23:48
Nohurly gyzyñ ykbaly
NOHURLY GYZYŇ YKBALY

Biziň, bu söhbetimiz ilkinji lukman zenan Annajemal Pirgulyýewa hakda. Onuň täsin ykbaly bar. Çagaka ata-eneden jyda düşen gyzjagaz agasy Begmyradyň, elinde terbiýelenýär.
Ýigrimi ýedinji ýylda Çary Aşyryň ýoly Garrygala düşýär. Gargyly obasynda ýaşaýan Begmyrat Pirgulynyň, myhmany bolýar, Çary Aşyr uzak dag obasyna Aşgabatdan gelipdi. Onuň maksady Sowet häkimiýetiniň syýasatyny halka düşündirmek, olaryň öz çagalaryny okuw jaýlarynda okatmagy ündemekdi. Ýaş şahyr Çary Aşyr gaýtmakçy bolanda Begmyrat oňa ýüzlenip:
– Sen kyn görme-de, şu ýetim galan meniň, jigimi hem äkidip internada okuwa ýerleşdir. Goý, okasyn – diýýär.  
Öwez diýen ýene bir adam hem öz gyzyny Aşgabada internada iberýär.
Bu iki gyzy Çary Aşyr Aşgabada getirip, internada ýerleşdirýär. Begmyrat ýetim jigisiniň yzyndan baryp, onuň hal-ahwalyny bilip gaýdýar ekeni. Oňa çörek, gowurma, erik kişdesidir hoz... sowgat getirýän ekeni. Emma tebigatynda sahylyk bolan bu çaga yzyndan gelen zatlary töweregindeki özi ýaly gyzlar bilen deň-derman paýlaşar ekeni.
Annajemal internatda okap tälim alýar, soň medtehnikumda okuwyny dowam etdirýär. Otuzynjy ýyllaryň ortalarynda bolsa Aşgabatdaky medisina institutyna okuwa girýär. Urşuň öňüsyrasynda bolsa instituty üstünlikli tamamlaýar.
TSSR Merkezi Ispolnitel Komitetiniň, 1935-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky karary bilen Annajemal Pirgulyýewa gymmat bahaly sylag gowşurylypdyr. Oňa güwanama geçýän şahadatnama bolsa TSSR HKS-niň başlygy Gaýgysyz Atabaýew bilen TSSR MIK-niň sekretary Hajy Atabaýew ikisi gol çekipdir.
Medtehnikumda okan döwründe Annajemal şäherdäki mekdepleriň birinde türkmen dilinden okadypdyr, institutda bolsa okuwynyň daşyndan medtehnikumdaky medrabfakda sapak beripdir. Bu hakda tejribeli wraçlar bolup ýetişen Anna Nepesowna Keýpiýewa, Togta Hudaýbergenowa dagy ýatlaýar. Olar Annajemaldan 6-7 ýaş kiçi eken. Annajemal bu gyzlar üçin ene ornuny tutupdyr. Ol gyzlaryň, iýmitine, egin-eşigine, okuwyna ýakyndan kömek beripdir. Olary medinstituta okuwa girmege taýýarlapdyr.
Annajemaly Aşgabada getiren Çary Aşyr onuň ýanyna ýygy-ýygydan baryp, gyzyň hal-ahwalyny sorap durupdyr, mümkinçiligine görä kömek beripdir, oňa hossarlyk edipdir.
Bir gün Çary Aşyr oňa öz matlabyny duýdurýar. Gyz oňa durmuşa çykmaga göwünjeňlik bilen razylyk berýär. Çary Aşyr garry ejesiniň ojagyna gyzy getirýär-de, «Eje, gelin getirdim, toý etmeli» diýýär. Uly agasy Baýram, aýal dogany Soltan we beýlekileriň tagallasy bilen 1937-nji ýylyň 24-nji noýabrynda toý tutulýar. Emma şatlyk uzaga çekmeýär. «Bulutlar goýalyşyp barýar». Çary Aşyryň, hem «halk duşmany» diýlip yglan ediljekdigini ýoldaşlary duýdurýarlar. Çary komsomol çleni hem-de studenka bolan öz ýaş gelni barda, onuň geljekki ykbalynyň keç bolaýmagynyň gaty mümkindigini göz öňüne tiz getirmeli bolýar, aýgytly netije gelýär: «Nikany hökman bozmaly, başga alaç ýok». Ýaňy birki aý ýaşaşan öz gelnine: «Men seniň, bilen ýaşaşyp biljek däl, biz hökman aýrylyşmaly» diýýär. Elbetde, beýle «dönüklige» hiç haçan garaşmadyk Annajemal ör-gökden gelýär Onuň, şol ýagdaýda nähili sözler diýip biljegi her bir adam üçin düşnükli bolsa gerek. Emma alaç ýok, oňa hakykaty hem aýdyp boljak däl. Eger aýdaýsaň, onuň nikany bozmaklyga asla-da ýol bermejegi belli. Emma Çary meseläni özüçe çözýär. Ýaş gelne diňe aglamakdan başga çäre galmaýar. Nika bozulýar. Çary Aşyryň üstüne agyr howp abanýar. Şo wagt Annajemaly hem komsomoldan we institutdan okuwdan çykarmaklyk hakda ýygnakda mesele goýulýar. Ýygnakda onuň komsomol biletiniň içinden bir kagyzjyk gaçýar. Ol bolsa Annajemal bilen Çary Aşyryň nikalarynyň bozulandygyny tassyklaýan kagyzdy.
Ine, şo kagyzam Annajemaly köp beladan sowýar. Oňa çäre görmek baradaky mesele şeýle çözülýr. Diňe şondan soň Annajemal Çarynyň nämüçin nikalaryny bozandygyna göz ýetirip galýar. Birnäçe wagtdan soň olaryň üstüne inen gara bulut syrylýar. Çary bilen Annajemal ýene-de birleşýärler. 1938-nji ýylyň oktýabrynda bolsa olarys ilkinji perzentleri dünýä inýär. Oňa Sülgün diýip at goýýarlar.

TERJIMEHALYNDAN SETIRLER:

Annajemal 1940-njy ýylda medinstituty tamamlaýar. Aşgabatdaky 1-nji poliklinikada terapewt-wraç bolup işe başlaýar. Az wagtdan ony terapewt bölüminiň müdiri edip belleýärler. Bäş-alty aýdan soň ol poliklinikanyň baş wraçynyň orunbasary bolýar. Ol bu ýerde 1944-nji ýylyň aýagyna çenli işleýär. 1945-nji ýylda Annajemal TSSR Saglygy saklaýyş halk komissarlygyna işe çekilýär. Ol bu komissariatda kadrlar bölüminde, soň bejeriş-profilaktika uprawleniýesinde starşiý inspektor wezipesinde işleýär. Soňra respublikanyň hökümetiniň haýyş etmegi bilen 1946-njy ýylyň aprelinde raýon merkezi keselhanasynyň müdiri bolup Garrygala işe gidýär. Ýanynda-da iki çagasy – Sülgün bilen ogly Wepa. Ol bu ýerde 1947-nji ýylyň iýul aýyna çenli işleýär. Soň Aşgabada işe geçirilýär. 4-nji poliklinikanyň baş wraçy bolup işleýär. 1948-nji ýylyň fewralynda şäheriň birinji, ikinji, dördünji we medinstitutyň poliklinikalary birleşdirilýär we keselhana döredilýär. Şol keselhananyň baş wraçynyň orunbasarlygyna hem Annajemal Pirgulyýewa bellenýär. Ol bu wezipede 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryna çenli işleýär. 6-njy oktýabryň pajygaly gijesinde Annajemal ýedi ýaşly ogly bilen ýeriň aşagynda alýar. Soň olary halas etjek bolup ýeriň aşagyndan gözlenlerinde, Annajemal bilen oglunyň ölendigini görýärler.
Şol wakadan kyrk ýyldan gowrak wagt geçenden soň öz ejesi Annajemal hakda onuň professor gyzy Sülgün Çaryýewna şeýle ýatlaýar.
– Uruş döwründe Ukrainanyň, Belorussiýanyň, Russiýanyň ýetim galan çagajyklary biziň ülkämize-de yzy üzülmän düşerdi. Bir gezek ejem işden gaýdyp gelýärkä, iki sany çaga duşupdyr. 6-7 ýaşlyja rus oglany we 3-4 ýaşlyja rus gyzjagazy, doganlar bolara çemeli. Gaty hordular, üst-başlary görer ýaly däldi. Urşuň kynçylykly döwrüdi. Ejem ol çagalary ýuwundyryp, biziň ýanymyzda krowatda oturtdy. Soňra olayň eşiklerini ýuwdy, ütükläp guratdy. Hemmämizi stoluň başyna geçirip, kartoçka berilýän nany deň paýlady. Men içimden birneme gabansam-da, sesimi çykarmadym. Gabanmazça-da däldi, biz çöregiň owuntyklaryny hem çöpläp iýerdik. Ejem ertesi işe gidende olary, çagalar öýüne eltip tabşyrdy. Şeýle gezekler soňam bir ýa iki bolmandy. Biz muňa öwrenişip gidipdik. Hiç gezek hem sesimi çykarmandym.
Biziň gürrüňimize Sülgün Çaryýewnanyň ýanýoldaşy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Marks Berkeliýewiç goşulýar:
– Ýetmişinji ýyllaryň başlarydy öýdýän, gyzymyz Maýanyň, doglan ýylynyň tomsy bolsa-da ahmal, Soltan eje öz dogany Baýram aga bilen biziňkä myhmançylyga gelipdi. O wagtlar biz Bekrewede ýaşaýardyk. Daşarda teläriň astynda otyrdyk. Gürrüň aýlanyp-dolanyp, Sülgüniň ejesiniň üstünden bardy. Soltan eje:
– Annajemal pahyr il üçin dogulaýan ýalydy-la. Ýadyňa düşýärmi, Baýram, uruş gutaranam bolsa ýagdaý gowy däldi. Annajemalyň satyn alyp beren sygry siziň maňlaýyňyzdan diräpdi – diýdi.
– Şo sygyr dälmi, biziň dadymyza ýetişen. Anna pahyr gaty dözümsizdi.  Özi iýip, il aç otursa, oňa hiç çydam edip oturyp bilmezdi – diýip, Baýram aganyň aýdany şu günki ýaly ýadymda.
Baýram aganyň aýaly hem uruş ýyllary köp-köp gezek Annajemalyň özlerine kömek berendigini, «Çagaňy göterip gelersiň welin, çagaňa bir täzeje geýimjik geýdirmän, yzyna goýbermezdi» diýip ýatlardy.
TSSR-iň halk artisti Margarita Faražewa:
– Biz ençeme wagtlap Annajemal bilen bir köçede goňşy bolup ýaşadyk. Fontan köçesi diýilýärdi, häzir ol Prawda köçesi diýlip atlandyrylýar. «Kyýamat güni goňşudan» diýip, türkmenlerde gowy nakyl bar. Ine, Annajemal şol diýilýän goňşulardandy. Köçeniň ugrunda ýaşaýanlaryň ählisem Annajemalyň kömegini alandyrlar. Gaşyny çytmasy bolmaz, ýa bolmasa, «wagtym ýok, ýadadymy» bolmaz. Öýdekileriň biri ýarawsyzlyk tapsa, gijäň ýaram bolsa, barsaň, derrew gapysyny açar. Gelip hemaýat eder. Gerek bolsa daň atynça syrkawyň ýanynda bolar. Ertir irdenem işe gidip, näsaglary kabul etmelidir. Ýadyma düşýär, goňşularymyzyň biriniň on dört ýaşly gyzy agyr keselledi. Ölümiň öň ýanynda eken. Annajemalyň ýeňil eli bu rus gyzjagazyny ölümden halas etdi. Her baýramçylykda, ine, şo gyz Annajemala gül dessesini gowşurardy. Arman, pahyrjyk, Annajemal ýaly, olam kesek astynda galdy. Annajemalyň elmydama gözleri gülüp durandyr, şeýle bir mähirlidir, onuň nurana keşbi elmyma meniň gözümiň öňünde. Her gezek Sülgüne duşanymda goňşym Annajemaly gören ýaly bolýan. Aramyzdan juda ir giden. Annajemalyň ykbalyna ýüregim gyýlyp, gözüme ýaş aýlaýan. Bary-ýogy 31 ýaşda gitdi pahyr.
Marks Berkeliýew:
– Biziň myhman jaýymyzda könelip giden bir türkmen halysy bar. Ol haly aýalym Sülgüniň getiren goşlarynyň iň görnüklisi. Bu halynyň özboluşly taryhy bar. Obadan iki sany aýal halyny dokap, bazarda satmak üçin getiripdir. Emma  bazarda olaryň bahasyna ony hiç kim almandyr. Elbet-de, uruş ýyllary. Her kim pul tapsa iýmite sarp etjek. Soňra ol aýallar halyny Sülgünleriň öýünde goýup, bazar güni hem gelýärler. Aý, garaz bu birnäçe gezek gaýtalanýar. Ahyry bularyň halyna dözmedik Annajemal: «Halyňyz diýseň gowy. Öz halal zähmetiňizi siňdirip dokan halyňyzy deger-degmezine berip gidesiňiz gelenok. Muňa men düşünýän. Özüm alaýjak weli, onça pul mende häzir ýok. Ýöne ýuwaş-ýuwaşdan bahasyny bermekligime razy bolsaňyz onda maňa beräýiň. Maňa şeýle halynyň gaty gerekligi üçin aýdamok diňe siziň horlanyp ýörşüňize ýüregim awaýar» diýipdir. Ol aýallar minnetdar bolup, halynyň bahasynyň ujundan berlen az-owlak puly alyp gidipdirler, Annajemal bolsa: «Erte Sülgünjan durmuşa çykanda menden sowgat bolar» diýip, ýanynda duran gyzynyň başyny sypalapdyr.
Ýene bir wakany ýatlasym gelýär. Ellinji ýyllaryň aýaklaryndan başlap Aşgabat şäherindäki 4-nji poliklinika gelmeli bolýardyk. Bekreweden gatnaýardyk. Şol döwürde entek bu poliklinikada Annajemal bilen bile işleşen wraç aýallar bardy. Olaryň birine Andrianowa, beýlekisine Tumasowa diýýärdiler öýdýän. Bir gezek meniň Sülgün bilen gelenligim üçin, olar meni tanapdyrlar. Soňky gezekler her sapar gelenimde olar meni hökman ýene-de bir gatnaşan wraçy ýa-da köp ýyllardan bäri gelýän medsestralaryň birini çagyryp gelip: «...вот этот молодой человек зять нашей Анны, бывшего главврача» diýerdi. Men bolsa öz içimden «Pahyr Annajemal ýogalanyna on ýyldan hem geçenligine garamazdan, men barada alada edip ýör» diýerdim.
Wah, eger ol şu günler ýaşap ýörenlinde...

AWTORDAN:

– Golaýda Sumbar jülgesiniň Gargyly obasynyň adamlarynyň ýatlaryndan çykmajak bir waka boldy. Olar tutuş oba bolup öz obadaşlary Annajemalyň professor gyzy Sülgüni duz-çörek bilen garşy aldylar. Sülgün şonda öz ejesiniň ýaşan öýüne tagzym etdi, ejesiniň deň-duş joralarynyň gürrüňlerini diňledi, ejesiniň çaga wagtlary aýak ýalaňaç, başy açyk ýörän ýollaryndan ýöredi, belent başly daglara syn etdi. Dag eteginden syzyp çykýan durna göz çeşmäniň başynda oturyp, pikire batdy. Şonda garry aýallaryň biri «Gyzym, çaga döwrümizde şu çeşmeden ejeň bilen suw içerdik» diýdi. Sülgün şonda çeşmäniň başynda ejesiniň aýak yzyny görjek bolup delmuryp garady. Ol aýak yzlaryny görmedi. Çünki ondan bäri altmyş ýyldan gowrak wagt ötüpdir. Ol çeşmede ejesiniň çagalyk keşbiniň suratyny görmek isledi. Çeşme suwunda horja gyzjagazyň gamgyn keşbi görnen ýaly boldy. Professor zenanyň gözlerinden akan damja ýaşlar çeşme suwuna garylyp gitdi.

Allaýar ÇÜRIÝEW.        

20.10.1989 ý, «Edebiýat we sungat» gazeti.
Категория: Zenan şahsyýetler | Просмотров: 71 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Üýtgeşik bolanda nähili bolmalyka?

0
4 Arzyman   [Mowzuga geç]
Şo wagta çenli ýaşap geçen nohurly gyz-gelinleň ykbaly ölen güni ýatdan çykýa-da, ala-böle şu gelniňkiň ýazga geçirilmegini Çary Aşyrowdan görüp otyryn men-ä. Şoňa galtaşan ýeri bolmasa, bu zenanam şo ýatdan çykan nohurly gyz-gelinleň arasyna goşulardy. Ýa-da makalaň adyny başgaçarak goýmaly ekenler.

0
1 Arzyman   [Mowzuga geç]
Aýratyn ýatlanar ýaly üýtgeşik, ýa ýowuz ykbaly ýok eken bu zenanyň. Ýöne Çary Aşyrowyň aýaly bolansoň, ýazylaýan bolmaly-da.

0
2 Nurdan   [Mowzuga geç]
)))

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: