03:49
Şu sözi hiçwagt ýatdan çykarmaň!
ŞU SÖZI HIÇWAGT ÝATDAN ÇYKARMAŇ!

Beýik däldir hiçkim,birek-birekden,
Ýere gadam goýup ýörär her kişi,
Ýöne köpler,özün beýik saýýarlar,
Tapawutly bolup,bitäýse işi.

Özgerýändir köpler beýikden seredip,
Göýä hiçbir taýy ýok deý dünýäde,
Emma unudýarlar,bu giň älemde,
Herimiz synaga salynan bir bende.

Bolýandyr her zadyň bir başlangyjy,
Hem bolýandyr onuň hökman bir soňy,
Ýetsek üstünlige,belent derej-ä,
Allaň nesibi diýip,bilmelidiris ony.

Altyn,zerden bezäp geýseň-de mata,
Özüň "melek" bilip etmegin hat:a,
Bu dünýäde toplanyň näm(e) bolsa hem,
Äkitjegiň bolar bir akja mata.

Äkitmek bolsa hem arzuw hyýalyň,
Dünýäde galýandyr döwletiň-malyň,
Amanadyň tabşyryp,çykanda janyň,
Diňeje ýar bolar saňa imanyň.

Şu sözi hiçwagt ýatdan çykarmaň,
Degip biler bu söz,köplere agyr,
"Asmanda uçsaň-da,ýerde bolsaň-da,
Bir gün deň edýändir ýönekeý gabyr"

Aýlara ATAJANOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 102 | Добавил: aylaraatajanowa2020 | Теги: Aýlara Atajanowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 8
0
7 gulsatorunova17   [Mowzuga geç]

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Birinji paylaşan goşgyñ teginem düzet )

0
8 aylaraatajanowa2020   [Mowzuga geç]
Aý,teg mesele boldy şugün. Bolýar,düzedýän agşam. wacko biggrin

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Goşguda biraz büdremeler bar, ilki birinji belligi düzet, soñkusyny soñ belläp geçäyeris ))

0
5 aylaraatajanowa2020   [Mowzuga geç]
Wi men kellä gelen zady goýup otyryna)) Minnetdar! Düzetdim.

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Soñ şol tege (at-familiýañ ûstüne) basanda okyjylara hemme goşgularyñyzy bir yerden tapyp okap bilerler.

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Aýlar, birinji belligim: aşakda teg diylen yere goşgynyñ adyny yazmaly däl, diñe awtoryn adyny we familiyasyny yazmaly )

0
1 aylaraatajanowa2020   [Mowzuga geç]
Meniň goşgularymyň hem ýalňyşlyklaryny,kemçiliklerini aýdaýyň.Öwrenjek bolýan welin,hiçkim teswir ýazanok sad

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: