21:40
Arkadagym Soýuzym!
13. ARKADAGYM SOÝUZYM!  

Gürrüň ýazyjylar soýuzy hakynda gidýär.
SSSR Ýazyjylar soýuzy Staliniň görkezmesi bilen beýik proletar ýazyjysy Maksim Gorkiniň guramaçylyk işe ýolbaşçylyk etmeginde 1934-nji ýylda açylypdy.
Soňky ýyllarda bu guramanyň ýazyjylary bir penjede saklamakdan ötri, bolşewik ideologiýany berk ornaşdyrmakda ygtybarly gurala öwrülendigi doly subut edildi. Halkdan, jemgyýetden gizlin saklanan birgiden dokument çap edildi.
Mihaýl Bulgakow, Andreý Platonow, Aleksandr Solženisyn ýaly eserleri dünýä klassykasyna giren ýazyjylaryň şol mahallar kitaplarynyň gadagan edilmeginde, graždan hukuklarynyň basgylanmagynda, horluga-zorluga duçar bolmaklarynda ýazyjylar soýuzynyň tagallasy az bolmandy.
Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň başynda biraz wagt ýüz beren ruhy serginligiň täsirinden dörän edebi hadysany bogmakda-da soýuz işeňňirlik görkezipdi.
1934-nji ýylda Türkmenistanda-da ýazyjylar soýuzy döredilýär. 1963-nji ýylda meni SSSR Ýazyjylar soýuzynyň agzalygyna kabul edipdiler, ýigrimi bäş ýaşymdadym, maňa bagtyçüwen diýenler az bolmandy. Türkmenistan ýazyjylar soýuzynyň-da ideologiýa göreşine gatnaşandygy äşgär, ýöne onuň nähili gerimde alnyp barlandygyny aýtmak üçin gizlin saklanýan dokumentleriň açylmagy zurur. Türkmenistanda ol sowet zamanynda-da, häzir hem şol öňki ýapyklygynda saklanýar.
Ýazyjylar soýuzy partiýanyň ýokardan berýän görkezmelerini, talabyny ikirjiňlenmän artygy bilen berjaý edýärdi. Moskwada ýüz berýän syýasy yrgalygyň soňuna çykmak maksady bilen kabul edilýän kararlar bada-bat bärde-de işlenip geçilýärdi, “ýerli faktlar” bilen baýlaşdyrylýardy, bolmadyk ýagdaýynda-da olary “tapýardylar”. Gorky döretmek üçin edilýärdi. Biz düşbüdik. Biz dissidentligiň nämedigini-de bilmeýärdik, biljek hem bolmaýardyk. Ol Moskwada döreýän kesel, uzakdaky Türkmenistana ol keseliň mikroby ýetmez diýip arkaýyndyk.
Biziň uly arzuwymyz ýazyjylar soýuzyna agza bolmakdy. Jemgyýetiň seni ýazyjy diýip tanamagy üçin iň degerli tutaryk soýuza agza bolmakdyr öýderdik. Saňa gowşurylýan gyzyl bilediň ýüzüne uly harplar bilen “Soýuz pisateleý SSSR” (“SSSR Ýazyjylar soýuzy”) diýlip ýazylandy. Ol pasportdan hem ileridi, isleglidi. Onuň bilen serhet ýakasyna-da baryp bolýardy, samolýota-da münüp bolýardy.
Ilki seniň ýazyjylyk bilediňe, soňam ýüzüňe ýakymly garardylar. Bu alamata monça bolardyk, gabarylardyk, gomparardyk.
Ýazyjylar soýuzy biziň arkadagymyzdy. Kitabyň neşir edilmegini, maşgalaňa anjaýyn jaý berilmegini, döredijilik öýlerine, sanatorilere mugt ýa-da arzan putýowka berilmegini talap etmäge haklydyk. Soýuza bölünip berilýän ýeňil maşynlary satyn almak umumy nobata durandan aňsatdy, çaltdy. Pul kömegi-de berilýärdi. Aprel aýyndan başlap, tä gyşa çenli soýuzyň Pöwrize jülgesindäki salkyn, sapaly daçasyndan özbaşyňa otag hem alyp bolýardy.
Maşgalaňa berkidilen doktorlar bardy, olara haky soýuz töleýärdi. Ýokary wezipedäki emeldarlaryň gapysy ýazyjy üçin hemişe açykdy. Heý-de, beýle eşretden soň ideýa taýdan yrga eser ýazyp bolarmy?!
Soýuzlar ýazyjylaryň ýaşaýyş taýdan üpjünçiligini ýola goýmak üçin döredilipdi diýilýän gepiň, belli bir derejede jany ýok däldi. Eger soýuz bolmasa, ýokarda sanalan hyzmaty nireden aljak?!
Sowet ideologiýasyna çapraz gelýän eser ýazmak üçin dünýägaraýyşyň giňligi gerek ekeni, söz azatlygy diýilýän gymmatlygyň ýazyjy üçin zerurlygyna, onsuz dogruçyl eserler ýazyp bolmajagyna göz ýetirmeli ekeni. Biz beýle zerurlygy duýmaýardyk.
Goý, söz azatlygy, adam mertebesiniň belentligi üçin kapitalizmiň zulmunda ýaşaýan bagtygara adamlar göreşsinler diýýärdik.
Biziň arkadagymyz ýazyjylar soýuzy, onuň hözirini görüp, uzak ýaşamak bize nesip etsin diýýärdik.
Soýuzymdan aýlanaýyn! Bu ýerde biz bir maşgala. Häli-şindi birek-birek bilen duşuşyp, didarlaşyp durýarys, dabaraly ýygnaklar, ýubileýler, duşuşyklar geçirýäris, baýraklar, hormatly atlar alýarys. Partiýanyň öňde goýýan möhüm wezipelerini halka mazalyja düşündirmek üçin topar tutup ýerlere, öz gahrymanlarymyzyň arasyna gidýäris, munuň üçin bize birgiden pul töleýärler! Döredijilik komandirowkasy diýip gitseň, gije-gündiziňe iki esse köp tölärdiler. Galamdaşlarymyzyň golýazmalaryny ara alyp maslahatlaşýarys, olary redaksiýalara, neşirýatlara hödürleýäris.
Hezillik! Bu hezillikden daşda galanlar kemsinýärdiler. Biziň ýazýan eserlerimiz ýazyjy diýilýänleriňkiden artyk bolmasa kem däl, näme üçin biz gyrada galmaly diýýärdiler.
Çynymyzy aýtsak, Paýzy Orazowyň, Annasoltan Kekilowanyň dawasy şu meseleden başlanypdy. Men ol döwre belet, janly şaýat. Meni soýuza aldyranok diýip, Paýzy Orazowyň başlyk Beki Seýtäkow bilen darkaş gurap ýörenini bilýärin. Beki Seýtäkowyň kabinetine baryp, seni ol gözüňdenem dyndararyn diýip topulanyny Paýzy häli-şindi buýsanç bilen aýdyp bererdi. Beki Seýtäkowyň garşydaşlary ony has-da gižželeýärdiler.
Beki Seýtäkow wezipesine görä hökümet adamydy, ýokary sowete deputatdy, özüniň belent mertebesine kast edýän adama çäre görmegi talap edýärdi. Paýza bozgak hökmünde garap başlapdylar.
Annasoltan Kekilowanyň dawasy soýuzyň başlygy Berdi Kerbabaýew bilen başlanypdy.
“Berdi aganyň razylyk bermeýändigi üçin men soýuza agzalyga alynmaýaryn” diýip, açyk aýdýardy, arz edýärdi. Şol wagt olaryň töwereginde bolýan gep-gürrüň olaryň eserleriniň sebäbine döremändi. Olaryň eserlerinde sowet ideologiýasyna ýa-da sowet sistemasyna garşy zyýanly diýer ýaly pikir aýdylmaýardy. Olara dissident diýip boljak däldi. Eger başda olar hem soýuzyň agzalygyna dawasyz alnaýan bolsadylar, meniň pikirimçe, galmagal ýatmalydy.
Paýzyňam, Annasoltanyňam eserleri agzalyga alynýanlaryňkydan pes däldi, köpüsiniňkiden ýokarydy. Şonuň üçin hem olar kemsinipdiler, emeldarlar bilen dawa ýüz urupdylar. Tertibi bozýanlar hökmünde jeza çärelerine sezewar edilipdiler. Özleri babatdaky adalatsyzlyk soňra olarda jemgyýetçilik protestiniň döremegine getiripdi. Sowet häkimiýeti, onuň emeldarlary protestden öler ýaly gorkýardylar. Protestçiler bada-bat jemgyýetden çetleşdirilýärdi. Paýzy-da, Annasoltan-da şu gazaba duçar edilenlerdi.
Ýazyjylar soýuzyndaky, onuň gazet-žurnallaryndaky wezipeli orunlardan başga-da, oňa degişli Edebiýat fondunyň emlägi birgiden adamyň işdäsini açýardy.
Bäş ýyldan geçirilýän gurultaý golaýlaşdygyça ýazyjylaryň arasynda hyşy-wyşy gürrüňler artýardy. Munuň bir sebäbi-de soýuzyň ýolbaşçylary gurultaýda ýapyk ses berilşik arkaly saýlanýardy. Ýazyjylar guramasynyň ýönekeý agzalarynyň elinden gelýän zat barmydy diýen sowala “ýokdy” diýip jogap bermek bolmaz. Olaryň ygtyýary juda çäkli-de bolsa, gizlin ses berilşige gezek gelende olar ekezlenýärdiler, başlyklyga hödürlenjek adamyň ykbalyna öz sesiniň täsir edip biljekdigine buýsanç döreýärdi.
Ýazyjylar soýuzynyň başlygy bolmaly adamy partiýanyň merkezi komiteti hödürleýärdi. Merkezi komitet ony gös-göni öz adyndan hödürlänokdy, mekir syýasata ýüz urýardy. Ýazyjylar soýuzy jemgyýetçilik guramasy, başlyk bolmaga ynam bildirilýän adamy, goý, onuň agzalary hödürlesin. Bu ýerde agza diýlende öňi bilen partiýanyň agzalygynda duran ýazyjylar göz öňünde tutulýardy. Olar soýuzyň agzalarynyň üçden iki bölegini tutýardylar. Kommunistleriň köplügine garamazdan, “gudratyň” ýüz berýän mahaly-da bolýardy, juda seýrek hem bolsa, bolýardy.
Şunuň bilen bagly hadysa hökmünde, men ýazyjylar soýuzynyň ýedinji gurultaýy hakynda giňräk ýazmagy makul bildim.

Tirkiş JUMAGELDI.
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 47 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: