21:53
Şir hudanyñ penjesi -5: Söýün serdar öz jansyzlarynyñ maslahatlaryna daýanýar
SÖÝÜN SERDAR ÖZ JANSYZLARYNYŇ MAGLUMATLARYNA DAÝANÝAR

Anna agşamsy ýassynlardy. Söýün Kuwala sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Bir iç girýär, bir daş çykýardy. Iki-ýeke öz iň ýakyn adamlaram ýanyna geläýse «Şu gün meniň gaty ugrum ýok, dümewläpdirin öýdýän» diýip, sypaýçylyk bilen tizräk ugradýardy. Oraçasyna girip oturyşam şoldy welin, Söýüniň janpenalarynyň biri: «Serdaryň ýanyna barjak» diýip, bir eýranly garaşyp dur» diýen habar bilen Söýüne ýüzlendi.
– Ýanyňyza goýberelimi?
– Beýle bolsa özüň alyp gel.
– Baş üstüne – diýip, ol ylgap gitdi.
Az salymdan jan pena bilen Kuwaly salam berip oraça girdi.
– Ohow, biradar, senmidiň asyl? Gel-de geçiber. Sen ýigit, öz işiň bilen boluber. Gerek bolsa özüm çagyraryn.
Janpena gidenden soň Söýün ýerinden turup, Kuwalyny gujaklap diýen ýaly töre geçirin oturtdy. Saglyk-amanlykdan soň:
– Kuwaly han, Mehti bilen araň neneň?
– Aram örän ýagşy. Men oda Agamämmedi şäherden çolaraga çykaryp bolmazmy diýsem, näme üçinligini soraman, «bir gadak gyzyl berseň çykaraýaryn» diýýär. Onda oňa: «Meniň oýnum däl Mehti» diýdim. Olam:«Meniňem
oýnum däl» diýdi. Onsoň menem size ynanyp: «Geljek anna agşamsy «Gadagyňy menden al» diýdim. Olam «Agamämmediň nurbaty häzir meniň elimde, ol bir zatdan gaty gorkup, gaçyp meniň ýanyma gelipdir. Şol gadak diýýänim gelse, men ugruny tapyp, Maşatdan bir günlük gaýrada dowarlarynyň bakylýan ýerine ony şenbe güni elterin. Edil çopanymyň goşunda duşuşarys» diýdi. Onda men: «Onuň ýeke özünimi?» diýdim. «Ýok, onuň ýanynda iki sany janpenasy bar. Şolardan ol ölse-de aýrylyşmaz. Olar gaty güýçli pälwanlardyr, ýöne men olaryňam bir alajyny taparyn» diýdi.
Sen Kuwaly gaty uly iş edipsiň. Gadak gyzylyň gürrüňi bolmaz. Ýöne ol täjir biziň gyzylymyzy alyp aldaýmasa ýagşy?
– Ýok Mehtiniň adamçylygy, ýaramazam bolsa, «ederin» diýip zat alsa, boýun alan zadyny kemsiz başarýandyr. Onsoňam ol meni aldaýsa, menden eýgilige garaşmajagyna gözi ýetip durandyr. Ýok, ol her hili hile etse-de, aldap bilmez.
– Mehtini çola çykaryp näme etjek? Ol kime gerek diýip soramadymy?
– Ýok, onam soramady.
– Ýa ol aňýarmyka?
– Onçasyny bilmedim. Munuň ýaly işlerde Mehti sebäbini çintgäp durmaz.
– Onsoňam meniň pikirimçe, Agamämmediň Mehtide zady köpmükä diýýärin. Sebäbi Agamämmet golaýda Owganystandan talaňçylykdan gelipdir. Şol talap getiren zatlarynyňam köpüsini Mehtä satdyrmaga getiren bolmaly. Çopan goşuna elterin diýýä welin, şol çopanda Agamämmediňem goýny bolmaly. Men owal aýtdyma «at üçin her zat eder» diýip. Ol Agamämmediň şol zatlaryna-da göz gyzdyrýan bolmaly. Mehti bu işde erjel sebäp ol oljany iki ýerden urjak bolýar.
– Mehtiniň şeýleligine göz ýetireniň gowy zat. Aldatdyrmasak bolýar. Çaý-nahar edinýänçäň Mehtiň diýen «gadagynam» getirerler.
– Ýok, Serdar aga, çaý-nahar kemim ýok. Meniň gyssagym özüm bilen. Onsoňam bu taýda – o taýda Maşadam ýok. Oňa ýetmek üçinem ep-esli ýol ýöremeli. Men indi eglenmäýin, agşam anna agşamsy Mehti bilen duşuşyp, soň ýene siziň ýanyňyza gelip ýetişip bilmen. Şonuň üçinem anna güni, guşlukda Maşatdaky «Meýdany şahyň» gaýra tarapynda bir kiçijik bazarjyk bardyr, şol ýerde duşuşarys. Bolýar onda, saglykda görşeli – diýip, Kuwaly ýerinden urdy.
– Öz ýagdaýyňa seretdä. Iýip-içip gidäýseň göwnejaý boljakdy – diýip, Söýün sypaýçylyk etdi. – Ulagyň nirede?
– Oraçaň arkasynda.
– Onda men seni ugratmaga daş çykyp durjak däl. «Tamda gulak bar» diýipdirler, daşarda göz bolaýmagam mümkindir. Mehtiň «sargydyny» oglanlar häzir seniň atyň ýanyna elterler. Maşatda görüşýänçäk hoş, sag bol.

* * *
Ýekşenbe güni daň çyzylyp çyzylmanka on sany ýaragly pyýada Mehtiniň çopan goşuna Söýün serdaryň ýolbaşçylygynda döküldi. «Ýatanyň üstüne turan gelmesin» diýenleri, uklap ýatan bäş pyýadany hiç hili garşylyksyz diýen ýaly tutup, el-aýaklaryny, agyzlaryny daňyp, bäş ýigidiň her haýsy birini atynyň öňüne alyp, Bajygyranyň golaýyndaky goşlaryna tarap at saldy. Agamämmediň ýatan çopan goşunynyň töwereginde ätiýaç üçin her ýerden, her ýerden sap bolup häh diýilse, «mäh» diýäýjek bolup bukuda ýatan üç ýüz çemesi ýigitlerem gaçgagyň ele salnanyna göz ýetirip, Söýün serdaryň iş bitiren on gerçeginiň yzyna düşüp ugradylar. Çopan goşunda ýatanlaryň her haýsysynyň kellesine içi ürgün gumly haltajyklar bilen urlup, seňseledilipdi onsoň janly jandardan pyçaklanan bir ganjyk it bolaýmasa, başga bir katra-da gan dökülmändi. Ol ganjygyň ölmegine onuň eýesine gaty wepalylygy hem örän saklygy sebäp bolupdy.
Şol gün garaňky gatlyşyp, göz baglanyp ugranda «her hili garaşylmadyk ýagdaýlaryň bolaýmagy mümkin» diýip taýyn bolup oturan goşun tutuşlygyna eýýäm aýak üstünde Söýüniň gelerine garaşyp duran eken. «Agamämmedi ele salyp, sag-aman gelýärler» diýen habar eýýäm bulara ýeten bolara çemeli. Söýün serdaram gelip ýetişdi. Ol goşunyň çetinde sagynyp durdy-da:
– Hany Bally? – diýip gygyrdy. – Bally, Ödegem çagyr.
Olaryň ikisem tiz-tiz ýöräp, Söýüniň ýanyna gelip, aýak çekdi. Buýruga garaşdy.
– Bally, baryňda şol getirilen bäş adamyň kimlerdigini takyklaň. Özlerinem meniň ýanyma alyp geliň, menem olary tanaýyn.
Az wagtdan soň olaryň kimlerdigini aýyl-saýyl etdiler. Biri Agamämmet, onuň, janpenalary Barat han bilen Atahan pälwan, beýleki ikisiniň biri Ryza çopan, birem Allaguly çoluk eken.
Ilki Agamämmet hany, soň Barat bilen Atahany, Ryza çopany iň soňundanam Allaguly çolugy ýeke-ýekeden serdaryň ýanyna alyp geldiler. Her gelenden ilki bilen Agamämmedi görkezip:
– Şu oturan murtlyny tanaýarmysyňyz? – diýip, Söýüniň beren soragyna adamlar «Bu oturan murtly Agamämmet handyr» diýişdiler. Beýlekileriň kimligini Bally bilen Ödek dagy takyklany bilen Söýün ylalaşdy.
– Bally, Ödek şulary äkidiň-de ýigitlere tabşyryp, özüňizem meniň ýanyma tiz dolanyp geliň.
Az wagt geçenden soň Bally bilen Ödek dolanyp geldi.
Söýün olara ýüzlenip:
– Ýigitler, on dört sany ýaragly ýigit bilen şol iki çopany şu ýerde galdyryň. Kimleri galdyrjagymyz öz işimiz. Biziň hemmämiz obamyza tarap atlanarys. Olar «ýary gije töweregi bolar welin, iki çopanyň elini-aýagyny boşadyp goýbersinler. «Nirä gitseler, şoňa gitsinler. Ýigitlere-de biziň yzymyzdan näçe tiz ýetip bilseňiz şonça tiz ýetiň» diýiň-de berk tabşyryň. Meniň pikirimçe, on dört ýyndam atlyny Maşat tarapa gitmän, şu ýerde dynjyrak oturanlaryň içinden saýlaň.
Goşun gün guşluk galanda Germawyň günbatarsyndaky düzlüge, öňküje Eýrana gitjek bolnandaky ýygnalyşan ýere bardy.
Ýigitler! Men sizi we siziň nökeleriňizi uly iş bitirip, göbek ganymyzyň dökülen Turan topragynyň çägine geleniňiz bilen gutlaýaryn! Berekella, eziz halkymyň gerçek ýigitleri. Biziň ata-babalarymyzyň gerek ýerinde öz Watany üçin, ary-namysy üçin eziz janyny gaýgyrmaýşy ýaly sizem öz Watanyňyz üçin, özüňiziň, ar-namysyňyz üçin, halkyňyzyň bähbidini goramakda hiç bir zadyňyzy, gerek bolsa janyňyzam aýamajaklygyňyzy ýene bir gezek subut etdiňiz. Galan berekellaňyzy ilimize sag-aman dolanyp barsak öz obadaşlaryňyz ýetirse gerek.
Indi meniň sizden etjek haýyşym. Her haýsyňyz öz nökerleriňizi ýygnaň-da, ýigitleriň berekellasyny ýetiriň, Onsoňam hemme nökerleriňiziň sanma-sanlygyna ýene bir gezek göz ýetiriň. Takyklanyňyzdan soň şolaryň içinde öleni-ýiteni bolsa atlaryny, kakasynyň atlaryny, haýsy oban haýsy tiresindendigini maňa ýazyp beriň. Ol ýigitleriň her haýsy üçin biz jogap bermelidiris. Olaryň nähili ýagdaýda öleniniň, nähili ýagdaýda ýiteniniň maglumatynam ýatdan çykarmaň! Şu tabşyryklary ýerine ýetirmek üçin, nahar-şam edinip, dem-dynç almagyňyz üçin üç sagat wagt berýän. Gün dik günortanlar bolanda hemmämiz nesip bolsa arkaja tarap göterileris. Ýigitlere berk tabşyryň, hemmämiz oba bile baralyň. Öňlin-yzlyn barsak obadaky hossarlarymyzy ýerliksiz tolgundyrarys... Onsoňam halkyň içinde her hili adam bar. Agzy ýelliräkleri ugursyz myşmyş ýaýradarlar. Takyklaň: Agamämmediň iki çopanynyň ýanynda galdyrylan on dört atlyň hemmesi geldimikä?
– Olaryň-a on dördüsem başy bütin gelip ýetişdi. Diýişiňiz ýaly edipdirler. Boşadylan çopanlar urup-sökmän hiç zat etmän beýle aňsat goýberileris öýtmändirler. Şeýle bir begenipdirler. Tä garalary ýitýänçä bize alkyş edipdirler – diýip, Ödek tümen jogap berdi.
Edil bir sagat töwereginde ýüzbaşylaryň hemmesi Söýüniň ýanyna ýygnanyp, beren maglumatlary boýunça ownuk-uşak çaknyşykda, dagyň kötel ýerlerinden geçiljek bolnanda ýykylyp ölenleriniň umumy sany altmyş ýedi adam bolupdyr. Ondan başga-da Bajygyranyň alkymynda bukudakalar 17-18 ýaşly ýetginjeklerden öýlerine gaçanlaryň sanam ýüze ýetipdir.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 24 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hojanyýaz Amanow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: