20:21
Mährim küýsäp geläýdiñmi

MÄHRIM KÜÝSÄP GELÄÝDIÑMI

Meniň ýumşak sada gyzym
Bil saňa derdi dözmänim,
Ejizlemeklik aýypdyr,
Aglamagyn...
Süpür gözýaşyň,
Diýme durmuşdan ýadadym .

Bilýän, käte deň gelmese,
Durmuş hakda hyýal eden,
Ýalňyş çyksa deňlemeleň .
Ýa gitmek isläp uzaga,
Mähelleli zenzeleden.

Gorkmagyn,gamada batma.
Diňle ýüregiň sesini.
Bilgin beterlerden gorar,
Ýagşy dileglerim seni.

Bilýäň-ä,sen mähribanym .
Seni nenen söýýänimi!
Boýuňa döneýin balam,
Mährim küýsäp geläýdiňmi?!

Başym sypalap diýerdi,
Monça bordum,onsaň menem,
Bolan bolas,janym Enem

**********

Ejeme...

Agyrtma başyñy ýazma indi şygyr"
Diýýärsiñ dözmeýäñ geñ görüp halym.
,,Wah ejejan,düşün meniň dar dünýäm,
Giñäp gidýär şygyr ýazan mahalym".

Nahalyñ men ösüp ýetişen miwäñ,
Alma agajyndan daşa düşermi?!
Seniñ söýgiñ, mähriñ bilen şinelän,
Ruhy dünýäm yhasyna gowşarmy?!

Duşarynmy menem kalbymda beslän,
Arzuw hyýallarymyñ wysallaryna.
Jogap tapsam bu soragly dünýäniñ,
Çözmesi kyn syrly sowallaryna.

Ýörjen-ýörjen bolup geldim kemala,
Guwanyp diýensiñ balam, guzyma...
Kalba sazym, bahar ýazym ejejan!
Ýola salyp, ak pata ber gyzyňa.

**********

Şygyr

Syrly dünÿäñ syrlaryny açmana,
Gözläp müñ sowala jogabyñ birin.
Ÿan bermezek duÿgularma baş bermän,
Men-ä özüm bilen göreşip ÿörün.

Ÿüregime sygmaÿan setirlerimden,
Halas et eÿ yşgym aÿan et derdim.
Belki,çaklaýşyňdan ejizdirin men,
Kalpdaky söýgimi beýan ederden.

Ÿakymlyja owaz gelÿär nireden?
Duýgularmy goÿanok öz erkine.
Dowla düşüberýär käte ýüregim,
Asyl,bu dert berilmezmiş her kime.
  

* * *

EZIZ GÖRÜP GURSAGYMDA AÝANYM

Eziz görüp, gursagymda aýanym,
Yşkym gaýratyma güýç goşan eken.
Ýaşap ýörüp, söýüp bildimmikäm çyn...
Ýalynly gursagy ýalan dünýäde
Kalbym talamana barmydy hakyň?!

Ýok, günäni gözlemedim men senden,
Bagyşlaryn baryn...
Alajymam ýok.
Üns berme dilimiň sakynmasyna,
Geçýän günlerime gussaň baryny
Oklar-da, bararyn sahypasyna.

Indi başgaçarak seredýän dünýä,
Aýyransoň ýüze geýlen nikabyn.
Kemsidilen gownum bilen derdinşip,
Gussam bilen ýazýan ömür kitabym.
Ýalanlardan ýadadym men, ynanaý...
Ýalan bilen "söýýän" diýeniňden-ä,
Çynyň bilen birje "söýemok" diýäý..

* * *

Ýasamalyklardan ýadasa kalbym,
Hakykaty boýun alyp bilmesem,
Gözlerimden biygtyýar ýaş aksa,
Düşündirip ýa düşünip bilmesem.
Söýgimi,gaýgymy gizläp gursakda,
Hantama bolamda azajyk söýgä,
Hem mähriňe zar bolsam her pursatda,
Kätelerim azaşaýsa duýgulam,
Şonda,düşünmesem özüm-özüme,
Ýaşajak bolamda öýkünüp özgä,
Ýalan bilen ýylgyrýanlygym üçin
Bagyşla...
Kalbyma düşnüksiz gussa çöküpdir,
(Galar ol, hemişe men muny duýýan)
Düşünsene dünýäm bolşum geňleme,
Asla hiç zat duýman ýaşasym gelýär.

* * *

WATANYM

Seniñ barlygyñda bagtly men mydam,
Asyl saña taý gözlemen jahanda.
Şöhratly taryhyñ ýañyny duýýan,
Geçen ýyllañ kerwen guran gatynda.

Ýüregimden dömüp çykan setirlem,
Señ beren söýgiñden gözbaş alandyr.
Yssy mähir bilen gurşalan dünýäm,
Sada duýgularmy yşga salandyr.

Ýüze sylyp togap eden topragym,
Kalbymda bir owaz bolup ýatandyr.
Sebäbi sen meniñ dinim-imanym,
Bakylygma dowam bolan Watansyñ!

Bilbil KAKABAÝEWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 76 | Добавил: Zyýada | Теги: Bilbil Kakabaýewa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bolar, Bilbil..

0
3 Zyýada   [Mowzuga geç]
@Haweran!Kyn görmeseňiz,harp ýalňyşlarymy düzedip beräýseňiz.
Bolan bolsa,janym Enem bolmaly. Onsaňam
,,Watanym"diýen goşgymda
Kalbymda bir owaz bolup ýatansyň,bolmalydy.

0
2 Zyýada   [Mowzuga geç]
Minnetdar!
Sag boluň,aýdýanyňza nesip bolsa düzederis.

0
1 ashyrovamengli   [Mowzuga geç]
Tüweleme,Bilbil,goşgularyñyzy haladym! Kä ýerde harp ýalñyşlyklaryñyzy düzetseñiz bolany.
Ÿüregime sygmaÿan setirlerimden,
Halas et eÿ yşgym aÿan et derdim. diyen ýeriñiz bar. Ana şol ýerdäki Ýüregme diýip kadadan çykmaly bolýarsyñyz bogunlarda büdrelmez ýaly.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: