00:23
Edepnama: Gepbaşy
AWTOR BARADA MAGLUMAT  

Filologiýa ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň ylym we tehnika baradaky döwlet baýragynyň laureaty Soltanşa Atanyýazow diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, Orta Aziýanyň, umuman aglaba türki döwletleriň ylmy dünýäsinde giňden meşhurlyk gazanan alymdyr.
Ol Türkmenistanyň geografik atlary, türkmen adam atlary, türkmen diliniň dialektologiýasy boýunça ençeme saldymly kitaplaryň we ýüzlerçe ylmy makalalaryň awtorydyr.
S.Atanyýazow asly käri mugallym. Ol Hojambaz (öňki Burdalyk) etrabynyň Gultak obasyndaky ýediýyllyk mekdebi tamamlap, Kerki şäherindäki peduçilişede, soňra Çärjewdäki pedinstitutyň türkmen filologiýasy fakultetinde okady we bu okuw jaýlaryny tapawutlanan diplom bilen gutardy.
1956-1962-nji ýyllarda bolsa Burdalyk we Gultak obalarynda ene dili hem-de edebiýaty mugallymy bolup işledi. 30 ýyldan bäri ylmy iş bilen meşgullanýanlygyna seretmezden, S.Atanyýazow mekdepler we okuwçylar bilen arasyny üzenok: ol 7-9 klaslaryň «Türkmen dili» okuw kitaplaryny ýazmaga şol dersleri okatmak boýunça metodik gollanmany düzmäge gatnaşdy.
S.Atanyýazow syýahatçy, gezende alym hökmünde tanalýar, onuň Türkmenistanda görmedik obasy ýok, öňki Saýuzyň aglaba ülkelerini, türkmenleriň ýaşaýan oba-kentlerini aýlanyp, arkadaşlar barada ylmy maglumatlar ýygnady, şu maksat bilen ol pähim-paýhasy oba ýaşulularynyň müňlerçesi bilen söhbetdeş boldy. S.Atanyýazow daşary ýurtlaryň hem 20-ne syýahat edip, olarda ýaşaýan arkadaşlarymyzyň ýaşaýyş durmuşlaryny öwrendi. Eliňizdäki kitap hem S.Atanyýazowyň onlarça ýylyň dowamynda ýaşululardan, şeýle-de, ata-babalarymyzdan galan köne mirasdan öwrenen zatlarynyň netijesidir.
             
▶ GEPBAŞY  

«Çagany ýaşdan, gelini başdan diýen» türkmen nakyly bar. Bu pähimde çagalara ýaşlykdan, hatda doglan gününden başlap terbiýe bermek ündelýär, çünki ýaşlykda beýnä siňdirilen zat daşa ýazylan hat ýaly bolýar. Şonuň üçin-de çagalara edep-terbiýe bermek näçe ir başlansa, şonça-da ol maksada laýyk bolýar. Ýöne weli edep-tertip öwretmek bir güniň, bir hepdäniň, hatda bir ýylyňam işi däldir.
Durmuşda iň wajyp bolan terbiýe elmydamalygy, dowamlylygy, yzygiderligi talap edýär. Bu derwaýys işde ene-atanyň, ýaşulularyň we mekdep mugallymlarynyň şahsy göreldesi uly ähmiýete eýedir, olaryň edýän hereketleri we işleri berýän öwüt-nesihatyndan aýra çykmaly däldir.
Biziň günlerimizde radio we telewizion gepleşiklerde şeýlede gazet-žurnallarda edeplilik babatda köp gürrüň edilýär, mekdep programmalaryna «Edep» diýen sapak hem girizildi. Bu çäreler geljekki nesillerimiziň edepli, terbiýeli bolmagyna, gürrüňsiz täsirini ýetirer. Häzirki döwürde ýaşlarymyzyň edep-tertibine berilýän ünsiň üzül-kesil güýçlenmeginiň özüne ýetik sebäbi bar: sowet häkimiýeti ýyllarynda ata-babalarymyzyň terbiýe meselesindäki geçmiş mirasy düýbinden diýen ýaly unudyldy? Mirasa dini äheň berlip, halka ýetirmäge, ony çap etmäge rugsat berilmedi.
Netijede, ýaşululary sylamaýan, köpçülikde özüni alyp barmagyň ýönekeýje düzgünlerini hem berjaý etmeýän, utanç-haýany bilmeýän, ýalany dogrudan öňde goýýan, diňe öz bähbidi ugrunda hallan atýan salyhatsyz, görüm-göreldesiz ýaş oglan gyzlaryň uly topary ösüp ýetişdi. Respublikamyzyň aňly-düşünjeli intelligensiýasy, şol sanda tejribeli mugallymlar şu ýagdaýyň boljakdygyny öňünden duýup, bu babatda alada etmegiň zerurdygyny metbugatda ençeme gezek aýtdylar. Meniň özüm hem baryp 1962-nji ýylyň güýzünde «Sowet Türkmenistany» (häzirki «Türkmenistan») gazetinde edep-tertip barada gollanmalaryň, kitaplaryň ýokdygyny, olary, şol sanda «Kowusnamany» türkmen dilinde neşir etmegiň zerurdygyny ýaňzydyp makala ýazypdym. Emma durgunlyk ýyllarynda ol çykyşlara gulak gabardan tapylmady.
Döwletimiz özbaşdaklyk alandan soň, edep-tertip baradaky kada-kanunlary öz içine alýan dini we dünýewi kitaplaryň ençemesi neşir edildi, bu asylly iş mundan bu ýana-da dowam eder. Edep-terbiýe baradaky gollanmalaryň, hatda okuw kitaplarynyň zerurdygyna men orta mekdepde mugallym bolup işlän döwrümde göz ýetirdim, bu babatda dürli döwürlerde we dürli dillerde çap edilen kitaplaryň, makalalaryň hem-de golýazmalaryň ençemesini ýygnap, olary görüp çykdym, pähim-paýhasly ýaşulularyň gürrüňlerini hem ýazyp aldym.
Ençeme ýyllardan bäri edep-terbiýe barada bir zat ýazmagy niýet edinýändigime seretmezden, bu işi başlamaga gyssanmadym, çünki şeýle kitaby ýazjak adam tutuş  Türkmenistanda tanalýan belli pedagog, ýa tutuş köpçüligiň uýýan meşhur dini hadymy, ýa adygan ýazyjy, ýa-da görnükli alym bolmalydyr, başgaça aýdanyňda, sözüne gulak asylar we ynanylar ýaly şahsyýet tarapyndan ýazylmalydyr öýtdüm. Soňky ýyllarda men metbugatda we radio-telewideniýede ýaşlaryň edebi temasyndan birnäçe gezek çykyş etdim. Şondan soň men dänewli we köneurgençli mugallymlardan edep barada kitap ýazmagy teklip edýän hatlar aldym. 1992-nji ýylyň aprelinde Sarahsyň 2500 ýyllyk ýubileýine taýýarlyk hökmünde geçirilen ylmy konferensiýanyň işine gatnaşdym. Şonda sarahsly ýaşulularyň birnäçesi (olaryň köpüsi baýry mugallymlar ekeni) menden edep barada kitap ýazmagymy haýyş etdi. Konferensiýada edilen çykyşlarda-da, çaý başyndaky söhbetdeşlikde-de ýaşulular häzirki ýaşlar üçin derwaýys bolan şeýle kitaby ýazyp, çalt neşir etdirmegimi aýtdylar. Baýry mugallymlaryň tabşyrygyny berjaý etmek umydy bilen men şu kitaby ýazmaga girişdim. Bu işe yhlas bilen ýapyşmagymyň sebäbi, birinjidenä, alan orta we ýokary bilimim boýunça meniň asyl kärim pedagog. Heniz oba mekdebiniň 7-nji klasynda okaýarkam, meni şol mekdebe pioner wožatysy edip bellediler (uruş döwründe we onuň yz ýanyndaky ýyllarda mekdeplerde mugallymlar ýetişmeýärdi. Meniň özüm hem 6 ýa-da 7 klas bilimli mugallymlaryň dördüsi okadypdy. Bir ýyl işlänimden soň 1949-4952-nji ýyllarda Kerki şäherindäki pedagogik uçilişşede, 1952-1956-njy ýyllar aralykda hem Çärjew şäherindäki Türkmen döwlet pedagogik institutynyň türkmen dili we edebiýaty fakultetinde okap, olaryň ikisini-de gyzyl diplom bilen gutardym. Soňra ýedi ýyllap Hojambaz etrabynyň  Burdalyk we Gultak obalarynda orta mekdebiň mugallymy bolup işledim. Şol döwürde welaýat we respublikan pedagogik okaýyşlara gatnaşyp, olaryň köpüsinde birinji, käbirinde hem ikinji orunlara mynasyp boldum. Olarda eden dokladlarym gazetlerde, žurnallarda we «Mugallymlaryň iş tejribesinden» (1959 ý.) diýen ýygyndyda çap edildi. Dar çekimlileriň düşmek-düşmezlik kadasy barada taýýarlan görkezme esbabym tipografik usulda köpeldilip, tutuş respublika ýaýradyldy. Akademiýada işläp ýören 30 ýylymyň bütin dowamynda-da mekdepler we ýokary okuw jaýlary  bilen aragatnaşygymy goýmadym: uniwersitetde, Çärjew pedinstitutynda Aşgabadyň Diller we edebiýat pedagogik institutynda ençeme ýyllap  Döwlet ekzamenasion komissiýasynyň başlygy bolup işledim, respublikamyzyň oba mekdepleriniň köpüsinde okuwçylar bilen bolan duşuşyklarda edep-tertip barada we ylmyň dürli meseleleri barada gürrüň berdim. 7 we 8-nji klaslaryň «Türkmen dili» okuw kitaplaryny we şol predmetleri okatmak barada ýazylan metodik  gollanmany düzmäge gatnaşdym. Iň esasy-da, geçen 30 ýylyň içinde Türkmenistandaky onuň daşyndaky türkmen obalarynyň köpüsinde bolup, parasatly oba ýaşulularynyň müňlerçesi bilen duşuşdym, olardan edep-tertip barada köp zatlary öwrendim, ýazyp aldym, käbir zatlary ile-de ýaýratdym. Özüm barada şu zatlary gürrüň berýänligim üçin, hormatly okyjylarym, goý, meni ýazgarmasyn. Men bulary öwünjeňlik üçin däl, eýsem pedagoglygym, ýaşulular bilen köp duşuşup, olaryň bu babatdaky ýörelgelerini uzak wagtlap öwrenenligim üçin, çagalaryň terbiýesi we edebi barada öz bilýän zatlarymy okyjylara hödürlemäge hakymyň bardygyny, hatda borçludygymy bildireýin diýip ýatlatdym. Ýokarda ýatlananlary nazara alyp, ýaňy aýaklanyp barýan özbaşdak döwletimiziň häzirki ýaşlaryny we geljekki nesillerini ata-babalarymyzyň gadymy gowy ýörelgeleri bilen terbiýelemäge ýardam eder diýen umyt bilen eliňizdäki şu kitaby ýazmaga girişdim.
Munda görkezilýän zatlaryň köpüsi-awtoryň öz şahsy pikiri. Olar hakda okyjylarda awtoryňkydan üýtgeşik, çapraz gelýän, pikirleriň bolmagy mümkindir. Şeýle pikirleri bize ýetiren okyjylardan gaty hoşal bolardyk (hatlary awtoryň adyna aşakdaky adrese iberiň: 744000, Aşgabat şäheri, Gogol köç 10, Türkmenistan YA-nyň H.Baýlyýew adyndaky Dil bilimi instituty. Iş telefony: 25-22-35).
Şu işi golýazma görnüşinde okap, özleriniň gymmatly bellikleri bilen onuň hiliniň gowulaşmagyna ýardam eder, adamlara-aşgabatly şäher we molla Annadurdy Eýeberen ogluna, owganystanly türkmen studenti Akmyrat Muhammetkul ogluna, hojambazly mugallym Gülhan Muhammedowa, pedagogik ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylym we tehnika baradaky döwlet baýragynyň eýesi Gurban Pirliýewe, şeýle-de şu kitaba syn ýazanlar filologiýa ylymlarynyň doktorlary Myrat Penjiýewe we Myratgeldi Söýegowa awtor özüniň çuň minnetdarlygyny bildirdi.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 33 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Soltanşa ATANYÝAZOW | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: