07:39
Ýaş başdaky ak saçlar -2/ powestiñ dowamy
* * *
Işler birneme böwşeňleşensoň, gumdaky kaşarlardan ders daşamaly diýen netijä gelindi. Şol niýet bilenem ýola düşüldi. Dersem ders welin, Annaýar aganyň maksady ýaşlara Garagum çölüni görkezmek. Şonuň üçinem Garagumuň has jümmüşine baryp, odunyň-çöpüň garawsyz biten ýerinde düşlediler. Garlyň maşyny dersden mazaly ýüklenensoň oňa:
– Seret ýagdaýyňa, isleseň-ä agşam öwrülip gel. Bolmasa-da ertir irräk gelseňem bor – diýdiler.
Annaýar aga Hajy dagyny çadyr gurmaga ugrukdyrandan soň, özi çalmar edinmegi ýüregine düwdi. Daýawrak sözendir sazaklary dikip, başlaryny çatyşdyrdy-da üstüne pürleri, selindir siňrenleri atyşdyrdy. Onsoň Arzygüldir gyzlara-ha çadyrda, Annaýar aga, Hajy, Mülli dagy bolsa çalmarda bolmaly edildi. Çölde ot ýakynyp, töweregiňi synlap oturmagyň özboluşly lezzeti bar. Her kim çaýdan, çörekden geregini edinensoň, Annaýar aga gezelenje çykdy. Ýaşlaryň köpüsi onuň yzyna düşdi. Çöl misli tokaý tegelenişip oturan daýaw sazaklary, her ýerde, her ýerde boýlary beýleki agaçlardan saýlanyp oturan sözenleri synlamak gaty täsin.
«Be, sazagyň, sözeniň beýle daýawlary boljak eken-ow» .diýşip, ýaşlar haýran galýar.
Siňňitli ýagýan ýagşyň soňy tozgalaýan gara ýazdy. Ýöne onda-da howa maýyl. Alabaharda gar seýrek ýagansoň bü-de bir täsinlik. Sähel salymyň içinde depedir gollar gar bilen örtüldi. Ýaşuly birsalym töweregini synlansoň, çep tarapdaky çuň goluň düýbündäki sözeniň aşaky pürlerini egişdirdi. Ýaşulyň näme etmekçi bolýanyny bilýän ýok. Ol şeýdibem yzyna gaýtdy. Annaýar aga ertesi daň ýagtylyp ugrandan Hajydyr Müllini turuzdy. Dünýe gar bolup duransoň töwerek hasam täsin. Olar gidip ugranlarynda Sülgün daş çykypdy. Onsoň olam Annaýar aga dagyň yzy bilen garaba-garaba ýöredi. Ýaşuly bara-barmana gola inäýmän, şemalyň haýsy tarapdan öwüsýändigini biljek bolup, ýüzüni göge tutup, biraz durdy. Ýöne şemal diýer ýaly şemalam ýok. Onda-da ol ygyrakdyr diýip, goluň günbatar tarapyna aýlandy. Olar bir düýp selniň aňyrsyna dulandylar-da, çuň goluň düýbündeki sözene seretdiler. Aralyk ep-esli bar.
– Han-ha, görýäňizmi towşanlary? – diýip, ýaşuly sözeniň aşak eglen pürlerinden iýip duran iki towşany görkezdi. Otlap duran towşanlary synlamak diýseň ýakymly. Towşanlaryň gözi töwereginde. Aram-aram gulaklaryny keýerjekledip, töweregine wehimli seredişýärler. Towşanlaryň biri diňşirgenip durşuna bir täsinje ses etdi. Şobada-da olar jyrralyp ugradylar. Bu waka ýaşlary aňka-taňka etdi. Towşanlar tilki gören ekenler. Gaçyp barýan towşanlaryň yzyndan tilkiň diňe guýrugy görnüp galdy. Ýaşulyň ýüzi gamaşdy.
«Durmuş-da».
Ol ýerinden galyp, yza öwrülende Sülgüne gözi kaklyşdy.
– Asyl senem bärdemiň?
Aý geläýdim-dä...
Olar şondan soň gardaky dürli haýwanlaryň yzyny synlabam esli eglendiler. Indi şapagam gyzaryp ugrapdy. Gündogar tutuşlygyna dym-gyzyl. Garagumuň jümmüşinde egsilmez mähirden doly şapagy synlamagyň ýakymlydygyny.
«Dogrudanam ýaşulyň ajaýyplykda Garaguma taý geljek ýer ýokdur diýmesiniň jany bar eken-ow...»
Hajy yzrakdan ýöräp gelýän Sülgüne gözüniň gytagyny aýlady. Onuň göwnüne bolmasa, Sülgüniň ýüzem göýä mähir suwy sepilen ýalydy.
Çaý-çörek iýlip bolnandan soň ders üýşürmek bilen boldular. Ders näçe ýyl bäri basgylanyp ýatansoň, ýöne depip alyp durmaly. Birsalymdan Garlyň maşynam göründi. Indi her kim üýşürilen dersi maşyna ýüklemek bilen garabaşynagaý. Garly ilki bilen-ä maşynynyň kapotyny açan bolup güýmendi. Soňam beýigräk depeleriň birine çykdy-da çilim otlandy. Çilimini çekip bolubam iki elini arkasynda tutup, iki-baka gezmelemäge başlady. Onuň bolşuna Annaýar aganyň jyny atlanýardy.
«Ýeri, iliň göwni üçin iki pil oklaýaňda seň ýanjygyň ýazar-ow eýsem...»
Arzygül ýaşulynyň pikirini aňan ýaly ahyryn dillendi.
– Garly senem çilimiňi çekip bolan bolsaň bäş-üç pil okla-da...
Bu gürrüňler Garlyň azaryna-da däl.
– Men maşyn sürmeli. Onsoň men işleýäkäm siz dynç alarsyňyz. Asla-da fiziki ýadawlykdan soň maşyna erk etmek maslahat berilmeýä. Ruluň başyndaky adamyň beýnisi mydama dartgynly bolýa.
– Seni gepde ýeňip bolmajagyny-ha bilýärdimem-le welin, durubam bolanok.
Maşyn dersden mazaly ýüklendi. Ugrabermeli bolanda Garly:
– Düýnem ýeke özüme gaty kyn boldy. Düşürişmäge adam bereweri – diýip, Arzygüle ýüzlendi. Aňyrrakda piline söýenip duran Mülli sesini çykarman durup bilmedi.
– Düşürmeli bir maşyn ders bolsa, kömekçi nämä gerek, ony Garly han ýeke özüňem düşürersiň-le.
Garly göwünsizlik bilen kabina girdi-de, gapysny batly ýapdy. Birsalymdan boýnuny çykaryp:
– Wiý, ýogsa-da Sülgün, sen maşyn sürmäni öwrenjek diýýädiň-le. Ýör, ýolda maşyn sürmäni öwredeýin diýip, it ýylgyryşyny etdi.
– Bolýa-da, öwretseň gidäýerin. Arzygül daýza, gidäýeýin-le, hemem Garla ders düşürişerin-dä.
– Görýän welin, seň traktory taşlap, şofýorçylyga geçäýmek hyýalyň ýok däl öýdýän – diýip, Arzygül ders üýşürip duran ýerinden oňa seretdi. Sülgün jakgyldap güldi.
– «Hünäri öwren-de ýigren» diýipdirler, Arzygül daýza.
– Bolýa-da, ýöne çaltrak öwrüljek bolaweriň. Bize indiden beýläk garşy-garşy ders diýip, gelip durmagam eýgertmez. Şu gün birneme daşajak bolalyň.
Mülli Hajyň ýanyna gelip, nämedir bir zat diýjek bolup çemelendi. Ýöne aýdyp bilen zady bolmady. Onuň näme diýmekçi bolýandygyny aňsa-da Hajy sesini çykarmady. Garly bilen Sülgüni ýeke goýberesi gelmänsoň Mülli Hajydan dalda isleýärdi. Onýança-da maşyn ýerinden gozganyp, barha uzaklaşmak bilen boldy. Hajydyr Mülli maşyn tä gözden ýitýänçä seredip durdular...

* * *
Hajy bu zatlary ýatlap durşuna ýene-de biraz sägindi. Birsalymdan iki gyrasyna tut ekilen ýabyň içi bilen ýöräp gelşine mellekleriniň deňesine ýetdi.
Töwerekde adam-gara gözi düşmänsoň, mellegi ikä bölüp geçýän peliň üsti bilen gapylaryna baka gaýtdy.
Ol golaýlaşdygyça Hajyň ýüreginiň gürsüldisi artyp, suw degirmenine gaýra dur diýýärdi.
«Birden ejem öýde bolaýsa...»
Gözi gapydan asylgy duran gulpa düşensoň biraz ynjaldy. Çemedanyny sekiň golaýjagynda goýdy-da, töweregi synlamaga durdy. Şemalyň ugruna çalaja ygşyldaşyp duran ýapraklara ýaşyp barýan günüň gyzgylt şöhleleri düşüp, bir enaýy görnüş emele gelýärdi. Mellegiň gyrasynyň jähegi ýaly bolup oturan tut agaçlaram, saralan salkymlary şahasyna agram salýan üzümlerem Hajyň gözünden uçupdy. Bu zatlary synlap doýup bilmese-de, melleklerine, öýleriniň töweregine aýlanyp görmäge bogny ysmady.
Hajyň şol garaşyp oturyşy. Şapak ýaşyp, garaňky düşse-de, ne ejesi görünýär, ne-de goňşy-golamlary. Ol ahyryn sekiň çeträginde düýrlengi keçäni ýazdy-da, üstüne geçip gyşardy. Hajy asmanda ýüzüp barýan Aýy, petreşip duran ýyldyzlary synlap ýatyşyna ahyryn öýleriniň gapdalynda ýeňil maşynyň gelip saklanandygyny aňdy. Haý diýmän, tamyň aňyrsyndan bir gara göründi-de, gapa ýöneldi. Hajyň ýüregi böküp gitdi. Ýaňky gelen onuň ejesidi. Arzygül hiç zatdan habarsyz, gapyny açyp, içerik girdi. Hajy näderini bilmän, ýene birsalym oturdy. Ardynjyrap gördi, onda-da ejesi çykmady. Ahyryn içki tamyň çyrasy ýanansoň ýerinden turup ugrady.
– Essalowmaleýkim!
Oslagsyz çykan sese Arzygül allaniçigsi boldy. Yzyna öwrülenden onuň gözi işikde duran ogluna düşdi.
– Hajy!
Ogluny synlap esli durdy.
– Saglykmy?.. Sag-aman geldiňmi?
– Şükür!
Eneli-ogluň arasynda bar bolan gürrüň şu boldy. Iki ýylyň aýralygyny çeken eneli-ogul şeýdip hal-ýagdaý soraşar diýseň kim ynanar?
Arzygül çaý demledi-de, oglunyň öňüne saçagy süýşürdi. Onuň bolşy sowukdy.
Goşunçylykdan, onda-da Owganystanda gulluk edip, ogly sag-aman gelen öýüň şagalaňy tamy göçürere getirmeli. Ýöne şagalaňdan-a geçen, ogluna gözi düşüp, Arzygülüň öňki keýpem gaçan ýaly boldy.
Hajy döwüp alan bir dişlem çöregini zordan bokurdagyndan geçirdi.
«Geldiňmi, indi nähili jeza bolsa-da kaýyl bol. Hemmesine özüň günäkär».
Bu waka şeýle bolupdy.
«Be, Haja näme bolduka? Ol arakesmeden soňam görünmedi».
Pagta ýygyjy maşynlar aýlanar ýaly kartaň gyrasyndaky ýerleri tekizläp ýören Sülgün ikindä golaý traktoryny saklady. Onuň ýanaw kartaň günbatar ýüzündäki ýorunjalyga düzülen suwa aýlanmaga ugraýşydy. Durşy bilen goza bolup oturan gowaçalar Sülgüniň kalbyny hasam joşdurýardy.
Asla ykbalyň oýny-da, ýogsam, Sülgün bu jelegaýlara düşmese-de düşmezdi.
...Ol entek bäbejikkä çagalar öýüne berlipdi. Sülgün häzire çenli ejesiniň, kakasynyň kimdiginem, olaryň bardygynam, ýokdugynam bilenok.
Professional-tehniki uçilişe çagalar öýi bilen goňşy ýerleşýärdi. Sülgün ene-ata mährinden ir mahrum bolanlygyndanmy ýa-da ýaradylyşy şeýleräkmi, garaz beýleki çagalara goşulyp baranokdy. Beýlekiler oýnaýarkalaram ýekeje özi bir gyrada boýunjygyny sallar durar. Işden boş wagty çagalar öýüniň baglaryna-da ideg edensoň Sülgüniň ile goşulman ýöreni Annaýar aganyňam gözüne ilýär. Şondan soň ol Sülgün barada içgin gyzyklanyp ugraýar. Sülgüniň yzyndan hiç kimiň gelmeýändigini bilensoň, oňa ýüregi awaýar, Sülgüni özüne öwrenişdirmegiň küýüne düşýär, her gezek bir bahana bilen oňa lak atýar. Ýetimje pahyr hoş sözüň zary eken. Annaýar aga bilen tiz öwrenişýär. Onsoň ýaşuly Sülgüni öz ýanyna ýygnaýar. Ýöne Sülgün türkmençe gürläp bilenokdy.
– Gyzym orus dili gowy, dil. Orus diliniň üsti bilen köp zatdan habarly bolmak bolýa. Oňarsaň beýleki dillerem biljek bolmaly. Ýöne türkmen bolup, öz ene diliňi bilmezlik gelşikli zat däl. Ene dilini gowy bilmeýän adamy özüm-ä edil synasy şikesli hasap edýän – diýdi. Şondan soň, Sülgün ürç edip türkmençe gürlemäni öwrenip ugraýar. Şeýdibem az wagtyň içinde türkmençäni öwrenip gidýär.
Annaýar aganyň dutar çalaýmasam bardy. Onsoň ol Sülgünde-de türkmen aýdym-sazyna höwesi oýarjak bolup köp azar edinýär: aýdymlaryň, sazlaryň taryhyny gürrüň berer, yzyndan aýdyma çalaja hiňlenip aýdyp berer, saz çalyp görkezer. Birsyhly gulagyna guýlup durandanmy nämemi, garaz, Sülgün uzagyndan aýdym-saza imrindi ötägitdi. Sülgünde aýdym aýtmaga ukybyň bardygyny bilensoň-a ýaşuly hasam yhlasly ýapyşdy. Adamda bir zada ukyp bolsa, şony ösdürmäge-de tüýs ýürekden ýapyşsa, başarmajak gümany bolmaz ekeni. Sülgün diňe bir aýdym aýtmagy däl, dutar çalmagam tiz öwrendi. Çagalarynyň betbagtlyga uçrandanmy ýa-da Sülgüniň ýetimligine nebsi agyrdymy, garaz, Annaýar aga ony sähel görmese ýüregi atygsap duran bolaýdy. Ýaşulyň ýeke dikraryny okuwdan boş wagty ýanyndan aýrary bolmaz.
Sülgün orta mekdebi tamamlanda oňa PTU-a girmäge-de, ony gutarandan soň «Ahal» sowhozyna işe gitmäge-de maslahat beren Annaýar agady.
...Sülgün şu oýlara gümra bolup gün ýaşaýmanka ýanow kartanyň demirgazyk çetine golaýlanda ýabyň gyrasyndaky tuduň gapdalragynda ýatan gara gözi düşdi.
«Näme etmeli?»
Birsalym ikirjiňlenip durandan soň elindäki pilini ykjamlap ýene-de üç-dört ädim ätdi. Şol wagt oňa bir hymyr-symyr eşidilen ýaly boldy. Sülgün sakga durdy. Ahyrynam ölsem-öleýine salyp, ýene-de iki-üç ädim ädenden, keşiň ugrundaky garaň adamdynyny saýgardy.
«Bu wagt bu töwerekde ýatan kim bolup bilerkä?»
Ol pişik basyşyny edip ýene-de öňe süýşdi.
«Wiý, bu asyl Hajy ýaly-la...»
Sülgün onuň golaýjagyna baryp saklandy. Ol Hajynyň uzynak, daýaw göwresini, ýüzüne dökülişip duran goňrumtyl-gara saçlaryny synlabam esli durdy. Bu wagt dünýäni suw-sil alsa-da Hajynyň topugyna-da çykjak däl, şol uklap ýatyşy. Sülgün ahyryn onuň golaýjagyna baryp oturdy. Eli bilen Hajynyň hüžžerişip duran saçlaryny onuň ýüzünden sowaýasy gelýärdi. Ýöne gyz çekinjeňligi elini baglapdy. Hajyny synlap oturyşyna onuň kalbyndaky süýji arzuwlar at salýar. Sülgün süýji arzuwlaryň deňzine gark bolup entegem otursa oturardy, ýöne onuň gözi böwedi ýykyp keşiň ugruny syryp, şüdügäri basyp gelýän suwa düşdi.
– Hajy! – diýip, Sülgün çalaja seslendi. Ýöne Hajyň ýatyşy sähel-mähel zada oýanarly däl. Sülgün ýene-de suwa seretdi. Suw haýaljakdan öňe süýşýärdi. Sülgün has batlyrak gürledi:
– Hajy!
Ady tutulandan boldumy ýa-da bir gapdalyna köp ýatyp ýadandanmy, garaz, Hajy beýleki gapdalyna agdaryldy. Şobada-da hor çekmäge başlady.
– Hajy!.. Hajy!..
Hajy turarly däl. Çala-çula aýdyp oýaryp bilmejegini bilensoň, ahyryn Sülgün ony yralamaga durdy. Hajy kellesini galdyrandan ýakymsyz ys Sülgüniň burnuna hapba urdy. Bu aragyň ysydy. Bu ys Sülgüniň ähli arzuwlaryny misli şemala uçran bulut deý dyr-pytrak etdi. Hajy birbada gözlerine-de ynanmajak boldy, Sülgüne çiňerilip-çiňerilip seretdi.
– Bolup ýatyşyň dagy nähili? Suw ýetip gelýä, tursana oglan.
Hajy dikelip oturdy-da gözüni açalak-ýumalak edip Sülgüne seretdi. Onuň gan guýlan ýaly gözleri barha ýiteldi. Sülgün onuň pyglynyň düzüw däldigini aňandan çaltrak turarman boldy. Sülgün gobsunandan Hajy onuň goşaryndan şapba tutdy.
– Goýbersene, oglan!
Sülgün dyzap gördi, bolmady. Hajyň berdaşly gollary ony sypdyrarly däl.
– Goýber diýýän men saňa.
– Ýeri, goýbermämde näme?
Hajy Sülgüni özüne tarap has dözümli dartdy. Sülgün näderini bilenok, gygyrmaga-da çekinýär. Gygyraýanda-da, bu çola ýerde hany kömege geljek adam barmy? Arzygülüň-ä ýygnaga diýip günortanky gidişi Annaýar aganyňam zapas şaýlaryň gözlegine diýip daňdanky öýden çykyşy, brigadanyň beýleki çlenlerem ses ýeterden has uzakda. Garaz, keseden kömegiň bolmajagyna Sülgüniň gözi ýetik. Onsoň ol hoşamaýlyk edip gördi.
– Hajy, ukyň tutýan bolsa peliň ugruna geçäýsene. Bu ýere han-ha suw gelýär-ä.
– Aý, suw bolsa ýagşy-la... – diýip, Hajy agzyny şapbyldatdy. – Sülgün, sen bu wagt meň ýüregimde turýan harasady bir bilsediň.
Aňsatlyk bilen sypyp bilmejegine Sülgüniň gözi
– Sen bir harasat turarlyk edinipsiň öýdýän.
– Sülgünim!
– Ýaman diliň süýjäpdir-le.
– Näme, men dilim ozal ajymydy?
Hajy bat bilen Sülgüni özüne çekdi.
– Hajy!
– Jana. Seň dünýeden habaryň ýok. Hajy sen diýip ölýä.
Alaçsyzlykdan Sülgün ýene-de Hajynyň uguny ýekelemäge synandy.
– Goýbersene oglan, birden biri göräýmesin.
Bu gürrüňler Hajy üçin «eşegiň gulagyna ýasyn çykandan» enaýy däl.
– Aý, hiç kim göresi ýok-la...
Hajy durdugyça ekezlenýär. Sarmanaklaşyp barşyna Sülgüniň çepiksije göwresini keşiň ugruna basdy-da, ýüzünden-gözünden ogşady.
– Goýber diýýän men saňa.
– Ýeri, goýbermesem näme bor?
Hajynyň çep eli Sülgüniň boýnundan gujaklasa, gödeksi sag eli eýýäm köýnegiň iç ýüzlerini sermeşdirip ýör.
...Sülgün Haja öz ýanyndan höwes edip ýörensoň, maý boldugy onuň bilen ýakynrak durup sözleşmegiň arzuwyndady. Ine, şol arzuwlaram ony keşiň ugrunda ýatan Hajyň has ýakynyna eltipdi, goýun kökeren ýaly kökeripdi, aýaklaryny duşapdy.
Hajy beýle gödekdir öýdüp, Sülgüniň ýatsa-tursa kellesine-de gelenok. Berk gaýtawul bermese eýgiligiň bolmajagyna Sülgün düşündi.
– Çek eliňi diýýän men saňa.
Suwam edil iki ädimlige gelip, olaryň başujuna düzülip ugrapdy. Haýbat kär etmänsoň, Sülgün aglap ikibaka urunýardy. Hajyň ýüregi daşa öwrülip, gulagyna bolsa keçe dykylana dönüpdi. Suw seňrikden agyp baransoň, Sülgün Hajyň ýüzünden-gözünden penjelemäge durdy. Dyrnaklaryň yzasyndan ýaňa ýüzi-gözi jyzlaşyp dursa-da, näzijek tene imrinýän Hajy matlabyna ýetmän, aýrylarly däl. Ellerini-aýaklaryny kelemenledip ýatyşyna Sülgün barha ysgyndan gaçýardy. Hajy birden akylyna aýlanan ýaly boldy,
«Seniň edýäniň näme?»
Ýöne alasarmyk hyjuw paýhasdan üstün çykdy. Ol Sülgüne has dözümli darady.
Suw indi Sülgüniň ýatan ýerine düzülip ugrady. Şol wagt niredendir bir allajy güýç peýda boldy-da, Hajyň ezeneginden tutup, arkan dartdy. Şeýdibem ony zöweltdi. Hajy ýüregi ýarylan ýaly gaňrylyp seredende Mülliň gahardan ýaňa gyşaran ýüzüne gözi düşdi. Bu ýerde uzak durmaga Mülliň ýüzi çydamady, derrew arany açmak bilen boldy.
Sülgüniň suwuň-palçygyň içinde şol ýatyşy. Endam-jany zer-zaw bolup duransoň, gymyldamaga-da mejaly ýok. Agzyndan çykýan howurdan ýaňa dodaklaram jyzlaşyp dur. Sülgün töweregine bir seretdi. Birsalymdan elini söýget edinip emaý bilen dikeldi. Ol hüžžeren saçlaryny düzetdi, köýnegine ýelmeşen palçyklary syrdy. Tuduň düýbünde ýüzin ýatan Hajyny görüp, oňa janyýangynlylyk bilen seretdi. Sülgün turup ugranda iňrik mazaly garalypdy. Ol yraň-daraň edip düşelgä baranda Annaýar aga-da gelen ekeni. Ýaşula gözi düşenden häliden damagy dolup duran Sülgün bozuldy, demi-demine ýetmän aglady. Annaýar aga aňka-taňka bolup otyrdy. Soňra gyzyny nädip köşeşdirjegini bilmän, elini-aýagyny ýitirdi. Sülgüniň biragzam geplemän, şol aglap oturyşy.
– Saňa näme boldy, geple ahyryn!
Eli bilen ýüzüni tutup oturan Sülgüniň geplemäge mejaly ýok. Dyňzap gelen gahar bokurdagyna tegek bolupdy.
– Ýeri, saňa näme boldy?
Sülgün horkuldap oturyşyna kellesini çalaja ýaýkady.
Annaýar agaň çekge damarlary kiriş ýaly dartyldyp Sülgün aýtmasa-da bir mojuk işiň bolandygyny ýaşulyň ýüregi syzýardy.
– Hajy nirede?
Hajyň ady tutulandan Sülgüniň horkuldysy hasam artdy. Gyzynyň halynyň haraplygynyň sebäbini ýaşulam güman edip ugrady. Ýüzüni boz-ýaz edip oturyşyna, onuň bokurdagy doldy. Soňabaka durşy bilen saňňylda öwrüldi.
– Hany, nirede ol?
Sülgün sojap oturyşyna zordan gepledi.
– Ýanaw kartaň aýak ujundaky tuduň düýbünde ýatyr.
Annaýar aga Sülgüne seredip säginjek ýaly etdi-de, teläriň gapdalynda ýatan pili alyp, batly ýöräp ugrady.
– Ata, gerek däl!
Tutuşlygyna gazaba öwrülen göwre sakga durdy. Ýaşulynyň nazary Sülgüniň boýurganyp duran bäbeneginde saklandy. Sülgün ýüzüni tutup ýuwaşja gürledi.
– Hemmesine özüm günäkär.
Annaýar aga bu wagt gulaklarynyň eşidýänine akyl ýetirerden ejiz. Birden elindäki pili bat bilen ýere sançdy. Ol iki jahanyň owarrasy bolup galypdy.
«Eý, taňrym, sen maňa ozalky inderen muşakgatlaryňy az gördüňmi? Ýeri, indikiň näme? Näme üçin dünýede deýýuslar köpelip barýa hä?»
Ýaşulyň başy aýlanyp, gözi garaňkyrap ugransoň, sekiň gyrasyndaky keçäň üstünde süýndi. Şobada-da, elini çilimli jübüsine ýetirdi. Onuň ýüreginiň töründe gopýan harasat barha güýjeýärdi.
«Hany indi näme etmeli? Öljekmi, ýitjekmi? Meniň bar mydarym, gözümiň göreji, bilimiň kuwwaty sendiň ahyryn, Sülgünim. Beýle namysy ýuwutmaga ýürek takat edermikä?»
Sülgün «özümden» diýse-de, belaň körüginiň Hajydygyny ýaşuly güman edýärdi. Onuň ilki hyýaly «Soňam näme bolsa şo bolsun» edip, Hajyny pil bilen kerçemekdi. Ýöne Sülgüniň boýurganyp durmagy ýaşulynyň aýagyny duşapdy.
«Ýeri, indi ber habaryňy ýa-da hiç zat bolmadyk ýaly guýrugyňy ýamzyňa gysyp gezibermeli bomuka? Eý, dünýe... dünýe...»
Annaýar aganyň çiliminden uzyn-uzyn sorup Arzygüle garaşyp oturyşy. Ol Arzygülüň irde-giçde geljegini bilýärdi. Arzygül ýygnakdan giç geldi. Ýaşuly gürrüňi nämeden başlajagyny bilmän kän oturdy. Ýaşulyň dymmagynyň bir sebäbiniň bardygyny Arzygul güman edýärdi. Ýöne ol ýaşulyň özüniň ýarylmagyna garaşdy. Annaýar aga ahyryn ýagdaýlary aýdyp ýüregini dökdi. Arzygül esli wagtlap doňan ýaly bolup oturdy.
«Be, muň beýle zannyýaman bolup döräýşini...»
– Sülgün bilen gürleşip gör, o näme diýýär. Haja durmuşa çykmaga kaýyl bolaýsa-ha oňa ýetesi zat ýok.
Ýaşulyň şol çilimini kükedip oturyşy. Birden ýerinden turdy-da, demirgazyga tarap ýöräp ugrady. Göýä saňsar bolan ýaly bu wagt nirä, näme üçin barýandygyny onuň özem bilenok. Ertesem uzyn gün görünmedi. Günorta naharyna-da gelmedi. Annaýar agadan gördüm-bildim bolmansoň, gün gijikdigiçe Arzygülüň howsalasy artdy. Onsoň ýaşulyny aňtap ugrady. Ol ekerançylygyň aýak ujundaky harabalyga. ýetende ýaşuly köne tamlaryň birinden çykdy-da, burnuna ýel alan mal ýaly çöle tarap ümdüzine tutduryp ugrady. Ýaşuly barha arany açýardy. Arzygül nalaç ädimini gowşatmaly boldy.
«Näletkerde ogul dogandan, sokyň gara daşy dogany gowy» diýilýäni çyn bolup çykdow. Be, ýaşulyň gadymky keseli gozgap ýörmükä?..»
Arzygül suwa göz-gulak bolup ýörşüne daňa golaý dyzyny epdi. Şobada-da ymyzgandy. Ol irkilip näçe oturanyny bilenok. Ýöne bir çybşyldy eşidip ýerinden galsa, Annaýar aga raýyşyň ugry bilen gelýär. Ol Arzygülüň beýlerägine geçip oturdy. Soňlap barýan çilimini zyňyp, täzesini otlady. Uzyn-uzyn sorup, tüssesini üfläp goýberdi.
– Arzym rugsat ber, biz gideli. Bu jelegaýda durarlyk galmady. Indi biz adamlaň gözüne nädip görneli?
Onuň sesi endiräp çykýardy. Arzygül ep-esli wagtlap dymyp oturdy.
– Annaýar aga – diýip, ol ýuwaşjadan gürläp başlady. – Bile duz-emek bolup ýörenimize ençeme ýyl boldy. Özüme-hä ata ornunda durduň, ogluma-da baba. Onsoň gör welin, siz gitseňiz maňa-da durarlyk galarmyka? Diýenimi etseňiz-ä hiç ýana gitjek bolman. O dogman geçeniň bir ýana gümüni çekerin...
Ýaşuly şol bir diýenini gaýtalady oturdy.
– Biz gideli-le...
Arzygül howa ýagtylyp ugrandan oglunyň gözlegine çykdy. Ekerançylyk meýdanlaryna, baglaryň arasyna, kölüň gyralaryndaky gamyşlyga, harabaçylyga, gum eteklerine, garaz şu töweregiň ähli ýerini diýen ýaly torç etdi. Ýöne Hajyny tapmady.
Hajy harby komissariata baryp, çaltrak goşunçylyga ugradylmagyny haýyş edipdi.

* * *
...Eneli-ogul henizem süsüşjek öküz ýaly başlaryny aşak salyp, dymyşyp otyrlar. Hajy gullukdaka hiç kime, hatda ejesine-de hat ýazmandy. Onda-da ejesi: «Nirede gulluk etdiň? Gulluk nähili geçdi?» diýip soramady, gaýtam, ogluny görenden ýüzüniň gubary artyp, maňlaýynyň ýygyrdy köpelen ýalydy.
«Ýeri, indi muny görse, Annaýar aga näme diýer? Oňa «muny seň gözüňe görünmez ýaly ederin» diýip, sözem-ä beripdim»...
Ejesi işe gideninden soňam Hajy içini hümledip köp ýatdy.
«Häk, gelmesem gowy boljak ekeni... Ýöne sen gelmän oňup bilermidiňkäň?»
Ol diňe iňrik garalansoň, daş çykdy. Günuzyn öýde bolanlygyndanmy, onuň gözleri garaňkyraşyp, entirekläp dur. Daş çykandanam töweregine diň saldy. Onuň göwnüne iki mellegiň serhedindäki tutlaryň içinden Sülgün çykaýjak ýaly. Ýöne her näçe garaşsa-da, Sülgün çykmady. Hajyň ähli umyt-arzuwlary duw-dagyn boldy, ýüregine barýan damarlar gyrlana döndi. Daýaw göwresi köki bilen guran äpet daragta çalym edýär, haçan güpürdäp gaýtsa gaýdybermeli.
Şol wakadan soň Hajyň ýüregi Sülgüni küýseýärdi. Ýatsa-tursa, küýi-köçesi Sülgündi.
«Men oňa näme üçin şu çaka çenli üns bermedim-käm? Sataşaýsam bolýa, «Bagyşla!» diýerin. Günämi geçjegini bilsem, aýagyna togalanyp, ýalbarmaga-da kaýyl. Onuň näz-kereşme bilen ýylgyryşy dagysy nämä degmeýär. Ýöne şuňkar guşumy ürküzen bolaýmasam ýagşydyr-ow, hernä... Ol indi seň albaýyňa geläýermikä?..»
Hajy Sülgünleriň tamynyň golaýjagyna bardy-da, gapyny synlady. Diňe kelle ýaly gulpa gözi düşensoň lapykeç yzyna dolandy.
Gullukdan geleli bäri dört gün geçsede, Hajy özüni gabawda ýaly duýýardy. Hiç ýana çykyp bilmän, öýde oturmaň heý, gabaw kemi barmy?
«Ýa-da başymy allyp gidibersemmikäm? Nätsemem şundan-a gowy bor. Indi Owganystana gidip bolmaz. Oglanlaram küýsemän duramok... Ýogsa-da Eshan näme işledikä?»
...Olaryň Eshan Daut bilen tanyşlygy bir gezekki gabawda başlanypdy. Eshanyň komandirlik edýän owgan goşunlarynyň bir rotasynyň esgerleridir Hajy dagynyň rotasynyň esgerleri «Pakystandan Badahşana lazurit üçin gelýän kerweni goýbermeli däl» diýen buýrugy alypdy. Onsoň esgerler lazurit alynýan dagyň günbatar ýüzünde her ýerde, her ýerde ýerleşdiler! Bir saý-sebäp bilen Hajydyr Eshan bir ýerderäk bolmaly boldular. Hajynyň-a puştu dilini, Eshanysam rus dilini öwrenmäge höwesi uly bolansoň, olaryň gepi alşyp gitdi.
Kakasy zergär bolanlygyndanmy ýa-da obalary lazuritli dagyň golaýynda ýerleşýänindenmi, garaz, Eshan lazurit bilen has ir gyzyklanyp ugrapdyr. Mähirliligiň alamaty bolan bu daş diýseň owadandy. Onuň owadanlygy gadym aýdymlarda-da wasp ediler ekeni. Lazurit göz gamaşdyryjy gözelligi bilen hat-da gadymy Assiriýanyň, Wawilonyň, Orsetiň, Hytaýyň, Italiýanyň zergärlerinem haýran galdyrypdyr, Eýranda, Turanda ýaşap geçen şalardyr hanlary özüne bendi edipdir. Badahşanyň bu ajaýyp daşy Eýranda, Hytaýda, Ermenistanda, Sibirde hem-de Amerikada çykýan lazuritlerden has tapawutlanýardy. Ona dünýä belli syýahatçy Marko Polo hem iňňän ýokary baha beripdir. Bu mineral dünýä bazarlarynda im bir eletmez hasaplanýan zatlaryň biri. Owgan emirleri bolsa näçe ýüzýyllyklaryň dowamynda daşy gabanyp, hatda ony dagdan almagam diňe ynamdar adamlaryna tabşyrar ekenler.
Eshan mekdep okuwçysyka-da, bu geň hem ajaýyp daşy synlamaga gelerdi. Ol Kabulyň politehniki institutynyň geologiýa fakultetiniň studentikä lazuritiň möçberini kesgitlemäge iberilen ekspedisiýa gatnaşyp, ençeme gezek şu ýere gelipdi. Ýöne harsydünýälik zerarly bu ajaýyp daşyň harlanyşyna, zaýalanyşyna gözi düşende içini tutup gynanýardy.
Pakystandaky bandalaryň ýolbaşçylary Owganystan respublikasynyň territoriýasynda ýerleşýän bu ajaýyp daşy özleriniň gazanç çeşmesine öwürjek bolup kerwen yzyna kerwen ýollaýardylar. Şol kerwenlerden lazuritden ýüküni tutup, yzyna öwrülýänem bardy, ýolda ele düşýänem. Her gezek serhetden aşmakçy bolnanda lazuritli kerweni diňe bir Owganystanyň hökümet goşunlary ele saljak bolman, ygym-sagym bolup ýören bandalaram aňtaýardy, başardygyndan talaýardy. Şoňa görä-de, indi kerweniň goragy has güýçlendirilip, ýola salynýardy. Kerwenbaşylyga şu etraplara belet, gaýduwsyz adamlar bellenýärdi.
Eshana bu gezek şol eý görýän daşyny goramak tabşyryldy...
...Eshandyr Hajynyň töweregi synlap ýatyşlary. Maňlaýdaky üstüne abanyp duran gaýaň ýokary başyndaky günüň nuruna lowurdap, gök öwüsýän daşlar dogrudanam diýseň owadan. Esgerler töwerege diň salyp ýagyşlaryna ahyryn kerweniň çep tarapdan gelýändigini aňyp, kellelerini galdyrdylar. Olar geň galdylar. Geň galmazça-da däl, esgerlere berlen buýrukda kerweniň Peşewar tarapdan geljekdigi, şoňa görä-de olary lazuritli daga goýbermän, ele salmalydygy nygtalýardy.
«Ýa-da bular başgamyka?»
Esgerler ýerli-ýerden ýaraglaryny ykjamlap, aşakdan geçýän jülgä çeneşip ýatyrlar. Hajyň söweşe ilki gatnaşyşydy.
«Be, heý adama-da ok atyp bomy? Onda-da kesekiň ýerinde... Eýsem-de bolsa ok atmajak bolsaň sen bu ýurda näme işe geldiň?..»
Haý diýmän, uzakdan kerweniň özem görnüp başlady. Olar näme üçindir birden kürtdürip durdular. Az salymdan ýene ýöräp ugradylar. Kerwen diýseň uzyn, onuň yzy görnenok. Kerweniň öňi golaýlap ugrandan esgerler aşaklygyna yzly-yzyna granat okladylar. Bu olara «Saklanyň!» diýen duýduryşdy. Ýöne çala-çula zat bilen kerwen durarly däl. Olaram atyp başladylar. Jülge az salymyň içinde «ahyrzamana» öwrüldi. Her-hili ýaraglardan atylýan oklaryň sesidir ýarylýan granatlaryň gümpüldisinden ýaňa dünýä lerzana gelýär. Esgerleriň ýerleşişi jaýdar bolansoň, aşakdakylaryň olara edip bilýän zady ýok. Esgerleriň pulemýotdan atýan oklarydyr oklaýan granatlary kerweni paýhynlap barýar. Birsalymdan duşmanlaryň arasynda aljyraňňylyk başlandy. Soňabaka olaryň kethudalary kerweni gabawdan alyp çykandan geçen, öz janlaryny gutaryp bilseler razy boldular. Ýöne bu ýagyp duran okuň içinde öz janyňy halas etmegem aňsat däl. Jülgäň iki tarapam ýalçy gaýa bolansoň ýa-ha öňe zomap, esgerleriň okunyň arasy bilen urup-ýaryp geçjek bolmalydy ýa-da yza gaýtmalydy. Yza gaýtjak bolmagam bagta töwekgellik edip, öňe urduryp gidenden howpsuz däl. Ýene bir çalaja yş bar. Olam näme bolsa görübermeli bor-da diýip, esgerleriň ýerleşýän gaýasynyň düýbi bilen pyýadalap geçjek bolmak. Edil şol ýere ok ýetenokdy.
Eshan şu zatlar hakynda pikir edip ýatyşyna Haja-da aşak düşmegi teklip etdi. Şeýdibem olar granatdan ýüklerini tutup, ellerindäki awtomatlaryny ykjamlap ýeňse tarapdan jülgä sallanmaga başladylar. Gädikden ätlän batlaryna-da, çep tarapdan üç adamyň garaba-garaba gelýändigini gördüler. Olara gözi düşenden Eshan Hajyň syýyndan çekip aşak ýapyryldy. Şeýdibem ol ikisi süýşenekläp diýen ýaly gaýaň düýbürägindäki köwege girmäge ýetişdi. Duşmanlar olary gören bolara çemeli, atyp başladylar. Özem olaryň bolup gelişleri gaty aýgytly. Hajydyr Eshanyň duran ýeri atyşmaga gaty amatly köwekdi. Hajy awtomatyny köwegiň agzyna öwrüp ugrandan Eshan onuň ýaragynyň nilinden basdy. Hajy muňa düşünmedi. Duşmanlar indi has golaýa gelipdiler. Hajydyr Eshanyň sesini çykarman oturyşy. Duşmanlar aram-aram ok ýagdyryp, uzaklaşýardy. Hajy gözüni mölerdip oturyşyna hiç zada düşünmedi. Eshan barha uzaklaşýan duşmanlaryň yzyndan seredibem esli durdy. Onuň ýüzem birhili ünjüli bolansoň, müýnürgeýändigini aňmak kyn däl. Hajyny geň galdyran zat Eshanyň duşmanlara sypmaga maý bermegidi. Hajy Eshana ýene bir gezek şübheli nazaryny aýlady. Ol Eshanyň nähili maksada gulluk edýändigine göz ýetirjek bolup näçe kelle döwse-de netije ýok.
Şol üçüň biri – kerweniň ýolbaşçysy Seýit Ahmet ekeni. Seýit Ahmet Eshanyň obadaşy.
Kerweni alyp gelýärkäler Eshan Haja ýagdaýy düşündirdi.
– Seýit Ahmet erbet oglan bolmaly däl. Ol şu ýagdaýa düşmäge mejbur boldy. Seýit ahyryn düşünerem, biziň tarapymyza-da geçer. Onsoňam sen bandaň çlenlerem keýpine şeýdip ýörendir öýtme. Olar entek nämäň-nämedigine düşünip bilenoklar. Barýarka hakykata göz ýetirjekdiklerine men ynanýan.
Eshanyň durşuna sakgal bolup duran ýüzüniň şindizem şol ünjüliligi. Ony synlap barşyna Hajy uludan demini aldy.
...Ine, şu wakalary ýatlap oturyşyna Hajy dostuny küýseýändigini duýdy. Indi Hajynyň bar maksady Sülgüni görüp, onuň bilen gürleşmek. Eger olam ýüz bermän, umydyny tala daňlan ýaly etmelidigini duýduraýsa, onda Hajy bu ýerde saklanmaz. Bu ýagdaýda mundan artyk eglenmäge onuň takady ýetmez. Ol her zat etmeli welin, şu gezek Sülgüni görjek bolmaly diýen netijä geldi.
Tomus gijesiniň dury asmanynda Aýyň şol ýüzüp barşy. Hajy tuda dulanyp, näçe garaşsa-da çykýan ýok. Birsalymdan daşky gapy jygyldap açylandan onuň ýüregi howlap ugrady. Ýöne bu gezegem Hajy ät galdy. Daş çykan Annaýar agady. Ýaşuly ortaky pelden ýöräp ugrady. Hajy derrew tamyň ýeňsesine aýlandy-da, çyrasy ýanyp duran otagyň penjiresiniň öňüne bardy. Onuň hyýaly çaltrak Sülgüni görmek. Ýöne eýýäm Annaýar aga içerik giripdi, çyrany öçürdi-de, ýerine geçdi.
«Be, Sülgün niredekä?»
Hajy lapykeç bolup yzyna dolandy.
«...Sülgün, kalbyma nähili eýemsireýändigiňden seň habaryň ýok. Meň çekýän hupbatymy, görýän ezýetimi çala biläýdigiň özüňem dözmän ýanyma gelersiň. Ýogsa-da sen ýüregimiň töründe nireden peýda bolduň-a? Saňa bolan şu duýgular, şu ataşlar özümde has öňräk peýda bolan bolsady, onda bu görgüleri görüp ýörmeli bolmasa-da bolmazdy. Ýeri, saňa näme boldy? Ýa-da menden gaçyp ýördügiňmikäň? Ýa-da Sülgün barada ejemden soraýsammykam? Aý, ýok, o bolmaz-la... O masgaraçylykdan soň, näýüz bilen Sülgüniň adyny tutmaga het edip biljek?»
Uzyn gije gözüne uky gelmänsoň, ol diňe daňa golaý irkildi. Ertesi ir bilen ejesi çaý goýup, Hajyny turuzdy.
– Näme, sen şeýdip ýatjakmy? Demiňi-dynjyňy alan bolsaň indi biraz gezelenç etseň kem bolmazmy?
Hajy gaty geň galdy. Goşunçylykdan geleli bäri näçe gün geçenem bolsa ejesi onuň bilen ilkinji gezek adam ýaly gürleşdi.
– Gezelenje çyksam-a çykaýmaly...
Eneli-ogul ýola düşermen boldy.
– Eje, men-ä motorly ötägitjek...
– Motor nämä gerek, münäýsene maşyna.
Onda-da Hajy motosikline atlananyny kem görmedi. Ol öýde bolan günleri motosiklimi süpürişdirip, ýaglap, benzin guýup goýupdy. Göýä uzak wagtlap, ýatakda saklanyp gezime çykarylan bedew ýaly «Ýawa» gazynyň sähel güýçlendirilerine mähetdel, edil uçup barýar. Demirgazyga gidýän ýol, obadan mazaly saýlanyp, günbatarlygyna sowuldy. Indi Günbatarky guma çenli sagyňam gowaça, soluňam. Kese ýatan gumdan geçiläýen ýerde ýene-de gowaçalyk başlanýar. Ondan aňryk gowaçalygyň demirgazykdaky gum bilen sepleşýän ýerini syryp, ýoluň şol uzalyp ýatyşy. Sag tarapdaky gum depeleriniň gutarýan ýeriniň sesetim günbatarsynda düşelge ýerleşýär. Eneli-ogul düşelgä baryp ýetenlerinde entek günem dogmandy. Sagylaryna howlugyp, bozlap duran düýäni görüp, Arzygül alňasaklyk bilen bedrä elini ýetirdi. Bedrä suw çalandan soň bolsa ýüpüni boýnundan asdy-da, köşege bakan ýöneldi. Gazygyndan boşadylaryna mähetdel köşejik patanaklap bardy-da, enesini sokjamaga durdy. Birsalymdan Arzygül köşegiň nogtasynyň ujuny dikilgi agaja ildirdi-de, düýesini sagyp ugrady.
Hajy ejesiniň düýe sagşyny synlaýardy. Köşejigiň näzijek sesi bilen bozlap durşy, päkize asman, säheriň sergin howasy diýseň ýakymly. Ol düşelgäň gabat gündogaryndaky beýige çykarman boldy. Aýagy sorkuldap duransoň aram-aram durup, ahyryn gumuň ýokary başyna çykdy. Şobada-da çägäň üstünde süýndi. Bu ýerden töwerek edil eliň aýasynda ýaly. Entek ýyldyzlaryňam hemmesi ýaşyp ýetişmändir. Birsalymdan şapak dünýäni ýagtyldyp ugrady. Dogup gelýän gün, kir-kimirsiz asman, keserip ýatan Köpetdag, dagyň etegindäki giň giden meýdana ýaýylyp ýatan suw howdany, bärräkdäki ekinzarlykdyr, tutuşlygyna demirgazygy tutup ýatan Garagum, düşelgäniň çar töweregindäki ýaşajyk daragtlar galkynjak göwni galkyndyrýar.
«Men näme üçin şu çaka çenli bu ajaýyplygy görmedimkäm?»
Hajy suw howdanynyň bäri gapdalyndaky gamyşlykdyr ýylgyn jeňňelligini, Garagumuň çerkez-gandymlaryny, tamdyrdan dikligine ep-esli galyp, töwerege ýaýraýan tüssäni synlap oturyşyna pikire çümdi. Ol Gün ýokary galyp, töwerek mazaly ýagtylandan soň, depeden aşak inip ugrady. Hajy baranda ejesi tamdyrdan çykaran çöreklerini gazap bolupdy. Arzygül çöreklerini ýaýradandan soň, küýzäň gapdalyndaky agaranly okaradyr çörekleriň birini ogluna süýşürdi. Ýüzünde ejesiniň barmaklarynyň yzy bildirip duran mele-myssyk çörek bilen agaranyň tagamy ap-aýry. Hajy okarany başyna çekende her goltugyňa boýy ýeten waharmany alyp ejesi geldi. Pyçagyň ujy degenden gawun darka ýaryldy. Hajy ejesiniň käselän gawunyny öňune çekdi.
«Eý, türkmeniň bereketli güýzi, seň bu näzi-nygmatlaňňy datmak ýene-de nesibede bar eken-ow...»
Hajy boşan paçagy aňyrrak süýşürdi.
– Eje, işgärler öňkülerdir-le?..
– Aý, hawa, öňkülerdenem bar, täze gelenem..,
– Öňkülerden kim ýok? – diýip, Hajy ejesine tarap tiňkesini dikdi. Arzygül gawunyň ikinji böleginem käseläp ogluna süýşürdi.
– Boldum indi. Oňa ýer ýok.
Ejesi oglunyň näme üçin soraýandygyny aňan bolarly, wagty bilen gürlemedi. Ol äwmezlik bilen gawunyň bir kerçini pyçagyň ujuna dürtdi-de, agzyna saldy.
– Öňkülerden Mülli bilen Sülgün ýok diýäýmeseň galany bar-la...
Hajyň üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy.
«Häk, ýüregim bir zat syzýady-la... Ýeri, Sülgüne näme bolduka?»
Ýöne ony soramaga bogny ysmandy.
Arzygül düýäni duşap, meýdana kowup gelenden soň eneli-ogul tirkeşip, ýabyň boýy bilen ýöräp ugrady. Olar ýanow kartaň gyrasyna gelip saklananlaryndan Arzygülüň ýüzi gamaşyp gitdi. Bu kartaň gowaçasyna-da sowka düşüp başlapdy. Özi zyýankeş bolsa onuň gowsunyň bolmajagy belli welin, ýöne sowka şol zyýankeşleriň iň zandyýamany. Sowka ýetişen gozalary deşip girägeden ortasyndan iýip başladygy şol gozanyň gutardygydyr, durşuna saralyp gurap galar.
Elbetde Arzygül sowka garşy görmeli çäreler baradaky maglumatlary, kitaplary öwran-öwran okapdy. Oňa garşy awuly dermanlaryň sepilýändigindenem, ýörite möjejikleriň ulanylýandygyndanam habarly. Ýöne bu oslagsyz peýda bolansoň, gyssagarada awuly himikaty nireden aljak.
Arzygül ogluna-da sowka gurçugyny nähili çöplemelidigini öwredensoň, kartaň bir çetinden girip ugrady. Işläp ýörse-de Hajyň gözi töwereginde. Göwnüne bolmasa Sülgün bir ýerden çykaýjak ýaly. Olar günorta boluberende düşelgä tarap ýöneldiler. Pagtaçylar arakesmä ýygnanyşyp başlanlarynda Hajy düşelgäň töründe müzzerip otyrdy. Ol aňyrdan gelene ýaltyldap seredýärdi-de, baryp görüşýärdi. Annaýar aga gözi düşenden onuň zähresi ýaryldy.
«Ýeri, indi ber habaryňy...»
Ýöne bu meseläni Arzygül düýn çözüpdi. Ol çekine-çekine oglunyň goşunçylykdan gelendigini duýduranda Annaýar aga:
– Aý, indi oňa zat diýme. Boljak iş boldy – diýipdi.
Ýaşulynyň ýüzüniň şol agraslygy. Haja gözi düşeninden oňa seredip biraz durdy-da, soňra ysgynsyz «Saglykmy?» diýip, çeträge geçip oturdy. Hajy gözüniň gytagy bilen ony synlady.
«Aý, büçe-büçe bolsa ýagşy-la» diýip, uludan demini aldy. «Ýaşuly öz-ä garraýar-ow... Saçam çuw ak bolaýypdyr...»
Her kim nahar iýip, çaý içenden soň turmak bilendi. Arzygül bilen Hajam iliň soňragyndan turmakçy bolup otyrkalar goňşy brigadanyň brigadiri Salyh aga gelip ýetdi. Ol gele-gelmäşe Hajy bilen görüşdi.
– Ogul, sag-aman gelipsiň, gözüň aýdyň. «Arzygülüň ogly gelipdir» diýip eşitdim-de, hem-ä «gözüň aýdyň» diýeýin, hemem çallary bar bolsa çal içeýin diýdim-de gaýdyberdim.
Ýaşuly sekiň üstüne geçip oturdy.
– Çal bar-la, hany geçseňizläň ýokarrak...
– Men geçip oturmaýyn, bolýa şujagaz ýerem.
– Geçseňizläň ýokarrak, häzir çalam guýýan.
Düşekliräk ýere geçäýmese Arzygülüň goýmajagyny Salyh aga bilýärdi. Ol ädigini çykardy-da, ortaradaky uly halyň üstünde aýbogdaşyny gurup jaýlaşdy.
– Ýa-da ilki nahar alyp beräýeýin. Naharam-a bar.
– Ýok. Men naharly. Çal bolsa bolýa.
Arzygül okarany dolduryp çal uzatdy, gapdaly bilen saçagam süýşürdi. Salyh aga çörekden bir bölejigini döwüp aldy-da, çala batyryp agzyna saldy. Yzyndanam çaly başyna çekdi.
– Arzygül, seň şu çalyň her zada degýä. Bizem düýe edinäýmeli diýýäs-de, ýöne oňaryp çal tutup biljek ýok diýip, ýaýdanyşyp gezip ýörüs.
– Çalyň tutmasynyňam bir kynlygy bomy. Men-ä çal tutmany gyzlarymyza-da öwredýän. Muňa arymsylyk bilen jür bolmak gerek-dä...
Salyh aga boşan okarany yzyna uzatdy.
– Ýene-de guýup beräýin, çal-a bar.
– Ýok, bereket bersin. Heziller edinäýdim.
Ýaşuly saçagy dolady-da, töwir galdyrdy. Bu wagt Arzygül okara suw çalmak bilen gümrady.
Ýaşuly birsalym sesini çykarman oturdy.
– Salyh aga sowka bilen nädýäňiz?
– Gowaçaň sowkasynyňam-a dert kemi ýok welin, ýöne başga has beterräk belalar bar. Biz-ä ine, şoňa çäre tapamzok.
Ýaşulyň soňky döwürde hemişekiliginiň ýokdugyny Arzygül aňýardy. Ýöne ony garrylygyň basmarlaýandygyndan görýärdi.
– Saglyk dälmi özi?
Salyh agaň şol ýere seredip oturyşy.
– Aý hawa-la, saglyk-la welin.
– Saglyk bolsa galanynyň bir zady bor-la...
– Arzygül meni gürletmesene, geplesem içim otdur. Iki aýakly sowkaň ezýetini çekip ýörensoňumyz biziň-ä başga zada elimizem degenok.
Arzygül ýaşulyň ýüzüne seretdi.
– Hemişeler hezildi, gowaça ekersiň, ýetişdirersiň. Tabşyran hasylyňa görä-de hakjagazyňy alarsyň. Gerek-ýarak zadyňam azarsyz-bizarsyz gelip durandyr. Ynha indi welin, zapas şaý geregem bolsa jübiňden pul berip almaly, dökün geregem bolsa emlemeseň zat ýok. Iki gektar gawun ýetişdirseňem agroprom diýdi, ýene bir gör diýdi, gedaýlardan ýaňa halys bizar bolarsyň. Onuň üstesine-de nireden, nädip tapsaň tapyp, her aýda üç ýüz manat pul bermeli. Mundanam bir düzgün bomaý? Heý muň soňuna çykan tapylmazmy-ka?.. Şu ýyl sag-aman pagta ýygymyny aýaklap bilsem arzamy berjek. Doýman-dolman geçen ýöne agzyny hatap ýaly açyp dur. Özüň bilýäň-ä, oň holtumyny az-owlak zat bilen dolduryp bolýamy? Bu zatlar jenaýat ahyryn. Men gorkýan.
Ýaşuly silkişdirip, telpegini geýip, turmaga çemelendi. Arzygül diňläp oturyşyna:
– Kimdir ol holtumyny dolduryp bolmaýan? – diýip, nebsagyryjylyk bilen onuň ýüzüne seretdi.
– Kim bor öýdýäň, Begjanow barka. Özüňem bilmän duran dälsiň-le.
Bu gürrüňe hasam Hajy geň galdy.
«Be, bü nähili bolýar-a? Edil sowet hökümeti ýok ýaly-la. Begjanow ýalylaň towugyna «tok» diýip, temegine kakyp bilýän ýokmuka? Heý-de, «Begjanow azar berýä» diýip, işiňi taşlaýmak bomy? Adamlar nähili bolaýypdyrlaraý?»
Gowaçaly kartaň bir çetinden girýänçäler Hajyň kellesinde şu pikirler at saldy. Birsalymdan bolsa ýene-de Hajyň kalbyny Sülgün baradaky pikirleriň dumany gurşap aldy. Onsoň ol çybany ýarmasa ýüreginiň takat etmejegine gözüni ýetirdi.
– Eje, ýogsa-da bu Sülgün nirededir-ä?
Arzygül yzyna öwrülip, oglunyň ýüzüne seretdi.
– Sülgüni görner ýaly etdiňmi sen. Ol ýitdi...
«Ýitdi» sözi Hajyň gulagynyň agzynda edil top atylandanam elhenç ýaňlandy. Onuň aýaklary göýä duşaklanana döndi.
– Ýitdi? O nädip ýitdi?
Hajyň sesi gaty ysgynsyz çykdy.
– Bilemok, seň gulluga gideniň soň ýanyndaky ýitişi. Gördüm-bildimem ýok.
Hajyň barha essi aýylýardy. Onsoň ol mundan artyk aýak üstünde durmaga halynyň ýokdugyny aňyp, aşak oturdy. Ejesi mazaly arany açandan soň yra-dara ýöräp ugrady. Hyşadyr gamyşdan jeňňel bolup oturan ýabyň gyrasyna ýetenindenem çökdi. Onuň suwa käwagt bir kesejik oklap oturyşy.
«Meni näçe gezek ölümden halas edenem saňa bolan umytly ymtylyşymdy ahyryn, Sülgün. Ýogsam üç gezek dagy gabawa düşüp, heläk bolaýmalam bolupdyk.
Baryna özüm günäkär. Ähli zadyň düýbüne öz elim bilen palta urdum. Ýöne sen bir ýerlerde diri gezip ýöreň bolsaňam bolýa... Ýeri, indi näme etmeli? Sülgüni nireden gözlemeli?»

(dowamy bar)...
Категория: Powestler | Просмотров: 78 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Amangeldi Şyhlyýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 5
0
5 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Haweran, ýok dowamly okamoga. Heniz ikije gezek alyp gördüm žurnaly. Wifi ýok, mb problema wacko

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Jürjanly, "Dünyä edebiyaty" žurnalyny yzygiderli okayan bolsañyz, Amangeldi aganyñ terjimelerine kän gabat gelensiñiz.. )

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Käte öz okama ukybymyzyñ pesligini yazyjynyñ ya onuñ eseriniñ adyny eşitmändigimiziñ üstüne yükläp ozumizi aklayjak bolyas smile

0
2 Didar   [Mowzuga geç]
Gaty gowy

0
1 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Heniz eserleri beýlede dursun adynada gabat gelmedik ýazyjylarymyz kän eken-ow sad

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: