21:59
Şir hudanyñ penjesi -6: Söýün serdaryñ maslahaty
SÖÝÜN SERDARYŇ MASLAHATY

Ýazyň güni, gün mazaly guşluk galyp, uly guşluk diýilýäni bolupdy. Gökdepäniň namaz kyblasynda şeýle bir jemende üýşüpdir weli, üýşmegiň aňyrsyna-bärsine göz ýetenokdy. Giden düzlügiň çetindäki depäniň depesinde tagt şekilli bir zadyň üstünde Söýün serdaryň daşynda onuň maslahatçy-geňeşdarlary, on sany ýüzbaşy, jemi on bäş adam otyrdy. Toparyň hemmesiniň egninde lowurdap duran gyrmyzy don, kellelerinde silkme telpek bardy. Nurana ýüzlerinden nurýagýan görmegeý türkmen ýigitleridi. Märekäniň içinden biriniň «Geňeşçileriň içinde Meret golak ýok-la? diýen soragyna çep tarapda oturan gara silkme telpekli orta ýaşalyrak daýaw bir adam: «Olaryň içinde Meret golagam, ýol beledi Permanam bolmaz. Olaryň ýeri ömürlik zyndan bolaýmasa ýa-da kelleleri kesiläýmegem ahmal. Olar Agamämmet talaňçy hakyna tutma içalylary eken. Olar öz halkyna dönüklik edipdirler» diýdi. Silkme gapa telpekliň töweregindäki adamlar bu gürrüňi eşitselerem gulaklaryna ynanmajak boldular. Geňirgendiler. «Heý beýlede ysnat getiren adamlar bolar ekeni. Olaryň ikisem tüýs bir wenezzina adamlar ekeni. Pul üçin halkyňa hyýanat etmek baryp ýatan nejislikdir. Onda-da nähili hyýanat diýsene» diýşip, ýürekden tolgundylar, dişlerini gyjadylar: Inçe ýüzli hortaňrak bir ýigit: «Adam bilen adamyň tapawudy ýer bilen gök ýalydyr diýýärdiler welin, men-ä şondanam daşmyka diýýärin. Ynha bir topar gerçeg-ä halkyň ar-namysy üçin başyny goýmaga taýýar. Käbir gurrumsaklaram haram nebsiniň yzynda sermenip, öz halkynyň ar-namysyny bir haram eşek ogrusyna basgylamaga kömek edýär. Şeýle dönükleri uly ýoluň ortarasynda başaşak asyp goýmaly» diýip, çyny bilen gargyndy.
Ine birdenem:
– Eziz ildeşler – diýip, bokurdakdan ýakymly mahmal ses çykdy. Ol ses adamlaryň özara gürrüňleriniň üstüne suw sepilen ýaly etdi. Ýakymly ses bilen halaýygyň ünsüni özüne çeken bu parasatly gerçek ýigit Söýün erkeçdi.
– Biziň şu ýerik ýygynanmagymyza Kesearkaja köp ýyllaryň dowamynda köp yza çekdiren Agamämmediň soňuna çykylmagynyň netijesi hem-de şu mukaddes işde türkmen ýigitleriniň görkezen mertligi sebäp boldy. Bu ýerde men gerçeklerimiziň her haýsynyň görkezen mertligi, batyrlygy barada aýratyn ýatlap durjak däl. Ýöne olaryň her haýsynyň görkezen iş başarjaňlygy, ar-namyslylygy, öz halky üçin janynam gaýgyrmajakdygy barada şahyrlarymyz goşgy goşarlar, bagşylarymyz ol goşgulary aýdym edip aýdarlar, arkama-arka indiki nesillere ýetirerler. Şeýle edilse, soňky neslimiz özleriniň ata-babalarynyň keseki duşmanlara garşy gursak gerip mert durandyklaryna guwanarlar, olar üçin nusga bolar. Ganym duşman bilen mert göreşip, ukyplylygyny, batyrlygyny görkezmelidigini olaryň aňyna ornaşdyrmaga ýardam eder. Biziň ata-babalarymyzam nalaç edeýin bigaýrat däldiklerini, özüniň namysyna degjek bolan duşmana nähili gaýtawul bermelidigini halkymyzyň taryhy subut edýär ahyryn. Ine, şu gün bize Agamämmet galtaman näçe hilegär bolsa-da, ony öz hininden çykaryp, ata basyp alyp gelen gerçeklerimiziň ady-abraýy artsyn, olaryň janlary sag bolsun diýäýmek galýar. Ýigitlerimiziň görkezen bu edermenligi öwgä mynasypdyr. Şeýle gerçeklerimize buýsanmalydyrys, guwanmalydyrys. Diňe bularam däl, şolary öndürip, kemala getiren ata-enelerimize sag bolsun aýtmalydyrys, Bu mukaddes söweşde altmyş ýedi gerçegimizi dürli ýagdaýlarda ýitirdik. Urşuň ýitgisiz bolmaýanyny biz bilýäris. Ol ýigitler öz ilimiziň ar-namysy üçin iň soňky demine çenli janlaryny aýamajaklaryny aýdýardylar.
Men-ä siziň hemmäňiziň adyňyzdan olara «ýatan ýeriňiz ýagty bolsun, iman siziň hemraňyz» diýdim.
Agyr märeke «omyn» diýip, Söýün serdaryň aýdanyna goşuldy.
Eýran çäginde ölüp-ýiten ýigitleriň hossarlary sesli aglamasalaram, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökdüler. Bu ölüm olara näçe agyr degse-de, sesli aglaman, sessiz eňrediler. Dogrusy, türkmeniň hakyky adatynda näçe uly gynançly ýagdaýa sezewar bolsalaram erkek adamlar sesli aglamaýarlar. Ony şermendeligiň bir görnüşi diýip hasap edýärler. Käbir ýerlerde enesini-atasyny, golaý garyndaşyny dirikä hor-homsy saklap, oňa sowuk-sala garaýanam bolsalar, ölüp jaýlanmaga öýden ony gölegçiler alyp ugranlarynda «Waý kaka, waý eje, waý dogan...» diýen bolup, bögürip aglaýarlar-da, edil şol pursatda seslerini bes edip, gözlerinden çygam çykanok. Biziň ata-babalarymyzyň aýtmagyna görä: «Sesli aglamak, ýüz ýyrtmak, başyňa toprak seçmek, el çarpmak, öz-özüňi urmak bu nadanlyk we mekrudyr».
Ara bir az wagt asudalyk düşenden soň:
– Adamlar! Men indi siziň bilen bir meselänem maslahatlaşjak – diýip, Söýün serdar halka ýüzlendi. – Siz nämäni makul bilseňiz menem şony goldajak. Biziň gerçeklerimiziň tagallasy bilen eýranyň çäginde öz höwürtgelerinden süýräp çykaryp, atyň öňüne basyp türkmen halkynyň ganym duşmany talaňçy Agamämmedi iki sany janpenasy Barat han bilen Ata hany siziň garamagyňyza alyp geldik. Biz entek Eýranyň çägindekäk biziň ildeşlerimiz öňki maslahatçy – geňeşdarymyz Meret golagyň, ýol beledimiz Permanyň Agamämmediň hakyna tutma jansyzlarydygyny Eýranda bize gizlin hyzmat edýän adamlaryň kömegi bilen anykladyk, üstesine-de iki çaparymyzyň öz obamyzdan elten (Serdar şu ýerde «ejemiň halatynyň barlygy akyl-paýhasy, daşdan görüjiliginiň kömegi bilen» diýäýse has dogry jüpüne düşjekdi. Ýöne Söýüniň sada kiçi göwünliligi ony açyk aýtmaga ejap etdirdi) maglumatynyň kömegi bilen olaryň Agamämmediň peýdasyna işleýändiklerini takykladyk. Ýöne olaryň şeýlediginini özlerine, ne-de beýleki adamlara duýdurdym. Olaryň öz halkynyň garşysyna beýle etmişlerini öz ýurdumyza gelýänçäk näçe kynam bolsa diňe öz içimde sakladym. Ýöne her hili bahanalar bilen Permana ýumuş buýurmany, Meret golak bilen maslahatlaşmamy düýpden goýdum. Permanyňam Agamämmediň içalysy bolmagyna Meret golak sebäp bolupdyr. Meniň maslahatçym hökmünde Meret golak biziň içki syrymyzy bilip, Permanyň üsti bilen Agamämmede ýetirer ekeni, şonuň üsti bilenem Agamämmede eden hyzmaty üçin haramdan gelen hak-heşdegini alar ekeni.
Meret golak bilen Permanyň Agamämmediň hakyna tutulan jansyzy bolup, öz iline uzak ýyllar boýy hyýanat edendigini Agamämmediň özem boýun aldy. Perman bilen Meret golagyň haýynlygyny Agamämmediň janpenalary Barathan bilen Atahanam tassyklady. Gepiň gysgasy, on ýyldanam köpräk Meret golagyň, bäş ýyldan bäri Permanyň bütin türkmen halkyna dönüklik edendikleri kemsiz subut edildi. Eden günälerini Meret golagam, Permanam boýunlaryna alýarlar. Ýöne «Allanyň haky üçin bizi bagyşlaň!» diýýärler.
Barathan bilen Atahan Agamämmediň janpenalary. Bular gijede-gündizde, alamançylyga gidenlerinde-de onuň ýanyndan aýrylmaýan ekenler. Şeýlediklerini olaryň özlerem boýun aldy, Agamämmedem doly tassyklady.
Ynha indi şu bäş günäkäre nähili jeza bermeli diýseňiz, men siziň diýeniňiz bilen kaýyl. Şonuň bilenem bolaryn. Ýöne adamlar, günäkärleriň ejize ganym bolandygyny, köp bigünä adamlaryň şularyň elinden ölendigini ýadyňyzdan çykarmaň. Şol pidalaryň biziň ýurdumyzda jebir çekmegine, birnäçesiniňem öldürilmegine sebäp bolanlar öz ildeşleriňiz Meret golak bilen Permanyňam ykbaly siziň eliňizde – diýip, Söýün sözüni gutaryp gutarmanka märekäniň içinden otuz ýaşlaryndaky orta boýly, jortmak ýigit turup:
– Meret golak meniň kakam, ol halkymyza, biziň neslimize ysnat getiripdir. Neslimizi ile çykar ýaly etmän, ýüzügara edipdir. Şonuň üçinem Meret golagyňam, Permanyňam kellesini kesip, läşini itlere şam etmeli – diýip, ýumruklaryny düwüp, dişlerini gyjyrdadyp tolgunyp gepledi.
– Adamlar! Biz meseläni kellesi göçgünlik edip çözmän, sowukganlylyk bilen akylly-başly çözmeli – diýip, Söýün erkeç märekäniň içinden başga-da gyzmaçlyk edip, «Şeýle dönükler ildeşlerimizem bolsa etlerini çişe çekmeli», «Il-halkyna hyýanat edeniň muzdy gara gylyç». «Şolar ýaly wenezzinalardan diri gezende ne peýda». «Olaryň ikisinem oda çoýup, haýaldan, gynap öldürmeli», «Şeýle gurrumsaklary ýer neneň göterýärkä?» diýen ýaly teklip edenleri köşeşdirdi. Märekäniň sag tarapynda Söýün erkejiň hyzmatyna taýyn bolup duran, Eýrandan oba Hally ejäniň ýanyna ak pata maslahat üçin iberilen çaparlaryň biri saklanyp bilmän beýlekisine: «Bu ahwalaty görsene», Hally ejäniň gopardan deregi ýol beledi Perman, çep tarapky uly şahasy döwülen erigem çep eli golak Meret geňeşçi bolup çykdy. Biz bir aňkaw. Hally ejäniň «agaçlary goparyň onnaň yzyňyza gidersiňiz» diýenine biz düşünmändiris. Ejeli-ogul biri-birine gör nähili üm bilen düşünýär ekenler. Başga adamlar düşünmez ýaly edip üm bilen düşündirmeklik ýiti akyllylygyň nyşany. Özi Hally daýza ýöne adam däldir. Halatly bolsa gerek» diýip, Hally ejäniň şeýle ýerine düşen maslahatynda özüniňem goşandynyň barlygyna buýsanç bilen aýtdy. Söýün heniz «söz aýt» diýip ümläp – ümlemänkä Bally ýüzbaşy:
– Adamlar! Şu ýerik ýygnanyşmazymyzdan öň her obanyň abraýly ýaşulularyny jemläbem maslahatlaşyp gördük. Şolaryň pikiri şeýle: – Gökdepäniň ortasyndan geçýän uly ýoluň gyrasynda seteran edip hemmesini asyp goýmaly. Goý, tä porsaýançalar asylyp dursunlar. Eger sizem şony makul bilseňiz şeýdäýeliň! Bular porsap boýunlaryndan ýüp aýrylyp, ýere duwlanýança töwereklerini saklamak bize tabşyryldy – diýdi.
– Adamlar, eger garşy bolmasaňyz, şeýle karara geläýjek – diýip, Söýün erkeç Ballynyň sözüni böldi. Bütin jemagat şeýle karar bilen ylalaşýandygyny aýtdy.
Märekäniň gaýra çetinden inçeden uzynak ýaşuly çykyp, geplenilýän ýere tarap ugrady. Ol ýaşuly Söýün erkejiň alkymragyna geldi-de, pöňňürdöwräk sesi bilen:
– Söýün, eger idin bolsa menem siziň duran ýeriňize çykyp bir-iki agyz gürläýsem niçik bolarka? – diýdi.
– Babaguly aga, siz bir obamyzyň hormatlanýan adamy, saňa geplemäge mümkinçilik bermän kime bereli.
Babaguly aga haýallyk bilen ýokaryk galdy-da:
– Adamlar! Şu ýygnanan jemagatyň içinde gündogarsy Änewden, günbatarsy Gyzylarbatdan wekiller bar. Şu adamlar bütin kesearkajyň wekilleri diýsegem boljak. Birinjiden-ä, şeýle ýygnanyşygy guran adamlar döwletli iş edipdirler. Biziň ata-babalarymyzdan miras galan zadyň birem özümize degişli wajyp meseleleri üýşüp, maslahatlaşyp çözmek gaty gowy zat. «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýleni, Wajyp meseläni şeýdip her birki tiräniň, obanyň, halkymyzyň göwnüne jaý maslahatlaşyp çözsek örän ýerlikli bolar. Biri-birine çapraz gelýän pikirleriň hiç birine kembaha berip, inkär etmän, mesele çözülende gyzmalyk, göçgünlilik aradan aýrylar. Onsoňam, biziň halkymyzyň taryhyny yzarlasaň «Bir ýurdy basyp alalyň, bir halky özümize bakna edeliň» diýip maslahatam edilen däldir. Görüp otursaň, biziň parasatly aksakgallarymyzyň maslahatynda ýalaň: «Şu ýagydan nädip dynyp bolarka ýa-da üstümize çozup gelýän duşmanyň garşysynda durup, nädip yzyna gaýtaryp bolarka» diýen meseleler ara alnyp maslahatlaşylypdyr. Köpüňkä çapraz gelýän pikirlere aýratyn üns berlipdir. Ol pikirleri orta atan adamlar hiç wagtam kemsidilmändir. Ýöne şeýle maslahatlary gurap, oňat düzgünli geçirmek üçin biziň ahal ilimize pähimlenmek gerek, has dogrusyny aýtsam Nurberdi han ýygy-ýygydan saparda bolýar. Häzirem Maryda, şol ýok wagty Gökdepe iliniň işini ýola salmak üçin bütin halkymyzyň aladasy bilen ýaşaýan bir parasatly, adalatly adam gerek. Onam biz gökdepeliler üçin çylşyrymly ýagdaýda, ganym galtaman serdary Agamämmedi öz ýurdundan atyň öňüne basyp gelen Söýün serdary durmuşyň özi hödürledi. Eý jemagat, meniň öňki ýatlap geçişim ýaly gökdepelileriň her tiresinden şu üýşmekde wekil bar. Şunuň ýaly amatly üýşmek guraýmagam gaty çetin iş. Eger goldasaňyz-a şu meselänem çözeliň – diýdi-de, çykyp geplenýän ýerden düşüp gidiberdi. Bütin jemagat dillendi. «Gaty ýerlikli maslahat, bize Söýün erkeçden gabyl adam ýok». Geliň Söýün serdara öz ykbalymyzy ynanalyň». Söýün serdar ýöne adam däl, bu bir dag bürgüdi». «Bize şondan gowy hanam aňsat däl». «Söýüniň arly-namyslydygyna biziň ilimize köp ýyllar boýy yza berip, sütem eden dag doňuzy Agamämmediň we onuň dört sany gürjüsiniň boýnuna tanap salyp, süýräp gelende-de göz ýetirdik»... Söýün serdaryň adyna başga-da birnäçe öwgüli sözler aýdýan märekäniň içi şaglawukdan inen suw ýaly güwwüldedi.
– Eziz ildeşlerim! Meniň adyma gaty köp öwgüli sözler aýtdyňyz. «Men şol öwgülere mynasypmy beri?» diýip gaty utandym. Esasy Hanymyz az wagt sapardaka, Gurbanmyrat işanymyz, Gönübegimiz, Hanmämmedimiz we ýene – ýenelerimiz barka meniň ýaly ýeňiýoluk garamaýaga Gökdepäň hany bolmak barada gürrüň gozgamagam gaty gabahatdyr. Häzir han saýlamak barada gürrüň bolmaly däl. Biziň hanymyz bar ahyryn. Häzir Agamämmet we onuň betniýet toparlary barada maslahat edilmeli. Nurberdi han şu ýygnanşyga gelmelidi. Ýöne Maryda onuň has wajyp işleri bolany üçin gelip bilmedi. «ýigitler, Gönübek, Kerimberdi işan, Gurbanmyrat işan bardyr, şolar bilen geçiräýiň» diýdi. Agamämmediň yzyndan gidenimezde-de ak pata beren Nurberdi handy. Nurberdi han ýaly türkmeniň gerçek ýigidi hanlaryň hany barka biziň ýaly türkmen halkynyň orta gürpünden gopýan adamlara diňe öz etrabynyň serdarynyň tugy dakylsa-da artygy bilen ýeterlik. Eger mynasyp hasap etseňiz maňa Gökdepäniň Söýüň hany diýmäňde ýöne Söýün serdar diýäýiň. Meniň ýaly adamlary ýöne öz halkyna wepaly, öz Watanynyň ody bilen girip, küli bilen çykýan, göbek ganynyň dökülen topragyny goramaga janyny aýamajaklaryň hatarynda goýsaňyz men-ä size örän minnetdardyryn. Başga at maňa gerek däl. Han tuguny göterip biljek mertlerimiz bar. Şolaryň iň naýbaşysam türkmen halkynyň arkadagy Nurberdi handyr. Şol gerçegiň mertebesi belent bolsun. Ony Hudaý tagala öz penasynda saklasyn.
– Adamlar, Söýün batyrlykda, çakganlykda, parasatlylykda-da özüni tanadypdy. Şol wagt 25 ýaşlaryndady. At üstündäki hereketine göz ilenokdy. Ýagyň ujundan girende her elinde bir gylyç bilen çapýardy. Meniň ony has içgin tanamagyma Agamämmet talaňçyny gola saljak bolup Eýrana gitmegimiz sebäp boldy. Söýün bilen her hili çylşyrymly ýagdaýda-da iş salyşyp gördük. Ol mydama bir bolşuny saklaýar. Elmydama sowukganlylyk bilen mylaýym sypatyny saklaýar. Ýanyna her bir mesele bilenem ýüz tutsaň ýüzüniň akylly maslahatyny berýär. Onuň beren akylyna gulluk edip hereket etseň ýalňyşaňok. Agamämmediň ele düşürilen pursatynda-da beýleki ýigitler bilen şol ýerdedim. Şonda-da Agamämmediň üstüne ilki topulan Söýündi. Her hili howply ýagdaýlarda-da ol birjik-de gaçyrym etmän, elmydama biziň öňümizde bolýardy. Ol her ýagdaýda-da gorky-ürküni bilýän adam däl. Ondanam ol Agamämmedi tutmak bilen bagly çykdajynyň hemmesini diýen ýaly öz üstüne aldy. Çylşyrymly kyn ýagdaýda iş salyşmasaň adamy tanamak kyn. Eýrana biziň bilen öz islegleri boýunça, keýpihon müňdenem köp saýlama ýigit gitdi. Özem şol gerçekleriň içinde her tireden, her obadan wekiller bar. Ýaňy Söýüniň aýdyşy ýaly teke ýigitleriniň içinde akyllydan batyr ýigitler köpdür. Ýöne menem «Şu adam Nurberdi handan gowy han bolar» diýip aýdybiljek däl. Gepiň keltesi Söýün örän dogry aýtdy. Nurberdi han ahal tekeleriniň hanlygyna hemme tarapdanam mynasyp. Onsoňam bu ýygnanyşygyň maksady han saýlamak däl ahyryn.
Bu gürlän ýigit Ödek tümendi. Ol sözüni soňlap-soňlamanka ýüzbaşylardyr geňeşçilerem birden diýen ýaly «Ödek ýüzbaşy örän adalatly we dogry aýtdy» – diýişdiler. Çaparlardan biri: «Söýün serdaryň eserdeň hüşgärdigine-de biz-ä telpek goýandyrys. «Meret golak ýa-da Perman Agamämmediň peýdasyna işleýändir diýip, ýatsak-tursak hakydamyza-da gelenokdy» – diýdi.
Jemagat ýerli-ýerden: «Söýün serdar, Allatagala saňa bu işiňde kuwwat bersin, seniň ýaranyň bolsun. Seni Agamämmetli meselede uly üstünligiň bilen gutlaýarys. Gutlaýarys – diýip gaýtalady.
– Eziz ildeşlerim! Indi meniň sizden etjek haýyşym bar. Birinjiden-ä, biz örän hüşgär bolmaly. Biziň ýurdumyza göz gyzdyrýan basybalyjylar köpdür. Ikinjiden, eger uruş meýdanyna çykmaly bolsak utamyşyň wekil tiresinden bolan herrikgalaly Annaseýit wekiliň, utamyşlaryň wekili Keýmir kör atamyzyň nesillerine, Agaly serdaryň, Aba serdaryň, ýasmansalykly gerçekleriň kömeklerine, maslahatlaryna daýanmalydyrys. Marydaky utamyş taýpasynyň ähli syçmaz tiresinden Oraz Ýagly (Oraz han) Gowşut han, Tejen sebitiniň hanlary Amandöwlet baý bilen Baýramaly han, türkmen halkynyň beýleki tireleriniň hanlary Halnepes serdar, Begler han, Myrat serdar, Aýymbek han, ýomut hany Kyýat han we başga türkmen tireleriniň hanlary bilen dostlukly aragatnaşyk saklamagy biz öz mukaddes borjumyz hasap etmeli. Biz hemme türkmen taýpalarymyz bilen agzymyzy birikdirmesek, «Ýekäniň çaňy çykmazlary» bolar. Biz özbaşdaklygymyzy, ar-namysymyzy diňe türkmen doganlarymyzyň bütewi agzybirliginde saklap bileris. Biz öz doganlarymyz bilen dostlukda ýaşap, «bir çukura tüýkürmesek» bize söweşde üstünlik hemra bolmaz. Bize öňümizde uly-uly çaknyşyklar garaşýar. Muňa on dokuzynjy asyryň çylşyrymly, gowgaly günleriniň başy diýsegem ýalňyşmarys.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 20 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hojanyýaz Amanow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: