13:25
Ýol Ýolamana barýar / hekaýa
ÝOL ÝOLAMANA BARÝAR  

1965-nji ýylyň alabaharynda tebigy hadysa bilen başa-baş söweşde gurban bolan komsomol çleni Ýolaman POTDYÝEWIŇ ýadygärligine.  

Ynsan balasy üçin mähriban watanyň ähli künjegem-ä ezizdir welin, ýöne öz göbek ganyň daman ýeri has üýtgeşik bolýar.
Hasaplap otursaň, obadan gidenimize esli wagt geçenem bolsa, Akýap obasynyň gözel keşbi, sada göwün adamlary, soranjaň gojalary aýratyn bir mähir bilen seni özüne çekip dur. Şonuň üçin bolsa gerek, kolhoz obasynyň asfaltlanan köçeleri, göm-gök baglyga çümüp oturan tipli jaýlary bu gün göze has yssy görünýär. Öňünden çykyp salamlaşýan eziz obadaşlaryňy ýekän-ýekän bagryňa gysyberesiň gelýär. Göwnüňdäki guwanç duýgusy joşup, ylla gursagyňy ýaraýjaga çalym edip, gürsüldemäge başlaýar.
Haýal-ýagal ädimläp barşyňa, obanyň esasy köçesine tarap sowulýaň. Şonda ýap-ýaňam ýüregiňde şalyk süren begenç duýgusy öz ornuny gam-gussa berýär. Ýüregiň gyýym-gyýym bolup, çalaja başyň aýlanyp başlan ýaly bolýarsyň. Gamly nazaryň jaýlaryň ýüzündäki Ýolaman köçesi diýen ýazgyly tagtajykda eglenýär. Gözleriň şol bir nokatda doňup galsa-da, kalbyňda uly harasat gopýar.
Ah, Ýolaman! Seniň sada keşbiňi gursakda göterip ýörenimize indi ençeme ýyllar geçdi. Gyzjagazlaryň Ejegyzam, Annagüljügem seni diňe diwarda asylgy duran ullakan portretiňden tanaýarlar. Sen olaryňam kiçijik ynsan ýürejiklerini öz atalyk mähriň bilen çoýýarsyň.
Ine-de mekdep. Ol oba adamlarynyň ählisi üçinem eziz jaýdyr welin, biziň ýüregimize has-da ýakyn. Ýolaman ikimizem ynha şu kaşaň jaýda orta bilim alypdyk. Onsoň her gezek oba geleniňde on ýyllap bilim, terbiýe beren çal saç mugallymlar bilen salamlaşylyp geçilýär. Olaryň öňünde baş egýärsiň. Sebäbi olaryň çal başy bizi, Ýolaman, saňa tarap dolap äkidýär. Indi mekdebiň seniň adyňy göterýändigini bilýänem dälsiň, söwer dost. Her säher mekdepde ýaňlanýan jaň sesi uzaklara ýaýrap gidýär. Boýunlary gyzyl golstukly, tämiz geýnen bäşinji klas okuwçylaram beýleki okuwçylar ýaly edeplilik bilen klaslaryna girýärler. Mugallym gelende, olar edep bilen ýerlerinden turup salamlaşýarlar. Toýnuk gurup geçip giden ýyllar kerweni öz öçmejek yzyny goýan çal saçly mugallym okuwçylary atalyk nazary bilen birlaý gözden geçirýär-de gatnaşygy barlaýar.
– Potdyýew Ýolaman!
– Lenin komsomolynyň çleni Potdyýew Ýolaman 1965-nji ýylyň baharynda tebigy hadysa bilen başa-baş söweşde gahrymanlarça wepat boldy diýip, boýny gyzyl galstukly, görmegeýje oglanjyk jogap berýär.
Klasa dymyşlyk aralaşýar. Hemmeleriň nazary ilkinji partadaky boş orna gönügýär. Partanyň üstünde ruçka, syýa çüýşe, kitapdyr depder ýerli-ýerinde rejeli goýlupdyr.
Dymyşlygy ýene mugallymyň özi bozýar :
– Ýolamanowa Ejegyz!
Çepiksije, gözleri oýnaklap duranja garaýagyzja gyz:
– Men! – diýip, ýerinden turýar.
Görsene, onuň her bir hereketem, ullakan gözlerem, hatda çep ýaňagyndaky meňjagazam üýtgeşiksiz seniňki-dä, Ýolaman.
Ýatlamalar. Olar seni öz girdabyna dolap alýar-da, çagalyk ýyllaryňa tarap alyp gidýär.  

* * *

...Hawa, Ýolaman, biziňem çagalygymyz bolupdy. Ýöne ol ganly urşuň pajygaly döwrüne gabat gelipdi. Jir matadan tikilgi, ähli ýeri syýa tegmillerinden doly sumkamyzy boýnumyzdan asyp, okuwa bileje gatnardyk. Okuwdan gelen badymyza-da, uly adamlar ýaly işe giderdik. Ol wagtlar bolaýsa, ýaňy on üçümizi doldurandyrys-da. Ýöne ähli alada başymyza düşenindenmi-nämemi, ol ýyllar bizi uly adama öwrüpdi. Okuwdan soň agyr-agyr gazylary hem gelin-gyzlardyr garry-gurtular bilen özümiz gazýardyk.
Bir gezek klasymyzdaky Çary kel diýen oglanyň gepine gidip, okuwdan gaçanymyz ýadyma düşýär. Baý, şonda Potdy aganyň her jaýrygynda guş höwürtgeläbermeli äpet elleriniň agramyny dadypdyg-ow.
Onuň: «Okuwsyz adam bilen hol ýatakda daňylgy duran malyň tapawudy bolmaz. Heý, edeniňiz bar bolsun, bidöwletler» diýip, uzynly gün hüňürdäp gezeni şu günki ýaly ýadymda.
Hatda onuň sesi häzirem gulagymda ýaňlanyp duran ýaly.
Aý-ýyl diýeniň eýläňe-beýläňe garamankaň geçip gidýär. Onunjyny gutaryp, elimize attestat alanymyzam edil ýap-ýaňy ýalydy. Seniň attestatyňdaky bäşliklere biz nähili gözügidijilik bilen garaýardyk.
Potdy aganyň: «Ýigitler, kär, nesil yzarlaýandyr» diýen sözleriniň manysyna hem sen egri taýagy hemra edinip, çopançylyga başlanyňdan soň düşünip galdyk. Ol taýak Potdy aga-da öz atasyndan miras galypdy ahyry. Sen çopançylyk kärini tüýs ýürekden söýdüň. Sen gyrkylyk yzly aňňatlyklaryňam çölüň başga ýerde ösmeýän dürli ösümlikleriniňem, mallaryňam, çopan-çoluklaryň tukatlygyny ýuwup geçip gidýän öýlänçiniňem hak aşygydyň. Oba-da seýrek gelip-giderdiň. Seniň: «Bir aý, on gün dynç almaga geldim» diýip, hut gelen günüň ertesi öz mallaryňy küýsäp yzyňa tutduryberen gezekleriň az bolmandy.
Dowarçylyk fermasynyň müdiri Atda aga-da, ähli maldarlaram seniň öwgiňi ýetirýärdi. Atda agadan dagy aňsat öwgi sözüni eşitjek gümanyň ýokdur welin, şolam:
– Ýolaman tüýs malyň bagtyna ýaradylan adam – diýip, otursa-tursa adyňy dilinden düşürmezdi. Seniň öýleniş toýuňam gaty şagalaňly sowupdyk. Öýlenen gyzyňam saňa gaty mynasyp, obanyň iň saýlama gözelidi. Paşaguly bagşam aýdym aýdyp, gülüşdirip hezil beripdi. Ýolaman, şonda saňa-da degme kemini goýmandylar. Seniň bolsa çalaja gyzaran ýüzüňden, edepli garaýan akylly gözleriňden örän bagtyýarlygyň görnüp durdy. Sen bu güne, gör, näçe garaşypdyň.
Soň gyzjagazyň dünýä indi. Adyna Ejegyz goýduňyz. Onsoň Annagüljük ozalam bagtyýar maşgalaňyza goşulyp, günüňizi ýaza ogşatdy. Bu alma ýalyjak iki sany kiçijik ynsan siziň güýjüňize güýç goşdy.
Wagt diýeniň beýle tiz geçäýşini diýsene. Sen eýýäm partiýa hataryna girmäge taýýarlyk görüp ýördüň. Kolhozyň ilkinji partiýa guramasyna bu barada ýazjak arzaň tekstiniň nähili bolmalydygyny oýlanyp, näçeler gezdiň, Ýolaman! Ýazýardyň, göwnüňe jaý bolman taşlaýardyň. Onsoň başgaça ýazyp başlaýardyň. Ýaz gyrkymynam sag-aman sowduň. Öz bakýan müň goýnuň hersinden orta hasap bilen üç ýarym kilogram ýüň aldyň. Bu kolhozda rekord netijedi. Ýüňi gyrkylan, gyşdan abat çykan goýunlar edil suwdan çykan ýalydy. Gül-pürçükli baýyrlaryň, guşaklyga ýetip duran otlaryň arasynda erkana agyp-dönýärdiler.
Sen bolsaň neresseje çaganyňky ýaly päk ýüregiň eýesidiň. Enesiniň yzyna eýerjek bolup, salpyja gulajyklaryny sallaşyp, iki ýana ylgaşýan buýra tüýlüje guzujyklara, owlajyklara, sagrylary gümmezekleşip duran goýunlara gör, neneň guwanýardyň. Gyrkylyk yzly çäge aňňadyna ýaplanyp, öýläne agan günüň şuglasyna meýmireýärdiň.

* * *

...Bu günem adaty bahar günleriniň biridi. Dumly-duş asudady. Günortanlar howa öňkülere garanda has gyzdy. Sen goňur penjegiňi çykardyň-da, ýaňy nowadan suw içip, inlerine suw ýaýran goýunlary örä sürdüň. Çoluk Mülki Söýün bolsa ak inere çelekleri ýükläp, merkezi goşa süýji suw getirmäge gidipdi. Sen sonar meýdanlara, sonar otlap ýören mallaryňa guwanyp olaryň yzyna düşüp barýardyň. Kalbyňda hyjuw lowlaýardy. Gün erňegini ýere sallaberende demirgazykdan bir topbak gara bulut süýşüp geldi. Sen oňa-da, ikilän-üçlän gaçyp başlan iri-iri ak damjalara-da onçakly ähmiýet bermediň.
– Öýlänçi-le...
Heý, çopan-çoluklaryň öýlänçini söýmeýäni barmyka? Sebäbi ol maldarlaryň tukatlygyny, çaňjaryp ýatan çölüň ýüzüni ýuwýar ahyry. Sen çöl sapagyny mazaly alanam bolsaň, bu gezek ýalňyşdyň. Tebygatyň aldawyna düşdüň. Öýlänçi aňyrsy on-on minutdan geçip gidýärdi. Emma bu aňyrdan lemmer alyp, kem-kem ýenjilip gelýän buludyň yzynyň uly harasady bardy. Sen heniz süriň başyny jemläp ýetişmänkäň, dag tarapdan ösen ýel özi bilen güýçli çagbanam alyp geldi. Gyýalap ýagýan ýagyş edil bedreden guýulýana döndi.
Sen haýal etmän, goýunlary uly oýa gabadyň, olary böldürmezlik üçin daşynda pelesaň urduň. Agyr jala-da barha güýjeýärdi. Sen süllümbaý ezildiň. Ak ýagşyň astynda buýup barýan goýunlar indi baş berenokdy.
Olar edil ägirt siliň gum böwedi böwüsmeginiň öňüsyrasyndaky ýowuz pursady ýatladýardy.
Bölünen süriňem göz-görtele paýhyn boljagy görnüp durdy.
– Her zat etmeli welin, sürini saklamaly...
Seniň kelläňde aýlanyp duran bu pikiriňi duýan ýaly, goýunlaryň daşynda çarp urup aýlanýan wepadar kömekçiň Ýolbars bialaç çyňsady. Ýagyş suwy ýygnanyp başlan oýda ýöremek kynlaşdy. Suw seniň brezent ädikleriň gonjundan girip başlady. Garynlaryna ýetýän suwuň içinde bialaç galan goýunlaryň naýynjar mälemeleri ýüregiňe hanjar bolup urulýardy. Gije bir çene bardy. Emma seniň gaýratyňy synamakçy bolýan ýaly, ýagyş güýjemese, kiparlanokdy. Sen ysgyndan gaçdyň. Gözleriň garaňkyrap, başyň aýlanýardy. Onda-da özüňe basalyk berýärdiň.
– Oturmaly däl. Hereket etmeli.
Otursaň, gaýdyp turmajakdygyňa gözüň ýetip durdy. Sebäbi ýadawlygyň, açlygyň, üstesine uky belasam agyr labyryny seniň üstüňe atmaga hyýallanýardy. Soňa baka demirden guýlan ýaly baldyrlaryň dykyz, gujurly göwräňi götermekden asgyn gelip ugrandygyny duýduň. Şonda-da seniň tebigata boýun bolasyň gelenokdy. Yranjyrap, ädikli aýagyňy çäge gyrmançasy bilen garyşan gyzgylt läbikden zordan süýräp alyp, süriniň ygyna tarap ýörediň.
Birdenem entirekläp gitdiň. Sowuk suw ýadawlykdan gurşan bedeniňi tikenekletdi. Bagryň bilen süýşenekläp, oýdan çykdyň-da, suwuň oýan çukanagyna özüňi atdyň. Az-kem demiňi dürsediň. Agralan başyňy zordan göterip, aşak oýa seretdiň. Göwnüňe goýunlar bölünip barýan ýaly duýuldy.
– Näme etmeli?
Sen ähli güýjüňi jemläp, ýeriňden galmaga synanyşdyň. Bolmady. Gözüň süzülip başlady. Goluňdaky taýagyň gaçdy. Şol pursatda başujuňda jowur ak sakgally goja peýda boldy. Ol:
– Käriň aňsa-da däldir. Mert bolgun, ogul, – diýdi-de, gidiberdi.
Başyňy galdyrdyň. Oý. Ýagyş. Goýunlar. Töweregiňde çyňsap, alaçsyz aýlanýan Ýolbars. Ýene-de gözüň süzüldi.
Bu gezek mylaýym, naşyja çaga eljagazlary başyňy yrady:
– Kaka jan, kaka, tursana. Goýunlar gidip barýa...
Ine-de raýon partiýa komitetiniň çal saç sekretary. Ol saňa partiýa biletini gowşuryp, eliňi gysýar-da:
– Kommunist diýen adyňa mynasyp bol, Ýolaman – diýip ýylgyrýar.
Sen gözleriňi ýalpa açýarsyň. Oýuň içinde suwa çümüp duran goýunlara gözüň düşýär. Olaryň jan howluna bir tarapa eňip barýanyny görýärsiň, Bar güýjüňi jemläp, dikelýärsiň-de, goýunlaryň yzyndan ylgaýarsyň...  

* * *

Uzaga çeken harasat daňa golaý kiparlady. Sähel wagtyň içinde asmany tutup duran bulutlar syrylyp, ýyldyzlar göründi.
Eger ýüzleri ýuwlan otlaryň parç bolup oturanyny, oýlaryň oýmur-oýmur suwdan dolanyny, keýikokaralaryň içine ýygnanan ýagyş suwunyň agramyna bir ýana gyşaryp durandygyny hasap etmeseň, agşam çölde üýtgeşik hadysa bolmadyk ýalydy.
Seniň, Ýolaman, uly kynçylyk bilen, iň soňky demiňde böldürmän saklan süriň bolsa sesýetim beýle ýanyňda sonarlap ýördi. Ýöne senden welin derek ýokdy. Nançy goýnuňam, Ýolbarsyňam seni gözläp ters aýlanýardy. Uzakdan tigirlerini agyrlyk bilen aýlaýan maşynyň sesi eşidildi. Şofýor Ata Guwanç bilen ferma müdiri Atda Hally uzyn gijäni seni gözläp geçiripdiler. Seniň çopan goşuň gapdalyndan telim gezek eýläk-beýläk geçipdirler. Ýagyşda ýol-ýoda saýgarman batypdylar. Gijäniň galan bölegini sürini, seni gözläp geçiripdiler. Ynha indem nançy goýnuň naýynjar mäleýän sesini eşidip bärik eňipdiler. Olar maşyndan düşüp, nançy goýna tarap ýöräp ugradylar.
Baýryň çetinde sürlenip eňen goýunlaryň yzlary, biraz beýleräkde bolsa süýrenip giden göwräň yzy görünýärdi. Seniň penjeleriň ýere salan ullakan yzlaryňy ýagyş suwlary ýuwubam ýetişmändir. Ol yzlar baýryň göwsüne düşen ýarany ýatladýardy.
Ine-de olar seniň ädigiň üstünden bardylar. Sen şonam agyr görüp çykarypsyň. Biraz aňyrrakda bolsa gyrmyzy guşagyň ýatyr. Ýene-de seniň süýrenip giden yzyň görünýär. Ine-de seniň iň soňky daýanjyň bolan çopan taýagyň. Onuň bäş-on ädim aňry ýanynda bolsa ýapynyň ýüzünde, mähriban dostum Ýolaman, seniň göwräň ýüzin düşüp süýnüp ýatyr. Öňe uzan elleriň çägäni penjeläpdir.
Sen iň soňky demiňe çenli diňe öňe, diňe öňe dyzapsyň. Köýnegiň temençe bilen berkidilen jübüsinden myžžyk bolup, sürlen eplengi kagyzyň burçy çykyp dur. Ol, Ýolaman, seniň partiýa hataryna geçmek üçin ýazan arzaň eken...  

* * *

Ondan bäri eýýäm gör näçe wagt geçipdir. Obalar özgeripdir. Şol wagtky oglanjyklar murtlary taban gyzyl eňek jahyllar bolup ýetişipdir. Gulpaklaryny tasadyp ortadurmak oýnaýan gyzjagazlar indi tawus kimin beslenip, özlerine timar berýärler.
Oba gelseň göwnüň açylýar, dünýäň giňeýär. Ýöne edil şu wagt welin seniň şeýle ýüregiň gysýar. Ine biz häzirem obanyň ilersinden towlanyp akýan gadymy Akýabyň kenarynda, şol obanyň garagol çagalary bilen bileje suwa düşýän ýalpak güzerimiziň başynda oý-pikirlere gümra bolup otyrys. Sen suwdan çykaýjak ýaly bolup dursuň. Biri-biriniň yzyndan kowalaşyp gidýän owunjak tolkunlar seniň keşbiňi göz öňünde janlandyrýar.
Ol tolkunlardan seni soraýas. Olar ylla şu soragyň jogabyny tapmaýandygyna uýalýan ýaly, kowalaşyp gaçyp gidýärler-de, kenara urlup, çym-pytrak bolýarlar.
Ýürekleri ýene gam-gussa mynçgaýar. Sebäbi aramyzda sen ýok, Ýolaman.
Ynha, edil şu mahalam deň-duş oglanlarymyz üýşüp, saz-söhbet gurup otyrlar. Her näçe hezilligem welin, onda-da göwnüňe bolmasa, bir zat ýetmeýän ýaly bolup dur. Sebäbi aramyzda sen ýok, eziz dostumyz Ýolaman.  

* * *

Özgeren obamyz öz gahrymanyny eý görýär. Bir nätanyş ýolagçy obanyň uly-kiçisinden:

– Bu ýol nirä barýar? – diýip soraýsa, olar säginmän:
– Ýol-a Ýolamanlara barýar – diýip jogap bererler.
Kolhozymyzyň Saragt çölündäki maldarlarynyň iki brigadasy Ýolamanyň adyny göterýär. Eger merkezi goşa baryp, dag tarapa uzap gidýän ýoly sorasaňyz:
– Ýolamanyň ýoly. Bu ýol Ýolamana gidýär – diýip jogap bererler.
Sebäbi ol ýol bilen esli ýöreseňiz, ol sizi gahryman çopanyň öz eli bilen oturdan çelgisine alyp barar. Hawa, çölde şol çelgä, obada onuň öýüne, obadan onçakly uzak bolmadyk gonamçylykda onuň mazaryna barýan ýörite ýol bar. Şol ýoljagazlaryň hemmesi gelip, uly şaýola birigýär.
Diýmek, ýol Ýolamana barýar. Ýolamanyň ýanyna barýan şol ýola bolsa hiç haçan ot bitmez. Sebäbi şol ýol bilen oba adamlary onuň guburyna gül desselerini goýmaga barýarlar.

Muhammetjuma AKJAÝEW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 31 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Muhammetjuma Akjaýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: