19:38
Alabaýly kyssalar / bolan wakalaryň esasynda
ALABAÝLY KYSSALAR
(Bolan wakalaryň esasynda)

⚫ÇOPAN GOŞUNDA BIR GIJE

«Jyr-jyr, jyr-jyr». Telefonyň sesi ümsümligi bozdy. «Eýgilikdir-dä hernä!» diýen ýoldaşymyz jübüsinden telefonuny çykardy-da, oňa seredip, «Hä, Meret jaň edýär» diýdi-de, çep elini sürüjimiziň egnine goýdy. Bu onuň «Azajyk sägin!» diýdigidi. Di- ýende-diýmände bu ýagdaýa diňe sürüjimiz däl, biziň barymyz düşüş: dagda hemme ýerde telefonyň antennasy tutup durmaýar, şonuň üçin jaň gelen ýerinde durup gür- leşeniňden gowusy ýok. Sürüjimiz ulagy saklady.
Merediň sesini bizem eşidip otyrys, ol hemmämizi myhmançylyga çagyrýar.Meret ýoldaşymyzyň garyndaşy. Ol — çopançylyk edýär, şu töwerekde goşy hem bolmaly. —Öz-ä erbet teklip däl. Hany, azajyk dur, men ýoldaşlarymdan soraýyn!
Şeýle diýip, ýoldaşymyz bize soragly nazaryny dikdi. Biz garşy bolup durmadyk... Ynha-da biz çopan goşunda. Meret biz ýitirip-tapan ýaly garşylady:
—Sag boluň, agalar! Şun-a oňardyňyz! Hoş gelipsiňiz, sapa gelipsiňiz! Bizi-hä be- gendirdiňiz,berekella!Aradaikimiztelefonda gepleşenimizden soň,agam jan,ýüregim bükgüldedi durdy, «Geläýsediler» diýip, garaşdym. Tüweleme, geläýdiňiz!
Merediň gülerýüzlüligi, süýji sözlüligi bizi haýran galdyrdy. Ol diňe bir garyndaşy- na däl, biziň her birimize hoş söz aýdyp, adymyzy-da hökman «jan» sözi bilen tutýar. Özem çyn ýürekden, bu bildirip dur. Men-ä öz ýanymdan onuň goşuna sowlup, dogry etdik hasapladym. Ýaşy bizden esli kiçi sürüjimiziň hem ýyrş-ýyrş edip, Meret çopa- nyň çolugyna işşek soýmaga kömekleşip durşundan hem onuň bu ýere gelenimize begenýändigini bilip bolýar.
Gyzykly gürrüňler bilen günüň ýaşanyny duýman galypdyrys. Biziň sagadymyza seredip, birek-birege garap durşumyzy gören Meret çopan dillendi:
— Bu gije goşda ýatyp gidiň! Ine, beýleki ýoldaşymyz hem geler. Olam siziň gelip- gideniňizi eşidip, bize igener: «Alyp galmansyňyz» diýip. Gowusy, ýatyp gidiň! Säher bilen ýola düşersiňiz! Çolugam gepe goşuldy: — Agalar, Meret aga dogry aýdýar, galaýyň!Ynha, işlekliň zatlaryny taýýarlap oty- ryn. Çopan işleklisiniň tagamy-da üýtgeşik bolýandyr!
Biz galdyk.Wagt geçirmeküçin goşuň töweregine aýlaň-çaýlaňa çykdyk.Bolsa-da, Meret düýp goş üçin ýer saýlab-a bilipdir. Bir gapdalyň baýyrlyk, beýläňde bolsa çuň dere bar. Arçamydyr kerkaw, dagdan ýaly agaçlardan ýaňa, ýokardan seretseň, düýbi görünmeýär. Suwam akýan bolsa gerek. Men Meretden soradym: — Deräň düýbünde suw bardyr-a?
— Bolmazmy?! Elbetde, bar. Ýöne onuň gözbaşy ho-ol ýokarrakda ýerleşýär. Ine, şu turbadan akyp duran suwam şondan getirilen. Suwumyz ýanymyzda akyp dursun diýip, o ýyl turba çekäýdik. Hezil boldy, krany towlasaň, bal ýaly suw minnetsiz akyp dur. Goňşy çopanlar hem käwagt gelip, bizden suw alyp gidýärler. — Bu tarapyňyz-a baýyrlyk eken. Otuňyz-a boldur.
— Hawa-la,otumyzam,tüweleme,ýeterlik.Olýerräkdedüzlügem barmestoprakly. Gabady gelende şol ýere güýzlük bugdaýekäýsem diýip oýlanýaryn. Bu daglarda ozal düme bugdaý kän ekilipdir. Birje gezek agdaryp, tohum taşlap bilseň, gögerýär. Oňa kän bir azap edip hem oturmaly däl.Ygaly Allatagalanyň özi ýetirip dur. Ana, hol aşak- da, ýaňky derä tarap azajyk aşak düşseň, ýarty mellek ýaly bir ýer bar. Oňa birwagtlar ýeralma ekipdirler. Kiçiräk çeşmesi-de bar, howdan gazyp, suwuny üýşüriberseň, şol ýeri suwarmaga ýetjek.
— Indi-hä has aňsat boldy ekinleri suwarmak meselesi. Ana, plastmas turbalar özümizde çykyp dur, damja usulyny ýola goýaýmaly.
— Menem şony aýdýan-da! Dowaryň kän bir gitmeýän ýerlerinde — kerträk baýyrlarda miweli agaçlary-da ýetişdirmek niýetim bar. Ol ýerleriň topragy-da gowy. — Bä, Meret, siziň meýilleriňiz-ä uly eken!
— Näme uly bolman?! Etseň, eden adam borsuň-da! Ähli şertler bar. Ana, süýdü- miz-gatygymyz özümizden önüp dur-a. Obadakylaryň elin peýnir gerek diýip, sargyt edişlerini bir görseň...
Goşuň günorta tarapyndaky gerişden süri göründi. Bizem goşa tarap ýöneldik. Çopanyň kömekçisi Ýagşymyrat dowarlary ýataga salyp, biziň ýanymyza gelip, ymyk- ly oturandan soň, gürrüňdeşlik hasam gyzdy. Ýoldaşymyz dutarda birki aýdym aýdyp berdi. Meret çopan hem ümsüm oturmady: ýanama gygyrdy. Onuň aýdymy şeýle oňaryp aýdyşy ökde aýdymçy diýdirýärdi. Be, aýdym aýtmaga ukyp bularyň nebere- sine berlipdir öýdýän.Ýoldaşymyzy aýdyma zor görüp ýördük welin, onuň garyndaşy Meret çopan ondanam zor eken.
«Gije bir çen boldy, ýatalyň» diýişdik.
Kellämi ýassyga goýanymdan uklapdyryn. Näçe wagt ýatanymy bilemok, birden baş çopanyň: «Haý, zaluwat, alandyr-la. Alabaý, ýet! Basarym, bas!» diýip, ala-goh et- megi bizi süýji ukudan oýardy. Daş çykanymyzda Meretdir çoluk elleri taýakly süriniň daş-töwereginde ikiýana ylgaşlap ýör. Möjek çozupdyr! Itler ýerli-ýerden üýrüp, bir tarapa eňdiler. Biziň ýanymyza gelen Meret çopan muny görüp, ahmyrly gürledi: — Häk, Alabaý, oňarmadyň! Gaýt, yzyňa!
Alabaý yzyna öwrülmedi. Muny gören Meret çopan durup bilmedi:
— Bu etdigiň näme boldy? Alabaý, aldatma özüňi! Süriniň ýelesi çolard-a! Onýança itleriň giden tarapyndan bir zat atylyp geldi-de, bize-de üns bermän, Meret çopanyň «ýele» diýýän tarapyna atylyp gitdi. Deňimizden ok ýaly geçip gideniň berdaşlydygy, daýawdygy aýak sesindenem bildirip durdy. Onýança, gabyr-gubur ses eşidildi.
— Berekella, Alabaýym! Bas! Tama-da şeýledi senden.
Meret çopanyň sesi ynjalykly çykdy. Itiň möjek bilen garpyşýan sesi uzaklaşyp git- di. Garaňkyda hiç zat görünmeýärdi. Hemişeler şugla saçyp duran Aý hem: «Bu zatlary hiç kim görmesin!» diýýän ýaly, bulutlaryň aňyrsyna gizlenipdi.
Möjekleri kowalap giden itler bireýýäm geldiler, emma Alabaý gelmedi. Ynjalyk- dan gaçan Meret çopan Alabaýyň gözlegine çykdy. «Alabaý, Alabaý!» diýip gygyrsa- da, itden jogap bolmady. Gijäniň içinde aýak ýeter ýaly ýere aýlanan Meret aga jahan ýagtylmagyna garaşmagy makul bildi. Daňam atyp gelýärdi. Bizem, birhili, alasarmyk ýagdaýda galdyk. Sürä gelegurduň daramagyna, göýä, özümiz sebäp bolan ýaly, se- simizi çykarman durduk.
Jahan ýagtyldy. Çopanlar sürini tükellediler.Bolsa-da, hemmesi ýerbe-ýer, bir Ala- baý ýetenok. Meret aganyň bir gözi Alabaýyň giden tarapyndady. Bizem zol-zol şol tarapa seredýäris. Alabaý gelenok. — Gidip, gözläýsek näderkä?! Ýoldaşymyz biziň barymyzyň pikirimizi daşyna çykardy. — Bir ýerlerde ýaraly bolup ýatan bolsa, belki, haýrymyz deger. Meret biziň bilen sessiz ylalaşdy. Biz Alabaýyň giden tarapyna ýöräp ugradyk. Ine, bu ýerde olar garpyşypdyrlar, daş-töweregiň oty-çöpi gowy basgylanypdyr. Iki yz gidýär. Ýene-de garpyşygyň yzy: bu gezek gan seçelenipdir. Alabaýyňky bolmabilseýdir! O ýerde bir zadyň-a maslygy garalyp görünýär. Meret çopan oňa tarap ylgaşlady, ýöne on-on iki ädim ätmänem durdy. Bize tarap öwrüldi-de, ýylgyrdy. Diýmek, Alabaý däl. Dogrudanam, Alabaý däl ekeni. Möjek. Daýaw ekeni, peläket. Reňki-de — çal. Alabaý mundan nädip rüstem geldikä?! Özi-de görnenok. Niredekä? Näme bolduka? Ýa Ala- baý-da heläk bolaýdymyka?! — Alabaý, Alabaý! Merediň sesi howsalaly çykdy. Dym-dyrslyk. Ses-üýn eşidilenok. Birden itiň çyňsaýan sesi gelen ýaly boldy. Biz üşerildik. Meret çopan itiniň adyny tutup, ýene gygyrdy. Bu gezek Alabaýyň sesini hemmämiz aýyl-saýyl eşitdik. Ses golaýdaky arça topbagynyň aňyrsyndan gelýärdi. Ylgap bardyk. Barsak, Alabaý ýatyr. Ýaralanypdyr, emma diri. Endam-janyndaky gan- jaryp duran ýaralary zabun garpyşygyň bolandygyny aňladýar. Her hal, Alabaýrüstem çykypdyr.
Meret itiniň ýanyna bizden öň bardy:
— Alabaýym, Alabaýym, dirimiň?Ýaman gorkuzdyň-la! Hany göreýin, ýaralaryňy! Meret çopan iti bilen edil adam bilen gürleşýän ýaly gürleşýärdi. Bu, birbada, geňräk görünse-de,soňabaka hut şeýle bolmalydyrdiýdirýärdi.Alabaýyň edermenligi oňa hormatyňy artdyrýardy. Biz Alabaýy goşa götergiläp diýen ýaly getirdik. Bu ýagdaýa namys edýän ýaly, itiň özi ýörejek bolýardy. Beýleki ýaralaryndan daşary bir aýagy hem çeýnelipdir. Ony gören Meret çopan hyrçyny dişläp, sessiz başyny ýaýkaýardy. Goşa gelenimizden Meret çopan görkezme berdi:
— Hany, ýigitler, itlere guýruk gapdyryň! Men bolsam Alabaýa em edeýin. Hany, Alabaýym, ýaralaryňy görkez! Dur, dur, Alabaý, sen merd-ä, çydamaly borsuň. Gaýrat et! Haý, berekella!..
Esli wagtdan Meret çopan ýanymyza geldi. Onuň ýüzi-gözi açylypdy.
— Munuň ýaly bolsa, gowy. Alabaý aýagyny ýitirendir öýdüp, gaty gorkdum. Her- nä, Hudaý diýen ýerim bar eken, gutular ýaralary.
Apyla-sapyla sowlandan soň, çaý başynda ynjalykly oturan wagtymyz sürüjimiz sowal berdi:
— Meret aga, «Itlere guýruk gapdyryň!» diýdiňiz welin, o näme diýdigiňiz bolýar? — Guýruk gapdyrmakmy?! Ol möjek bilen urşandan soň itleri güýje-kuwwata getirmek üçin edilýär.Goýun iti hemişe söweşe taýýar bolup durmaly, gördüň-ä özüň, möjekleriň haçan,nireden geljegini öňünden bilip bolmaýar. Şoň üçin itler elmydama sak bolmaly. Bu birinjiden, ikinjiden bolsa, iň esasy zat şu: guýruk ýagy itleriň dişini arassalaýar. Diş — goýun itleriniň esasy ýaragy. «Möjege agyz uran itiň dişi, esewan etmeseň,agyrmak,dökülmekbilen bolýar,sebäbimöjegiň derisinde her hilimikroblar kän bolýar. Şolar itiň dişiniň dökülmegine sebäp bolup bilýär» diýip, bizden öňküler aýdardylar. Bizem, onsoň, ata-baba ýörelgäni dowam edýäris. Gürrüňe bizem goşuldyk: —Alabaýbeýlekiitlerbilenbaşdabeýläkgidende:«Wah,oňarmadyň,Alabaý!»diýdiň. — Hä, olmy?! Akylly it hiç wagt sürini taşlamaly däl. Alabaýam başda beýlekiler bi- len möjekleri kowalap gitdi welin, aldawa düşdi diýip pikir etdim. Möjekleriň bir pirimi şu: käbiri sürä daran bolup, itleri örüzýär-de, gaçan bolýarlar. Itlerem olaň söbügine düşýärler. Şol wagtam beýle tarapda bukuda duran möjek sürini parçalaýar. Akylly it beýtdirmeýär, ol 40-50 metr kowalasa-da, derrew yzyna öwrülip gelýär. Alabaý biraz eglendi welin, olam kellesiňiň gyzgynyna gidäýdimikän, sürini goragsyz galdyraýdy- mykan öýdüp gorkdum.
— Gijeki möjekler känmidi, olar orda bolup gezýär diýýärler welin, hakykatda- nam, şeýlemikä?
— Aý, ýok, kän bolmaly däl. Olar ikiden-üçden kän däldir. Güýzüne hem gyşyna olar jemlenişip, orda bolýarlar.
— «Gurt agzasaň, gurt geler» diýipdirler. Olar birden ýene geläýmesinler!
— Gelmezler, geler ýaly bolan däldirler. Hana, ýatyr-a olaň serkerdesi! Äl-aýt, da- ýawmöjek eken-aý! Bolsa-da, Alabaýiş bitirdi,beýlekiitlere-de nädip uruşmalydygyny görkezdi. Basaram oň yzyny alyp göterer, arman, ol entek ýaşrak-da. Bu günki söweş oňa-da kän zatlary öwreden bolsa gerek! Basar hem tohum it.
Ä-ä, ýaňky nakylyň dowamy-da bardyr. Dolulygyna şeýle aýdylýandyr: «Gurt ag- zasaň, gurt geler, iki gözi dört geler».
— Meret aga, «Böri goňşusyny degmez» diýibem-ä aýdylýar?! — Hä-ä, bardyr şeýle gürrüň.
— Olar, näme, dogrudanam, goňşusyny degmeýärmikäler?! Ýoldaşym gepe goşuldy:
— Degmezmaý! Ýyrtyjydyr-da, aç bolsa, baý, deger-ä!
Biz Meret çopana seretdik: meseläni ol çözmelidi. Ol käsesini ýerde goýdy-da, söze başlady:
— Anygyna ýetmän bir zat diýäýmegem kyn. Durdymämmet aga diýip, bir garry çopan bardy, şonuň aýtmagyna görä, möjeklerde şeýle häsiýet bar bolmaly.Ho-ol beý- leräkde «Möjekli dere» diýilýän bir ýer bar. Durdymämmet aganyň gürrüňine görä, şol derede bir möjegiň süreni bolupmyşyn. Şonda möjek çagalaryny görüpdir uzakdan. Durdymämmet aga barlamak üçin üç-dört günläp,şol derede goýun bakypdyr, emma sürä degen möjek bolmandyr. «Ýyrtyjy bolsa-da, örän mertdir.Tilki, şagal ýaly ogurlyk etmez, göni geler, başarsa — alar, başarmasa — başyny goýar» diýip, Durdymämmet aga gürrüň bererdi. Onsoňam, möjekler çagasyna örän hamrak bolýar. Süreniniň üsti açylmasyn,çagalaryna zyýan ýetmesin diýip, ajyndan ölse-de, süreniniň töwereginde aw etmeýän bolmagy ahmal. Şundan dörän bolaýmasa siziň diýýäniňiz!
— Bolup biler. Möjekler awa çykanlarynda bir gijede 70-80 kilometr ýol geçýärler diýip bir kitapda okapdym.
—Kän däl-maý ol. O diýýäniň Aşgabat bilen Bäherdeniň arasyça bar-a! Ýoldaşymyz dillendi:
— Siz-ä möjegi gaty öwdüňiz. Onuň bilen dost bolaýmaly edip goýduňyz-la. Ýa- dyňyzdan çykarmaň: «Agzy gana degen gurt şol oba ýoda salar» diýen bir gürrüňem bardyr!
Onuň bu sözi bilen hemmämiz ylalaşdyk.
Şondan soň biz kän eglenmän, hoşlaşyp,ýola düşdük.Ýolda gelýärkäk men halky- myzyň möjek bilen baglanyşykly nakyllary hakynda oýlandym. Ine, olaryň käbiri: «Itiň agzy ala bolsa-da, möjek görende biriger», «Goýna gurtdan gardaş bolmaz», «Gurt bilen goýun guda bolmaz, guda bolsa-da goýun gülmez», «Gurtdan gorkan köpek saklar», «Iki goç uruşsa, böriniň işdäsi açylar», «Aýrylany aýy iýer, bölüneni — böri». Elbetde, bu nakyllaryň hersiniň göçme manylary bar. Olaryň hersi hakynda bir kitap- lyk gürrüň etse boljak.
Meniň ýadyma türkmeniň ýene bir nakyly düşdi: «Gurt ýüzi — mübärek». Irden barýarka, öňünden gurt çyksa, işiniň oňlajakdygyna ynanýan halkymyz mertlige hor- mat goýýar. Öz-ä geň!

⚫DOSTLAR

Oba gelip, saglyk-amanlykdan soň agama ilkinji sowalym şu boldy: — Hany, Gaplaň görnenok-la?
Meniň «Gaplaň» diýýänim agamyň Garagöz diýen itiniň täze adydy. Bu ady öňräk gelenimde özüm dakypdym. Bu şeýle boldy. Goňşymyzyň tüwesi agşam örüden ge- lende, ýatagyna sowulman, göni aşaklygyna — obanyň aşak ýanyndaky ekinzarlyga gidipdir. Suwarymlyýer bolansoň, olýerlerihemişegöksalyp durardy.Tomus paslynda öri meýdandaky gury ot-çöpler mallaryň ýüregine düşýän bolarly, janawarlar maýyny tapsalar, şol ekinzarlyga giderdiler. Ol ýeri-de çeträk. Garaňky gatlyşmanka malyňy tapyp getirseň-ä getireniň, tapmasaňam gijesi bilen şol ýerde galyberýärler. Çola ýer bolansoň, ol ýeriň ýyrtyjysy-da ýeterlik. Onsoň: «Pylanynyň malyny möjek alypdyr, gaplaň alypdyr» gürrüňlerem gulaga degip dur.Boljakiş bolansoň, mal eýesine: «Başa gelenini sowsun!» diýäýmeseň, başga näme diýjek! Şol gezegem goňşa şeýle diýmeli bolupdyk. Ýöne şondan soň bolan waka agamyň Garagözüne «Gaplaň» diýmegime sebäp boldy.
Bu şeýle boldy. Goňşymyzyň tüwesi «gidensoň», bir hepde-on gün geçendir-dä, şol ýerde obanyň itleri bir gaplaňy gabapdyrlar-da, üýrüp, alagoh edipdirler.Ýöne hiç biri-de gaplaňa erjeşip bilmän,töweregini gallap dur diýýär. Dört bolsalar-da, itler hü- jüme geçip bilmän, gaplaňyň daşynda «urdum-gaç» oýnaýan ýaly, pyrlanyşyp durlar. Gaplaňam dişlerini syrtardyp, itleriň haýsy golaýrak gelse, şony parçalamaga taýýar bolup dur. Şol wagt bir ýerden Garagöz okdurylyp gelipdir-de, göni gaplaňyň üstüne böküpdir. Gabyr-gubur, ikisi-de togalanyp gidipdir. Gaplaň Garagözüň bokurdagy- na agyz saljak bolýar, ýöne Garagöz onuň näme emel etjegini bilýän ýaly, beýtmäge maý berenok. Onsoň gaplaň özüniň iň ynamdar emelini etjek bolýar: garşydaşy bilen dikleşip, boýnundan aslyşyp durka, artky aýaklarynyň penjeleri bilen onuň garnyny ýyrtmaga çalyşýar. Bu-da başartmaýar. Babyr bilekli Garagöz gaplaňy bir tarapa tow- laýar. Deňagramyny ýitiren gaňlaň it bilen birlikde sag tarapyna togarlanýar, gaplaň aşakdaky darajyk ýere diň arkan düşýär. Dört aýagy ýokarda bolansoň, urunsa-da, aýak üstüne galyp bilmeýär: kuwwatly penjelere, aýaklara daýanara-direnere zat ýok. Garagöze-de geregi şu: gaplaňyň art budunyň iç ýüzünden agyz urýar-da, bir bölek eti goparyp alýar. Gan çüwdürim bolup akýar. Şondan soň gaplaň haýallaýar, mejaly gaçýar. Onda-da ýan bererli däl. Hüjüm etjek bolýar, emma hereketi gowşak. Garagöz amatyna garap, özünden uly hem güýçli ýyrtyjynyň bokurdagyndan alýar-da, bir sil- keleýär. Şu-da gaplaňyň tepbedini okaýar. Şeýdip,agamyň Garagözi gaplaňdan üstün çykýar.Munymaňa obanyň oglanlarygürrüň berdiler.Şolgürrüňem meniň onuň adyny «Gaplaň» diýip tutmagyma getirdi.
Dogrusy, Garagözem muňa garşy bolup durmady öýdýän, «Gaplaň, Gaplaň» diý- sem,sesimieşitdigi, nirede bolsa-da ýanyma gelýär.Gelşine-de aýaklaryma süýkenýär. Men şonda onuň boýnuny sypalap, bir zatlar bilen hezzetlärdim. Ullakan item bolsa, meniň obada wagtym ol yzyma düşer ýörerdi. Bu ýagdaý maňa-da ýaraýardy. Oba- daşlarymyň ony gören wagtlary, söýgi bilen: «Gaplaňdyr bu, zordur bu» diýmekleri meniň göwnümi göterýärdi, ýalňyşmasam, bu öwgini Garagözem halan bolarly, ol guýrugyny bulap, özüniň hoşamaýlygyny bildirýän ýalydy.
Ine, bu gezek meniň obamyza gelen badyma soraýan itim şol Garagözdi, ýagny, Gaplaňdy. Agamyň jogaby meni köşeşdirmek üçin aýdylan ýaly bolup eşidildi: — Bardyr olam, şu wagt çopanlaryň ýanynda.
— O nähili çopanlaryň ýanynda? Näme üçin çopanlaryň ýanynda?
— Dur, dur, howsala düşme, bu gün-erte geler. Dagda şu wagt. Öňräk obanyň çopany geldi-de, haýyş edip alyp gitdi. «Itiňi bermeseň boljak däl, möjekler masgara etjek. Olaryň öňünden çykara Garagöz ýaly bir it bolmasa, boljak däl. Öz itlerimem entek ýaşrak bolýarlar. Seniň itiň hakyky türkmen alabaýlaryndan. Wagtlaýyn beräý, ýaldan-beýlekiden hor etmerin» diýip dur.Men Garagöze seretdim. Garagözem maňa seredip duran eken.Onuň gözlerinden:«Gideýin» diýen manyny okadym. Onsoň, razy boldum. Ine, indem iki aý bäri Garagöz dagda dowaryň ýanyndadyr. «Birküç günden oba barjak» diýip, çopanymyz-a habar ýollapdyr. Bu gün-erte Garagöz bir ýerden çyk- sa gerek.
«Garagöz gelýänçä meniň bilen oýnaý» diýýän ýaly, bir ýerlerden çykan gara pi- şigimiz myrlap geldi. Olam indi garraberipdir, hereketleri agraslanypdyr, ozallar gaty çalasyndy bu pişik. Indi, birhili, ýaltalygy çykypmy ýa samankepbede syçan tükenip- mi, belli däl, ol: «Men wagtynda etmeli işimi etdim» diýýän ýaly, ýörände-de äwmän ýöreýär, özi-de hemişe eýwandaky tapçanyň bir çüňkünde kölegede ýatýar. Bu pişik maňa Garagözüň — Gaplaňyň garry öýümize gelşini ýatlatdy.
Agam Garagözden öň bir güjük getiripdi. Ol akjady, diňe gözleriniň töwereginde gara ýerleribardy,edil häzirki Garagözümiz ýaly. Ol döwürde bu pişigimiz hem kiçijek- di, çaga pişikdi-dä! Bu ikisi şeýle bir höwrügip gitdiler welin, olaryň bolşuna seredip, haýran galardyk.Bir tabakdan süýtiçişleri,bileje oýnaýyşlary,ýylybolmagyüçin aşakla- ryna atylan bir bölek keçäniň üstünde biri-birine gysmyljyrap ýatyşlaryolaryň «It bilen pişik ýaly» diýen gürrüňi ýalana çykarmak isleýän ýalydy. Goňşy-golamlaram olaryň bu bolşuna haýran galardylar. «Bular haçan görseň äbede-jüýje welin, bulara doga etdiňmi?» diýip, goňşymyzyň aýaly Güljeren ýeňňe gelnejemden birki ýola sorapdyr.
Goňşymyzyň bir itibardy.«Bardy»diýýän welin,olşu wagtam bar.Alabaýitlerden-ä däl, boýy pesräk. Şol itiň aram-aram biziň howlymyza gelmesi bardy. Ýöne güjük ge- lensoň, ol it biziň howlymyzdan çykanok diýen ýalydy. Agşamlaryna, onda-da eýesi adynytutup çagyranda gidýär diýäýmeseň,galan wagt howluda güjügimiz bilen şo-ol basalaşar ýörerdi. Pişigimize welin bu ýagdaý ýarap durmaýan bolarly, şol it gelende, birhili, hyrsyzlanan ýaly bolýardy. Ýöne ol itiň gelmegine bizdenem hiç hili garşylyk bolmansoň, pişigimizem munuň bilen öwrenişdi, dostuny gabanmasyny goýdy.
Bir gije-de bolmasyz iş bolupdyr. Güjüjegimiz sümsünip ýören şagalyň yzyna dü- şüp gidiberipdir. Güjügimiz şonda aldanan bolarly, şagaly goňşymyzyň itidir öýden bolmaly. Howlydan çykan ýeriňden beýleräkde çaý bar.Ýagyş güýçliýaganda silgelýär diýäýmeseň, ol çaýyň hanasy gurudy, içinde ýandakdyr guran ot-çöpler bar. Ine, şol çaýyň içinde-de şagal güjügimizi parçalapdyr.
Irden tursak, güjük ýok. Ony pişijegimiz tapypdyr. Janawar ys alyp tapypdyrmy ýa gije güjügiň şol tarapa gidenini görüpdirmi, ol belli däl, ýöne irden şol ýerde zaryn mawlap dur eken. Barsak, boljak iş bolupdyr...
Çagalar güjüjegi bir halta salyp, obanyň çetinde, aýak basardan daşrakda, gömüp geldiler.Ýöne şondan soň pişijegimiz üýtgedi: ol goňşymyzyň itini howla salman baş- lady. Aňyrdan gelse, tüýlerini hüžžerdip, öňünden çykardy. Sowlup geçjegem bolsa goýbermezdi, asyl, hemmesine şol it günäkär ýaly, üstüne bökjek-bökjek, ýüzüni per- sala etjege çalym edip durardy. Onsoň, it hem ýuwaş-ýuwaşdan aýagyny çekdi. Pişik bolsa şonda-da dostuny ýadyndan çykarmaýardy. Her gün irden güjügiň parçalanan ýerine baryp, zaryn mawlaýardy. Süýdi bilenem, çöregi bilenem işi ýokdy, tukatlanyp, bir çetde ýatardy. Bu ýagdaý on gün çemesi dowam etdi. Bu gidişine gidiberse, pişigi- ňem öläýmegi mümkindi, sebäbi ol barha horlanyp barýardy, ne iýýär, ne içýär, şo-ol bagryny ýere berip ýatyr.
Bu ýagdaýa agam çydamady. Gidip, ýene öňküsi ýaly, kiçijik güjügi getirdi. Akja güjügi getirip, pişigiň ýanyna goýberenden, pişik böküp ýerinden turdy, soňam onuň ýüzünden-gözünden ýalap başlady. Bu güjüge-de ýarady öýdýän, olam pişikden ýa- dyrgamady, gaýtam, köne tanyşlar ýaly, bileje bir gapdan süýt içip başladylar. Myny synlap duran gelnejem gyňajynyň çowy bilen gözüni syldy. Biz agam ikimiz bu ýag- daýy görmezlige saldyk...
Ine, şeýle ýagdaýda biziň maşgala agzamyza öwrülen Gaplaň bu gün dagdady, ol obamyzyň çekenesini möjeklerden goramaga gidipdir. Ol bu gün-erte gelmeli. Men ol gelinçä obada garaşmagy ýüregime düwdüm.

⚫ÖÝKELÄN AKGUŞ

Çagalaryň sesi ýyldyrym çaltlygynda bu habary dünýä doldurdy: — Eý, oglanlar, Aman daýynyň itine bir zat bolupdyr.
Çagalaryň Aman daýy diýýänleri biziň goňşymyz. Ol geologiýa edarasynda işle- ýär. «Nebit-gaz gözleýäs» diýýär. Tapýarlaram, tüweleme. Arasynda ýitip-ýitip gitmesi bar, çöle gözlege gidýän bolmaga çemeli. Her gidende-de ýarym aý dagy bolaýýarlar öýdýän. Işleri köpmi ýa işiň düzgüni şeýlemi — ony biljek däl, ýöne gelende welin he- zillik bolýar. Esasanam, töweregiň çagalarynyň durmuşynda. Bir görseň, howlusynda çagalarydaşynaüýşürip,goşgyaýtdyrypdurandyr,birgörseňgaýradakyboşmeýdanda «derweze» dikip, töweregiň oglan-uşaklary bilen, futbol oýnap ýör. Iki ogly bar, tüweleme, olar hem ekabyrja, has dogrusy, garagolja. Ylaýta-da, ulusy. Ol hem kakasyna çalym edip dur. Alçak hem dogumly. Onsoň, töweregiň oglanlarynyň barysy olaryň howlusynda. Goňşy aýallar hem çagalaryny gözleseler, ilki bilen şolardan habar tut- ýarlar. Goňşynyň aýaly-da üýtgeşik gowy maşgala. Çagalaryň howlularyna üýşenine, gapyda goň-galmagal edenine darygyp durmaýar.
Aman goňşy it getireninden soňa çagalary öýe getirmek iş bolaýdy. It diýer ýaly ol entek uly item däldi, ulurak güjükdi. Gözüniň üstündäki garalar oňa Garagöz diýseň has gowy boljak diýdirýärdi. Emma çagalar onuň adyny Akguş diýip tutýardylar. Gü- jüge welin haýsy at bolanda-da parhy ýok ýalydy. Çagalaryň biri ýaly bolup, «futbol oýnap» ýördi: ylgaýan bilen ylgaýar, topy kowalaýar. Yzyndan ýetende-de, penjeleri bilen topy tutjak bolýar. Top eýgerdýärmi diýsene, derrew bir ýana togalanyp gid- ýär. Onsoň, güjük bilen topuň gaçdym-kowdumy täzeden başlanýar. Onuň bolşuna çagalar hezil edýärler. «Akguş, dep!» diýip, oňa gylaw berýärler. Akduş nämäni, nirä, näme üçin depmelidigini bilmese-de, çagalaryň şowhunyna jöw-jöwläp goşulardy. Gün yzyna gün geçýärdi.
Şeýdip, Akguş-da ulaldy, çagalar-da. Aman goňşynyň ýene bir perzendi dünýä indi. Elbetde, maşgalada kiçijik bir pälwanyň köpelmegi bilen aladalar hem artýar. Amanyň aýalynyň-da, öňküleri ýaly, daşarda çagalarynyň oýnuna seredip oturmaga wagty ýok. Öýüň hysyrdysy ýetik. Alabaharyň güneşli günleri hernäçe özüne maýyl etse-de, güneşläp durmaga puryja ýok: öýde kiçi çaga bar. Amanyň bolsa şo-ol gidişidi. Adamsynyň gelmeli wagtyndanam ençeme gün eglenmegi ony alada goýdy. Bir günem Amanyň aýaly bir kesemen nany çorba batyryp, Akguşuň öňüne oklady. Akguş beýle bolar öýtmedik bolarly, ol her gezek özüne çörek bermäge gelýän öý bikesine guýrugyny bulaýlap, hoşa- maýlygyny bildirýän bolsa-da, bu gezek beýtmedi. Ol çöregi hatda ysgamadam. Muňa aýalyň has gahary geldi: «Iýmeseň, iýmän geç! Meniň bar işim sen däl!». Öýüň bikesi şeý diýdi-de, öýe girip gitdi.
Şondan soň Akguş ýal iýmesini goýdy. Elbetde, iýmeseň horlanarsyň. Akguşam horlanyp başlady. Bu ýagdaýy hem ilki bolup, çagalar duýdular. Akguşuň öňüne okla- nan çörekler her gün köpelip barýanam bolsa,Akguş olaryiýeýinem diýenokdy.Goňşy çagalaram öýlerinden çekibilen zatlaryny çekipdirler. Kökemi, süýjümi — üýşüp gitdi. Akguşuň süňki gowy görýänini bilýän oglanlar ýagly omaça çenli getiripdirler. Hatda çagalaryň özleriniňem iň gowy görýän içgisi — kiçijik gutuda «Türkmen kola» diýen ýazgyly reňkli suwam bardy.
Gözüni bir nokada dikip, çagalaryň: «Akguş, iýäý-de! Biziň bilen oýnaý-da!» diý- melerine-de pitiwa etmeýärdi. Aradan ýene-de birki gün geçdi. Hernä, Aman goňşy geläýdi. Ol ýene birki gün gelmänliginde Akguşuň halynyň niçiksi boljakdygyny bir Alla bilýär. Aman goňşy howla girenden çagalar oňa bakan ylgadylar: — Urra, Aman daýy gelipdir!
— Indi Akguş çörek iýip başlar, öňkimiz ýaly topam oýnarys...
Elbetde, çagalar Akguşuň zat iýmeýändigini, horlanandygyny ilki aýtdylar. Aman öýüne-de girman, itiň ýanyna geldi. It horlanypdy. Onuň, hemişeki edişi ýaly, eýesini garşylamaga-da onçakly mejaly ýokdy. Aman itiniň kellesini, boýnuny, arkasyny tä guýrugynyň ahyryna çenli sypalady, dykgat bilen gözden geçirdi. Soň inçelen hem bolsa berdaşlydygy elläniňden bildirip duran aýaklaryny gözden geçirdi. Akguşuň penjelerini ýekänme-ýekän ele alyp, dyrnaklarynyň arasyna çenli seretdi. Döşüni, gapyrgalaryny sypady. Soňam itiň gazan ýaly kellesini göterip, onuň gözlerine birsellem garap durdy. Çagalar üýşüp, Aman aganyň her bir hereketini dykgat bilen synlap dursalar-da, onuň: «Akguşum, Akguşum» diýýän sözlerini Akguş bilen özünden baş- ga hiç kim eşitmeýärdi. Aman daş-töwerekde çagalaryň Akguşa getiren, çaşyp ýatan zatlaryna bir seretdi-de, öýe girdi. Eli bäbekli gelniniň: «Kakasy, geldiňmi sag-aman?! Bizem saňa garaşyp oturandyrys» diýmesine-de jogap bermän, aýalynyň alkymyna bardy-da, gahar bilen sorady: — Akguşa näme diýdiň?! Rejäniň geň däldigine gözi ýeten aýal elewräp ugrady: — Biz-ä oňa zat diýemzok. Özi zat iýmeýär — diýip, özüni aklamaga başlasa-da, uzak saklanyp bilmedi:
— Men häzir, biz häzir — diýip, sözüni-de soňlaman, goltugyndaky çagasy bilen çykyp gitdi.Şol gidişine-de Akguşuň göni ýanyna bardy.Dyzyna çöken ýalyoturdy-da, Akguşa ýalbaryp ugrady:
— Akguş jan, sen meni bagyşlaý-da. Gaharym geldi-de, aýdaýdym-da şol sözleri. Sen akyllyja. Indikile hiç haçan göwnüňe degmäýin. Iýäý-de.
...Agşamara çagalaryň çasly sesi daş-töwerege şatlykly wakany ýaýratdy:
— Eý,oglanlar,Akguş çöreginiiýip başlapdyr-eý.Ýörüň-eý,oňaçörekäkidipbereliň. Akguş çaltrak daýawlansyn, onsoň biz ýene-de top oýnap başlarys.
Oglanlaryň şatlygy özleri bilendi, her kim öýlerinden delje bir zat alyp, Akguşuň ýanyna ylgaşyp gitdiler. Men bolsa olaryň bu bolşuny synlap, türkmeniň «It öýkelär, eýesi bilmez, gul öýkelär, hojasy» diýen nakylyň birinji bölegi hakynda oýlandym. It akylly bolanda, eýesi ony hökman bilýär eken, Aman goňşy ýaly. Siz nähili pikirde?

⚫GARAGÖZ
Öz gözüm bilen gören bu wakamy, dogrusy, nähili atlandyrjagymy-da bilemok. Ite «edepli» diýseň birhili, oňa «duýguçyl» hem diýer ýaly däl, ýöne Garagözüň bu hereketi maňa täsir etdi. Ol maňa iňlisleriň «jentlmen» diýen sözüni ýatlatdy. Bu söz bilen buržuaz-aristokratik jemgyýetde özüňi alyp barmagyň kadalaryny- düzgünlerini berk berjaý edýän, aşa edepli adam aňladylýar. Meniň Garagöze-de jentlmen diýesim gelip dur. Gowusy, men size gören zadymy gürrüň bereýin, bahany özüňiz beräýiň!
Bu waka öňräk bolupdy. Men şonda çagalar bilen oba barypdym. Obanyň öz gy- zygy bar, hasam pelwere kesilýän döwürde. «Pelwere» diýip, baga bakylýan uly mala, köplenç, öküzçä aýdylýar. Güýzüň başragynda bakylyp başlanan mal noýabr aýynyň ikinji ongünlüginden soň kesilýär. Bu döwürde meýdan otlary gaýdyşyp ugraýar, gy- şam gaty golaýlaýar.Şonuň üçin pelweräni öldürip,etini gyşa gowrup goýanyň ýagşy. Bu döwür — gyzgalaňly döwür, şatlykly döwür hem-de bäsleşikli döwür, ylaýta-da aýallaryň arasynda. Her kim bakýan malynyň öz ýagynyň etini gowurmaga bolelin ýetmegini gazanmaga çalyşýar. Şol malyň ýagy kemterräk bolsa, diýmek, öý bikesi ýaltalyk edipdir, malyna seretmändir. Şu gepiň aşagynda galmajak bolup, her kim jan edýär. Aýallaryň gözegçiliginde öýüň işe ýaran ekabyr çagalary mellekden hal- ta-halta ot daşaýar. Saman, köplenjem mekgejöwendir arpa kerçelip, mala berilýär. Maksat — bakýan malyň semiz bolmaly. Şol günüň agşamy et dograşmaga gelen şol töweregiň erkekleri, işlerini birýüzli edensoňlar, täze etden taýýarlanan naharyň ba- şynda malyň bakylyşyna baha berýärler. Olaryň «berekellasyny» almagam aňsat däl. Her gün azyndan iki sany uly malykesip,dograp berýän adamlar,elbetde, kimiň maly- nyň semizdigini-arrykdygyny gowy bilýärler. Maly horrak adama: «Sen muny ýatakda saklap däl-de, meýdanda ylgadyp bakypsyň» diýip, gülüşýärler. Gyşyň öňüsyrasynda mal soýan adama hökmany suratda: «Çagalaryň bilen birlikde süýjülikde iýmek nesip etsin!» diýen ýaly ýagşy arzuwlar aýdylýar. Nahardan soň çekilýän çaýyň başyndaky gürrüňler-ä giç agşama çenli dowam edýär. Ol gürrüňlerem şeýle bir gyzykly, şeýle bir süýji welin, hiç turasyň gelmez.
Agamyň öýünde şol gün agşam bolan gürrüňçiligiň arasynda daşary çyk- maly boldum. Oturanlaryň biri: «Pyçak çalar ýaly çalgy daşy ýokmy?» diýensoň, men eýwanda ýatan uly, tegelek daşy getirmek üçin çykdym. Eýwanda gören wakam bolsa meni diýseň geňirgendirdi. Bir ýat it eýwanyň bir çetinde ertir zyňarys-da diýlip, legene salnyp goýlan mäzleri, içegeleri — garaz, malyň galyndylaryny lak-luk atyp durdy. Iň haýran goýan ýeri-de, bu zatlary synlap, aňyrrakda ýassanyp ýatan Garagözüň biperwaýlygydy. Garagöz nire — howla ýat itiň emin-erkin gelmegi nire?! Bu näme, garrap ýörmükä? Ýa ol itden howy basylyp, sesini çykarmaýarmyka? Men görýän zadyma haýran galyp, Garagöze seretdim. Ol müýnüni duýan ýaly, ýerinden turup, eýwanyň ol çetine seňkildäp gitdi. Men daşy aldym-da, öýe girdim. Soňam gören zadymy daşyma çykardym: «Garagöze bir zada bolupdyr. Daşarda, eýwanyň aşagynda bir ýat it bar, Gara- göz bolsa oňa «haý» diýenok. Näme bolduka oňa?».
Bu gürrüň oturanlar üçin täzelik däl bolup çykdy. Olar ýylgyryberdiler. Men dü- şünmän, gözümi elek-çelek etdim. Doganoglanym Gurbanmuhammet ýagdaýy dü- şündirdi:
— Seniň ýat it diýýäniň goňşymyzyň ganjygy bolmaly. Böwründe sarymtyl me- nekleri bar gerek? Guýrugy-da uzynrak kesilendir! Men «hawa» diýen terzde başymy atdym.
— «Hawa» bolsa, bar zat düşnükli. Garagöz ganjyga görünmek üçin şeýdýär-dä. Haýwanam bolsa, olaram edil adamlar ýaly, bu zatlara üns berýärler. Şondan başga it-guş howla gelip bilmez. Garagöz örän sakdyr. Diňe bir şu howlyny däl, biziňem howlymyza, asyl, beýleki goňşularyň howlusyna maldyr beýleki girip bilmez. Garagöz bar diýip, biz-ä gapylarymyzy hem gulplamyzok. Kiçijik jüýjelerimize çenli howluda emin-erkin aýlanyp ýörendirler.Ýogsam,gara gargalar bardyr-a,şolar jüýjäni-beýlekini ogurlamakçy bolup, amatyny gözläp ýörendirler. Ýöne Garagözüň jany sag bolsa, bu howlulardan zat ýiter gorkusy ýok. Oňa «berekella» diýäýmelidir. Senem oňa birden gatyrganaýmagyn! Biziň Garagözümiz akyllydyr.
Ine, şeýle, gadyrdanlar, meniň Garagöze jentlmen diýmekçi bolýanym şu häsiýeti üçin. Ýa men ýalňyşýarmykam?
...Soň ýene bir gezek oba baranymda Garagözüň ýanynda kiçijik bir güjük bardy. Meniň oňa içgin seredýänimi gören agam dillendi:
— Goňşymyzdan aldym. Onuň ganjygy güjükläpdir. Garagöze ýoldaş bolar diýip, haýyş edip aldym.
Güjüjek Garagözüň agyn özüdi, hatda gözleriniň üstündäki gara menekleriň şeki- li-de birmeňzeşdi. Bir aýratynlygy — güjüjek entek kindiwanjady...

Seýitguly GELDIÝEW

#"Garagum" žurnalynyň N° 12-2020 sanyndan alyndy
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 41 | Добавил: Gurgencli | Теги: Seýitguly Geldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: