22:10
Şir hudanyñ penjesi -9: Atamyrat erkejiñ ökünji
ATAMYRAT ERKEJIŇ ÖKÜNJI

Agşam namazy wagtlarydy. Hallyň ejesiniň namaz töwürini okap bolanam şoldy welin, perişan halda işikden ýuwaşlyk bilen zordan ädimläp, «Salamälik» diýip, Hally girdi. Ýöne ejesi ony hiç wagt beýle halda görmändi. Birden: «Hally, Hally jan, bu senmi? Bi nä boluş?» diýip, ejesi gartaşanlygyna, näsaglygyna garaman, ýerinden tarsa turup, gyzyny garsa gujaklap, aglamaga durdy. Az wagtyň içinde şeýle kyn, hatarly, ýatsaň-tursaň ýadyňa-oýuňa düşmejek jebirlere uçran bu merdana gyz ejesiniň bolşuna ejizläp, horkuldamaga başlady. Ejeli gyz biri-birine hiç zat aýdyp bilmän, dik duran ýerlerinden aglaşdylar. Olar birneme köşeşenlerinden soň ejesi: «Balam, saňa näme boldy, ýüzüň-gözüň ýellenipdir tanar ýaly bolmansyň? – diýdi.
– Eje jan, meniň maňlaýyma bu çykgynsyz kembagtlylyk ýazylan eken. Eje jan, şol başymyza yzly-yzyna düşen ölümlere öte gynanyp, dälirän ýaly boldum. Nirä ýöräp, nähili hereket edýänimi bilmedim, bus-bus bolup akylym üýtgedi. Şol sebäp boldumy, nämemi, göwrämden çagam aýryldy» diýip, ömründe birinji gezek ýalan sözlänine Hallynyň ýüzi gyzaryp bir hili boldy. Ýöne ara maý salman ýene gürrüň berip başlady. – Biwagt şeýle halda daýzamlara barmaga gaty kiçeldim. Öz içimden «men Hudaýtagalaň gözünden düşäýdimmikäm diýen netijä geldim. Ine meniň daýzamlara barmanyma esasy sebäp bolan zatlar şolardyr. Kakam «Gyzym, hanha daýzaňlaryň öýleri. Indi özüňjik baryber. Taparsyň gerek?» diýip, düşürenje ýerinde kakamyň garasy ýitýänçä azajyk durdym-da garasy ýitenem şoldy welin daýzamlara barman, olaryň obasyndan çykyp, ileriligine tarap ugradym, edil ýeňsämden itilen ýaly bolup, keremli daglardan haraý gözledim. Ýöne, eje jan, adamyň edeni şowuna düşmän, durmuşda özüniň düşen gününden närazy bolsa öz janyna kast edäýmegi gaty mümkin ekeni.
Meniňem ýüregimde şeýle pikir peýda boldy. Onsoňam öňki horlugyň üstüne ýene şowsuzlyk düşüberse «Süýji janymdan irip şu dünýäden gideýin» diýen pikir gün-günden güýçlenip, soňabaka şol niýet üçin amatly pursadyň gelmegine adam edil bägül ýygjak ýaly bolup, howlugýan eken. Menem, eje jan, senden gizläp nädeýin, şol ýagdaýa ýetdim. Meniň ýüregime düwen zadym asylyp, otlanyp ýa-da özüme tyg urup däl-de, Herek dag ýaly dagyň iň belent ýerine çykyp, şondan özümi aşak goýbereýin diýdim. Şonuň üçinem daýzamlaň obasyndan aňyrlygyna tarap ep-esli ýol ýöredim» diýip, Hally agzyndan sypdyranyny duýman galdy...
– Hallym, dagyň näme, janyňa kast etjek bolmaň näme? Nämeler samrap otyrsyň? Sen öz akylyňdamy berin?
Hally birden ukudan oýanyp, özüne gelen adam ýaly boldy. Bir neme nepesini dürsedi-de «Herek dag ýaly dagyň iň belent ýerine çykyp, şondan aşak özümi goýbereýin diýdim» diýip, agzyndan sypdyranyna ökündi.
– Eje, daýzamlaň aňyrsyndaky daglygy düýşümde görüpdirin. Ýöne men eger janyma kast edäýsemem meýdimiň göz-gülban bolup ýatmagyndan gorkýardym. Dogrudanam keremli daglaryň jümmüşinde özüňe kast etseň birinjiden-ä, birnäçe gün geçýänçä maslygyňy tapmazlar. Onsoňam ol ýerde maslygyňy bütinligine uzak goýmazlar, mör-möjekler, dag wagşylary, tilki-şagal dagytsa gerek. Şeýle ölümem maksat edinipdim. Ýöne meniň şol ýüregimde beslän matlabyma ýetmezligime içimdäki çagajygymyň gymyldysynyň köpelmegi. Myrat baýyň yzynda bir dikrar galaýmagynyň ähtimallygy sebäp boldy. Ýene bir zat, olam seniň yhlasyň, ene-ata bolup siziň: «ýekeje perzendimizdenem dyndyk» diýip dady-perýat boljagyňyz. Onsoňam ýöne bir ölümem däl, yzynyň «Atamyrat aganyň ýekeje gyzy janyna kast edip özüni öldüräýipdir» diýiljegi. Käbir adamlaryň: «Hallygözelden-ä beýle zatlara garaşmaýardyk, Hudaýtagalaň edenine näşükürlik edip, janyňa kast etmeklik namartlyk ahyryn. Onsoňam Atamyrat aga akylly adam. Ondan beýle küpür maşgala dogulmazmyka diýýärdik, elbetde bu zatlar Hally pahyryň ykbalynda bardyr» diýen ýaly geplerem kakama, saňa ýetip siziň bagryňyzyň para-para boljagy, siziň, meniň ezizlerimiň «ýeke balamyzam bize rehim etmändir. Bizi il içinde dili gysga edipdir» diýip gaýga batyp, müýnli ýaly boljagyňyz meniň öz janyma özüm kast etmekden saklanmagyma sebäp boldy. Ýöne käbäm ejem, bu edilen gürrüňler diňe ikimiziň aramyzda galsyn. Onsoňam bu bolan wakalary kakamyň eşidenini bilsem men ondan gaty utanyp, girmäge ýer tapmaryn.
– Balam, az wagtda seniň şeýle gaty horlananlygyňam gizläp bolarmy, onda-da kakaňdan? Sen menden bir zatlary gizleýäň. Seniň eliň-aýagyňam persala, gan-gabarçyk. Ýöne sen bu ýagdaýda-da ýalan sözleýäň, dogryňdan gel diýip gyssap durjak däl. Soň özüň maňa bolşy ýaly gürrüň berersiň.
– Sen meniň syrdaşym. Kakamy sen menden gowy tanaýansyň, özüň ugruny tap-da düşündiräý. Hemme bolan ýagdaýy kakadan gizläp saklap bolmaz. Oňa dide çagamyň aýrylanyny aýdaý. Başga gürrüňler, aýratynam jana kast etmek meselesi diňe öz aramyzda galsyn – diýenem şoldy welin, daşardan ardynjyrap Atamyrat aga öýe girdi.
– Hallym, senmi asyl ejeň bilen gümürdeşip oturan. Eýgilikmi beri. Ýeke özüň, gaty giçläpsiň-le? Janyň bir sagmy, bu nä gaty horlanypsyň?
– Kaka, janym-a sag, galanynam ejem gürrüň edip berer-dä.
– Kakasy, Hally jan-a entek iňrik garalmaka geldi – diýip, aýaly sypaýçylyk bilen ýuwup-ýylmap ugrady. – Ýöne sen agşam namazyňy okamaga gidip, köp eglendiň. Çaýyň sowan bolsa gerek.
– Köpräk eglenenimiň sebäbi namazymyň kazasyny okadym.
– Hanha çaýyň basyrylgy dur. Könäni ýatlap, üçüjigimiz bir başybirje çaý içeliň.
– Haý keýwany, näçe ýuwmarlasaňam-a menden bir zady ýaşyrjak bolýaňyz öýdýän.
– Ýok, kakasy, biziň senden gizlin zadymyz bolmaz. Ýöne Hally janyň az wagtda başyndan geçen gowgalar... – diýip, aýaly bokurdagyny doldurdy.
– Hemmesi düşünikli. Bu zatlar Hallygözeliň maňlaýynda bar ekeni. Ýöne enşalla Hally janyň maňlaýy açylar. Men onuň elinje düýşüni görüpdim. Seniň bu ýitgilere sezewar boljakdygyňy öňünden bildim diýsem-ä Hudaýlyk satdygym boljak. Ol gören düýşümi sizden indi gizläp oturmaýyn. Men basyrganyp, gara basyp ýatan ekenim, şol wagt düýşümde ejeň, men, sen, üçümiz adatdaky boluşymyz ýaly kölegede çaý içip oturanmyşyk. Ine, birden gündogarmyzdan howutly, üsti kejebeli bir akmaýa gelip ýanymyzda çökdi-de oturyberdi. Ine, şol kejebeli maýanyň üstüne baryp Hallygözel jan mündi welin, Maýa ýuwaşlyk bilen turdy-da, gündogarlygyna gidiberdi. Bizem är-heleý ikimiz biri-birimiziň ýüzümize haýran galyjy nazar bilen garaşyp, sesimizi çykarman oturdyk. Heniz maýa gözden ýitip, ýitmänkä, onuň kejebesi ýere gaçdy-da ýalaňaç düýe boldy duruberdi. Senem ol ýalaňaç düýä atlanyp mündüň-de, gözümizden ýitdiň. Bizem haýran galyp butnaman otyrys. Bir haýukdan soň sen, Hallygözel jan görnügine haýran galmaly bir ak ata münüp geldiň. Bizem seni sag-aman gelmegiň bilen gutladyk. Sen bolsa: «Şu ata münüp gelenimi hiç kim bilmäwersin. Sag-aman-a geldim weli daýzamlaryň aňyrsyndaky gowakda arman altyndan ýasalan guşajygymy galdyrdym-da. Ýöne «ol guşagyňdan arkaýyn bol, ony biz saňa soň elinje gowşurarys» diýip, iki sany juw ak eşikli, selleli erenler söz berdiler» diýeniňem şoldy weli men oýanaýypdyryn. Görsem edil ertir namaz wagty bolupdyr. Düýşümi men özümçe ýordum. Bu edil, imanly bolmuş Myrat baýyň sawçysynyň gelen günüdi. Kejebeli ak maýa Myrat baýyň egsilmez döwleti. Ýalaňaç düýe seniň bujagaz emgegiň. Gyzym jan, gaýrat edip, azajyk sabyr et, ak at seniň bagtyň açyljagynyň şübhesizdigine men aýnada gören ýaly ynanýaryn. Altyn guşajgyňam saňa erenler getirip berer. Ýöne men şol gören düýşümi, onuň ýorgudyny saňa aýtmanyma häzire çenli ökünýärin. Ökünjiň peýdasy ýok. Boljak zat bolmaly gyzym, bu seniň ykbalyňda bardyr. Taňra sygynyp gaýrat etmeli.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 20 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hojanyýaz Amanow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: