07:36
Edepnama: Salamlaşmak barada
SALAMLAŞMAK BARADA      

«Salam Taňrynyň – haky», «Taňry – salamy» diýlip ýöne ýerden aýdylmaýar. Şerigatda hem ynasanyň beýleki adamlaryň öňündäki esasy alty borjunyň ilkinjisi salamlaşmakdyr diýilýär. Umuman, uçraşylanda salam bermeklik her kişiniň mukaddes borjy bolsa, oňa jogap gaýtarmaklyk hem hökmanydyr.
Salamlaşmak we onuň düzgün-tertibi hakynda «Könelmeýän söz» diýen kitapçany çap etdiren Kakajan Ataýew salamy «adamkärçiligi mukaddes kada-kanunlaryny, medeniýeti, edep ekramy öwrenmegiň başlangyjydyr, hatda onuň açarydyr» hasap edýär (4 sah).
Adamyň adam bilen tanyşmagy, biri-biri bilen ysnyşmagy salamdan başlanýar. Güler ýüz bilen berilen salam we ondan soňky mähirli soralyşyk keýpiňi göterýär, duşuşanlaryň ikisinde-de biri-birine ynam döredýär. Ýöne salam berende dakynan gara äýnegiňi aýyryp salam bermeli, agzyň hem boş bolmaly.
Edep-ekram bilen berilen salam we hal-ahwal soraşmaklyk garşydaşyňda saňa mähiri güýçlendirip, käbir öňki ujypsyzja öýke-kineleriň aýrylmagyna ýardam edýär.
Türkmen ertekilerindäki döwleriň ýanyna salam berip baran adama: «Munça Taňry salamyn bermedik bolsaň, seni iki üzüp bir ýalmardym» diýmesi hem salamyň jadylaýjy güýjinden habar berýär. Diýmek, salam bir duşulanda iki adamyň arasynda ýerine ýetirilýän ýönekeý bir däp-dessur bolman, eýsem onuň uly manysy, ynsanlary biri-birine ysnyşdyryjy güýji bar, çünki salam bermek we almak arkaly adamlar öz garşydaşlarynda: «Siz maňa ýaradyňyz, men sizi hormatlaýaryn. Sizi görenime örän şat» diýmek isleýärler. Muňa käbir halklarda bar bolan sag eli ýokary göterip salamlaşmak we köp halklardaky görüşmek dessury hem şaýatlyk edýär.
Alymlaryň pikirine görä, salamlaşmak üçin ýokary galdyrylýan el, şonuň ýaly-da, görüşmek üçin uzadylan gol «Ynha, mende hiç hili ýarag ýok, elim boş, diýmek, saňa hiç hili duşmançylygym we seniň bilen uruşmak niýetim ýok» diýen manyny aňladýar.
Biri-biriňe hormat döretmek we ysnyşmak üçin, salamlaşmakda käbir däp-dessurlary berjaý etmek zerurdyr. Olary gysgaça ýatlap geçeliň.
Köne türkmen dessury boýunça kiçiler ululara, aýallar erkeklere salam bermeli. Ýöne beýle pikiriň birtaraplaýyndygyny bellemekçidiris, çünki şerigatda mömün-musulmanlaryň alty borjunyň ilkinjisi salam bermekdir. Onda şeýle ýazylypdyr:
«Duşuşulanda kim ilkinji salam berse, şol adam Taňra has ýakymlydyr» (Hadys, 5 sah).
Şu kitapda Muhammet pygamberiň hatda çagalara-da ilki bolup salam berýänligi bellenilýär. Diýmek öňürti salam bermek salam beren adamyň kiçigöwünliligini aňladýar. Elbetde, ýaşkiçiler ululara salam bermeli, emma kiçiler ony ýadyndan çykaran wagtynda, ulular olar bilen «Gurgunlykmy? Sag-amanlykmy?» diýip salamlaşyp geçmegi özüne kiçilik bilmeli däldirler.
Kanunda, şol sanda şerigatda salam bermegiň we salam almagyň kadalaryny belli bir düzgüne, ramka salýan ýörelge ýok diýen ýalydyr. Bu düzgüni bozanlara jeza-da berilmeýär. Ýöne il içinde bu babatda uzak wagtyň dowamynda belli bir tertip işlenip düzülipdir. Şoňa laýyklykda kiçiler ululara, ýöräp barýan adamlar duranlara, ulagly barýanlar pyýadalara, azlyk köplüge salam bermeli (Hadys. Şerh, 1 bölüm, 131 sah).
Jaýa giren adam, onda oturanlaryň ýaşyna, jynsyna seretmezden, içerik salam berip gelmeli. Jaýda hiç kim bolmasa-da, öýüň hormaty üçin salam berip girilýändir. Edaralaryň, guramalaryň kabulhanalaryna-da (kabul edýäniň ýaşyna we wezipesine seretmezden) salam berip girmeli.
Ýolda duş gelen ýaşululara salam bermän geçmek zoňtarlykdyr we medeniýetsizlikdir. Şonuň üçin öňüňizden çykan adam sizden uly ýa-da deňeçer bolsa, onuň tanyş-nätanyşlygyna, baý-garyplygyna, aýal-erkekligine, milletine parh goýman, oňa öz ene diliňizde salam beriň. Magtymguly bize bu babatda:    

Öňde, yzda görseň her kes gulamyň,  
Ondan aýamagyn Taňry salamyn –
   

diýip nesihat edipdir.  
Köpçüligiň döwre gurap oturan ýerinde diňe salam berip, öz ornuňa (ýa-da görkezilen boş ýere) geçip oturmaly, oturan märeke bilen ýeke-ýeke görüşmeklik oturanlaryň rahatlygyny bozýar, çünki gelen adam oturana el uzadanda, onuň bilen oturan ýeriňde görüşmeklik edepsizlik hasaplanýar. Bu ýagdaýda oturan ýaş adam ýerinden turup, hiç bolmanda, dyzyna galyp görüşmelidir.
Nahar iýip oturanlar bilen görüşmek bolmaýar. Oturan ýa-da dik duran märeke bilen ýeke-ýekeden görüşip çykmaly bolsaňyz, onda şu aşakdaky düzgünleri berjaý etmek gerek.
Märekäniň ählisiniň ýaşy deňeçer bolsa, onda sagdan çepe, ýagny sagat diliniň tersine aýlanyp, iki eliňiz bilen görüşip çykyň. «Salam – sagdan çepe» aýtgy ýöne ýerden döremändir.
Märekede ýaşulular bar bolsa, onda ilki olar bilen görüşip, soňra ondan çepde duranlar (oturanlar) bilen elleşmeli. Eger köpçülikde ataň (kakaň) oturan bolsa, özüňem görüşmekçi bolsaň, öňi bilen ataňdan (kakaňdan) başlap görüşmeli. Orta ýaşan we gartaşan adamlar salamdan soň soraşýarlar. Munda hal-ahwal soraşmak gezegi ýaşulynyňky bolmalydyr.
Ýaşykiçileriň salam berip, yzyndanam «Nähili, ýagdaýlaryňyz gowumy?» diýip soramagy olaryň bu gadymy däpden habarsyzdygyny görkezýär. Şonuň üçin ýaşula «Essalawmaleýkum!» ýa-da «Salawmaleýkum» diýeniňizden soň biraz garaşyň, ýaşuly « Waleýkum salam» diýip, soraşmaga özi başlar. Saglyk-amanlyk soraşylyp durka gürrüň etmek, ara söz goşmak hem edepsizlikden däl.
Aýal – gyzlar bilen hem salamlaşmaly. Gyzlar salam bermäge ejap edýärler. Bu ýagdaýda ulularyň olaryň deňinden «Gurgunlykmy? saglykmy keýigim» diýip geçmegi iki tarapyň hem salamlaşmagyny aňladýar.
Musulman ýurtlarynyň köpüsinde aýallaryň erkeklere salam bermegi däp bolup galypdyr. Emma ýewropa ýurtlarynda tersine, erkekler aýal-gyzlara salam berýäler. Soňky däp, biziň pikirimizçe, goldanylmaga mynasypdyr.
Aýallar, ylaýta-da gelin-gyzlar elini uzatmasa, olar bilen elleşmek üçin ýigitleriň elini uzatmasy edepsizlik hasap edilýär. Edepli we utanç-haýaly gyzlar özlerine iň ýakyn adamlaryndan beýlekiler bilen elleşip görüşmegi endik edinmeli däldirler, çünki musulman ýurtlarynda gyzlar erkekler (ylaýta-da, kesekiler) bilen elleşmeýärler.
Uzak wagt görüşmedik ýakyn garyndaşyň, mähriban dostlaryň bilen hem gujaklaşyp görşülýär. Elleşmekçi bolnanda, ýaşuly adam ýaşykiçä elini uzatmalydyr. Eger ol elini uzatmasa, kiçiniň ula elini somlap durmasy gelşikli däldir. Uly elini uzadanda, ýaşlaryň oňa hormat bilen iki elini bermegi edeplilik saýylýar.  
Öz deň-duşlaryň bilen görşende-de salyhatlylygy saklamagy, güler ýüz bilen onuň ýüzüne göni seredip elleşmeli. Garşyňda duranyň elini silkelemek, oňa öz güýjüňi görkezmek elini aşa gysmak kelpezlikden habar berse, eliňi göwünli-göwünsiz yzatmak ýa-da ýeke eliň, onda-da diňe 2-3 barmagyň bilen elujy görüşmeklik ulumsylygyň alamaty saýylýar. Günde-günaşa görüşip, tirkeşip ýören dostuň bolanda-da, onuň bilen görüşeniňde degişmäni soňa goýup, salyhatlylygy saklamak derwaýysdyr.  
Uly märekede, ýygnakda bir gürrüň edip oturan wagty ýa-da bagşynyň aýdymy diňlenýän pursatda ünsi sowmazlyk üçin, gaty gygyryp salam bermek bolmaýar, diňe töweregiňdäkiler bilen baş atyşyp salamlaşmak bilen oňmaly.   
Çalt ýöreýän we ses-üýn alyşdyrmaýan motorly ulagda barýakaň öňüňden çykanlar bilen baş atyşyp ýa eliňi galdyryp salamlaşmak hem biri-biriňe hormaty aňladyp biler.  
Eger ker adama salam berseň, um ýa-da hereket bilen oňa salam bereniň aňar ýaly etmeli. Onda-da aňmasa, onda beren salamyň jogabyny özüň aýtmaly.  
Birinden salam haty alsaňyz, hatda-da «Salawmaleýkum» ýa «Salam» diýlip ýazylan bolsa, ilki «Waleýkim salam» diýip, soňra hatyň mazmunyny okamaga başlamaly.  
Bir adam size tanyş ýa garyndaşlaryňyzdan agzeki salam getiren bolsa, ýagny «Pylany saňa salam aýtdy» diýse, ilki «Waleýkum salam» diýip biderek ýerden aýdylmaýar. Her niçigem bolsa, günde bir gezek salamlaşmaklyk il içinde däp bolup galypdyr.  
«Ertiriňiz (agşamyňyz) haýyrly bolsun!» diýmeklik hem salamyň ýerini tutup bilýär, ýöne, has dogrusy, bu sözler salamyň yzyndan aýdylmalydyr.  Şerigatda aýdylşyna görä, şu aşakda sanalan ýerlerde salam bermeklik edepsizlik (mekruw) hasaplanýar: sapak ýa-da ýygnak gidip duran wagty, aýat-gurhan okalyp duran wagty, hutba, azan aýdylýan wagty, jynaza, namaz okalyp durka, şeýle-de hammamda we hajathanada. (Hadys. Şerh, I bölüm 131 sah).
Türkmenistanyň köp ýerlerinde merhumyň (onda-da ýaş ynsanyň) aýat-jynazalarynda hem görüşip salamlaşylmaýar, diňe baş atyp ýa-da pessaý ses arkaly salam bermek bilen öňňüt edilýär.  
Görşümiz ýaly, salamlaşmak özboluşly ajaýyp sungat bolup, onuň gadymdan gelýän we sünnälenip, biziň döwrümize ýetirilen mahsus ýörelgeleri, däp-dessurlary bar, olary berjaý etmeýän, salama biperwaý, başdansowma seredýän her bir adamyň köpçülikde utanja galmagy mümkindir.

Soltanşa ATANYÝAZOW.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 20 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Soltanşa ATANYÝAZOW | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: