11:00
Synan göwünler / hekaýa
SYNAN GÖWÜNLER  

Ol ýyllar kolhozymyzda bilimli, ýeriň, ekiniň ýagdaýyny bilýän agronomlar ýokdy.
Obamyzyň bar mydary Baba agady. Ol ýeriň dilini bilýän, ekiniň ýagdaýyna düşünýän adamdy. Ol kolhozymyzyň her bir daban ýerine çenli beletdi. Nirede haýsy ekiniň ekilmelidigini, haýsy ekiniň näçe hasyl berjekdigini bilýärdi. Onsoň her bir işde kolhoz ýolbaşçylarynyň esasy maslahatçysy Baba agady.
Ol ýyllar ekinler pellenip ekilerdi. Hemme iş agyr gol zähmeti bilen ýerine ýetirilerdi. Peli hem atyz suwy endigan içer ýaly edip, ýerini bilip çekmelidi. Ony nireden çekeniňde ýeňil düşjekdigini hem nazara almalydy. Muny bolsa Baba agadan başga göwnejaý oňarýan adam bolmazdy.
Baba aga bolsa eline pil alardy-da, lüň basyşdyryp, ýeri ilki kartalara bölerdi, soň bolsa kiçijik pellere bölüşdirerdi. Pelleri çekişdirip bolarsyň welin: «Ynha, bu peli ýüzüňizi günbatara edip, bu peli bolsa ýüzüňizi gaýrak edip düzläň» diýerdi. Onuň aýdyşy ýaly ederdiň welin, peliň içi eliň aýasy ýaly düp-düz bolar ýatybererdi. Onsoň ol pellere suw düzülende edil gapagyň üstüne düzülen ýalydyr, suw basmadyk ýekeje kesegem görmersiň.
Baba aganyň aýdyşy ýaly dökün dökülerdi, Baba aganyň aýdyşy ýaly ekin ekilerdi, Baba aganyň aýdyşy ýaly ekine hyzmat edilerdi. Her ýylam gowy hasyl alnardy. Baba agany diňe biziň obamyzda däl, goňşy obalarda hem hormatlardylar, onuň sözüne gulak asardylar. Orta boýly, başy silkme telpekli, egni garma donly, aýagy çokaýly bu kiçigöwünli daýhan adam tutuş durky bilen mähriň öýüdi. Ol ýeriň ekiniň dilini tapyşy ýaly, adamlaryňam uludan-kiçä barynyň dilini tapardy.
Şeýle adamyň durmuşy hem gülala-güllük bolaýmaly ýalydy. Emma hemme kişiniň dilini tapýan, armany-ýadamany bilmeýän bu adamyň durmuşy kyndy, gözgynydy. Başda onuň höwes edäýmeli durmuşy bardy. Ogluny öýerip, agtykly bolupdy. Onuň aýaly Akjemal eje hem obada özüni aldyran adamdy, toýda, ýasda iliň derdine ýaraýan adamdy. Ýöne Baba aganyň durmuşy birden eňaşak gaýdan ýaly bolaýdy. Ogly, gelni aradan çykdy. Bu agyr urga döz gelip bilmän, Akjemal eje hem aradan çykdy. Şeýdip, Baba aga agtyklary Gellewdir, Nury bilen galyberdi.
Öýünden aýal maşgala örmänsoň, Baba aga üçin-de, onuň agtyklary üçin-de durmuş gaty kyndy. Onsoň Baba aga özüne mynasyp bir mysapyr aýala öýlendi. Şondan soň onuň durmuşy ýene ile birigip gitdi.
Bolsa-da, «iki aýakly iki günde» diýenleri, Baba aganyň agtyklary ýetişdi. Oňa uly agtygy Gellewi öýerip, çowluga guwanmak hem miýesser etdi. Ýöne bu şatlyk uzaga çekmedi. Ýagşy günüň ýaňy çetinden girip başlan Baba aganyň ömür tanapy üzüldi. Bütin oba bu hormatly ýaşulynyň ýasyny tutdy.
Baba aganyň kiçi agtygy Nury ýetişip, durmuş toýuny guranda hem oba adamlary Baba aganyň hatyrasyna uly toý tutdular, ol toýa uludan-kiçä hemme kişi gatnaşdy.
Ýöne şol toýdan soň welin bu hojalygyň süýji güni bolmady. Nurynyň gaýynenesi her gün diýen ýaly bu ýere gatnap başlady. Ýaş çatynjalara öwüt-nesihat bermegiň, agzybirlige ündemegiň deregine olaryň süýji gününe awy gatdy, olary biri-birine öç edip taşlady. Derrew Gellew bilen Nurynyň rysgyny aýyrtdy. Soň bolsa ol ikisini biri-biri bilen gyr-tutuş edip goýdy. Iki doganyň güni bir bolsa, dawasy iki boldy. Bolgusyz bir zadyň üstünde-de biri-biri bilen topulyşdylar durdular.
Muňa Nurynyň gaýynenesiniň guşy uçup, heşelle kakdy. Bir gün ol giýewisiniň ýanyna gelip:
– Aý oglan, sen bilmediksirän bolup ýörmegin, türkmençilikde ata-enesine kiçisi seredýändir – diýip, gürrüňi daşdan aýlap başlady.
– Senem ile gürrüň bolmajak bolsaň, eneňi öz ýanyňa al. Oňa seretmek seniň borjuňdyr. Sen eneň «Haýsy ýerde bolsamam, parhy ýok, ikiňize-de barar duraryn» diýen bolanyna bakma-da, ony öz öýüňe ýygna. Onsoň göwni küýsän wagty ol agtygynyňka hem-barybersin. Men muny özümden tapyp aýdýandyr öýtme. Eýýäm il-gün bu barada gürrüň edip başlapdyr. Özüňiz biliň welin, men ýöne ýapy-ýagdaýy duýduryp goýaýaýyn diýdim.
Ol bu barada diňe giýewisiniň gulagyny gazany bilen oňman, gyzyna hem sargap-sargap gitdi. Ahyry ertir-agşam aýalynyň hüňürdisine çydamadyk Nury eneligini çagyrdyp, gaýynenesiniň tabşyryşy ýaly, ony öz öýünde ýaşamaga yrmak bilen boldy.
– Oglum, ol öý bilen bu öýüň tapawudy näme? Ikiňizde hem bolubererin. Onsoňam, Kakajan maňa gaty öwrenişipdir. Görýäňmi, nirä gitsem, ýanymdan aýrylanok. Agşamam gujagymda ýatýar. Men muny taşlap, nädip geleýin. Ataň pahyr ony nähili gowy görýärdi. Ony çyrladyp gaýtsam, ataň pahyr göründe rahat ýatyp bilmez – diýip, eneligi şubela düşündirjek bolsa-da bolmady.
– Türkmençilikde seniň ýaşamaly öýüň meniň öýüm. Men ile gürrüň bolmak islämok, meniň öýümde ýaşamasaň bolmaz – diýip, Nury şol bir depen ýerini depdi durdy.
Göwher eje onuň bolşuna hem gynandy, hem gaharlandy.
– «Döwletliniň çagasy ýaşam bolsa baş bolar» diýenleri bolmadyň-ow» – diýip zeýrendi.
– Öňem-ä meňki bolsun diýer ýaly oňşugyňyz ýok. Indi menem ara goşup, günüňizi has-da bulajak-da.
Ýöne Nury bu gürrüňlere gulak asar ýaly däldi. Onsoň Göwher eje görgüli:
– Aý, ynha Gellew bilenem bir maslahatlaşyp göreýin, onsoň nirede bolmaly bolsa bolubereris-dä – diýip, hamsygyp çykyp gitdi.
Göwher eje Gellewlerde bolanyny gowy görýärdi. Gellewiň özi hem, gelni hem onuň üçin rakypdy. Agtyjagy Kakajan bolsa onuň ýanyndan aýrylanokdy. Bolsa-da ol Nurynyň aýdanlaryny Gellewe gürrüň edip berdi.
Gellew Göwher ejäniň göwnünden turdy.
– Aý, Nury handyr-da, bir diýer, bir goýar. Sen haýsy öýde gezeniňi gowy görseň, şol ýerde geziber – diýdi.
Ýöne Nury öz maksadyndan el çeker ýaly däldi. Ol sähel zada yrsarap, Gellew bilen uruşjak boldy durdy. Iki gepiniň birinde:
– Enemi bize goýbermejek bolsaň, şu ýerden göç – diýdi.
Göwher eje agtyklarynyň özi zerarly dawalaşyp ýörmeklerini uslyp görmän, Nurylara geçdi. Şunuň bilen dawa-jenjel galar öýtdi. Emma dawa-jenjel şundan soň güýjemese, peselmedi. Nurynyň gaýynenesi Göwher eje onuňka geçensoň, giýewisidir gyzyna başga ugurdan sapak berip başlady.
– Eneňiz kimde ýaşasa, mellek hem şoňky bolmalydyr. Ur-tut owadan jaý gurduryň. Puluňyz bolmasa, karz-kowal alaýyň. Menem kömek ederin. Agaňa bolsa, bir mellekde iki jaý gurjak bolsaň darlyk eder. Sen başga ýerden mellek alaý diý. Eger aňsatlyk bilen etmejek bolsa, enem kimde bolsa, mellegem şoňky bolmalydyr diýip tut – diýip öwretdi.
Nury gaýynenesiniň sapagyny bek tutdy. Nurynyň bolşuna gahary gelen Gellew obany taşlap, şähere göçüp gitmäge mejbur boldy. Dolanyp, onuň bilen gatnaşygam etmedi. Emma munuň bilenem Göwher ejäniň gulagy dynmady. Indi onuň özüne azar berip başladylar. Ony dört otagly şaňlap duran jaýa sygdyrman, gapylaryndaky hütdük ýaly köneje jaýa geçirdiler. Oňa öz iýip-içýän zatlaryndanam bol-elin bermediler. Il-gün ony salyp getirip berjek bolsa, «onuň kem zady ýok» diýip, ony hem etdirmediler. Nurynyň gaýynenesi bolsa her gezek gelende Göwher ejäniň degnasyna degdi. «Är ölensoň, hatyn talak» diýen bolup, otursa-tursa, onuň gulagyny gazady durdy. Ahyry bu ýagdaý halys etinden ötüp, süňňüne ornansoň, Göwher eje Gellewlere gitmäge mejbur boldy. Onuň ugrajak bolup duranyny gören oba adamlary üýşüp geldiler. Oňa töwella etdiler. – Göwher eje, Baba aganyň hatyrasy üçin obany taşlap gitme. Jaý salyp ber diýseň, jaý salyp bereli. Haýsymyzyň öýümize barsaň, mähriban enemiz ýaly saklaly – diýdiler.
– Hormatyňyz üçin sag boluň, adamlar – diýip, Göwher eje gözünden ýaş dökdi.
Siziň öýüňize baryp oturanym bilen, Babaň ýurduny saklap oturdygym däl. Meniň girip-çykmagym üçin rowa görülmedik bu jaýy, onuň eýelerini görmäýinem, ýanmaýynam. Özümiň arzyly ýerime gideýin.
Göwher eje gözüniň ýaşyny sylyp, gök «Wolga» mündi. «Wolga» öýünden, obasyndan çykyp gitmäge mejbur bolan garryny alyp süýnüp gitdi. Onuň yzyndan seredip duran adamlaryň biri seslendi:
– Nury näletkerde ogul boldy. Ol diňe öz agasynyň enesiniň däl, bütin obanyň adamlarynyň göwnüne degdi. Baba aganyň sarpasynyň saklanmazlygy, bütin obanyň ynjydylmagydyr.    

Baýram RAHMANOW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 52 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Baýram Rahmanow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: