09:02
Gül
GÜL

Günleriň bir güni bahar paslynda,
Bir gülüň tohumy topraga düşdi.
Bulut , ýagyş ýagdy asmandan,
Tohum gämik ýardy, ösdi ýetişdi.

Günsaýyn görklendi, açdy gunçasyn,
Ambar ysy çar tarapa ýaýrady.
Geçip barýan adamlaryň ençesin,
Gözelligiň dünýäsine aýlady.

Bir ýigit ol güli gördi ir säher,
Ýolup aldy, gülüň ysyndan gandy.
Unutdy özgeler ony birmahal,
Gül yşk uran ýigdiň ýadynda galdy.
Категория: Goşgular | Просмотров: 28 | Добавил: Jeksparro | Теги: Mämmetgurban Mämmetgurbanow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: