00:31
Hudaý adyl

HUDAÝ ADYL

Ýeriň ýüzi küşdüň düzümi bolup,
Adamlaram onuň oýunjagy däl.
Oýna goşup, ýene pyzyp goýbäre,
Dünýä aýalbazyň boş gujagy däl.

Göýä täze açyş etjek mysaly,
Bir nadandan edäýjekdi perişde.
Her ädimde öwgüsini ýetirip,
Tekge bolup, medet berdi her işde.

Aýagyny gara ýere basdyrman,
Hopba edip, kebzesinde göterdi.
Ol bolsa, oň depesine çykdy-da,
Ignäniň gözünden jöwen ötürdi.

Hudaý adyl, özi ýazar ýazgydy,
Hak nazary düşýän däldir her kime.
Kimi ýalkap, kimi ýalkamazlygy,
Goýuň ahyr, Ýaradanyň erkine.

Annatuwak KAKAÝEWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 88 | Добавил: Selbii | Теги: Annatuwak Kakaýewa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 7
0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bar bolsa yene yetirip duruñ.

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Annatuwak daýzanyñ ady-familiyasy tanyşam bolsa, döredijiligi heniz bize nätanyş. Onuñ bu kämil goşgusy doredijiligine bolan gyzyklanmany döretdi.

0
4 ashyrovamengli   [Mowzuga geç]
Ajaýyp!

0
5 Selbii   [Mowzuga geç]
smile

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Öñden şeýt-dä, gysganç. smile Yzy gür bolsun.

1
2 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
@Selbi sag bol.Beter gowy goşgy eken

0
1 Selbii   [Mowzuga geç]
Ýesss, Has, al, saýtyña menden goşant tongue biggrin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: