10:58
Näme diýerlerkä? / hekaýa
NÄME DIÝERLERKÄ?  

Öýlenenimden soň, üç-dört aýlap, gelnim bilen agzybir, ysnyşykly ýaşaşdyk. Gazananjamyzy iýmek-içmäge berip, döwran sürdük. Emma bu agzybirlik uzaga çekmedi.
Ilki batlara gelnim öz iýýän zatlarymyza göwniýetmezçilik edip, iliň iýýän zatlaryny magtap başlady:
– Şu gün Olýa bir kemput dadypdy welin, bir turşuja eken. Adamsy Moskwadan getiripdir.
Onuň bu sözlerine meniňem agzym suwaryp gitdi.
– Gelin baý, iýjegiň turşy kemput bolsun – diýen boldum. – Ine, menem Moskwa gidenimde getiräýerin.
Ol ertesi işden gelende, ýene-de Olýanyň iýýän zatlaryny öwüp başlady:
– Bu gün Olýa agaran süzmesini alyp geldi. Daýzasy getiripdir. Çal edip, içine hyýar, sogan, rediska dograp bir iýdi welin, kesesinden höwes edäýdim...
Bu ýagdaý on-on bäş günläp dowam etdi. Men dişimi gysyp, çydajak boldum. Emma soňabaka halys degnama degip başlady. Asyl munuň Olýasynyň iýýän üýtgeşik hem tagamly zatlarynyň aňyrsy gutarmady. Olýa diýilýän gelin iýmek-içmekden başga iş edýäne meňzemeýärdi. Ahyry ýaryldym:
– Gelin baý, iliň iýýän zatlaryna emenip ýörmek aýyp bor. Sen indi oglan-oglanjyk däl ahyry.
Bu söz tüpeň atylandanam erbet boldy. Gelnimiň gözi edil syçanyň üstüne towusjak pişigiňkä döndi. Ozal bir agyz söz aýtmak üçin säginip esli durýan näzli gelniň agzynyň hereketine göz ilmedi. Şol günden soň biziň günümiz bir bolsa, dawamyz iki boldy.
Gelnimiň göwnüni tapjak bolubam, etmedigim galmady. Kawkazyň alýaňak almasy bilen Samarkandyň saryja erigini öýe daşap ugradym. Emma gelnim seňrigini ýygryp, bu zatlaryň ýüzüne-de seredenokdy. Her näçe jan etsemem, umumy agzybirligi dikeltmek barada edýän tagallalarym hiç hili netije berenokdy. Gaýta ýagdaý gitdigiçe çylşyrymlaşýardy. Eger bir ugruny tapaýmasam, biziň alabaharda guran durmuşymyz gyşa ýetmän bozuljakdy.
Şonuň üçinem haýal etmän işe girişdim. Söýüşip öýlenemsoň, bu barada dogan-garyndaşlaryma aýtmagy bir hili gelşiksiz hasaplap, dostlaryma maslahat saldym, maşgala agzybirligini nähili gazanmak mümkindigini sorap, köpi gören, tejribeli adamlara ýüz tutdum. Olardanam ullakan peýda bolmansoň, ahyry gazete ýüzlenmäge mejbur boldum. Uzak garaşmaly bolmady. Aradan bir hepde geçip-geçmänkä, meniň hatym esasynda gazetde ullakan ylmy-ahlak çekişmesi başlandy. Çekişmä dürli hünärli adamlar gatnaşýardy. Biziň meselämiz boýunça ilki bilen tagam biliş ylymlarynyň doktory çykyş etdi. Onuň çykyşynda adamzat jemgyýetiniň ösüşinde tagam bilmegiň, ys almagyň roly, ähmiýeti, tagam bilmek, ys almak bilen baglanyşykly bolan dil, agyz, burun ýaly duýgy organlarynyň adama berýän peýdasy we şuňa meňzeşler hakynda gyzykly ylmy pikirler öňe sürülýärdi.
Diliň, ylaýta-da onuň iki gapdalyndaky mäzleriň tagam bilmekde uly rola eýedigini hormatly professor aýratyn takatlylyk bilen düşündirýärdi. Makalanyň ahyrynda bolsa tagam biliş organy bolan diliň, ys alyş organy bolan burnuň biziň maşgala agzybirligimize ýetýän zyýany hakda aýdylýardy, ony düzetmegiň ýollary salgy berilýärdi.
Hormatly professoryň «Elbetde, N. we K.-nyň maşgala durmuşynda ýüze çykan agyr keseli olaryň tagam biliş hem ys alyş organlaryny operasiýa etmek ýoly bilen düzetmek mümkinçiligini hem inkär etmek bolmaz. Bu jemgyýetçilik ähmiýetli terbiýeçilik işidir» diýen jümlesini okanymda, burnumy operasiýa etdirmeli bolýarmykam diýip, gara janym galmady.
Hernä soňy düz boldy. Sebäbi gazetde şondan soňky çykyş eden medisina ylymlarynyň doktorynyň makalasy professoryň edil şol pikirini tankytlamakdan başlanýardy. Onuň çykyşynda adamzat jemgyýetiniň ösüşinde, ylaýta-da, maşgala durmuşynda medisinanyň tutýan orny aýratyn nygtalyp geçilýärdi. Ýöne biziň maşgala durmuşymyzda ýüze çykan agzalalygy ýok etmek üçin medisinanyň hirurgiýa pudagyna ýapyşmagyň hökman däldigi, makalanyň dowamynda ýerlikli deliller bilen subut edilýärdi. Muny okanymda meniň nähili begenendigimi bir bilsediňiz?!
Gyşyň içinde agzyňy-burnuňy operasiýa etdirip ýörmek aňsat zatdyr öýdýäňizmi näme?
Ýöne hormatly alymyň biziň maşgalamyzdaky agzybirligi dikeltmekde medisinanyň psihoterapiýa pudagy kömek eder diýip tassyklamagy welin meni biçak uly ünjä goýdy. Alym biziň birimiz aklyndan ýazypdyr diýip çaklaýana meňzeýärdi. Şondan soň täze çatynjalar hakda dissertasiýa ýazmak üçin material toplap ýören bir aspirantyň çykyşyny okadym. Onuň çykyşynyň köp bölegi öýlenip toýy geçip-geçmänkä bozulýan maşgalalar hakdaky sosiologik derňewlere bagyşlanypdy. Ol makalasynyň dowamynda gelnim ikimiziň aramyzda indi hiç ýol bilen agzybirligi dikeltmegiň mümkin däldigi barada welilik satýardy. Gelnim bilen aýrylyşmaly baljakdygym hakdaky pikir kelläme gelende başym aýlanyp gitdi.
Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, şundan soň çekişmä gatnaşýanlaryň barynyň gürrüňi gelnim ikimiziň aýrylyşmaly ýa-da aýrylyşmaly däldigimiz dogrusyndaky meselä syrygdy duruberdi. Okyjylaryň bir topary bize agzybirligi ündese, beýleki topary tutanýerlilik bilen aýrylyşmagy maslahat berýärdi. Şondan soň men gazet okamagy goýmaga mejbur boldum.
Bir gün gelnimiň gury çöregi çaý bilen işdämen iýip oturanyny görüp geň galdym. Gelnim meniň ýüzüme seredip, şadyýan ýylgyrdy. Men akmak bu zatlaryň barynyň sebäbiniň gelnimiň agzynyň bimaza bolanlygy ekenligine diňe şundan soň düşünip galdym. Gazetde bolsa çekişme henizem dowam edýär. Ýöne indi çekişmäniň temasy üýtgediläýse nähili bolarka? Men gazete «Biziň oglumyz bolarmy ýa-da gyzymyz?» diýen sowal bilen ýüz tutaýsam, näme diýerkäler?..  

Bäşim SÖÝÜNOW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 64 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Bäşim Söýünow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Awtor maşgala agzybirliginiñ gymmatyna okyjynyñ dykgatyny jemleyar. Maşgalanyñ baş agzasy bolan erkek adamy yan yoldaşy bolan ayal kişi babatda,onuñ yagdayy dogrusynda juda eserdeñ bolmaga cahyryar.Ayalynyñ ( maşgalasynyñ ) gownune yaramayn, tarapyndan derhal nadogry netija gelman,onuñ doreyiş sebapleriniñ kok-damaryna akyl yetirmage undeyar.Hekayañ gahrymany başda albyrap,gazyet usti bilen,butun ulus-iliñ maslahatyndan tamakyn bolyar.Şemalyñ car-tarapda owsuş i yaly", hazyetdaki kopculigiñ pikirlerem beli bir maşgala anadancylygynyñ bahbidine gonukmeyar.,,Ayrylyşmak"yalyyowuz manyly sozem onuñ añyny dumanladyar.Oyune helyar we duybunden garaşmayan yahdayynyñ şayady bolyar.Uns bermedik begencli yagdayy añlap,oz bolşuna ahmyr edyar.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: