22:18
Edepnama: Köpçülikde özüñi alyp barmak barada
KÖPÇÜLIKDE ÖZIŇI ALYP BARMAK BARADA  

Märekede özüňi alyp barmak hem özboluşly  sungatdyr, çünki adam (isle ol ýaş bolsun, isle-de uly) özüniň kimdigini, medeniýetli ýa medeniýetsizdigini, edepli ýa edepsizdigini, akylly ýa samsykdygyny märekede aýan edýär. Il bolsa ýaşlaryň köpçülikdäki hereketi we özüni alyp barşyna syn edip, olara örän dogry  baha kesmegi başarýar.
Beýik Magtymgulynyň:

Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,
Märekede oturyp-turuşyn görüň! –


Märeke dürli-dürli bolýar: toýlar, baýramçylyk dabaralary, çakylyk, sadaka, hudaýýoly, zyýapat, kino, teatr, konsert, köpçülikleýin dynç alyşlar, ýygnaklar we ş.m.
Toýlara çakylyk bilen barmak derwaýysdyr, çünki toý eýesiniň sanagly adam çagyryp, şoňa degişli orun taýýarlan bolmagy mümkindir. Bu ýagdaý restoranda geçirilýän toýda hut şeýle hem bolýar.
Toýa gitmezden öň, oňa ykjam taýýarlanyň: saç-sakgalyňy ýa-da dyrnagyňy ösdürip toýa barmak gelşiksizdir. Toýa gowy ýuwnup-ardynyp, eşikleriňe we aýakgabyňa serenjam berip barmaly. Toý lybasyny geýmek, özüňe timar bermek arkaly toýy dabaralandyryp, toý eýesine öz hormatyňy bildirýändigiňi unutma. Toýa sowgatly barjak bolsaň, ol barada-da öňünden alada et. Toýa çagyrylan wagtyňdan 10-15 minut ir bar welin, gijä galma.
Toýa ir barmakdan maksat toý saçagynyň başyna geçilýänçä, tanyşlaryň, dost-ýarlaryň bilen salamlaşyp, hal-ahwal soraşmakdan ybaratdyr. Toý edýän seniň ýakynyň, dostuň ýa goňşyň bolsa, onda toýa birnäçe sagat (ýa gün) öň baryp, degişli kömek ber, özüňe ynanylan we boýnuňa alan ýumşuňy kemsiz ýerine ýetir. Toý eýesini (eýelerini) gutlamagy hem unutma. Märekede, düşekde ýa stolda oturmaga çagyrylanda, ýeriňi bilip otur, turuwbaşdan töre geçiberme, çünki soň gelen ýaşululara seniň ýeriňi alyp bermekleri mümkindir. Märekede öz ýerini bilmän oturýanlar köp bilen deň saýylýandyr, «Kör – töre» diýen aýtgy şunuň bilen baglydyr.
Bir ýerde oturanyňdan soň, zerur bolmasa, ornuňy hiç kime berme. Tiz-tiz ýeriňden turup gitmek, töweregiňe ýaltaklap oturmak gelşiksizdir.
Düşekde ornaşykly, aýbogdaşyňy gurup göni otur, bir eliňi ýere diräp ýa-da goňşularyňyň haýsydyr birine ýeňsäňi öwrüp oturmak medeniýetsizlikdir.
Stol başynda hatara oturulanda-da göni oturmaly. Stolda oturanlaryň öňünden geçmeli bolanda, oturanlara azar bermezlige çalyşyň, ýeňsäňize däl-de, ýüzüňizi oturanlara tarap geçiň. Saçak başynda ýerde oturanlaryň öňünden däl-de, arka tarapyndan geçilýändir. Nahar goýup, köpçülige hyzmat edýänler bolaýmasa, ýerde oturanlaryň öňünden geçmek edepsizlik hasaplanylýar.
Köpçülikde atanlykda biriniň aýagyny bassaňyz, bir-biriňize degseňiz ýa-da üstüne bir zat dökseňiz (şeýle etmejek bolmaly), onda dessine ötünç soraň.
Toýda göreş tutulýan bolsa, göreş meýdançasynda tertibi saklamaga kömek ediň. Göreşi synlap oturanlaryň (ylaýta-da ýaşulularyň) öňünde durmak, göreş görmäge ile päsgel bermek, gaty gygyrmak bolmaýar. Göreş tutýan seniň dostuň ýa ýakynyň bolaýanda-da, ol karam iş etse ýa göreşiň düzgüni bozsa, onuň tarapyny çalyp, beýleki tarapyň göwnüne degmek adalatlylyk däldir.
Toýuň tans meýdançasynda-da özüňi medeniýetli alyp barmaly. Tans edýänlere päsgel bermeli däl. Özüň biri (ylaýta-da, gyz) bilen tans edýän bolsaň, juda seresap bolmaly. Şol tans gutarýança öz goşagyňa (tans edýän ýoldaşyňa) ünsi gowşatmaly däl. Öz ýoldaşyňy taşlap, başga bir tans edip ýören gyzyň (ýa oglanyň) ýanyna gitmek we onuň bilen tans etmek durnuksyzlygyň alamatydyr.
Tans gutaransoň, öz goşagyňy edep bilen ýerine ugratmaly. Toýda bagşy aýtdyrylýan bolsa, ony diňlemäni başarmaly. Aýdym-saz wagty gürleşmek, küşt-şaşka ýaly oýna güýmenmek bagşylara sarpa goýulmadygy bolýar.  Köp märekede öz ýoldaşyň bilen pyşyrdaşyp gürleşmek mümkindir, emma üç bolup barýarkaň, olaryň biri bilen gizlin gürrüň etmek gelşiksizdir. Şeýtseňiz, üçünji ýoldaşyňyzyň göwnüne degersiňiz.
Köpçülikde gerinmek, gägirmek, gulak-burnuňy, aýagyňy elleşdirip oturmak hem gelşiksizdir.   
Toýda dymyp, gaharlanyp, ýüzüňi sallap oturmak hem bolmaýar. Toýuň şatlygyna goşulyp, başarsaň, oňa şüweleň berip, il gülende gülüp, diňlände diňläp oturmak medeniýetliligiň nyşanydyr.
«Kowusnamada» bu barada şeýle diýilýär:
«Adamlar bilen mylaýym gürleşgin. Hiç wagt ýüz gözüňi turşatmagyn. Yzgytsyz adam gowy görülýän däldir. Adam her näçe akylly-başly bolsa-da, ýüz-gözüňden gar ýagyp dursa, onuň akylynda-da derek bolmaz, sözüniň tagamynda-da. Gepiň keltesi, seň gürleşmegiň nähili-neneňsi kadalarynyň bardygyny bilip goýgun.»
Düşekde bir eliň ýere diräp, ylaýta-da ýassyga (ýa-da düşege) tirsekläp, stolyň başynda hem bir tarapa gyşaryp, stola ýaplanyp, bir aýagyňy beýlekisiniň üstüne atyp, ýa-da aýagyňy hallanladyp oturmagy endik edinmäň.
Döwrede barmagyňy agzyňa sokup, burnuňy, gulagyňy, dişini gazalap oturan adam öz medeniýetsizligiňi görkezýändir.
Sümgürinmek, týükürinmek, zol-zol burnuňy çekip oturmak hem gelşikli däl. Üsgürip-asgyrmaly bolaýsaň-da, ýüzüňi çete sowup, agzyňy elýaglyk bilen ýapmany unutma.
Nahar çekilenden soň, nahara bissimilla etmek nobaty ýaşulularyňkydyr. Olardan öň başlasaňyz, size sabyrsyz diýerler. Nahar iýeniňizde öz tabagyňyzdan, öz öňüňizden alyň. Oturanlaryň öňüne el uzadyp, miwäniň gowusyny, umumy tabaga goýlan zatlaryň uly ýa gowy böleklerini saýlaberen ýaşlar köpçülikde gowy görülmeýär.
Il deňinde doýmagy hem başarmaly, çünki hemme adamlar elini süpürensoňam iýmegi dowam etdirýänler özüne köp ünsi çekip, özi barada adamlarda erbet pikir döredýärler. Tabakda azajyk nahary sarkyt goýmagy endik edinmäň, öňüňize äberilen naharyň ählisini iýip bilmejekdigiňize gözüňiz ýetse, onda nahary ýarpy boluberende iýmäni bes ediň. Iň gowus-a nahary iýip biljek mukdaryňda guýduryp, çanagy boşadyp goýmakdyr.  
Nahar iýlip, töwür galdyrylandan soň hem dessine düşekden (stol başyndan) turup gidibermäň, garaşyň. Köpçülik çaý içse, siz hem içiň. Märekedäki ýaşulular turşuberse ýa-da turmaga rugsat etse, siz hem turup bilersiňiz.  Toýda, märekede ýaşlar hyzmatçy bolmalydyrlar. Ylýata-da, garyndaşlar, ýakyn dostlar, goňşular toý märeke edenlerinde nahar çekişmäge, nahar iýlenden soň boşan gap-gaçlary ýygnaşmaga erkekleriň aýry oturan ýerlerinde ýaş ýigitler, aýallaryň döwresinde bolsa ýaş gelin-gyzlar hyzmat etmelidirler.  
Märekeden gaýtmakçy bolanyňyzda, zyýapat edýäne (toý eýesine, nahar bişirene) minnetdarlyk bildirip, olara gowy arzuwlaryňyzy aýdyp hoşlaşyň. Märekede göwnüňize ýakmadyk zatlar bolaýanda-da, ony toý eýesine duýdurmaň. Yzyndan toý barada gybat etmek, berlen nahar, edilen zyýapat barada bolar-bolgusyz zatlary aýtmak adamkärçiligi pes adamlara mahsusdyr.  
Toý özüňiz tutýan bolsaňyz, dogan-garyndaşlaryňyzy ýakyn dostlaryňyzy toýuň geňeşine çagyryp, toýa çagyrylmaly myhmanlary, toýda hyzmat etmeli (çaý gaýnatmaly, nahar bişirmeli, gelen myhmanlary garşylamagy, her hatara hyzmat etmeli we ş.m.) adamlary jikme-jik anyklap ol ýumuşlary bellenen adamlara tabşyryň. Toý gidip duran wagtynda hyzmat etmeli adamlara buýrup, tabşyrylan ýumuşy  köpüň içinde tekrarlap durmak gelşiksizdir.     
Gelen myhmanlary güler ýüz bilen garşylaň, gaýdanda ugradyp goýberiň. Öz toýuňda kiçileriň üstine gygyrmak, jabjynmak, öz wagtynda bitirilmedik ýumuş üçin birine igenmek ýa-da gatyrganmak bolmaýar. Toýda özüňizi salyhatly, mylaýym we şadyýan alyp baryň.     
Çagyrylyp baran märekäňde köpüň ünsüni çeker ýaly gaty gürleşmek, lakgyldap oturmak, aňyrdaky hatardakylar bilen gygyryşyp gepleşmek, jakgyldap gülmek ýaly zatlar kelpezligiň nyşanydyr, ýas ýerinde beýle etmeklik bolsa samsyklykdyr.     
Ýas ýerine baş gaply barmak türkmeniň däbidir. Ýas ýerinde gürleşmek, ili güldürer ýaly sözler aýtmak bolmaýar.     
Ýolda merhumy alyp (göterip) barýan gölegçilere duş gelseňiz, ulagly bolsaňyz, ýoldan çykyň we gölegçiler duşdan geçýänçä garaşyň. Pyýada bolsaňyz biraz olar bilen ýöräň, edip bilseňiz, tabydy göterşiň. Gölegçiler ýat bolsa-da şeýdiň, biraz bile ýöräniňizden soň galyberseňiz-de bolar.
Kinoda, teatrda, ýygnaklarda hem özüňizi medeniýetli alyp baryň we töwerekdäkilere päsgel bermezlige çalşyň, wagtal-wagtal ör turup ýa-da gygyryp, ýoldaşyň bilen gürleşip, yzda oturanlaryň ýüregine düşmäň. Oturan ýeriňizden ýygnakda (märekede)  gürläp duranyň sözüni bölmek, oňa gygyryp bir zat diýmek bolmaýar. Ýygnakda sözlenen söz göwnüňe ýaramasa ýa-da özüň sözlemekçi bolsaň, kabul edilen tertipde söz alyp gürlemeli. Gaharyň gelende-de märekede özüňi saklap, mylaýym gürlemeli, garşydaşyň göwnüne degmezligi başarmaly. Seniň sözüň geçmese-de, köpçülik bolup  edilen kararyň garşysyna gidip, gykylyk arkaly sözüňi geçirtjek bolmak medeniýetsizlikdir.  
Häzirki döwürde şäher köçelerinde, parklarda, kinoteatrlarda seýil baglarynda görene (ylaýta-da gyzlara) lak atýan, hapa sözleri çekinmän aýdyp ýören ýaşlara, gynansakda, köp duş gelinýär. Şeýle biedep ýaşlar we ýetginjekler dine bir özlerine ýigrenç döretmän, eýsem olary terbiýelän ene-atasyna we dogan-garyndaşlaryna, hat-da il-gününe, milletine hem ysnat getirýärler. Şol medeniýetsiz we edepsiz «ýigitleriň» diýeni bilen bolýan gyzlara-da akylly-başly maşgala diýmek bolmaz.     
Diýmek, märekede özüňi edepli we medeniýetli alyp barmak arkaly adam köpçülige öz hormatyny bildirýär, iň esasy bolsa, onuň özi iliň hormatyny gazanýar.

Soltanşa ATANYÝAZOW.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 27 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Soltanşa ATANYÝAZOW | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: