmak adamlaryň kellesine-de gelenokdy. Şol wagtlar adamlaryň aňynda süýt önümlerini mugt bermeli diýen düşünje bardy. Bazaryň ileri çetinde kiçiräjik çaýhana bardy. Onda esasan içi nohutly piti, towukly ýa-da towşanly palaw, nabatly gök çaý satylýardy. Çaýhananyň ýanynda et satylýan dükanjygam bardy. Adamlar çaýhana diňe iýip-içmek üçinem däl, ýörite täze habar eşitmäge-de, pikir alyşmaga-da ýygnanardylar.
Bazaryň ir ertirden tä garaňky düşýänçä adamsyz wagty ýokdy. Adamlaryň has köp ýygnanýan wagty anna günüdi. Zat satmaga gelýänleriň aglabasy erkek adamlardy. Iki-ýeke aýal bolaýsa-da, olar ýaşy mazaly durguşan aýallardy. Ýaş aýal-gyzlardan zat satyp oturanyny gören ýokdy. Ýaş aýal-gyzlar geläýselerem zat satmaga däl-de, diňe almaga gelýärdiler.
Anna günüdi, adatça bolşy ýaly, bazarda adam köpdi. Kim almaga, kim satmaga gelip, her kim öz işi bilen mübtelady. Ýöne keýpine aýlanyp ýeren adama duşaýmak kyndy.
Öň höwes edip edinen şaý-sepinden dynyp, ara ep-esli wagt geçenden soň az wagtda düýş ýaly bolup başyndan geçen horluklary arka zyňyp birneme özüne gelen Hally «Menem kakamyň bu döwletiniň içinde «oda salsaň tütemez» diýenleri bolup ýörmäýin-de, az-owlak şaý-sep alnaýyn» diýip bazara çykypdy. Hally ýuwaşlyk bilen aýlanyp ýörkä şaý-sep satyp oturan aýallaryň arasyna baryp, satylýan şaý-sepleri hyrydar göz bilen synlap ugrady. Birdenem şol satlyk şaý-sepleriň arasynda gyz tahýasyna dakylýan alyn çekelige gözi düşüp, üýtgäp, üstünden gyzgyn suw guýlan ýaly boldy. Ony satyp oturan ak gyňaçly garry aýalyň ýüzüne seretdi. Öz içinden: «Be meniň çekeligim bu ýüzi nurana aýalyň eline nähili ýagdaýda düşdükä?» diýip, ýene-de şol çekelikden gözüni aýyrman seredip durşuna Ýagmyryň çeşmesiniň ýanyndaky gowakda goýup gaýdan çagajygy ýadyna düşüp, Hallynyň gözünden boýur-boýur ýaş döküldi. Edil şol halatda onuň arkasyndan ýüzi irimçik gödekleç aýal: «Hany gelin, görüp bolan bolsaň bize-de bir ýol ber. «Çeken bolsaň çekmedige ýer ber» diýip ýöne ýerden aýdylan däldir» diýen bolup ýerliksiz degişen boldy. Hally ömründe şeýle garaşylmadyk ýagdaýa duçar bolaryn diýip oýuna-pikirine getirmedik sylagly türkmen maşgalasy bolany üçin özüni ýitirip, ýerinden nähili turanynam duýman, gaýra çekildi. «Şaý-sep aljak bolup gelenlere päsgel bermäýin» diýip has gaýrarak çekilse-de, çekelik tarapdan gözüni aýryp bilenokdy. Onuňam öz sebäbi bardy. Birinjiden-ä ol çekeligi höwes, bilen keýplije dakynýan wagtlary ýaňy göze görnüp gelýänje, dünýäniň gaýgy-aladasyndan gulagy dynç, özüni gowy oňarýan gurply hojalygyň ýeke dikrary – göz guwanjydy. Ikinjidenem bu çekelik özüniň ilkinji gözüniň düşenje çagasynyň syrly ykbaly bilen baglydy. Onsoň Hally neneň ol çekelige perwaýsyz garar. Hally her hili çykgynsyz ýagdaýa düşse-de öz balasyny taşlajak eneleriň hilinden däl ahyryn. Bir çola gowakda çagasyny ýeke goýup gaýtmaga ony mejbur eden zat düýşünde gören erenleriniň «...biziň guzujygymyzy taşla-da durman ataň öýüňize ugra. Guzujygy özümiz hor etmeris» diýen sözleridi. Bu sözleri Hally gös-göni Allatagaladan gelen buýruk diýip kabul edipdi.
Hally şol jadylanan ýaly bolup durşuna «Men kim bilen maslahatlaşsamkam. Häzir ýanymda ýeke syrdaşym ejem jan diri bolan bolsa, oňa öňki ýalan sözläp, aýdan zatlarymyň oýlap tapan zatlarymdygyny boýun alyp, ondan ötünç sorardym. Olam meni bagyşlardy. Indi meniň syrymy aýtjak adamym kakam. Erkek adam aýal maşgalaň aýdýan zatlaryna bolmalysy ýaly düşünýärmi näme? – diýip, içini gepletdi, çykgynsyz gaýga batyp, bazardaky mähelle onuň gözüne-de görnenokdy, olaň edýän gürrüňlerinem eşidenokdy. Hally özüni giden çola meýdanda duran ýaly duýdy. Birdenem ukudan oýanan ýaly bolup: «Näme-de bolsa men kakam bilen maslahatlaşaýyn» diýen pikire gelip, obalaryna tarap gaýralygyna ugrady. Bu ýol köp gatnawly ýoldy. «Ýeke gidýän» diýip çekiner ýaly däldi. «Etek alty ýeň ýedi» diýilýäni bolup oba nähili gelenini duýman galdy. Hally öýlerine ýetip gelýärkä kakasynyň öýde ýoklugyna gözi ýetdi. Sebäbi Atamyrat aga obadan çykyp, bir ýerik hyýallansa, bir at goşulýan dört orunly paýtuny bilen gidýärdi. Gitmedik wagty paýtuny gapyda durardy Häzir paýtun gapyda ýokdy. Hallyň lapykeç bolup, «Meniň ýaly kem maňlaý ýokdur. Muny görsene, ugran ugrum gömük» diýip hamsykdy. Ýene öz-özüne göwünlik berdi: «Näme bolsa bähbit bolsun diýipdirler, belkem bähbit bolaýatda».
Agşamara ýaňy garaňky düşende Atamyrat aga geldi. Gelse çaýy basyrylgy, ojakda täze etiň gaýnatmasy gaýnap dur. Hally adaty mylaýymlygy bilen: «Kaka sag-aman geldiňmi? Çaý içjekmi ýa nahar iýjekmi?» diýip sorady.
– Ilki bir çäýnejik çaý içeýin, nahary onsoň iýerin-dä.
Kakasy çaýyny içip, naharyny iýip bolýança Hallynyň içini it ýyrtyp barýardy, sekiz ýyllap hiç kime, eziz görýän ejesine-de aýtmadyk syryny indi kakasyna aýtmaly boljakdy. Ýöne şonça wagt ozal başyndan geçiren, indem düýş ýaly bolup geçen gowgalary «oňa nähili aýtsamkam» diýen haram pikir ynjalykdan gaçyrdy.
– Kaka diýýän-ä, men senden mundan ozal gizläp ýören syrymy şu gün açmaly boldum – diýip, Hally ahyry gürrüňe başlady.
– Gyzym, bu nä syr? Aýt eşideli.
– Aýtsam, kaka jan, mundan ozal senden ejap edip, şu wagta çenli saňa aýtman geldim. Indi başga çykalga tapman, şol gara günlerimde başdan geçirenlerimi aýtmaga mejbur boldum – diýip hemme bolan ýagdaýy, bazarda öz çekeliginiň satlyga çykarylanyna çenli bolşy ýaly aýtdy.
–Aý gyzym sen aýtmasaňam ol wakalaryň birentegini, Ýagmyryň çeşmesiniň ýanyndaky gowagyň içinde çagajygy galdyranyňdan başga gören horluklaryňy maňa ejeň gürrüň berdi welin, özümem bir zatlaryň menden gizlenýändigini aňýardym. Sen bu zatlary öň aýtsaň bolmaýarmy? Men saňa özüme ynanyşymdan beter ynanýan ahyry.
Hallynyň kakasyna bir aýtmadyk zady düýşünde gören erenleri we olaryň diýen zatlarydy. Hallynyň ony aýtmanynyň sebäbem «Hudaýyň ady bilen edilen zady ile ýaýratmak ikuçly bolarmyş» diýen akyla gulluk edipdi.
– Kaka, biz ertir bazara gitsek, şol çekelik satyp oturan enäni tapmazmykak? Şondan şol çekeligiň onuň eline nähililik bilen düşenini bir anyklasak.
– Gyzym, Gökdepe bir uly welaýat däl. Ol garryny taparys. Ol çekeligiň oňa nireden düşeninem bileris, enşalla. Onuň aladasyny etme-de, gidip ýat. Saglyk bolsa irden bazara gideris.
Diýişleri ýaly ertesi gün guşluga galyberende ataly gyz ikisi bazara bardy. Bazara gelen adamlaryň arasynda Atamyrat agany tanaýanlaram bar eken. Onuň bilen gadyrly salamlaşýan adamlar köpdi. Bazaryň gaýra çetinde iki sany aýal ownuk-uşak şaý-sepleri satyp oturan eken. Hally olaryň ýanyna baryp, ýuwaşlyk bilen amanlyk-saglyk soraşdy-da:
– Daýzalar, düýn şu ýerde daýaw saryýagyz ak gyňaç aýal çekelik satyp otyrdy, on-a tanaýan dälsiňiz? – diýdi.
– Wi, ol-a Mamur eje. Täzeden bäri käwagt gelip, gymmat bahaly şaýlary satýar. Mamur eje bu köneden galan eşrepi ýaly şaý-sepleri satýaňyz, bir zada gerek bolub-a satýan dälsiňiz?» diýsek: «Ýer ýüzünde ýekeje agtygym bar, Köpüm-küjüm ýok, olam öz yrsgyny çöplär-dä. Özüm ölmäkäm şu zatlary satyp hudaý ýoly berjek – diýdi. Bir gezek şojagaz agtyjagy bilenem geldi. Ýedi-sekiz ýaşynda bir eýjejik zat» diýenlerem şoldy welin, Hallynyň ýüregi gürs-gürs urmaga başlap, gözi garaňkyrady. Başy aýlanyp, tas dik duran ýerinden diňarkan gaýdypdy. Zordan saklandy. Hally pessaýja sesi bilen:
– Daýzalar, Mamur ejäň haýsy obadandygyny bileňizokmy? – diýdi.
– Bilmän näme, Mamur eje ilerki dagyň içinde Ýagmyryň çeşmesiniň ýanyndaky obada ýaşaýarmyş. Özi aýtdy. Şu günem gijiräk geläýmegi ähtimal. Ol asylam gijiräk gelýär. Olaryň obalary daş bolara çemeli. Mamur eje «Gökdepä gelenden Bajygyrana gitmek has golaý. Ýöne oňa gidenimizden daşam bolsa öz ilimiz ýagşy. Eýranlylaryň diline düşemzok. Onsoňam olaryň talaňçylary meniň ganhorym. Meniň adamym pahyr şolaryň elinden öldi» diýip, zar-zar aglady. Gelin, gurbuňyz ýetip, gadymy ata-obalarymyzyň ýasan şaýlaryny alaryn diýseň Mamur ejä garaşaý. Ol bu gün erte gelmese-de, anna güni hökman geler» diýip, gürlemäni gowy görýän hortaň aýal gürrüň berdi.
– Bolýar, daýzalar, häzirlikçe sag boluň. Az-owlak garaşarys. Eger gelmese, indiki annada geläýeris.
– Şeýdäýiň, janym, şeýdäýiň – diýdi-de şol aýal gaýralygyna ýuwaşlyk bilen ýöräp ugran Hallyň yzyndan seredip tüf-tüf etdi. – Maşgala gowy eken. Görmegem, syratam her kesiňkiçe bar. Tüýs gelnalja iberäýmeli nurana zat.
Geplemäni gowy görýän aýalyň sag tarapynda oturan ýaşy durugşan mapraç aýal:
– Edep-ekramyny görsene. Abraýly maşgalada önüp ösen gyz bolsa gerek. Onuň haýsy obadandygynam soramandyrys – diýdi.
– Heý hereketinde dagyda-da «şujagaz ýeri bolanok» diýer ýaly kemi barmy? Bu gelinde aýal maşgala gelişýän edepliligiň hemmesi bar. Tüýs bagtly ýigidiň maňlaýyndan dogan gelindir. Geplände-de ýerbe-ýer diýşip, olar Hallynyň yzyndan oňa höwes bolup seretdiler.
Olaryň biri: «Meniň ogullaryma-da şeýle gelin hudaý ýetirsin-dä» diýip maňlaýyna syldy.
Hally özüne garaşyp duran kakasynyň ýanyna baryp.
– Kaka, ol garryň ady Mamur eje. Bir ýedi-sekiz ýaşlyja agtygyndan başga zady ýokmuş. Özem Ýagmyryň çeşmesiniň ileri ýanyndaky obada ýaşaýarmyş.
– Gyzym şeýle oba bardyr. Şol ýerde biziň erkeçlerimizdenem bary bolmaly.
– Eger şol obaň nirededigini bilseň, gidäýsek nädýä. Indi şol oba baryp bu zatlaryň aňyrsyna ýetmesem maňa ýatuw ýokdur.
Kakasynyň:
– Bolýar gyzym, gidäýeris. Ýöne daşdyr, ýadarsyň diýmegi Hallyny köşeşdirmedi. Hallyny hasam galkyndyryp, ynjalykdan gaçyran zat Mamur ejäniň ýedi-sekiz ýaşyndaky agtyjagynyň barlygydy.
Gün öýleden mazaly agypdy. Atamyrat aga gyzyna ýüzlenip:
– Hanha, Hallym, Mamur ejäň obasam-a göründi. Ýadadygam, çaýsyrap, kellämizem agyrýar – diýdi.
Hallam:
– Kaka, ýadarça-da bolduk – diýip, kakasynyň ugruna süren boldy.
Aslynda Hallynyň ýadawlyk ýadyna-oýuna-da düşenokdy. Bütin süňňi bir uly begenje garaşýan ýalydy. Keýpi kökdi, adamyň şeýle halyna, «Bägül ýygjak ýaly» diýýärler. Olar gidip baryşlaryna obanyň çetinden girenlerem şoldy welin, öňünden on-oniki ýaş çemeleri bir eşeklije oglan gelýär. Ojagaz oglanyň «paýtun» diýilýän zady birinji görşi bolara çemeli. Haýran galyp seredýärdi, Birdenem:
– Salawmäleýkim – diýip, paýtunyň ýanyragynda sägindi.
– Waleýkim. Saglykmy, oglum? Hany aýtsana, Mamur ejeleriň öýleri nireräkde?
– Hanha, hol bäri başdaky öý.
– Bolýar, oglum, sag bol, taňry ýalkasyn.
Hally şol öýe seredip, gözüni aýryp bilmän, howlugyp ýüregi gürsüldäp ugrady. Hallyň bolşuny ýazyp düşündirer ýaly däldi. Onuň şol öýe barmaga howlugyşyny düşündirmäge söz tapar ýaly däldi. Ýöne entäk ol öýde Hallynyň göwnünden turar ýaly, ony ynjaldar ýaly habaryň boljagy, bolmajagam belli däldi. Paýtun şol öýüň golaýragynda durdy welin, içeriden bir oglanjyk ylgap daşaryk çykyp, paýtundan düşen Halla tarap aýak aldygyna ylgap: «Eje, eje, eje jan, eje jan, men seni agşam düýşümde gördüm, sen meniň ejem» diýip, Hallyny garsa gujaklady. Hallam kakasynyň ýanynda näçe ejaply saklanjak bolsa-da özüne buýrup bilmän: «Eziz balajygym» diýip, ony bagryna basyp, ogşap aglamaga durdy. Bu boluşa Atamyrat aga-da durup bilmän gözüni balkyldatdy. Bu ýagdaýy gören Mamur eje haýran bolup, doňup galdy. Mamur ejäň begenýänine-gynanýanyna düşüner ýaly däldi. Bu boluşa ýöne gözüni mölerdip durdy. Ejeli oguluň bu boluşlaryny ýazanda awtoryňam bokurdagy dolup, gözi ýaşardy. Şeýle bolmagynyň sebäbi onuň özüniňem çagalykdan eje mährinden mahrum bolup, ýetimligiň ejirini çekenligi bilen, çaga bilen ejäniň biri-birine ezizdigi bilen ýa-da şu setirleri ýazýarka ýaşynyň, altmyşdan agyp ugrany üçin ýüregi ýukalanlygy bilen baglydyr. Gepiň gysgasy, awtor bu namanyň şujagaz ýerine ýetende bokurdagy dolup mazaly bozuldy.
Atamyrat aga birneme özüni dürsäp:
– Hany beýdişip ile göz bolup durmalyň. Öýe gireliň. Mamur eje, salawmaleýkim! – diýdi.
Mamur eje öz ýanyndan: «Bu ýaşuly meniň adymy nireden bildikä? Bularyň üçüsem biri-biri bilen ysnyşyp, menem edil öňden tanap, gatnaşyp ýören adamlarym ýaly bolaýdylar-la» – diýip, içini gepletdi. Birdenem özüne geldi-de:
– Waleýkim. Geleweriň – diýdi.
Atamyrat aga eneli-ogla-da ýörüň, ýörüň edip içerik alyp girdi-de öý eýesine ýüzlenip:
– Mamur eje, görýäs welin şujagaz oglan biziň ýitigimiz öýdýän – diýeninden Mamur eje horkuldap aglamaga başlady:
– Waý. Men bir gara bagt ekenim. Ýaňy ýetimlikden çykyp, dünýä bilen gyzygyp ugrapdym. Ýeke balam Söýünjandan aýra düşüp, men ýene ýetim galmaly boldum – diýip, agzyna geldigini samrap aglaýardy. Atamyrat aga ony köşeşdirjek bolup:
– Mamur eje, beýle bolmaweri. Seni ýeke balaňdan aýyrjak bolýan ýok. Nirede bolsaňam, Söýün janam seniň ýanyňda bolar. Hany köşeş. Biz aglaşmaly däl-de, gaýta hemmämiz ýitigleriň duşuşanyna begenip gülüşmeli – diýeninden soň, Mamur eje:
– Aýyplaşmaweriň, biz bir kembagt aýallardyrys. Sähel zada-da bokurdagymyzy dolduryp aglabereris. Biz ýaly biçäre aýallaryň bileni-biteni agydyr. Siz oturyň, men çaýjagaz gaýnadaýyn – diýip, çykyp gitdi.
Atamyrat aga şol pursatdan peýdalanyp:
– Söýün jan, senem uly adam bolupsyň, hany gel babaň bilen görüş – diýdi.
Ejesine gysylyp oturan Söýün sesini çykarman gelip, babasy bilen iki elini uzadyp görüşdi. Atamyrat aga-da erkek göbekli çaga zar. Söýüniň salamlaşmak üçin uzadan ellerinden tutup, özüne çekdi-de garsa gujaklap, «eziz balajyk» diýip bagryna basdy, ogşady. Bu bolşy görüp oturan Hally guwanjyndan saklanyp bilmän, şumjardy. Onýança Mamur eje-de dolanyp geldi.
– Mamur eje, indi tanşalyň: Maňa Atamyrat baý diýýärler. Bu oturan meniň gyzym Hallygözel. Taýpamyz utamyşlardan, tirämiz syçmaz. Ownuk tirämiz körsagryň erkeçlerinden. Ynha Söýün jan bilen senem eneli-ogul. Indiden beýläk nesip etse hemmämiz bir maşgalaň adamlary bolmaly. Mamur eje, bu obada seniňem garyndaşlaryň bar bolsa olar bilenem maslahatlaşyp, seniň göwnüň nämede bolsa, bizem seniň diýeniň bilen bolarys. Seni Söýün agtygyňdan aýra düşer ýaly etmeris – diýip, Atamyrat aga Mamur ejäň göwnünden turup, onuň inçedamaryny tapjak bolýardy.
– Wah, Atamyrat aga, meniň bu ýerdäki garyndaşlarymyň barysy adamym Söýünmyratdy, olam gyzylbaşlar bilen bolan söweşde wepat boldy. Bagaža ýaýlasynda daşgynrak garyndaşlarymyz bolmaly. Ýöne meni tanaýjak ulylar-a bireýýäm gaýdyş bolandyr. Ýaş-ýuş galanlaram meni tanamaz, menem olary. Olar bilenem meniň gatnaşygym ýok. Häzir men şu ojakda ýalňyz galan biçäre. Menem bir wagtlar el aýasynda saklanýan, köp hossarly gyzam, daşly-içli gelinem bolupdym. Muňa çarhy pelegiň oýny diýerler – diýip, Mamur eje gözüne ýaş aýlady.
– Siz onda, Mamur eje, biziň gyzymyz bolup çykýaňyz, özümiziňki ekeniň, ataň öýüňiziň obasynyň bäri ýanyndaky goňşy oba biziň obamyz bolmaly. Biz şol ýerde ýaşaýarys. Indi makul bilseň, şu obaňyzda hormatlanýan adamlaryň bir-iki sanagyny çagyryp, maslahat edeliň. Ýöne agyz-agyzdan ýel alar edip, obada biderek gep ýaýramaz ýaly ol ýaşululara: «Biz Mamur ejäň daşkyragam bolsak garyndaşlary. Eger sizem makul bilseňiz Mamur ejänem, oguljygy Söýünem obamyza görme-görşe äkidäýjek» diýerin. Onsoň olaryň näme diýenini eşideris. Ýöne meniň üçin iň parzy seniň pikiriň. Dogrudanam, Mamur eje sen göwneseň ertir seni biziň obamyza görme-görşe äkideris, Sen biziň öz ýaşaýşymyz bilenem tanyşarsyň, Soňunam hudaý oňarsyn. Mamur eje bilip goý, hudaýyň haky üçin, her halda-da, seniň gaňryşyňa gaýdyp, göwnemedik zadyňy etmeris.
Şol gün agşamara Mamur ejelere Garly aga bilen Babaguly aga gelip, çaý-nahardan soň Atamyrat agaň aýdanyny makul bilip, onuň maslahatyny oňladylar.
Mamur eje birneme böwrüni diňlese-de, Hally bilen Söýnüň keýpi kökdi. Bir-birleri bilen ysnyşyp otyrdylar. Bu bolsa Mamur ejäniň daşyna çykarmasa-da, içinden «Söýüniň ýüzi edil ejesiniň ýüzi kesilip oturdylan ýaly» diýip, birneme kemsinýäni bildirýärdi.
Mamur eje bilen Söýüniň Atamyrat agalarda bäş-on günläp görmegörüşde bolmaklary Mamur ejä gowy ýarady: «Şu ýagdaýdan iň oňat çykalga, Atamyrat agalaryň ýanyna göçüp gelmek. Meniň başga çäräm ýok. «Gurt çagasyndan ekdi bolmaz» diýip, ýöne ýerden aýtmandyrlar. Barybir men göwnesem-göwnemesem Söýün ejesiniň ýanyna gider. Onsoň meniň ýeke özüm gara öýüň içinde gugaryp galaryn. Onuň üçin iň gowusy men Söýün jan bilen Atamyrat agalarda ýaşaýyn. Aý bäş günlük ýalançyda göwün aldamakdyr-da. Atamyrat aga-da, Hallygözelem bir gowy adamlar. Bular meni ynjytmazlar. Onsoňam men Söýün jana şeýle bir öwrenişipdirin welin, birje agşamam şonsuz ýatyp biljek däl. Şeýle edilse dogram bolar. Öňki obamda galamda-da meniň utýan zadym barmy? Onda maňa kim garaşýar. Onsoňam bu ýaşdan soň maňa gün aýlamagam kynlaşar. Bu ýagdaýy maňa hudaý janyň özi salgy berendir» diýen pikirleri Mamur eje birnäçe günläp kellesinde aýlady. Üstesine özüniň geňeşen adamlarynyňam hemmesi: «Seni tüweleme hudaý ýalkady. Atamyrat baýyň ýanynda bolsaň, ol seni hor etmez. Ol adam gaty gowy adam diýýärler. Iliň derdine ýaraýan döwletli adam eken» diýip maslahat berdiler. Barjasyndan beteri-de Söýün Mamur ejäni şeýlekin gowy görýärdi, ol Mamur ejäni sähel görmese: «Hany meniň enem?» diýip sorap durdy.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 24 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hojanyýaz Amanow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: