06:55
Gyzyl alma berdi bir gyz
GYZYL ALMA BERDI BIR GYZ

Duralgada durdum weli,
Gyzyl alma berdi bir gyz.
Kem kösti ýok özem uly
Gyzyl alma berdi bir gyz.

Ýürek sarsyp, mukam çaldy,
Dargap gitdi göwün buldy.
Ýatlanarlyk waka boldy -
Gyzyl alma berdi bir gyz.

Duş gelindi neneň niçik?
Ýüregi ak, göwni açyk,
Bilbil boldum, gitdim göçüp -
Gyzyl Alma berdi bir gyz.

Bar meniňem öz bir hetdim,
Sag bol - diýdim, tagzym etdim.
Tas ýaş ýigde öwrülipdim -
Gyzyl alma berdi bir gyz.

Jomartlyga gönezlik - päl,
Hele müçük gözellik däl
Iýmägede dözerlik däl -
Gyzyl alma berdi bir gyz.
Категория: Goşgular | Просмотров: 37 | Добавил: Jeksparro | Теги: Ahmet Mämmedow | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: