Selbi gosgyny siz yazanyzok name agyr yenili bar size? Onsonam men lukmanlary garalamok Allajana sukur ejemem lukman. Men barde gosgy barada gurrun edyan. Sayt sahsy emlagim dal yone siz bir zady unutman kopculik bilen paylasan bolsanyz bunyn hemma yaramaly diyen yeri yok. Tankydada acyk bolunmaly dalmi eysem. Men Selbi sizede Mahym sizede hic zat diyemok gowy zat goyun erbet diymen yone goyyan gosgynyz yenles. Kerimin ozune satassam elbetde aydaryn ondan haz zehinli adamlarada pikrimi aydypdymam onun ucin men oykelan adamy goremok cunki tankydyn yok yerinde osuş bolmaz. Yone Kerim Hally diyilyan adam ne tankyda nede gepe dusunjek adam bolanda yenles cig gosgylaryny kopculige yetirmezdi.
Bir eneden ak hem dogar gara-da diýlenidir-dä. Bolmanda ömrüñzde bir gezek, cagalygyñzda, ýetginjekligñizde peýdasy degendir olaryñ. Emmaki gadyrbilmezlik, başymyzdan geçensoñ unutmaklyk, "özüm sagaldym, onsuzam gowlonardym.." yaly ynsana mahsus häsyetlermiz barow biz adamlaryñ. Mugallymlar lukmanlar has gereklenmeli htzmaty unudulmasyz perişdelerimiz. olar hijem garayagdan gara bolup bilmezler.
Goşgy hiç weli, lukmanlardan nalynýanlar-a kän-aý. "Gahryman" diýip ideallaşdyrýa weli, köp kiş-ä içiniň ýangynyna ýerden alyp, ýere sokýa olary. Aý, o bendelerem ýöne ýerden ajysyny pürkýän däldir-laý. Beý diýsem, menem şolar bilen pikirdeş diýdigim däl. Dogrusy, men-ä kimdir birini ejemçe görýän bolsam, ol meniň lukmanym. Çünki şolaň ikisi-de maňa Hudaýyň emri bilen ýaşaýyş berdiler. Şoň üçin jany ýangynlylar hemmäň adyndan gürlemese oňat bolardy.
Haýsyñyz näme diýseñizem gara ýagdan gara görseñiz hem men-ä razy lukmanlardan. Ýene bolsa kellämiz agyrsa-dam ilki Alla diýip soñ lukmana ýüz tutýas. Gowulary haas köp, belki erbetlerem bardyr, puluñ hijem ýokdugny bilseler pulsuzam bejeryarler. Ejem mydam keselbent bolonsoñ bilýan, lukmanlaryñ gadryny
Goşgyny okap näme netije cykarmaly aýdaýynmy? Sen ýaly içigüjikli zordan dyñzap ajysyny pürküp bilmän oturanlara ajtsynu daşyna çykarmaga detal bolmaly, bu birinji
Sonky dowurler Kerim Hally, Hanzalym şahyr diyen bolup edibayatyna icine etdinizay... sun yaly suwjuk yuzley dine kapyýa uyup bilse boldy edilip yazylan gosgylardana irdik. Su gosgyny okap name etmeli? Name many cykarmaly? Lukmanlaryn hazirki kesel boyunca gahrymandygy suydin ak bolsy yaly hakykatdyr ona soz yok. Bar taryplan ekeninemda maksat name okyjyny nama iterya?! Men sona dusunemok ya men seyle /dowrebap/ gosgylary dusunmekden garraydymykam? Beyleki platformalarda Hanzalym ŞAHYRyn gosgylaryndan yana anrym barime gelya... sularyn yazyany gosgy bolsa onda menem garalamalarymyn baryny enterjek su taýy. Men men diyen sahyrlar ozune sahyr diydirman yone ady familyasyny goya su taydada Gumlygelin gelnejemiz, Garaýolly agamyz,Has Turkmen , Nurdan uyamyz sularyn haysy biri ozune sahyr diydirya?! Yogsam solarynam yazyany eyle beyle zat dal. Men asla we asla 5 10manat ucin gosgy duzdim dp onda munda yazgy cykaryp ozuni meshur etmek isleyan sohratparazlaryn gosgylaryna syn yada taryp yazyp biljek dal muna entak men anym yetmezem belki yone gayrat edinde seyle adamlary ozunizden uytgesikdir oydup yorman.
Raziye soltan icine etdinuz diymej name söz. Aylap aylan zada düşünemok düşünikli yazay. Ýogsa-da bu goşgyny goýmagym señ içiñe depen ýaly bilaýan ýaly-lay ýazyşyñdan. Okamada geçiber. Oka diýip zorlan barmy seni. Bar kerime ayt ýazna diýde. Saýt öpçüligiñkimi ýa şahsy emlägiñmi señ? Goýasym gelen zadyny goýaryn. Lukmanlar hakyky gowy işlänni bilýan bolsañ heý birje ýerde hakykatyñ hatyrna şo lukmanlara jemgiýetçilik ýerinde hoşallygyñy bildirip gördüñmi? Bildirip ýazana kinäñ başga ýeriñden çykana döndüñle.
Selbi, wirus yayranda şahyr oglanlardan Nejep Baýat (@türkmentug) bilen edil şu gürrüñi edip, gülüşipdik "ynha, garaş, häzir Kerim koronawirus temasyna-da ilkinjileriñ biri bolup ýüzlener" diyip :))
Döwür öz hakykatyny bular ýaly waspnamalarsyzam ýazyp dur.. we bu adamlaryñ gozuniñ alnynda bolup geçyän hemmelere mälim hakykatlaryñ yanynda bu "goşgynyñ" hiç hili manysy yok, gaytam muny okasañ yañsyly ýylgyranyñy duyman galyañ. Edil sowet döwrüniñ belli şahyrlarymyzdan biriniñ "Ös sen mekgejöwenim" goşgusynyñ yañlanyşy yaly...
Lukmanlaryñ bu kesele garşy ýadawsyz göreş alyp baryandygy inkär edilmesiz hakykat... (käbir aytmasyz zatlary hasaba almanymyzda). Emma olaryñ bu jogapkärçilikli we çynlakaý göreşini has gury öwgüli odalar bilen däl-de, başarjaga has täsirli yollar bilen açyp görkezýän kämil eserleri döretse bolardy.
Deyyttt sen niriden çykdyñ birden birden oñat goşgy, hiç kimiñ ýazmadyyk ýüzlenmedik temasy. Ilkinjileriñ hatarynda Kerim Hallyyew ýada saldy. Kerim dünýe derdi bilen yanyp düzüpdir