22:21
Ahyrzaman bolar

AHYRZAMAN BOLAR

Eý ýaranlar, musulmanlar,
Bir gün ahyrzaman bolar,
Ölenden öň köp nyşanlar,
Ýeriň ýüzünde kän bolar.

Adalatsyz bolar hanlar,
Bihaýa bolar zenanlar,
Köp döküler nahak ganlar,
Iliň päli ýaman bolar.

Pisat iş köp bolar, az bolmaz
Bu öý ol öýe saz bolmaz,
Ýagmyrlar ýagar, ýaz bolmaz,
Bir gün bady-hazan bolar.

Hile eýlär, tapar ýollar,
Süýthorlukdan ýygyr mallar,
Din ýolyny taşlap iller,
Ne mektep, ne azan bolar

Namaz goýar, sözlär ýalan,
Ata-enä asy bolan,
Çakyr içip, zyna kylan,
Azaby müň elwan bolar

Elin tut Taňry dostunyň,
Asy bolma, sakla diniň,
Enşalla, Magtymgulynyň
Din ýoldaşy iman bolar!

Magtymguly PYRAGY.

Категория: Goşgular | Просмотров: 90 | Добавил: Perhatsabirovv | Теги: Magtymguly PYRAGY | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 7
0
7 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Sag bol,inim

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Islendik agzanyñ islendik pikirini yazmaga haky bardyr, Şyhmyrat aga )

1
3 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Haweran"señ pikiriñe garşy bolan yaly boldy bi.Men teswir goyberensoñ señ teswiriñ cykdy.bagyşlaweri,inim.

0
2 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Beyik danamyz Magtymguly Pyragynyñ durdane goşhylary oz nazaryny ynsan kalbynyñ torune gonukdiryar. Perhat,goşgyny goyanyñ ucin zag bol,inim.

0
5 Perhatsabirovv   [Mowzuga geç]
Minnetdar, agam smile

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Perhat, Magtymgulynyñ goşgulary hemmeler ü.n elyeter... Yeterlik mukdarda goşgulary çap hem edildi, internet sahypalaryndan hem yeterlik tapyp bolyar. Eger bar bolsa Magtymgulynyñ doredijiligi baradaky makalalary paylaş ya-da giñ okyjylar kopçuligine yeterlik mukdarda tanyş bolman galan sowet we hazirki zaman turkmen yazyjy-şahyrlarymyzyñ eserlerini paylaşsak has gowy bolardy.

0
4 Perhatsabirovv   [Mowzuga geç]
Bolar agam

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: