13:01
Çagallak / hekaýa
ÇAGALLAK  

Baltabaý gassap birbada ukudan açylyp bilmän dommarlyp oturdy. Gulagyna ilen ýakymsyz owazy düýşünde ýa huşunda eşidýänini oňly seljerip bilmedi. Onýança aýaly radionyň nurbatyny gatyragada towlap goýberdi, weli söwdagär üçin gapyrjakdan kepjebaş atylyp çykandan enaýy bolmady. «Şu gün 1961-nji ýylda zikge kakylan ellilikler bilen ýüzlükler synýar».
Bütin gabarasy bilen gulaga öwrülen gassap ýürekden käýindi: «Hek, siziň bir diýsäni, enesi ýalamadyklar?» Yzyndanam iki egninden sojap demini alansoň, armanly hüňürdedi.
– Beýle gaçyryp kowaýarlar öýtmändim. Ertiriň çaýy bilen başagaý bolup başlan aýalynyň nazary işinde, gulagy bärde bolansoň dessine äriniň sözüni gapyp aldy.
– Kime gargynýaň kakasy?
– Kime boljakdy, elbetde Meskewdäki bihepbe maliýe hadymlaryna. Dek öňňin, dälmi o ýal ýagylaryň telewizorda pul synjak däl diýeni.
– Indi nätsem diýýäň?! Gassap bir sellem ýassykdaşynyň soragyny jogapsyz galdyrdy.
Köýneginiň astyna haýwan kädi goýlan ýaly garnyny gars-gars gaşap, gödensiz asgyranda öýüň içi sarsyp gitdi. Yzyndanam agzy-burnundan akan gyllygyny ýatak sopbajyn bilen syryp ýene başyna geýdi.
– Nädenden Alla saklasyn, keýwany «Kesmeseň ganamaz» diýleni dek üçden birini başymdan aýlasam omadakgetdan atyp çalyşjak adam näçe diýseň tapylar.
Bir salyndan soňra şu üýtgewsiz ynanjaga bil baglap öýüňden çykan Baltabaý gassaby bankyň başlygy kän garaşdyrmady, tiz kabul etdi.
– He, ýaşuly nä habar? Söwdagär edara ýolbaşçysynyň sözüni gulagynyň ýele ýanyndan geçirip goýberdi-de ýalym-ýolum edip iki elläp görüşensoň, agyr göwresini oturgyja goýberdi.
– Amanmy, amanlykmy?
– Şükür, ýaşuly, habaryňy aýdyp otyr!
– Az-owlak süýşürintgim bardy.
– Näçeräk?
– Köp dälle, içigar galan!
– Bolsa-da?
– Ýüz müň dagy bar.
– Olar ýaly bolsa bir müňin-ä alarsyň, agam. Galanynam nädip gazananyň barada komissiýanyň öňünde delil tapyp bilseň bererler elbetde. Göwün ýüwürtmesiniň kowalanýan salgymdygyndan bihabar gassap neden, «Gepiňi uzaldyp oturýançaň ilden alýanyňy alda bes et-dä!» diýipdi.
– Beýtme, inim, üçden biri seňki bolsun! Edara başlygy arkan gaýşyp eginlerine ýazgynlyk berensoň, gözüni süzüp, dodagynyň ujundan göwünsiz ýylgyrdy.
– Beýle mojuk işe baş goşup bilmen, ýaşuly.
Onuň mylakatly owaz bilen aýdan sözüne eglişik eder öýden Baltabaý arkaýynsyrady.
– Şol az däl, inim!
– Bolmaz diýýän-ä men saňa.
– Onda ýarysy seňki, iňd-ä bolaýsa gerek – diýip, tekepbirlik bilen hekgerip garanda, bankyň ýolbaşçysy özünden idinsiz diklenenini duýman galdy.
Ol yslanan maslyga seredýän deý seňrigini ýygryp gygyrdy.
– Göteril şu ýerden kezzap.
Soňra oňa-da kanagat etmän telefona elini uzadanda gassap ýyldyrym uran ýaly gagşap gitdi. Ornundan zöwwe turansoň, kabinetde ugruny ýitirip ters aýlandy.
– Işik beýlede, haltaňa eýe bol!
Daşky gapydaky basgançaklardan tasanjyrap düşse-de, Baltabaý ýüzüniň ugruna ötägitmedi. Goltugydaky ýüki pully halta däl-de, mähnet daş bolup gerdeninden basýany üçin daýandy. Töwerek-daşyna seredip oturmaga ýer peýledi. Golaýdaky oturgyja dyzyny epensoň ýakasynyň iliklerini ýazdyryp, telpegi bilen ýüzüni ýelpedi. Şondan soňam bir hili howa ýetmän gursagy daralyberensoň hemişe ýanynda göterýän nitrogliserini içmese bolmady. Derman tiz täsir etdi. Ýöne dünýesi giňäp, özüne gelende weli jany däl-de, bujurygy artan işi ýadyna düşdi.
– Eý, huda, eý taňrym, puluňam ýer kesmeýän wagty bolýa diýseň kim ynanar? Näme üçin men o gurrumsak aşkakanyň gowşak damaryny tapyp. bilmedimkäm? Ýa az gördümikä? Belki o zaňňar puluň nätüýsli tapylýanyny bilýänem däldir. Bilse beýle halal awy sypdyrmazdy, zaluwat» diýen ýaly bir giden çylşyrymly soraglar onuň hyýalyny iş ýerine ýetirdi.
Et dükanynda her gün nobata durýan adamlar terezi oýunlary, ýag, syňrak, ýarka goşulyp satylýan göş, döwlet bahasyndan berilýän eti özi takmyn kezzapdan götere dört manatdan alyp, sekizden jantaýyna urany üçin häzir raýyndan gaýdyp toba etmegiň ýerine geçirimsiz günäsini çöpe buşugança görmedi. «Haram iýseň doýýançaň iý» diýlip elbetde bihuda aýdylmandyr. Tasa geleni üçin diýlendir. Eýse men uzynly gün gan-koka bulaşyp ondan çürtme, mundan ýolma kimden almaly. Ýa ýüz manada maşgala ekläp bolýamy?».
Ol ýene pelpese urjakdy, ýetinämedi. Köçedäki radioda aýdyma başlan ýakymly naçar owazyňa tisginip gitdi. «Äý huda, ylla şonuň özi-aýt bi!»
Kalby gozgalaňa düşen gassabyň häliden bäri tükeniksiz armanda galan oý-hyýallarynyň birdenkä ýaşlyk ýyllarynyň sapaly bossanyna sapylyp gidenini özem bilmän galdy. Nirede, nä halda oturanyny unutdy. Hamala diýersiň kemçin aýallar bilen haram puluň güýjüne zynahorlyk edip oturan deý hoşwagt ýylgyrdy. Hemişekiler ýaly orramsy zenanlaryň näz edip zülmaýy barmaklary bilen onuň başyny sypaýşyny küýsedi. Pynhan ýerde guralan oturyşmalarda lebine ýüzlük gyssyryp, gelinleriň lebine berşi, olaryň daşynda çarlak bolup aýlanyşy ýadyna düşüp ruhuny göterdi. Şeýdip ajaýyp ýatlamasyna şatlygy böwsülen Baltabaý gassap birdenkä ornundan syçrap galansoň «çak, çagallak, çagallak» diýip çakyr owaz bilen gygyryp goýberenini duýman galdy.
Köçeden iki-baka ötüp-geçip ýören adamlar birbada öwşerişip garasalar-da oňa kän üns berip durmadylar. Onýança gaba haltasyny aşak silken söwdagär bolmajasyny boldy – elini ikiýana gerip başyny aşak egibiräge-de puluň daşyndan aýlanyp başlady.  

Çak, çagallak, çagallak,
Alabilmersiň çagallak,
Iýmän-geýmän ýygnanym,
Harap boldy çagallak.


Şuny aýdyp gykuwlanda daşyna üýşen märeke oňuň sesiniň dokuzy düzüw adamyň owazy däldigine düşünip galdy. «Biçäre-e, nesip etmese şeýle bolýar-ow». Ýene köpüň arasynda humara şärik bolanlaram tapylman durmady. «Aý, berekella, göwnüm bola!» Muňa gižžesi ýeten gassap has beter beleň aldy.  
Çak, çagallak, çagallak,
Içim sowasyn çagallak –
diýip, dälilik derejesine ýeteňde ak ýektaýlylar peýda boldy. Ýöne Baltabaý gassap dälihana ýetýänçä sesini kesmän gygyrdy gitdi.  
Çak, çagallak, çagallak...

Hangeldi GARABAÝEW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 34 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hangeldi Garabaýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: