07:53
Ýaş başdaky ak saçlar -4/ powestiñ dowamy
* * *
Goşunçylyga çagyrylýanlar bilen boljak duşuşykda edilmeli çykyş Hajyň böwrüne edil iňňe bolup sanjylýardy. Ol uzyn gününi pikirlenip geçirdi.
«Be, näme diýsemkäm? Häk, Garly garnyň gerek ýeri-dä, ýalan-ýaşryk gürrüň bilen märekäni daňyp goýardy. Biz ýala welin gözümiz bilen gören zadymyzam bolşy-bolşy ýaly gürrüň bermek hyllalla. ýene boýun aldyňmy her zat etmeli welin, yzynda durmaly borsuň... Ýogsa-da gürrüňi nämeden başlarkam?.. Owganystandaky çaknyşyklar hakynda-hň olar gazet-žurnallardanam okaýandyr. Gowusy olara Seýit Ahmet bilen ýüzbe-ýüz durup gepleşik geçirişimiz hakda gürrüň berjek bolaýyn-la.»
Bu waka şeýle bolupdy.
...Pakystan bilen serhetleşýän demirgazyk-gündogardaky jülgeleriň birinden ruhlaryň uly toparynyň bärligine geçjekdigi hakynda habar gelip gowuşdy. Hajy dagydyr Eshan Dawudyň wzwoduna şol jülgäniň agzyny saklamak tabşyrylypdy. Olar ýagtygözinden baryp, iki dagyň gysylýan ýerinde jaýlaşdylar. Tabşyryk şeýledi: «Eger-de ruhlaryň öz ýurtlaryna gelip, ýaraglaryny tabşyrmak hyýaly bar bolsa, onda olary hoşamaýlyk bilen garşylamaly, pälleri-niýetleri bozuk bolsa-da şoňa göräräk hereket etmeli. ýöne welin, olaryň nä maksat bilen gelýändiklerini bilip bolsa».
Hajy dagyň şol garaşyp ýatyşlary. Bu töwerek ok ýagdyryp, ala-zenzele edip, asudalygy bozmaga dözer dagy eder ýalam däl, diýseň owadan, özem tüýs ýowuz owadan diýilýäni. Edil pyçak bilen kesilen dek kert gaýaň ýokarsyna seretseňem, aşak seretseňem başyň aýlanýar Çar töwerek gara basyrylyp ýatyr. Hatda iň beýik ýalçy gaýalaryň depelerem şemalyň süpüren ýerleri bolaýmasa, durşuna gar bolup dur. Özem bu garlar asla ereýärmikä beri diýdirýär. Jülgäň düýbi bilen ýylan ýaly egrem-bugram bolup akýan dag derýajygy bu ýerlere has-da özboluşly gözellik berýär. Onuň baryp Amyderýa sapýandygyny Eshandan eşidenden soň bolsa derýajyk Haja has-da mähriban görnüp başlady.
«Diýmek onda, Garagum kanalynyň suwunyň emele gelýän ýerleriniň birem şu daglar bolmaly-da».
Içini gepledip oturyşyna töwerek-daşy tutup ýatan garlara, şol garlardan emele gelýän derýajyga ýüzlenip: «Obama... Ejeme... Sülgüne salam aýdyň» di- ýip, dodaklaryny gymyldadanyny Hajyň özem duýmady. Ol birsalymdan üşän ugranyny aňyp, ýerinden gobsundy. Onýança-da niredendir uzaklardan bir ýerden at toýnaklarynyň sesi eşidilip ugrady. Esgerler muňa heşerlenişdi. Ýöne at aýagynyň sesi birden tapba kesildi. Töweregi ýene-de asudalyk gurşap aldy. Ruhlar gije geçer öýdülip çak edilýärdi. Ýöne olar öýlänler peýda boldy.
Howaň sowugy, onda-da «ömrylla eremeýärmikä?» diýdirýän garly dagyň sowugy içiňden geçip barýar. Gymyldaman ýatmaly bolansoň esgerler sowukdan ýaňa gök nil. Şol wagt golaýjakdan bir ýerden megafonda gürlenýän ses eşidildi. Megafonda puştu dilinde bir zatlar gürlenýärdi. Esgerler aşak seredenlerinde derýajygyň aňyr ýüzündäki megafonly adamyň ak baýdagy bulaýandygyny gördüler. Onuň ýanynda-da iki adam bar. Olar ep-esli wagtlap seslerini çykarmadylar. Birdenem töweregi ýaňlandyryp megafonyň sesi täzeden eşidildi. Megafonly indi rusça gürleýärdi. Aňyrbaşy gowy gürlemese-de onuň näme diýmekçi bolýandygyna düşünse bolýardy. Ol gepleşige çagyrýardy. Eshan Dautdyr sowet goşunlarynyň wzwod komandiri Fomenko maslahat edip birsalym duranlaryndan soň Haja-da parlamentýorlar bilen gepleşige gitmelidigini duýdurdylar. Şeýdibem üç kişi gaýadan aşaklygyna sallanyp ugrady. Barsalar üç sany daýaw pyýada dur. Hajy ortakyny – gürzelek sakgally, selleli, uzynak adamy derrew tanady. Ol lazurit almaga baran kerweniň ýolbaşçysy Seýit Ahmetdi. Ony Fomenko-da tanan bolmaly. Şu töwerekde hereket edýän bandalar hakdaky maglumatda Seýit Ahmediňem suraty bardy. Eshan Daut onuň bilen baş atyp salamlaşdy.
...Tarakiniň janyna kast edip, Amin döwlet başyna geçäýen uçurlarynda Seýit Ahmet Moskwadaky oba hojalyk akademiýasynyň ikinji kursunda okaýardy. Aminiň hereketleri barada eşidip ugranyndan onuň ynjalygy gaçdy. Ahyryn gysga wagtlyk rugsat alyp, öz ýurduna gaýdarman boldy. Obalaryna barandanam kakasydyr iki inisiniň şeýle hem garyndaşlaryndan, obadaşlaryndan birnäçe adamyň ýitirim edilen- digini eşidýär. Seýit Ahmet haýdan-haý ýitirim bolanlaryň gözlegine çykýar. Ahyrynam olaryň ýoklanandygyny anyklaýar. Ol näderini bilmän, esli wagtlap içini hümledip gezýär. Seýit Ahmet arza bilen ownukly-irili edaralaryň gapysyny kakyp başlaýar. Arz edip Kabula baranynda bolsa onuň özünem türmä basýarlar. Oňa indi içini tutup oturybermekden başga alaç ýok. Seýit türmede birnäçe adam bilen tanyşýar. Oňa şolar bilen gaçmagam başardýar. Türmeden çykybam daga özlerini atýarlar. Wagt geçip dur. Ahyryn Aminiňem ýoguna ýanylýar. Ýöne onda-da Seýit Ahmediňem, ýoldaşlarynyňam içi sowap gidiberenok. Olar aktiwistlerden, sarandoýyň işgärlerinden, owgan goşunynyň esgerlerinden öç almaklaryny dowam etdirýärler. Kerwenleri talaýarlar, elektrik liniýalaryny weýran edýärler. Owganystan respublikasynyň täze ýolbaşçylary Seýit Ahmet ýalylary ýaraşyga çagyrýan karar kabul edenlerinden soň, öz welaýatlarynyň gubernatory hem-de halk demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň sekretary Abdylla Seýit Ahmet bilen duşuşmak başardýar. Şonda Abdylla oňa respublikaň tarapyna geçmegi maslahat berýär. Eger-de Seýit Ahmet muňa razy bolsa günä geçmek baradaky dekret boýunça günäsiniň geçiljekdigini hem-de ähli graždan hukuklarynyň gaýtarylyp beriljekdigini aýdýar. Ýöne Seýit Ahmet: «Hany bir göreýin» diýip gitse-de soň yzyna köwlenmeýär. Hatda şondan soň yzarlanmak dan çekinip, öz ýaranlary bilen Pakystandaky owgan lüçjeklerine baryp goşulýar. Ol ýerde-de «Sowet Soýuzynda okan bolsaň düzüw dälsiň» diýip, oňa ynam edenoklar. Onsoň oňa ne-hä ýarag, ne-de kellekeserler üçim Günbataryň buržuaz döwletlerinden goýberilýän serişdeden kömek almak başardýar. Şeýdip, ol iki jahanyň owarrasynda galýar.
...Ahyryn Seýit Ahmet gürläp başlady.
– Ep-esli wagt bäri aýalymy, çagalammy göremok. Ertire çenli obada galmaga ygtyýar etseňiz.
Eshandyr Fomenko biri-biriniň ýüzüne seredişdiler. Olar Seýit Ahmediň düýp maksadyna düşünenokdylar.
«Eger obasyny, aýalyny, çagalaryny eziz görýäni çyny bolsa ylalaşyga geläýmän...»
Komandiri ikirjiňledýän zatlaryň birem Seýit Ahmediň talaňçylygy hakdaky maglumatlar.
Hajy Seýit Ahmedi synlap dur. Onuň gabaklary ýellenişip duran tukat gözlerini, sowuk şemala gaýzykmakdan ýaňa garört bolan ýüzüni synlap nebsi agyrýar.
Dymyşyp esli duransoňlar Eshan dillendi:
– Biz seni bu nökerleň bilen nädip oba goýbereli? Eger ýeke özüň çagalaňňy görerin diýseň baş üstüne.
Seýit Ahmet agyr gabaklaryny galdyrdy.
– Men onda bu adamlary nädeýin? Olaram oba bar- synlar, ýatyp dynç alsynlar, ýylynsynlar, ýylyssy iýip garynlaryny ýazsynlar-da.
– Eger ylalaşyga gelip, nökerleň ýaragyny taşlasa o başga gürrüň. Onsoňam biz häzir general Aziz bilen habarlaşaly. O näme diýýä.
Seýit Ahmet «gerek däl» diýen terzde kellesini ýaý kady-da, lapykeçlik bilen yzyna öwrüldi. Onuň ysgynsyz ädimler bilen ýöräp barýan keşbi soň-soňlaram Hajyň gözüniň öňünden gitmedi. Seýit Ahmet gidenden soň, sähel salymdan onuň nökerleri bärligine ok ýagdyryp başladylar. Oklar edil çabga ýagýan ýaly bolup birsalym dowam etdi. Birdenem tapba kesildi. Az wagtdanam at aýaklarynyň barha uzaklaşýan sesi eşidildi. Seýit Ahmet nalaç yzyna dolanmaly bolupdy...

* * *
Agşam Hajy patrulçylyk etmäge baranda Ýakup oňa raýon merkezindäki bazarda biriniň motosikliň şaýlaryny satyp otyrka tutulandygyny, şonuň üçin Annaýar aganyň motosikliniň ähli dokumentlerini alyp, raýmilisiýa barmalydygyny aýtdy. Hajy nobatçylykdan soň barsa Annaýar aga şindizem ýatman eken.
– Ikibaşdan ertir raýona gitmeli bolsaň milisä-de özüň baraýsana – diýip, pasportdyr motosikliň dokumentlerini Haja berdi.
Hajy ertesi raýona tarap ýola düşmekçi bolanda ýaglyga dolangy döwük gulpam sumkasyna saldy. Raýon merkezine barandanam ilki telestudiýanyň işgäri, Altyýewden habar tutup görmegi ýüregine düwdi. Şol maksat bilenem «Ýawasyny» telefon stansiýasyna tarap sürdi. Oňa indi Altyýewiň ýaşlar redaksiýasynda işlemeýändigini aýtdylar.
– Altyýew gerek bolsa otdel wypuskadan soraň!
Hajy şol bölümiň telefonyny alyp, jaň edende
Altyýewiň günaşa agşamyna işleýändigini, şoňa göre-de onuň ertir agşam altylarda gelmelidigini aýtdylar. Hajy büçe bolanyna görä, onuň öýlerindenem habar tutmagy makul bildi.
– Salawmaleýkim!.. Altyýewleriň öýlerimi?
– Hawa, edil özi. Kim? Gaty gowy. Aý, käte şeýlerägem bolýa-da. Zyýany ýok. Hemmesi düzeler-le. Ýöne telewideniýede goýbermeseler gazete ýazaryn welin, bu ýagdaýy şunlugyna galdyryp bolmaz. Ýene-de hökman bararyn. Haçan diýýäňmi? Birigün irden baraýsam gerek. Hoş, onda, sag bol...
Hajy trubkany gulagyndan aýyrmanam köp durdy. Ol Altyýewiň wejiniň ýokdugyny sesinden aňypdy.
«Bäý, bular ýaly edaralarda-da beýle-beýle zatlar bolýan bolsa biziňki ýalyjak sowhozda dagy zady geň görmeli däl-ow...»

* * *
Hajy raýmilisiýa baryp, özüniň nä habar bilen gelendigini aýdanda nobatçy ony bir kabinete alyp bardy. Tördäki stoluň aňyrsynda oturan kapitan Hajyny bada-bat tanady. Ýakynda ol «Şurawi» otrýadynyň işi bilen tanyşmaga barypdy. Kapitan onuň habaryny alyp, motosikliň dokumentlerini gözden geçirdi. Soňra burçdaky stoluň üstüne örtülen matany syranda, aşagy durşy bilen şaý bolup ýatyr. Kapitan dwigateliň nomeri bilen pasportyny öwran-öwran deňeşdirip gördi. Ol bu detallaryň nomeriniň dokumentdäki bilen gabat gelýändigine ymykly göz ýetirensoň bir kagyzy uzatdy-da:
– Ine, şujagaz ýere goluňyzy çekiň-de alyp gidäýiň – diýdi.
– Ogryň kimdigin-ä anyklap bolan däldir? – diýip, Hajy kapitana ýüzlendi.
– Bulary biri bazaryň golaýynda satjak bolup durka ele saldyk. Ýöne ol ogrulygy teý boýun alanok «Menem birinden satyn aldym» diýýä. «Kimden?» diý seňem, «Alan adamymy tanamok» diýýä.
– Onuň kimdigini bilip bolmazmyka?
Kapitan Hajyň ýüzüne seredip biraz sägindi.
– Onda biraz garaş – diýdi-de, çykyp gitdi. Sähel salymdanam Müllini alyp geldi. Haja gözi düşenden Mülliň ýüregi ýaryldy, bosagadan ätlän ýerin-de sakga durdy. Ol halys ruh bolup galypdy. Sakgaly ösgün bolansoň hasam perişan görünýär. Golaý-goltumda gaýçy degmedik saçlaram ýeňsesinden çogup dur.
– Ýer-ow, bu nä boluş?
Mülliň gürläsi gelenok. Aşak bakyp durşuna ahyryn Haja naýynjar seretdi. Onuň dalda isleýändigi köre hasa. Mülli hiç-haçanam etli-ganly, daýaw oglan däldi. Ýöne şu bolup durşy tanamasaň, köp wagt hassa ýatyp eňki gaçan, orta ýaşly adamdyr öýtdürýär. Öçügsi gözleriniň aşagy sallanyşyp dur. Ýetişibildigindenem pallaýar.
– Men ogurlamok how! Ýöne o gün bazara barsam bir adam: «Şulary alsana, maňa zerur pul gerek, özem arzanjak bereýin» diýip, ýalbaryp dur.
Mülliň sesi edil guýudan gelýän ýaly.
– Ýegenimiziň köneje motory bardy-da, şoňa bor-da diýip alaýdym. Soň görsem bu şaýlar oňka boljagam däl. Onsoň sataýmasam dagy ýarajak zady ýok.
Ol düýpleri kirden ýaňa garalyşyp duran ösgün dyrnaklary bilen kellesini gart-gart gazady. Şonda Hajyň ýadyna sumkasyndaky ýaglyga dolangy gulp düşdi. Mülliň gürrüňiniň çyndygyny ýa-da ýalandygyny gaty asym çöp döwlen ýaly edip biljekdigine Hajyň gözi ýetip dursa-da, sumkasyndan gulpy çykarjak bolmady-da, kapitana ýüzlendi:
– Men muny gowy tanaýan. Beýle işlere baş goşjak oglan-a bolmaly däl.
Diňe şondan soň gapyň agzynda sömelip duran Mülli biraz ynjaldy. Kapitan Hajyň ýüzüne ynamsyzlyk bilen seredip durdy-da:
– Bolýa-da gowy tanaýan bolsaň gaýtsyn-da – diýdi. Ol soňra Müllä ýüzlendi.
– Ýöne iki hepdeläp obadan çykmaly dälsiň!
Hajy bilen Mülli milisiýanyň jaýyndan çykdylar-da, motosikle artlaşdylar. Hajy motosikli dellekhana sürdi. Saçy bejerilip, sakgaly syrylyp bolnup barýarka Hajy:
– Muň dyrnaklarynam aýryp bereweriň! Özüniň-ä eli degýän däldir – diýende, Mülli oňa alarylyp seretdi. Ýöne sesini çykarmady. Olar naharhanada garynlaryny doýranlaryndan soň komsomolyň raýon komitetine garşy ýörediler.
Duşuşyk giç gutardy. Olar şondan soň göni oba gaýtdylar. Mülli öýleriniň deňesinde galjak bolan-da Hajy «Öýe baryp çaýlaşaly» diýip ony motosiklden düşürmedi.
– Ýer-ow dost, nirede otlap, suwlaýaň? Brigadadan-a gidipsiň öýdýän?
– Aý, hawa, garaz edil häzir-ä meňňem belli bir işleýän ýerim ýok.
– O nä?
– Aý işem tapylanok, maňa-ha...
– Şeý diýsene... Mülli klasdaşlammyzdan heý kimi görýäň?
– Aý, meňňä görýän adamymam ýok... Näme?
– Gaty göresim gelýä. Näçe wagt bolupdyr olary görmänime... Bir üýşeliň-le.
– Bor-da.
Hajy çaý başynda mekdep ýyllaryny, bile okan ýoldaşlarşy ýatlap, obadaky ýagdaýlar barada ondan-mundan gürrüň gozgap, Müllini gordurjak boldy. Ýöne Mülliň zat bilen seri ýok, şol irkiljiräp gyşaryp ýatyşy. Ahyryn Hajy gönüläp ugrady.
– Şu bolup ýörşüňden özüň beri razymy?
Mülli dikelip oturdy.
– Bir maşgalaň keşigini çekip ýörmeli halyňa garry eneň boýnuna atlanyp otyrsyň?
Bu gürrüňe çydap oturmaga Mülliň uzak takady ýetmedi, ýerinden gobsundy.
– Ýer-ow, näme beýle birden turmakçy boluberdiň?
Mülliň ýympyk ýüzünden garyň borap durşy.
– Men öýe baraýyn-la – diýdi-de, ol köwşüne elini ýetirdi.
– Ýok entek turmak bolmaz. Turmaly bolanda özüm aýdaryn.
Hajy dostunyň elinden köwşüni aldy-da beýleräge oklap goýberdi. Mülliň muňa girre gahary geldi.
– Näme how, köwşi zyňýaň?
– Köwşüňi zyňdyrmajak bolsaň adam borlar.
Mülli saňňyldap durşuna yraň-daraň ýerinden turdy.
– Şeýdip bir gaýratly, arly-namysly ýigit bolaýsaň-a gowy zat welin, näbileýin-dä – diýip, Hajam ýerinden turdy.
Mülli oýlagrap durdy-da, göwünsizlik bilen keçäň gyrasynda oturdy.
– Senden bir zat sorajak, ýöne, dogryňdan gel.
Hajy Mülliň ýüzüne ýene-de birlaý göz aýlady.
– Motory kim ogurlady?
– Men näbileýin... – diýip, Mülli ýüzüni sapajaklatdy.
– Çynym bilen soraýan.
– Bilemok diýdim-ä men saňa.
– Bileňokmy? – diýip, Hajy penjiräň öňünde ýatan sumkadan ýaglyga dolangy gulpy çykardy-da, onuň öňünde goýdy.
– Gulpy ekspertiza görkezjek, barmak yzlary hökman bolaýmaly. Onsoň seň eliň yzlary bilenem deňeşdirmeli bor.
Keçäň gyrasyny dyrmap oturan Mülliň Haja seretmäge ýüzi ýok.
– Adam ýaly boýun alaýarmykaň öýtdüm welin, etmediň. Asyl senden beýle-beýle hokgalaram çykjak eken. Hany aýt, indi nä ýüzüňe Annaýar agaň gözüne görünjek, hä?
Halys ugruny ýitiren Mülli eline ýer tapmaýan ýaly başagaý bolup otyr, soňabaka burnuny çekip, gözlerini ýeňi bilen süpürdi. Onuň bolup oturyşyna Hajyňam weji gaçdy.
«Mes bolýarlar. Meslikden ýaňa araga, tirege baş urup, iliň gözünden düşýärler. Indi sen bu külpetiň aşagyndan nädip çykaýarkaň?»
Hajy ogrynyň kimdigini Annaýar aga-da aýtmady. Bu bolgusyzlygyň Mülliň işidigini eşitse, ýaşulyň gynanjakdygyny bilýärdi.
Barjak diýen güni giç öýlänler köneje «Zaporožes» maşyny bilen oba Mälik Altyýew geldi. Onuň ýanynda fotoapparatlarydyr wideokamerasam bar.
– Näme, işleýän bölümiňi üýtgedäýdiňmi? – diýip, Hajy ýüzlenende «Ýok, üýtgetdirdiler» diýip, ol ajy ýylgyrdy.
– Biz haçan teoriýa bilen praktikaň deň gelmegini gazanyp bilerkäk? Okadanlarynda-ha bir zat diýýärler, iş ýüzünde bolsa düýbünden başgaça.
– Aý, haýsy ýer bolanda näme, hemmesem telestudiýaň işi bolsa...
– Tapawudy kändir-le. MGU-nyň žurnalistika fakultetinde okap ýörkäm bar arzuwym ýaşlar redaksiýasynda işlemekdi, ýaşlaryň durmuşyndaky çözülmedik problemalar hakda gepleşikleri taýýarlamakdy. Ýaşlar redaksiýasynda işe başlanyma az begenmedim. Görşüň ýaly begenjim uzaga çekmedi. Etjek zadyňy etdirmän, eliňi-aýagyňy daňyp goýýarlar. Tankydy material taýýarlajak bolsaň «Nämä gerek?» diýýäler. Problemalaýyn gepleşik etjek bolsaňam «Gepden-gürrüňden daşrakda dur» diýýäler. Ynha indi bolsa asla gepleşigiň golaýyna-da barmaz ýaly etdiler. Ýöne siziň sowhozyňyzdaky eden-etdilikler hakynda gepledik taýýarlasym-a gelýä. Her niçik-de bolsa bu zatlary şunlugyna galdyryp bolmaz. Käbiri öňünden çykylmajagyny bilse, adamlaň depesinde gezýä. Bu zatlaň ahyry soňuna çykylsa-da çykylar welin, häzirlikçe köseýä-dä.
Hajy Mälik Altyýewiň gürrüňini diňläp durşuna:
– Eger ýeriň üýtgedilmegini islemeýän bolsaň, arz edäýseň bolmadymy? – diýip, ýuwaşjadan gürledi.
– Soňunyň nähili boljagyna bilemok welin, arz-a edilendir – diýeninde Mäligiň gözleri ýangynly ýylpyldady. – Ýöne näbileýin-dä, arzadanam netije çykaýsa. Arz edilýän ýerlerdäkiler bilen biziň edaramyzyň ýolbaşçylary bir adam ahyryn.
«Be... bu zatlar şeýder gider otyrmyka? Heý soňy bolmazmyka?»
Çaý-nahardan son Hajy:
– Ýeri, indiki maslahat? – diýip, Mälige ýüzlendi.
– Otrýadyň döredileli bäri, heý obada üýtgän zat boldumy? Hajy diňşirgäp durdy-da:
– Enteg-ä görnüp duran zat ýok – diýip, müýnli gürledi. – Ýöne bir şaýka bar, ogurlyk edýän, şoňňa yzyna düşýäs.
Olar mazaly garaňky düşenden soň turup ugrady.
– Belki ştaba baryp göreris, täze maglumat düşmedimikä?
Mälikdir Hajy ştaba baranda beýlekilerem ýygnanyşan eken.
– Deňňenäň Mülli tenteklerde ediläýýän ýalylygy bar. Ol «garnynyň haýryna deňňeneçilere jaýyny berýämiş» diýip gürrüň edýäler. Ýöne olaň haýsy gün ýygnanyşýandygyny bilip bolsa.
«Eý Mülli, dostuň bar bola. Öýňüzi orramsyň oýnagyna öwürmäge neneň bognuň ysýa. Öý diýilýän bir öwlüýä ýaly, mukaddes zat bolmalydyr ahyryn. Diýilýän zatlar dogry bolsa-ha kşiň gaýdypdyr. Sen eýýäm şo derejä ýetäýdiňmikäň? Bar, sen-ä bir gutaran diýeli, bu şama-şaýyrdylyga ejeň nädip çydaýarka?»
Şu oýlar Haja ynjalyk berenok. Olar obaň arasynda aýlanyp ýörkäler, Mälik gaýdarman boldy. Hajy oňa «Ýat-da ötägit» diýse-de etmedi.
«Ýeri, Mülliň ýaranlary kim bolup biler? Belki häzir olara baryp göräýsek...»
Hajy Müllilere ýeke özi barmagy makul bildi. Gi- je tüm garaňky bolansoň, edil iki ädim öň ýanyňy saýgarmagam hyllallady. Köçäň gyrasyna ekilen agaçlar töweregi hasam garaňkyradýardy.
«Araksyz-tireksiz-ä deňňene bolmaz. Onsoň olar azda-kände çekinmänem durýan däldirler. Diýmek, olar mellegiň aýagujundaky paty-puty atylýan jaýda bolsalar gerek. Şo jaýda çyra-da bar».
Ol goýun agylyň öňündäki erigiň duşuna ýetende bir garaň baglaryň arasyna sümüp gidenini saýgardy.
«Deňňeneçileriň garawuly bolsa gerek...»
Hajy ädimini ýygjamlatdy.
«Häk, ýanyma oglanlardanam alsam gowy boljak ekeni...»
Ol gapa ýetenden aýak çekdi-de, diň saldy. Çyra ýanyp duranam bolsa yns-jyns ýok ýaly. Gapy diňläp durmagy uslyp bilmedi-de «Soňuny sanan batyr bolmaz» diýip, urduryp içerik girdi. Görse, diňe Merjen eje peçiň gapdalynda ýazylan düşegiň üstünde bir gysymjyk bolup ýatyr. Ol gapy açylandan kellesini galdyrdy.
– Giç ýagşy.
– Gelen ýagşy. Geleweriň!
Garry dikelip oturdy-da, gapyň agzynda duranyň kimdigini tanap bilmän, çiňerilip-çiňerilip seretdi.
– Merjen eje, gurgun oturanmysyňyz?
– Wiý, bu asyl Hajy senmiň, görşäýeli! – diýip, garry süýşenekläp ugrady. Hajy sag elini uzadanyndan Merjen eje iki eli bilen görüşdi.
«Deňňeneçiler bu gün-ä ýok ýaly. Ýa-da bu bir gürrüňmikä? Aý, ugrunda bir zat bolmasa, aýdylasy ýok-la... Näme-de bolsa garryny biderek bimaza etdim öýdýän...»
– Geç-ä näme gapyň agzynda dursuň! Ýeri, sag-aman geldiňmi? Gulluga gideniňi bilýän-de, geleniňi eşitmändim, gözüň aýdyň köşek!
– Sag boluň, Merjen eje. Içiňiz-daşyňyz hemme saglykmydyr?
– Geçsene ýokarrak, beýdip durma-da. Geç-ä düşekliräk ýere.
Garry peçiň gapdalyndaky käseleriň birini çaýkap, öz içip oturan çäýneginden çaý guýdy.
– Merjen eje, nähili taplar ýagşymydyr?
– Aý hawa-da, tabam näme garry adamyň tabydyr-da... Sen geç-de ornaşyklyrak otur, menem häzir çaý goýaýyn.
– Çaý diýip azara galmaň. Klasdaş bilen salamlaşaýaýyn diýip sowulypdym-da.
– Oňarypsyň-da – diýip, garry haýdan-haý çaý goýmak bilen boldy.
Hajyň hyýaly uzak oturarly däldi. Ýöne «Mülli barada gürleşmäge şundan amatly pursat bolarmy, bolmazmy» diýip, garryň çaýyny içermen boldy. Köwşüni çykardy-da, peçiň gapdalynda ornaşdy.. Onuň Mülliň ejesini gürledip ýagdaýlary has anygrak bilesi gelýärdi.
– Müllem mes-gurgun gezip ýörendir-le?
– Mesdir-le. Mes bolman, oňa nä döw çalar öýdýäň.
«Pahyryň oglundan ody bar-ow...»
Garry ilki saçagy uzatdy, soňam gowurdakly pitini süýşürdi.
– Bu bir dogman geçen boldy – diýip, Merjen eje peçiň oduny tutaşdyrjak bolup üfläp başlady.
– Perzentsiz öten bolsam mundan mün esse gowy bordy. Bu ýezit aragy az görýän ýaly, indi neşä-de halys özüni aldyrypdyr.
Ozalam bir gysym bolup oturan garry Hajyň göwnüne barha kiçelip, ýere girip barýana döndi. Garryny zeýrendirip oturmaga ýüzi çydamady-da, gürrüňi başga ýana sowmakçy boldy.
– Sizem ýöne, zeýrenip oturan bolaýypsyňyz. Hany, toý etjek bolaňzokmy? Mülliň ýanyna «uzyn saçly molla» gelip, okap başlasa basym ol eşegini ýola gatar-la...»
Bu gürrüňler garryny köşeşdirmän, gaýtam, edil oduna ýag guýlana döndi.
– Wah, ýakmasana meni beýdip, şol uzyn saçly molla dälmi, muň işini gören?
– Näme, ýa-da eýýäm ony öýerip dagy edäýdiňizmi? – diýip, elindäki bölejik çöregi agzyna saldy-da, saçagy dolap pitinem aňyrrak süýşürdi.
– Öýlenişem bar bolsun, bu ýer çekmişiň, zat edişem.
Garry çöke düşüp gujagyndaky ýassygy tirsekläp otyr.
– Öýlendi-le öýlenmän geçen.
Hajy muňa hasam aňka-taňka boldy. Garry zeýrenip-zeýrenip oglunyň öýlenişini gürrüň berdi.
...Merjen eje başdan oglunyň nökerlerini halaman başlaýar. Asyl bir gün däl, iki gün däl, günüň-gününde ilkagşamdan başlanýan şakyrdy daňdana çekýär. Onsoň olar tä dagaýançalar ene pahyryň gözüne uky gelýärmi näme? Oglunyň nökerlerini ürküzäýmegiňem ebeteýini tapman, «Müllini öýersem bu gohdan dynmazmykam?» diýip, obada göwnüne ýaraýan gyzlarynyň hossarlaryna söz aýdyp ugraýar, gyzlylaryň birnäçesi «Seň şo tentegiňe kim gyzyny berer?» diýse, birnäçesi galmaz ýaly edip galyň salýar. Salynýan galyňa gurby çatmajak bolansoň, gaýgy edip garry görgüliň halys gutumy guraýar. Onsoň ol: «Näme-de bolsa karz-kowalyň ugruna çykaýyn, Mülli işlär üzer-dä» diýip ýörkä, bir gün ogly:
– Eje, orlup-çapylyp ýörme. Bir amatlyja maşgala bamyş, şony alaýaly-la – diýýär. – Üç mün manat pul bilen daşyny dolasak bolany, öýe getiräýmeli...
Merjen eje bu söwdany çigiräk görüpdir, ýöne ogly ony gününe goýmandyr.
Okuwa diýip öýlerinden gaçyp gaýdypdyr. Okuwa girip bilmänsoňam, yzyna barmaga çekinip, elin tanaýan adamyňyz bolsa barjak diýipdir. Eje, bize şondan amatly maşgala aňsat däldir – diýip, Mülli halys özelenip otyrmyş.
Merjen eje oglunyň gürrüňine gaty bir pisint etmese-de, dagam bir çemeli zat bolmansoň, ahyryn razy bolupdyr. Bu zatlar gaty maňzyna batmansoň, ol gelin barada goňşy-golamlara-da syzgyn bermändir. Mülli günleriň birinde Garly garyn dagy bilen bir gyzy yzyna tirkäp gelipdir.
Garryň gürrüňini diňläp oturyşyna Hajy: – Aý, bolýa-da ahyryn ýürekdeşje maşgala duşan bolsa – diýeninden Merjen eje ýakasyndan ot atylana döndi.
– Ýürekdeş näme işlesin. Aý, biziňkem näme ýöne bolýa-da. Binamys boldy, biziň bu ýezidimiz. Ondan ýaňa içim otdur-la, bir ölüp bilýän däldirin, bu bolýan zatlara. Aý, bolýa-da.
Hajy näme diýjegini bilmedi. Merjen ejäň soňky gürrüňiniň magadyna ýetjegem bolmady. Garrynyň gelninden göwnüniň suw içmeýäni görnüp dur, ony mundan artyk zeýrendiresi gelmedi.
– Mülliňem gelmedigi boldy öýdýän. Pylan ýere gitjek-beýlekä diýen däldir?
– Nirä gidendir öýdýäň, tünegindedir-le. Men-ä oň ýüzünem görýän deldirin.
Hajy Merjen ejäň gasyndan doly tukat ýüzüni synlabam birsalym durdy.
«Be, heý-de ene öz ýeke dikrarynyň, perzent öz käbesiniň ýüzüni görmese, biri-biriniň halyny soramasa nähili boraý? Heý, ynsan üçin mundan beterem bir kyýamat bomy? Nädeňde bulaň kalbyna ýürekdeşlik nuruny çaýdyryp borka?»
Hajy beýnisindäki damarlaryň sorkuldaşyp başlanyny aňyp ugrandan ýerinden gozgandy. Şeýdibem hoşlaşyp, çykyp gitdi.
«Eneli-ogly nädip ýaraşar ýaly etmeli?»
Daş çykanyndan Hajy ilerki tamda bir öçügsije yşygyň bardygyny saýgardy-da, mellegi ikä bölüp geçýän peliň ugry bilen şol ýagta tarap ýöräp ugrady. Garaňkyda tamyň gapysyny tapmanam kän kösendi. Ahyryn ýagty düşýän penjiräň agzyragyna baryp: «Mülli!» – diýip gygyrmakçy boldy. Penjire tutulgydy. Ýöne içerdäki ýagtyň diwardaky gülçyradan düşýändigiňi Hajy aňdy. Penjirä golaýlandan fortoçkanyň açykdygyny gördi. Diňşirgenip duransoň «ýatypdyrlar öýdýän, bimaza etmäýin» diýip, yzyna çekiljek bolanda ýakymsyz ys burnuna hapba urdy. Ol ys çilimiňkidi. Hajy diň salyp durşuna içerdäkileriň pyşyrdaşýandyklaryny, aram-aram kikirdeşýändiklerini eşitdi. Öýdäkileriň oýadygyny aňansoň, sesini çykarman gidibermegi birhiliräk görüp, ardynjyrajak boldy. Ýöne öýden eşidilýän gürrüň edil onuň beýnisinde deprek kakylýan ýaly etdi.
– Goýbersene oglan, bolşuň-dagyň nähili, ömrüňde zat garasyny görmedik ýaly.
– Seň üýtgeşik bir jadyň bar öýdýän, hiç aýrylyp bilemok.
Hajy bu sesiň Mülliňki däldigini bada-bat tanady. Aýal sesem bir tanyş sesdi.
– Düzüwliräk bolsana, birden o peläket geläýmesin...
– Ýeri, gelende näme? Hä, gelende näme? Mahym senem-äý.
Hajy kellesine taýak bilen urlana döndi.
– «Bäý-bä... Bu şol aýbygadym Mahym-ow. Ýeri, Mülliň aljagy aýal bolsa şundan başgasyny tapmadymyka?»
Birhaýukdan Hajyň gulagyna ýene-de içerdäkileriň madyrdysy gelip ugrady.
– Birden tentejigim gelip, goh turzubermesin.
– Häk, muňňam çekinýän adamsyny. Özüň gördüň-ä o tentek arakdyr neşe puluny berenime monça boldy. Onsoň büçe-büçe zatlara kaýyldyr-la. Aý, onsoňam Müllüdirdäräý...
– Aý, onda-da garaz...
– Arkaýyn bolsanaý, senem ýöne... Ýarygije arak tapjak bolsa entejik selpär-le.
Hajyň depe saçy üýşüp gitdi. Bu ses Garlyňkydy. Indi Hajyň göwresi durşuna saňňyldap dur. Az wagtlyk dymyşlykdan soň ýene-de hümür-sümür eşidilip ugrady.
– Bu näzijek teniň gel-gel şo samsygyn nesibesi bolaýşyny...
– Diňe bir oňkam däldir-le – diýip, aýal kikirdäp güldi.
– Ýogsa-da, Mahym, saňa ýene bir hyrydaram tapdyk.
– Nähili olam şular ýaly gedaýmy, ýa-da ýaglyja?..
– Äý nähili bolanda näme, galyňyňy öňünden alýas-a. Olar şenbä çenli puly jemlejekdirler. Ertir daňdan sagat bäşlerde köçede garaşjakdyryn. Ähli goş golamyňy, bulardanam göze ýararly zat bolsa alyp çykarsyň-da...
– Bulaň hamyny sypyraýmasaň zady bamy alar ýaly?
– Mahym diýýän-ä, görýän welin biziň munymyzdan netije az. Indikiňem galyňyny alaly welin, o taýda uzak eglenme. Aşgabatdaky öýüňi keýp çekilýän ýere öwreli. Käwagt bir az-owlak düşýär diýip, köp zatdan galýas. Seň jaýyňda keýp çekilýän ýer gurap bilsek...
– Jelephana açaly diýsene.
– Edil jelephana-da bolasy ýok-la. Oňa hemme kişini eltmeris. Diňe özüni oňarýan, gapjygy galyň, ketde kişiler geler. Ýaşajyk gyzlary tapmak seň bilen, müşderidir neşe tapmagam meň bilen. Şeýtsek birä-hä düşewündimiz mundan has gabarak bor, birem iş düzetmegi başarýan adamlary çekeris. Bize indi özbaşdaklyk gerek. Ýogsam Begjanow ýaly özümçe bara-ýoga ýapja bolup ýörmekden irdim.
– Jelephana açsak, milise näme diýer?
– Senem ýöne jelephana, jelephana diýip halys alyp ýatdyň. Jelephana bolmaz how, ol. Ýöne ýokary ligadaky adamlaň dynç alýan ýeri bor ol. Onsoňam birinjiden-ä syrty kädilileri çekip bilsek, olaň özi bizi otdan-suwdan gorar, milisäni dagyny golaýymyza-da getirmez. Aý, onsoňam bu görünýänje miliseler-ä özüm bir zat ederin. Olaňky hezille. Aram-aram çagyryp ýüz gram ber, ýa-da bäş baş sordur, wessalam iş tamam.
– Şeýlemi? Galanyny özüň düzetseň, gyz tapmag-a şeýle bir kynam däldir-le...
Hajy bu gürrüňleri eşidip öwfülläp dem aldy.
– Bäý-bäý bulaň plan çeken bolaýyşlaryny. Aý, bagtyň ýatypdyr Mülli dost seňňä. Ejeň görgüliň gelnin ikiňizden içiniň ot bolmagynyň asyl düýpli sebäbi bar eken-ow... Men-ä Mahym tetelli aýallara-da haýran. Her gün diýen ýaly birine heleý bolup ýörmäge bulaň neneň keşdi çekýäkä? Edil haýwan ýaly-laý. Asyl haýwança-da ýok. Ýa-da Owganystanda perenjisini aýyrýan aýallara ruhlaň daraýşy ýaly saçyny syragada, ýüzüne kislota sepäýsemmikäm? Aý ýok, ol-a bolmaz. Ýüzüne kislota-ha sepmesem sepmäýin welin, ýöne bu heleýi ujuz sypdyrmaýyn. Gowy edip ýenjägeden, saçyny syraýyn. Soňam nirä degse şoňa degsin. Ýogsam bular tetelliler çala-çula masgaraçylyg-a ýüzüne-de alanok. Wah, bulaň edip ýören işinden beterem bir masgaraçylyk bomy? Men elimde bolsady, şular ýaly nejislik edýänleriň baryny ile göz edip asyp goýar- dym. Mes bolýarlar. Hor-homsy ýaşap, iýjek çöreklerini tapman ýören bolsalar bular ýaly haramzadalyga elleri degesi ýok-la.
Şu zatlar barada pikir öwrüp duran Hajyň Owganystanda bolup geçen bir waka güpbe ýadyna düşdi.
«...Uly bandaň ýolbaşçysy Seýit Ahmet soňabaka ikirjiňläp ugraýar. Ahyrynam obasyna çagalarynyň arasyna barmagy ymykly ýüregiie düwýär. Matlabyny ýoldaşlaryna-da duýdurýar. Bu barada Pakystandaky ýolbaşçylaryna-da habar ýetýär. Onsoň olar Seýit Ahmedi diri tutup bolsa diri tutmak, bolmasa-da öldürmek barada buýruk berýärler. Seýit Ahmedi diri tutmagam, öldürmegem başartmansoň, serdarlar has dergazap bolýarlar. Şondan soň olar Seýit Ahmedi diri tutana ýa-da ony öldürendigi barada nyşan getirene uly baýrak goýýarlar. Şeýlelikde, ady belli kellekeserleri iň gowy ýaraglar bilen üpjün edip Seýit Ahmediň obasyna ugradýarlar. Olar oba gelip Seýit Ahmet barada soraşdyryp başlaýarlar. Ýöne hiç-hili gördüm-bildim ýok. Onsoň olar oba talaň salyp, ilatyň ençemesini horlaýarlar, gyrýarlar. Garşylyk görkezjek bolup sähel synanyşyk edeni hemem hökümete çala raýdaşlyk bildirýändir güman eden adamlarynyň hemmesini obadaşlarynyň gözüniň alnynda atýarlar. Olar şondan soňam Seýit Ahmede üç günläp garaşýarlar.
Bu bandaň wagşyçylygy baradaky habar owgan goşunlarynyň ştabyna-da gowuşýar. Eshanyň wzwodunyň esgerleridir Hajy dagy baranda bandalar obany paýhynlap içini sowadan ekenler. Uzaga çeken atyşykdan soň ruhlar ýuwaş-ýuwaşdan obadan gaçmaga mejbur bolýar. Esgerler ruhlardan bukulyp galany-dagysy bar bolaýmasyn diýip, öýme-öý aýlanyp çykýar.
Hajy derwezäni açyp howla girenden ýakymsyz ys burnuna hapba urýar. Entek gün aşakda bolansoň, howlyň hemme ýeri oňly saýgardanogam. Aňyrrakdaky uzyn eýwanyň aşagy bolsa hasam garaňky. Hajy töweregine seredip barşyna birden tisginip gitdi. Ol tas jesede büdürän ekeni. Jeset on üç-on dört ýaşlaryndaky işekçer jahylyňkydy. Urulmakdan ýaňa onuň kellesi, ýüzi-gözi güp ýaly çişipdir, ýaralardan akan gan bolsa egin-eşiginde doňup galypdyr. Jahyla ýüregi awap, ýöräp ugrandan Hajyň gözi aňyrrakda ýatan aýal adama düşdi. Onuňam boljagy bolupdyr. Bu zatlara seredip durşuna onuň başy aýlanyp, aýaklary gowşap gitdi. Ol biraz durup özüni ele aldy. Hajy ozalam bandalaryň zalymlyklary barada eşidýärdi. ýöne onuň özüniň beýle ýagdaýa ilkinji duş gelşi. Ol jesetleriň üstüni ýapyşdyrdy. Aýlanyp ýörşüne eýwanyň aňyrky burçunda bir gara gözi kaklyşdy. Bada-bat awtomatynyň mäşesine elini ýetirdi-de, ýöräp ugrady. Gara zat birden çalaja gymyldan ýaly etdi. Muňa Hajyň hasam zähresi ýarylyp, tas oka tutupdy. Ol ýene-de bir-iki ädim ätdi. Gara, göze görnüp ugranja gyz ekeni. Onuň gymyldamaga-da rowgaty ýok. Ýüzi-gözi çiş, durşy bilen soýuk-synjyryk, eşikleri sal-sal. Hajy ädimini çaltlandyrdy. Gyzjagazyň tebsiräp duran dodaklary çalaja gymyldady. Onuň bir zat diýjek bolýandygyny aňmak kyn däl. Hajy ylgap diýen ýaly gidip öýden suw alyp geldi. Gyz suwdan birki gezek owurtlady-da, ýüzüni sowdy. Ol ýene-de pyşyrdady. Hajy başga sözlerine düşünmese-de «nan» diýýändigini aňdy. Jübüsinde hatda çöregiň owuntygynyň ýokdugyny bilip dursa-da, awtomatyny ýerde goýup, sermenip ugrady. Soňra çöregi öýden gözledi. Ýöne otaglaryň hiçisinde-de saçaga gözi düşmedi. Lapykeç bolup dolanyp gelip, näderini bilmänem ep-esli durdy.
– Ýok-da jigim, ýok. Nan ýok.
Soňra awtomatyny egninden asdy-da, emaý bilen gyzjagazy göterip ugrady. Obaň çeträginde şindizem awtomat sesleri eşidilip dur. Onsoň ol gyzjagazy howlyň daş ýüzünde arkasyny diwara ýaplap oturtdy. Hajy ilki ony özi bilen alyp gitmegiňem pikirini etdi. Ýöne ruhlaryň haýsy öwrümde çyksa çykaýmalydygyny bilip duransoň, ony şu ýerde goýup gidenini kem görmedi. Bu taýy obaň ortaragy bolansoň, o diýen howply däldi.
– Azajyk sabyr et, azajyk... Men häzir nan alyp gelýän, häzir.
Hajy ylgawyny ýazdyrman çörek gözlegine gitdi. Golaý-goltumda ýoldaşlaryndan görünýäni ýok. Aýlanyp ýörşüne ahyryn obaň demirgazyk çeträgine golaýlanda Eshan daga sataşdy. Hajy Eshana ýagdaýlary aýdanda, ol jübüsinden bir döwüm çöregi çykaryp uzatdy.
– Bir döwüm çörek mydama ýanyňda bolsun!
Hajy şobada yzyna eňdi. Eshanam ondan galmady. Olar diwara ýaplanyp oturan gyza gözleri düşensoň biraz ynjaldylar. Hajy gele-gelmäşe elindäki çöregi gyzjagaza uzatmakçy bolandan doňup galdy. Maňlaýdan täzeräk degen ok gyzjagazyň ýüzüni gara gana boýapdy.
– Eý, wagşylar, muny nädäýipdirler?
Hajyň gözi garaňkyrap, aýaklarynda ysgyn-mydar galman, ýuwaşlyk bilen aşak oturdy. Bir haýukdan gözüni açyp, Eshana seredende onuňam gözýaşyny süpürip duranyny gördi.
Bu howly Seýit Ahmediňki ekeni...
«Asyl haramlyga eli, degmez ýaly, Mahym tetelli aýallary äkidip, şol zorluklary, şol sütemleri görkezsediň...»
Hajy näme bolsa şol bolsuna, urdy-da, penjiräni bat bilen itdi. Düşekdäkiler ýürekleri ýarylan ýaly syçyrap galdylar. Daýaw pyýadaň penjireden girip gelýänini görüp, ýarym-ýalaňaç duran Mahym jynssyz gygyrdy. Hajy, barşyňa Garlyň ýakasyndan ebşitläp tutup, bat bilen urandan ol gapyň agzyragyndaky çäýnek-käse salynýan şkafyň ýanyna zyňylyp düşdi. Ýerinden turup ugranyndan Hajy ony depdi. Urgy çökderräk bolara çemedi, Garly wagty bilen ýerinden galmady. Hajy soňra burça gysylyp, sandyrap duran aýala tarap ýöneldi. Üstüne abanyp gelýäniň tanyş ýüzdügini görensoň ol biraz arkaýşlaşjak ýaly etdi, şelaýynlyga ýüz urdy.
– Wiý, Hajy bu, asyl senmi?
Ýöne Hajyň ýüzünde, eýgilikden nam-nyşan görmänsoň, ol ýene-de çirkin sesi bilen gygyrmaga durdy. Hajy haýyna-waýyna bakman, onuň ýukajyk köýneginiň ýakasyndan towlap tutdy. Mahymyň sesi barha çasly çykdy. Hajy biraz pikirlenip durdy-da, ýeňsesine öwrüldi. Garly eýýäm gaçmaga ýetişen eken. Hajyň gözi saçagyň gapdalynda ýatan uly pyçaga düşdi.
«Bu aýbygadymyň ilki saçyny keseýin-de, soňam syraýyn...»
Hajy Mahymy ýere pylçap goýberdi-de, pyçagy almak üçin egildi. Hajyň elindäki pyçagy görüp, Mahym hasam gaty gygyrdy. Ýöne Hajyň bolşy aýgytlydy, sähel-mähel zada ýöwsellärli däl. Ol çep eli bilen Mahymyň saçyny towlap tutdy.
– Hajy!..
Bu Merjen ejedi. Ol bosagada durdy.
...Hajy!
Hajyň gulagy gapylypdy. Ol elindäki pyçagy Mahymyň saçyndan salmakçy bolandan arkasyndan kimdir biriniň aslyşýandygyny duýdy. Merjen ejä gözi düşenden Mahymy bialaç goýbermeli boldy. Ol soňra Mahyma janyýangynlyk bilen seredip, pyçagy gapdala oklap goýberdi.
Ara düşen böwşeňlikden peýdalanyp, Mahym ökje göterdi.
– Şuna-ha oňardyň guzym!
Hajyň şindizem müýnürgäp durşy.
– Merjen eje dagy alaç bolmady, seredip durmaga takadym ýetmedi.
– Muny gaty oňaransyň köşek.
Hajy Merjen ejäň razydygyny görensoň, ynjaldy. Birsalymdan daşardan ýeňil maşynyň uzaklaşýan sesi eşidildi. Şondan soň Hajyň bu öýde uzak durasy gelmedi.
– Ýagşy onda, men-ä gaýtdym.
Ol tamyň gündogarsyna aýlanandan erigiň aşagyndaky gymylda gözi kaklyşdy,
«Be, bu kimkänäý? Aý belli zat-la, muň ýaly heleýiň bolsa gijelerine öýüň töweregini boş goýaslary ýok-la...»
Erigiň aşagyndakyň gymyldaman durşy. Aýyň ýagtysy ýeňseden düşensoň onuň ýüzüni saýgarmak, kyn. Hajy golaý baryp seredende dikilgazyk ýaly bolup duranyň Müllüdigini tanady.
– Mülli!
Mülli ses bermedi.
«Ýa-da başga birimikä?»
Şobada-da Hajyň ýüregi jigläp gitdi. Onuň gözi aýyň ýagtysyna erigiň şahasyndan asylgy duran halka düşüpdi. Ol derrew aýňaldy-da, iki bökende Mülliň duran ýerine ýetdi. Mülli halkadan bir elini geçirip, bir aýagynam ýerdäki ýaşigiň üstüne atyp dur. Hajy bara-barmaşa gujaklandan Mülliň göwresi şalkyldap gaýtdy. Olary Merjen eje-de gören eken, ylgaşlap geldi. Hajy bir eli bilen Müllini saklap durşuna Merjen ejä görkezmän asylgy halkany çözüp, eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi. Merjen eje olaryň alkymyna geldi.
– Näme, ol ýene-de serhoşmy?
– Ýok-la.
Hajy Müllini göterip diýen ýaly öýlerine eltdi. Mülliň gözýaşdan ýaňa gyzaryp, çişip giden gözlerini görüp, uludan demini aldy.
«Şüçe ýetişäýipdirin-ow»
Öýlerine barýarka-da, soň-soňlaram Mülli hakdaky pikirler oňa ynjalyk bermedi.

* * *
Hajy bu gün öýe ýadaw geldi. Uzyn gün işläp, agşamam obaň arasynda nobatçylyk etmek ýadatmanam duranok. Ol nahar iýip, çaý içensoň ýerine geçdi. Ýöne wagty bilen gözüne uky gelmedi.
«Komsorgdyryn diýdi, uçýot bölüminiň müdiridirin diýdi, döw ýaly pyýadalar ýörite hak alşyp ýörler. Sowhozyň direktorydyr partorgy näme buýursa «Lepbeý» diýip höküdikläp ýörendenem bir komsorg bomy? Olarda inisiatiwa-da ýok. Inisiatiwa bolmadyk ýerde ösüşiň bolmajagy görnüp dur ahyryn. Sowhoz ýolbaşçylaryna-ha inisiatiwa gerek däl. Gaýtam olar inisiatiwa görkezseň: «Muňa näme gerekkä, geçiň öň aýagy ýaly bolup» diýýärler. Ýaşlaram muňa halys öwrenişipdir. Onsoň bary-ýogy deň, olara maslahat salýanam ýok. Ine, fermany alyp ger! O ýerde işleýänleň köpüsi komsomol-ýaşlaram bolsa, Begjanowy müdir bellänlerinde «Näme sala salman müdir belleýäňiz?» diýenem tapylmandyr. Hany demokratiýa? Adamlara şu zatlary nädip düşündirip borka? Hemme zadyň eýesiniň özleridigini, olara sala salmazdan, çöp başyny gymyldatmaga-da hiç kimiň hakynyň ýokdugyny nädip olaň aňyna ýetirip borka? Komsomol ýygnagy bolaýdygy şu meseleler hakda çykyş etmeli.
Hajy içini gepledip ýatyşyna ahyryn uka gitdi.
...Olaryn ýalňyz bitýän dag gülüni gözläp ýörişleri. Hajydyr Sülgüniň gezip ýören ýeri bulutlaryň arasy. Ynha-da olar kert gaýaň gyrasyna ýetäýmän saklandylar. Töweregine garanjaklap durşuna Sülgüniň gözi deräň aňry ýüzündäki gaýaň ýokary bilinde ösüp oturan ýalňyz güle düşýär. Ol ýuwaşlyk bilen uçudyň gyrasyna süýşüp ugraýar. Onuň bar maksady şol güle ýetmek. Kertiň gyrajygyna bardy-da, sägindi. Onsoň ilkä-hä güle, soňam aşaklygyna – düýpsüz derä seredip biraz durdy. Sülgün ýalňyz gülli gaýa bökmek üçin çemelenenden Hajy ony berk gujaklaýar. Sülgün birbada uçutdan bökmek hyýalyndan el çeken ýalam edýär. Hajy ony sähel gözden salandanam bat alyp bökýär. Hajy gözüni berk ýumup, aşak oturýar. Bir haýukdan gözüni açsa Sülgün aňyrky gaýaň bilindäki daşdan ýapyşyp, germesatan bolup dur. Onýança-da ýapyşyp duran daşy gopup, şakyrdap gaýdýar. Uçudyň düýbüne kelemenläp barýan Sülgüniň jynssyz sesi, daşlaryň şakyrdysy dünýäni lerzana getirýär.
Hajy hopugyp gözüni açsa, eýýäm daşary ýagtylypdyr. Ejesi çaý goýmak bilen gümra. Hajy ýene-de kellesini ýassyga goýdy.
«Ýeri, bu nähili ahwalat boldugyka? Ýa-da Sülgüniň bizden haraý isläp ýördügimikä?..»

(dowamy bar)...
Категория: Powestler | Просмотров: 69 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Amangeldi Şyhlyýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: