07:09
Ruhuñ tupany / pýesanyñ soñy
ÇYN TUMAR. Men Tomiris, beýik getleriň patyşasy Gesiriň gyzy!
ILBAŞY. Bilýän. Seni mukaddes “Parz kitabymda” ýatlap geçdim, sen maňa minnetdar bolmalysyň.
BILERMENBAŞY. Mukaddes “Parz kitabyndan”: “Biziň gadymy ülkämizde ýaşan, massagetler ady bilen taryha giren meşhur ata-babalarymyzyň edermen aýal patyşasy Tumar iki ýarym müň ýyl ozal ahmeniler imperiýasynyň patyşay Kurosy ýeňip, onuň kellesini ganly meşige atdyrmagy başarypdyr.” 109-njy sahypa, ýokardan ikinji jümle.
ÇYN TUMAR. Ganly meşik grek taryhçysy Gerodotyň ýaýradan legendasyndan. Sen legenda salgylansaň-da, onuň awtoryny görkezmãnsiň, taryhy halallyk bilen ýazmaly.
TARYHÇYBAŞY. Tekepbiriligiň özüňe zyýan eder, sen taryhyň eýesiniň öňünde dursyň. Ilbaşy islese, seň adyňy taryhdan öçürip-de bilýär. (Çyn Tumaryň daşynda aýlanýar) Püf-f! Mundan balygyň ysy gelýä-le? Massagetler Aral deňizinde balyk tutup gün-güzeran dolandyrypdyrlar diýibem ýazýan bar, şol dogry bolmasyn?! Eger şeýle bolsa, bulara asman atlarynyň geregi ýok, bular gaýyk bilen oňandyrlar diýmeli. (Gülýär)
ÇYN TUMAR. Biz aty keramatly Günüň ýoluna gurban berip, ony arşa getirdik, keramata dahylly etdik, siz ony baýdagyňyza goýsaňyz-da, para-peşgeşe ýaratmakdan çekinmediňiz, ýat ülkelere ugradylan janawarlaryň ajy gözýaşy siziň ýüregiňizi awatmady.
ÝALAN TUMAR. Diliňi ýygna, heleý, hormatyňy bil! Çydap durmaga mende sabyr galmady!
ÇYN TUMAR. Çydamak seniň täleýiňdir, gyrnak!
ÝALAN TUMAR. Gyrnagam bolsam, beýik Ilbaşymyň gyrnagydyryn! Oňa duşman bolanyň ganynam içmeli bolsa, içerin! Adyýitmiş Haramzadabaşynyň gan sarkýan kellesini meşige salyp getiriň, içmesem heleý bolmadygym! (Haýdap, nälet sütünine berkidilen garantgany ýumruklaýar) Sen, heleý, Kuros ýaly ägirt duşmanyň ganyny sormadyk bolsaň, ol öz işiň. Men Haramzadabaşy ýaly çöpdüýbiniň ganyny içmegi namys bilemok, buýsanç bilýän! Içjek, gotura derman etjek! Ilbaşyma kast eden adam haramzada bolsun, asylzada bolsun, parhy ýok, meniň üçin Iblis, Iblis! (Nälet sütünini ýumruklany bilen oňman, oňa agyz salýar, soňra gyzgynyna Sapar Kösäni ýumruklap başlaýar)
SAPAR KÖSE. Heleý elinden ölmek nesibämde bar ekeni. Hä-äý, zaňňar Görogly, ýeser tomaşa tapdyň.
ILBAŞY. Aýryň, köşeşdiriň. (Ýalan Tumary çekeläp, güýç bilen aýyrýarlar)
ÝALAN TUMAR. Çynym! Bu çaka sahnada oýnanam bolsam, häzir oýun ýadyma düşenok, gaty çynymdyr! Haramzadabaşa ýigrenjimi Ilbaşyma söýgim joşdurýar!
ILBAŞY. Zor oýnady, ynandyrdy! (El çarpýarlar) Ölen artistden alnan ady saňa berýän, gutly bolsun. (El çarpmalar, şowhun)
ÇYN TUMAR. Sizden bir talabym bar: meniň ruhuma azar bermäň! Dünýäni özüne garadan Kuros ölenleriň ruhuny kemsidenligi üçin heläk bolupdy. Siziň massagetler diýýäniňiz, beýik getlerdir, onuň patyşasy Gesir Ak başly daglardan Gyzylguma çenli ähli taýpanyň hökümdarydy. Söweş meýdanynda ýaragdan ölmek oňa miýesser etmedi, gelmişekleriň ähtiýalanlygynyň pidasy boldy, ýaraşyk dabarasynda haýynlyk bilen öldürildi. Ony ejem bilen bir mazarda jaýladyk. Şol günden biz – zenanlar ata çykdyk, heläk bolan gerçekleriň söweş ornuny tutduk. Biziň üçin mukaddes borç ägirtleriň mazarlaryny aman saklamakdy. Döwür dolananda olaryň direlip, orunlaryny eýelejekdiklerine ynanýardyk. Kuros ilkinji gezek biziň topraga aýak basanda, men oňa duýdurypdym: eger enem-atamyň mazaryny weýran etseň, meniň ýigrenjim seniň ajalyň bolar diýdim. Gulak asmadylar, mazarlary taladylar. Ömrüniň soňunda hökmürowan Kuros sähradaky salgymy kowalap, meniň topragyma ýene aýak basdy. Bu sapar ol biziň erkimizi syndyrmakçydy, ýurdumyzy weýran etmekçidi. Salgym ony ajalynyň ýetmeli ýerine alyp gelipdi. Men bu gezek ölenleriň mukaddes ruhunyň öňünde çykarlan hökümi amal etmelidim, şony-da bitirdim. Maňa Kurosyň ganyna suwsan patyşa aýal diýmäň. Men salgyma çapýan hökümdaryň ahyr pellede gorpa gidýändigini görkezdim. Haýp, adamlar taryhy sapak edinmeýärler, gaýta ony özleriçe ýazyp, salgyma çapmak endigine baş goşýarlar. Siziň emelsiz oýnuňyzy synlamaga mundan artyk meniň ruhum çydanok.

Çyn Tumaryň duran ýeri garaňka gaplanýar, onuň gözlegine çykylýar, tapanoklar. Duranlarda gorky artýar.

SAPAR KÖSE. Görogly zaňňar, belet bolsaň, gözden gaýyp bolmagyň tärini bizlere-de aýdaweri. Nähili doga oka diýsen okaýyn. Zaňňar, Sapar Kösäni nälet agajyna baglap goýmak niýetinde bolan bolsa, şo niýetiňe kemsiz ýetdiň, indi boşatmagyň-da bir alajyny görsem diýýämiň, ýa ýokmy?
ÇYN GÖROGLY. Basa düşüp-de kelläme depiläýmese, Göroglyň gany gyzjakmy, ganym gyzmasa, menden dälilige garaşma.
POLISBAŞY. Ruhda gan bolýanmydyr?
BILERMENBAŞY. Gan bolsa, suraty plýonka düşmeli.
RUHÇYBAŞY. Gan bolan ýerde jan hem bolmaly.
PROKURORBAŞY. Diýmek, bular ruh däl-dä? Bulaşdyrýan dälsiň-dä?!
ÝAŞULYBAŞY. Ruha meňzänoklar, juda tekepbir öz-ä. Ýene, şu sakaldaş bilen dil tapmak amatly bolsun gerek. (Çyn Gorkuda golaý barýar)
ÇYN GORKUT. Amat gözläp-de, biz bilen söwda etmek hyýalyň barmydy?
ÝAŞULYBAŞY. Toba, toba!.. Ölen bendeleriň ruhlary bilen söwda edilýänmidir?
ÇYN GORKUT. Näsebäbe bizi bimaza etdiňiz?
ÝAŞULYBAŞY. Toý-zyýarata çakylykdan sebäp gözlemek gelşiksizlik dälmidir?
ÝALAN GORKUT. Gowusy, nirden gelenini aýtsyn-la. Rahman Rejebow diýen alymyň kitabynda-ha: “Gorkut atanyň önüp-ösen, ýaşan, işlän ýeri, watany Mary bolupdyr, kakasyna-da Gara hoja diýer ekeniler” diýip ýazlan.
POLISBAŞY. Pasportynam şol kitap boýunça doldurdyk.
ÝAŞULYBAŞY. Häzirki Mary sarpaly Ilbaşymyzyň garaşsyz ýurdunyň bir welaýaty.
TARYHÇYBAŞY. Söwdagärleriň çykýan ýeri. “Söwdada utaryn diýip Mara barma” diýlpdir.
ÇYN GORKUT. Sizler Maryda meniň gabrymy gazyp goýan bolmaň? Sizde: “Görkut üçin gabyr gazma” diýen sözem-ä bardyr?
ÝALAN GORKUT. “Sizde” diýip, bu zalywat goja özüni bizden keseki tutýan ýaly-la?
TARYHÇYBAŞY. Gorkut atamyzyň mazarynyň Maryda bolmagyna garaşsyz ýurdumyzyň garaşsyz taryhçylary garşy. Maryda şo mazar bolmanda-da ýadygärlik gytlyk edenok. Seni öňem o ýerde jaýlajak bolandyrlar, gabryňam gazandyrlar, sen gabryň gazyljak ýerinden gaçypsyň-a. Akademik Bartoldam şeý diýip ýazýar. Umuman aýtsam, däliden dogry habar, biz eýýam belli netijä geldik. Seni beýik Ilbaşymyzyň doglan obasynda jaýlamaga mynasyp gördük!
ÇYN GORKUT. Syrderýanyň aşak akymynda mazarymyň ýatandygyny-da Bartold diýen alym kişi ýazypdyr, habarym bar.
TARYHÇYBAŞY. Biz garaşsyz taryhçylar, Bartold ýaly akademikler bize görelde bolup bilmez, gaýta, biz olaryň egrelden ýerlerini dograldyp ýörüs. Bartold seň boýuň dört metre ýetýär diýip ýazan ekeni, biz on metr diýip düzetdik. Şol ölçege laýygam gabyr gazarys. Türkmenler hemişe-de serdarlaryna, danalaryna uly-uly mazarlar galdyrypdyrlar, “türkmene gabarak” diýlipdir-ä. Abulgazy Bahadur han saňa 295 ýaş beripdir, biz tegeläp goýberdik, üç ýüz diýdik. Seň ýewreý pygamberlerinden kem ýeriň ýok, ony-da az görýän bolsaň, aýt, öz elimizden gelýän zat.
ÇYN GORKUT. Meni müň iki ýüz ýyl ozal bir gezek jaýladylar.
BILERMENBAŞY. Biz habarly, ýöne şonda seniň islegiň bilen gabatlaşmazlyk bolupdyr, ony-da anykladyk. Beýik Ilbaşymyzyň mukaddes “Parz kitabyny” öwrenýän alymlaryň bütindünýä gurultaýy gaýtadan geçirlen ylmy barlaglaryň jemini jemledi, jar etdi. Barlaglaryň netijesinde Zeminiň merkezi nokady Ilbaşymyzyň doglan obasy bolup çykdy. Seniň wesýetiňe salgylansak, Zeminiň edil orta nokadynda gabryň gazylmaly ekeni. Biz seniň islegiňi ýerine salmakçy.
TARYHÇYBAŞY. Beýik serdarymyzyň gudraty bilen sen täzeden dünýä inensiň, goja! Seň gabryňam täze bolar! Bilmezlige salma, sen bilýäň, bileniň üçin altyn köşge geldiň! Saňa has takyk aýdaýyn-la... 1951-nji ýylda TÜRKMENISTAN Kommunistik (bolşewikler) Partiýasynyň Merkezi Komiteti karar kabul edýär. Şol karar boýunça seň “Gorkut ata” kitabyň ýok edilýär, adyň taryhdan öçürilýär. Aýylganç karary taýýarlan haramzadanyň kimdiginem aýdaýyn. Haramzadabaşynyň kakasy! Ilbaşymyzyň: “Haramdan haram dörär” diýen genial sözüniň dogrulygyny ýigrenji ata-ogluň mysalynda düşündirse bolar. Haramzadabaşyň haramzada kakas-a seni ýok etdi, Haramzdabaşyň özem biziň pygamber hasasyna mynasyp Ilbaşymyzyň kastyna çykdy. Onuň bet niýeti başa barmady! (Şowhun)
SESLER. Haramzadabaşa nälet!.. Tohum-tijini ýok etmeli!.. Nälet! Ömürlik nälet!..
ÝALAN GORKUT. (Çyn Gorkuda daş uzadýar) Al, nälet sütünine daş zyň!.. (Çyn Gorkut daşy alanok) Al, ýaýdanma, zorluk zamany sowuldy.
TARYHÇYBAŞY. Seni gaýtadan dünýä inderen gerçek, hol-ha, belent tagtda otyr! Agzyndan ot çabraýan aždarhanyň kellesini kesen pälwan otyr! Tagzym et!
ÝALAN GORKUT. Makul bilseň, saňa derek nälet sütünine özüm daş zyňjak. Çynymy aýdýan, ho-ow!.. zyňaryn! Seň lal-jim bolup oturşyňa haýran. Makulmydyr!.. Bi meň elim... (Daşy zyňýar) bi-de seň eliň! (Ýene zyňýar)
SAPAR KÖSE. Zaňňar Görogly, bular meni daşlap öldürjekler!
ÝAŞULYBAŞY. (Çyn Gorkuda) Halasgäriňe obadaş bolmak bagt dälmidir, sakgaldaş!
ILBAŞY. Gorkut ata pasporty täzeden ýazmagy buýurýaryn!  (Şowhun, el çarpmalar) Gorkut atany täze metjidimiň bir ganatynda jaýlamaly. (Ýene şowhun)
ÝAŞULYBAŞY. Günüň geldi, sakgaldaş, Aziýada ondan uly metjit bolup bilmez! Zyýaratçylaň yzy üzülmez! Aýat-sadakadan doýarsyň.
ÇYN GORKUT. Asyl ýöne, gabrymy gazyp goýan ekeniňiz.
ÝAŞULYBAŞY. Syrderýaň boýunda nägörüň bar?! Del ýurtda ýatanyňy namys bilýäs! Üstesine, Aral deňiz-ä bir gurady, hä diýmän Syrderýa-da taňkyrap galjak. Müň iki ýüz ýyl aýralykdan soň çyn hossarlaň arasyna geldiň! Hoş geldiň, sapa geldiň, sakgaldaş! (Şowhun)
ILBAŞY. Gabryňy gazmaga rugsat ber, şu minut perman çykaryp, Ýaşulylar geňeşine adyňy dakjak.
ÝALAN GORKUT. Rejebowyň kitabynda sen şahyr bolupsyň diýilýär, Salyr Gazany öwüp ýazan bir goşgyňam getirilýär.
ÝAŞULYBAŞY. Indi, enşalla, Gorkut babamyz beýik halasgärini wasp edip aýdym ýazar.
BEÝEMÇIBAŞY. Ýoldaşlar, ildeşler! Dana atamyz Gorkut Ilbaşynyň waspyny ýetirmekçi bolýandyr-la, ho-o-ow... (Şowhun)
ÇYN GORKUT. Menden waspnama diňlejegiňiz çyn bolsa, men aýagymy ýerden üzmeli. (Düşünenoklar)
ÝAŞULYBAŞY. Düşündim, sakgaldaş, men düşündim. Adam pakyr belende galsa, başy howalaly bolýar. Gorkut atamyz ata münsün, at getiriň!
ÇYN GORKUT. At zerur däl. Eşekden pes, gaýyňdan belent, iki aýakly jandar bolsun.
ÝAŞULYBAŞY. Beh-beh, sen-ä ýeser matal aýtdyň. Öýdeçimi, düzdeçi?
ÇYN GORKUT. Öýdeçi.
ÝAŞULYBAŞY. Iki aýakly, öýdeçi... özi-de münülýän bolsa... bäh! Haýwanmy? Ynsanmy?
ÇYN GORKUT. Daşyndan ynsan, içinden haýwança-da ýok.
ÝAŞULYBAŞY. Baý-baý-o-ow!
MEDENIÝETBAŞY. Adam şekilli maýmyn bolmasyn? Olaň öýde saklanýan ýerlerem bar.
RUHÇYBAŞY. Gorkut atamyzyň belent ruhuny maýmyna mündürsek, eýse şol medeniýetden nyşanmydyr?! Ruhuň islegine düşünmek hemişe dirilere başardyp durýan däldir. Goý, islegini özi aýan etsin.
ÇYN GORKUT. Şu bendeleriň arasynda ýagyrnysy atdan ynjalykly bende dur, şony münsem ylhamym joşjak.
ÝAŞULYBAŞY. (Gorka) Beýle boldy diýsene... Äý, näme, o diýen bendäňi görkezmeli bolarsyň-da, sakgaldaş.

Çyn Gorkut Ýalan Gorkudy görkezýär. Gülki. Ýalan Gorkut arkan serpilýär.

ÝAŞULYBAŞY. Butnama, münsün!
ÝALAN GORKUT. Eýse, adam münmek danalyga ýaraşýan zatmydyr?!
ÝAŞULYBAŞY. Adam diýip münenok seni!
MEDENIÝETBAŞY. Derde ýaraýanyňa şükür et.
ÝALAN GORKUT. Seňki näm-aý! Duran ýeriňi bil!

Ýaşulybaşy Ýalan Gorkudy zora ýanap egýär. Çyn Gorkut çalasynlyk bilen münýär.

ÇYN GORKUT. Goluma dutaram beräýseňiz. (Görogly dutaryny berýär)
ÝALAN GORKUT. Şeýtan bilen aýdyşan özbegiňkä barar bi!..
ÇYN GORKUT. (Gazak äheňinde aýdyma gygyrýar)
Bir gazanga kyrk bir atyň etin salan,
Sol eli bilen gazangy göterip alan,
Sag eli bilen ilge üleşdirip beren,
Gazan beg diýgen alpy gören barmy?..
ÝALAN GORKUT. (Siltenýär) Kebzämde oturyp, Salyr Gazanyň waspyny edýä-le! Eý, goja, Ilbaşyny öwmeseň, agdaryp urýan ýere! (Ýene siltenýär) Ruh diýen zadam beýle agyr boljak eken-ow! Şüý-ä nemeden doldurlan ýaly...
ÇYN GORKUT. Huşum gursun,  gelen ýerimi birden unudaýan bolsam nätjek! (Türkmen äheňinde aýdyma gygyrýar)
Gorkut ata pasport ýazan,
On gulaçlyk gabyr gazan,
Atalarnyň ruhun bozan,
Senden gaýry han-beg barmy?!
ÝALAN GORKUT. (Çyn Gorkudy agdaryp urýar) Sen kimem bolsaň, meň kebzämde otury-a beýik serdaryma şyltak atmarsyň!

Galmagal, goh. Çyn Gorkuda haýbat bilen topulýanlar-da göze ilýär.

SESLER. Sylagyny bilmedi bi goja!
- Ruhdygyna-da müňkürlik edýäs!
- Eşek tezegi deşip, seredip görmeli, kimdigi belli bolar.
ILBAŞY. Raýatlam... mähriban raýatlam, hany, biraz köşeşiň! Bir müň iki ýüz ýyl keseki ýurdyň zeýli topragynda ýatany üçin bu gojaň ruhuna birazajyk zeper ýetipdir.
ÝAŞULYBAŞY. Gabyrdan gaçyp ýören adamyň ozalebetde ruhy düzüw boldumyka, päheý-de weli!
ILBAŞY. Ruhy sagalýança bu gojany bir zat edeliň...
ÝAŞULYBAŞY. Näme etmeli diýseň, ýaşulular seň tarapyňda! I-i, sylag-hormata tüýkürjek-le bi!
ILBAŞY. Ruhy sagalýança Gorkut atany danalaryň sanawyndan öçüräýsek nädýär?
ÝAŞULYBAŞY. Asyl ýöne ýerine düşäýjek! (Şowhun)
RUHÇYBAŞY. (Çyn Gorkuda) Nesiller saňa akyl-paýhasyň eýesi diýdiler, guwanyp geldiler, sen bu gün olary guwançdan mahrum etdiň. Men ruh bilermeni bolanym üçin, seniň ýüzüňe hakykaty diýjek. Adam jan bilen ýaşaýarka, duýup bilýär, söýüp bilýär. Ozalynda seniň janyň duýgudan, söýgüden mahrum ekeni. Muny seniň ruhuň ýowuzlygy aýdyp dur, onda ýakym ýok. Biz söýüp bilýän ruhy küýseýäris!
ÇYN GORKUT. Siz Depegözüň ruhuna sataşdyňyz, siziň täleýiňiz ýaman boldy. Ak pata bilen düzederden çökder gördük.
ÝALAN GORKUT. Depegöz diýdiň, ýekegöz diýdiň, bolmajak bela-beteri toslapsyň. Seň ol kitabyňy, walla, özüňe zor salaýmasaň höwes edip okar ýaly däl.
MEDENIÝETBAŞY. Düzedişidägeden, sada dilde, beýik Ilbaşymyzyň ady bilen täzeden neşir etmegi teklip edýärin. Ilbaşy ýaly kitap ýazan akyldar bir halka ýeterlik.
ÝALAN GORKUT. Wah, akyldar köpelse, adamlaň pikiri bulaşýar diýsene!
TARYHÇYBAŞY. Gorkut ata diýlen adamyň adyna berlen kitabyň döreýşiniň gümürtikigini aýtmamyzda-da, Ilbaşymyň daş ýarýan zehininden çykan mukaddes “Parz kitabyndan” soň onuň aktuallygy, zerurlygy barmy diýen ýiti sowal orta çykýar.
ÝALAN GORKUT. Mukaddes “Parz kitabyndaky” pikirler gaýtalanýar. Gaýtalanýan ýerlerini bir kagyza belläbem goýdum, ýanymda bolsa... (Kiselerini barlaýar)
BEÝEMÇIBAŞY. Artistligini unutdy!
ÝALAN GORKUT. (Düşünýär) Wah-eý, alman gaýdypdyryn! Bu gojany masgara ederdim welin... (Çyn Gorkut ýom-ýok bolupdyr) Bi-de ýitirim boldy! Namartlar, ejizleseler gaçyberýä bular! Özi ýitirim bolsa-da kitaby dur-a, ony nätmeli?
ÝAŞULYBAŞY. Bir adamyň iki heleýi bolsa, Ilbaşy aýtmyşlaýyn: “Iki aýal, bir är - üç heleý” bolýar. Ýaşulular şu tymsaldan mysal tutup, bir ýurtda bir är, bir akyldar, bir kitap bolsun diýýäler. Heleýem ýeke bolsun!
SESLER. Ýaşasyn ýeke-täk Ilbaşymyz!.. Ýaşasyn ýeke-täk “Parz kitaby”!.. Bir Watan, bir Serdar, bir Kitap! (Şowhun)
BILERMENBAŞY. (Tolgunyp öňe çykýar) Dana serdarym! Mähriban adamlar, eziz ildeşlerim, joşgun, hyjuw ýüregime syganok. Häzir buýsanjymy aýtmasam ýüregim ýaryljak. Häzir kalbymda şübhe galmady, Gün gara buludy pytradyp, asmany arassalar-a, şoň ýaly boldy. Gün diýenimi Serdar diýip biliň. Gara bulut diýenim - şübhe. Kalbymda biraz şübhe, kine saklanymy aýtsam, häzirki ýeňiş dabarysyny peseltdigim bolmaz, onuň ägirt güýjüni tekrarladygym bolar. Boýun almaga meni mejbur edýän ýok, öz ynsabymyň ündewine görä aýdýan. Ýok, şu dabaraly ýeňiş pursatynyň belentligi mejbur etdi diýsem, has dogry boljak. Bu ajaýyp ýurtda, beýik Ilbaşymyň ýurdunda arzuw edip ýeterden beýik ahwalatyň bolup biljegine çigit ýaly-da şübhe etmäň. Şübhe, göriplik, kemsinme bolmasyn! Özünden mysal tutup aýdýan. Serdaryň çagalykdan kalbyna dolan oý-pikirlerini arzuwlaryny bilmek, duýmak, üstesine-de şol adam bolup beýan etmek!.. (Howatyrly geňirgenmäni duýýar) Adamlar, men ömrümiň juda manyly bolandygyny ed-dil häzir şeýle bir duýdum welin!..  Eziz adamlar, biz Ilbaşymyzy arşa götermegi başardyk. Ummasyz zor ekenik! Gijeler ýatman ýazan sözleriňi uly-kiçiň dilinden her gün onlarça-ýüzlerçe gezek eşitmek, eşitdigiňçe-de gymmatynyň artýandygyny duýmak... Ibaşymyzyň barha beýgelýändigini duýmak!.. Men, eziz adamlar, bir watanyň, bir Serdaryň hyzmatynda! “Bir kitap!” diýip gygyraňyzda öz buýsanjymyň siziň buýsanjyňyza öwrülendigi meni... meni!.. Adamlar, men mundan beýläk-de bilimimi, zehinimi gaýgyrmajagyma ant içýärin! Häzir ýüregime sygmaýan buýsanç siziň sebäbiňize döredi, beýik Serdarym! Ol kitap siziň emriňiz bilen beýik boldy, mukaddes boldy, Gurhan bilen bir tekjede goýuldy, serdarym. Beýik kitaba-da beýik eýe gerek ekeni! Siz bilýänsiňiz, serdarym, meni mukaddes kitaby döretmäge gönükdireňizde...
ILBAŞY. Sem bol!
BILERMENBAŞY. Gönümel aýtdym, ýalňyşdym, serdarym, size kömek edemde diýmelidim.
ILBAŞY. Ýalan!
BILERMENBAŞY. Ýalan, elbetde, ýalan! Meni al kakdy, başymy-gözümi aýlady. (Emedekläp basgançaga tarap ugraýar) Tekepbirlik edipdirin, serdarym, şol nejis häsiýetden el çekip bilmänime düşündim, (Ýer ýumruklaýar) häzir, şu dem düşündim. Ol meni galp duýga maýyl etdi, diýmejegimi diýdirdi, başarmajak işime şärikli etjek boldy. (Ony basgançakdan ýeňsä çekýärler, ol öňe dyzaýar) Şeýtan meni serdarymdan azaşdyrjak bolýar, bu şeýtanyň hilesi, ol dilime badak saldy, dilimi soguryň! Adamlar, kalbyňyzda tekepbirligiň ýoky-da galmasyn, görüň, şeýtan meni nähili pajyga saldy. Nirden tutmalydygyny bildi. Haramzadabaşynyň ruhy aramyzdan gidenok, pida gözleýär. Onuň bet niýeti başa barmasyn, serdarym, ol siziň buýrugyňyz bilen maňa jeza berdirenine heşelle kakar.
ILBAŞY. Men buýruk beremok, jezaňy özüň saýla, äkidiň!

Polisbaşy Bilermenbaşyny alyp gidýär. Ilbaşy kürsüde dymyp otyr. Gep atmaga hiç kimiň bogny ysanok. Dartgynly ümsümlik dowam edýär. Sapançanyň sesi köşkdäkileri sarsdyrýar. Ilbaşy öňküsi ýaly dymyp otyr. Polisbaşy dolanýar.

POLISBAŞY. Beýik serkerdebaşym, rugsat etseňiz, ýaňky dänim, jenaýatkäriň soňky sözüni aýdaýyn, haýyş etdi. (Ilbaşy baş atýar) “Beýik Ilbaşymyň beýik akyldar hökmünde şübhesiz ykrar edilmeginiň hatyrasyna şirin janymdan geçýändigime buýsanýan” diýdi.
ILBAŞY. Bilermene gelişjek çözgüt tapypdyr. Bilim adama diňe ýaşaýyş üçin gerekdir öýtmäň.
SAPAR KÖSE. Selle oranyp, medrese gutarmasak-da, günä etmändigimizi bizlerem bilýäs.
PROKURORBAŞY. Sen döwlet serhedini bozduň.
POLISBAŞY. Seni serhetden geçiren adam ele salynýança dänim, seni boşatmak hakynda gürrüňem bolup bilmez!
SAPAR KÖSE. Äý, Görogly zaňňar, bularyň-a çözgüdini eşitdiň, agzyňa suw alan ýaly boljak oturjakmy sen indi! Hüňkar patyşaň köşgünde Öwez ogluňy boşadaňda ýüzüňi sallapmydyň, saňa ne döw urdy?
ÇYN GÖROGLY. Bir dem sabyr et, Sapar Mährem, ganym gyzyp başlandyr!.. Häý-ý, syrdaşym, ýoldaşym, Gyrat, nirdesiň sen! (Goluna dutaryny alyp gygyrýar)
Görogly men, gerçek özüm,
Çohlarny görendir gözüm,
Atym ýyndam, ýeňil özüm,
Bakmanam hana, soltana... (Köşgi ýaňlandyryp, Gyratyň kişňeýän sesi eşidilýär. Howsala başlanýar)
POLISBAŞY. Äkidiň!

Sapar Kösäni alyp ugraýarlar. Görogly gylyjyny çykaryp, olaryň ýoluny baglaýar.

ÇYN GÖROGLY. Hüňkar patyşany al salyp alan bolsak, öz Hüňkärimizi dogry durup alarys! (Ilbaşa) Sapar Köse şu dem boşadylmasa, köşgüňi başyňa ýumurýan!
ILBAŞY. Görogly diýilse-de sylag hormaty biljege meňzänok. Men-ä paýtagtymyň iň gözel köçesine muň adyny dakýan, bü-de meň köşgümi ýumurmaga gelipdir. Güm edip, adyny köçeden aýyryň!
POLISBAŞY. Sapar Köse diýilýän adam içaly, boşadyp goýbersek, Haramzadabaşynyň ýaranlaryny ele salmak dänim, kynlaşar.
ILBAŞY. Dogry diýýäň!
MEDENIÝETBAŞY. (Ýalan Göroglyny gyssanmaç gyra çekýär) Sen nä gabarlyp dursuň, häzir adyň Görogly, biliňde gylyç bar, topul!
ÝALAN GÖROGLY. Sygyr taýak edäýmeseň, bu gylyjyň ýarajak zady ýok.
MEDENIÝETBAŞY. Diliň bar, halk artist diýen adyň bar, bir zat et-de al sal, maňa-da abraý boljak.
ÝALAN GÖROGLY. Ýazyp berilmedik zady nädip oýnaýyn?!
MEDENIÝETBAŞY. Alp Arslanyň roluny oýnadyň-a, şoň bir monologyny haýbat bilen aýt, gorkar.
ÝALAN GÖROGLY. Muňa Göroglyň ruhy diýdiňiz-ä, ruh gorkýanmydyr?.. (Çyn Görogla golaýlaşýar) Eý, gardaş, Görogly, beg ogludygyň çynyň bolsa, bi maýda dawa ikimize gelşenok-laý. Sapar Köse diýdiň, kyrk ýigit diýdiň, olar ýaly adam köçä çyksaň weşeň-weşeň. Atdaş jan, käşgä, bylaň saňa wepa beren ýeri bolsa!.. Maňa sen Görogly bolmaly diýdiler, iş edinip kitabyňy okap çykdym, atdaş, belet boldum-a, başyňdan inen töhmet eken-ä bylar. Sataşan günleri gidip, agaň malyny taladylar. Arapdan ar almaga gideňde-de seň bilen gitmediler-ä.
SAPAR KÖSE. Bizleri Göroglyň özi galdyrdy.
ÝALAN GÖROGLY. Kempiri yzlap Nişapura gidende nätdiňiz? Agaýunus perisine, Öwez ogluna hapa şyltak atmadyňyzmy? Size “kyrk ýalhor” diýenem Görogly begiň özi!
SAPAR KÖSE. Görogly, bu zaňňar suhangöýlük edip, ganyňy sowatjak bolýar, aldanmawer.
ÝALAN GÖROGLY. Bu namartlardan el çek, atdaş. Senem biz ýaly, garaşsyz watanyňa, beýik Ilbaşa hyzmat et, at alarsyň, zat alarsyň. Çyn Görogly bolmaga zerurlyk ýok, namys-ar diýen düşünje-de üýtgedi, günde-günaşa il çapyp, alamançylyk edip ýörenem ýok, hezillik-laý! Seň erenlerden, pirlerden eden dilegleňňem baryny bilýän. Häzir oň ýaly dileg etseň gülerler. Ilbaşydan bedew at dileme, at ulagdyr öýdülenok, maşyn dile, inomarka ber diý. (Çawuş bilen) “Mersedes 600” diýme, özi münýä, sen “Mersedes 500” dile. Özüňe gerek bolmasa, atdaşyň entek ölenok. Menem Görogly-da indi, halk meni sahnada, şular ýaly dabarada görýä. Bäh, eliňdäkem şol düýrme gylyjyňmy?! Bu gylyç türkmeni çapmaz, biz saňa ildeş, dost-ýar. Muň dessesinden tutup görmegem sogapdyr... (Aýylganç gygyryp, Çyn Göroglynyň gylyçly eline ýapyşýar) Çozu-uň! Gylyjy alyň!

Harbylar Çyn Görogla topulýarlar, ok atýarlar. Ok Ýalan Görogla degýär, ol ýykylýar. Harbylar-da serpilýärler. Şol pursat Sapar Kösäni alyp gidýärler. Köşgi Gyratyň sesi sarsdyrýar. Ýalan Göroglynyň maslygyny süýräp çykarýarlar, oňa üns berýän ýok. Galagoplyk. Çyn Görogly Sapar Kösäniň yzyndan gitjegini-de, Gyrata garaşjagyny-da bilmän, alňasap dur, şol aralykda Ruhçybaşy hyzmatkärler bilen ot ýanyp duran haşamly gap getirýär, elinde galyň kitap bar.

RUHÇYBAŞY. (Dabaraly) Ruhy ýarag bilen almarsyňyz, ruhdan dynmagyň ýoluny men bilýän! (Elindäki “Görogly” eposyny galdyrýar) Göroglyň ruhy şu kitabyň sahypalarynda, ony ot ýakyp-ýandyrar! (Kitaby oda zyňýar, Ilbaşy haýran galyp oda seredýär) Indi Görogly begiň tomaşasyny görüň! (Gülýär) Ertekide ak döwüň janynyň nirde ýygşyrlany ýadyňyzdadyr, dagda ýatan aždarhanyň gulagyndaky çüýşäniň içindedir diýilýär, döwden dynjak bolsaň, öňürti çüýşäni ýok etmeli. Çüýşede döwüň jany ýatan bolsa, bu kitapda halkyň hakydasy ýatyr. Hakydany ýandyrsaň, ruhy-da ýandyrarsyň! (Kitap ýandygyça Görogly ysgyndan düşýär, bükülýär, kiçelýär, soňra garaňka gaplanyp gözden ýitýär, ony Ruhçybaşynyň dabaraly gülküsi ugradýar. Köpçülik şowhun turuzýar. Ilbaşy haýdap oduň başyna gelýär)
ILBAŞY. Sen has amatly usul bilýän ekeniň! (Ruhçybaşyny gujaklap ogşaýar) Seni Usulçybaşy belleýän! Aramyzda kesekiniň ruhy galmasyn!
RUHÇYBAŞY. Olaryň anyk sanawyny düzüp goýdum. Getiri-iň!

Goltuk-goltuk kitap getirýärler. Ruhçybaşy olary-da oda atyp başlaýar, Ilbaşy kömek edýär.

ILBAŞY. (Kitaby zyňmazdan ozal adyny okaýar) “Halk ertekileri”... Bir adam çypdyryp başlasa, “sen erteki otarma” diýýändirler, bular çypdyrma! (Kitaby oda zyňýar). “Gorkut ata”... muň haýryndan galmagaly köp, ýaňy gördüňiz-ä, öňem, soňam maňa alada boldy. (Oda zyňýar) “Magtymguly. Goşgular”... özünden başga akyldar bardyr öýdenok, kyýamat diýip gygyryp oturdygyň akyldar boldugyň däl. Mukaddes kitabymda adyny tutdym, bolýa-da şol! (Zyňýar)
RUHÇYBAŞY. Ikirjiňlenme! Tekepbir adamlar seniň myrryhyňy atlandyrýar, bilýän-ä, adyny öçürmeseň, ruhy saňa görgi bolar!
ILBAŞY. Maňa ýaramajak ruh meniň halkyma-da ýaramaz! “Türkmen sowet edebiýaty”... özi ýok boldy, edebiýatam ýok bolsun! (Zyňýar) “Sowet edebiýaty” diýilse, kitaphana göz öňüme gelýär. Kitap köp ýurtda pikir birligi bolmaz!
SESLER. Bir Watan, bir Serdar, bir Kitap!
ILBAŞY. “Halk aýdymlary”... Indi halkym bu aýdymlary meň adym bilen aýdýar-a, bulaşyklyk bolmasyn-da! (Oda zyňýar)
SESLER. Bir Watan, bir Serdar, bir Aýdym!
ILBAŞY. (Has çalt zyňyp başlaýar) “Türkmen simfoniki we opera sazlary”... ýekeje dutar bulaň baryndan gymmat! (Zyňýar) “Türkmen balet sungaty”... he-he, parnografiýa! (Zyňýar) “Daşary ýurt edebiýaty”... (Zyňýar. Soňra hyjuwlanyp, oduň daşynda aýlanýar) Keseki ruhlary köki bilen köwläp zyňmagy mähriban halkyma buýurýaryn! Mukaddes “Parz kitabym” meniň ruhumdyr!
SESLER. Bir Watan, bir Serdar, bir Ruh!
ILBAŞY. Mukaddes “Parz kitabym” halkymyň hakyky taryhydyr!
TARYHÇYBAŞY. Mukaddes “Parz kitabyndan”: “Soňky ýazylan taryh öňki ýazlan taryhdan gyzykly hem belent bolmalydyr.” 50-nji sahypa, ýokardan birinji jümle.
SESLER. Bir Watan, bir Serdar, bir Taryh!

Oduň töweregini gurşap tans edýärler. Gyratyň sesi köşgi ýaňlandyrýar, at toýnagynyň sesi ýeri sarsdyrýar. Märekede gorky döreýär, tagt togtaýar.

RUHÇYBAŞY. Gyrat Göroglyny gözleýär.
ILBAŞY. Göroglam, ruham ýok boldy, gözlemesin!
RUHÇYBAŞY. Haýwan düşünmez, onuň wepasy adamyňkydan ileri. Gyrat ýöne bir at däl, ol Göroglynyň ýoldaşy, syrdaşy. Söweşde depip, gapyp, ýüz nökeriň ýerini tutýar. Ondan her şumluga garaşybermelidir.
ILBAŞY. Çäresi bolmalydyr-a! Görogla çäre tapaňda, atyna çäre tapmajakmy?! Saňa Usulçybaşy adyny dakdym, üstesine-de adatdan daşary ygtyýar berýän. Polisbaşam, Prokurorbaşam seň ygtyýaryňda. Nät welin, şo atyň sesini sem et!

Ruhçybaşy elini bykynyna diräp, aýlaw edýär. Adamlar ätiýaç bilen onuň öňünden sowulýarlar.

RUHÇYBAŞY. Ruhlar köşge hoş niýet bilen gelipdirler, nadyl bolup gitdiler. Ruhuň näzikligini oguz süýdüne deňäp bolar, oduň sähelçe ýylysyna oguz süýdi bölünýär, pytraýar. Ýakymsyz energiýaly adamlar ruhlary hoş niýetlerinden dänderdiler, Gyratyň ruhuna-da olaryň ýakymsyz täsiri ýetip biler. Şol adamlar tizden-tiz şu ýerden çykmasalar, maňa Gyratyň ruhuny raýyndan gaýtarmak kyn düşer.
ILBAŞY. Saňa adatdan daşary ygtyýar berdim.
RUHÇYBAŞY. (Prokurorbaşa) Seniň müňkürligiň diňe ruhlaryň ýüregine düşmedi, meniňem ýüregime düşdi. Sähra jerenini haram doňuzyň yzyna tirkemek hyýalyň bar. Başa barmajagyna düşünensiň-le. (Gülýär)
PROKURORBAŞY. Seniň bolşuň hyýalymyň dogrulygyna delil berýär.
RUHÇYBAŞY. Deliliňi diňläre pursat ýok, diňlejegem ýok! (Polisbaşa) Seniň gödekligiň ruhlara ýaramady, sen köşk sakçylarynyň arasyna bar. (Polisbaşy gidermen)
PROKURORBAŞY. Saklan!.. gitme. Biz diňe serkerdebaşynyň buýrugyna boýun bolmaly.
RUHÇYBAŞY. Siz meniň ygtyýaryma berildiňiz!

Ýene Gyratyň güpürdisi güýçlenýär, Ilbaşy kellesini tutýar.

ILBAŞY. Ygtyýar berenimi eşitdiňiz-ä... Ol meni Göroglydan dyndardy, siz ruhuň garşysyna näm edip biljek?! Ruhy ok alanok, güýç bilen saklap bolanok, käşgä, görmedik bolsaňyz. Çykyň, gerek bolan mahaly çagyraryn.
PROKURORBAŞY. Giç bolar.
ILBAŞY. Çydamok! Buýruk berýän, çykyň.
PROKURORBAŞY. Howply ýagdaýyň dörändigini duýdurman gitsem, prezidentiň öňünde geçirimsiz günä etdigim bolar.
RUHÇYBAŞY. Sen, heleý, näçe eglenseň şonça-da günäň agralýar!
POLISBAŞY. Men gidýän... gitjek...
PROKURORBAŞY. Gitme, dur-r! (Ruhçybaşa) Ele salynmazynyň öň ýanynda Haramzadabaşy iki öwre saňa til edipdir, sotowoý telefonunyň rasşifrowkasy görkezdi. Polisbaşam habarly.
POLISBAŞY. Men dänim, diňe eşitmäge ýetişdim, maglumat almaga wagtym bolmady, köşge gaýtdym.
PROKURORBAŞY. (Juda aýgytly) Rasşifrowka düşen telefon eýeleriniň hemmesi terakta dahylly bolup çykdy. Hormatly prezident, bir minut gaýra goýman, şübhe edilýän aýaly soraga çekmäge ygtyýar beriň!

Gyratyň güpürdisi, kişňeýän sesi gaýtalanýar, Ilbaşy kellesini tutup, kürsüden düşýär, gygyrýar.

ILBAŞY. (Prokurorbaşa) Gabanjaňlyk keseline uçran bolma sen?! Häzir aýtmalymy, öň ýadyňa düşmedimi?
PROKURORBAŞY. Dabarany bozmaýyn diýdim.
ILBAŞY. Akyl edipsiň, bozma, dabara gutaranok.
PROKURORBAŞY. Pajyga bilen gutarmagy gaty ähtimal.
RUHÇYBAŞY. Bu heleýiň şu aýdýany dogry.
ILBAŞY. Ol heleý däl, prokurorbaşy!
RUHÇYBAŞY. Kimem bolsa, bizi güýmedigiçe ýagdaýyň düzedip bolmajak derejä ýetjekdigini bilýäni üçin aýdýar. Gyrat nadyl bolup gidenleriň ruhundan beleň alar, olaryň birleşen energiýasyndan dörejek zarba köşge gönüger. Şeýle boljagyndan prokurorbaşy heleýiň habary bar ekeni.
ILBAŞY. Prokurorbaşynyň ruh bilen işi bolmaly däl, her kim başarýan işini etmeli!
PROKURORBAŞY. Men gulluk borjuma görä, şu minudyň özünde Haramzadabaşynyň gurnan teraktyna gatnaşygy bar diýen şübhe bilen şu aýaldan soraga başlamaly!
ILBAŞY. (Ruhçybaşa) Bular döwletiň, prezidentiň goragynda duran adamlar, düşün-ä! Ekjeşme, seň garşyňa olaram delil taparlar, olara-da ynanman durup bilmen.
RUHÇYBAŞY. Gyrata tapjak çärämi olar unamaz, oňa başga many berjek bolarlar. Men nädeýin?!
ILBAŞY. Başymy agyrtmaň!

Gyratyň turuzýan gopguny has beterleşýär, Ilbaşy urunýar.

RUHÇYBAŞY. Diýenim boldy! Bu adamlaryň ýakymsyz energiýasy minut saýy Gyratyň ruhuny dälilige salýar, meniňem gonjuma gor guýýar, pähimimi bulaşdyrýar. Soňky boljak betbagtlylyga men jogap bermen!
PROKURORBAŞY. Eden etmişleriňe jogap berseň, şolaram saňa ýeterlik. Iki äri taşlan ahlaksyz heleýe nähili ruhuň ýarajakdygyny soraman bilse bolar. Ýagty ruhlar senden gaçdylar! Bize mälim bolan iň soňky fakty aýdaýyn: Haramzadabaşynyň bir üpdeşini oýnaş tutunypdyr.
RUHÇYBAŞY. Äriňi çölde saklap, bärde kimler bilen aýşy-eşretde bolýanyňy menem aýdyp biljek.
ILBAŞY. Heleý dawasyny bes ediň! (Ruhçybaşa) Nähili çäre tapýan bolsaň, çaltrak et, meni dowzahdan dyndar! At toýnagy kellämi ýaryp barýar, sesi ýüregime düşdi!
RUHÇYBAŞY. Baýdagy getiriň!

Ilbaşy tisginýär. Kürsiniň gapdalynda goýlan, ýüzüne atyň şekili salnan döwlet baýdagyny alyp gaýdýarlar.

PROKURORBAŞY. (Ilbaşa) Sizden rugsat bolmasa, döwlet baýdagyny düşürmek jenaýatdyr.
ILBAŞY. Çäre tapsa bolýa! (Gyratyň sesi gaýtalanýar) Çydamok!

Ruhçybaşy getirlen baýdagy alyp, oda tarap ýönelýär.

PROKURORBAŞY. Serediň, oýun çyna ýazdy!
ILBAŞY. E-e-eý, eý, nätsem diýýäň?! (Baýdagy kakyp alýar) Baýdagymy ýakdyrman, ýakdyrman, ýak-dyr-ma-an!..
RUHÇYBAŞY. Baýdagyň ýüzünde gyratyň şekili bar.
ILBAŞY. Baýdakdaky atyň Gyrata dahylly ýeri ýok. Bi meň atym! Hudožnikleri özüm atýatagyma eltip, iň owadan, iň ýyndam atymy görkezdim, şu aty baýdaga çekiň diýdim. Bihabar däl-ä sen! Ýa-da, saçy uzynyň akly kelte diýlenini edýäňmi?! Bu baýdagy bütin dünýä tanaýar! Bu baýdak Birleşen Milletler Guramasynyň baş ştabynyň öňünde parlap dur! Baýdagy ýakdygyň döwleti ýakdygyň, meni ýakdygyň!
PROKURORBAŞY. Ruhuň tupany soňky pellesine ýetdi! Döwletiň mukaddes nyşanyna hyýanat edildi! Trewoga!
ILBAŞY. Gabaň! Hiç kimi butnatmaň! Serhetleri ýapyň!

Signal çyralary ýanýar. Ruhçybaşy gabawa alynýar. Ilbaşy baýdagy belent tutup kürsüsine dolanýar.

PROKURORBAŞY. (Ruhçybaşa) At oýnatdyň, heleý, öte geçdiň, aljyradyň, öz oýnuňa özüň çolaşdyň! Ruhlar senden nadyl bolup gidendirler, ol pakyrlary çaşyň gözüne sereden ýaly etdiň, bir-de goldadyň, bir-de ýüzlerine urduň. Haýp, olar seniň jenaýata şäriklidigiňi bilmän gitdiler.
RUHÇYBAŞY. Heşelle kakma, olaryň giden ýeri ýok.
PROKURORBAŞY. Näm bolanda-da gaýdyp seni görmezler.
POLISBAŞY. Ruh diýlenneň dänim, gözden ýitişine ynanasym gelenok, bu taýda bir emel edildi. Ruhly meseläň özem dänim, emel üçin tapylan ýaly bolup dur. (Serenjam berýär) Ruh diýlenler gözläň, birinem sypdyrmaň! (Başagaýlyk)

Gyratyň kişňeýän sesi köşgi ýaňlandyrýar. Ilbaşy kellesini tutup, düýrülip oturýar.

ILBAŞY. O heleý bir çäre tapar, gyssaň!
RUHÇYBAŞY. Men ýeke-täk çäräni salgy berdim.
PROKURORBAŞY. Salgy beren çäräňe men düşündim. Ýanýan baýdak Haramzadabaşynyň entek ele düşmän galan ýaranlaryny aýaga galdyrmalydy. Olar köşge ýygnananlaryň arasynda-da bolmaly! Taparys!
POLISBAŞY. Bir adamam gymyldamasyn! (Ruhçybaşa) Sen başga bir peýdaly çäre tap!

Gyratyň güpürdisi dowam edýär.

ILBAŞY. Gyssaň, mejbur ediň!.. bu taýda däl, äkidiň, aýdýança neme ediň...

Polisbaşy Ruhçybaşyny südürdedip alyp gidýär.

BEÝEMÇIBAŞY. Beýik Ilbaşynyň halkyna peşgeş beren Altyn asyry dowam edýändir-le, ho-o-ow. (Saz çalynýar. Gyrat kişňeýär)
ILBAŞY. Sem boluň! (Ümsümlik. Sapançanyň sesi duranlary sarsdyrýar. Ilbaşy towsup turýar.) Eý, prokuror heleý, men size neme ediň diýdim, beýle ediň diýmedim-ä! Kim buýruk berdi?
PROKURORBAŞY. Meniň diňe garalamaga ygtyýarym bar.

Polisbaşy haýdap gelýär.

POLISBAŞY. Beýik serkerdebaşym!.. Ruhçybaşy dänim, gapydan çykan dessine has degerli çäre tapanyny aýtdy. Gyrata özüm münmesem diýdi, ol çarbaýlygyny goýmaz diýdi, maňa ruha öwrülmäge kömek et diýdi, nätmelidigini özi aýtdy. Men diňe oň diýenini etdim, serkerdebaşym. Häzir pakyryň ruhy Gyrata atlanan bolmaly.

Gyratyň sesi ýaňa öwrülip daşlaşýar.

ILBAŞY. Onuň maňa wepalydygyny hemişe-de aňýardym.
MEDENIÝETBAŞY. Ruh öwrenijileriň jemgyýetine Ruhçybaşynyň adynyň dakylmagyny medeniýet işgärleriniň adyndan haýyş edýärin, beýik serdarym!
ILBAŞY. Kim muny nälet agajyndan boşatdy? Medeniýete galtaşan adamyň biwepadygyny aýdyp gelýän size!
MEDENIÝETBAŞY. Serdarym, beýik serdarym, ýalňyz serdarym! Meni medeniýetbaşy bellänem bolsaňyz, men medeniýetden arassadyryn, medeniýet meni hiç mahal hapalap bilmez, serdarym. (Ony nälet sütünine saraýarlar)
ILBAŞY. Mundan beýläk ruh hakynda dil ýarmagy gadagan edýärin!
SESLER. Bir Watan, bir Serdar, bir Kitap! Ýok bolsun ruh!
BEÝEMÇIBAŞY. Beýik Ilbaşymyzyň mähriban halkyna peşgeş beren asuda Altyn asyry dowam edýändir-le, ho-o-ow...

Saz. Oduň daşynda tans edýärler. Ilbaşy pygamber hasasyny eline alyp, kürsüde oturýar. Nälet sütüne daş zyňýarlar, oda kitap atýarlar. Ýene Gyratyň sesi, güpürdisi köšgi sarsdyrýar, öňküleriň çeni-çaky däl. Ähli hereket togtaýar. Ilbaşy kellesini tutup gygyrýar.

ILBAŞY. Dargaň!.. Güm boluň!.. Tomaşa gutardy, güm boluň!..

Gyratyň güpürdisiniň astynda adamlary ýarag çenäp çykarýarlar. Trewogany duýdurýan signallar eşidilýär, barha köşgi gaplap alýar.

SOŇY.

2003-nji ýyl. Aşgabat şäheri.

Tirkiş JUMAGELDIÝEW.
Просмотров: 53 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: