09:00
Japbaklaryñ täze başdan geçirenleri: Ýygnakda
ÝYGNAKDA  

Guldurdy kolhozda üç-dört ýyl başlyk bolup işländen soň kolhozyň guramalaryny kemsiz ele aldy. Olar ählisini ýygnak bolanda özüni öwüp durar ýaly etdi. Şeýle bolansoň, kolhozçylar hem olaryň gaňyrşyna gaýtmagyň ugruny tapman, alaçsyz galýardylar.
Bir gezek raýon ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda kolhozda uly ýygnak geçirdiler. Ýene şol öňki endige görä, kolhozyň ýolbaşçy işgärleri başlygy öwüp arşa çykardylar. Ýekeje tankydy zat aýdan adam bolmady. Başlyk bolsa öz-özünden göwnühoş ýüzüni dik göge tutup otyrdy.
Ýygnakda oturan Japbaklar özara pyşyrdaşyp, çykyp geplemeli diýen karara geldiler. Ýygnagy alyp baryjy:
– Ýene kim çykyp geplemek isleýär? – diýeninden, Mapbak böküp ýerinden turdy-da:
– Men! – diýip, orta çykdy.
Ardynjyrap, giň zala gözüni aýlady-da, söze başlady.
– Ýoldaşlar, çykyp geplänler entegem bärden gaýtdylar. Başlygymyzy näçe öwseň öwüp oturmaly. Başlygymyz haýryna-zyýanyna düşünýän, ýakynyny-daşyny tanaýan adam. Ine başlygymyzyň jan ýalyjak ýegenleri Togalak bilen Ýegelek ýap-ýaňyja şofýorçylyk kursuny gutardy. Olaryň ikisine-de başlyk täzeje maşyn berkitdi. On-on bäş ýyl bäri köne maşynlaryny şakyrdadyp ýören käbir şofýorlar Togalak bilen Ýegelege göriplik eden bolýarlar. «Başlyg-a oňarmad-ow» diýşen bolýarlar. Ýok, başlyk oňarma kemini goýan däldir. Başlyk nädip Togalak bilen Ýegelege köne maşyn bersin?
Birinjiden-ä, olar ýaş, kursy ýaňyja gutaran ýigitler. Olar köne maşyn-a beýlede dursun, täzeje maşyny sürüp oňarsalaram berekella aýdaýmaly. Köne maşynyň bir ýeri döwülse, gözlerini tegeleşip durjaklar. Halys lagşan köne maşynlary olaryň öňki şofýorlaryndan başga kim sürüp biler? «Lalyň diline enesi düşer» diýişleri ýaly, olary öňki şofýorlary süräýmese, başga sürüp biljek adam ýok ahyry.
Ikinjidenem, «öz arrygyny har eden, kişi arrygyna zar bolar» diýipdirler. Başlyk öz ýegenleriniň gadyryny bilmese, olaryň gadyryny başga kim bilsin.
Mapbak sözüni gutardym eden badyna Ýapbak söz aldy.
– Ýoldaşlar, Mapbagam entek bärden gaýdýar – diýip, ol söze başlady. – Başlygymyz çörekli başlyk. Ol etmelisini bilýär. Ynha, meselem, plan boýunça kolhozymyz bir müň gektar ýere gowaça ekmeli bolsa, ol iki müň gektar ýere gowaça ekýär. Onsoň planymyz her ýyl iki ýüz prosent bolup durandyr.
Käbir düşünjesiz adamlar «başlygymyz galplyk edýär, döwleti aldaýar» diýen bolýarlar. Seniň bu zatlar bilen ne işiň diýsene. Başlyk saňa çörek berse bolýa-da. Başga näme gerekmiş. Eger başlyk şeýdip bir ugur tapaýmasa, asyl planyňam dolmanjyk geçersiň.
– Entek Ýapbagam bärden gaýdýar – diýip, orta çykan Japbak gürläp başlady. – Ýapbak diňe pagtaçylyk barada aýtdy. Başlygymyzyň maldarçylyk babatdaky başarnygy barada ol dilem ýarmady. Ýöne başlygymyz bu ugurda hem uly işler bitirdi. Özüňize mälim bolşy ýaly, kolhozymyz geçen ýyl owlak-guzy almak planyny iki ýüz prosent ýerine ýetirdi.
Eýsem başlygymyzyň ugurtapyjylygy bolmasa, şeýle uly üstünlikler mümkin bolarmydy? Bolmazdy, ýoldaşlar! Munuň üçin başlygymyz uly tagalla etmeli boldy. Iki süri guzlaýjy goýun iki süri goç diýlip dokumentleşdirildi.
Eger başlygmyz ugurtapyjy adam bolmadyk bolsa, owlak-guzy almak planyny iki ýüz prosent ýerine ýetirmeg-ä beýlede dursun, asyl doldurybam bilmezdik.
Onsoň ýene bir bellemeli zat bar. Başlygymyzyň ölemen awçydygyny hemmäňiz bilýänsiňiz. Ol arada bir gije «GAZ-69» maşyny bilen awa gitdi. Aw diýeniňem keýpli zat bolýar. Turdy öňünden gözüňe döneýin bir keýik. Başlygam basdy gaza. Kowha-kow. Şobarmana maşyn süsdi bir gorpy. Soň janaweriň sesi çykmady.
Asyl demriň jany bolan motor kül bolaýan bolsa nädersiň? Onsoň başlyk ýalbaryp-ýakaryp, ony özi ýaly aw diýip kaňkap ýöreniň maşynyna süýredip getirdi. Ýöne ony kolhozyň hasabyna birkemsiz edip täzeden bejerýänçä, ýekeje adama-da görkezenem, eşitdirenem däldir.
Bu zatlaryň hemmesinem, ýoldaşlar, ol sizi gynandyrmajak bolup edýär. Beýle ýürekdeş başlygyň gadyryny bilmek gerek, ýoldaşlar.
Japbak ýerine geçip-geçmänkä, ortada Topbak peýda boldy:
– Ýoldaşlar, başlygymyz hakda gaty gowy hem dogry zatlar aýtdylar. Ol zor adam, iş başarýan, ugur tapýan adam. Ýöne, ýoldaşlar, Ogultäç gelnejemiz hakda hiç zat aýdylmady. Ol hem başlyk agamyzdan peslär ýaly adam däl. Ýöne, ýoldaşlar, gynansagam, käbir görip aýallar «Başlygyň aýaly işe çykanok» diýşen bolýarlar. Başlygyň aýalynyň işde näme işi bar? Onuň öýde nähili uly hem abraýly işleri alyp barýandygyny bilmän durusmy näme?
Özüňiz bilýäňiz, başlygymyzyň öýi elmydama myhmanly. Ogultäç gelnejemiz şol gadyrly myhmanlary güler ýüz bilen garşylap, dürli tagamlar bilen hezzetläp bilýärmi, onsoň näme gerek? Bu zatlara düşünmek, gadyryny bilmek gerek, ýoldaşlar.
Topbak sözüni gutardym edip, ýylgyrdy-da, Mapbaga seretdi. Mapbak ýylgyryp, Ýapbaga seretdi. Ýapbak ýylgyryp Japbaga seretdi. Japbak ýylgyryp halka seretdi. Halk ýylgyryp başlyga seretdi. Başlyk ýygrylyp, ýere seretdi.

Arslan MÄTEROW.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 33 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Arslan Mäterow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: