07:00
Egin ýap
EGIN ÝAP

Zemin bilen bile dörän,
Ady ajap Egin ýabym.
Obamyza gujak geren,
Ili-güni söýen ýabym!

Dolap aldyň ýagsa ýagyş,
Gözelligi etdiň bagyş.
Obam ýakasyna nagyş,
Sünnä bilen salan, ýabym!

Üstüňden uzady ýollar,
Gördüň sen niçe ahwallar?!
Sowlup geçdi asyr, ýyllar,
Ata-baba gelen, ýabym!

Her damjaňda şirin janym,
Akar suwly mähribanym.
Güller bezäpdir çar ýanyň,
Gözel göwnüm bolan, ýabym.

Hiç bir zat ornuňy tutmaz,
Keşbiň göz-öňümden gitmez,
Barlygyňda kerem ýitmez,
Ynsan, seniň bilen, ýabym.
Категория: Goşgular | Просмотров: 27 | Добавил: Jeksparro | Теги: Mämmetgurban Mämmetgurbanow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: