11:46
Ýatlama ýazylmady
10. ÝATLAMA ÝAZYLMADY  

Sowet zamanynda ýatlama ýazmak sowet ýazyjylaryna adat bolmandy, ýogsa, ýatlara waka gytmydy!
Meniň pikirime görä, bu ýagdaýyň möhüm bir sebäbi bar. Pylan wagt pylan waka bolupdy diýip habar bermek okyjyny gyzyklandyrmaz. Belki, ol waka hakynda metbugatda ýazylandyr.
Ýatlama ýazýan ýazyjynyň wakalara şahsy garaýyşyny bilmek has möhüm, has gyzykly.
Ine, meseläniň wawwaly ýeri şunda! Şahsy garaýyş awtordan döwri seljerip bilmegi, öz garaýyşyny çekinmän aýtmakdan ötri, batyrlygy, töwekgelligi talap edýär. Bu zerurlyk biziň köpümize başardanok.
Berdi Kerbabaýew 1974-nji ýylyň tomsunda segsen ýaşyny dolduryp aradan çykdy. Eger ol şaýat bolan taryhy wakalaryny, öz başyndan geçiren gowgalary bolşy ýaly beýan edip giden bolsady, çap edilmän geçsin, men bir janly şaýat hökmünde ýazyp gideýin diýen bolsady! diýip, göwün ýüwrüdýäris.
Elbetde, bu biziň islegimiz. Berdi agany tanaýanlar onuň bu töwekgellige gitmejegine göz ýetirýändirler. Ol hakykaty ýazmak üçin ilki bilen syýasatyň emrine görä, şol hakykaty özüniň hem bozmaga mejbur bolandygyny boýnuna almalydy.
Bu juda kyndy, döwletiň galdyran basgançagyndan, hormatyndan, şöhratyndan ýüz öwürmekdi. Beýle batyrlyk ideologiýa gol ýapyp ýaşamaga halys ram eden jemgyýete-de, söýgüli ýazyjysyny partiýanyň ygtybarly kömekçisi diýip mahabatlandyrmaga endik eden okyja-da gerek däldi. Çap edilmejek zady ýazmaga, zehinini sarp etmäge ol ýyllarda adamlarda höwes, endik bolmandy. Şu gün ýazanymyzyň ertir çap edilenini görmäge howlugýardyk.
Berdi Kerbabaýew hem şol matlaply köpüň biridi. Onuň şahsyýeti barada aýdylýanlar köplenç şorta söze meňzeş gep-gürrüňlere, mahabatlandyrmalara syrygýardy.
Berdi aganyň özi-de: “Ýazyjynyň şahsy durmuşy bilen işiňiz bolmasyn, onuň eserlerini okaň” diýmegi gowy görýärdi.
Hakykatda welin, ýazyjynyň şahsy durmuşy onuň döredijilik hazynasynyň gymmatyny açýan iň ygtybarly açardyr. Eger pikir erkinligi, söz azatlygy miýesser eden bolsady, ýazyjylardan dogruçyl ýatlamalara garaşsa bolardy. Agyr zähmetiň gullaryň bilini büküşi ýaly, aýylganç gorky ýazyjylaryň-da erkini syndyrýardy, gözlerini kör edýärdi.
Berdi Kerbabaýew “göwne gelenini taraşlap, şagladyp” bilen bolsady, ideologiýanyň zoruna çydaman, ynsabynyň öňünde ikilik etmäge mejbur bolmadyk bolsady, 1916-njy hem ondan sähel soňky ýyllardaky dartgynly wakalaryň magadyna ýetmäge nesillere degerli faktlar goýup giderdi. Etmedi. Bulaşyklyk dowam edýär...
Sowet zamanynda türkmenlerden kyssa žanrynda ilki roman ýazan, ilkinji alymlaryň biri Hydyr Derýaýew adam ömrüniň güle deňelýän on dokuz ýarym ýylyny Staliniň başa salan apaty zerarly Sibirde bendilikde geçirdi. Ol ýeke däldi, millionlaryň biridi. Heý, şol dowzaha dönen ýyllarda türkmenleriň-de çeken pidasyny, gören görgüsini nesillere ýetirjek ýazgylar galdymy? Gynansak-da, galmady diýmeli. Ony şol dowzahda bolan adamlar ýazmalydy. Ýazmadylar.
Hydyr aga ýetmişinji ýyllar iki-üç gezek çaý başynda Sibirde gören görgülerinden söz açdy. Olary şeýle bir tolgunma bilen takyk aýdyp berdi welin, men gyzyl tapyp, üstüniň gömülmeginden heder edýän adamyň açgözlüligi bilen ýalbaryp başladym:
– Hydyr aga, ýaz şulary! – diýdim. – Eýýäm taýýarja dokumental hekaýalar, ak kagyza geçiräýmelisi galypdyr. Sizden hakyky galjak eserler şular! “Ykbal” romanyňyz unudylsa-da, bulary unudyp bilmezler, bular çyn taryh! Bulary sizden soň dogruçyl, täsirli ýazjak tapylmaz!
Hydyr agadan pert jogap eşitdim:
– Ol döwri, biziň görenlerimizi ýazyp bolmaz, gadagan!
– Özüňiz üçin, geljek nesiller üçin ýazyp goýaýyň, hiç kime görkezmäň, öý arhiwiňizde ýatsyn.
– Ýeriň teýine sokaý, taparlar. Ýaz diýme! Biziň ruhy ýitgilerimiziň gözbaşynda gorky durdy.
Äý, nätjek, “bary bilen bazar eýle” diýäýmeli bolýar.

Tirkiş JUMAGELDI.
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 61 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
1
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Waleýkimsalam, nesip etdiginden goyarys hemmesini.

0
3 Adamzat   [Mowzuga geç]
Salowmaleýkim!
Şol ýatlamalary tutuşlygyna doly okap bolmazmyka?!
Golaýda Atajan Taganyň ýatlamalaryny hem okadym, gaty uly täsir galdyrdy..
Umuman, ýokarda dogry bellenen, tanymal adamlaryň, hasda ýazyjy-şahyrlaryň dogruçyl ýatlamalary halk köpçüligi tarapyndan hemişe uly höwes bilen okalýar.

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Minnetdar, agam

0
1 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Sag bol,Haweran,Tirkiş Jumageldiden goyan bu yatlamalaryñy hezil edip okap yorun.Sag bol,inim!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: