18:08
Öz käriniñ ussady / hekaýa
ÖZ KÄRINIŇ USSADY  

Redaktor işgärlerini kabinetine çagyryp, olara şeýle diýip ýüzlendi:
– «Maýak» kolhozynyň çopany Çolukow hakda gyssagly suratda oçerk gerek. Ol dowarlary gyşdan ölüm-ýitimsiz çykarmakda taýsyz gahrymançylyk görkezipdir. Ynha şol gahryman çopan hakda hem gowy oçerk bermeli. Ýöne bilip goýuň wagt gaty ölçeglidir. Oçerk ýazmagyň puryjasy – üç gün...
Şunuň ýaly gyssagly bir zat ýazmaly bolanda, bu iş mydama bölüm müdiri Köşekowa tabşyrylýardy. Ol öz işine gaty jürdi. Potologa seredibem bir gazetlik makala ýazmagy başarýardy. Redaktor bu gezegem Çolukow hakda oçerk ýazmagy oňa ynandy. Köşekow kabinetine gelip, telefona ýapyşdy. Meşhur çopan hakda maglumat almak üçin, «Maýak» kolhozyna jaň etmek isledi. Emma telefon trubkasyny galdyran bolmady. Näme etmeli? Kolhoza gitmelimi? Çöle, goýun üstüne gitmelimi? Ýagyşam-a guýup dur... Onsoňam beýdip arkan-ýüzin gaýşyp ýörer ýaly wagt barmy han?.. Köşekow esli wagt oýa batyp oturandan soň, «Tapdym!» diýdi-de, göni öýüne eňdi. Öýde, ajy gök çaýyň başynda, on ýyl mundan ozalky gazet sahypalaryny agdaryşdyrdy. Bir sagat geçip-geçmänkä, ol çopanlar hakda ýazylan makalalaryň, oçerkleriň bir gideni bilen tanşyp çykdy. Gerekli sözlemleri göçürişdirip aldy. Soňra, bir salym pikir derýasyna gark bolup oturandan soňra, ak kagyzyň ýüzünde oçerkiň «Öz käriniň ussady» diýen sözbaşysy peýda boldy.
Aradan sagat ýarym wagt geçenden soň, ol garadere batyp, oçerki tamamladym etdi. Ertir irden, laýjak sagat dokuzda Köşekow redaktoryň kabinetine girip, oçerki onuň stolunyň üstünde goýdy.
Redaktor hem hut şol pursatyň özünde oçerki okap çykdy.
– Berekella, Köşekow! – diýip, onuň öwgüsini ýetirdi. – Sen nähili ýetişikli, nähili çalasyn adam. Gaty gyssagly ýazanam bolsaň, oçerki biçak şireli ýazypsyň. Köşekow, gyssagly suratda şeýle gowy oçerk taýýarlandygyny nazara alyp, saňa bir hepde rugsat berýän. Bar, hala, dynç al, hala-da döredijilik işiňi dowam etdir.
Köşekow redaktoryň kabinetinden keýpiköklük bilen çykdy. Şol günüň ertesi bolsa ir bilen gazetiň birinji sahypasynda «Çopan edermenligi» diýen rubrika bilen Köşekowyň «Öz käriniň ussady» diýen oçerki ýalpyldap çykdy. Onuň mazmuny bolsa, ine, şu aşakdaky ýalydy:
«Biziň münüp barýan «Gaz-69» kysymly maşynymyz Garagumuň aňňat-aňňat gum depelerinden geçip barýardy. Daş-töwerek, diýseň, hezildi. Alabahar bolansoň, çölüň howasy hoştapdy. Maşyn depeden-depä inip, biziň içimiziň halys julkuny çykarypdy. Ýöne bu julky çykmanyňam özboluşly bir lezzeti bardy. Ahyry içimiziň julkuldamasyndan hem dyndyk. Maşynymyz çopan goşuna ýetip daýandy. Maşyndan düşüp, çopan goşuna tarap ýönelenimiz hem şoldy welin, iki sany eşek ýaly it bize tarap haw-hawlap eňip ugrady. Hernä çopanlar wagtynda «Alabaý! Mulabaý! Gaýt! Dolan!» diýäýdiler. Ýogsam olar bize hezil berjek däldi.
Baş çopan Çolukow gaty sypaýy, gürrüňçi ýaşuly eken. Onuň köneden, täzeden bilmeýän zady ýok. Çopan goşundaky gürrüň gitdigiçe gyzyşýardy. Mesaýy gürrüňiň arasyna böwşeňlik düşende men baş çopan ýoldaş Çolukowdan öz işleri barada gürrüň bermegi haýyş etdim. Özi hakda gürrüň bermegi halamasa-da, men eýdip-beýdip, onuň taryna kä gowşak, kä dözümliräk kakyp, ahyry şu zatlary aýtmaga mejbur etdim:
– Şu ýyl howa geçen ýylkylara garanda bisereşgen geldi. Şatlama sowukdan özümiz açylmaly. Emma şonda-da biz mallary gyşdan başbitin çykarmak üçin elimizden gelenini etdik. Mallaryň ýekeje biriniňem ölüm-ýitimine ýol bermedik. Goýunlarymyzyň arasynda aýratynam Saryja, Garaja, Mawyja, Gyzylja lakamly we beýleki mallarymyz hasam tapawutlandylar. Olar gyşda horlanmag-a beýlede dursun, gaýta has semräp çykdylar. Munuň şeýle bolmagynda Alabaý hem Mulabaý atly itlerimiz öz ýetdik goşantlaryny goşdular. Olar dowarlary mör-möjeklerden saklyk bilen goradylar.
Özümiziňem gyşdan çykyşymyz erbet bolmady. Bedämiz, gowurmamyz, etimiz kemterlik etmedi. Munuň üçin bolsa biz kolhoz prawleniýesine müň mertebe minnetdardyrys. Hawa, baýry çopan hak aýdýar. Onuň sözüniň işinden aýra däldigine şübhe bolup bilmez. Çünki kolhoz prawleniýesi çopanlar hakda atalyk aladasyny edip, olary mähir gujagynda saklaýar. Özüm hakda-ha şeýle alada edilse – bedäm, gowurmam, etim bol bolsa, çopan bolup, döşüme kakyp, tans edip goýun bakmaga hemişe taýyn.
Gün ýaşdy. Baş çopan Çolukow eline egri taýagyny alyp, goýunlaryny sürüp ugrady. Men şu ýerde baş çopanyň öz käriniň tüýs ussadydygyna ýene-de bir gezek aýdyň göz ýetirdim. Ol bir gapdalda üýşüp ýatan bir topar çopan taýagynyň arasyndan öz taýagyny sähelçejigem säginmän saýlap aldy...
Goýunlaryň mälemesi, itleriň üýrmesi, goja çopanyň «küşüwi», käte sykylyk atyp goýbermegi jadyly bir mukam bolup ýaňlanýardy.
Hawa, kesbiňden kemal tap, öz käriniň ussady – baýry çopan Çolukow!..»

* * *

Aradan iki gün geçipdi. Redaksiýada önümçilik maslahaty gidip durdy. Işgärlerden kimdir biri Köşekowyň oçerkini taryplap durka, telefon jyňňyrdady. Redaktor trubkany galdyranda:
– Bu redaksiýamy? – diýen ses eşidildi.
– «Maýak» kolhozynyň baş çopany Çolukow gepleýä...
– Gaty gowy, ýoldaş Çolukow. Biziň oçerkimizi haladyňyzmy?
– Oçerkiňiz-ä ýaman däl eken welin...
– «Weliniňiz» näme?! – «Welenim» Köşekow meni nirede gördükä? Men öten agşam kurortdan geldim. Özem meniň oba mekdebini gutaryp, komsomol putýowkasy bilen çopançylyga gaýdanyma ýaňy bäş ýyl boldy. Onsoň men nähili «goja çopan, baýry çopan» bolýarmyşym?.
Köşekowyň kolhoza komandirowka gitmek baradaky dokumentine gol çekmändigi diňe şu gürrüňden soň redaktoryň güpbe ýadyna düşdi.

Çary GELDIMYRADOW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 28 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Çary Geldimyradow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: