08:46
Alty Garlyýew sögünýär
3. ALTY GARLYÝEW SÖGÜNÝÄR  

1966-njy ýylyň güýz güni irden Bäherdene ugradyk. Kinostudiýanyň “GAZ-69” maşynynda menden başga-da direktoryň orunbasary Atabally Myradow, profsoýuzyň ýerli komitetiniň (mestkom diýilýärdi) başlygy Aýdogdy Ataýew bardy. Bäherdeniň Deşt obasynda režissýor Meret Atahanow “Ýanýan furgonyň ýoly” atly çeper filmi surata düşürýärdi. Men filmiň redaktorydym, surata alýan toparyň ýanynda on gün bolmalydym. Önümçilik bilen bagly bir zerurlyk ýüze çykandyr, ýogsa Atabally Myradow gaýtmazdy, ýöne Aýdogdy aganyň näme üçin barýandygyna düşünmek kyn. Onuň esasy işi hronika bölümde administratorlyk, çeper filmlere dahylly ýeri ýok. Eger orunbasar ýerli komitetiň başlygy bilen barýan bolsa, diýmek, bir konflikt ýüze çykandyr, ýa-da režissýoryň aýagyndan arza düşendir, ýerinde barlamaga barýandyrlar diýdim.
Gökje obasynyň deňinde 02 nomerli hökümet “Wolgasy” bizden ozup geçdi. Atabally: “Alty Garlyýewiç barýar!” diýdi. Olar Alty Garlyýewiň hem gaýtjagyndan habarly ekeniler. Men geň galdym, geň galmaga tutaryk bardy. Özbegistanda awtomobil heläkçiligine düşüp wepat bolan Ýazguly Hudaýberdiýewiň jesedini şu gün irden Aşgabada getirip jaýlaýarlar diýen habary eşidipdim. Ol Türkmenistanyň kompartiýasynyň merkezi komitetiniň üçünji sekretarydy, ideologiýany alyp barýardy. Türkmen edebiýatynyň hem sungatynyň Özbegistanda geçýän günlerine ýolbaşçylyk edýärkä Ferganada ölüpdir. Alty Garlyýew kinematografiýa boýunça döwlet komitetiniň başlygydy, Hudaýberdiýewiň garamagyndaky ministrleriň biridi. Heläkçilik ýüz berenden soň düýn Aşgabada gaýdyp gelen bolmaly. Başlygy bilen hoşlaşyljak, jaýlanyljak güni onuň Aşgabatdan çykyp gitmegi, eýse, geň dälmi? Bu ahwalata nähili düşünmeli? Bu sowal bilen gapdalymdakylara ýüzlenmegi oňaýsyz gördüm. Kinostudiýada işläp başlanyma on aý hem geçenok, olar meni oňly tananoklar, öz pikirlerini açyk aýtmakdan saklanarlar. Özümçe jogap agtardym, bolýan ýagdaýlary, gulagyma ýetýän gep-gürrüňleri serimden geçirdim.
Alty Garlyýew “Aýgytly ädim” filminiň respublikada döreden dabarasyndan, şowhunyndan soň merkezi komitetiň birinji sekretary Balyş Öwezow üçin arzyly adama öwrüldi, ministrlige bellendi. Soňky ýylda Balyş Öwezow bilen Ýazguly Hudaýberdiýewiň arasyna tow düşüpdir diýen gep-gürrüň köpelipdi. Hudaýberdiýew Balyş Öwezowyň üstünden Moskwa arza ýazypdyr, ikinji sekretar Wasiliý Rykow hem ony goldaýarmyş diýýärdiler. Aýdylýanlardan çen tutsaň, elbetde, Alty Garlyýew Balyş Öwezowyň tarapynda bolar, Hudaýberdiýewi halamaýandygyny, halamandygyny mümkingadar duýduryp durmaly. Belki, şu niýet bilen hem ýas gününde Aşgabatda görünmejek bolýandyr, bu ýasyň maňa degişli däldigini duýsunlar diýendir? Eger hakykatdan hem şeýle bolsa, men gynanjakdym. Meniň üçin Alty Garlyýew türkmen teatryny, kinosyny döreden şöhratly adamlaryň biridi. Men ony oglankam obamyza baranda görüpdim, ertekileriň täsin gahrymany şekilde ýadymda galypdy. “Aýgytly ädim” filmine ilkinji gezek tomaşa edenimde ýürek joşgunymy, haýran galyşymy, buýsanjymy beýan edere söz tapmandym. Men onuň belent şahsyýetdigine şübheli garamak islemeýärdim, emeldarlaryň arasyndaky gep-gybatdan, dawadan belentde durandyr öýdýärdim. Ýöntem garaýyşly, gögele adamlar, adatça, özlerini haýran edenleriň mertebesine şek ýetirip biläýjek islendik delili turuwbaşdan ret etmäge topulýarlar, özleriniň adalatsyz bolup biljekdikleri barada oýlanmak hem islemeýärler, çuň oýlanmaga olarda başarnyk hem ýok. Men hem şol mahal şol köpçülikden ara açyp bilmändirin.
Biz dag etegindäki Börme obasyna ýetdik. Magaziniň öňünde oturan dört-bäş ýaşulynyň gapdalynda Alty Garlyýew durdy. Bu çaka ol Deşte ýetendir öýdüp gelýärdik. Ýaşulular oňa mundan beýläk “Wolga” maşynda gitmezligi maslahat beripdirler, ilerki geçitden aşmaz, 1948-nji ýylda Şaja Batyryň maşyny geçipdir, şondan soň ýeňil maşynly geçen ýok diýipdirler. Şaja Batyrow şol ýyllar merkezi komitetiň birinji sekretary ekeni, Deşt onuň dogduk obasy. Ýeňil maşynyň geçendiginiň sebäbini, elbetde, ony münüp gelen adamyň Türkmenistanda iň ýokary wezipede işländiginden gözläp bolmaz, megerem, uruş ýyllarynda nemeslerden olja alnan maşynlaryň hiliniň ýokary bolandygyndan mysal tutulsa dogry bolardy. Ýöne ýaşulularyň getiren delilinde Şaja Batyrowy mahabatlandyrýan äheňiň bolandygyny-da inkär etmeli däl.
Alty Garlyýew biziň maşynymyza mündi, hökümet “Wolgasy” onuň dolanyp gelerine garaşmalydy. Dag ýolunyň agyrlygy berlen maslahatyň dürsdügini bada-bat görkezdi. Daşly, gazganakly kötel ýolda maşyny haýal sürmelidi, beýniňi çaýkaýar, üssesine-de bökdürip, otyrýeriňi owmaç etjek.
Alty Garlyýew ýadawdy. Her näme-de bolsa, men onuň geplärine, iň bolmanda, Özbegistanda ýüz beren pajygadan söz açaryna garaşýardym. Dil ýarmady. Atabally onuň ýakyn işdeşi, “Aýgytly ädim” filmine direktorlyk eden adam, eger ol sorasa gürrüň beräýmegi-de ähtimal. Soramady. Hiç kimden ses çykanok. Bu ümsümligiň Alty Garlyýewe ýarajakdygyna ynanyp dymýan ýalydyk. Onuň dem alandaky hažžyldysyny eşidýärin, demgysma keseliniň bardygyny bilýärdim.
Birdenkä Alty Garlyýew käýinip başlady:
– Men şu adama düşünemok, ömürahyr düşünmän geçjek. Muň tapyp ýören ýerlerini!.. Bu daglaň içine gelmäňde başga ýer ýokmy saňa!? Bilip edýär, bilgeşleýin edýär! Geljek gelmesin, görjek görmesin, daşda bolaýyn diýýär. Dynç aljak, aw etjek, daglaryň deresinde keýp çekmek üçin edýär. Bajysyny dula bakdyraýynyň çişe düzüp serçe iýip ýörşi gülkünj-ä! Serçe eti onsuny galdyrýarmyş! Heh, sen ýaly gorra serçe etinden ne peýda! – Oturanlar güldi, olar Alty Garlyýewe jan girenine begenýän ýalydylar. Özi gülmedi, gaňyrlyp maňa seretdi. – Sen filmiň redaktory dälmi?
– Hawa, redaktory.
– Ssenaride pagta ekişini görkezýän epizodam bar dälmi?
– Bar.
Alty Garlyýew bogazyny hyžžyldadyp ajy güldi, başyny ýaýkap, buduna urdy. Meret Atahana sögünýäni indi maňa aýdyň.
– Bajysyny neme edeýiniň adamy!.. Ýeri, pagta ekjek bolsaň Maryny tapmadyňmy, Tejeni tapmadyňmy?! – Eglip maşynyň aýnasyndan dag gaýalarynyň belentligini synlady. – Pagtany gaýalaryň ýüzüne ekjekmi sen!
Aýdogdy Ataýew tomaşanyň keýpi bilen öjükdiriji äheňde gep atdy:
– Başda nelzýa diýäýmel-ä, ýeke sözüňize bitýä.
– Agzyňa uraýyn, Aýdogdy, enesiniň onsundan çykyp gelýärkä ol adama nelzýa diýdig-ä, sen oňa beled-ä! Gapydan görnende nelzýa diýýäs, ol doganyny neme edeýin, penjireden giräýýär-ä! Ol lezzet bilen sögünýärdi, göwresine gujur girdi, tomaşa maýyl boldy, şyg-şyg güldi. Men gözümiň görýänine, gulagymyň eşidýänine ynanman, geň galyp Alty Garlyýewe seredýärdim. Meniň üçin ol kimdir biriniň roluny oýnap oturan ýalydy. Mundan öň onuň bilen oturyşyp, ýa-da ýola ýoldaş bolup görmändim. Bu adam hakynda öwgüli, mahabatly sözleri eşidip, okap ulalypdym. Döwletiň berýän hormatly atlaryndan, baýraklaryndan, ordenlerinden almadygy ýokdy. Hemişe ýolbaşçy wezipelerde işläp gelipdir, häzirem kinonyň ministri. Ol hakda metbugatda, ýygnaklarda tankydy söz aýdylanyny eşitmändim. Ol partiýanyň, hökümetiň goragyndaky adamdy. Şol goraga degişli döredijilik işgärleriniň kesgitli orunlary bardy: birinji prozaçy Berdi Kerbabaýew, birinji şahyr Kerim Gurbannepesow, birinji teatr artisti Aman Gulmämmedow, birinji hudožnik Yzzat Gylyjow, birinji kompozitor Weli Muhadow, birinji kinorežissýor, kinoaktýor Alty Garlyýew... Şu sanawy äsgermezlik edip, olaryň deňinde başga bir adamy goýup ýazan makalaň aňsat çap edilmez, sözüň diňlenmez. Bu orunlar partiýa tarapyndan berkidilendi, diňe partiýa oňa üýtgeşiklik girizip bilýärdi.
Adam çig süýt emip ulalýar. Sen nämä geň galýarsyň, eteginde namaz okabermeli diýilýän adamyň hem agzyna paýyş söz alyp biljegini inkär edip bolmaz. Magtymgulydan mysal tutýaryn:  

Magtymguly hasaby ýok görenim,
Tama edip, umyt elin berenim,
Obasyna ärmiş diýip baranym,
Etegne el ursam a...ly çykypdyr."


Magtymguly ýaşan döwrüniň adalatsyzlygyndan, ahlaksyzlygyndan, namartlygyndan, alaçsyzlygyndan çykalga tapman zeýrenýär, sögünýär, hapa sözi goşgy setirine salýar. Şol söz Magtymgulyny peseldenok, gaýta ol dogruçyllygyň ýowuz äheňi hökmünde şahyry belende göterýär, ol jemgyýetiniň üstünden öz hökümini çykarýar. Alty Garlyýew welin, döwrüň pajygasyny Magtymgula mahsus häsiýetde duýanok, duýmalydyr hem öýdenok, sebäbi ol özüni bagtly döwürde ýaşaýan bagtly adam diýip bilýär. Bagtly adamlara köplenç gabanjaňlyk keseli ýokaşýar. Bagt otnositel düşünje. Seniň bagt hasap edýän gymmatlygyň ikinji bir adam üçin hiç zat. Onuň garaýyşy seniň myrryhyňy atlandyrýar. Ol seniň göwnüňe görä işlänok, ýaşanok, pikir edenok. Onuň bu bolşy seniň üçin gedemlik bolup görünýär. Bu ýagdaý seni kemsidýär. Alty Garlyýew şol mahal özüni kemsidilýän ýaly duýupdy, Meret Atahanowa sögünipdi. Meret Atahanow onuň bilen ýönekeý bir kärdeş däl, ol basdaş, garşydaş. Ony aýak astyna atmasaň, abraýdan düşürmeseň, ýok etmeseň bolmaz!
Men şu ýerde kinostudiýanyň wäşisi Suwhanyň bir aýdanyna ynandym. Ony gülüşdirmek üçin tapylan sözdür öýdýärdim, häzir çyndygyna ynandym. Studiýanyň howlusynda fontanly howuz bardy, içinde balyklar ýüzerdi. Onuň töwereginde oturyp, dem-dynç alynýardy, gümür-ýamyr edilýärdi. Şol ýerde Alty Garlyýewiň agzy nasly, pinekläp oturanyny görýärdim. Bir gezek otyrka gapdaldaky montaž otagyndan galmagal turzup Mark Meý çykyp gaýdýar. Staliniň türmesinde telim ýyl oturyp gelendigine, ýaşynyň ýetmişe ýetendigine garamazdan, onuň berdaşly gollary sportçylaryňky ýaly güýçlüdi, gujurlydy. Öz diýenini gögertmek üçin jedel etmegi, göreşmegi başarýardy. Mark Meý galmagalyny peseltmän, howlunyň gapdalyndan geçip, direktoryň kabinetine tarap haýdap barýar. Ony synlap oturan Alty Garlyýew Suwhana ýüzlenýär: “Suwhan jan, şol barýany öldürseň, men saňa müň manat bereýin”. Suwhan dälilige salyp, hikirdäp gülýär-de: “Alty Garlyýewiç, seni öldürsem olar maňa iki müň berjekler” diýýär. “Alty Garlyýewiç nasyny ýuwutdy-da, ýom-ýok bolaýdy” diýip, Suwhan hezil edýär.
Elbetde, il içinde hormatlanýan şöhratly adamlaryň agzyna alan paýyş sözlerini başga bir adamyň ýazgysyndan okansyňyz öýdemok. Beýle ýazga ýol berilmeýärdi, asla beýdip ýazylmalydyr hem öýdülmeýärdi. Meniň ýazgyma töhmet hökmünde garamaň. Hawa, ýazgydaky ady tutulýan adamlaryň köpüsi ýagty ýalançydan gitdi. Maňa şaýat galmady diýen ýaly. Meniň ýeke-täk tutarygym çyn hakykata sarpa goýýandygym. Meniň ol adamlara duşmançylygym ýok, men olaryň bolşuny, häsiýetini ýumarlaman aýtmakçy boldum. Adamyň häsiýeti onuň ykbalyny döredýär. Bir adamyň häsiýetiniň oňyn ýa-da ýaramaz tarapy diňe onuň özüne däl, töweregine-de täsirini ýetirýär. Adamyň sögünjine-de onuň häsiýetiniň görkezijisi hökmünde garaň, şonda ähli zat ýerine düşer.
Deşt obasyna ýetemizde filmi surata düşürýän topar uly çynaryň saýasynda naharlanyp oturan ekeni. Meni ähli zatdan beter Alty Garlyýew bilen Meret Atahanowyň ýüzbe-ýüz boljak pursady gyzyklandyrýardy. Olaryň agzyndan çykjak sözi, ýüz-gözlerindäki alamaty içgin synlap, Meret Atahanowa abanýan howpuň näderejede esaslydygyna düşünmekçidim.
Meret Atahanow saçagyň başyndan gyssanmaç turup, Alty Garlyýewe tarap ugrady.
– Alty Garlyýewiç gelipdir, doganym gelipdir! – diýdi, gujagyny gerip barsa-da, gujaklaşmaga meýilsiz duran Alty Garlyýewiň eginlerine elini goýmak bilen çäklendi. – Adamlar, Alty Garlyýewiçiň alada galyp, şu günki ýaly günde biziň aramyza gelmegini gowulyga ýoralyň.
Alty Garlyýew ýylgyryp:
– Meret Serdarowiç, armaň – diýdi, soňra oturanlara baş atdy.
– Alty Garlyýewiç, ýagşy ýigit aş üstüne, saçak başyna geçiň.
– Bir käse çaý içjek.
Äpet çynaryň aşagyndan, çagyl daşlaryny sypap akýan ýalpak akabanyň gyrasynda oturgyç goýdular. Alty Garlyýew ýadaw göwresini goýberip, jana ýaramly dag howasyndan kükregini dolduryp, gaýta-gaýta dem aldy, ysgyna gelen ýaly boldy. Içgin bolmasa-da hal-ahwal soraşdy, ganymat diýen jogap eşitdi. Ol uzak ýoluň agyrlygyndan zeýrenip başlar öýtdüm, dil ýarmady, Ýazguly Hudaýberdiýewiň düşen heläkçiligi barada-da hiç zat aýtmady. Ýat ýere düşen ýolagçy ýaly bolup oturyşy amanatdy. Boşan käsäni çagyl ýere oklap goýberdi.
– Boldy, guýmaň – diýdi, duz datmady. Meret Serdarowiçiň iş barada üzlem-saplam sözüni höwessiz diňledi. – Menlik näme haýyşyňyz bar? – diýdi.
– Janyňyzyň saglygy, Alty Garlyýewiç, armaçy geldiňiz, depämiz gök diredi. Meret Serdarowiç bu sözleri ýylgyryp aýtsa-da, gözlerindäki biynjalyk, syrly iňkisi gizläp bilmedi.
– Gaýrat ediň! – Alty Garlyýew aýak üstüne galdy. – Men dolanaýyn, şoferi çagyryň.
Ony ugratdyk, ol agyr ümsümligi goýup gitdi. Yzda ýeke galan Meret Serdarowiçiň ýanyna bardym.
– Nähili bolaý-daý? – diýdim. – Munça ýol söküp, gelibem bar oturany ýarym sagat. Nä maksat bilen geldi, men-ä düşünmedim. – Men düşünýän! – Meret Serdarowiç Alty Garlyýewin adyna şeýle bir paýyş sözler aýtdy, ýakamy tutaýdym. – Onuň bar islegi, aladasy filmi ýapdyrmak. Aýdogdy Atany goýup gideninden bileňokmy! Ýörite getirip gitdi! Arza-şikaýat ýygnasyn, mestkoma delil gerek diýdigi. Ony getirmände-de, bu ýerde şpionlary gyt däl-ä!..  

Tirkiş JUMAGELDI.
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 81 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Beydip geñirgener yaly zat yok, Meñli hanym.
Türkmeniñ biri-biriniñ, hususanam ozuden ökdaniñ ayagyna badak atmak edähedinden doredijilik we sungat işgärleri-de azat bolup bilmändir

0
1 ashyrovamengli   [Mowzuga geç]

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: