00:59
Edep-ekram,utanç-haýa,namys-ar...
EDEP-EKRAM, UTANÇ-HAÝA, NAMYS-AR..

Bu gezegem köpçülik bilen awtobusa münüp dogduk obama sary gezelenje çykdym.Awtobusyñ oturgyçlary gelin-gyzlardan,her hili ýaşdaky erkek kişilerden doludy.Duralgada saklanan ulaga ýetmişiñ onundan giren bir zenan mündi.Ol münenden töweregimde oturan gyzlara seredip gobsunyp başladym.Emma,gyzlar ýerinden gozganarly däldi. Men özümden uly ýaşly zenana ýer berip,dik durup barşyma göwni bir ýaly bolup oturan gyzlara seredip oýlanyp başladym.:"Göräýmäge aý ýaly,bir eýjejik gyzlar.Bu gyzlañ gözelligi ýaly edep-terbiýesi hem bolaýsady käšgä.Ulagda kyrk,elli,altmyş,ýaşlaryndaky adamlar dik durup barýarka bular nädip oturyp bilýãrkä..."
Şol barmana ulag duralgada saklandy.Bir ýaş ýigit sürüjä pul deregne bir kagyz görkezdi.Kagyz "Maýyplyk haty" bolmaly.Sürüji uly goh edip gygyrmaga başlady:"Bu hatyñ ýany bilen pasportyñy görkez.Bolmasa men bu hatyñ kimiñkidigne ynanmaýaryn."Maýyplyk haty"-ny görkezen ýaş ýigidem ondan kem galarly däldi.Ol sürüji bilen deñ sanaşyp ulagdan düşdi.Men bu ýigide ýiti nazar bilen seredip galdym."Maýyplyk haty"-ny görkezip dursa entirekläp barýan maýyp ýigdi görjekdim.Emma,ol otuz ýaşlaryndaky men diýen jahyldy.Onuñ gözünde-ýüzünde,synasynda,göze görnüp duran hiç hili kemçilik ýokdy.Sürüjiniñ gepine gep urşuna seretseñ onuñ akylynda-da kemçilik bara meñzemeýärdi.Belki, onuñ "Maýyplyk haty"-ny almagyna içki synasyndaky kemçilikler sebäp bolandyr.Ýöne,oñ ýan ýodadan ýöräp barşy-da juda sagdyndy. Ýörände dabanyndan ot çykýardy...
Ýene-de oýlanyp başladym.Özüme ýürekdäki kemçilik sebäpli"Maýyplyk hatyny"almagy teklip edenlerinde ör-gökden gelşimi ýatladym.Hassalygy boýnuma alman Allañ eradasy bilen doly diýen ýaly sagalyp gidenime begendim.Emma,bir manatlyk ýol tölegi üçin sürüji bilen geýnüwli ýaş ýigidiñ arasyndaky gürrüñler meni juda gynandyrdy.Bir manat üçin,ençe adamyñ öñünde bir-birine aýdan paýyş sözleri üçin, bularyñ erkeklik mertebesi juda pese gaçypdy.
Ençeme gussaly oýlanmalary arkama ýükläp şäher merkezinde ulagdan düşdüm.Men ýene-de etrap merkezine gitýän ulaga mündüm.Bu ulagda garşymda oturan görmegeý gelin,onuñ göz monjugy ýaljak gyzjagazy we ogly meni öñki münen ulagymdaky gören zatlarymdan az-kem daşlaşdyryp başlady.Sebäbi görmegeý gelniñ balajyklarnyñ başyny sypap oturşy juda ajaýyp görnüşdi.Bulary synlap guwanyp oturşyma görmegeý gelne jañ geldi.Guwanç bilen synlap oturan gelnimiñ telefonyñ añyrsyndaky kişi bilen etýän gürrüñi meni serpmeden gaýdan ýaly etdi.Gulagymyñ eşidýän zatlaryna ynanasym gelmedi.Emma,bu hakykatdy.Bulañ gürrüñi "Oýnaş"gürrüñidi.Gelin añyrdaka ýaranjañlyk edip bihaýalyk bilen gülýãrdi.Meñ bolsa bu gelniñ many bilmez çagajyklaryna seredip kalbym aglaýardy.

Edep-ekram,utanç-haýa,namys-ar.
Siz nirede,kalbym sizi küýseýär.

Gyzylgül Annagylyjowa.
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 183 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 12
0
12 Zyýada   [Mowzuga geç]
Siziň aýtýanlaryňyz gaty dogry.Biziň ýaşaýan jemgyýetimizde isleseň -islemeseň şeýle ýagdaýlary göreniňde birhili kalbyň siltelenen ýaly duýgulary başdan geçirýäň.
Ýöne munuň tersine,maşgalasynda oglunyň,gelininiň,gyzynyň ,adamysynyň göwnüni görüp ählisiniň ugruny bilip, agzybirligini saklap bir ojaga jemläp,edep-terbiýe bermekde, maşgala ýöretmekde görelde görkezip ýören daýzalarymyzdyr,gelinlerimizi göreniňde bolsa göwniň giňäp,ýagşy adamlaryň barlygyna şükür edýärsiň.

0
11 HALIME   [Mowzuga geç]
Edep-ekram,utanç-haýa,namys-ar.
Siz nirede,kalbym sizi küýseýär.

diyip, onaymaly dowur bolaydy oydyan hazir

0
10 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Nesiller ene-mamalarymyzyñ ýagşy edim-gylymlaryny nireden öwrenmeli???
Maşgalada ak guş ýaly çagajyk dünýä inýãr.Biz bujagazlar birki ýaşadygy güýmemek üçin tv-de türkçe multfilim açýasda öñünde oturtýas we öz işlerimize gümra bolýas.Olar bilen mähirli gürleşip oturmaga ýaltanýas.Netijede çagajyk enesiniñ diline derek türk dilini öwrenýär..
Çagalar kämillik ýaşyna golaýlaýa.Biz ýenede bulara üns bermeýäs.Bular ýene türk seriallaryna güýmenmek bilen wagtyny geçirýãr.Ol serallar(Taryhy serallar däl) biziñ ganymyzda,köplenç durmuşda-da bolmadyk wakalar bilen ýetginjekleri özüne añkardýar.Onsoñ ýetginjekler ene-mamalarymyzdan gelýän ýörelgä däl-de şol serialdaky hyýaly dünýälere sary gadam goýýar.Aýyp işleri aýyp däl hasaplaýar.Olara soñraky edep-terbiýe ýokmaýar....

0
9 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Ýoldan çykanlar edil zaýalanan gawun-garpyz ýaly.Ol adamlary hiç haçan adam edip bolmaýa.Olar il gözüne düzelen bolar.Emma düzelmeýä.Olara aýdanyñ-diýeniñ täsir etmeýä.Şoñ üçinem olar ýalylara köpçülik ýerunde akyl bermek artykmaç...

0
8 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
@ Selbi ene-mamalarymyzdan geçen ýagşy gylyklary geljekki nesillere öwretmek biziñ borjumyz.Elimizden geldigiçe öz ýakynlarymyza öwretmäge çalyşýas.Bu oýlanmany ýazmagymyñ sebäbide şunda.Emma,bu ýazgyny edep-terbiýe sapagy däl-de gybat diýip düşünseler nädip edep öwredip bolar uýam???

0
7 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Haweran belki şeýle bolaýsady.Gör nähili ajap bolardy.Emma,bu beýle däldi.Onuñ gürrüñi ýanýoldaş bilen edilýän gürrüñ däldi...

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ýöne... netije çykarmaga gatam bir gyssanmalyñ Gumlygelneje, belkäm... ol gelniñ jañlaşany onuñ adamsydyr... (biz şeýle ýagşy umytda bolalyñ)... Kämahal gözümiz b.n gören zatlarymyzam pikir eden zadymyzdan düybünden başga hilem bolup çykybiler... (belkäm şeyle bolsun)...

0
5 Selbii   [Mowzuga geç]
Daşymyzdakylaryñ özlerini alyp baryşlary ýaranokmy?! Barybir bizem olaryñ biri, biziñ arassa, ahlakly edepli bolanymyz ýeterlik däl, goñşymyz, tanyşymyz, ýakynlarymyz, doganmyz, doganlarmyzyñ çagalary, ilen çalanlarymyz barymyz bitewilikde jemgiýet. diýmek nogsanlygy döredýänem bizlerden, görsegem görmedik bolup, ýerinde dymyp, sessizje geçip gaýdyp, yzyndan başga ýerlerde

0
6 Selbii   [Mowzuga geç]
ýerlerde ahmyrly gürleýanem özümiz. Nogsanlygy görüp sessiz synlap ýörmeklik biziñem nogsanlyga gatnaşygymyzy, goşandymyzy añladýar. Bize öwredilen edebi-terbiýäni töweregimizdäkilere öwredip bilmedigimizden biziñ özümiz ýazykly - bu biziñ kemçiligimiz. Bizem "olaryñ" biri bolanmyzy duýmazdan "olaryñ" biri bolup ýörenigimiz.. h

0
3 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Yaman nysaklar yagshy gylyklar bilen caknyshyar.Synlamadan doran ahmyrl oylanma.

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Gumly gelin... Gumly gelin...

0
1 lunemia92   [Mowzuga geç]
Bu zatlary günde görüp ýöremizsoňmy öwrenşipdirs, ünsem beremzok indä, bolaýmaly zat ýaly

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: