23:57
Laçyn / hekaýa
LAÇYN  

Derekli ýabyň raýşyny syryp günorta çaýa barýan Mele traktorçy aýagynyň astyndan çykan jülpüldä bir-bada üns berip durmady. Ýöne hälki ses pasyrdy gatyşykly gaýtalanda daýanmaly boldy. Görse sokjasynyň sarysy gitmedik algyr agajyň düýbüňde serlip ýatyrdy. Özüniňem gözi onda. Aman dileýärmi, ýa, öçli garaýarmy düşer ýaly däl. «Ýene uçup ötägitmesin» öýden ýigit elini uzadyp, ony dözümliräge-de gysymlanda guşuň sesi janagyrly eşidildi.
– Hä-ä, janawereý, entek agyzlanmankam ýaraty boldum diýsene – diýip, emaý bilen sypap-sermäp görse bir ganatyna şikes ýeteni mälim boldy.
Dogabitdi ýukaýürek bolany üçin ol ýaraly laçynyň keç ykbalyna biperwaý garap bilmedi. «It iýermi, pişik alarmy, nämemi, muny beýdip taşlap gitmäýin. Emini tapsam, belki, ýene-de gökde perwaz uraýady-da» diýip, öýüne eltensoň, ýaraly ganatyny ýukajyk tagta bilen seýikläp, ony güjüm şahasyndaky kapasa saldy. Uçaryndan aýrylan guş ykbalyndan närazy bolan ýaly öňüne goýlan serçäni almady. Ýöne «Açlyk näme iýdirmez, dokluk näme diýdirmez» diýleni deý ertesi gün ol höregini iýmese bolmady. Şeýdip Meläniň elinden serçe etenesini almaga werdiş bolup başlansoň guş tiz imrindi. Şoňa görä ol soňabaka halasgärini ganat kakyp garşy alsa, agaja gonan guşlara perlerini hüžžerdip haýbat atyp başlady. Onuň beýtmesi elbetde derdinden aýňalyp ugranynyň alamatydy.
Şo barmana aradan iki hepde dagy wagt geçdi. Onýança has çuslanyp, öňki katdyna ýeten ýaralynyň peri ýylpyldap öwüşgini artansoň Mele ony artyk saklamady. Höwrügeni üçin ýüregi gyýylsa-da howa oklap goýberip azat etdi: «Al janawer, mawy asman hemraň bolsun! Ýöne Laçyn ýüzüniň ugruna uçup ötägitmedi. Bir salym howada perwaz urup güjüme gonanda onuň bilen hoşlaşdym öýden traktorçy işine gidip yzyna giç dolandy. Ýöne ertesi gün irden tursa algyry kapasyň üstünde garaşyp otyrdy. Ol eýesini gördügi «nämä dursuň, ertirlik berjek dälmi?» diýen deý ganatyny silkeläp gaty-gaty jagyllanda Mele öz peýwagtyna oturyp bilmedi. Süýji teýene bilen hüňňürdäp, kakmaçdan kesip berdi: «Görýän weli sen öz günüňi özüň görüp bilmeýänä oguşýaň».
Hamala diýersiň halasgäriniň igenjine düşünen ýaly ol iki günläp gara bermedi. Ol barada kalbyňda süýji ýatlama galan Melede indi Laçynyň gelerine garaşanokdy. Ýöne üçünji gün gökden şaglap inen algyr ertirlik edinip oturan traktorçynyň öňüne awlan kepderisini taşlap gidende onuň buýsanjynyň çägi bolmady.
– Äý tobeý, ýagşylyga ýagşylyk diýilýän zat haýwanlarda hem bar oguşýa...  

Hangeldi GARABAÝEW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 24 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hangeldi Garabaýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: