22:46
Küýseýän
KÜÝSEÝÄN

Osman Ödäýewe bagyşlanýar

Kän gijeleñ ukysyny ürküzip,
Halypaly günlerimi küýseýän.
Päk ýüregin didesinde görkezip,
"Dogan!" diýen dillerini küýseýän.

Eşrepi deý görüp her bir sözüni,
Gaýtalap okaýan ýaşlap gözümi,
Käte ýeke-ýalñyz duýup özümi,
Halypaly günlerimi küýseýän.

Zehin görse misli gül dek açylyp,
Zybanyndan paýhas dürler seçilip,
Göwnüñi götärdi, gorun eçilip
Halypaly günlerimi küýseýän.

Gelmek-gitmekligiñ hemmä şertligin,
Bilsem-de kä ejizleýär mertligim,
Şonda aýralygyñ agyr dertdigin
Duýup mährem sözlerini küýseýän.
 

Döwran  AGALY.
Категория: Goşgular | Просмотров: 42 | Добавил: Nurdan | Теги: Döwran Agaly | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
1
1 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Tasirli goşgy

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: