21:55
"Indi Müsüre şa edäýsinler!"
14. “INDI MÜSÜRE ŞA EDÄÝSINLER!”  

Ýazyjylar soýuzynyň ýedinji gurultaýy 1976-njy ýylda boldy.
Men gürrüňi biraz öňden başlaýyn. Ondan bäş ýyl ozal, 1971-nji ýylda bolan altynjy gurultaý başlyk wezipesine kompartiýanyň merkezi komitetiniň hödürlän adamyny – žurnalist Rahym Esenowy saýlapdy.
Ol Berdi Kerbabaýewiň ornuna gelipdi. Rahym Esenow esasan SSKP-niň merkezi komitetiniň organy “Prawda” gazetiniň ýörite habarçysy hökmünde tanalýardy. Ýazyjylar soýuzynyň başlyklygyna ony merkezi komitetiň ikinji sekretary Wasiliý Rykow hödürläpdir diýdiler.
Rykow sözüň doly manysynda respublikinyň hojaýynydy. Türkmen döredijilik intelligensiýasynyň çorba çykaýjagy onuň berk kontrollygyndady. Rus diliniň ymykly ornaşdyrylmagynda, türkmen diliniň okadylyşynyň gowşadylmagynda birgiden çäre gören adamdy. Rahym Esenow rus dilli ýazyjydy. Belki, şu ýagdaý hem onuň ileri tutulmagyna sebäp bolandyr?
Rahym Esenowyň kabinetinde ilkinji geçirlen ýygnanyşyklaryň birinde şahyr Ata Atajanow türkmen dilinde gepläp başlady. Esenow onuň sözüni bölüp: “Ata Hajyýewiç, aramyzda türkmen diline düşünmeýänler bar, olary sylamak gerek” diýdi. Şol gezek oturanlaryň arasynda türkmençä düşmeýän diňe bir adam bardy, ýazyjy Walentin Rybindi.
Ata Atajanow: “Walentin köp ýyl biziň aramyzda, türkmençä düşýändir” diýdi-de, dowam etmekçi boldy. Rahym Esenow ýene ony saklady, indi ol ýowuz äheňde oturanlara duýduryş berdi: “Şu kabinetde diňe rusça geplemeli!” diýdi. Rahym Esenowyň ýolbaşçylyk eden ýyllarynda ýazyjylar soýuzynda agzybirlik bolupdy diýip bolmaz. Özüm-ä ondan oňlulyga garaşmaly däldigime başda göz ýetiripdim. Ol Moskwada “Družba narodow” žurnalynyň kitaphanasy” diýen toplumda neşire makullanan kitabymy aýyrmagy sorap, şol žurnalyň baş redaktory Sergeý Baruzdine hat ýollapdy. Şeýle etjekdigi barada prawlenie agzalaryna-da, maňa-da duýdurman gizlin edipdi. Onuň atyny ýeke çapyp başlandygy meni juda gaharlandyrdy, gepleşmek üçin soýuza bardym, öýünde, biraz nähoşlapdyr diýdiler.
Men onuň öýüne bardym. “Näme sebäbe beýle gelşiksiz zat etdiňiz, haty ibermezden öň masalahata goýaýmaly ekeniňiz-dä!” diýdim. Ol maňa açyk bir zat aýdyp bilmedi, köşeşdiriji äheňe geçdi.
1973-nji ýylyň aýagynda “Družba narodow” žurnaly iki sanynda “Bagrymyzyň badaşany” romanymyň rusça terjimesini çap etdi.
Roman barada seslenmeler eşidilip başlady, Rahym Esenow utanandyr-da, soýuza baramda meni kabinetine çagyryp, romanymyň rus dilinde çykandygy bilen gutlady, iberen haty üçin ötünç sorady: “Seniň “dostlaryň” gepine gidäýipdirin-dä” diýdi. “Dost” diýenine “duşman” diýip düşünmelidi, olar Rahym Esenowyň ynamdar maslahatçylarydy.
Bu ýerde olaryň adyny tutup oturmagyň derkary ýok, gep Rahym Esenowyň özündedi, olar haty zorluk bilen ýazdyran däldirler-ä! Men oňa: “Äý, düşünen bolsaňyz bolýar” diýdim.
Galdyrylan kitabym hem çykdy, gaýta maňa bähbit boldy, oňa romanym hem girizildi, 200 müň tiraž bilen ýaýrady.
Türkmen ýazyjysynyň eserini çap etmäň diýip, türkmen ýazyjylar soýuzyndan merkeze hat ýollanmagy ýakymsyz faktdy. Şol mahal Moskwada biziň konsultantymyz bolup işlän ýazyjy Atajan Taganyň aýtmagyna görä, ol ýerde-de bu hatyň barmagyny geň görüpdirler. “Druža narodow” žurnalynyň baş redaktory Sergeý Baruzdin Atajany ýanyna çagyryp: “Siz, türkmenler nähili adamlar, beýleki respublikalardan biziň ýazyjylarymyzyň eserlerini köpräk çap ediň diýip, yzly-yzyna hat gelýär, sizden welin, çykarjak bolanymyzy galdyrmaly diýip hat alýarys!” diýipdir.
Men Rahym Esenow döwründe ýazyjylar soýuzyndan çete durdum, ol ýerde bolýan zatlar maňzyma batanokdy. Ýaşuly ýazyjylar hem soýuza baranokmyşlar, Beki Seýtäkow Rahym Esenowyň kabinetine girmek üçin bir sagat garaşyp, ahyrda-da baryp bilmän, sögünip gaýdypdyr diýen ýaly gürrüňler edilýärdi. Bu gepiň janynyň bardygyna ynanmaly boldum.
1974-nji ýylyň ýazynda haýyşyma görä meni hökmürowan Rykow kabul etdi. Aşakdakylardan halys paltam daşa degeni üçin men oňa arzymy aýtmakçydym.
Türkmenistanyň neşirýatlarynda meniň kitabymyň çykarylmagyny bilkastdan yza çekdirilýändigini aýtdym, deliller getirdim. “Bagrymyzyň badaşany” romanymyň ykbaly bu aýdylana ýeser faktdy. Romany ýazyp gutaranyma üç ýyl geçipdi. Bu çaka ol Türkmenistan ýazyjylar soýuzynyň organy bolan “Sowet edebiýaty” žurnalynda, SSSR ýazyjylar soýuzynyň organy, meşhur “Družba narodow” žurnalynda çap edildi.
Täze ýyl Moskwanyň “Molodaýa gwardiýa” neşirýaty kitap edip çykarmagy planlaşdyrdy, “Türkmenistan” neşirýaty biperwaýlyk edýär. Bu ýagdaý soýuzyň ýolbaşçysyny hem biynjalyk edenok. Ondan nämä garaşjak, ol meniň Moskwadaky çykarylmaly kitabyma garşy hat gönderipdi ahyry! Garaz, men Rykowa ýagdaýy aýtdym, diňläp otyrka ondaky biperwaýlygy synlap, onuň bu ýagdaýlardan habarlydygyny çakladym. Ol mahal Rykowsyz çöp başy gymyldamasa nätjek! Soňra onuň ýüzi çytyldy. Ýazyjylar soýuzynda ýitileşýän oňaýsyz ýagdaýy bilmekçi bolýan adamyň aladasy bilen maňa sowal berip başlady: “Näme sebäbe ýaşuly ýazyjylar prawleniýäniň işine gatnaşmak islänoklar?” diýdi.
Bu sowala mende anyk jogabyň ýokdugyny, prawleniýeniň agzasy däldigimi, maslahatlara meniň çagyrylmaýandygymy aýtmak bilen, öz şaýat bolmadyk ýagdaýymda kesekileriň gepine salgylanyp bir zat diýmegiň gelşiksiz boljakdygyny duýdurdym.
Dörän ýagdaýyň Rykowyň myrryhyny artdyrandygyny onuň gaşlaryny çytyp aýdan sözi aýdyň etdi:
“Boýkot edip, sabotaža ýüz urýan bolmaklary-da ähtimal” diýdi. Ýagdaý gowulaşmady.
Şeýlelik bilen 1976-njy ýylda geçirilmeli ýedinji gurultaýyň möhleti gelip ýetdi.
Rahym Esenow ýene başlyklyga hödürlenermi? Hemmäni şu sowal gyzyklandyrýardy. Ýagdaýdan netije çykaryljak bolsa, hödürlenmeli däldi, ýöne merkezi komitetiň diýdimzorluk edýän pursaty azlyk edenokdy. Merkezi komitet öz kadrynyň biabraý bolmagyny islemez. Partiýa, döwlet emeldarlaryny boýun etmek itiň aňsady, olar näme isleýäniňi bada-bat duýýarlar.
Gep emelsizlerde. Olar ýazyjylar soýuzynyň agzalarynyň köplügini düzýär. Gizlin sese gatnatjak şolar. Olaryň arasynda kommunistleriň köpdügine-de ynam edip bolmaz, olar hem gizlin sese gezek gelende ýürekdäki isleglerine gulak asarlar. Olara-da Rahym Esenowy halamaýan ýaşulylaryň täsiri uly. Olar seniň ýüzüňe hä diýseler hem ellerine gizlin sesiň býulletenini alanlaryndan soň näme etjekdiklerini kontrollykda saklamak juda müşgül iş. Hersiniň gapdalyna bir emeldar ýa-da КGВ-niň işgärini goýup bolmaz-a! Onsoňam ýazyjylyk biledini göterýän adamyň ambisiýasyny diý!
Ol edil şu gün, şu pursat başlygyň ykbalyny çözýändigine kemsiz ynanýar. Öň ýüreginde gahar ýa-da kine saklap ýören bolsa, hasaplaşmagyň wagty geldi diýip, hondan bärsi bolar. Ses berişligiň gizlinligi onuň köýüni getirýär, nätse-de onuň elinden tutjak adam ýok.
Gurultaýyň birinji güni Rahym Esenow hasabat doklady bilen çykyş etdi, soňra çykyp geplemeler başlandy. Bular gurultaýda adaty zatlar. Adaty däl zat başgady. Kimi başlyk saýlamaly?
Rahym Esenow ýene prawleniýäniň agzalygyna hödürlenýär diýen habar dowulyň çaltlygynda aşaklyk bilen zala ýaýrady.
Hemişekileri ýaly bu gurultaý hem ministrler sowetiniň mejlisler zalynda geçirilýärdi. Ýazyjylar gurultaýynyň hökümet jaýynda geçirilýändigi oňa hormatyň ýokarydygyny aňlatmalydy. Ses berilişik hem şu ýerde bolar.
Täze saýlanan prawleniýeniň birinji plenumy hökümet başlygynyň kabinetinde geçiriler. Partiýanyň merkezi komitetiniň birinji sekretary guramaçylyk plenumyny açar.
Partiýa guramasynyň adyndan başlyklyga hödürlenýän ýazyjynyň adyny tutar.
Bu teklip prawleniýe agzalarynyň açyk ses bermeklerinde, el galdyrylyp tassyklanar. Bu ýerde kynçylyk döretjek zat ýokdy. Göz-ýüz bolup oturlanda birinji sekretaryň adyny tutan kandidaturasyna garşy ses bermäge töwekgel adam tapylar öýtme, tapylsa-da, ol özüniň ýeke çykandygyna utanmaly bolar, soňra-da öküner, gaýdyp prawleniýäniň agzalygyna saýlanmajakdygyna ahmyr etmeli bolar. Şonuň üçin hem näme etmek isleýän bolsaň, ýapyk ses berilşikde etmeli.
Prawleniýäniň agzalygyna ýeterlik ses almadyk, başgaça aýdanyňda, agdarylan adamyň meselesi gutarýar, onuň tepbedi okaldy diýse bolar.
Başlyklyga hödürlenmekden mahrum bolany bilen iş gutarmaýar, ol ynamdan gaçan adam hökmünde jemgyýetiň hem gözünden düşýärdi. Soňra bada-bat oňa başga bir anjaýly wezipe bermek hem aňsat däldi. Bu moral urgy saly biraz gowşak adamy seňseledip bilýär. Bu ýagdaý bir gezek bolupdy. Men ol mahal studentdim. 1959-njy ýylda ýaş ýazyjy hökmünde dördünji gurultaýyň mejlisinde oturmaga rugsat beripdiler. Ýazyjylar soýuzynyň başlygy şahyr Gara Seýitliýewi täze prawleniýäniň agzalygyna gizlin ses berlişikde agdarypdylar. Elli iki adamyň otuz ýedisi oňa garşy ses beripdi. Ses berilşigiň jemi okalanda düýnki başlyk eýýäm gurultaýy terk edip gidipdir, masgaralygy oňa bada-bat duýduran tapylypdyr. Şondan soň Gara Seýitliýew telim aý öýünden çykman ýatdy diýdiler. Ýeri, indi Gara Seýitliýewiň ykbaly Rahym Esenowyň başyndan hem inäýermikä?
Ýazyjylar üçin, partiýanyň jogapkär emeldarlary üçin bu sowalyň döreden dartgynlylygyny harasadyň öň ýanyndaky ümsümlige deňese bolar. Harasadyň hakykatdan hem Rahym Esenowyň başyndan injegi öňünden bilinse, ony halas etmegiň çäresini görmelidi. Onuň ýeke-täk ýoly bardy.
Täze prawleniýäniň gizlin sese goýuljak agzalarynyň sanawyna ony goşmaly däldi. Elbetde, bu iň soňky çäre. Entek ýazyjylaryň matlabyny önjeýli bilmäge pursat bar. Şonuň üçin hem emeldarlara, КGB-niň işgärlerine, onuň ynamdar çawuşlaryna berk görkezme berilipdir diýip, soň gürrüň edildi. Olar Esenowyň gizlin sesden geçmek ähtimallygyny aýdyňlaşdyryp biljek maglumat ýygnamalydylar.
Gurultaýyň birinji güni tamamlandy. Her kim ugrubir öýüne gaýdybermedi. Hemşerleri bilen ýygnanyşmagyň aladasynda biri beýlekä garaşdy. Olar nirä barmagy öňünden gepleşip goýan bolsalar gerek. Şu gije Rahym Esenowyň meselesi gutarnykly çözülse gerek. Ertirki hüjüme taýyn bolmagyň berk çäresini, taktikasyny düzmekden ötri, ýazyjylaryň öýündäki oturlyşyk uzak gije dowam eder.
Elbetde, gep-gürrüň saçak başynda bolar, ertirki ýeňşe ynam dörän halatynda arak-şeraply bulgurlaryň şyňňyrdysy hem eşidiler.
Merkezi komitet hem aňtawlaryň maglumatyny jemleýändir. Eger juda howply ýagdaýyň döremek ähtimallygy duýlan halatynda, şu gije täze başlygyň kandidaturasy belli edilmelidi, onuň bilen gizlin söhbet geçirilmelidi.
Gurultaýyň ikinji güni dartgynly ümsümlik bilen başlandy, her kim gijeki alan tabşyrygyny pynhan syra öwrüpdi.
Merkezi komitetiň işgärlerinden, umuman, emeldarlardan gaça duranlaryny kem görenokdylar, olar seniň gursakdaky syryňy aňjak bolarlar, golaý barma! Ýöne emeldarlaryň boluşlarynda düýnki dartgynlygyň ýokdugy, kirşiň üzülendigine meňzeş gowşaklygy üşügi bolan adam aňyp biljekdi. Aňma nire!
Her kim gapdalyndakydan görejini gizledi, dogry garasa, gök monjugyň özündedigi aýan bolaýjak ýalydy. Garaz, edebiýatyň pikiri edilmedi. Pikir edip oturasy näme täzelik aýdylsyn!
Her gurultaýda, her plenumda gaýtalanýan umumy sözler, şol lenji çykan wezipeler: işçiler temasyny birinji orunda goýmaly, sosialistik realizm usulyny mundan bu ýana-da baýdak edinmeli, könäniň galyndylaryna barlyşyksyz göreş alyp barmaly...
Gurultaýyň ikinji meselesi gün tertibe geldi. Ýazyjylar soýuzynyň ýolbaşçy organlaryny saýlamalydy. Keseki adamlar zaldan çykaryldy, diňe ýazyjylar hem partiýanyň jogapkär işgärleri galdy. Emeldarlar harasat döretmeklige tijenip duran ýazyjylara biperwaý ýa-da syrly ýylgyrma bilen garadylar. Gizlin ses üçin prawleniýe agzalyga hödürlenleriň sanawy ýazlan býulletenler paýlandy. Her kim gabşalrak ýer tapyp, kimiň adyny çyzmaly diýen alada maýyl boldy. Şu pursat gülküli ýagdaý ýüz berdi. Mejlis zalyna girilýän ýerde, belent sütüniň gapdalynda dört-bäş adam topbak tutup durdy. Aralarynda şahyr Ata Köpekmergen bardy. Ol madyr-madyr edip, gaty ses bilen gepleýärdi, sesi töwerek-daşa ýetýärdi.
Ata aga elindäki býulletene çöňňelen göreçlerini dikip durşuna has-da gaty gepledi:
– Hany bi, Rahym Eseni çyzmaly diýdiňiz welin, bi spisekde Rahymyň ady ýog-a! Ata aganyň töweregindäkiler dyr-pytrak boldular. Iki tarap üçin hem mesele aýdyň boldy.
Merkezi komitet ýagdaýa göz ýetirip, Rahym Esenowy atuw meýdanyndan alyp gitdi. Tüpeňlerine ok süren ýazyjylar hem nyşanasyz galdylar. Iki tarap hem utdy diýse boljak. Şonda şahyr Italmaz Nurynyň Beki Seýtäkowa aýdan sözüni gulagym bilen eşitdim.
Italmaz begenýän adamyň däl-de, aladaly adamyň äheňinde:
– Beki aga, Rahym Eseni merkezi komitete işe alýarmyşlar – diýdi.
Bu habar Beki aganyň keýpini bozmady.
– Inim, indi şony äkitsinler-de, Müsüre şa edäýsinler, bizden gitdi, boldy! – diýdi.
Soňky ýaýran gep-gürrüňe görä, gurultaýyň birinji gününden soňky gije “Türkmenistan kommunisti” žurnalynyň redaktory, ýazyjy Täşli Gurbanowy merkezi komitetiň birinji sekretary Muhammetnazar Gapurowyň ýanyna çagyrypdyrlar, onuň başlyklyga hödürlenjekdigini aýdypdyrlar.
Täşliniň başlyk saýlanmagy bilen soýuzda dörän dartgynlylyk gowşady gitdi.
Täşli Gurbanow 1984-nji ýylda aradan çykdy, ýaňy 50 ýaşapdy. Ölýänçä soýuza ýolbaşçylyk etdi. Ol saz-söhbeti, oturyşmagy halaýan, alçak, şahandaz adamdy. Dutar çalyp, aýdym aýdardy, labyzly sesi bardy. Zehinlidi, ýöne basa oturyp işlemegi halamazdy, prozaça welin, bu endik juda zerurdy.
Men biraz mahal “Edebiýat we sungat” gazetinde, ýazyjylar soýuzynda Täşli bilen işleşdim. Ol wezipesine baýrynyp, bir adamy ýanajak bolup ýören adam däldi.
Merkezi komitetde-de Täşlini goldaýardylar, ideologiýa boýunça sekretar Maýa Mollaýewa onuň uniwersitet ýoldaşydy, soň komsomolda bile işläpdiler.
Täşli galmagally, irnik meseleden, töwekgellikden gaça durýardy, sowet emeldarlarynyň köpüsine häsiýetli bolan seresaplylyk ýyllaryň dowamynda Täşlä-de möhürini basypdy.
Bir mysal. Ýazyjylar soýuzynda ýaş ýazyjylar bilen işleýän bölümi alyp barýardym. Heniz soýuza agzalyga alynmadyk ýaş awtorlaryň ýygyndylaryny neşirýatlaryň kabul etmegi üçin biziň hödürnamamyz zerurdy. Biz golýazmany maslahata goýup, maslahat oňlandan soň bölümiň adyndan neşirýata hat berýärdik. Şahyr Şiraly Nurmyradow goşgular ýygyndysyny getirdi. Ol golaýda uzak ýyllyk türme tussaglygynda oturyp gelipdi, gazetlerde goşgulary peýda bolup başlapdy. Kitabynyň ykbal çözgüdi üçin biziň hödürnamamyz oňa has-da derwaýysdy. Men Şiralynyň ýygyndysyny maslahata goýmakçydygymy Täşlä aýtdym, başlygyň razylygy gerekdi. Ol ör-gökden geldi:
– Ýok-ýok, bolmaz, bolmaz! – diýip gygyrdy. – Tirkiş, sen oň nähili jeza bilen türmede on ýyl oturanyny bilýäň-ä! Men garşy!
Jenaýat edende “Edebiýat-sungatda” işleýärdi, men redaktordym, işe özüm alypdym. Meňem at-abraýyma gep getirdi. Indi bir Şiralyny ara sokmaly, dogan!
Men hä diýmedim. "Şiraly jenaýat eden bolsa, jezasyny çekip gelipdir, indi onuň ýoluny baglap oturmak bolmaz-a" diýdim.
Täşli meniň eňek bermejegime düşündi, meseläni çürt-kesik goýdy:
– Jogapkärçiligini öz üstüňe aljakmy? – diýdi.
– Aljak.
– Onda maslahaty özüň geçir, hata-da özüň gol çek.
- Häzir bolgun-how, şol adama ynam etmek kyndyr.
Zoruna tutsa, Täşli maslahat geçirmegi gadagan hem edip bilýärdi, etmedi. Birgiden adamy ýygnap maslahat geçirdik, Şiralynyň ýygyndysyny oňladyk, neşirýata hödürnama berdik. Täşli respublikanyň emeldarlarynyň hüý-häsiýetine gaty beletdi, olar bilen ýyllar boýy iş salşyp ýören adamdy. Bir oturlyşykda Saparmyrat Nyýazowdan gep açyldy. Nyýazowy şol wagt Moskwa, SSKP-niň merkezi komitetiniň apparatyna işe alypdylar.
Oturanlaryň biri golaýda onuň Türkmenistana gaýdyp geljekdigini, Ministrler sowetine başlyk bellenjekdigini, soňra-da Gapurowa derek merkezi komitete birinji sekretar bellenmeginiň ähtimaldygyny aýtdy. Şonda Täşliniň aýdan sözi gulagymda galdy. Ol ilki hapa sögündi-de soňam: “Gapurowyň köwşüni ýalap ýören adamdanam birinji sekretar bolarmy!” diýdi.
Täşli Nyýazowa gaty belet ekeni. Başda ýazyjylara niýetlenip, Lahuty köçesinde salnyp başlanan, soňam ýokary wezipedäki emeldarlara nesip eden, örän oňaýly ýaşaýyş jaýy ýetişende Täşliniň uly maşgalasy şoňa göçüpdi, goýup gaýdan kwartirasyny Nyýazowa beripdirler diýip eşitdim.
Elbetde, agyzdan galan aş iýdirilen ýaly Nyýazow kemsinendir, içinde kitüw galandyr. Soňra ol Saparmyrat Türkmenbaşylyga, beýik serdarlyga göterlip, ýurduň ýeke-täk hojaýyny bolanda, özüne rowa görülmedik şol gowy jaýy ýykdyryp içini sowadypdy. Rahym Esenowyň maşgalasy-da şol jaýda ýaşaýardy.
Rahym Esenowly gürrüňe dolanalyň. Merkezi komitet ony ýazyjylaryň gazabyndan halas edip, ilki öz apparatyndan iş berdi, ol ýerde uzak saklaman medeniýet ministri etdiler. Rahym ol ýerde-de az wagt işledi, ile ýaýran myş-myşlara görä, ministrligiň kollektiwi bilen mäşi bişişmändir. Soňra daşary ýurtlar bilen dostluk jemgyýetine başlyk bellediler, döredijilik işi bilen meşgullanmaga gowy mümkinçilik döretdiler.
Näme üçindir Rahym Esenowyň Saparmyrat Nyýazow bilen jyny jyňkyryşmady.
Ýa Nyýazow onuň göwnünden turmady, ýa-da ol Nyýazowyň diýenini bitirmedi, belli bir zat aýtmaga mende ýeterlik informasiýa ýok.
Her näme-de bolsa, men Nyýazowyň serdarlyk eden ýyllarynda Rahym Esenowyň özüni alyp barşyna oňyn baha berýärin. Bu ýyllar Rahym Esenowa-da dostlaryny tanamaga delil, ýeser subutnama berendir diýjek.
Rahymyň rowaç mahaly Baýram Jütdiýew tetelli dostlaşan, doganlaşan, gara bähbitleri üçin ony peýdalanan adamlar soňra onuň töwereginden sypyrlyp gitdiler. Rahym Esenowy mynjyratmaga taýýar Saparmyrat Türkmenbaşynyň öňünde bil bükdüler, oňa pygamber, hudaý diýdiler.
Elbetde, başyna düşen agyr günleri Rahym Esenowyň beýan edendigine şübhe edemok. Türkmenistan ýazyjylar guramasynyň jemi on gurultaýy geçirildi.
Onunjy gurultaý 1991-nji ýylda partiýanyň merkezi komitetiniň birinji sekretary hem Türkmenistan sowet respublikasynyň Prezidenti bolan Saparmyrat Nyýazowyň kontrollygynda, içgin gatnaşmagynda geçipdi.
Ol gurultaýyň geçişi, oňa öz gatnaşygym barada “Biz kim ekenik?” diýen kitabymda ýazypdym. Soňra togsanynjy ýyllaryň ortasynda, özbaşdak türkmen döwletiniň ömürlik prezidenti, beýik serdar derejesine göterlen Saparmyrat Türkmenbaşy ýazyjylar soýuzyny agzalalygyň ketegi hökmünde aýyplap ýapdy, özüne ýeke-täk şahyr, ýazyjy diýdirdi, utanman, telim öwre Magtymgulynyň adyny göterýän baýragy aldy.
Men şunuň bilen SSSR döwründäki günleriň käbir ýatlamasynyň soňuna nokat goýmakçy. Soňky garaşsyzlyk diýlen, hakykatda Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýowuz häkimligine bakna bolup ýaşalan ýyllar hakynda men köp ýazdym. Ony “Milli oýun”, “Gorky belasy” romanlarymy, “Biz kim ekenik?” “Hakyda”, “Uzaga çeken tümlük” kitaplarymy okanyňyzda, “Ýeser oýun”, “Kir güni”, “Ruhuň tupany” pýesalaryma tomaşa etmek miýesser bolanda bilersiňiz.  

SOŇY.

Ýanwar – maý, 2010-njy ýyl.
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 66 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Adamzat   [Mowzuga geç]
Tüweleme, ine şular ýaly eserleri ýerleşdirip duruň, ýazyjylaryň ykbaly - halkyň ykbaly. döwrüň hem aýnasy..

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: