01:20
Düýşürgän dünýä / powest
DÜÝŞÜRGÄN DÜNÝÄ

1.

Hepdäniň duşenbe güni. Ir bilen turdum. Ýuwundym. Ertirlik taýynladym. Çaý-çöregimi iýdim. Geýindim. Işe diýip ugradym.
Üçünji gatdaky bir otagly jaýymyň gapysyny gulplajak bolup, itinip durkam duldegşir goňşymyň mekdepde okaýan gyzjagazy ýan torbasyny alyp, öýlerinden çykdy. Ol meni gördi-de, tisginip, çirkin ses bilen:
– Wä-ä-ä! – diýip, girelgäni ýaňlandyryp, gygyrdy. Şo bada-da kürsäp yzyna girdi.
Diriligine ýuwutmak üçin jäheksiz agzyny açyp, üstüne abanyp duran äpet ýylany gören bolsa-da, beýle aýylganç gygyrmazdy. “Görgüsiýamanyň akly dagy üýtgäýdimikä?” diýip, hiç zada düşünmän, yzyndan aňalyp galdym. Her hal, onuň galmagalyna goňşular baş galdyrmady. Gapylaryny kakyp, bu ýagdaýyň sebäbini anyklaýynam bir diýdim. Ýene-de goňşymyň mydama ýüzi ajap duran aýalyndan eýmenip, goýbolsun etdim. Basgançaklary sanap, aşak düşdüm.
Hemişekisi deý, girelgäniň agzyndaky uzyn oturgyçda birinji gatda ýaşaýan garry aýal güneşläp oturan ekeni. Ol tanamakçy bolýan ýaly körjümek gözlerini gyrpyjykladyp, maňa tiňkesini dikdi. Gulagy agyr bolany üçin gygyryp däl-de, öňki edişim ýaly başymy atyp salam berdim. Salamymy alman, ilki-hä ýakasyna tüýkürdi, soňam eli bilen agzyny tutdy. Şonda onuň diliniň tutulyp, ýüzüniň reňkiniň üýtgänini, barmaklarynyň sandyraýandygyny, aýaklarynyň tibirdeýändigini gördüm. Ýaşy bir çene baranam bolsa, ol el-aýagyna diýenini etdirip bilýän kempirdi. Onuň gorky bilen geňirgenmesiniň sebäbini bilesim gelip, içim byjyklap duranam bolsa, netije bermejegi görünip dur. Ýeri, ker bilen nädip düşünişjek? Muňa gepiňi eşitdirmek üçin dünýäni ýaňlandyryp, gulagyna gygyrmaly. Onsoň men bir alamat gözläp, öz üst-başyma äňedişdirdim. Üýtgeşik zat ýok. Öňki-öňkülik. “Onda bulaň bu bolşy näme? Hamana jan algyç Ezraýyly gören ýaly” diýip gaharlandym.
Öýümiziň öňünde kiçiräk dükan bar. Her gün irden işe ugramazdan öň dükana sowlup gitmegi endik edinipdirin. Dükana girdim. Bir guty kofe alyp, puluny uzatdym. Girelim bäri maňa üns bermän, bir zatlaryň hasap-hesibine gümra bolup oturan dükançy gaýtargymy berdi-de, ýüzüme seredip, allaniçigsi boldy. Äýnegini bir aýyrdy, bir dakdy, ahyram elinden gaçyrdy.
– Näme bolýar-aý? Men düşünip bilemok... Düşündiriň! – diýip haýyş etdim.
– S-siz ş-şu ö-öýde ýeke özi ýaşaýan o-oglanmy? – diýip, ol sakawlap, üm bilen meniň ýaşaýan jaýymy görkezdi.
Hakykatdan hem men ýeke ýaşaýardym. Enem-atam ýokdy. Elbetde, men asmandan gaçan gudrat däl. Meni haýsy-da bolsa, bir aýal dogurandyr, meniň dünýä inmegime bir erkek kişi sebäp bolandyr. Bu gutulgysyz hakykata şübhe edemok. Emma olar barada hiç zat bilemok. Ýetim çagalaryň öýünde ulalypdym.
– Hawa, şol men – diýip dükança jogap berdim.
– D-dogry...
– Näme dogry?
– H-hiç...
– Düşündirseňizläň!
– Ýo-ýok... Hemmesi gowy.
– Näme bir zat boldumy? Men barada bir ýaramaz gürrüň eşitdiňizmi? – diýip, men çintgedim.
Dükançy ýere gaçyran äýneginem, özünem ele aldy.
– Ýok-k. Hiç zat bolanok. Hiç hili ýaramaz gürrüň ýok. Men ýöne şeýle soraýdym.
– Öz-ä birhili bolduňyz...
– Ýok-la. Gowy-la. Men ýaramajak bolýan soňky günler. Huşum kütelişýär. Biynjalyk bolmaň. Hemme zat gowy. Gowy-y – diýip, dükançy mydyrdady.
Diýse-de, töweregimdäkileriň özüm barada bir gümürtik gürrüňleriniň bardygyny çaklap, dükandan çykdym. Duralga bardym. Awtobusa münüp, işe gitdim.

2.

Iň soňky duralgada awtobusdan düşüp, edara baka ýöneldim.
Edaramyz şäheriň gaýra çetinde, atam eýýamynda gurlan köne binalaryň birinde ýerleşýärdi. Işiginde kiçeňräk howlusy bardy. Howly kä ýerleri köne kerpiç bilen örülen, kä ýerlerine posly demir bölekleri çüýlenen, ýene biraz bölegi agaç-ugaçdan ybarat bolan bolgusyz haýat we jygyldap agyr açylyp-ýapylýan demir derwezäni öz içine alýar. Edara binasynyň özüniňem sary gidip, saly gowşandy. Diwarlary zeýlidi, suwaglarynyň gopan ýerleri az däldi. Üçeginden ýagyş suwy geçip, petigiň käbir ýerleri saralyşyp durdy. Güýçli şemal turan wagty bolsa ýokardan haýsydyr bir ýyrtyjynyň uwlamasyna meňzeş güňleç sesler eşidilýärdi. Ýykyp-ýumrup, täzesini guraýmasaň, bu ymaraty düýpli bejergi bilenem düzedip boljak gümany yokdy.
Men ýokary okuwy ýaňy-ýakynda gutarypdym. Bu edarada işe başlanyma kän mahal bolmandy. Maňa hasapçynyň işini ynandylar. Özümden başga on bir adam işleýän bu edarada ýaşy boýunça iň kiçisi mendim.
Meni görüp, gorkusyna ýürekýargynç gygyryp, öýlerine kürsäp giren goňşy gyzy, girelgäniň öňünde ýakasyna tüýkürip oturan gulagy agyr kempiri, gözlerini agdar-düňder edip, sakawlap duran dükançyny ýadymdan çykaryp bilmän, kiçijik edaramyzyň bosagasyndan ätledim.
Adatça bolşy ýaly, işdeşlerimiň hemmesinden ir gelipdirin. Menden öň diňe eýjejik kätip gelin gelen ekeni. Ol penjiräniň öňündäki otag güllerine suw guýuşdyryp ýörşüne meniň gelip girenimi-de duýmady. Işikden giren ýerimde ardynjyrap, salam berdim. Ziňk edip, tisgindi-de, bärsine bakdy. Ozalky ýagdaý gaýtalananda ol akja dişlerini lowurdadyp ýylgyrmalydy, gülgün ýaňajyklarynda çukurjyklar peýda bolmalydy, gaşlaryny bir enaýy gerip, gözlerini güldürmelidi, gulaga ýakymly mylaýym owaz bilen süýkdürip: “Sala-am! Geldiňizmi? Ertiriňiz haýyrly bolsun!” diýmelidi.
Ýok, bu zatlaryň hiç biri bolmady. Tersine, maňa nazary kaklyşan dessine onuň gözleri peträp, hanasyndan çykaýjak boldy, ýüzi agardy, näzijek dodaklary tirpildedi, bir zatlar diýmekçi boldy, dili aýlanmady öýdýän, haýygyp, içini çekdi. Şo duran ýerinde şalkyldap, çalam-çaş ýykyldy ýatyberdi. Şu ýerde men adatdan daşary bir işiň bardygyna, oňa-da gönüden göni özümiň degişlidigime şübhäm galmady. Goňşy gyz, kempir, dükançy üçüsi göz öňümden üç hatar geçip gitdi. Bu zatlar nämäniň alamaty? Sypatymda bir gorkuly zat bar bolmasyn? Aýnada özümi synlaýyn diýsem, wagt ýok, ine, kätibimiz mum-helim, özünden gidip ýatyr. Günäm bolsa-da, bolmasa-da, bu ýagdaýyň sebäpkäri özüm. Arkaýynlanmaga esas ýok. Lukmana garaşyp oturmaly däl-de, nädibem bolsa, özüne getirmeli.
Kätip gelniň stolunyň üstünde içi suwly aýna küýze durdy. Aldym-da, ýüzüne serpip goýberdim. Çalarak tisginip, yňranjyrady welin, dözüm bilen ýaňagyna üç-dört gezek şarpyldatdym. Özüne gelen ýaly boldy. Gözüni açalak-ýumalak edip, iňledi. Ýene suw sepdim, ýene ýaňagyna urdum. Sallanan gabagyny haýaljak göterip, gözüni açdy. Görse, ine, men gaýtadan suw sepmäge häzir bolup, elim aýna küýzeli üstüne abanyp durun. Şo bada onuň gözüniň okarasy giňeldi, içiňden geçip barýan ýiti nazar bilen ýüzüme gorkuly seretdi-de, düýrükdi. Ýatan ýerinde üç eplenip, göwresini ýygyrdy. Birdenem iniňi tikeneklediji ses bilen:
– Aýryl! Eliňi degirme maňa! Aýryl diýýän! – diýip, gygyrdy welin, munuň sesinden tas imanym göçüpdi. Şeýle owadan, şeýle mähirli, naşyja, kätip gelniň bular ýaly haýýar sesi bardyr öýtmeýärdim. Men muny hiç kime duýdurman assyrynlyk bilen söýüp ýördüm ahyry.
Ýigrimi üç ýaşanam bolsam, sallahlykdan çykmandym. Meni hiç kim söýmändi. Özümiňem oglan höwesim hiç bir gyzda eglenmändi. Emma bu ýere gelip, işe başlan günüm bu kätip gelniň üýtgeşik garaýyşlary men jadylan ekeni. Men muny soň bildim. Yşgyň ody aklymy aparyp, ony öz ärinden gabanyp başlanymdan soň söýgi derdeserine ulaşyp ýörenimi aňşyryp ugradym. Söýgimi görer gözden, hatda kätip gelniň özündenem ýaşyryn saklamaga jan edýärdim. Bir amatly pursata garaşýardym. Eger birden bir bolmasy iş bolup, äri öläýse, ýa aýrylyşaýsa, sypdyrman öýlenmeli diýip pikir edýärdim. Geljegimi onsuz göz öňüne getirip bilmeýärdim. Onsoň, tiziräk aýňalaýmasa, munuň häzirki bolup ýatyşynyň meniň söýgi başdan geçirmelerime ýürekparalaýjy zarba urmagy mümkindi.
– Hany, özüňizi dürsäň! Beýtmäň ahyry! Suwjagaz içjekmisiňiz? Bagyşlaň, eliňizi beriň, ýeriňizden turmaga kömek edeýin – diýip, men samyrdadym.
Ol öňküsinden pes bolmadyk jynssyz ses bilen:
– Waý-ý! Degmäň maňa! Degmä-äň! – diýip bagyrdy.
Gygyrybersin! Indi biraz ynjaldym. Mundan soň ikilenç çaşmajagyna gözüm ýetip dur. Onsoň ony ynjytmazlyk üçin iki ädim gaýra çekildim. Agzym gurap, dodagym kepäpdir. Aýna küýzäni başyma çekip, gultuldadyp suw içip durkam iç işikde edaramyzyň başlygynyň sesi eşidildi:
– Bu ýerde nämeler bolup geçýär, ä? Bi galmagal näme?
Aňyrdan batly gelenem bolsa, ol maňa gözi düşen dessine gapydan giren ýerinde sakga aýak çekdi. Diýmäge çemlenip gelýän sözleri diline ýetmedi. Agzyny açyp aňaldy, üşerildi. Ony aljyraňňylyk basdy. Şonda men bu adamda ozal görmedik täsin keşbimi gördüm. Ýowuz garaýyş hem yzgytsyzlyk terk eden wagty başlygyň ýüzünde geňirgenme gatyşykly mysapyrlyk peýda bolýar ekeni.
Oňa çenli azajygam bolsa özüni dürsemäge ýetişen kätip gelin başyny ýerden galdyrmaga güýç tapdy. Ýerinden turdy-da, ak tam bolan ýüzüni gizläp, daş işige garşy oýturaklap gaçdy.
Ahyry başlygyňam dili herekete geldi.
– A-how!.. Way-y!.. E-e-e, sen kim? – diýip, hamana birinji gezek görýän ýaly, maňa çiňerilip seretdi.
Seni ozaldan tanap ýören adam gözüňe gaçaýjak bolup, “Sen kim?” diýip dursa, aljyraberýär ekeniň.
– Menmi? Men – hasapçy – diýip, başardygymdan ýylgyryp jogap berdim. Sebäbi biziň edaramyzda başlyk bilen hemişe ýylgyryp gepleşmeli diýen ýörelge bardy.
– Ih-h, dur hany... Hasapçymy sen?
– Edil özi.
– Behh!.. Hasapçy...
– Başlyk...
– O nähili sen?.. Waý-ý... Nädip...
– Nämäni nädipdirin, başlyk? Nämüçin beýle geň galýaňyz? Siz öz hasapçyňyzy tanamajak bolýaňyzmy?
Başlyk seňrigini ýygryp durşuna ysgynsyz:
– Tanaýan... – diýdi.
Meniň “Onda näme?” diýen sessiz garaýyşyma jogap hökmünde:
– Hany, hasapçy bolsaň, meň ýanyma gir-le sen. Gel, gel – diýip, öz kabinetine ýöneldi.
Kätip gelniň çykyp giden gapysyndan gözümi aýyrman, başlygyň yzyna düşdüm.

3.

Başlyk öz kürsüsinde ornaşdy. Gorky basan ýüzüni hem aljyraňňylygyny gizlejegem bolman:
– Hany, geç, otur şu ýerde – diýip, maňa ýer görkezdi. Geçip oturdym.
– Kim sen? – diýip, ol öňki soragyny ýene gaýtalady. Bu gezek onuň äheňinde gödeklik duýuldy.
– Aýtdym-a ýaňy... Men düşünemok. Öýden çykalym bäri baran ýerim geň-taňlyk.
Başlyk jiňkerilip, ýüzüme seretdi. Men aňk-taňk bolup oturyşyma yzly-yzyna sorag ýagdyrdym:
– Näme, bir zat boldumy? Siz dogrudanam meni tanamadyňyzmy? Nämüçin beý diýýäňiz?
– Sen buýtar-suýtar etme-de, meň soragyma jogap ber! – diýip, ol talap etdi. – Kim sen?
– Hasapçy men. Siziň tabynlygyňyzdaky...
– Bihh... – diýip, başlyk menden gözüni aýyrman oturyşyna mölerildi.
Meni haýrana goýan bu ýagdaýlaryň sebäbini bilesim gelip, içimi it ýyrtýardy.
– Sen senmi? – diýip, başlyk ýene ugur-utgasyz sorag berdi.
– Hawa, men. Dagy kim bolsun?
– Hmm, sen bolsaň, hudaýlygyňy sözle. Nireden geldiň, nädip geldiň?
– Weý, başlyk, öýden geldim. Öz öýümden. Awtobusa münüp, öňki gelşim ýaly geldim.
– Hmm-bähh! Onsoň sen öz öýüňe haçan bardyň?
– Öz öýümemi? Öňňin bardym. Şenbe güni edaradan çykdym-da, hiç ýere sowulman, göni öýüme gitdim.
Başlygyň gözleri ýiteldi, sesi gaharly çykdy.
– Galat! Ýalan sözleýäň!
– Başlyk, çypbakaý çynym. Şu ýerden dopba dogry öýüme bardym. Nämüçin maňa ynanaňzok?
– Kes sesiňi! Ýüzüme seredip, ýalan sözlemäge utanaňokmy?
– Ýalan sözlemäge utanýan. Ýöne häzir gara çynym...
– A-how, adam! – diýip, başlygym janyýangynly gygyryp, ömrylla ynanyp bolmajak gürrüňi tapdy. – Şenbe güni iş gutaryp barýarka sen öz ýeriňde, stoluň başynda ölüp ýatyrdyň-a! Maňlaýyňy stola berip, saň-gaty bolup tükgerip galan ekeniň. Düşünýäňmi?
– Düşünemok... O nähili?
– Ynha, şular ýaly, ine, şeýdip! – diýip, ol maňlaýyny stola goýup, birnäçe sekunt gymyldysyz ýatyp görkezdi.
– Başlyk, men o gün işden çykyşyma...
– Aý-ý... Ýene şeý diýýär-ä. Sen işden çykmasaň näme o gün?! Iş gutarmanka boljagyň bolup, gatap ýatyrdyň. Men öz gözüm bilen gördüm-ä.
– Behh! – diýip, haýran galmakdan ýaňa başga aýdara söz tapmadym.
– Tutuş edara şaýat, edara!
Bu gorkunç gürrüň başymy çaşyrdy. Näderimi bilmän, zowzanaklap, dik-dik galyberdim.
– Ýo, ilki bizem ynanmadyk. Tarpa taýyn öläýensiň öýtmedik. Bilip bolýarmy näme, adamyň ýüregi wagtlaýynça togtap, soň birdenem işläp gidiberýär.
– Hawa, hawa, şeýledir. Mende şolar ýaly bir ýagdaý bolup geçendir.
– Yzyny diňl-ä sen. Biz lukman çagyrdyk.
– Onsoň?
– Lukman geldi. Barlady. “Äý, munuň bize degişli ýeri ýok” diýdi. “Hä, onda kime degişli?” diýip sorasak, “Öli saklanýan edara degişli” diýýä. Düşünýäňmi? Lukman diri adama beý diýmez-ä.
Meni şagga der basdy. Hopukdym. Zordan:
– Soň näme boldy? – diýip soradym.
– Soň bolan zat kän. Polisiýadan geldiler. Birgiden kagyz dolduryp, ahyrynda-da lukmanyň görkezmesi bilen seni meýithana äkitdiler. Bir gije şo ýerde ýataňsoň...
– Ýöne men şenbe güni gije öz öýümde ýatdym-a.
– Dursana! Men gözüm bilen gören zadymy aýdyp otyryn-a. Howwa-a, şenbe güni öli saklanýan ýerde ýatdyň. Düýnem irden jaýladyk – diýip, başlyk has-da gorkunç gürrüň tapdy.
– Kimi?
– Elbetde, seni. Weý, başga ölen barmy?
– Dursaňyzlaň! Hakyt çukura salyp gömdüňizmi?
– Çukuryňy gazanam, gömenem ölüleri jaýlaýan edaraň oglanlary. Biz ýöne seredip durduk. Dogry, seni jaýlanlarynda şeýle bir köp adam-a ýygnanmady...
– Bolmajak zat!
– Görýäňmi? Seniň öz ölümiňe ynanmaýşyň ýaly, menem şu wagt öňümde oturanyň hut seniň özüňdigiňe ynanyp bilemok. Eýse, ynanar ýalymy, pikir edip gör. Ýo, sen göniňden gelsene! Kim sen?
– Wiý, başlyk, hiç kimem däl, özüm. Ynha, serediň, şu oturan men-ä. Başga biri däl-ä. Onsoň beý diýmäge nädip diliňiz barýar?
– Dogrymy aýtsam... Daşyňdan seretseň, senmikäň diýdirýär. Ýöne özüňdigiňe şübhäm bar.
– Onda kim men?
– Arwah bolaýmasaň – diýip, başlyk samsyk gürrüň etdi.
– Hudaý saklawersin! Toba diýeweriň! Arwah bolarynmy? Arwah diýilýän zat aýal sypatynda gezermiş. Üstesine-de ol göze görünmeýärmiş – diýip, men haýsydyr bir kitapdan okan zatlarymy aýtdym. Soňam delil hökmünde şeýle diýdim: – Ynha, men öz geýimimde, erkek kişiniň geýimlerinde ahyryn. Özem siziň gözüňize görünýän-ä. Dogry dälmi?
– Bilemok. Meň anyk bilýän zadym, sen ölüpdiň.
Akyla sygmajak bu gürrüňleriň hemmesiniň aňyrsynda bir düldüwşük bardyr diýip çakladym. Ýöne maksat näme? Hiç düşünip bilemok. Meniň diridigimi tassyklaýan, ynha, epeý göwräm bar. Görýän, eşidýän, dem alýan, gepleýän. Ölen adama mahsusmydyr şu zatlar? Onsoň başardygymdan sypaýy äheň bilen:
– Başlyk, diridigime, ynha, meniň özüm delil ahyryn. Heý, ölen adama meňzeýän ýerim barmy? Ýok! Ýöne sizde meniň ölenligim barada bir tutaryk barmy? – diýip soradym.
– Weý, bir däl, kän tutaryk bar. Tutuş edaraň ähli işgäri güwä geçip biler. Ýene-de lukman, polisiýa, meýithana, seni jaýlanlar... Kän...
“Şu sanap oturanlarynyň hemmesi bir çukura tüýkürip, dil düwüşäýdilermikä? Bolup biljek zatmy?” diýip, güman edip ugradym.
– Oh-h, ana! – diýip, biraz ýüzi ýagtylan başlyk oturan kürsüsinden dik galdy. – Esasy subutnamany görkezmek kellä gelmändir. Häzir-r, garaş.
Ol ýeňil gopup, çykyp gitdi. Çykyşy ýalam tiz wagtdan bir petde kagyzy goltugyna alyp, gaýdyp geldi.
– Ine! Ine, saňa subutnama! – diýip, başlyk dabara bilen kagyzlary görkezdi.
– Nämäň subutnamasy?
– Ynha, biý-ä öz edaramyzyň taýýarlan haty. Ine, bi bolsa lukmanyň beren kagyzy. Bu näme? Hany, göreli! Hä-ä, bu, ine, meýithanaňky. Ýene öli jaýlaýan edara bilen gonamçylykdan berlen kagyzlaram bolmaly. Häzir-r, häzir-r, ine, olaram bar. Ine-e! Okap gör! Şulaň hemmesi seniň ölendigiňi doly suratda, resmi taýdan tassyklaýar. Ýeri, nätdi?
Seredişdirip gördüm. Dogrudanam, bu hat-petekleriň hemmesi meniň öňňin, şenbe güni öz iş ýerimde tarpa-taýyn ölendigime, düýn, ýekşenbe güni bolsa şäher mazarystanlygynda jaýlanandygyma güwä geçýär. Öz ölümiň baradaky resmi kagyzlary okamak hele-müçük hasrat berenok. Ýüregiň gowşak bolsa, duran ýeriňde näme bolsaň bolaýmaly. Käşgä ukuda bolsaň, basyrganyp ýatan bolsaň! Ýo-ok, oýanyp gutulaýar ýaly bu zatlar düýşüň-püýşüň işi däl. Hemmesi barypýatan oýalykda!
Elbetde, bu kagyzlara-da ynanmazlyga esas ýok, hemmesi möhürli-zatly resmileşdirilipdir. Başlygyň janykmalary hem ýöne ýere däl. Emma welin...
– Emma welin, başlyk, görşüňiz ýaly, men diri ahyryn! Ine, serediň, görýäňizmi? Ölen adam şular ýaly bolmaz-a.
– Şo-da. Görýän. Görüp durun. Göremsoň, haýran galýan-da. Mümkin däl. Görlüp-eşdilen zat däl, düşünýäňmi sen?
Düşünmesemem, baş atyp jogap berdim.
– Hawa. Bu zatlar nämäň alamatyka? Indi men näme etmeli?
– Elbetde, ölmedik bolsaň, gowy bolardy. Ýöne nätjek, öldüň-dä. Biz näme edeli?
– Başlyk, meň ýagdaýym gowy däl. Erbet bolýan.
Başlyk maňa suw guýup berdi.
– Me, owurtla şundan. Häzir bir alajyny ederis. Bu işi ýöne goýup bolmaz. Esasy zat, meseläni ýeke çözmeli däl. Sen otur şu ýerde birazajyk – diýip, ol çykyp gitdi.

4.

Başlyk çykan dessine gapydan güpürdeşip işdeşlerim girdi. Adaty iş günlerinde bu gapyny emaý bilen kakman, girmäge milt edip bilmeýän işdeşlerimiň häzirki ýagdaýyna men oňat düşünýän. Olar kätip gelinden men barada eşidendirler. Onsoň aklyňa sygmajak hadysany hut öz gözleri bilen görmek üçin, şeýtmeseler, hiç ynjalyp bilmeýändikleri üçin basga düşüp gelendirler. Hemişe-de gulagyň bilen eşiden zadyň gözüň bilen göreniň ýaly täsirli bolanok.
Işdeşlerim gapyň agzynda kürtdürişip durdular-da, üýtgeşik bir gudrat görýän ýaly, maňa agyzlaryny açyp seredişdiler. Olaryň ýüzlerinde öň görülmedik gorky bardy, gözlerinde bilesigelijilik lowurdaýardy. Häzir ýerimden turaýsam, hemmesiniň yzlaryna seretmän gaçjakdyklaryna bolsa şek-şübhe ýokdy.
Bularyň bolup duruşlaryna janym dagyn ýandy. Aýagymy tarpyldadyp, hemmesini zir-zöwran edip, kowalaýynam bir diýdim. Ýöne häzir oýun etmegiň ýeri däl.
– Näme beýdişip dursuňyz? Hä? – diýip, alarylyp soradym.
Bularyň öňüni çekip gelen gözi şully işdeşim dil ýarmaga dogum tapdy.
– Kim sen? – diýip, ol eliniň tersi bilen gözüniň çorbasyny süpürip durşuna başlygyň ilki beren soragyny gaýtalady.
– Kim men? – diýip, menem onuň özünden soradym.
Yzda duranlaryň biriniň çekinjeň sesi eşidildi:
– Bilemzok.
– Bähh! Indi meni tanaňzok, hä? Birinji gezek görýäňizmi meni? – diýip gaharlandym.
Ýaşy gaýdyşan, ýylçyr kelle biri bardy. Ol gorkusyna meniň ýüzüme seredip bilmän, kesä bakdy-da:
– Ýo-ok – diýip, boguk sesi bilen sogduryp jogap berdi.
– Öňem görýädiňizmi meni şu ýerde?
– Howwa.
– Onda näme? – diýip, jabjyndym.
– Aý, hiç. Biz ýöne, häki... Bir zat eşitdik-de... Ýo-o, sen düşün, şenbe güni...
– Bilýän, bilýän – diýip, onuň sözüni böldüm. Bularyň diýjek zatlarynyň ählisini başlykdan eşidipdim.
– Indi şu oturan hakykatdan hem özüňmi? – diýip, ýylçyr kelle ýürek edip gönümel sorady.
– Aý, dagy kim bolsun?! Hawa, özüm. Şenbe güni öldüm. Düýn äkidip, gömdüňiz. Ine, bu günem ýene araňyzda. Geläýdim.
– Hawa. Şo-da. Bähh!
– Hä, oňarmandyrynmy? Gelmeli däl ekenimmi?
Bular, hamana, gelip-gelmezlik meň ygtyýarymda ýaly gözlerini tegeleşip, agyzlaryny açdylar. Bolup duruşlaryna kejigip:
– Ynjalykdan gaçyp oturmaň. Wagtlaýyn geldim. Basym gitjek. Ýöne ýeke gitmeli däl – diýip, olara süýem barmagymy gezedim.
Birindenem ses çykmady. Hemmesiniň garaýyşy “Näme etjek bolýaň? Nä hyýala mündüň?” diýen soraga öwrüldi. Onsoň “Ýüreklerine dowul düşýän bolsa, beterräk düşsün, gorkjak bolsalar, gatyrak gorksunlar” diýip pikirlendim-de,  olary dikanlap, asuda ses bilen:
– Haýsy-da bolsa, biriňizi alyp gitjek – diýdim.
Aýdara-diýere söz tapmadylar, ýa-da geplemäge çekindiler, menden gözlerini aýyrman, hereketsiz heşerlenişip durdular. Ahyry yzyrakda duran işdeşlerimiň biri boýnuny süýndürip:
– Arwah! – diýdi.
Şundan soň-a olaryň asylam ugry bolmady. Ýüzlerini sapajak-supajak edip, gaty basym çykdylar.

5.

Meniň ýanymdan çykanam bolsalar, ýapyk gapynyň aňyrsynda işdeşlerimiň wagyrdysy esli wagtlap ýatmady. Sesleriniň üzlem-saplam eşidilýändigi üçin birbada olaryň geplerine düşünmedim. Elbetde, özüň barada beýlekileriň näme gürrüň edýändiklerini diňlemek gyzykly. Ylaýta-da, meniň häzirki ýagdaýymda. Onsoň gapa golaý oturgyçlaryň birine geçip ornaşdym, keseki gürrüňine gulak asyp başladym.
– Ýo-ok, ýaňyja öz gözüň bilen gördüň-ä. Heý, üýtgän ýeri barmy? – diýip, gözi şully işdeşim janykýardy.
– Hawa, bar – diýip, ýylçyr kelle aýdýardy.
– Nämesi üýtgäpdir?
– Gep-sözüne üns bermediňmi? Öň şolar ýaly gepleýärmidi. Ýuwaşja, akyllyja oglandy ahyryn.
– Şeýle welin...
– A sen öňňin görmediňmi stoluny gujaklap ölüp ýatanyny? – diýip, başga bir işdeşim gürrüňe goşuldy.
– Gördüm öz-ä.
– Onda ýaňky kim?
– Şoň özi.
– O nädip ol ölensoň...
– Meň-ä akylym haýran.
– Ruh bolaýmasyn şo?
– Ruh näme göze görünýärmi?
– Görnenokmy? Onda Şeýtanmyka?
– Aý, sen-ä... Hiý, şu çaka çen Şeýtany gördüm diýene gabat geldiňmi? Asla ynanýaňyzmaý şo Şeýtan diýilýän zada.
– Hawa, ynanýas. Sen ynanaňokmy? Seresap bol-how, birden bir zat tapynyp oturyberme senem.
Şeýtanly gürrüň gorkularynyň üstüne urna boldy öýdýän, az salym dymdylar.
– Eý, duruň-eý, ş-şu oglanyň aslyny oňat bilýäňizmi? Ekiz bolaýmasyn? Ölen hakyky özi bolup, bu gelenem ekiz taýy bolaýsa... Kinodaky ýaly... I-i-i, ana, şeýledir – diýip, biri pal atdy.
– Goýsana-how! Bolmajak zadyň gürrüňini etme! O pikir nirden kelläňe geldi? Ekiz bormy? Ejesini-kakasyny bilmeýän ýetim. Bizden başga hossary ýok şuň.
Gözüme ýaş aýlanyp gitdi.
– Şoň özüdigini ýa däldigini men aňsatjak bilerdim welin... – diýip, gözi şully sakyndy.
– Nädip biljek? Bar bil-dä onda.
– Gorkýan.
– Nämeden?
– Birden hakyky öli bolaýsa näme? Men ölä bolamok.
– Öli däl-ä ol.
– Sen bilýäňmi, meň algym bardy ondan. Karz alypdy – diýip gözi şully işdeşim aýtdy.
Hakykatdan hem ýakynda ondan biraz karz pul alypdym.
– Hawa, habarym bar – diýip, ýylçyr kelle-de ony tassyklady.
– Häzir şony sorasam, karz alypdyň diýsem, özüme gerek, ber diýsem... Hä?
– Sen şu ikiýüzliligiňi haçan goýjak? – diýip, başga bir işdeşim gürrüňe goşuldy. – Düýn özüňe jomart diýdirjek bolup, şo puly geçýän diýdiň-ä. Ýalan bolsa aýt. Hemmämiz şaýat.
– Hawa, diýdim.
– Indi nä ýüzüňe sorajak?
– Sen düşün-ä. Düýn ol ölüdi ahyryn. Geçmän, dagy näme edeýin? Öli adamdan pul alyp bolýarmy? Alyp bolanok. Ynha, bu günem diri. Diri bolsa, başga gürrüň.
– Näme bolanda-da geçdim diýeňsoň geçdigiň bor-da. Utanjak dälmi indi soramaga?
– Sorasam, öz pulumy soraýan. Näme utanyp...
– Aý, utanç barmy nä sende? Pula gezek gelende öli-diri saýgaryp duraňok.
Ahyry gözi şullynyň hem azajyk gahary geldi.
– Sen meň algy-bergime goşulma – diýip, ol dözümli gepledi.
– Bar onda sora. Ýany bilen o dünýä seni alyp gidäýmezmikä?
– Sen hetdiňi biljekmi ýa ýok?
Bularyň sözi azaşyp, ýaka tutuşmagyň bäri ýanyna baran wagtlary hiç mahalam kän geplemeýän işdeşlerimiň biri şaňňy sesi bilen:
– A-how! – diýip gygyrdy. – Biriň meni çümmükleseňizläň! Ýa ýaňagyma uruň! Düýşürgeýänmi? Gara basýamyka meni?
Kimdir biri güldi. Soň dagadylar öýdýän, ümsümlik aralaşdy.

6.

Uzak garaşdyrman, başlyk gelip girdi.
– Beh, edil ertekidäki ýaly – diýip, ol äheňine dabara berdi.
Onuň haýsy ertekini göz öňünde tutýandygyny biljek bolup pikire gitdim.
– Ýaňy özüň aýdaňda ynanmandym. Çyn ekeni.
Begenjimden ýüzüm ýagtylyp gitdi.
– Çyn, çyn diýýän-ä. Galat aýdan ýerim ýok. Ähli aýdýanym dos-dogry.
– Şu gün irden öýden çykyp gaýtdym diýýäniňe aýdýan men. Ýaňy goňşulaňdan habar geldi. Ir bilen öýüňden çykyp barýanyňy görüpdirler.
“Eýse, bu çyny bilen meni görden çykyp gelen hasap edip otyrmyka?” diýip oýlandym.
– Başlyk! Men öten gije-de öýde boldum. Düýnem uzakly gün öýde.
– Onda bi biziň düýnki jaýlanymyz arwahmy?! – diýip başlyk gaharlandy.
Muňa ynanmasam-da:
– Şeýledir. Arwahdyr – diýip, başlygy goldadym.
– Tüket! Oýun ýadyňa düşýär seň.
Kimdir biri başlygy çagyrdy. Ol çykyp gitdi-de, esli wagtdan ýüzüniň ganyny gaçyryp geldi. Gelşine:
– Ine, indi tüýs bolaýdy. Nireden çykan mahluk sen? – diýip, barmagyny gözüme sokaýjak boldy.
– Meň günäm näme, başlyk?
– Seň günäňmi? – diýip, ol maňa igenip başlady. – Şu çaka çenli her hili öleni gördük, ýöne sen ýaly iş bolup ýören ýokdy. Ölensoňlar mazaryny taşlap gaýdýany ýokdy.
– Başlyk, men mazarymy taşlap gaýtmadym-a.
Onuň “Onda bärde näme işläp ýörsüň? Bar git-de, görüňe gir-dä” diýýän ýaly gyňyr garaýyşyndan sussum basyldy.
Başlyk dodagyny çeýnäp biraz oturansoň:
– Ana, ol kätip gelnimiz-ä äkitdiler – diýip habar berdi.
Zöwwe ýerimden galdym.
– Kim äkitdi? Nirä? Öldümi? – diýip soradym.
– Ölmesin-ä ölenok. Ýöne diri diýer ýalam däl. Özüni bilenok. Şalkyldap ýatyr. Aý, ol bizi öldürmän ölesi ýok-la.
Biraz ynjalyp, oturgyja çöksemem, kätip gelniň düşen ýagdaýy üçin özümi günäli saýdym. Onuň gülüp duran gözlerini, terje ýaňaklaryny, ýukajyk dodaklaryny göz öňüme getirip oýa çümdüm. “Mundan buýana nähili bolarka? Sagalyp, işe başlansoňam menden gaçar ýörermikä? Indi onuň ymyklyja elimden gitdigimikä?” diýip gaýga batdym.
Başlygyň sesi meniň oý-pikirlerimi duw-dagyn etdi.
– Ýo, ol-a hiç-le. Ýöne bu küýkä näme diýjek?
Dogabitdi küýki işdeşimiz bardy. Özüniň ýok ýerinde garawuldan başlyga çenli hemmämiz küýki diýip atlandyrardyk.
– Oňa näme bolupdyr? – diýip soradym.
– Bolan zat ýok. Ýaňy aýdýa, aý, başlyk diýýä, meni işden boşadaýsaň diýýä. Sebäbini sorasam, näme diýýändir öýdýäň?
– Hä, näme diýýä?
– O diýýä, ölensoň, ruhy gaýdyp gelipdir diýýä. Diňle, gürrüň sen barada gidýär. Ol indi bu ýerden gitmez diýýä. Şu günden şeýläk bu edarada nähili derdi bela gopsa gopubermeli diýýä.
Şuny diýip, başlyk “Hakykatdan hem sen ölen hasapçyň ruhy dagy dälsiň-dä?” diýýän ýaly şübhe bilen maňa seretdi. Şo şübhäni dyr-pytrak etmek üçin men:
– Nadan adam eken-ow – diýip, başlygyň halaýjak gürrüňini tapdym.
– Indi bi küýki haramzadaň gepine gidip, beýlekilerem işden çykyberseler diýýän öz ýanymdan. Edara boşap galaýsa! Sopbaş özüm... Ä? Gaty keçje bolar-ow biý-ä.
– Başlyk, siz o zatlary alada etmäň. Hemmesini özüm düzederin – diýip, oňa göwünlik berdim.
– Nädip düzedersiň?
– Ynha, häzir öz ýerime bararyn-da, hiç hili gorkuly zadyň ýokdugyny düşündirerin.
– Sen nämäniň gürrüňini edýäň? O nähili öz ýeriň?
– Öz iş ýerim-dä. Hasapçyň stoly.
– Pah, hasapçyň stolunda oturan bar-a – diýip, başlyk ýene bir mojuk gürrüň aýtdy. – Baryp, şenbe güni, sen ölen badyňa men täze hasapçy belledim. Öz bilşiň ýaly, biziň edaramyzda hasapçysyz ýeke günem oňmak mümkin däl. Düşünýäňmi?
Kejikdim. “Hümm” edip, biraz dymdym-da, başlyga ýüzlendim:
– Indi näme etmeli men?
– Bilmedim. Ýeke özüm karar berip biljek däl. Hiç kime sala salman, gyssagarada belli-külli netijä gelinýän işmidir bi? Maslahatlaşmaly. Häzir polisiýadan gelerler. Men öňräk habar etdim.
Etmişim bolmasa-da, polisiýadan öler ýaly gorkýardym.
– Başlyk, çagyrmalam däl ekeniňiz. Polisiýa nämä gerek – diýip, men özelendim. – Men, ynha, öňki işgäriň. Üýtgän ýerim ýog-a.
– Samsyk gürrüň etme! Polisiýadan bidin işe baş goşjagymy-goşmajagymy bileňokmy? Ertire galman, hut şu gün şu wakaň bütin şähere doljagyna akylyň çatanokmy? Ýa meni jenaýata şärik edip, polisiýaň öňünde ýüzügara etjek bolýaňmy?
– Ýok, başlyk, beýle düşünmäň.
– Düzgün bar, tertip bar, kada-kanun bar... Düýn ölüp, bu gün gelip, sen näme oýun oýnaýaňmy? – diýip, başlyk hüñür-hüñür etdi.
– Ýöne men jenaýatkär däl ahyryn. Näme etmişim bar?
– Polisiýa geler welin, şoňa aýt. Men jenaýat işinden oňly baş çykaryp bilemok.
Az wagtdan işgärleriň biri gapydan boýnuny uzadyp:
– Polisiýadan geldiler – diýip habar berdi.
– Ähä, şeýlemi? Geldimi? Hany çagyr bärik ony – diýip, süňňi ýeňlän başlyk ýerinden turdy.

7.

Papagynyň gaşyny basyp, orta ýaşly polisiýa işgäri gelip girdi. Başlyk ony gapyň agzynda garşy aldy.
– Geldiňizmi? He-he... Öz bilşiňiz ýaly, biziň öňki hasapçymyz öňňin ölüpdi-de, ynha, indem gelip... Hany, geçiň şujagaz ýere! – diýip, menden gözüni aýyrman duran polisiýa işgärine ýer görkezdi. Özem gyzykly tomaşa garaşýan ýaly, kürsüsine geçip, gaýşarylyp oturdy.
Polisiýa işgäri çat maňlaýyma geçip ornaşansoň, papagyny çykaryp bir gapdalda goýdy. Kagyz-galamyny häzirledi.
– Diýmek, şeýle-e! Men soraýan, sen jogap berýäň. Jogabyň dogry we anyk bolmaly. Ýalan görkezme berseň, diňe öz zyýanyňa işlär. Şony ýatladýan. Düşnüklimi?
Sessiz baş atdym. Onsoň ikimiziň aramyzda şeýle gürrüň boldy.
– Geçen iki günde näme bolup geçdi? Nirede bolduň? Näme etdiň? Hemmesini bolşy-bolşy ýaly gürrüň ber.
– Öňňin işden çykdym...
– Işden çykyp barýanyňy gören barmy?
– Bilmedim. Ýok öýdýän.
– Soň?
– Soň awtobusa münüp öýe bardym. Şu gün irdene çenlem öýden çykmadym.
– Näme bilen meşgul bolduň?
– Iýdim-içdim, ýatdym-turdum, dynç aldym.
– Başga?
– Başga üýtgeşik zat ýok. Hemişeki dynç güni ýaly.
– Şenbe güni öleniňi bilýäňmi?
– Ýok.
– Şo gün stoluň başynda ölüp ýatanyňy men öz gözüm bilen gördüm. Muny nädip düşündirip bilersiň?
– Hiç hili. Aklyma syganok.
– Belki-de, sende kliniki ölüm bolup geçendir. Jaýlanlaryndan soň kimdir biri nähilidir bir maksat bilen seň mazaryňy açandyr. Senem oýanansyň. Bolup bilmejek zatmy?
– Bolmajak zat däl.
– Eger şeýle ýagdaý bolan bolsa, ýaşyrma. Biz hemme zady ilik-düwme biläýmeli. Bilerisem.
– Hiç zat ýaşyramok. Men özümiň ölmändigime berk ynanýan.
– Men kliniki ölüm barada soraýan.
– Ýok, hiç hili kliniki ölüm bolmady.
– Ýene goşjak zadyň barmy? Belki, ýatdan çykan zatlar bardyr?
Sessiz baş ýaýkadym.
Polisiýa işgäri kagyz-galamyny ýygnap, başlyga ýüzlendi:
– Diýmek, şeýle-e! Bu iş üçin haýal etmän topar döretmeli. Häzir men toparyň sanawyny düzeýin. Ondan soň gonamçylyga gitmeli bolarys.
– Hökman gideris – diýip, başlyk goldady. – Goý, öz mazaryny gözi bilen görsün!
Polisiýa işgäri gysga wagtyň içinde birnäçe adamdan ybarat sanaw döretdi. Bu topara ol özünden başga başlygy, meniň ölendigime kepil geçip, resminama ýazan lukmany, meýithananyň wekilini, merhum jaýlaýan edaradan iki adamy we gonamçylygyň müjewürini girizipdir. Topar agzalaryna habar ýolladylar. Olaryň müjewürden başgasy tiz salymdan  ýygnandy. Müjewür bolsa, biziň barmaly ýerimizde – gonamçylykdady.

8.

Iňläp ýatan mazarystanlygyň bir çetinde bize müjewür garaşyp duran ekeni. Ol meni tanajak bolýan deý ýiti-ýiti seretdi. Dodagyny müňküldedip, eşidiler-eşidilmez mydyrdady. Näme diýenini anyk aňşyrmadym. Ýöne maňa bolan içki nägileligini igenje öwrüp, hüňürdeýändir diýip çakladym.
Soň geriş-geriş tümmekleriň arasyndaky ýoda bilen ýöräp, mazarystanlygyň aýagujuna çykdyk. Ahyrynda baryp, bir mazaryň başynda saklandyk.
– Ynha, ol! Biz muny şu ýerde jaýladyk – diýip, başlyk şowhun bilen bir mazary görkezdi.
Dogrudanam, mazar täze. Heniz gyzyl gumy-da solmandyr. Mazar daşynda ýazylan adymy okap, gözüme ýaş aýlandy. Ertirden bäri aklymy haýrana goýan, düşünip hiç aslyna ýetip bilmeýän geň-taňlyklarymyň aňyrsynda çynlakaý bir işiň ýatandygyna şübhäm galmady. Kim bilen nähili oýun oýnalsa-da, gonamçylykda sebäpsiz mazar gazylyp, henek edilmeýär. Şuny bilýänem bolsam, aljyrap:
– Ölmedik adamyň mazary kime gerek? Nämüçin gerek? Maňa düşündiriň – diýip, polisiýa işgärinden haýyş etdim.
Ol sowukganlylyk bilen hökümli gepledi:
– Nadaralyk etme! Işe päsgel berýäň. Asla söz berilýänçä saňa geplemek bolanok! Häzir ähli zadyň anygyna ýeteris.
Soň ol duranlaryň hemmesine degişli umumy sorag berdi:
– Şu mazardygyny anyk bilýäňizmi?
– Anyk, anyk – diýşip tassykladylar.
Polisiýa işgäri mazary dykgat bilen uzak wagtlap gözden geçirenden soň meýit jaýlaýan edaradan çagyrylyp getirilen hüwjük saçly oglana ýüzlendi:
– Düýn jaýlananda sen barmydyň?
– Hawa bardym. Çukuryny gazan özüm-ä. Ynha, şu şepäm bilen bile gazdyk, bile-de gömdük – diýip, ol ir bilen çakyrdan keýpini köklän şilliň boýlyny şaýat tutundy. O-da polisiýa işgäriniň “Şeýlemi? Dogrumy şuň aýdýany?” diýen soragly garaýyşyna synçgyryp jogap berdi:
– Hawa. Ýöne bizde günä ýok. Gaz diýseler, gazýas, hyk-k... göm diýseler gömýäs. Her gazyp, gömen çukurymyz üçin azap hakymyzy alýas. Hyk-k..
Polisiýa işgäri gonamçylygyň müjewürine ýüzlenip:
– Düýnden bäri şu töwerekde sümsünip ýören gördüňmi? Esasan şu mazaryň töwereginde? – diýip sorady.
– Äý, ýok, özümden başga diri adam görmedim – diýip, müjewür jogap berdi.
Polisiýa işgäri meni görkezip:
– Onda muny kim çykardy? – diýip sorady.
– Bilemok.
– Sen bilmeseň, kim bilmeli?
– Öli halkyna men gaty belet. Bir ýa iki ýyl däl, nijeme ýyl bäri mazarystanda ýatyp-turup ýörün. Bärik getirilen öliň şu ýerden çykyp gitmäge haky ýok  – diýip, müjewür agyr günä öz boýnuna galyp barýan ýaly, gyssanmaç dillendi. Soňam maňa şübheli seredip:
– Özi bir oýun eden bolaýmasyn? – diýdi.
– Nähili oýny göz öňünde tutýaň?
– Düşünýäňizmi, her hili ýagdaý bolmagy mümkin. Özi çykan bolaýmasyn diýjek bolýan.
– Ozal şular ýaly ýagdaý bolupmydy?
– Äý, ýok, ýadyma düşenok.
Polisiýa işgäri içini hümledip, biraz dymansoň:
– Şuň öleni bir çynmy? – diýip, lukmandan sorady.
Lukman äýneginiň üstaşyry maňa seredip, polisiýa işgärine jogap berdi:
– Elbetde. Ynha, meniň elimde munuň ölümini tassyklaýan kagyz bar-a.
– Olar ýaly kagyz mende-de bar, ýöne gep kagyzda däl. Siz munuň doly suratda ölendigine oňat göz ýetirdiňizmi?
– Hawa-la. Biziň hasabymyz boýunça şu gün munuň teni bozulyp, gözi akyp başlamaly. Muňa jesediň çüýremesi diýilýär.
Lukmanyň aýdan alamatlaryny tapjak bolýan ýaly, duranlaryň hemmesiniň nazary maňa gönükdi. Menem biygtyýar gözümi-ýüzümi sypalap, el-aýagyma seredenimi duýman galdym. Hemme zat ýerbe-ýer, çüýrän ýerim ýok.
Onsoň polisiýa işgäri meýithananyň wekiliniň ýanyna bardy.
– Sen aýt, eýse, munuň meýdini saklanyňyz dogrumy?
Wekil elindäki kagyzyny delil hökmünde galdyryp:
– Hawa. On alty sagat sakladyk. Soň meýit jaýlaýan edara tabşyrdyk – diýdi.
– Şo on alty sagadyň dowamynda meýidi gözegçiliksiz saklan-a dälsiňiz?
– Pah-pah! Ýöne-möne gözegçilikmi? Ol-a öli ekeni, bir girensoň, biziň meýithanamyzdan diri bolsaňam çykybiljek gümanyň ýok.
– Bolýa. Indi aýdyň maňa, şuň şu mazarda jaýlananyna kim kepil geçip biljek?
– Men kepil geçýän – diýip, başlyk aýtdy. – Ozalky işgärim hökmünde munuň ölen sagadyndan başlap, tä-ä jaýlanyp, tümmegi taýyn bolýança ähli işine gatnaşdym.
Polisiýa işgäri duranlardan ýene käbir zatlary soraşdyrdy. Esli wagt oýurganyp duransoň, bu işden halys baş çykaryp bilmän, başga netijä geldi:
– Diýmek, şeýle-e! Eger öleni çyn bolsa, şu mazarda jaýlananlygyna-da güwä geçýän bolsaňyz, onda bu häzir gabyrda ýatan bolmaly. Bize mazary açyp görmekden başga ýol ýok!
Mazary açsalar, açybersinler! Men ondan birjik-de heder edemok. O ýerden kimiňki çyksa-da, meň jesedimiň çykmajagy belli zat. Çünki men entek jeset däl! Men entek diri! Onsoňam edil häzir mazarda kimiň jaýlanandygyny bilmek islegi ähli gorkudan öňde dur. Üstesine-de näme bolup geçendigini öz gözüm bilen görüp, bu alasarmyk ahwaldan tiziräk gutulasym gelýär. Bulardan başymy gutaryp, adaty iş günlerime dolanyp barasym gelýär. Kätip gelniň gaşynda dyzyma çöküp, ötünç sorasym gelýär! Bu zatlaryň nähilidir bir ýalňyşlykdygyny ýa-da nadanlykdygyny aýdyp beresim gelýär.
– Dogry aýdýaňyz! – diýip, men söz berilmedigem bolsa, pikirimi daşyma çykardym. – Açyp göreliň! Ýogsa, men özümi gaty oňaýsyz duýýan.
Polisiýa işgäri maňa alarylyp seretdi. Onuň igençli garaýyşynda “Biz nä özümizi oňaýly duýýandyrys öýdýäňmi?” diýen pikir bardy.
– Hany, onda wagt ýitirmäliň – diýip, ol duranlary gyssady.
Polisiýa işgäriniň görkezmesi bilen meýit jaýlaýan edaradan gelen iki oglan mazary açmaga başladylar.

9.

Hüwjük saçly bilen şilliň mazary açýança beýlekiler biraz gaýra çekilip, özara wagyrdy edişmäge durdular.
– Iň ýaman ýeri, bi tentek öz ölümini boýnuna alanok – diýip, başlyk maňa gaharly elini salgady. – Ras, öldüňmi, boýnuňa al, ýat gömlen ýeriňde! Dirileň arasynda nä körüň bar?
– Öz ölümini boýnuna almasa, alman geçsin! Esasy zat, elimizde munuň ölendigi barada hat-peteklerimiz bar. Şo ýeterlik dälmi? – diýip, meýithananyň wekili biperwaý gürrüň etdi.
Muňa polisiýa işgäri başyny galdyryp:
– Ýeterlik däl! – diýdi. – Meselä köptaraplaýyn çemeleşilmelidir. Hususan-da adam ölümi barada gürrüň gidýän wagty. Siziň eliňizdäki ýaly resminama bizde-de bar. Emma biziň munymyz düýn-ä ölüp, bu günem dirileň arasynda diri ýaly gezip ýörse, heý, boljak zatmy? Ynha, öli halyna bir jenaýat işini etdi-dä, şonda biz näme etmeli? Ölen adama nädip jenaýat işini gozgajak? Kanunda ýok zad-a bi. Muny hökman kanuna gabat geler ýaly etmeli.
Elbetde, polisiýa işgäriniň kanun baradaky aýdýanlaryna garşy gitmäge meniň hakym ýok. Emma onuň häzirki gürrüňinden çen tutup, gylygynyň geň däldigini aňdym-da, şo bada özümi aklamaga çalyşdym:
– Men kanuna boýun-a. Kanun näme diýse, gyşarnyksyz berjaý edýän.
Şu ýerde başlyk polisiýa işgärine ýaramsaklyk edip:
– Kanuna boýun bolsaň, bu hokgaň näme? – diýdi.
– Ähtimal, men hakykatdan hem ölüp, soňam direlendirin – diýip, öz ynanmaýan zadymy aýtdym.
Polisiýa işgäriniň gözleri uçganaklap gitdi:
– O nähili?
– Ä-hä! – diýip, şol wagt lukman gürrüňe goşuldy. – Bu letargiýa barada aýdýar. Elbetde, letargiýa bolsa, başga mesele.
– Letargiýa näme? – diýip, ondan soradylar.
– Letargiýa – wagtlaýyn uky. Agyr uky. Özbaşyna bir kesel ol. Adam agyr tolgunmany başdan geçirse, beýnisinde psihiki näsazlyk döräp, hamana diýersiň, öli ýaly ýatyberýär. Has takygy, onda öli adamyň alamatlary peýda bolýar. Ýöne öli däl. Onsoň maňlaýy işläp, oýansa, ýaşap ýör. Oýanmasa-da, kim onuň diridigini bilip dur, ine, şu ýere getirýärler-de, gabryny gazyp, gömýäler. Seýregem bolsa, bu ýagdaý gabat gelýär.
– Bizde-de gabat gelýär – diýip, meýithananyň wekili aýtdy. – Arada şolar ýaly ýagdaý boldy. Öli diýip getirenleri meýithanaň buz ýaly jaýyna salnansoň gözüni açaýdy.
– Dogrudyr. Ähtimaldyr. Emma munuňky letargiýa däl. Men kemsiz barladym. Ölümine diagnoz goýdum. Muňky ýürek ýetmezçiligi, düşünýäňizmi, ýürek! – diýip, lukman kesgitli gürrüň etdi.
– Düşünip, aňyrsyna-da geçýäs. Ýöne, näme diýseňizem, kanun boýunça ölen adamyň gaýtadan jemgyýete gelmegi asla ylalaşyp bolmajak bir ýagdaý. Men özümiň köpýyllyk iş tejribämde birinji gezek şeýle ýagdaýa gabat gelýän – diýip, polisiýa işgäri aýtdy. Soň hüwjük saçly bilen şilliňe ýüzlenip:
– Dynaňzokmy? Kän gazmalymy entek? – diýdi.
– Azaltdyk. Ine, derrew dynarys – diýip, olar jogap berdiler.
– Eger bu mazardan başga biriniň jesedi çykaýsa nätmeli? – diýip, biraz wagtdan polisiýa işgäri ýene bir gorkunç gürrüň tapdy.
– Kyn zady ýok. Jesediň kime degişlidigini derrew anyklap bolýar. Ýörite barlaghana bar – diýip, lukman çykalga salgy berdi.
Polisiýa işgäri alada çümüp, uludan dem aldy:
– Barlaghana bardyr. Kimiň jesedidiginem bilip bererler. Ýöne işi köpeltjek-dä.
Menem uly gaýga gitdim. Hakykatdan-da başga biriniň jesedi çyksa! Özi-de diri hasap edilip ýörlen biri bolaýsa! Şonda bular meni şübhe astyna alyp, oýurganyşyp oturmazlar. Gös-göni ebşitläp ýakamdan tutarlar. “Özüň üçin gazylan gabyrda başga birini öldürip gömüpsiň” diýerler. Onsoň günäsizdigimi nädip subut ederin?
Az salymdan meýit jaýlaýanlar mazary gazyp boldular. Hemmämiz egele bolup, çukuryň daşyna aýlandyk.

10.

Geň galsaň, galybermeli! Mazar boş! Hiç hili jeset ýok!
Çukura abanyşyp duranlar haýran galyşyp, bir-birleriniň ýüzlerine seredişdiler.
– Boş ýaly-la!
– Mund-a hiç zadam ýok.
– Hany jeset?
Polisiýa işgäri müňkür gidip:
– Ýalpak gazan bolaýmaň. Belkäm, aşagrakda gömensiňiz? – diýdi. Şo bada-da şilliň boýludan jogabyny aldy.
– Birinji gezek däl-ä. Näçe öli elimden geçdi. Hemmesinem şu çuňlukda gömýärdim...
Meniň bolsa köhüm gelýärdi.
– Aýtdym-a size! Bir ýalňyşlyk gidendir diýdim-ä. Bolman, kelläňiz nirede? Heý, ölüp, çukura gapgarylan adamam yzyna gaýdyp bararmy?
Başlyk:
– Beýle bolmaga haky ýok ahyryn. Men... men gözüm bilen gördüm-ä. Bu nähili beýle bolýar? – diýip aljyrady.
– Sen diňe gördüň, men bolsa öz elim bilen elinjek gömdüm – diýip, meýit jaýlaýanlaryň hüwjük saçlysy haýran galyp jogap berdi.
Bularyň henizem äm-säm bolup duruşlaryna böwregim bökdi-de, hahahaýlap güldüm.
Meniň gülkim hiç haýsynyň göwnüne ýakmady, esasan hem müjewür halamady.
– Ýatan ölüleri biynjalyk edýäň. Utanaňokmy? – diýip, ol meni utandyrdy.
Dagy nätjeklerini bilmän, agyzlaryny öweldişip dymdylar.
– Ýeri, indiki maslahat? Näme ederis? – diýip, polisiýa işgäri töweregine göz aýlady. Hiç kimden ses çykmady. Bu bolýan zatlara hamana men günäkär ýaly, duranlaryň hemmesi “Ölmediňem, dynmadygam” diýen manyda maňa igençli seretdiler.
Dymyşlygy müjewür bozdy.
– Düzgün boýunça mazaryň boş durmaga haky ýok. Hökman her mazarda bir öli bolaýmaly – diýip, ol öz alada edýän zadyny daşyna çykardy.
– Şeýledir welin... nätjek-dä? Ynha, bi biziň gara bagtymyza diri çykdy-da – diýip, başlygam dowla düşdi.
Meýithananyň wekili agzyndan ak köpük saçyp gygyrdy:
– Hat-petegimiz bar! Esasy zat, şo dämi? Näme, resminama oýunjakdyr öýdýäňizmi?
Lukman uludan dem alyp:
– Ölmesin-ä anyk ölüpdi-le. Ondan beter nähili ölüp bolýanyny men-ä bilemok – diýdi.
– Onda bu näme? – diýip, müjewür gahar bilen maňa tarap elini salgady. – Nädip çykdy bi? Ýa jadygöými?
– Jadygöý kemi ýok – diýip, polisiýa işgäri maňa garşy iki ädim süýşdi-de, ýasama ýylgyrdy. – Sen, ýigit, eden işiňi boýnuňa alaňok. Nähili tilsim ulananyňy bilmesegem, mazary ýaryp çykanyňa anyk gözümiz ýetip dur. Jadygöý bolsaň, bol, garşylygym ýok. Ýöne öleňsoň ojagaz jadyňy dirileň arasynda däl-de, ölüleň ýanynda ulanaýsaň nädýär?
Inim dyglap, erbet tisgindim. Endam-janym buz ýaly bolup gitdi. Ýüregimiň gürsüldisi güýçlendi. Galpyldadym. Geplejek bolamda dilim sakawlady.
– Jady... jadygöýlük ýo-ýog-a... O-olar ýaly z-zatdan başym çy-çykanog-a.
– Haý, diýseňem-ä!.. – diýip, polisiýa işgäri ýeser ýylgyryp, alkymyma dykyldy. – Mazaryňy ýaryp, çykyp bilen bolsaň, ýöne-möne jadygöýem däl sen... Senmi-i?..
Birdenkä ol meni gazylan mazara tarap batly itekläp goýberdi. Süssürilip, çukuryň düýbüne düşdüm. Agzym gum garbady. Ýokardan polisiýa işgäriniň:
– Näme aňalyşyp dursuňyz? Gömüň! Gömüň çaltrak – diýen sesi eşidildi.
Ömür gömdürerinmi? Hasanaklap turdum. Nä hyýala münendigine aklym ýetip duranam bolsa:
– Dursaňyzlaň! Beýtmeseňizläň! – diýip, polisiýa işgärine ýalbardym. Üstüme abanyp duran beýleki adamlara haraý isläp garadym. Hiç haýsynyň ýüzünden gözleýän zadymy tapmadym. O barmana üstüme gum sowrup ugradylar. Diri bolanym üçin bagrymy ýere berip, ses-selemsiz süýnüp ýatyp biljek däldim. Adam boýy çukuryň içinde elewräp, ýüz-gözümi toprakdan gorap, daşyna çykmak üçin pelesaň urdum.
Esli tozan turzanam bolsalar, olaryň edýän işleri netijesizdi. Atylan topraklar meniň aýagymyň astyndady. Bu ýagdaýa jany ýanan polisiýa işgäri:
– Duruň! – diýip gygyrdy. – Çykaryň daşyna!
Meni çukurdan sogrup çykardylar.
– Aýagyny daňyň! – diýip, polisiýa işgäri buýruk berdi.
– Peýdasy ýok – diýip, başlyk güňleç ses bilen gürledi. – Eli bilen aýagynyň daňysyny çözer-dä. Elinem daňmasaňyz bolmaz.
– Elinem daňyň! Sypmaz ýaly mäkäm saraň, çözülmez ýaly çigim-çigim ediň! – diýip, polisiýa işgäri höküm etdi.
Meni gabyrdadyp basdylar-da, haýyma-maýyma bakman güýlmäge başladylar.
– Beýtmäň! – diýip, men ýatan ýerimden özelendim. – Men entek ýaş-a. Ýaňy ýigrimi üç ýaşadym. Maňa ölmäge ir! I-ir!
– Ana, ana, gördüňizmi? – diýip, lukman seslendi. – Ine, bu bedibagtyň ýene bir ýalňyşýan ýeri! Asyl bi adam garrap ölmeli diýip pikir edip ýören bolsa nätjek?! Doglan badyna ölýänler bar, öli dogýanlar bar... Häý... Bu düşünjäň bilen...
– Bu bolşuna ýene ýokary okuwy hem gutarypmyş – diýip, polisiýa işgäri hüňür-hüňür etdi.
Oňa çenli meni güýlüp boldular.
Ýagdaý gowy däl. Maňa ölüm golaýlap gelýär. Näme-de bolsa, bir zatlar edäýmesem, sähel salymdan muşakgatly bir ahwalyň toruna düşjegimiň ujy iki däl. Emma näme edip bilerin? Edil şu pille dilimden başga güýjüm ýetýän zat ýok. Onsoň uly ilim bilen dünýäni ýaňlandyryp:
– Meň ölesim geleno-ok! Geleno-ok! – diýip gygyrdym.
Häliden bäri sesini çykarman duran müjewür:
– Ýuwaş-aýt! Ölüleri bimaza etme! – diýip gatyrgandy.
Ajal sowuk neşterini gezäp, aldym-berdime salyp durka ölini ýa dirini bimaza edip-etmezlik ýadyňa düşermi?
– Meň ýaşasym gelýä-är! – diýip gaýtadan sesime bat berdim.
– Sesini sem ediň munuň. Agzyna dykyň bir zat! – diýip, müjewür gaharyna titir-titir etdi.
Şondan soň meni gepletmediler. Derhal äňimden penjeläp tutdular-da, agzyma köne esgi dykdylar.
– Ikibaşdan gömmelem özümiz boljak bolsak... – diýip, hüwjük saçly çekinjeň dillendi. – Gözünem daňaýalyň-la! Gömýän adamymyň gözi açyk bolsa, elim sandyraýar.
Gözümem daňdylar. Tüm-garaňkylyk.
Çukura täzeden gapgarylmaly pursatym ýakynlaşanda hiç zada goşulman duran meýithana wekiliniň sesini eşitdim:
– Umuman, bu işiň bize dahyly ýok. Biz, näme, öli bolsa wagtlaýyn saklap berýäs. Jaýlamak diýilýän zadyň özi bize degişli däl. Şoň üçin gaýdybersem diýýän.
– Bize-de degişli ýeri ýok – diýip lukmanam ikuçly gürrüň etdi. – Gaýtsak, bizem gaýdybermeli.
Bularyň bu gürrüňini polisiýa işgäri halamandyr.
– Bu nähili gürrüň? Hä? O nähili size degişli ýeri ýok? O nädip siz gaýdybermeli? Hä? – diýip, ol gaharly gepledi. – Ozaly bilen, siz ýörite döredilen toparyň agzasy. Topar öz işini gutarmanka gaýtmak barada neneň dil ýaryp bilýäňiz?
Hiç kimden ses çykmady.
Meni bolsa göterdiler-de, oklap goýberdiler. Gütläp, çukuryň düýbüne düşdüm. Iňledim, çabalandym, togalandym, iki bükülip ýatan ýerimde urundym, nädibem bolsa aýak üstüne galasym geldi. Patylap, üstüme gum düşdi.
Meniň galanja ömrümi uzaltjak bolýan ýaly, hüwjük saçly:
– Janhowluna urunýa şu wagt. Degme. Indi howlukman gömsegem bolar. Eli-aýagy, agzy-gözi daňylgy – diýip teklip etdi.
– Näçe jadygöýlük edende-de çykjak umydy ýok. Hyk-k! Ha-ha! – diýip, şilliň boýly synçgyryp, güldi.
Soň olar çukura aýaklaryny sallaşyp, oturdylar öýdýän, özara hümürdileri golaýjakdan eşidildi.
– Sen ozal... hyk-k... diri adamy gömüp görüpmidiň?
– Gömsem, gömendirin. Ýadyma düşenok. Hä, näme?
– Hiç. Meňem ýadyma düşenok... Näçeräk öli gömensiň şu çaka çenli?
– Kim bilýä?! Kändir. Şu taýdaky ölüleň hemmesem meň elimden geçen. Biljek bolsaň, mazarlary sanap göräýmeli. Hä, näme etjek ony?
– Hiç. Menem hasabyny ýöredemok.
– Geregem ýok-lay. Dogry dämi?
– Hawa. Näçe bolsa, şo bolsun! Azap hakymyzy bileli biz... Hyk-k... Galan zada kelläňi agyrtma!
– Esasy zat, iş tapylyp dursun! Işsizlik erbet zat. Dogrumy?
– Dogry. Adam ölüp dursa, işsiz galasymyz ýok.
Aňyrdan polisiýa işgäriniň hemleli sesi eşidildi:
– A-how! Bu näme etdigiňiz boldy? Hä? Hany, turuň ýeriňizden. Boluň, boluň! Bih!
Ol sözüni gutaryp-gutarmanka üstüme gum dökülip ugrady. Ömür müddetimiň gaty az galandygyna ymykly göz ýetirdim. Ony azajygam bolsa uzaltmak üçin hopugyp-hopugyp uludan dem aldym.
Polisiýa işgäriniň müjewüre ýüzlenýän sesi eşidildi:
– Gonamçylygyň müjewüri bolanyňyz üçin şu ýerde size aýratyn uly jogapkärçilik düşýänini bilýäňizmi? Bilýän bolsaňyz, hä diýmän, munuň tümmegi taýyn bolýar. Her ediň, hesip ediň, mazary gözden salmaň! Gerek bolsa, gije-gündiz başyny alyp ýatyň. Eger bir bolmasy iş bolup, görden çykaýsa, ýa çykmaga milt edäýse, şo bada maňa habar ýollaň.
– Milt edip bilmez. Aslynda bu ýere getirilensoň ölüleriň mazaryny taşlap gitmesi gadagan welin... Ýo-o, siz gaty arkaýyn boluň. Ýasy ýanyňyz ýerde bolsun!
Müjewür sözüne dyngy beren dessine başlygyň asuda sesi gulagyma ildi:
– Aý, indi eli-aýagy daňylgy-la. Nädip çyksyn?
Häzir onuň gep uruş äheňinde howsala ýokdy, ynjalan ýalydy.
Polisiýa işgäri hem başlygyňky ýaly parahat ses bilen bir zatlar diýip mydyrdady. Emma üstüme patylap düşýän gumuň sesinden onuň näme diýenini aňşyryp bilmedim.
Men kesek-gumdan goranmak üçin ýüzümi ýere berip ýatyrdym. Agyr tozanly howadan alýan demim aňryma ýetmän başlanda gurşup, syzlaýan aýaklaryma daýanyp, towlanjyradym. Ýüzümi ýokaryk öwürdim. Bolrak dem almak üçin başymy göterjek boldum. Maý bermediler. Zarp bilen inderilen agyr topragyň urgusyna tap getirip bilmän, başym aşak egildi-de, ýüzüm ýere oýkaldy. Soň yzly-yzyna kelläme gum döküldi. Gitdigiçe labyr basýan göwrämiň sähelçe gymyldamaga-da gurbaty ýetmedi. Iň soňky güýjümde kellämi çalaja yza çekmek başartdy. Burnumyň öňünde kiçijik boşluk peýda bolsa, azajyk dem alyp biljekdim. Ýöne o boşlugy ürpek gum doldurdy-da,  dem almak has kynlaşdy. “Gutardy. Bary gutardy. Gözi şully işdeşime bergimem bardy. Onam-a berip bilmedim” diýip oýlandym. Şol pursat alasarmyk we pytraňňy pikirler kätip gelniň güler ýüzli keşbini dumanyň içinde görünýän ýaly edip getirdi. Öýkenime soran iň soňkuja demim gutarmanka: “Ol häzir meniň nä haldadygymy bilýärmikä? Näme edýärkä? Ony söýýändigimi özüne aýdybam ýetişmedim-dä. Wahh!” diýip, arman etdim. Onuň gerlip duran gaşlaryny, mähirden doly gözlerini, çukanakly ýaňajyklaryny, ýukajyk dodaklaryny, lowurdaýan akja dişlerini, terje alkymyny gaýtadan göz öňüme getirjek bolup jan etdim. Mende başga ýatlara zadam ýokdy.
Onsoň, ynha, şu ýerde men hakykatdan hem öläýdim öýdýän, çünki  şondan soň hiç zat duýmadym.

SOŇY.

Aprel, 2015-nji ýyl. Mary.

Kakamyrat ATAÝEW.
Категория: Powestler | Просмотров: 92 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Kakamyrat ATAÝEW | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Raziýe_Soltan   [Mowzuga geç]
Hykk biggrin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: