00:29
Dagdaky heýkel

DAGDAKY HEÝKEL

Neneň täsin,niçik gudrat,keramat
Dagda uzaboýa ýatan şol heýkel.
Meger Aýhan Hajy şol keşbi görüp,
Pyragyň suratyn çekendir ilki.

Magtymguly deýin beýik danasyn,
Unutmasyn diýip geljek nesiller.
Özi kimin daglaň beýik gerşine
Sünnäläp siňdirip gidendir ýyllar.

Ýok ýyllar däl,belki diňe bir günde,
Bir günem däl,pursat ýeter gudrata.
Pursatlarda doňup galýan bolmaly,
Sygmajak beýiklik döwre,döwlete.

Belki bir syr bilen pete-pet gelip,
Şol obaň gerşine siňip galansyň.
Belki bu ülkeleň günlerde bir gün,
Adyň bilen galkynjagny aňansyň.

Wagt akyp barýar,özgerýär heňňam,
Bizi ýyllar pellehana atarýar.
Gudrat irde-giçde beýiklikleri
Nyşan bilen bakylyga göterýär.

Meñli AŞYROWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 34 | Добавил: ashyrovamengli | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Nurdan   [Mowzuga geç]
Sagbol, Meñlim, Garrygala gidesim geldi bu ajaýyp goşgyny okap, zehiniñe bereket!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: