23:05
Howsalaly gün / hekaýa
HOWSALALY GÜN  

Ýekeje oglunyň agzynyň-burnunyň gara gan bolanyny gören Sülgün eje:
– Waý, ýeke didarym, kim bilen uruşdyň? – diýip, ogluny bagryna basdy.
Emma Altydan ses-seda çykmady. Ol özüne erk edip bilmän, bir gapdala kellesini gyşartdy. Özem ysytma tutýan ýaly titreýärdi. Sülgün ejäniň galmagalyna beýleki tamda dokma dokap oturan ýoldaşlaram geldi.
Altyny ýorgan-düşekli ýatyrdylar. Sülgün eje Altynyň baş ujuna çyrany süýşürip, onuň gany gaçan ýüzünden gözüni aýyrman otyrdy. Birden Alty ýüzüni, gaşyny çytyp, iki elini ýokaryk galdyrdy. Bir güýçli zady galdyrjak bolan ýaly, hyklap, aýagyny däbşenekledip başlady. Şol barmana-da «Bolýar, bolýar, hiç kime hiç zat aýtmaýyn» diýip, gaty gygyrdy.
Altynyň bolşuna Sülgün eje allaniçiksi boldy. Ol oglunyň el-aýagyny saklajak bolýardy hem-de:
– Alty jan, saňa kim azar berýär? Hany, gözüňi bir aç. Seň ýanyňda menden başga hiç kim ýok. Ol «hiç kime hiç zat aýtmaryn» diýýäniň kim balam? Hany maňa seret. Sen meniň ýanymda, öýde ýatyrsyň, Alty jan! – diýdi.
Alty el-aýagyny hereketlendirmegi goýdy. Uludan demini alyp, horkuldap başlady.
Sülgün eje oglunyň üstüni ýapdy.
– Wah, balam, Alty jan, seni kim urýar? Hany aýtsana, balam, ýeke didarym!
Alty kä wagt el-aýagyny hereketlendirip, şol bir diýýän sözlerini gaýtalap daňyny atyrdy. Ertesi Sülgün eje oglunyň ýanynda çaý demläp goýdy.
– Balam, Alty jan, saňa näme boldy? Hany, aýtsana, guzym. Alty ejesiniň gürrüňlerini eşitmeýän ýaly, ýokaryk seredip ýatyrdy. Mahal-mahal bolsa uludan demini alýardy. Şol ýatyşyna Alty ejesine:
– Eger ol gamyşlykda gizlenýän adamlar gije bize geläýseler, sen nätjek? – diýdi.
– Haýsy gizlenýän adamlar? Nireden gelseler? Ol adamlary sen gördüňmi?
Alty sesini çykarmady. Sülgün eje oglundan ýene bir zatlar sorajak bolanda, Alty:
– Ol adamlaryň tüpeňem bar, eje – diýdi.
Sülgün eje ogluny birinji gezek görýän ýaly, Altynyň alkymyna baryp:
– Haýsy adamlaryň tüpeňi bar, balam? – diýdi.
Alty ýatan ýerinden tirsegine galyp, ilki penjirä, soňam gapa seretdi.
– Meni bogup uran adamlaryň.
Sülgün eje ogluny bagryna basdy:
– Wah, gara gözleriňden aýlanaýyn, balam! Häliden şeý diýseň bolmaýarmy. Alty jan, oglum, ol adamlara nirede duşan bolsaň, kimdigini bilýän bolsaň, haý diýmän, başlyga habar bereli, Sen hiç kimden gorkma.
Alty ýerinden turdy. Penjiräniň öňüne baryp, gamyşlyga tarap seretdi. Bu wagtlar gün özüniň nuruny gizlemäge howlugmaýan ýaly, gamyşlygyň üstünden Alta seredip duran ýalydy. Gün gamyşlygyň aňyrsynda gizlenýänçä, Alty penjiräniň öňünde ses-üýnsüz durdy. Ahyram uludan demini alyp:
– Eje, başlygy tapaly – diýdi.
Sülgün eje kolhoz başlygyny tapyp, derrew öýe dolanyp geldi. Alty uly adam ýaly, başlyga gürrüň bermäge başlady.
– Men olara duýdansyz gabat geldim. Özem süýr günortanlardy. Ähli kolhozçylaryň nahara çykýan wagty. Olaryň çörekli torbalaryny tabşyryp, öýe gaýtjak bolsam, eşegim ýok. Nirä gitdikä diýip, eýläme-beýläme seretdim, hiç ýerde görnenok. Onsoň gamyşlyga girip başladym. Ep-esli ýöredimem weli, eşegimi tapmadym. Ýene birneme aňyrlygyna tarap ýöredim weli, eginleri tüpeňli, eşikleri sal-sal iki sany adama gabat geldim. Hersiniň arkasynda bir bogdak bar. Özleriniňem gözlerinden başga ýeri saralgy.
Yzyma gaçjak boldum. Bolmady. Tutup agzyma ýaglyk dykdylar. Elimi arkama daňyp gözümem saradylar. Soňam idirdedip alyp gitdiler. Arkan ýatyryp gözümiň daňysyny aýyrdylar. «Bizi göreniňi hiç kime aýtmajagyňa ant iç, ýogsa seni duran ýeriňde bogup öldüreris» diýip, urmaga başladylar. Soň näme bolanyny bilemok. Gözümi açsam, ýanymda hiç kimem ýok. Zatlarymam alyp gidipdirler. Menem zordan öýe geldim.
Sülgün eje oglunyň gürrüňlerini diňläp oturyşyna gözüniň ýaşyny saklap bilmän aglaýardy.
Başlyk Altynyň gürrüňini diňläp:
– Alty, sen gamyşlyklara belet bolmalysyň. Sen olara üçünji brigadanyň ýanyndaky gamyşlykda gabat geldiňmi ýa-da ikinji brigadanyň bugdaýlygynda? – diýdi.
– Hol, suwçulara «Suwy gaçyrypsyňyz, şol ýere-de hökman bugdaý sepmeli» diýip aýdan ýeriňiziň gaýra ýüzündäki topbak gamyşlykda gördüm.
– Bä, sen ol ýerlerik nädip düşýärsiň. Tüýs emgegiň üstüne barypsyň-da. Hany, sagal bakaly. Biz olary bu gün-erte hökman ele salarys – diýip, başlyk içip oturan çaýynam gutarman, ýerinden turdy.
Başlygyň habar bermegi bilen şäherden gelen esgerler Altynyň salgy beren ýerine haý diýmän baryp ýerleşdiler. Günortanyň jokrama yssysy düşdi. Çöp başy gymyldamaýardy. Birden gamyşlygyň içinde şygyrdy eşidilip başlady. Hinden çykýan alaka ýaly, bir-birden köpelip, gözlerine çenli saralgy adamlaryň sany bäşe ýetdi. Olaryň ellerinde halta, orak, torba, kä birinde-de ýekenil tüpeň bardy. Olar kän eglenmän, gürleşmän, nyzama düzülýän esgerler ýaly, biri-biriniň yzyna düşüp, bugdaýlyga tarap ugradylar.
Olaryň ähli hereketini synlap duran otrýadyň komandiri:
– Alty, berekella, berekella! – diýip, ýokaryk raketa atdy.
Eşikleri sal-sal garakçylaryň ýaňy bir bugdaý başlaryny orup torbalaryny ýarpy edenlerem şoldy welin «Wäh» diýlen ýaly, ýaragly otuz adam olaryň alkymynda peýda boldy.
Garakçylar aljyrap nätjeklerini bilmediler. Olar ellerini galdyryp, boýunlaryny bir gapdala gyşardyp ýere bakyp duruberdiler.
Başlyk olaryň birnäçesini tanady. Olar kolhoz gurluşygyna zeper ýetirmek üçin çöle çykan haýynlaryň iň soňkularyndandy.      

Ýusup BERDIÝEW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 45 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ýusup Berdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: