13:35
Gözýaşlam bilen ýuwaryn

GÖZÝAŞLARYM BILEN ÝUWARYN

Salgymly dünýä serimsal,
Unutdum wagtyň hasabyn.
Uzak ýoly ýortup barýan,
Boýnuma aldym azabyň.

Görmeýän ähli ýer garaňky,
Ýüzümi tutdum salgyma.
Wada berýäkäň dogrusyn,
Gözleriñ bilen aldama.

Gollarymy bagladyňmy?!
Gussaň boldumy syrdaşym.
Kalbyma bagş eden yşkyň,
bilen ýuwýan gözýaşlarym.

Ine şeýdip diňläp owazyň,
Ýollaryňda gurban borun.
Men munda tapdymmy kän zat,
Bilemok hiç...
Ýa-da özüm gözläp ýörün.

Bilbil KAKABAÝEWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 128 | Добавил: Zyýada | Теги: Bilbil Kakabaýewa | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 17
0
17 Zyýada   [Mowzuga geç]
Saýtyň düzgünlerini ýuwaş-ýuwaş öwrenýän özä...)

0
16 Pegas   [Mowzuga geç]
Ahyryn açyp bilipsiň-ä mowzuk!)

0
15 Selbii   [Mowzuga geç]
Beter gowy goşgy, bet!

0
14 Zyýada   [Mowzuga geç]
Gaty dogry belläp geçýäňiz.Ýerlikli maslahatlaryňyz hem ruhlandyryjy sözleriňiz üçinem, minnetdar.

0
13 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Birinji topara degişli edilen okyjylar az. Hemişe-de az bolupdy. Az bolsun - uz bolsun. Siz sana däl, hile kowalaşyñ.

0
12 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Gowy şahyry, gowy eseri wagt we zähmet kesgitleýär. Şoñ ü.n biliñizi bek guşap ýadamazdan zähmet çekseñiz "sizden diñe gowy okyjy çykar" diyenleri yalñyşdyryp bilersiñiz.

0
11 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Çünki, çeper edebiýata tarap çalmazdan dogry baha berip bilýänleriñ ýok diýen ýalydygyny göre-göre gelýäris. Gowy zada okyjy baha beryär diýýärler. Muña-da ynanamok. Sebäbi okyjylaram hil-hil.. Aydyşyñyz yaly, "gowy okyjy"-sowatly we pozitiw belligini galdyryp bilyän, hatda döredijilige-de ukyply giñ gözyetimli okyjylar bar, ikinji sort: ortagürp okyjylar bar, olara gowy zat berseñ-a okayar, gowy eser gormese-de oñup yör, gowy bilen erbede berjek bahasy-da yok, gyzykly-da dal, üçünji sort (ham) okyjylar bar: A bilen B-nin tapawudyny bilenoklar, bular internet şahyrlarynyñ "janköyerleri", gynançly yeri hay-hayly internet şahyrlary bulary "halkdyr" öydyär, "gin okyjylar köpçüligidir" öýdýär.

0
10 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Käbir aşa bilimlisireýänleriñ öwredijilikli däl-de, göwnüýetmezçilikli heñde aýdýan pikirlerine aldanyp, "Menden şahyr-a çykasy ýok-la ýöne oňat okujy çykmagy mümkin" diýen pikiriñi bolsa, oñlamok.

0
9 Zyýada   [Mowzuga geç]
Köp sag boluň,degerli bellikleriňiz üçin.

0
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Şu setiriñe düşünmedim:
"Wada berýäkäň dogrusyn,
Gözlerim bilen aldama."


Wada berýän "ol", diýmek, aldamak ähtimallygy-da "onda" bar, muña siziñ gözleriñiziñ näme dahyly bar? Aldamak ähtimallygy bolan adamyñ gözleri "aldawçylyga" yakyn bolmaly dälmi?
Ýa bu grammatiki säwlikmi? Belki, "Gözleriñ bilen aldama" bolmalydyr?

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Şeýle-de säginme belgileri ýerbe-ýer goýulmadyk. Bu bolsa goşgyny labyzly we bolmalysy ýaly okamaga päsgelçilik döredýär

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ownuk harp yalñyşlary göze ilýär. Meselem: "Gussaň boldymy syrdaşym" setiriñde "boldumy" bolmaly, ýa-da:
"Kalbyma bagş eden yşkyň
Bilen ýuwýan gözýaşlarym"
setiriñde şol bendiñ dördünji setiri üçünji setirdäki pikiriñ dowamy bolandygy ü.n "bilen" sözi kiçi b.n yazylmaly...

0
5 Zyýada   [Mowzuga geç]
Menden şahyr-a çykasy ýok-la ýöne oňat okujy çykmagy mümkin(aýdyşlary ýaly)
Nesip bolsa ýazsam paýlaşaryn,hökman!
Tankydy bellikleriňizem kömek,gollanma bolup bilerdi meniň üçin.

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Örän oñat. Goşgularyñyzdan paylaşyp duryñ.
Kem-käsleýin belliklem bar, şumat yolda, öye baramsoñ arkaýynlykda yazaryn.

0
3 Zyýada   [Mowzuga geç]
Hawa.

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bilbilmi siziñ özüñiz?

0
1 Zyýada   [Mowzuga geç]
Tankydy bellikleriňiz möhümdir.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: