08:34
Kenardaky duşuşyk / hekaýa
KENARDAKY DUŞUŞYK

Täze ýyl baýramçylygy golaýlaberende, hemişe diýen ýaly Aýazyň durmuşynda bolup geçen bir waka göz atuwyna gelip direlýärdi. Munuň özüne ýetik sebäbi bardy. Onuň bagty Täze ýyl baýramçylygy bilen berk baglydy, şonuň üçinem Aýaz üçin ol ähli baýramçylyklardan arzylydy. Muny siziňem bilesiňiz gelýärmi? Eger şeýle bolan bolsa, onda geliň bu wakany üýşüpjik bilelikde diňläliň! Ol şeýle bolupdy...
Aýaz dosty Ýazgeldi bilen Awaza dynç almaga gaýdypdy. Olaryň bu ýere gelenlerine indi bir hepde çemesi wagt geçipdi. Dogrusy, deňziň kenary säher bilenem adamsyz bolanokdy. Tomus günleri-hä bu ýerde adam has köpdi. Her kes bu ýere deňiz howasyndan, keramatly suwundan şypa gözleýärdi.
Häzir welin gyşyň ilkinji aýynyň ahyrky günleridi. Her kim Täze ýyly garşylamagyň aladasyndady. Aýaz dagy hem Täze ýyl gijesini öýlerinde garşylamagy niýet edipdiler. Gyş günleridigine garamazdan, häzirem deňziň kenarynyň mähellesi ýetikdi. Ýöne olaryň ählisi, Aýaz üçin, şu günki güne çenli ylla bir öýden ören maşgala ýaly, tanyş ýüzler bolup görünýärdi. Ýöne bu günki duşan görmegeý gyzy welin, ol öň görmändi. Gyzyň dyzyna düşüp duran şar gara saçlarydyr gardan ak alkymyny diýermiň, gyrmyzy köýnegini diýermiň, garasaý, onuň görejine ilki bolup direlen zatlar hem şular bolupdy. Entegem ol gyzyň boý-syratyny, kaddy-kamatyny ine-gana synlap ýetişmändi. Bu synçylyk bary- ýogy sekuntlarça wagtyň dowamynda bolup geçipdi. Şonda-da onuň ýüregi haýsydyr bir mährem garaýşa duýgulanyp ýetişipdi. Ony başga bir pikir welin hasam aldym-berdime salýardy. Ol hem bu gyzyň onuň gözüne köne tanyşla- ryndan biri bolup görünmegidi. «Men bu gyzy ozal nirede görýärdimkäm? Ýüz-gözem tanyş, boýunyň uzynlygam, ýeriň gaýmagyny bozmajak bolup bar- ýan ýaly seýkin basyp ýöreýşem. Kim ol?! Ady näme?».
Aýaz şular ýaly soňsuz içgepletmeler bilen gyzyň duşundan geçip gideninem duýmandy. Dogrusy, onuň gyza edep bi- len salam beresi gelipdi.Ýöne ýeri salam berdiňem-dä, nätanyş gyz seniň salamy- ňy aljakmy-ýokmy, kim bilýär?
Gyzdan esli arany açandan soň, Aýaz yzyna gaňrylyp seretdi. Bu tötänlikmi ýa hakykat, belli bolmady. Ynanar ýaly däl- di, hakyt görmegeý gyzyň özi hem şol pursat yzyna öwrülip, oňa garap duran bolsa nätjek? Barybir, bu ýagdaý uzaga çekmedi, olaryň ikisem ýollaryny dowam etdirdiler.
Ol baryp, boş oturgyçlaryň birine özüni atdy. Bu wagt görmegeý gyzam kenara bakyp duran başga bir oturgyç- da dyz epipdi. Haýp, Aýaz ony görüp dursa-da, görmegeý gyz ony görmeýär- di. Görmegeý gyzyň özi-de alasarmyk halda galypdy. «Ýaňky oglanyň ýüz-ä juda tanyş eken, aý, ýok, ýok, men ony tanamok. Ol hem meni tanamady ahy- ryn, dünýäde meňzeş adam kän, tanyş bolsady, taňry salamyny gysganmazdy. Men ony nireden tanaýarkam!?» diýip, içini gepledýärdi.
Aýaz ýerinden galdy-da, baryp gör- megeý gyzyň turup giden oturgyjynda oturdy. Bu ýerden deňzi synlady. Birde- nem taýagatym ýerde ýalpyldawuk bir zada gözi kaklyşdy, baryp garbap eline aldy. Görse, bir enaýyja, owadan gülýaka. Ony süpürdi, üfleşdirdi. Gülýaka Günüň şöhlesine gözüň ýagyny iýip barýan di- ýilýänlerdendi, monjuk-monjuk bolup duran gaşlaryna çenli altyndandy. «Bu gymmatbaha gülýakany kim gaçyryp biler? Ol şu ýerden ýap-ýaňyja turup giden görmegeý gyzyňky bolaýmasa». Ol ýerinden turdy-da, görmegeý gyzyň giden tarapyna ýöneldi.
Görmegeý gyz şol gün günortanky naharyna-da gijä galyp gelipdi, özem aljyraňňydy. Birbada naharhananyň ag- zynda dikilgazyk bolup özüne garaşyp duran gelnejesinem görmän, tas ony bir egni bilen kakypdy, zoraýakdan diýen ýaly saklandy. Gelnejesi:
— A gyz, bolşuň nähili seniň? Saňa näçe garaşmaly? Hemmeler nahar edin- di. Nirede eglendiň?
— Aý, neme, bagyşla, gelneje. Men... men... çarlaklary synlap, nahar wagty- nam unudaýypdyryn.
—Çarlaklaram bahana. Ýüzüňde, aýy kowalan adamyňky ýaly, reň-pet ýok welin, hernä eýgilikdir-dä! Näme boldy, göwnüňe degen boldumy?
— Ýok, gelneje, göwnüme degen ýok. — Men saňa nämedir bir zadyň bo-
lanyny bilipjik durun. Heý-de, baldyz bolup, gelnejesinden syr saklarmy? Aýt- masaň, aýtma. Naharymyzy bir iýeli. Bu gürrüň şunuň bilen gutarmaz.
Olaryň bu gürrüňiniň dowamy na- hardan soň çynlakaý dowam etdi. Baldy- zynyň agzyndan hiç zat alyp bilmejegine ymykly gözi ýeten gelnejesem başga hörpden tutdy.
— Maňa aýtmasaň aýtma, agaňa-ha aýtmaly borsuň.
— Ýok, ýok, gelneje, bu ýerde agam- lyk iş ýok.
— Hany onda, maňa aýt, gyz! Sabrym doldy. Şu gün saňa näme bolýar?
— Gelneje, ullakan bolan zat ýok. — Ýok, bir zadyň bolanlygy-ha hak, ylla asmandan ýalpyldap dogan Gün ýa- ly, ony seniň ýüzüň-gözüňem aýdyp dur.
— Ýaňy deňziň kenarynda bir oglany gördüm.
— Hawa, kim eken ol? Kenarda gezip ýören oglan gytmy?
— Göwnüme bolmasa, men ony öň- den tanap ýören ýaly.
— Şumy, seni başagaýlyga salan zat. Belki, telewizorda gören aýdymçyňmy- dyr ýa-da artistdir. Deňze hemmelerem dynç almaga gelýär-ä. Olaryň haýsy birini bir göreniňe meňzetjek ýörjek?! Hanha, goňşy otagda ýurdumyzda bel- li, meşhur artistlerem bar. Olaram adam ahyryn, olaram dynç almaly ahyryn.
— Onyň dogry, gelneje! Ýöne, ynan, bu başga. Ol beýle däl. Ony meň ýüregim duýýar. Ýüregim meni aldamaz.
— Nokgy-nokgy etme-de, hany, göniňden gel, sen onuň bilen gürleşdi- ňemmi?
— Ýok-la, gelneje, gürleşme nämiş- lesin. Ýöne...
— Ýöne bolsa sen ony ýüregiňden çykaryp taşla.Tanamadyk-görmedik og- lanyň barada oýlanyp meniň kellämem agyrtma, öz kelläňem. Nesip bolup öýe baraly, ejeňler goňşy Aý mamalaryň sö- züni aljak diýipdi. Onuň gowy ogly bar. Ümürli bilen bir mekdebem bile tamam- ladyňyz. Görk-görmegem hiç oglandan pes däl.
— Goýsana, gelneje, seniň Ümürli diýýäniň boýy şilliň uzyn, özem arrygy- ňam arrygy.
— Arryklyk adamyň aýyby däldir, keýigim. Işe dursun bakaly, olam sem- rär gider. Lukmançylygy näme deg- meýär, gyz. Basym hassahanamyzda işe başlamaly. Iliň ýetibilmedik käri ol. Adama şundan ulam bir bagt bolup bilermi?
Olaryň gürrüňiniň arasy şu ýerde tapba kesildi. Aslynda, bu gürrüň en- tek-entekler gutarmasa-da gutarmazdy
welin, olaryň ýanyna Aýazyň özi geldi. Ony gören gyzyň ýüzi lap-lap ýandy, bir agardy, bir gyzardy. «Onuň bu ýerde näme işi barka?» diýip oýlandy. Onýança Aýaz olara b salam berdi. Soňam: — Neme... uýam!
Ol aljyran ýaly etdi, soňam ilki gyza, soňam gelnejesine garap gepledi:
— Men muny kenaryň gyrasyndaky oturgyja golaý ýerden tapdym. Häli siziň, ýagny, biriňiziň şol ýerde gaçyran bol- magyňyz ahmal diýibem ilki bilen siziň ýanyňyza geldim.
Gelnejesi oglanyň elindäki gülýaka- ny gören dessine tanady:
— A gyz, bu seň gülýakaň dälmi? — diýip, elinden aldy.
Görmegeý gyz köýneginiň ýakasy- na elini ýetirdi-de: «Wiý, hawwa» diýip oňaýdy. Aýaz gülýakany gowşuransoň yzyna dolanmakçy boldy. Gelnejesi ony saklady.
— Jigim, sag bol, Taňryýalkasyn! Siz bize uly ýagşylyk etdiňiz. Ýene bir gezek Taňryýalkasyn! Geliň-geçiň, oturyň! Hä- zir üýşüpjik çaý içeris. Aýaz:
— Sag boluň! Häzir maňa garaşýan- dyrlar. Nesip bolsa, çaýyňyzam başga bir gün içäýeris — diýdi.
Ol assyrynlyk bilen gyzyň ýüzüne seretdi. Görmegeý gyz bolsa ýagşydan- ýamandan dil açyp bilmän kyn-gyssaga düşdi. Gelnejesi welin:
— Adyňyzam aýtmadyňyz-la, ýaş ýi- git — diýip sorady.
— Adym Aýaz. Şu binanyň sekizinji gatynda bolýarys. Sag boluň!
— Sag boluň, sag boluň! Ýene bir gezek taňryýalkasyn! — Hoş.
Aýaz gidensoň gelnejesi:
— Ine, keýigim, ýigit diýip şuňa aý- darlar. Adam çykan, terbiýe gören ýer- dendigi görnüp dur. Boýy-syratam, gep urşam üýtgeşik. Iň esasam, kalby halal ýigit eken, gör-ä, altyndan gülýaka ta- pyp, onuňam eýesini gözläp ýör. Şular ýaly ýigidi saýlasaň ökünmersiň. Sebäp saýlan ýigidiň bilen ömürboýy ýaşamaly. A sen bolsaň, kenaryň gyrasynda haýsy- dyr birini görüpsiň-de, «köne tanşym» diýip, oda-köze düşüp ýörsüň.
Görmegeý gyzyň gelnejesiniň öw- güsine syny oturdy...
Aýaz ýaşaýan otagyna gelende, Ýaz- geldi oňa garaşyp oturan eken.
— Dost jan, sen nirä gitdiň-aý?! Sport zalynda-da görünmediň, nahara-da bar- madyň. Onsoň men seni gaýgy etdim. Ahyry, nahar paýyňy ýanym bilen alyp gaýtdym. Aýtsana, saňa näme bolýar? — Maňa bolýan zat ýok,
— Bahymrajyk naharyň iý. Üýşüp gä- mili gezelenje gidýäris. — Gezelenje?
— Hawa, gezelenje. Soňundanam şu ýerden uzak bolmadyk bir ýerde üýtgeşik bir seýilgäh barmyşyn. Onda bolsa her tüýsli oýunlar oýnalýan meýdançalar, suwly serhowuzlar bar diýýärler.
— Men gitmäýin. Käbir zadyň sudu- ryny kagyza geçirmeli işim bar.
— Goýsana işiňi. Özüň aýtmadyňmy, birsellem elime galam almaryn diýip.
— Diýipdim, ýöne bu günki bolan ýagdaý elime galam almaga mejbur etdi. — Peri-peýkere sataşdym diýsene. Aýaz ýagşydan-ýamandan dil ýar- mady.— Saňa näme bolýar? Walla, sen me-
niň öňki bilýän Aýazym däl. — Aý, hiç, ýöne...
— Hij-ä däl, sende bir täzelig-ä bar. Ilki garban, soňra gürleşeris. — Bolýa...
* * *
Görmegeý gyz otagyna gelende, gel- nejesi ony gülümsiräp garşylady.
— Bilýäňmi, gyz, ýaňy öýümize kim geldi?— Ýok, gelneje, kim geldi?
— Aýazbaba!
— Aýazbaba. O nämäniň Aýazbaba- sy, gelneje?
— Aýazbaba-da, ak sakgally, eli ha- saly, burnam köz ýaly gyzyl.
— Toba, toba, Aýazbabanyň biziň öýümizde nä köri bar? Barmaly eken-dä, ho-ol çagajyklaň bakjasyna. Oňa barjak gapysyny tapman, azaşyp ýören Aýaz- baba diýerler.
— Azaşana meňzänok, hakyt goş- gy aýtsaňyz sowgadyňyzy berjek diýip, otagma-otag aýlanyp ýör.
— Sen onsoň goşgy aýtmadyňmy? — Men goşgy bilýänmi, gyz? — Aýazbaba, gelsene, Arçamyzy görsene, Bir goşgujyk aýdaýyn, Sowgadymy bersene — diýip, birki bent goşgy aýdanam bolsaň bolardy-da!
— Men indi utanman, agtygy Garpa- mygy galdyryp, ýeke özi gelen Aýazba- banyň öňünde goşgy aýdaýynmy?
— Onuňam bir utanmasy bormy, özüm-ä aýdardym. Onsoňam Aýazba- bany hemmeler gowy görýär. Ol ýylda bir gezek myhmançylyga gelýär ahyryn.
Gapynyň kakylmagy ýeňňeli gyzyň bu gürrüniň arasyny kesdi oturyberdi. Daş işikden Aýazbabanyň sesi eşidildi.
— «Dile geldi, bile geldi» diýleni, gyz. Anha, Aýazbaba, ine-de, sen. Bar goşgy aýdyp ber-de, sowgadynam al!
Gapyny görmegeý gyz açdy. Aýazba- ba Garpamygyň elinden tutup durşuna, ýogyn sesi bilen:
— Salam! Täze ýyl baýramyňyz gutly bolsun! — diýdi.
Görmegeý gyzam ýylgyrjaklady-da: — Salam, Aýazbaba! Salam, Garpa- myk! Hoş geldiňiz! — diýdi.
— Salam, salam! Häli size ýeke özüm aýlanyp giden bolsam, indi ýanym bilen agtygym Garpamygam alyp gelendirin. Biz öýlere şatlyk paýlaýarys. Onsoňam, ýatdan çykarmaň, Täze ýyl baýramçyly- gy diňe bir çagalaryň däl, ulularyň hem baýramy, maşgala baýramçylygydyr. Indem kim maňa goşgy aýdyp berse, sowgady bar! —Sen maňa goşgy aýdyp bermeli ekeniň diýýädiň, hany, sen nädýäň, aýt göreli! — diýip, gelnejesi gyza garap je- dir-jedir etdi.
— Aýdaryn, aýtman näme? Täze ýylym, täze senäm, Aýdym bolup dol kalbyma. Saglyk, rysgal, bagt dileýän Döwletli türkmen halkyma. Aýazbaba horjundan sowgatlar- dan birini çykaryp görmegeý gyza uzatdy.
— Al, gyzym, al! Berekella, sen-ä tüýs şahyr ekeniň. Beýle goşgyny öň-ä hiç ýerde eşitmändim. Edil şu mahal, ýüzug- runa düzdüň gerek?! Goý, Täze ýyl seniň ömrüň iň owadan, iň gözel ýyllarynyň biri bolsun!Täze ýylyňyz düşümli bolsun! Bagtly boluň!
—Sag boluň, Aýazbaba, sag boluň, Garpamyk!
Şondan soň Aýazbabadyr Garpamyk tirkeşip çykyp gitdiler...
Ertesi Aýaz ýene-de, ylla dilleşen ýaly, şol ýerde şol görmegeý gyz bilen gabat- laşdy. Ol bu gezek oňa salam berdi. — Salam!
Görmegeý gyz onuň deňinden geçip gidiberjek boldy. Soňam oglana gözi düşüp:
— Wiý, Aýaz, bu senmi? Salam! — di- ýip, ýylgyryp gepledi.
— Neme, sizem bu ýere dynç almak üçin geldiňizmi?
— Bu oglanyň aýdýanyny?! Eýse, bu ýere başga näme üçin gelinýär? Sizem dynç almaga gelensiňiz-ä?!
— Elbetde, dynç almaga geldik.Ýöne howanyň sowuk mahaly gelipdiris.
— Bolmanda-da gyşyň güni hemem deňziň howasy sowuk bolar-da!
Çörmegeý gyz aljyrajak ýaly et- di, ol Aýazyň: «Elbetde, dynç almaga geldik. Ýöne howanyň sowuk mahaly gelipdiris» diýmesinden özüçe many çykardy. Onuň bu ýerik ýeke gelmänini aňlady. Şonuň üçinem ol gepiň hörpü- ni üýtgetdi.
— Çagaly gelseň olar bilen köpräk bolunýar.
Görmegeý gyzy sowuk der basdy. «Munuň-a çagasam bar eken-ow!» di- ýip, içini hümletdi. Ýöne gülüp duran bu nurana ýüzli oglan bilen içginräk gürleşmek isledi, pursady elden gide- resi gelmedi.
— Menem gelnejem bilen geldim. — Menem ýoldaşym bilen geldim. Görmegeý gyzy täzeden der basdy. «Menem ýoldaşym bilen geldim» diýdi- mi?» diýip içini gepletdi.
—Men sizi bir ýerlerde gören ýaly bolup durun.
— Menem şeýle, ýöne hi-iç hakyda- ma gelenok.
— Siz öz adyňyzy aýtmadyňyz-la?! — Adym Aýgören.
— Aýgören, Aýgören diýdiňmi? Gowy adyňyz bar eken, walla, beýle ada heniz duşmandym. Hakyt ady- ňyzam özüňize şaplaşyp dur. Okaýa- ňyzmy ýa işleýäňizmi? Meniň kärim-ä suratkeş.
Aýgören uýaljak ýaly etdi-de, gyza- ran ýüzüni oglandan gizlejek boldy. — Suratkeş diýsene. — Hä, näme boldy? — Aslynda, meniň daýylarymdan hem biri suratkeş.
— Oňa kim diýýärler?
— Oňa Ýaşuzak Aýberdiýew diýýärler. — Gör,men seni niredegören ekenim. — Sen meniň daýymy tanaýamydyň? — Ýaşuzak agany tanamaýan barmy? Ol meniň halypa mugallymym. Özem şäheriň merkezindäki beýik jaýlarda ýaşaýar. Men olarda kän gezek boldum. Ýaşuzak aganyň altmyş ýaş toýuna-da barypdym.
—Şol toýda menem bardym, ýöne seni gören däl bolaýmasam.
— Gören dälsiň. Göreňde-de tana- mazdyň. Ýadyňdamy, daýyň toýy Täze ýylyň öňýanyna gabat gelipdi. Men bolsa ol toýa Aýazbaba bolup gatna- şypdym.
— Şeýlemi? Hawa, hawa, daýy- myň toýunda Aýazbaba-da bardy, Garpamygam. Çagajyklara sowgadam beripdi.
— Ana, şol Aýazbaba mendim-dä! Men sizi şonda gören bolmaly. Ýüzüňiz maňa juda tanyş.
— Men kitaphanaçy, şäheriň merkezi kitaphanasynda işleýän.
— Şeý diýsene?! Men seni şol ýerde görýän bolmaly. Merkezi kitaphana me- niň ýygy-ýygydan barýan ýerim ahyryn. Onsoňam men Aýazbaba bolup, adam- lara şatlyk paýlamak çagalykdan höwes edýän arzuwym. Adymyň Aýaz bolanyn- danmy nämemi...
— Aýazbaba-ha şu ýerde-de bar. Hakyt düýn giç öýlänler biziň otagymy- za-da gelip gitdi.
— Aý, ýog-a! Meniň-ä ondan haba- rym ýok — diýip, Aýaz hezil edip güldi. — Ol size baran bolsa, saňa hökman goşgy aýtdyrandyr. Şonda sen: Täze ýylym, täze senäm, Aýdym bolup dol kalbyma. Saglyk, rysgal, bagt dileýän Döwletli türkmen halkyma — diýip, öň eşidilmedik täze bir goşgy okap berensiň. Munuň üçin saňa sowgadam berendir. Bildim gerek? — Ýogsa...
Aýgören iňkise gitdi.
Aýaz wagtdan peýdalandy.
—Sen meni bagyşla, Aýgören, şeýt- medik bolsam, seni görmek üçin mende başga çäre ýokdy.
— Aý, garagol diýsäni.
Olar hezil edip gülüşdiler. Aýgören: — Sen, oglan, bu ýere Aýazbaba bolmak üçin geldiňmi, surat çekmek üçin?!— Arly ýyl surat çekdim. Soňam,
hem-ä dynç alaryn, hemem indiki çek- mekçi bolýan suratlaryma tema taparyn diýdim. «Bir daşda iki guş».
— Düşünmedim. O nämäň bir daşda iki guşy?
— Hawa-la deňziň üstünde uçuşyp
ýören çarlak guşlar, deňziň ortasyn- da ýüzüp ýören ýelkenli gämilerem, hatar-hatar kaşaň salnan myhman- hanalaram, söwda merkezleridir seýil baglaram, garaz, şularyň her haýsyny alsaňam tema bolup biler. Ýöne düýnki säheriň ümüş-tamşynda tapan temam welin, ynan, ähli temalarymyň naýba- şysy bolar.
— Nämekä, beýle üýtgeşik tema? — «Söýgä baglanan kenar». Bu tema meniň durmuşymy bütinleý täzelese ge- rek, ol meni bagtly eder. Men bagtlylaryň bagtlysy bolaryn. «Bir daşda iki guş» diý- ýänimem şol. Hem dynç almak, hemem ykbalyňa duşmak.
—Aýaz, sen ýaňy bu ýere ýoldaşym bilen geldim diýdiň welin...
—Hawa, hawa, Ýazgeldi, ol meniň çagalyk ýoldaşym, iň ýakyn dostum. — Şeýlemi?
Aýgöreniň ýüzi agaryp gitdi, asyl kalby-da tämizlendi. Aňyndaky bulaşyk pikirler dumly duşa pytrady.
— Onda sen öýlenmedik-dä!
— Eýse, men öýlenene meňzeýänmi? — Aý, näbileýin, çagaly gelenler hakda aýtdyň weli menem öýlenensiň öýtdüm-dä!
— Dogrusy, ejemdir kakam öýlen- megimi isleýär, menem heniz ir görýän. Hernä garry enem menlik bolaýýar. «Ogluma azar bermäň, nikasy gyssa- sa, onuň özem bizi günümize goýmaz. Herki zadyň öz nesibeli güni bardyr!» diýýär. — Hawa-la, bu zatlar ýazgytda-da
baglydyr, takdyrdan çykyp bolmaz.
—Takdyram takdyr welin, men-ä her kimiň ykbalynyň öz elindedigine düşünýän.
Olar birek-birege mähirli seretdiler... Baldyzynyň keýpiniň çagdygyny aňan gelnejesi:
— Ýüzüň gülýär welin, sen ýene- de kenardaky oglana duşan bolmaly — diýdi.
Aýgörenden ses çykmady. — Ýaňy ejeň jaň etdi. «Bahymrak yzyňyza dolanjak boluň!» diýdi. «Gy- zyma-da jaň ederin. Bir karara gelerçe bolandyr» diýdi.
— Ejem howlukmasyn. Bir günden bir gün toýam bolar.
— O nämäniň toýy? Ýa Ümürlä göw- näýdiňmi, gyz?
— Ýok.Ümürlä-hä däl.
— Onda kim, gyz? Men ony tana- ýanmy?
— Ony sen tanaýaň-da!
— Menmi, sen muny çaşyň gözüne seredene dönderdiň-le. Kim ol?
— Düýnki, gülýakamy tapyp getiren oglan bar-a!
— Gülýakany tapan? Aýazmy? Hany, sen kenarda duşan oglanam erbet oglan däl diýýädiň-le?
— Gelneje, olaryň ikisem bir oglan. — Näme? Ikisem bir oglan?
— Hawa, hawa. Asyl Aýazbaba bolup ýören üçünji bir oglanam Aýaz bolup çykdy. Ol Ýaşuzak daýymam gowy ta- naýar eken. Ol meni daýymyň toýunda görüpdir. Şonda-da ol toýy gutlamak üçin Aýazbaba bolup barypdyr.
— Artist diýsene?!
— Ýok, ol artist däl, gelneje, esasy käri suratkeş. Kitaphanamyza-da kitap okamak üçin ýygy-ýygydan gelýän eken. Menem ony şol ýerde görýän ekenim.
Gelnejesi şondan soň ylla süňk ýuwdan ýaly, näme diýjegini bilmän esli wagtlap geplemedi. Ara böwşeňlik düşdi.
Bu mahal Aýgöreniň el telefony tö- weregi ýaňlandyryp, yzyny üzmän ses edýärdi. Oňa jaň edýän käbesi bolmaly.
* * *
Şondan soň şol ýyl iki juwanyň ýürek küýsegleri hasyl boldy. Basym Aýaz bilen Aýgören durmuş toýuny tutdular.
Ine, bu günem Täze ýyl baýramçylygy ýetip geldi. Nesip bolsa, size gürrüňini beren ýaş maşgalamyz bu ýylyň baýram- çylygyny iki däl, üç bolup garşylarlar. Aýaz, Aýgören hem-de ýaňy dünýä inen bäbejikleri.
Siziňem Täze ýylyňyz düşümli bolsun, öýüňizde çaga gülküleri ýaňlanyp dursun!

Goçy ANNASÄHEDOW

#"Garagum" žurnalynyň N° 12-2020 sanyndan alyndy
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 33 | Добавил: Gurgencli | Теги: Goçy Annasähedow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: